19:35 Gysgajyk kyssalar | |
GYSGAJYK KYSSALAR
Halk döredijiligi we rowaýatlar
• “Gözi gumdan doldy, humdan dolmady” Dünýä nähili gurnalan. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragy: Günde kyrk at bezäp berdiň Karuna, Isa mydar etdi ýeke har bilen.. diýýär. Gündogar rowaýatlarynda Karun gaty baý adam bolup, ol gysgançlygyň simwolydyr. Rowaýat etmeklerine görä. Ýaradan näme berse-de, Karun kanagatlanmandyr. Ahyry Ýaradan Karuna gözüni doýurmak üçin isledigiçe gyzyl-kümüş berjekdigini, ýöne berip başlandan soňra dur diýse-de, durmajakdygyny aýdyp, Karuna habar gönderipdir. Karunam razydygyny, ýöne dur diýmejekdigini aýdypdyr. Ýaradan bilen Karunyň bu ylalaşygyndan soňra, Karunyň töwerek-daşy gyzyl-kümüşden dolup başlapdyr. Mahlasy, gyzyl-kümüş köpelip-galňap, ilki dyzyna, soň bokurdagyna ýetip, iň soňunda Karun gyzyl-kümşe boglup ölüp galanmyş. Ýöne Karun gyzyl-kümşe boglup öljegini bilibem dur diýmändir. Ol “dur diýmen“ diýen sözünde durupdyr. Bu mertlikmi-namartlyk?! Gaty kyn sowal. Milli şahyrymyz Pyragy bu rowaýatyň manysyny “Ykbal bolmady” şygrynda gysgaça şeýle beýan edipdir: Kyrk şähri gyzyldan dolduran Karun, Gözi gumdan doldy humdan dolmady. Beýik akyldar Pyragy “Dolan ýokdy” diýen eseriniň birinji bendinde Karunyň gözüniň dünýä malyndan doýman gidendigini beýan edýär. Dünýä malyn tamam ýygyp, Karun gözi dolan ýokdy. Günde pent eýläbän, Musa, Gulagyna ilen ýokdy. Magtymgulynyň bu setirlerini okanyňda, bu gözi zatdan doýman ölüp giden gysganç baýyň Musa pygamberiň döwürdeşidigini bilip galýarsyň. • Soltan Süleýmanyň adyllygy hakynda Taryhda adyl hasaplanan patyşalardyr şalaryň adyllygy barada her hili rowaýatlar, hatda taryhy maglumatlaram bar. Bir zat belli: Patyşadyr soltanlar öz halky hakynda alada edip, ýurduň parahatlygyny gorap saklan bolsa, olar barada ýagşy ýatlamalar olaryň zalymlygyndan has köp ýatda galýar. Soltan Süleýman zamanynda Osman soltanlygynyň raýatlary öz döwrüniň bagtyýar durmuşynda ýaşapdyrlar. Iň esasy zat, Soltan Süleýman öz döwletiniň adamlarynyň kanuna hormat goýup ýaşamagynyň tarapdary eken. Şonuň üçin oňa Süleýman Kanunam diýipdirler. Soltan Süleýmanyň döwründe, esasan, şerigat kanuny höküm sürüpdir. Ol hristiýanlara sähelçe artyk salgyt salan sanjak begini rehimsiz jezalandyrypdyr. Ol özüniň bir aýal doganynyň ärini, esasan, parahorluk etmişi bilen günäläp jezalandyryp öldüripdir, bir körekenini özüiniň baş wezirikä, günäkäre kanunda ýok jezany berendigi üçin ömürlik sürgün edipdir. Soltan Süleýmany bir gezek ajaldan halas eden, iň ýakyn egindeşi “Men seni öldürmen” diýip söz berenem bolsa, gedemligi üçin hem parahorlugyna güman edip, Ybraýym Pargalany (Ybraýymyň Soltan Süleýmanyň Hatyja diýen aýal doganynyň äridigi hakynda maglumat bar. Bu maglumat çyn bolsa Soltan iki körekeni jezalandyrypdyr. D.Ý.) hem öldüripdir. Ol duşmanyna örän ýowuz daraşypdyr. Soltan Süleýman “Meniň demimiň ýöreýän ýerinde bir möjek nähak goýny awlasa, men şoňa-da kyýamatda jogap bermeli” diýer ekeni. Soltan Süleýman, umuman, taryhda adyny adyl diýip ýazan şalar özüniň patyşalygy göterýän agyr ýükünde borç duýupdyrlar. Diýmek, borjyny duýan şalaryň eden haýyr işleriniň gazabyndan has köpdügi üçin, olaryň ady taryhda adyl şalaryň sanawynda bolupdyr. • “Aýaz han çarygyňa bak” Aýaz han kim bolupdyr?! Bu sowala hem jogap bermek kyn. Bir maglumata görä, XVI asyry eşretli ýüz ýyla öwren Osman soltanlygynyň onunjy patyşasy Soltan Süleýmanyň (Ol 1520-nji ýylda tagta çykyp, 1566-njy ýylda goşuny söweş pursatynda aradan çykypdyr. Bu soltan Osman soltanlygynyň ýerini ýedi essä golaý giňeldip, iň beýik hem adyl soltanlaryň biri hasaplanýar. D.Ý.) sanjak (häzir welaýat häkimi derejesinde) begleriniň biri hasaplanypdyr. Mahmyt Gaznawynyň begleriniň içinde hem Aýaz han ( Mahmyt Gaznawynyň ýanyndaky Aýazdan başga Aýaz han) diýen emeldar bolupdyr. Türkmen halk ertekisinde garyp hojalykdan bolan Aýaz pähimdarlygy bilen patyşa bolupdyr. Ýöne ol garyp gününiň ýadyndan çykyp, özüniň adalatsyzlyk etmezligi üçin, çarygyny köşgüniň öňünde asyp goýupdyr. Taryhda Aýaz hana öýkünip, çarygyny köşkden asan patyşalar bolupdyr. Hatda garyplaryň hossardygyny görkezmek üçin her hili ýeňillik eden şalaram bolupdyr. Emma halk olar hakda hiç zat döretmändir. “Aýaz han çarygyňa bak” diýen pähimli jümle bolsa halkyň içinde häzirem ýaşap ýör. • “Hatam Taý bolmarsyň” Gündogarda sahylygyň simwoly bolan Hatam Taý rowaýat emeklerine görä, elli ýaşlarynda aradan çykypdyr. Emma onuň ejesi, özünden kiçi inisi uzak ýaşapdyr. Hatam Taýyň patasy sowlandan soňra, onuň inisi ejesine şeýle diýipdir:” Eje, Hatam aradan çykdy. Adamlaň ynamyny ödäli. Men Hatam ýaly sahy bolup, adamlara bar zadymy dileseler bereýin” diýipdir. Hatamdan kiçi oglunyň Hatam deý sahy bolmak arzuwyny diňläp ol ogluna şeýle diýipdir: “Oglum, agaň deý sahy bolmak arzuwyň gowy zat, emma sen Hatam bolmarsyň, sebäbini aýdaýyn: Seni meni emýärkäň, öýe bir bäbek gelse, şondan ene süýdüňi gabanyp aglardyň. Emma Hatam başga bäbek meni emmese, süýdümi emmezdi. Ol ýokdan bar edip ile jomarlyk ederdi. Şonuň üçin Alla ony dilegçiniň öňünde ýüzigara etmedi. Sen welin, ýokdan bar edip jomartlyk edip bilmersiň. Şonuň üçinem sen Hatam Taý bolup bilmersiň”. Dogrudanam, Hatam Taýyň inisi Hatam bolup bilmändir. Şol sebäpli ol sahylykda Hatam bolmagy arzuw edenem bolsa, jomartlykda Hatam Taý deý sahy bolan başga bir adamyň ady tutulanok. Döwletmyrat ÝAZKULYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |