15:29

Horhe Luis Borhes

Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Категория: Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly | Просмотров: 295 | Добавил: Bagabat | Теги: Horhe Luis Borhes | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly bölümiň başga makalalary

Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024

Teswirleriň ählisi: 7
0
1 Bagabat  
43
“Merwli Hekim, nikaply boýagçy” atly hekaýa, arap halyfaty döwründe, ýagny milady ýyl hasabynyň 775-785-nji ýyllarynda, Merwde pitne turzan we özüni pygamber diýip yglan eden mutanabbi (ýalan pygamber) Mukanna (arapça: المقنع‎, "nikaply") lakamly, merwli senetçi (mata boýagçysy), ýüzi keselli bolandygy (pis açan, juw-ak) üçin hemişe ýüzüni ýaşyl nikap bilen örtüp gezen Haşym ibn Hekim hakdadyr. Mukannaň gozgalaňy taryhda "ak lybaslylaň gozgalaňy" diýen at bilenem bellidir.
Ak lybaslylar, Mukannaň nebidigine (pygamberdigine) we onuň özgeleri özüniň asmany gözelligi bilen kör etmezlik üçin ýüzi örtükli gezýändigine ynanypdyrlar.

0
3 Haweran  
411
Sosial deñsizlige, adalatsyzlyga, emewi-arap basybalyjylaryna garşy ýerli ilat (biziñ türkmenlerimiz) bilen güýç birikdirip, despotizme garşy göreşen (elbetde, bärde onuñ pygamberlik missiýasy ýaly ýapa degmejek taglymlaryny hasaba goşman aýdýan) Mukanna baradaky bu pikiriñiz näme ü.ndir maña ýaramady :)

0
4 Bagabat  
43
"Pis açan" diýleni üçin bolaýmasyn :-).
Mukanna ýaly taryhy şahslara, olaryň eden işlerine, hasam olaryň öz “goparan hokgalarynda” esaslanan/ugur alan dünýägaraýyşlaryna baha kesilende, ilki bilen şol döwrüň jemgyýetinde ýörgünli/esasy bolan aň-düşünjäni öwrenmelimikä diýýän.

Mukannaň deňsizlige, oňam sosial görnüşine garşy göreşendigi hakyndaky garaýyş, haýsydyr bir materialistiki dialektikaçy alymlaryň taryhy faktlary özüne laýyklamasy bolaýmagam ähtimal.

Göz öňüne getir:

Irki orta asyrlar.
Gulçulyk, gul eýeçilik endikli kada.
Şol paradigmada ýaşaýan jemgyýetdenem "sosial deňsizlige garşy söweş kylýan senetçi" güberçekläp öňe çykýar. Esasy ýaragam dini taglymat, daýanýan serişdesem öz oýlap tapan ynanjyna ynanýan fanatikler.

Elbetde, şol döwrüň arap dikmelerine "akja jüýje" diýmekçi bolamok. Ýöne, taýagyň iki ujy bolşy ýaly, meseläňem juda köp tarapy bar.

XVIII asyrda ýaşan iňlis ýazyjysy Semýuel Jonsonyň ulanyşa girizen bir ganatly jümlesi bar: "Ýagşy niýetler bilen dowzaha barýan ýol düşelen" (Hell is paved with good intentions - Благи́ми наме́рениями вы́мощена доро́га в ад).

Umuman, şunuň ýaly taryhy wakalara ýeňiljek, aňsatjak, ýüzugruna baha kesmek juda çetin iş. Kän maglumat dörmeli, seljermeli, oýlanmaly, üstesine-de özüňem öz duýgularyňa jylaw salyp, "ine bularyňky olaryň meňkilik bolany üçin dürs, ine olaryňky bolsa olaryň olaryňkylyk bolany üçin ters" diýen ýaly duýga ýugrulan oýlanmalaryna erk etmeli.
Garaz, kyn-da.

Pikiriň üçin minnetdar.

0
2 Gurgencli  
324
Juda gyzyklandym ýazyjyň şol hekaýasynyň elektron görnüşini tapyp bolmazmyka agam?

0
5 Bagabat  
43
@Gurgençli, saglykmy, inim?
H.Borhesiň şol hekaýasy mende elektron görnüşde ýok-da, inim.
Ýöne, haýsy ýylda, haýsy sanynda okanym anyk ýadyma düşmeýär welin, şol hekaýany "Garagum" žurnalynda-da, "Dünýä edebiýaty" žurnalynda-da, irräk döwürler "Zaman" ýa-da "Edebiýat we sungat" gazetinde-de okanym ýadyma düşýär.
Rusçasyny bolsa, häzir goýaryn.

0
6 Bagabat  
43
Mail-salgyňy özüň ýazsaň, "guk" diýerin, @Gurgençli.

0
7 Gurgencli  
324
Kyn görmäň agam, bir kiçiräjik hekaýany okap bellikleriňizi ýazyp beräýiň diýjekdim.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]