13:47 Güzaý ýeli | |
GUZAÝ ÝELI
Oýlanmalar
Çapgyn-çapgyn! Badyna ýapraklary, ot-çöpleri sürüp gelýän. Gelşinde gyşyň alamatlaryn görüp bolýan. Güzaý ýeli. Güýz aýlary ösýän ýel. Güýzüň ähli öwüsgünleri bilen öwsüýän ýel. Seniň yzgytsyz demiňe düşen guş-gumry, mör-möjekleriň bary, bir ugur tapyp, yssy ýere süýşüp başlaýar. Indi gyşam daşda däl. Çarbagyň içinde alma-armyt agaçlary bar, aňyrrakda erik, hemem hatar-hatar derek. Görýän welin Güzaý ýeli olaram bimaza etjek. Gaharly çyrpynyp ýapraklary üzüp-üzüp gitjek, wah... ýöne baglaram indi altynsow öwsüp başlapdyrlar, pür-pudagyna çen gyzgylt tylla sary, edil gökden reňk sepilen ýaly. Indi gök asmana gara ýapynja bolup gelýän gargalaram sesiniň ýetdiginden, bir-birinden kem galman gygyryşýarlar, gakda-gak, gakda-gak. Gökden uçup barýan set-müň garga sürüsiniň tersine ýollardan kerwen tutup barýan agyr ulaglaryň ýüki ap-ak, gözüňi gamaşdyrýan ak. Ülkämiziň esasy ekinleriniň biri ak pagta. Ony ekmek, ýetişdirmek ýygmak ýygnamak özi bir sungat, özi bir hupbat. Özi bir dert. Dertde bolsa ol gerek. Çünki... Aýtmak gerekmi? Meniňçe gerek. Ynsan doglan gününden tabyda münýänçä egin-eşikli. Tabytda hem ak pagtadan önen mata dolanyp topraga gömülýäň. Aýdylşyna görä, kyýamat kaýym bolanda, merhumlar dirilende ýene şol kepeni bilen turuzuljakmyş. Güzaý ýeli, güýz geldigi öwsüp başlaýan güzaý ýeli. Güýzüň gyşa uzan eli. Bir ýerlerden meýdan otlarynyň, gülleriň, garyň çyg ysyny getirýär. Sen maňa durmuşy, döreýşi, ýaşaýşy, bir ýolçulygy, täzeden dirilişi ýatladýaň Güzaý ýeli! Sylapberdi MUHAMOW. 10.10.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |