12:44 Hatyja | |
HATYJA
Goşgular
Gözi gara gaşy gara, Zülpleri timar Hatyja. Seýitnazar Seýdi. Gara saçlar çözlenen, yraň atar şemala, Iki gürläp bir gülen, gussa gelen amana, Şol dildara teşne men, aby-haýýat jemala, Ýürekde alaw ýakyp, goýduň arman Hatyja. Gözleri aýna misli hem çalymdaş asmana, Ýylgyryşy ýaz pasly aňzak gelmez hiç ýana, Golumdan tutsa esli razy özüm asmana, Berseň bolýa bir bakyp, dilden perman Hatyja. Ne dowzaha ýollaýaň ne-de salýaň jennete, Düýşlerim ýa aldaýaň, tutup bildim ne ýete, Köňle gussa salmaýan, ýarym döwlet--niýýete, Gelersiň bir gün bakyp, derde derman Hatyja. Ahmet ARAZOW. | |
|
√ Eý, kerim-u lem-ýezel... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Uzak gije / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Şahyrsumak sen / Goşgular - 06.09.2024 |
√ Meniň şeýle mährem ejem janym bar / Goşgular - 30.10.2024 |
√ Gyş rubagylary / Goşgular - 10.12.2024 |
√ Eý kylyp röwşen, ulus tapmaga enweri hüdä... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ballaryň islär / Goşgular - 22.08.2024 |
√ Söý meni / Goşgular - 01.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |