20:00 Halyfyň jellady Bagyr Türkmen: Ibn Esiriň "Kämil taryhynda"" | |
251-NJI HIJRI ÝYLY (02.02.865-21.01.866 ý.)
Taryhy makalalar
BAGYR TÜRKMENIŇ ÖLDÜRILMEGINIŇ BEÝANY Bu ýyl Bagyr Türkmen Wasyf we Buga tarapyndan öldürildi. Bagyr Mütewekkiliň jellatlarynyň biridi. Onuň gazanan rysgy artdy gitdi, peşgeş berlen mülk ýerleriniň çägi bolmady. Oňa mülk hökmünde berlen ýerleriň biri hem Kufe ýakalarynyň obalarydyr. Ol barusmaly birine iki müň dinar töläp, ony şol ýere hojaýyn-gözegçi belledi. Soň şol etraplardan bolan başga bir adam onuň üstüne topuldy we ony ýaralady. Oňa Bagyryň wekili Ibn Marymma (Ibn Mariýa) hem diýilýär. Ibn Marymmany tussag etdiler. Ol gandala baglanyp goýuldy. Soň bir sebäp bilen halas boldy. Samarrany nazarlap ýola düşdi. Ol bu ýerde Buga şerapçynyň emiri-sahyby we döwlet häkimi Delil ibn Ýakup Nasrana sataşdy. Ibn Marymma onuň dostudy. Bagyr bolsa Buganyň serkerdeleriniň biridi. Şol sebäpli Delil onuň (Bagyryň) Ahmet ibn Marymma zulum etmegine böwet boldy, ondan adalatly bolmagy talap etdi. Bagyryň muňa gahary geldi we öz delillerini Ibn Marymma beýan etdi. Bagyr şeýle batyr kişidi. Buga we özgeler ondan çekinýärdiler. Iki ýüz ellinji ýylyň gurban aýynyň bir gününde, Buga hammamda otyrka, Bagyr onuň ýanyna serhoş halda giripdir we: – Delil kimi öldürse özi hem şeýle öldüriler – diýipdir. Buga oňa: – Eger öz perzendimi şeýtmek isleýän bolsaňam, oňa garşy bolmazdym, ýöne sabyr et, halypalygyň işi häzirlikçe Deliliň elindedir. Ýerine başga birini goýanymdan soň isläniňi et – diýdi. Buga bu hakda Delile hat ýazdy we ýagdaýlary ýaňzydyp, işleriň çylşyrymlaşyp gitmezligini isledi. Delili wezipesinden boşadandyr öýdüp, Bagyr pikir etdi we köşeşdi. Soň bir gün Buga ol ikisini ýaraşdyrmak isledi, ýöne Bagyr Delile haýbat atmagyny bes etmedi. Mundan birnäçe wagt soň, Bagyr nesibesi çekip, Mustagynyň hyzmatyna geldi. Buganyň nobatçylykdan dynç alyp, öz öýünde galmaly gününde Mustagyn: «Wasyf bu hakda maňa mälim etdi. «Işleriň ählisini Bagyra tabşyrmagyň göwnejaýdygyny» aýtdy» diýdi. Delil bu bolýan gürrüňleri eşitdi. Bugany habardar etmek üçin, dessine onuň ýanyna atlandy. «Sen öýüňde bihabar otyrsyň, olar bolsa seni aýyrmagyň çäresini edýärler. Bu ýerden aýryldygyň öldürildigiňdir» diýdi. Şol günüň özünde Buga atlandy-da, halypalygyň köşgüne ýetdi. Ol: «Meni aýyrmagyň hyýalyna mündüňmi?» diýip, Wasyfdan sorady. Wasyf oňa halypanyň näme etmekçi bolýanyndan gapyldygyny bildirip, kasam etdi. Soň Wasyf bilen Buga ikisi bir hile bilen Bagyry ol ýerden çetleşdirmek üçin, özara äht etdiler. Bu ikisi Bagyryň emir bellenip, öňki emiriň aýryljakdygy, ol ýerde Wasyfa we Buga orun bolmajakdygy hakda howsalaly myş-myşlary ýaýratdylar. Bagyr we onuň töweregindäkiler bu gürrüňleri ýamanlyk hökmünde kabul etdi. Bagyryň ýanyna Mütewekkiliň öldürilmegine kasam-ýat eden kişileriň ählisi we başga-da birnäçeler jemlendi. Olar bu gezek Mustagyny, Bugany we Wasyfy öldürmek hakda täzeden agyz birikdirdiler. «Mustagyny aýryp, Mugtasymyň ýa-da Wasygyň ogluny tagta mündüreliň. Şonda ähli işiň jylawynyň şu ikisinde bolşy ýaly, höküm güýji biziň elimize geçer» diýdiler. Şol ýerdäkileriň ählisi bu pikiri oňladylar. Bu habar Mustagyna ýetende, ol Buganyň hem-de Wasyfyň ýanyna çapar iberip: «Meni halypa bellän hem hut iki¬ňizdiňiz. Ýeri indi öldürmek isleýärmisiňiz?» diýdi. Ol ikisi bu wakalardan bihabardygyny mälim edip, ant içdiler. Ähli wakalar, gep-gürrüňler bulara ýetirilende, olaryň Bagyry we onuň ýanyndaky iki türkmeni öldürmek hakdaky garaýyşlary has-da berkedi, ony tussag etmek hakda bir çukura tüýkürdiler. Olar Bagyry getirtdiler we birnäçe adam bolup, oňa baka ýöneldiler. Bagyry hammama tarap idenekledip, gyra çekdiler we şol ýerde hem ol tussag edildi. Bu wakalaryň habary türkmenlere gelip ýetende, olar halypalygyň teblehanasyna kürsäp girdiler. Ol ýerdäki zatlary taladylar we atlanyp ýola düşdüler. Kemsiz ýaraglanan türkmenler galany gabadylar. Buga bilen Wasyf bolsa Bagyry öldürmek hakynda buýruk berdi. Höküm şol demde ýerine ýetirildi. MUSTAGYNYŇ BAGDADA ÝÖRIŞINIŇ BEÝANY Bagyr öldürilenden we onuň ölüm habary gozgalaň turzan türkmenlere baryp ýeteninden soň, Bagyryň ganyna galanlar bir ýerde karar tapmadylar. Mustagyn, Buga, Wasyf, Şahek Hadym, Ahmet ibn Salyh ibn Şirzat we Delil dagylar brander bilen Bagdada tarap gaçdylar. Türkmen serkerdelerine bagly bolan birnäçe jemagat hem bu gozgalaňçylara goşuldy. Gozgalaňçylar olaryň yza gaýtmaklaryny sorasalar-da, olar öz pikirlerinden dänmediler. Mustagynyň, Buganyň we Wasyfyň gämi bilen gaçandyklaryny bilenlerinde, türkmenler özleriniň gijä galandyklaryny bilip, ahmyr etdiler. Soňra Deliliň, onuň maş-galasynyň we goňşularynyň howlusyna tarap ýöneldiler we olary taladylar, hatda agaçlary we mallaryň iýmlerine çenli talap aldylar. Gaçyp gaýdanlar Bagdada gelenlerinde, Ibn Marymma syr¬awlady. Delil onuň ýagdaýyny soramaga bardy we oňa: – Seniň derdiň sebäbi näme? – diýip sorady. Ol: – Äht kirşiniň üzülmegi – diýdi. Delil: – Äht kirşiniň boýnuňy kertendigine garamazdan, sen halypalygyň tersine gitdiň we pitnäniň küýüne düşdüň. Pitne barça zatdan beterdir – diýdi. Şol günleriň birinde Ibn Marymma dünýäden ötdi. Bu hakda käbir şahyrlar goşgy goşupdyrlar. Türkmenler adamlaryň Bagdada tarap gitmegine päsgel berip, gämisi kireýine tutulan deňizçini ele saldylar. Ony gowy ýenjip, ölinçä urdular. Soňra bolsa gäminiň bogaldagyna çüýläp goýdular. Gämi eýeleri gaty gizlinlik bilen gidäýmeseler, ýola düşmek örän howatyrly boldy. Şol sebäpli hem olaryň köpüsi bu hereketlerinden saklandylar. Mustagyn Bagdada şu ýylyň aşyr aýynyň bäşine gidipdi we Muhammet ibn Abdylla ibn Tahyryň öýünde düşläpdi. Soňra Bagdada Japar Haýýat bilen Süleýman ibn Ýahýa ibn Magazdan özge serkerdeleriň ählisi, kätipdir işgärleriň uzyn hatary, haşymylar, Buganyň we Wasyfyň tarapdarlarynyň birnäçesi gelip ýetdi. _____________________________________________ Golýazmalarda bu at «Ýagyr», «Ýagyz», «Ýowuz» ýaly dürlüçe berlipdir. Barusma – şol sebitlerdäki ýer ady. Brander – 1. Öňki wagtlarda duşman gämilerini ýakmak üçin ulanylan üsti partlaýjy okly gämi. 2. Buhta: gämi duralgasyna girilýän agzyň öňüne germew etmek üçin ýörite gark edilip goýulýan gämi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |