13:08 Gysgajyk kyssalar | |
GYSGAJYK KYSSALAR
Halk döredijiligi we rowaýatlar
• “Itden bagyşlanmagyňy dile” Ynsyň-jynsyň diline düşünýän Süleýman pygamber itleri gowy görüp, köşgünde birnäçe it saklaýar eken. Şol itleriň içinde bir it üýrüp pygamberiň ýüregine düşüpdir Süleýman pygamber itiň üýrmesine çydaman “Haý, mysalaň gursyn” diýip üýrek itine käýinipdir welin, it janawer pygamberden bu sözi eşidip, ondan gaty görüp, pygambere şeýle ýüzlenipdir: “Süleýman pygamber, meniň mysalama dil ýetirdiň welin, meni Ýaradana göwnüň ýetmedimi, Meni Ýaradanam, Seni Ýaradan”. Itden bu jogaby eşiden Süleýman pygamber ýalňyşyna düşünip, Ýaradandan günäsiniň geçilmegini diläp, toba edipdir: “Beýik Allam, günämi geç, men pygamberligime gelişmeýän hereketi etdim”. Ýaradan Süleýman pygamberiň bu dilegine şeýle jogap berenmişin: “Eý pygamber, sen Meniň öňümde günä edeňok, Itden bagyşlanmagyňy diläp, onuň razylygyny al”. Süleýman pygamber itden ötünç sorap, adamzat nesliniň itleri ynjytmajagyna söz berip, ynsyň-jynsyň diline düşünýän pygamber ynjydan itiniň razylygyny alypdyr diýýärler. Şol sebäpli adamzat ynsda-jynsda kimiň göwnüne nähak degip, onuň razylygyny almasa, ynsanyň agyr günäsi hasaplanýar diýip, yslam alymlary tassyklaýarlar. • “Bir goňşymy ynandyryp bilmedim” Muhammet Magraja-Allanyň mekanyna Byragy münüp gidipdir. Meniň söhbetim Muhammet pygamberiň Magraç wakasy hakynda däl-de, Älemleriň serweriniň Magraç syýahatynda bolup geçen bir ahwalat hakynda gürrüň etmekçi. Beýan etmeklerine görä, Allatagala Muhammet pygambere musulmanlara günde 50 sapar namaz okamagy buýrupdyr. Hakyň resulynyň daşyny gallap duran pygamberler (Muhammet pygamber öten pygamberleriň ruhy bilen duşýan bolmaly.) Muhammet pygambere ymmatynyň adamlarynyň onça gezek namaz okap bilmejekdiklerini aýdyp, Ýaradana azaltmagy haýyş edip barmagy towakga edipdirler. Älemleriň serweri bolan Muhammet ol pygamberleriň haýyşyny berjaý edip, dokuz gezek Hakyň ýanyna musulmanlaryň gündelik namaz okamak sanyny azaltmak üçin baryp, musulmanlaryň bäş gezek namaz okamalydygyna emr alypdyr. Mundan soňra Musa pygamberden beýleki pygamberler Muhammede namaz okamak sanyny azaltmak üçin Ýaradanyň ýanyna barmagyny haýyş etmändirler. Emma Musa pygamber: “Eý, pygamberleriň hatymy[1], Men bütin ömrüme Allanyň ýeke-täkdigini, bardygyny bir goňşyma ynandyryp bilmedim. Eý, pyamberler hatymy, sen nädip, ähli musulmanlaryň günde bäşgezek namaz okamagyny boýnuňa alýaň”! Ymmatyň bäş gezek namaz okamagy gaty agyr, Beýik Allanyň ýanyna onunjy gezegem baryp, musulmanlaryň günde bir gezek namaz okamagy üçin ejaza al” diýip, özelenip Muhammet pygambere haýyş edipdir. Emma Muhammet pygamber Allanyň ýanyna onunjy gezek baryp: “Ymmatyma günde bir gezek namaz okamaga ejaza ber” diýmäge ejäp edipdir. Şol sebäpli musulmanlara günde bäş wagtyna namaz okamak parz bolupdyr diýýärler. Yslam ulamalarynyň köpüsi Muhammet pygamberiň Magraja gidende, namaz okamak bilen bagly aýdylýan rowaýatyň dogrudygyna kepil geçmeýärler, sebäbi musulmanlara gündelik bäş wagtyna namaz okamagy Magrajda Allanyň dilden beren buýrugy esasynda däl-de, Gurhanda emr edilendigini öňe sürýärler. Muhammet pygamberiň Magraja gitmekligi bilen baglanyşdyrylyp aýdylýan musulmanlaryň gündelik bäş wagt namaz okamaklygy baradaky wakanyň dogrudygyny ýa nädogrudygyny anyklamagy öňümizde maksat edip goýamzok. Ýöne bir zat belli: Çünki şol waka (Şol wakanyň bolandygyna ýa bolmandygyna garamazdan D.Ý.) adam häsiýetiniň ýagşy-ýaman daş ýaly berkdigini, dag ýerinden süýşüpdir diýilse, ynanmalydygyny, emma adam häsiýetini üýtgedipdir diýilse ynanmaly däldigine şaýatlyk edýär. • Ene dilimize aýawly garalyň Soňky ýyllarda ene dilimiz, edebiýatymyz hakynda metbugat serişdelerinde, internet saýtlarynda, habar beriş serişdelerinde dürli makalalar berilýär, çykyşlar edilýär. Munuň özi biziň mukaddes ene dilimize hem dünýä ýaň salan türkmen edebiýatymyza (Öňki makalalarymda hem belleýşim ýaly, Gündogaryň üç pygamber şahyry diýen mertebä eýe bolan şahyrlaryň ikisi, Enweri hem Muizzi Seljuk türkmen şalygynyň şahyrydyr. Magtymguly Pyragy bolsa Orta Aziýada ýaşaýan türki halklarynyň arasynda ilkinji milli şahyrdyr. D.Ý.) halkymyzyň teşneliginiň netijesidir diýip, ynam bilen aýdyp bileris. Gynansagam, türkmen dilimiz hem edebiýatymyz hakynda ýazylan makalalaryň, çykyşlaryň belli bir bölegi çeper höwesjeň derejesinde bolup, kähalat ol makalalarda, çykyşlarda ylymdan daş, heňe gelmejek pikirler aýdylýar. _________________________ [1] Pygamberleriň hatymy-Pygamberleriň iñ soňkusy diýmekdir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |