21:25 Gyzbibi çynary | |
GYZBIBI ÇYNARY
Goşgular
Gyzbibi çynary gadymy çynar, Ol hakda ilimde bir rowaýat bar. Taý ýokmuş Gizbibä edep-ekramda, Hebeşde, Hindide, Çynma-Çyn, Şamda. Ýelmaýada açmak üçin göwnüni, Seýle çykanmyşyn günüň bir güni. Sowuk suwly çeşmeden suw owurtlap, Çynaryň astynda düşläpdir ýadap. Jülgäň içi şeýle gözel, owadan, Dem alypdyr jana hoştap howadan. Şonda kelpeň jahyllary obanyň Üýşüp diýen: «Şol gözeli gabalyň». Kalby bir zatlary syzypdyr gyzyň, Howsalasy artyp, gözläpdir yzyn. Görse, jahyllaryň tüýsi bozukmyş, Olaryň nazary gyza gözükmiş. Ýörişleri ýada salýar ýylany, Nädip gaýtarmaly beýle belany? Baş alyp çykmaly agyr pursatdan, Ýürek çykjak-çykjak bolýar gursakdan. Gyzbibi asmana bakyp ýalbardy, Beýik dag ýarylyp, gyza ýol berdi. Görseler Gyzbibi zym-zyýat bolan, Gözlerinden uçup, baky ýat bolan. Daşa öwrülipdir, diýýä, ýelmaýa, Gudratyň kän eken, bary Hudaýa! Akyllary çaşyp bu keramata, Jahyllar galypdyr bir melamata. Şondan soň bir bela olaň üstüne Inip, has gynapdyr çykyp kasdyna. Azalypdyr tohum-tiji ýyl-ýyldan, Eňkamlary agyp, düşüpdir haldan. Saçlary sap-sary, gözleri mawy, Iýen-içenleri bolupdyr awy. Ine, dost, gür berdim saňa rowaýat, Göwnüň galkar etseň gelip zyýarat. Ýol aşyp gelseňiz, eger ilime, Çykaraýyn Manamanyň biline. Şaýady borsuňyz muňa özüňiz, Düşer şonda gadymýete gözüňiz. Çynaram garaşýan ýaly bolup dur, Göýä gyzyň geljegini bilip dur. Ýelmýa gäwüşäp oturan ýaly, Gamgyn ol. Ezizin ýitiren ýaly. Manaman dagyna diräp arkamy, Bu görnüşi synlap, çekýärin gamy. Hem teselli tapýar heserli kalbym, Geçene, geljege siňýän birsalym. Daşdan ýelmaýaly kenara bakyp, Diýýärin içimden çynara bakyp: – Ýaşarsyň sen rowaýata öwrülip, Gitmese Manaman gum deý owrulyp. Seni apalapdyr bizden öňküler, Gadyr goýar saňa bizden soňkular. Ýürekden uýdugym mydam, Gyzbibi, Bakýaryn ýoluňa bir ýyldyz kibi. 17-18.07.95. ▶ MÄMMET SEÝIDE Özüň ýok, ýürekde galdy sözleriň, Mydama ýatlaýan seni, halypa. Şygyr pälwanynyň aýdan sözi bi: «Soň çykyp bilmersiň, girseň galypa». Ýüzümize urýar dagyň howasy, Çeşme deýin akyp barýar buldurap. Şygyrlaryň kyrk çilläniň garymy? Gün nuruna barýar ýürekde eräp. Şahyryň mazary ýatyr Durunda, Uçup barýar, ganaty bar sözleriň. Sen, niçik bagtly şygyr pälwany, Diýmez hiç kim: «Galady bar sözleriň». Ölmek üçin dogulmaýar şahyrlar, Ýaşaýar ol ýürekleriň töründe. Mahal-mahal sežde ediň, adamlar, Şahyryň mazary ýatyr Durunda. 20.07.95. ▶ «DAG OBASYN SARSDYRYP ÝER TiTREDI...» Dag obasyn sarsdyryp ýer titredi, Gorkaklaryň muňa gözi petredi. Bu görnüşi synlap hapa boldum men, Dökülen gözýaşlar katra-katrady. Kim telpegin, kimler taşlap selläni, Gaçýardylar ýitiripler kelläni. Nuraman bir kişi diýipdi şonda: – Alňasamaň, ýada salyň Allany! Daglar güwläp, ses etse-de şo pursat, Öýler ýykylmady, çekmedik hasrat. Emma weli bir zat aýandy-aýan, Ýöne ýere gopmandy bu harasat. Göz öňümde henizem şol ýaşuly, Il içinde at-abraýy has uly. Dag obasyn sarsdyryp ýer titredi, Adamlaň Hudaýy ýatlary ýaly... 21.07.95. Könekesir. | |
|
√ Durdy han / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Gözeller şasy / Goşgular - 25.08.2024 |
√ Kimsi dosta barar... / Goşgular - 28.11.2024 |
√ Konfusiý / Goşgular - 13.05.2024 |
√ Aýal dogan gelende / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Bozajak seni / Goşgular - 22.05.2024 |
√ Ýalñyzlyk / Goşgular - 28.07.2024 |
√ Täze rubagylar / Goşgular - 29.09.2024 |
√ Walid ogly sen Halid / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Her döwür - bir döwür / Goşgular - 17.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |