19:41 Mukanna: Ibn Esiriň "Kämil taryhynda" | |
159-NJY HIJRI ÝYLY (31.10.775 – 19.10.776 ý.)
Taryhy makalalar
HORASANDA MUKANNANYŇ PEÝDA BOLMAGYNYŇ BEÝANY Bu ýyl Humaýt ibn Kahtabanyň ýogalmagynyň öňüsyrasynda Horasanda Mukanna gozgalaň etdi. Mukanna merwli, çaşy gözli, kelte boýly, girdenejik we gelşiksiz adamdy. Oňa Hekim diýip ýüzlenerdiler. Ol özüniň betnyşan keşbini görkezmejek bolup, ýüzüne altyndan nykap tutardy. Şonuň üçin hem oňa Mukanna diýildi. Mukanna özüni Taňry diýip hasaplasa-da, bu pikirini ähli dost-ýaryna aýan edip durmady. Ol: «Beýik Taňry Adam atany öz keşbinde ýaratdy we şonuň suratynda ýere indi. Soňra Nuh pygamberiň keşbinde peýda boldy. Soňra tä Abu Müslim Horasanla çenli ähli pygamberleriň suratynda aýan boldy. Iň soňunda bolsa ol, ine, Haşymyň keşbine girip geldi» diýerdi. Haşym diýende Mukanna, elbetde, özüni göz öňünde tutýardy. Mukanna ruhlaryň jesetden jesede göçüp-gonýanlygy hakdaky dini ynanja uýýanlaryň we eýerýänleriň biridir. Garaýşy bozuk adamlaryň ummasyz köplügi Mukannanyň yzyna eýerdi. Gören ýerlerinde oňa tagzym edip, ýer öperdiler. Jeňde, söweşde hem «Ýa Haşym, senden medet!» diýip, gözsüz batyrlyk bilen öňe okdurylardylar. Çaksyz köp adam Mukannanyň täsirine düşdi. Olar Kiş ýakalaryndaky Bisnam (Bisýam, Besýam), Senjerede ýaly galalarda goranardylar. Buharadaky mubeýýizeler, sogdylar we yslama girmedik kapyr türkler Mukannanyň esasy ýardamçylary boldy. Olar musulmanlaryň malyna-emlägine el gatyp, talaňçylyk bilen meşguldy. Mukannanyň ygtykadyna görä, Abu Müslimiň şerapaty Pygamber alaýhyssalamyň mertebesinden hem zyýada saýylypdyr. Ol Ýahýa ibn Zeýdiň öldürilmegini nähak gan hasaplap, onuň janyna kast edeni öz eli bilen öldürjekdigine, ar aljakdygyna ant içer eken. Olar Kişde jemlendiler we şol sebitlerdäki birnäçe köşkleri, Nowakys galasyny eýelediler. Abu Nugman, Jüneýt, Leýs ibn Nasr dagylaryň her biri bular bilen näçe gezek döwdüleşip görseler-de, döwleri pes geldi. Hassan ibn Temim ibn Nasr ibn Seýýar, Muhammet ibn Nasr ýaly ýene birnäçe tanymal adamlar şolaryň elinden heläk boldular. Söňra bularyň üstüne Jebraýyl ibn Ýahýa bilen onuň dogany Ýezidi ýörişe ugratdylar. Olar ilki bilen Buharadaky mubeýýizelere zarba urdular, emma bir urguda almak başartmady. Bumijekes şäherinde bolan bu söweş dört aýa çekdi. Ahyry olaryň goranyşyny böwüsdiler we Mukannanyň tarapdarlaryndan ýedi ýüz töweregi adamy öldürdiler. Söweşden diri sypanlar özlerini Mukannanyň ýanyna atdylar. Mundan soňra Mäti Mukanna bilen söweşmek üçin Abu Awny ýola saldy. Emma ol bu işiň hötdesinden gelip bilmedi we ony aýryp, ornuna Muaz ibn Müslimi goýdular. 161-NJI HIJRI ÝYLY (09.10.777 -28.09.778ý.) MUKANNANYŇ HELÄK BOLMAGYNYŇ BEÝANY Bu ýyl Muaz ibn Müslim we ýene-de birnäçe serkerdelerdir esgerler Mukannanyň üstüne ýörişe gaýtdylar. Söweşe Sagyt Haraşy ýolbaşçylyk etdi. Zemmde gezip ýören Ukba ibn Müslim hem bulara kömege geldi. Olar Tawuslar diýilýän ýerde duşuşdylar we Mukannanyň tarapdarlarynyň üstüne okduryldylar. Söweşde Mukannanyň ýaranlary ýeňildi we gala girýän hendekleriň içi bilen ýapyrylyp, özlerini Mukannanyň ýanyna atdylar. Şol ýerde hem goranmaga durduylar. Muaz demini dürsemezden, ýene söweşe girdi. Emma Sagyt Haraşy bilen sözi azaşyp, tasdan özara gyrlyşypdylar. Haraşy Muazdan şikaýat edip, Mätä hat ýollady we erk-ygtyýar hem-de hemaýat berip dursa, söweşi bir özüniň dowam etjek-digini ýaňzytdy. Mäti onuň pikirini makullady we ygtyýar berdi. Haraşy söweşe ýolbaşçylyk etdi, Muaz bolsa öz esgerleri bilen ogly Rajanyň ýanyna goşulyşdy, elinden gelen kömegini gaýgyrmady. Mukannanyň gabawy uzaga çekdi. Ahyry onuň ýaranlaryndan köp bölegi gizlinlik bilen gelip, aman soradylar. Haraşy olaryň towakgasyny kabul etdi. Şeýdip, Mukannanyň otuz müň töweregi tarapdary beýleki tarapa geçdi. Onuň ýanyn¬da bolsa Mukanna jany-teni bilen berlen iki müň sany ussat adamlar galdy. Raja ibn Muaz dagylar galanyň astyndan içine girýän hendegi tapdylar we gala girdiler, olary gysmaga başladylar. Mukanna ölümiň gutulgysyzdygyny duýanda, aýallaryny, çagalaryny we ilen-çalanyny ýanyna ýygnap, olaryň ählisine zäher içirtdi, jesedini ganym duşmanyň parçalamazlygy üçin, özüni oda ýakmagy buýurdy. Başga maglumatlara görä, ol şol galadaky ähli zatlary: geýim-gejimi, mal-garany we beýleki zatlary oda ýakdyrypdyr. Soňra: «Kimiň men bilen asmana göterilesi gelýän bolsa, özüni şu oda ursun!» diýip, özüni, çagalaryny, aýallaryny, ýakyn adamlaryny we ýaranlaryny ýalnyň içine oklapdyr. Şeýdip, Mukannanyň tarapdarlary derbi-dagyn edildi. Mundan ujyz sypan az sanly adamlar hem şondan soň özlerini dürsäp bilmediler. Mawerannahrdaky mubeýýizeler hut şu Mukannanyň tarapdarydyr, ýöne olar özleriniň bu yktykadyny ýaşyryn saklaýarlar. Ýene bir maglumata görä, Mukannanyň özi hem zäher içip ölüpdir diýilýär. Haraşy Mukannanyň kellesini kesip, ony 163-nji ýylda Mätiniň gaşyna getirdi. Mäti bu wagt Halap sebitlerinde söweşip ýördi. ______________________________________ Gurhanyň 50-nji süresiniň 37-nji aýaty. Mukanna – nykaply. Bumijekis bolmagy hem ähtimal. Zemm – häzirki Atamyrat, öňki Kerki şäheriniň çäklerinde ýerleşen gadymy şäher. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |