HALK HAZYNASYNDAN
▶ Geplemezlik
Bir patyşanyñ ogly hiç geplemändir. Ony gepletmek üçin her zat edip görüpdirler. Onuñ üçin barmadyk tebipleri, etmedik emleri galmandyr. Bir gün patyşa:
- Kim oglumy gepletse, islän zadyny berjek - diýip, jar çekdirýär.
Bir garry patyşanyñ ýanyna gelip:
- Sen ogluñy awa alyp git - diýip, maslahat berýär.
Patyşa wezir-wekillerini ýygnap, ogluny hem alyp, awa gidýär. Olar awda gezip ýörkäler, birden, bir sülgün "Jagak-jagak" edip seslenýär. Munuñ sesini eşiden bir adam ony elindäki taýagy bilen urup alýar. Ony gören geplemezek şa ogly:
- Geplegenden geplemezlik gowrak. Gepledime-de, degdi başyma taýak - diýipdir.
▶ Puluñ bolmasa hemme ýerem hezil...
Peleñ atly biri Hezil diýen diýen ogluny alyp, Aşgabada saman satmaga gidipdir. Peleñ samanyny satyp, boşan saman gaplaryny bugurçysyna ýükläp, öýe gaýtjak bolanda görse, ýanynda Hezil ýok. Ol bazaryñ içine aýlanyp ýörşüne:
- Aý, Hezil, Hezil-how. Aý, Hezil-ä, Hezil how - diýip gygyrýarmyş.
Şol wagt onuñ gapdalyndan geçip barýanyñ biri Peleñ aga garap:
- Ýaşuly, näme diýýäñ? - diýip soraýar.
- Hezil diýýän...
Onda ol adam:
- Ah, ýaşuly, puluñ bolmasa, diñe bazar däl, hemme ýer hezil ahyryn - diýipdir.
▶ Datman galdym
Bir adam nahardan soñ bir ýilikli süñki gemrip oturan eken. Ol elindäki süñküñ bir ujuny deşip, onuñ içindäki ýiligi almak üçin, gaty sorupdyr. Ýilik birden gopup gaýdyp, onuñ agzynda saklanman, göni bogazyna gidipdir. Onda ol adam:
- Wah, hezil edip iýjekdim, datman galaýdym -diýipdir.
Toplan: Orazgylyç ÇARYÝEW.
Halk döredijiligi we rowaýatlar