HALKYŇ GÜLKI HAZYNASY
Saparmyrat TÜRKMENBAŞY:
— Biz türkmen halkynyň mirasdüşerleri hökmünde ata-babalarymyzyň taryhyň gatlarynda galan medeni, edebi gymmatlyklaryny tapmalydyrys, täzeden jana getirmelidiris. Bu ata-babalarymyzyň öňünde biziň ogullyk borjumyzdyr.
* * *
Şorta sözler halk döredijiliginiň esasy görnüşleriniň biri hökmünde türkmen halkynyň ruhy durmuşyna çuňňur ornapdyr. Olar halkyň ruhy sagdynlygyna şaýatlyk edip, halk ruhunyň, dünýägaraýşynyň, edim-gylymynyň müň bir öwüşginini özlerinde jemleýär. Köplenç, şorta sözler erkin döredijilik häsiýetine eýe bolmak bilen, adamlaryň durmuşyň esasy meselelerine bolan garaýyşlaryny bassyr-ýussursyz ýüze çykarýar.
Şorta sözleriň köp halklarda duş gelýän degişme görnüşiniň aýratynlyklaryny özünde jemleýändigini türkmen alymlary belläp geçýärler . Gadym zamanlarda ady belli adamlaryň özlerini alyp baryşlary bilen bagly dilden aýdylýan gyzykly hekaýajyklar döräp başlapdyr. Ol hekaýajyklar ýatda galyp, kem-kemden dilden dile geçipdir. Türkmen halk döredijiligini bezeýän şorta sözler turuwbaşdan adamlaryň başdan geçirýän gülküli pursatlary bilen baglanyşdyrylypdyr. «Şorta söz görnüş taýyndan gysgajyk bolup, onuň aslynda haýsydyr bir täsirli, ýiti waka ýatandyr. Ondaky garşylyklar, esasan, iň soňky sözlemlerde çözülýär. Garaşylmadyk ýagdaýyň duýdansyz suratda, birdenkä ýüze çykarylmagy şorta sözüň «janydyr». Baş pikiri aýdyňlaşdyrmak hyzmatyny ýerine ýetirýän esasy güýç iň soňuna çenli saklanyp, köplenç halatda, gülki döredýän çözüliş emele gelýär. Dürli-dürli öwüşginlere eýe bolan şol gülki hem onuň esasy alamaty bolup durýar» .
Türkmen halkynyň arasyna giňden ýaýran, köplenç onuň döredijilik hyjuwynyň önümi bolan şorta sözleri toplap, neşir etmek işi ýigriminji asyryň ýigriminji ýyllaryndan başlap, giň gerime eýe bolýar. 1925-nji ýylda «Myralyşir Nowaýy» ady bilen Nowaýy hakyndaky hekaýatlar neşir edilýär .
Şeýdibem bu iş döwlet ähmiýetli işe öwrülýär. Soňra gezek Ependi bilen baglanyşykly şorta sözlere ýetýär. 1937-nji ýylda ol şorta sözleriň ilkinji neşiri peýda bolýar . Soňra ol şorta sözler 1941-nji ýylda ikinji gezek aýratyn kitap görnüşinde neşir edilýär . Bu neşire 1937-nji ýyldaky neşiriň gaýtalanmasy hökmünde garamaga doly esas bar. Olara ýazylan sözbaşylar, olara girizilen şorta sözler biri-birlerinden tapawutlanmaýarlar. Bu kitaplaryň ikisini-de Ýakup Nasyrly çapa taýýarlapdyr.
1941-nji ýylda şorta sözleriň ýene bir ýygyndysy kitap görnüşinde neşir edilýär. Ony P.Agalyýew çapa taýýarlap, kitaba Myraly we Soltansöýün bilen baglanyşdyrylýan şorta sözler girizilipdir .
Şorta sözlere bolan isleg hiç bir döwürde-de kemänok, ýöne jemgyýetçilik ösüşiniň aýry-aýry döwürlerinde oňa bolan isleg hasam artýar. Beýik Watançylyk urşy ýyllary duşman bilen aldym-berdimli söweş alyp barýan esgerleriň ruhuny ýokary götermekde, olaryň yzynda galanlaryň aladasyny ýeňletmekde şorta sözleriň ehmiýeti uly bolupdyr. 1944-nji ýylda faşistleriň üstünden gülýän, olary masgaralaýan şorta sözler aýratyn kitap görnüşinde neşir edilýär .
Türkmen neşir edijileri Myraly we Soltansöýün bilen baglanyşdyrylýan şorta sözleri soň-soňlaram ünsden düşürmändirler. 1948-nji ýylda belli türkmen ýazyjysy B.Kerbabaýew Myraly we Soltansöýün hakdaky şorta sözleriň 1941-nji ýyldaky neşirini täzeden gözden geçirip, neşire taýýarlapdyr .
1964-nji ýylda «Ýomaklar we degişmeler» ady bilen neşir edilen kitap türkmen şorta sözlerini has doly göz öňüne getirmäge mümkinçilik berýär . Kitaba girizilen şorta sözler A.Kekilow, M.Kösäýew tarapyndan seçilip alnypdyr. Bu kitabyň özenini Ependi, Esenpolat, Japbaklar, Garry ata ýaly aýry-aýry şahslaryň adyndan aýdylýan şorta sözler düzýär. Türkmen halkynyň arasynda wäşiler hem, olar bilen baglanyşykly şorta sözler hem hiç mahal azlyk etmändir. Halk durmuşynyň dürli taraplaryny öz içine alýan şorta sözler halkyň arasynda döräp, dürli neşirler arkaly ýene halka dolanyp gelipdir. Olaryň hatarynda şorta sözleriň 1974-nji , 1980-nji , 1981-nji , 1990-njy ýyllarda neşir edilen ýygyndylaryny görkezmek bolar. Kemine bilen baglanyşdyrylýan şorta sözler hem halkymyzyň arasynda giňden meşhurdyr. Şeýle häsiýetli şorta sözleriň 1992-nji ýylda iki gezek neşir edilmegi-de şoňa şaýatlyk edýär . Soňky ýyllarda Ata Köpek Mergeniň, Pyhy Taganyň, başga-da birnäçe wäşileriň ady bilen baglanyşdyrylýan şorta sözler giň meşhurlyga eýe boldy. Ol şorta sözleriň köpüsi öňden belli şorta sözleriň täzeçe işlenen nusgasy bolsa-da, olaryň arasynda halkymyzyň iň täze taryhy bilen baglanyşyklylary-da az däl.
Sowet döwri diýilýän döwürde beýleki eserler bilen bir hatarda halk döredijiliginiň eserlerini neşir etmek düzgüni hem döwrüň aňyýetiniň talaplaryna tabyn edildi. Munuň şeýledigi ýokarda agzap geçen neşirlerimiziň ählisinde-de görünýär. Ol şorta sözlerde hereket edýän gahrymanlaryň ählisine diýen ýaly Keminäniň içmegi geýdirilýär, ýagny olar ezilýän synpyň nukdaýnazaryndan çykyş edýärler. «Zalym baýlary» paş etmek, «azgyn mollalary» masgaralamak, gozgalýan ähli meselelere synpy nukdaýnazardan garamak ol şorta sözleriň häsiýetli alamatlary bolup durýar. Elbetde, ol şorta sözler hem halkyň belli bir gatlaklarynyň nukdaýnazaryny aňladýan bolmagy mümkin, ýöne halkyň gülküsiniň çäginiň ýokdugyny, gülmegiň hiç kime gadagan däldigini unutmak bolmaz.
Ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny gazanmagy, köne aňyýetiň aradan aýrylmagy netijesinde halk şorta sözlerini dolulygyna öwrenmäge hem-de neşir etmäge mümkinçilik döredi.
Türkmenbaşy adyndaky Türkmenistan Milli golýazmalar inistitutynyň hazynasynda özlerinde şorta sözleriň nusgalaryny jemleýän bukjalaryň ýüzlerçesi saklanýar. Arap, latyn, kirill hatlarynda ýazylan şol golýazmalar agyr döwürleri başdan geçirendigine garamazdan halkyň hiç mahal ruhdan düşmändigine şaýatlyk edýär.
Şorta sözler bilen baglanyşykly golýazmalaryň iň irkilerinde 1928-30-njy ýyllarda ýazylandygy hakda bellikler bar. Olar, esasan, arap hatynda bolup, ussat hatdatlaryň elinden çykman, köplenç, höwesjeň halk döredijiligini öwrenijiler tarapyndan toplanypdyr we ýazga geçirilipdir. Şeýle golýazmalar okuwçy depderlerinde has köp duşýar. Şorta sözli golýazmalaryň daşky aýratynlyklary şulardan ybarat. Ol golýazmalardaky şorta sözler mazmun taýdanam birnäçe aýratynlyklara eýedir. Olar aýal bilen erkegiň jynsy gatnaşyklaryny, şondan gelip çykýan her dürli wakalary has giň açyp görkezýändikleri bilen has soňky döwre degişli golýazmalardan tapawutlanýarlar. 180 -nji bukjadaky «Gelin we çopan», «Ol bize hezil berjek däl», 407-nji bukjadaky «Höwürtgäň bärde», «Ýoluny urduran gelin», «Elpewaç», «Nireden çykdyň?», «Oglanly öýde ogurlyk ýatmaz», «Ýaman aýal», «Betgylyk işan», «Kelläm ketekde boldy-da», «Bolsa, bolany gowy», 203-nji bukjadaky «It wepa, hatyn biwepa», «Baýsakaňňyr», «Gelniň jogaby», «Utanjaň ýigit», «Balyk hem degdi», 187-nji bukjadaky «Başy gögerende geläýmelimi?», «Näçe gezek äre bardyň?», «Aýýar gelniň hüwdüsi», 175-nji bukjadaky «Bize agram düşýär», «Ata diýmeseň, diýme», 270-nji bukjadaky «Sugunyň arkasynda», «Gum sepdim, öler», «Çişir, bularam görsün», «Şo gije bäri», «Haýsy hezil edýär» we başga-da onlarça şorta sözler şolar ýaly häsiýete eýedir. Ynsan gatnaşyklarynyň diňe bir tarapyny açyp görkezýän bu şorta sözler käte uly çeperçilige hem eýe bolýarlar. Olar halkyň döredijilik hyjuwyny belli bir derejede özlerine siňdiripdirler.
Kyrkynjy we ondan soňky ýyllara degişli golýazmalarda şeýle mazmunly şorta sözler kem-kemden azalmak bilen bolýar. Muňa şol döwrüň aňyýetiniň, durmuş şertleriniň täsir eden bolmagy hem mümkin. Belki, ony şorta sözleri toplap, ýazga geçirijilerden edilen talap bilen düşündirse bolar? Her näme-de bolsa, hakykat hakykatlygyna galýar.
Biz eliňizdäki işi taýýarlanymyzda ol ýa-da beýleki belli şahslar bilen baglanyşykly, köp gezek duş gelen şorta sözlere göz ýumup, öňki neşirlere girmedigräk, halkyň durmuşy bilen gönüden-göni baglanyşykly, belli bir çeperçilik ähmiýetine eýe bolan şorta sözleri saýlap almaga çalyşdyk. Olaryň arasynda ol ýa-da beýleki şahs bilen baglanyşdyrylýanlary hem bar, ýöne ol şahslar Ependi, Aldarköse, Kemine ýaly ile belli şahslar däldir. Ol şahslar dürli sebitlerde ýaşansoňlar, olaryň keşpleri umumylyklardan mahrum bolup, olar bilen baglanyşykly şorta sözler täsin özboluşlylyga eýe bolýarlar. Belli bir şahslar bilen bagly bolmadyk şorta sözler barada-da şony aýtmak mümkin. Olar dürli ýyllarda, türkmenleriň ýaşaýan dürli sebitlerinde toplanyp, ýazga geçirilipdir.
Ol ýa-da beýleki bir şorta sözüň haýsy ýylda, haýsy döwürde dörändigini kesgitlemegiň örän kyndygy öz-özünden düşnükli. Şorta sözleri golýazmalar arkaly öwrenmek, neşir etmek bu meselä hem belli bir aýdyňlyk girizmäge mümkinçilik berýär. Onuň şeýledigi institutymyzyň golýazmalar hazynasyndaky şorta sözli bukjalary ýazylan ýyllarynyň yzygiderliliginde gözden geçireniňde hem aýdyň görünýär. Ýyllar geçdigiçe şorta sözler mazmun taýdanam, çeperçilik aýratynlyklary taýdanam özgerýär. Köp şorta sözlerde täze döwrüň öňe çykaran meseleleri öz ýüzüni görkezýär. Golýazmanyň göçürilen ýyly bilen şorta sözleriň mowzuklaryny deňeşdirmek arkaly olaryň dörän döwri hakda anyk çaklamalary öňe sürmek mümkin. Otuzynjy ýyllarda toplanyp, ýazgy edilen şorta sözlerde köne durmuşyň birsydyrgynlygyny, gahrymanlaryň dünýägaraýşynyň bütewiligini duýsa bolýar. Olarda, esasan, ynsan gatnaşyklarynda ýüze çykýan gülküli ýagdaýlar öz beýanyny tapýar. Olarda gülki güýçli bolup, duzlamak özüni gaty bir görkeziberenok.
Geçen asyryň otuzynjy ýyllaryndan başlap jemgyýetde bolup geçýän özgerişler halk döredijiliginiň şorta söz görnüşine hem öz möhrüni goýupdyr. Ol şorta sözlerde täze döwrüň adamlary peýda bolýarlar. Olary üns berip okasaň, haý-haýly kolhoz gurluşygy ýyllarynyň howasy ýüzüňe uran ýaly bolýar. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda şorta sözleriň ýerine ýetiren wezipesini ýokarda-da belläp geçipdik. Uruşdan soňky ýyllar barada-da şony aýtmak mümkin. Bu ýagdaý şorta sözleriň halk taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny, olaryň diňe bir wagtyňy şadyýan geçirmegiň guraly bolman, durmuş hakykatyny suratlandyrmakda hem uly ornunyň bardygyny görkezýär.
Ýygyndyny taýýarlan mahalymyz, ýokarda-da ýaňzydyp geçişimiz ýaly, ýüzlerçe golýazmalaryň gatyny agtarmaly boldy. Munuň esasy sebäpleriniň biri-de köp golýazmalardaky şorta sözleriň biri-birini gaýtalamagydyr. Käbir şorta sözler gös-göni gaýtalansa, käbiri biraz özgeren görnüşde duş gelýär.
Mysal üçin, golýazmalarda gyzgyn aş içmek bilen baglanyşykly şorta sözleriň ençeme nusgasy duşýar. Kä halatlarda olaryň gahrymanlary atlandyrylmaýar, kä halatlarda bolsa ol şorta sözler köplere belli ýomakçylaryň adyna ýanalýar. Umuman aýdanyňda, şorta sözleri ol ýa-da beýleki şahs bilen gutarnykly baglanyşdyrmak örän kyn bolýar, sebäbi täze dörän şorta sözleriň ömrüni uzaltmak üçin olaryň öňden belli wäşileriň adyna berilýän wagtlary bolýar ýa-da täze peýda bolan wäşiler örülerini giňeltmek üçin öňden belli bolan şorta sözleri öz atlary bilen baglanyşdyryp gürrüň berýärler. 1298-nji bukjada Pyhy Taganyň özi hakda aýdan aşaky sözleri getirilýär: «Men şorta sözleri özümden çykarmaýan. Halk bir çeşme. Ondan her kim bedreläp susup alýar. Menem şol çeşmeden alyp, ony täzeden işläp, ýene halka hödürleýän. Özüm hakda özümiň bilmeýän şorta sözlerim hem bar.» Şu ýerde başga bir belli halk döredijiligini öwrenijimiz Allaberen Kadyrowyň 1153-nji bukjada saklanýan şeýle sözlerini getireliň: «Türkmenistanda ýaşaýan türkmenleriň halk döredijiligi bilen beýleki halklaryň halk döredijiliginde waka meňzeşligi häli-şindi mese-mälim bolup durýar. Keminäniň adyna aýdylýan «Ýagyş ýagan gijesi» şorta sözi hemmeleriň ýadyndadyr. Arada Nöküs radiosy bir radiooýun eşitdirdi. Diňläp dursak, şol şorta söz, ýöne içinde Kemine ýok. Ýogsam-da, şu şorta sözüň biziň obamyzda «Bogursak ýagan gijesi» diýlen nusgasy aýdylýar. Onda-da Kemine ýok. Bir adam tüýnükden bogursak taşlaýar. Ertesi baý gelende çagajyklar: «Hawa, bogursak ýagan gijesi et iýdik» diýişýärler. Baý-da: «Asmandan daş ýaganyny, gurbaga ýaganyny, ýylan ýaganyny eşidipdim, emma bogursak ýaganyny birinji eşidip durşum» diýip gidiberýär.
... Agyzdan agza geçip, halkyň aňynda ýaşaýan halk döredijiligi halkara häsiýete eýedir... Men türkmen degişmeleriniň hem özbek, hem gazak, hem garagalpak halklarynyň arsynda aýdylyşynyň telim sapar şaýady boldum...»
Şorta sözleriň dürli görnüşde duşmagy olary saýlap almakda belli bir kynçylyklar döredýär. 68-nji bukjadaky «Diýseň - diýmeseň biçeme däl» atly şorta söz 225 belgili bukjada başga görnüşde duş gelýär. Başky şorta söz 1928-nji ýylda, soňky 1930-nji ýylda ýazylyp alnypdyr. Ikisem arap hatynda. Birinji şorta sözde bir gyzyň guýynyň başyna baryp aglaýşy, enesiniň onuň yzyndan baryp, sebäbini soraýşy, gyzynyňam äre barandan soň boljak oglunyň şol guýa gaçjagyny alada edip aglaýanyny aýdyşy, gyzyň sözlerini diňläp, onuň enesiniňem, atasynyňam aglaýyşlary hakynda söz açylýar. Soňky nusgada gyz ýatan paltanyň ýüzüne gözi düşüp aglaýar. Hossarlary onuň aglamagynyň sebäbini soranlarynda bolsa, äre baryp, ogly bolandan soň, ogluny alyp, öýlerine gezmäge gelende şol paltanyň oglunyň aýagyny gyýmagyndan gorkýany üçin aglaýandygyny aýdýar. Bu nusgalaryň birinjisiniň göwrüm taýdan uludygyny hemem has ir ýazylyp alnandygyny göz öňünde tutup, taýýarlan ýygyndymyza girizdik.
131-nji bukjada «Gökleňleriň piriniň üç sopusy» diýen şorta söz bar. Şeýle manyly şorta söz «Pirini kädä gabaryn» ady bilen hem bellidir. Bu ýerde şorta sözüň belli bir etniki topara degişli edilmegi biziň ünsümizi çekdi.
Şular ýaly mysallar başga-da näçe diýseň bar.
Golýazmalarda şorta sözleriň käbir gahrymanlary barada az hem bolsa, maglumat berilýär. 270-nji bukjada Seýti ýuwnuksyz hakyndaky şorta sözler bar. Olary Kerim Osmanow ýazyp alypdyr. Şol ýerde habar berlişine görä, Seýti ýuwnuksyz Sakarda ýaşap geçipdir. Şu ýerde bir zady hem belläp geçeliň. Ol hakdaky şorta sözleriň köpüsi aýal-erkek gatnaşyklaryna has köp üns berilmegi bilen tapawutlanýar. Şol sebäpli hem olaryň okyjylara hödürläp boljaklaryny aldyk.
258-nji bukjada köpsanly şorta sözleriň gahrymany Weligurban barada şeýle maglumat berilýär: «Weligurban Bäherden obasynda çen bilen 90 ýyl mundan ozal ýaşan bir adamdyr. Onuň agyzdan-agza geçip ýören şorta sözleri örän kändir.» Bu maglumat Çary Arrykow tarapyndan 1940-njy ýylda ýazylyp alnypdyr. Şol bukjadaky golýazmalaryň başga bir ýerinde bolsa Weligurban sopynyň 1890-njy ýylda ýogalandygy hakynda maglumat bar. Bu maglumatlaryň şorta sözleri öwrenmekde uly ähmiýeti bar.
Ýygynda girizilen şorta sözler mazmunlary boýunça birnäçe topary emele getirýärler. Olaryň köpüsinde ynsan gatnaşyklarynda ýüze çykýan gülkünç wakalar beýan edilse, başga birlerinde gysgançlyk, samsyklyk, ýalançylyk, edeniňi bilmezlik ýaly adam häsiýetleriniň üstünden gülünýär. Şorta sözleriň käbirinde garyp bilen baýyň arasyndaky gapma-garşylyk beýan edilse-de, ol durmuş taýdan deňsizlik mowzugyna ösüp geçmän, umumy ynsanyýet gymmatlyklary nukdaýnazaryndan öz çözgüdini tapýar. Geliň, mazmun taýdan dürli toparlara degişli şorta sözleriň häsiýetlilerini gözden geçireliň.
Dürli halklaryň arasynda kerleriň özara gürrüňdeşliginden gelip çykýan gülkünç ýagdaýy beýan edýän şorta sözler näçe diýseň bar. «Ker bir ýana, kör bir ýana» atly şorta sözde şol ýagdaý türkmen durmuşyna mahsus häsiýetleriň üsti bilen açylyp görkezilýär. Bugdaý ekip ýören adama başga biri arma berýär. Bugdaý ekip ýören hiç hili jogap bermänsoň, ol ikinji gezek öňki sözüni gaýtalaýar. Daýhan oňa: «Ýeri, ýoluňdan galma, arpa eken bilen ne işiň bar, bugdaý eken bilen ne işiň bar» diýýär. Ötegçi öýüne gelip, bu wakany aýalyna gürrüň berýär. Aýaly oňa: «Keteni alsaň hem özüň bil, sowsany alsaň hem özüň bil» diýýär. Soňra aýaly adamsyna aýdan sözüni gyzyna ýetirýär. Onda gyzy oňa: «Boýa berseňem özüň bil, dula berseňem özüň bil» diýip ýüzlenýär. Bu ýerde şeýle görseň, kerleriň adaty gürrüňi beýan edilýän ýaly hem bolup dur, ýöne içgin seredeniňde, bu şorta sözde her bir gahrymanyň içki dünýäsiniň ussatlyk bilen açylyp görkezilýändigini görmek bolýar.
Samsyk adamlar hakdaky şorta sözler hem halkyň arasynda meşhurdyr. «Samsyk adam» şorta sözünde hem sadalaç biriniň üstünden gülünýär. Ol bazara bir aýalyň dokan dolagyny satmak üçin alyp gidip, ony ogurladýar. Soňra ol ogryny tapyp, dolaga derek ondan ýüz tylla alýar. Ol hälki aýalyň dolagyny, pulunyň ujundan sargan zatlaryny getirip berýär. Ol zatlardan galan otuz ýedi tyllany hem ol aýala gowşurýar. Aýal otuz ýedi tyllanyň üstüne samsygyň getiren zatlarynyň bahasyny goşup görýär welin, dogry ýüz tylla bolýar. Görse, dolagyň bahasy ýok. Ol aýal dolagy hem üç tylla bahalap, samsygyň özüne töledýär. Bu ýerde gülki gahrymanlaryň pikir öwürmäge ukypsyzlygynyň esasynda ýüze çykýar. Iň bir geň ýeri hem şorta sözi aýdyjynyň özi hem ol gahrymanlarynyň säwligi ýaly säwlige ýol berýär. Ol bir dolaga derek ýüz tylla töledýär oturyberýär. Ýogsam, tutulan ogry dolagy yzyna beribem samsykdan sypyp biljek ahyry. Diýmek, olam samsyk bolmaly. Bir dolagy satmaga iberip, oňa derek onuň on bahasyna düşjek zady sargaýan aýalam gaty bir akylly bolmaly däl. Bu säwlikler aýdyjynyň gowşaklygyndan gelip çykman, eýsem onuň ussatlygynyň miwesidir, sebäbi bu şorta sözde dört samsyk birigip, samsyklygyň ýatdan çykmajak keşbini döredipdir. «Diýseň - diýmeseň biçeme däl» şorta sözi hem edil şol düzgün esasynda gurlupdyr. «Piriňe guýruk eltip ber», «Haýsy ogluňa dakarsyň?», «Oduna gidişlik» ýaly şorta sözlerde hem samsyk adamlaryň üstünden gülünýär.
«Husyt öý eýesi» mowzugy hem türkmen şorta sözlerinde yzygiderli işlenipdir. Bu şorta sözlerde waka, adatça, myhman bilen öý eýesiniň arasynda bolup geçýär. «Onusyny iýdiňiz» şorta sözünde bir adamyň öýüne myhman gelýär. Myhmanyň öňünde gutap goýýarlar welin, ol gaty aç bolansoň gutaplaryň onusyny iýäýýär. Öý eýesi oňa: «Ýene iýiň» diýýär. Myhman: «Köp iýdim, ikisini dagy iýäýipdirin» diýipdir. Myhmanyň köp iýenini gysganyp, onuň iýen gutaplaryny gözi bilen sanap oturan öý eýesi saklanyp bilmän: «Onusyny iýdiňiz, iýseňiz, meýli, iýiň» diýýär. Öý eýesiniň: «Onusyny iýdiňiz» diýen sözünde onuň içki ahwalaty dolulygyna ýüze çykýar. Şular ýaly ýerlikli gep tapmagy aýdyjynyň ýokary ussatlygyndan habar berýär. «Nirede ýatarkam?», «Gutap iýýäni ýaman», «Üzümli gürrüň», ýaly şorta sözlerde hem bu mowzuk özboluşly beýan edilýär.
Kör adamlaryň gözleri görmeýändigi üçin başdan geçirýän gülkünç wakalaryna hem türkmen şorta sözlerinde uly orun berilýär. «Täze telpek» şorta sözünde gözi ýok garyp ýaşula bir sahy adamyň täzeje silkme telpek sowgat berşi, o görgüliniň gelip bu bolan işi aýalyna gürrüň berşi, aýalynyňam begenip: «Gaty gowy bolupdyr kakasy, büý-ä. Köne telpegi bolsa ütüp, tüýüni geljek ýyl etjek keçämize goşaýarys, şu gara günde olam esli ýetne» diýip, göwün ýüwürdişi hakynda aýdylýar. Wakanyň soňky ösüşi seni bir güldürýär, birem nebsiňi agyrdýar. Aýaly çykyp gidensoň ýaňky kör ýaşuly derlänimde kirläýmesin diýip, täze telpegini çykaryp, beýle ýanynda goýýar. Soňam çaýyň keýpine ütmek üçin köne telpegini gözläp ugraýar. Şeýdip sermenip otyrka onuň eline bir telpek ilýär. Köne telpegidir öýdüp, ol ony ütüp başlaýar. Gepiň keltesi ol şeýdip ýaňky täze telpeginiň tüýüni ütüp gutarýar. Onuň soňky düşen ýagdaýyny çaklamak kyn däl.
Bu şorta söz hem özüniň çeperçilik taýdan kämilligi bilen tapawutlanýar. Ol diňe bir güldürmek hyzmatyny ýerine ýetirmän, eýsem gahrymanyň içki dünýäsi, güzeran ýagdaýy hakda hem düşünje berýär. Wakanyň özeninde ýatan gülki hem göwne degijilikden halas bolup, durmuş barada, ýaşaýşyň manysy barada oýlanmaga mejbur edýär. Şu mowzuga degişli «Jany berk kör», «Haçan görseň aýak astynda», «Aramyzda gözli bar», «At gezdirýär», «Meni hem alsyn», «Batlyrajyk bökeweri» şorta sözleri hem köp taraplylygy bilen tapawutlanýar.
Türkmen şorta sözleriniň arasynda gülküli wakanyň üsti bilen pelsepeli pikir aňladýanlary hem bar. Göräýmäge ýönekeýje, şüweleňli wakajyk ýaly welin, azajyk oýlansaň, ol wakanyň aňyrsynda giden bir umman ýatyr. «Köpen soýan adam» şorta sözi barada hem şony aýtmak mümkin. Bir adamyň käri gabyr gazyp, ölen adamlaryň köpenini soýup ýörmek eken. Bir gün ol agyr näsaglapdyr. Ol şonda ogluny çagyryp aýdan: «Men ölenime gynanamok welin, ýöne, arman, ölemsoň il meni ýagşylykda ýatlamaz, şoňa birneme gynanýan.» Ogly ony ýagşylykda ýatlarlary ýaly etmäge söz berýär.
Soň bir gün ol adam ölüp, ony jaýlan günleriniň gijesi ogly mazarystanlyga gidip, onuň gabryny gazyp, köpenini alýar. Soňam ony ýoluň ortasyna süýräp getirip, garnyna bir uly gazyk kakyp gidýär. Ertesi ony gören adamlar: «Beterinden sakla, Hudaýym, bizde ozal bir gabyrman bardy. Ol ýöne bir öleniň köpenini alardy. Indi täzeden biri döräpdir welin, ol öýi ýykylan, diňe köpeni alyp hem goýmaýar. Ol öleniň başyna-da oýun salýar» diýşip, öňki gabyrmandanam razy bolupdyrlar.
