23:58 Gýote musulmanmydy? | |
GÝOTE MUSULMANMYDY?
Edebi makalalar
Dünýä ýurtlarynyň arasynda yslamyýete ýakyndan gyzyklanma bildiren we musulmanlara hormat goýup, olara ýakynlaşan millet nemes milletidir. Bu milletiň wekilleriniň käbiri bolsa musulmançylyga ýakynlaşmakda beýlekilerden has tapawutlanypdyr. Şeýle adamlaryň biri-de Günbatar dünýäsiniň beýik şahsyýetleriniň biri, nemes şahyry, akyldary we tebigaty öwreniji Iogann Wolfang Gýotedir. Elbetde, nemesleriň yslama bolan gyzyklanmasy gös-göni Gýote bilen baglanyşykly diýip bolmaz. Sebäbi Gýoteden köp wagt öň hem Leýbnis, Lessing, Gerdel ýaly filosoflardyr akyldarlar hem ylmy we obýektiw ölçegleriň çarçuwasynda yslamy öwrenipdirler. Ýöne her näme-de bolsa bu meselede Gýotäniň aýratyn orny bardyr. Gýote 1749-njy ýylyň 28-nji awgustynda Germaniýanyň Maýn derýasynyň kenarynda ýerleşýän Frankfurt şäherinde dünýä inýär. Ol ilki bilen öz maşgalasynda gowy bilim we terbiýe alýar. Soňra Leýpsigde we Strasburgda okap, dürli ugurlar boýunça bilimini artdyrýar. Gýotäniň yslama we onuň pygamberi Hezreti Muhammede bolan gyzyklanmasy, olara bolan ýakynlyk duýgusy 23 ýaşynda döreýär hem-de ömrüni soňuna çenli dowam edýär. Gýotäniň “Aadamzat özüniň gazanan zatlarynyň ählisi üçin Hezreti Muhammede (s.a.w) bergidardyr” diýen we öz döwürdeşleridir XX asyryň Ýewropasyny haýran galdyran sözleri-de muny subut edýär. gýotäniň “Hezreti Muhammediň owazy” atly eseri onuň “Faust” atly eserinden soňky uly eseri hasaplanýan “Günbatar-gündogar diwany” atly eserinde ýetjek derejesine ýetýär. Ýazyjy özüniň bu eseriniň giriş bölüminde okyjylar tarapyndan diýseň haýran galdyryjy sözler diýlip baha berlen: “Şu kitabyň awtory özüniň musulmandygy baradaky pikiri ret etmez” diýen jümlelerini ýazypdyr. Bu sözler Gýotäniň yslamy kabul edendigini görkezýän iň ygtybarly delil bolup hyzmat edýär. Galyberse-de ol Gurhanyň inderilen gijesi bolan Gadyr gijesini belläp geçendigini aç-açаn aýtmakdan çekinmändir. Ýokarda-da belläp geçişimiz ýaly, Gýote 23 ýaşynda yslam bilen gyzyklanyp başlaýar. Muňa bolsa onuň bu ýaşdaka okan Gurhan terjimesi sebäp bolýar. (Mälim bolşy ýaly, Gurhan latyn diline ilkinji gezek 1422-nji ýylda Bazelde Teodor Bibliander tarapyndan terjime edilýär we düşündirilýär. Martin Lýuteriň giriş sözleri bilen neşir edilýär). Gýotäniň okan Gurhany kitabyň asyl nusgasyndan daşdadygyna we ýalňyşlyklardan doludygyna garamazdan, ýazyjyny diýseň haýran galdyrypdyr hem-de ony: “Gurhanyň kitaplaryň kitabydygyna yslamy nukdaýnazardan ynanýaryn” diýen sözleri aýtmaga mejbur edipdir. Gýote özüniň eserlerinde yslamyň adamyň ýaradylyş tebigatyna iň laýyk gelýän dindigine öz okyjylarynyň ünsüni çekmäge we ynandyrmaga çalşypdyr. Onuň şu aşakdaky sözleri bolsa diýseň ünsi çekijidir: “Alla birdir we Ol birkemsiz Samatdyr. Ol dogulmady, dogrulmady”. Mälim bolşy ýaly, bu jümleler Gurhanyň “Yhlas” süresinde bardyr. Haçan-da 1820-nji ýylda ýanýoldaşy agyr kesele uçranda Gýote dostlarynyň birine ýazan hatynda özüniň gynanjyny şeýle beýan edipdir: “Bu ýagdaýda-da özümi yslamyýetiň içinde ýaly duýmga çalyşmakdan başga çäräm ýok”. Gýote takdyr baradaky garaýuyşlaryny hem yslamy garaýyşlara meňzedip, şeýleräk beýan edipdir: “Esgerler ýüzüne adym ýazylmadyk ok maňa degmez” diýýärler. Eger dogrudan hem şeýle bolmadyk bolsa, olar iň kyn we howply ýagdaýlarda özlerini nädip saklardylar”. Gýote 1832-nji ýylyň 22-nji martynda aradan çykýar. Ol ölmeziniň öň ýanynda wagtal-wagtal diýen ýaly barmaklary bilen kükreginiň üstünde “W” harpynyň şekilini çyzyp görkezýär ekeni. Leo Kette muny Gýotäniň hakyky ady bolan Wolfang bilen baglanyşdyrýar Ýöne Gýotäniň Gurhanyň harplarynyň üstünde köp wagtlap işländigi, Alla sözüni örän gowy ýazyp bilendigi mälimdir. Mälim bolşy ýaly, Alla sözüniň başyndaky elibi aýran ýagdaýyňda-da many üýtgemeýär we “Millah” bolýar. bu sözüň arapça ýazylyşy bolsa W harpyna meňzeýär. A.Moghaddas ölüm ýassygynda wagty kükregine W harpynyň şekilini çyzyp görkezmek bilen Gýotäniň Alla sözüni ýazandygyny aýdýar. Nur ERBÖRI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |