11:44 Öz meşhurlygyma özüm haýran | |
ÖZ MEŞHURLYGYMA ÖZÜM HAÝRAN
Söhbetdeşlik
(Argentin edebiýatynyň görnükli wekili Horhe Luis Borhes bilen söhbetdeşlik) Okyjylarymyza Sýuzen Zontagyň Horhe Luis Borhes bilen guran söhbetdeşligini hödürleýäris. — Borhesiň ýazyjy baryna öz täsirini ýetireninden habary barmyka, muny göz öňüne getirip bir bilýärmikä? Täsirli bolmagyň özi üçin neneňsi ähmiýetiniň bolandygyny düşündirip beräýse? Borhes eserleriniň gürrüňi edilende, gaty sypaýy hem kiçigöwünlidir öz-ä... — Bu kiçigöwünlilik däl-de, pikirlerimiň sagdynlygyndan habar berýär. Öz meşhurlygyma özümem haýran galýaryn. Beýle bolar öýdüp ýatsam-tursam kelläme-de gelmändi. Bu maňa elli ýaşy arka atamsoň ýetdirdi. Men birden gözlerine ildim-de, tanalmaýan adamdan tanalýan adama öwrüldim oturyberdim. Indi meşhurlyk bilenem öwrenişip barýan, ýöne bu menden ummasyz gujur-gaýraty talap edýär. Köpçüligiň keremine geň galýan; käte özümi soňky döwür yňdarmalyk bilen ynanylýan ylymlaryň bir görnüşimikäm öýdýän. Islendik pursatda maňa ýalançynyň ýarlygyny ýelmäýmekleri ahmal. Ýöne, her näme-de bolsa, şol galp ady diläb-ä almadym. — Siz başga ýazyjylar, aýratynam, geçen döwrüň ýazyjylary barada ýygy-ýygydan uly tolgunma bilen söz açýaňyz... — Onda-da amerikaly ýazyjylary köprägem ýatlaýandyryn, men olaryň öňünde borçly. Täze Angliýa we onuň dünýä beren ajaýyp adamlary barada oýlananymda (munuň sebäbini, megerem, astrologlar gowy bilýändir), olary atma-at sanap ugraýan: Emerson, Melwill, Toro, Henri Jeýms, Emili Dikinson we beýlekiler... Olar bolmadyk bolsa, bizem bolmazdyk. Biz, belli bir derejede, Täze Angliýanyň şol ýyldyzlar toplumynyň şöhlesi ahyry. — Ýöne ilkibadalar siz iňlis edebiýaty bilen köpräk gyzyklanýardyňyz? — Hawa, şeýle-de bolsa, meniň birinji okan romanym Mark Tweniň «Geklberri Fin» romany bolupdy, Preskottyň «Meksikanyň we Perunyň basyp alynmagyny» soň okadym. Häli-häzire çenlem men olara minnetdar... Meniň pikirimçe, adamzadyň tutuş geçmişi ýazyjylara öz täsirini ýetirýär. Diňe bir ýurduň medeniýeti, haýsydyr bir dili däl-de, hatda hiç wagt okamadygam bolsaň, başga diliň üsti bilen gelen ýazarlaryň eserleri hem şeýle. Sebäbi dil hakyky gözellik mysaly bolup, ol müňlerçe adamyň döreden eseri. — Sizi iňlis hem amerikan edebiýatyndan gaýry ýene haýsy edebiýatlar özüne çekýär? — Ilki bilen-ä skandinaw edebiýaty, saglar, gadymy island edebiýaty... Bilseňiz, edebiýatlaryň hemmesem ajaýyp. Mysal üçin, dünýäni Werlensiz, Gýugosyz göz öňüne getirmek ýürekgysgynç. Onsoňam özüňi haýsydyr bir zatdan mahrum etjek bolmak nämä gerek? Näme üçin kitaphanadakylar terkidünýä adama öwrülýärler. Sebäbi kitaphanalar bize hemişelik, elýeter bagty eçilýär. Ynha, meselem, men Robinzon Kruzo bolan bolsadym, ýanym bilen ada Bertran Rasseliň «Günbatar pelsepesiniň taryhyny» alyp giderdim, şonuň özem maňa ýeterlik bolardy. Üstesine, bir ensiklopediýajygam almaga rugsat beräýseler-ä, ol-a hemmesindenem gowy. Ensikiopediýa meniň ýaly işsiz hem bilesigeliji adama tüýs geregi. Goý, ol şol birwagtky gadymy Pliniýa bolsun, ýa-da täzelerden biri — Britaniýanyň, ýa Ýewropanyň ensiklopediýalary bolsun — tapawudy ýok, olaň barynyňam bahasyna ýetip bolmajak gymmaty bar. — Häzirki wagt siz edebiýatyň haýsy žanrynda ýazmak islärdiňiz? — Häzirki işleýän žanrymda. Men gysgajyk goşgulary hem hekaýalary ýazýaryn. Bular meniň göwnüme ýaraýar, özümi hut şulara bagyş etmek meniň içki islegim, şeýdäýmesem, olar meni günüme goýmaýarlar. Men diňe bir işi tamamlanymdan soň, beýlekisine geçýärin. Tiz wagtdan «Zamun» («Boruka») atly kitabym çykar, oňa otuz-kyrk sany gysgajyk eserim girer. Bilemok, gowy çykarmyka, çylşyrymlyrak görünmez-dä hernä? — Siz mydama kiçi görnüşlere höwesek... — Bir sapar Edgar Po: «Uzyn goşgy, aslynda, tebigatda-da ýok» diýipdir. — Ýöne uzak waka diýilýän bir zadam-a bar. Biz oňa roman diýýäs. — Adatça, men bu žanr bilen tutluşyga girip göremok. Ýöne «Don Kihot», Konrad hem Dikkens bu hasaba girmeýär. Hatda Tekkereýiň ýa-da Floberiň romanlary ýaly iň meşhur romanlaram meniň çakym däl. Haýp... — Ýapon edebiýatyna köpçülikleýin gyzyklanma bildirilmegi — biziň döwrümizde täsin hadysa. — Hawa, men häzir ýapon dilini öwrenmäge synanyşýaryn, ýöne ol şeýlebir çylşyrymly... Biziň günbatar dillerimiz geçmişde ispan diliniň guarani dilinden yza galyşy ýaly yza galýar. Ýapon dili öwüşgine baý. Şonuň üçinem bir hokkanyň' (ýapon edebiýatynyň bir görnüşi we galyby) birnäçe terjimesini okap, olaryň biri-birinden juda tapawutlydygyna, şol bir wagtyň özünde-de dos-dogrudygyna göz ýetirýärsiň. Munuň syry asyl nusganyň paýhaslylyk bilen köpmanyly ýazylanlygynda (Henri Jeýmsiň kyssasy ýaly). — Ýapon edebiýatynyň gyzykly tarapy onda gysgalyga — dokmanylylyga eýermäge (miniatýuralaşdyrmaga) ymtylýan ýaly. — Pursadyň gymmatyna düşünmegi-de şonuň üstüne goşmak gerek — bu-ýa hokkalarynda-da göze dürtülip dur. Olar pursady saklap galmagy maksat edinen ýaly. Ýene bir üns beren zadym, meňzetme ýok. Ýaponlar üçin her hadysanyň, närsäniň özi gaýtalanmaýan ajaýyplyk mysaly; bir zady beýleki zat bilen deňäp bolmaz. Ynha, saňa gerek bolsa çaprazlyk! — Meňzetmäniň bitirmeli işi — pursady uzaltmak diýjek bolýaňyzmy? — Elbetde. Hut şu-da ýapon edebiýatynyň pursady saklamaga bolan jan çekmesine ters geläýýän ýaly. — Ýazyjylaryň köpüsi özlerine ýazmagyň agyr düşýänliginden zeýrenýärler. — Aý, ýok. Ýazmasaň, ana, şol erbet. Özüm-ä ýazman oň diýseler, başarjagam däl. — Borhes bu topara girenok, elbetde. Men ýazyjylygyň juda seýrek berilýän, özem geň-tan ukypdygy barada ýygy-ýygydan oýlanýaryn. Meniň öňde-soňda bilýän ýazyjylarymyň hemmesi diýen ýaly (şol sanda özümem), geljekde kim boljagyny ýaşlygyndan bilipdir. — Iň bolmanda Konrad bilen De Kuinst-hä anyk bilipdir. Menem (özümi olar bilen deňejek bolamok) ykbalymyň edebiýata baglanjagyny başdanam bilýärdim. Edebiýata dahylly boljagym mana aýandy: ýa-ha ýazyjy hökmünde, ýa-da okyjy hökmünde. — Geljekde çap boljak kitaplaryňyz barada, heý, öňünden oýlanan wagtyňyz boldumy? — Ýok, hiç haçan oýlanmandym. Men okamagyň hem ýazmagyň lezzeti barada oýlanypdym, ýöne - çap etmek barada welin... Ýok, hiç haçan. — Aýatda dirikä ýeke kitaby-da çap holmadyk Emili Dikinson ýaly ýazyjy bolubam bilerdim diýjek bolýaňyzmy? — Hawa, ýöne paýhassyz ädim eýýäm ädildi. Men bir gezek Alfonso Reýesden: «Ýazanymyzy näme üçin çap etdirýäs-ä?» diýip soradym. Şonda ol: «Ömrümizi soňy görünmeýän garalamalary gaýta-gaýta işläp ýörmäge sarp etmezlik üçin» diýip jogap berdi. Şol aýdanynyň jany barmyka diýýän. Her gezek kitabym çap bolanda onuň nähili çykanyny biljegem bolamok, ol barada ýazylan zatlary düýbünden okamok, , geçginlimi-geçginsiz — onuň bilenem işim ýok. Başga zatlaryň arzuwyny etmäge, ozalka düýbünden meňzemeýän täze bir eser ýazmaga çalyşýan. Ýöne, barybir, soňky ýazanymam öňkime juda meňzäp gidip otyr. — Bir sapar Waleriden: «Goşgyny ýazyp başlanyňy nädip bilýäň?» diýip sorapdyrlar. Olam: «Neşirýatçy gelip, elimden kakyp äkideninden soň» diýip jogap beripdir. — Gürrüň gutaranykly redaktirlemä dirände, men gaty geň galýan. Ýazaryň haýsydyr bir bölejigi ýa-da suratlandyrmany başgaçarak alaýmaly ekenim diýip, öňde-soňda aýtmajak gümany barmydyr? Düýbünden heňe gelmejek zat. — Hut özümiňem ozalky ýazan zatlarymy gaýtadan ýazaýasym gelýär. — Meniňki bolsa tersine, ýazanlarymyň baryny ýok edesim gelýär. Goýsam, diňe ýekeje kitabymy – «Çäge kitabymy» galdyrardym, onsoňam «Gizlin ýazga» dözümsizlik edäýmegim ahmal. Galanlary bolsa unudylmalymyka diýýän. — Borhes kyssa bilen şygryýetiň tapawudy barada näme aýdyp biler? — Muňa esasy parh goýýan tekst däl-de, okyjy bolaýmasa. Okyjy kyssanyň setirlerinden täzelige, habara, garaýşa garaşýar; şygyr okaýan adam bolsa onuň öz duýgularyny gozgamalydygyny bilýär. Tekstleriň özünde hiç hili tapawut ýok, olar okyjynyň özünde, okyjylaryň dürlüçe çemeleşmesinde. Nusgawy eserem üýtgeşik görnüşde ýazylan eser däl-de, üýtgeşik görnüşde okalan kitap. — Ýagny siz her jüre okyjylaryň bolýandygyna ynanýaňyz-da onda? — Dünýäde näçe kitap bar bolsa, okyjylar hem şonçadyr. Onsoňam, goý, şygryýet bolsun ýa-da kyssa — olaryň her sahypasynyň özboluşlydygyna şübhäm ýok. — Geliň onda, okyjylar köpçüliginiň sanynyň artmagyna täsirimizi ýetireliň. — Şeýtmeli, sebäbi bu topara girýän adamlar diýseň seýrekledi. Häzir ýazyjy kän-de, okyjy gyt. Geliñ. okyjylaryň jemgyýetini açalyň... Terjime eden O.GURBANOWA. "Dünýä edebiýaty" žurnaly. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |