HALYPA ÝAZYJYMYZYŇ TÄZE KITABY NEŞIR EDILDI
Golaýda goňşy Özbegistan Respublikasynda tanymal türkmen ýazyjysy, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Reýimbaý Sabyrowyň Köneürgenç türkmen döwletiniň taryhy bilen bagly «Horezmşalar» tetralogiýasy neşir edildi. Daşkent şäherinde ýerleşen «Bio-Factor Press» neşirýaty tarapyndan çap edilip, giň okyjylar köpçüligine ýetirilen dört kitapdan ybarat bu taryhy romanlar toplumy taryhy öwrenijiler üçin hem, ýönekeý okyjylar köpçüligi üçin hem gymmatly sowgat boldy.
Halypa ýazyjymyzyň bir müçe döwrüň dowamynda irginsiz çeken zähmetiniň netijesi bolan bu ajaýyp romanlary hakynda soranymyzda ol bu eserlerini ilki türkmen dilinde ýazandygyny soňra bolsa öz ene diline terjime edendigini gürrüň berdi.
Bu tetralogiýanyň birinji kitabynda örän gyzykly taryhy sahnalar esasynda Mamunlar nesilşalygynyň ömür beýanyndan söz açylýar. Romada Horezmşa Al-Mamun we onuň dogany Abul Haeysyň arasyndaky häkimýet oýunlary, soltan Mahmyt Gaznalynyň Köneürgenç topragyna çozup girmegi bilen baglanyşykly wakalardan söz açylýar.
Ömri asyrlara uzaýan Horzmşalar hanadanynyň ykbalyny yzarlaýan uly göwrümli taryhy eseriň 2-3-nji kitaplary Atsyz, Ilarslan, Tekeş soltanlaryň, şeýle hem Ikinji Isgender lakamly Muhammet Alaeddin soltanyň ömür beýanyndan söz açylýar.
Dördünji-jemleýji kitap mongol basybalyjylarynyň Horezm topraklaryna çozup girmegi we soltan Jelaleddiniň olara garşy barlyşyksyz göreşi barada ajaýyp romandyr.
Biz hem öz adymyzdan, şeýle hem kitapçy.ru saýtynyň edebi toparynyň we agzalarynyň adyndan ussat ýazyjymyz Reýimbaý Sabyrowy täze eseriniň halka ýetirilmegi bilen gutlap, halypamyzyň ömrüniň uzak, janynyň sag, şeýle hem oňa döredijilik üstünliklerini arzuw edýäris.
Sylapberdi MUHAMOW.
Edebiýat täzelikleri