Bu şorta söze mahsus gara gülkiniň aňyrsynda halkyň pelsepesiniň ýatandygy aýandyr. Bu ýerde ýaşaýyşa, durmuş kanunlaryna bolan belli-külli garaýyş bar. Pelegiň çarhynyň aýlanyp durmagy bilen ähli zatlaryň bahasy üýtgäp dur. Bu günki göreniň erte ýok. Erte göreniň bu günküden ýaman. Adamzat, köplenç, taryhy aňynyň ýüzleýligi sebäpli geçmişdäki ýaramaz işleri ýuwmarlamaga, geçmişi gowy edip görkezmäge çalyşýar. Öz gözüniň alnynda edilýän ýaramaz işler onuň eýýäm-haçan unudaňkyrlan ýakyn geçmişini arzuw etmegine sebäp bolýar. Ýokarky şorta sözi okap ýa-da diňläp, gabyrmanyň oglunyň ugurtapyjylygyna ýylgyryp oňsaňam bolar, ýöne onuň pelsepeler ummanyna hem ataryp biljekdigi görnüp dur. «Akylly guş», «Geplemezlik gowy ýaly», «Şuny ýanymdan aýryň» şorta sözleri hem pelsepeli şorta sözlere goşmak mümkin.
Ýalançy adamlar hem türkmen şorta sözleriniň esasy gahrymanlarynyň biridir. Şorta sözleriň Aldarköse toplumyny hemmeler bilýändir. Käbir golýazmalarda Aldarkösäniň ady bilen baglanyşykly şorta sözleriň bardygyna garamazdan, olary biz bu ýygynda girizmedik. Ol biziň öňümizde goýlan maksat bilen baglanyşykly. Biz golýazmalary dörüp, halkyň içinde şorta sözlerde waspy ýetirilen başga-da ýalançylaryň bolandygyna göz ýetirdik. «Ýalançy» şorta sözi oňa aýdyň mysaldyr. Onda ýalançy ogul we paýhasly ata hakda gürrüň gidýär. Ogly ýalan sözlemäge ökdeländigini aýdyp öwünýär. Atasam oňa ýalan sözlemegi hem oňarmak gerekdigini syzdyrýar. Bir gün bular märekäniň içinde otyrkalar, ogly aýdýar: «Men şu gün bir keýik tüpeňledim welin, ok baryp, bir toýnagyny, bir gulagyny alyp gitdi». Oturanlar oňa ynanmaýar. Oglunyň masgara bolup barýanyny görüp, atasy oturyp bilmän: «Ýok, adamlar, munuň diýýäniniň ugry bar, eger şol wagt keýik toýnagy bilen gulagynyň düýbüni gazap duran bolsa, ok onuň toýnagy bilen gulagyna birlikde degse-de degäýer» diýip, oglunyň aýdanyny delile getiripdir. Atasy soňam bir gezek şunuň ýaly edip, oglunyň ýalanyny ýuwmarlaýar. Bu şorta sözde ýalan bilen çynyň arasynyň bir garyşdygy, oňaryp ýalan sözlemeseň, masgara bolmagyň daş däldigi hakdaky pikirler öňe sürülýär. «Iki ýalançy», «Bary şu ýerde gyrylaýypmy?« ýaly şorta sözlerde hem ýalançy adamlaryň keşbini görmek bolýar.
Türkmen halkynyň arasynda gezip ýören şorta sözleriň sany-sajagy ýok. Olary toplamak, öwrenmek, neşir etmek iň bir derwaýys meseleleriň biri bolup durýar. Ýokarda getiren mysallarymyzdan olaryň ylmyň pudagy bolup biljekdigi, olary öwrenmegiň halkyň ruhuna aralaşmagyň bir açarydygy aýdyň görünýär. Biz şu ýygynda öz halkymyza mahsus bolan şorta sözleri girizdik. Olary institutymyzyň golýazmalar hazynasy öz gatynda saklap ýatyr. Olar bu gün Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ýolbaşçylygynda täze döwlet gurýan türkmen halkynyň ruhuny ýokary götermäge hyzmat etmelidir. Prezidentimiziň hut öz görkezmesi bilen bina edilen Türkmenbaşy adyndaky Türkmenistan Milli golýazmalar institutynda bu işiň möhümdigine örän oňat düşünýärler.
Şu ýygynda girizilen şorta sözleriň beýan ediliş aýratynlyklary hem aýratyn üns berilmäge mynasyp. Otuzynjy ýyllarda ýazylyp alnan şorta sözler bilen XX asyryň 60-70-nji ýyllarda ýazylyp alnanlaryň arasynda uly tapawutlaryň bardygyny görmek bolýar. Irki şorta sözlerde ertekiçilik däpleriniň täsiri güýçli bolup, gürrüňiň hakyky adamlar barada barýandygyna garamazdan, olar: «Bir adam bugdaý ekip ýör eken...», «Bir samsyk adam bar eken...», «Biri hemişe tötek iýýär eken...» ýaly sözler bilen başlanýar. Bu şorta sözleriň esasy teksti şorta söz görnüşiniň talaplaryna gabat gelse-de, olarda ertekiçilik äheňlerini duýmak kyn däl. Elbetde bu ýagdaý irki şorta sözleriň hemmesi üçin gutarnykly kada öwrülmändir.
Şorta sözleriň iň kämillerine gahrymanlaryň hereketlerini mümkin boldugyça doly suratlandyrmak, olaryň içki dünýäsine aralaşmak arkaly olary ýatdan çykmajak derejä götermek mahsus. Ol şorta sözlerde beýan edijilik güýçli bolup, ahyrky gülki emele getiriji bölek bir, iki hatda ondanam köp wakalaryň üsti bilen taýýarlanylýar. Şeýle-de bolsa, ol şorta sözler görnüşiň çäklerinden çykmaýarlar. Oňa mysal edip, «Uny gutarandyr» şorta sözüni görkezmek bolar. Bu şorta sözde başda molla bilen okuwçysynyň arasyndaky bolup geçýän waka suratlandyrylýar. Soňra gezek oglanjyk bilen ejesiniň arasyndaky gürrüňe ýetýär. Iň soňunda-da mollanyň gelniň guran hilesine düşüşi beýan edilýär. Gülküli wakanyň şular ýaly yzygiderli taýýarlanmagy netijesinde eser aýratyn agrama eýe bolýar.
«Çukur gazamda niredediň?» şorta sözi hem gahrymanyň durmuşyny degerli aňlatmalaryň üsti bilen suratlandyrmak, gahrymanyň ruhy ýagdaýyny inçelik bilen yzarlamak arkaly kämillik derejesine ýetirilipdir.
Irki şorta sözleriň käbirinde gülkiniň iki gahrymanyň gepleşigi arkaly ýüze çykarylýan wagty hem bar. «Ataň Myrat jomman bolsa...» atly şorta söz şoňa mysal bolup biler.
XX asyryň 60-70-nji ýyllarynda ýazylyp alnan şorta sözler beýan ediliş aýratynlyklary taýdan irki şorta sözlerden tapawutlanýar. Olarda esasy agram aýdyjynyň beýan edijiligi arkaly ýüze çykman, gahrymanyň ýerlikli aýdan sözi arkaly çözgüdini tapýar. Oňa mysal edip Amannazar bagşy bilen baglanyşykly şorta sözleriň köpüsini görkezmek bolýar.
Şu ýygyndy bilen tanyş bolan adamyň türkmen şorta sözleriniň beýleki halklaryň şorta sözlerinden tapawutlanýandygyna göz ýetirjekdigine ynanýarys. Biziň pikirimizçe, türkmen şorta sözlerine agraslyk, durmuşa ýakynlyk mahsus. Olar toslanyp tapylman, halkymyzyň tebigatyndan syzyp çykýarlar. Şonuň üçinem bu şorta sözleri okap, türkmen halkynyň dünýägaraýşy, ruhy dünýäsi barada düşünje almak mümkin.
Umuman aýdanyňda, şorta sözleriň halky nusgalary halkyň durmuşyny, belli-belli döwrüň adamlarynyň içki dünýäsini öwrenmekde, olary neşir etmek arkaly adamlaryň ruhuny götermekde uly ähmiýete eýedir.
Orazgylyç ÇARYÝEW,
Türkmenbaşy adyndaky Türkmenistan
Milli golýazmalar instituty.
■ Peýdalanylan çeşmeler:
1). Eşider bolsaň... Aşgabat, «Türkmenistan», 1974, 5 s.
2). Ýomaklar we degişmeler. Aşgabat, «Magaryf», 1980, 3 s.
3).Eşider bolsaň... Aşgabat, «Türkmenistan», 1974, 6 s.
4) Myralyşir Nowaýy. Aşgabat, «Türkmendöwletneşir». 1925.
5). Ependi Nasreddin. Aşgabat, «Türkmendöwletneşir», 1937.
6). Ependi. Aşgabat, «Türkmendöwletneşir», 1941.
7). Myraly we Soltansöýün. Aşgabat, «Türkmendöwletneşir», 1941.
8). Antifaşistik şorta sözler. Aşgabat, «Türkmendöwletneşir», 1944.
9). Myraly. Aşgabat, «Türkmendöwletneşir», 1948.
10). Ýomaklar we degişmeler. Aşgabat, «Türkmendöwletneşir», 1964.
11). Eşider bolsaň... Aşgabat, «Türkmenistanr», 1974.
12). Ýomaklar we degişmeler. Aşgabat, «Magaryf», 1980.
13). Ependi. Aşgabat, «Türkmenistanr», 1981.
14). Ýigrimi üç Ependi.. Aşgabat, «Magaryf», 1990.
15). Kemine bilen pir. Aşgabat, «Magaryf», 1992; Kemine. Aýalyň diýenini edäýerler. Aşgabat, «Ruh», 1992.
16. Belgisi görkezilýän bukjalar Türkmenbaşy adyndaky Türkmenistan Milli golýazmalar institutynyň golýazmalar hazynasynyň halk döredijiligi bölüminde saklanýar.
Edebi makalalar