19:03 Nikaply boýagçy Hekim Merwezi / hekaýa | |
NIKAPLY BOÝAGÇY HEKIM BOÝAGÇY
Taryhy proza
Anhelika Okampo bagyşlanýar (Gysgaldylyp alyndy) Ýalňyşmaýan bolsam, ýüzi perdeli (has takygy, nikaply) pygamber diýlip tanalýan horasanly Mukanna baradaky maglumatlaryň dört sany çeşmesi bar: a). Balazmydan galan «Halyflar taryhynyň gysgaça beýany»; b). Apbasylaryň resmi taryhçysy Ibn Abu Tahyr Taýfuryň «Ägirdiň okuw kitaby ýa-da Takykiyk we synlaw ýazgylary»; ç). Mukannanyň keramatly hasaplan «Garamtyl bägül» ýa-da «Pynhan bägül» kitabyndaky aýylganç küpür pikirleri puja çykarýan «Bägüli ýoklamak» atly arap golýazmasy; d). demir ýol geçirmek işi amala aşyrylyp ýörlen wagty inžener Andrusow tarapyndan tapylan, ýüzüne şekil basylmadyk teňňeler. Ol teňňeler Tährandaky numizmatika barlaghanasyna berlipdir. Olaryň ýüzüne «Bägüli ýoklamak» kitabyndaky käbir pikirleri jemleýän ýa-da düzedýän pars gazallary ýazylan eken. «Pynhan bägüliň» özi ýitirilipdir; 1899-njy ýylda tapylan hem-de «Morgenlandishes Archiv» neşirinde ýeňilkellelik bilen çap edilen golýazmanyň hakykylygy bolsa ilki Hom, soňra Persi Saýks tarapyndan inkär edildi. Mukannanyň Günbatardaky şöhraty hilegär irland şahyry Muruň oňa bagyşlap ýazan ahy-naladan doly köp söz poemasynyň netijesinde döreýär. • GYRMYZY BOÝAG Şol döwrüň hem-de şol jelegaýlaryň adamlarynyň arasynda soňabaka «Ýüzi perdeli pygamber» lakamy bilen tanalan Hekim 120-nji hijri, miladynyň 736-njy ýylynda Türküstanda dünýä indi. Bagy-bossanlyklary, üzümçilikleri, ýaýlalary gamgyn halda çöle bakyp oturan gadymy Merw şäheri onuň dogduk mekanydy. Käwagtlar adamlary demikdirýän tozan turup, şäheri ala-garaňkylyga büräp, üzümiň gara hoşalaryny agymtyl kirşen bilen örtüp gidäýmese, gündizlerine ol ýeriň ýagtylygy gözüňi gamaşdyrar eken. Hekim şol öçüp barýan şäherde önüp-ösýär. Oňa boýagçylyk senedini kakasynyň doganynyň öwredendigi barada maglumat bar, bu bolsa ysnaty, galpçyl, yrga adamlaryň kesbi hasaplanypdyr Ony küpürlik ýoluna iteren hem hut şol kesbi bolupdyr. «Bägüli ýoklamak» kitabynyň meşhur sahypalarynyň birinde onuň şeýle sözleri getirilýär: «Meniň roýum altyndan. Men gyrmyzy boýagy suwa ýatyryp, ikinji gije oňa daralmadyk ýüňi batyrýardym, üçünji gije bolsa boýagy daralan ýüňe çatýardym, adalaryň hökümdarlary bolsa meniň geýmimdäki goýy gyrmyzy reňk hakda entegem jedel edýärler. Jahyllyk ýyllarym men şeýle günä iş edip, mahluklaryň hak reňkini üýtgederdim. Perişde maňa goýunlar gaplaňdan reňki bilen tapawutlanýar diýerdi, Iblis bolsa: «Ýaradan goýunlaryň gaplaň ýaly bolmagyny isleýär» diýip, meni aldawa salardy-da, mekirligimden we gyrmyzy boýagymdan peýdalanardylar. Indi men Perişdäniňem, Iblisiňem ýalňyşandygyny bilýärin — ähli reňkler ýigrenjidir». 146-njy hijri ýylynda Hekim dogduk şäherinden ýitirim bolýar. Onuň öýünden döwük gazanlar büen boýag çeleklerini, şeýle-de şiraz egri gylyjyny we ýüz göňilýän bürünç aýnany tapýarlar. • ÖKÜZ 158-nji ýylyň Şaban aýynyň ahyrky günlerinde çölüň howasy dury hem arassady. Adamlar gözlerini günbatara dikip, oraza tutmagyň wagty gelendiginden nyşan berjek remezan Aýyna garaşýardylar. Bularyň köpüsi gul, gedaý, peýdakeş söwdagär, düýe ogrusy hem gassapdy. Olar Merwe barýan ýoldaky kerwensaraýyň derwezesiniň öňünde oturan ýerlerinden asmandan nähili-de bolsa bir alamata garaşýardylar. Olaryň gözi günbatardady, ol tarapdaky asmanyň reňki bolsa çägäniň reňki bilen deňdi. Güni çürüşdirip barýan, Aýy üşedýän çölüň jümmüşin-de olaryň gözüne äpet bolup görnen üç sany sudur peýda bolýar. Ol sudurlaryň üçüsi-de adam bolup çykýar, emma ortaky gelýän adamyň kellesiniň ýerine öküziň başy oturdylan eken. Golaýlaşdygysaýy kerwensaraýdakylar onuň ýüzünde nykap bardygyny, ýanyndaky ikisiniň bolsa sokur kördgini görýärler. Kimdir biri (edil «Müň bir gijäniň» ertekilerinde bolşy ýaly) bu ahwalatyň hikmetini soraýar. Onda nykaply adam: — Bularyň gözi meniň ýüzümi görendigi sebäpli gapyldy — diýip jogap berýär. • GAPLAŇ Apbasylaryň taryhçysynyň habar bermegine görä, çöl-de peýda bolan juda ýakymly sesli (ýa-da elhenç haýwan nykabynyň astyndan ýakymly bolup eşidilen) ol adam bu ýerdäki halaýyga ýüzlenip, ähli kişiniň günäleriň ötüljek aýynyň gelendigi hakyndaky nyşana garaşýandygyny, emma özüniň olara has-da hoş habary getirendigini aýdýar: olaryň bütin ömri puşeýmanlykda geçer, soňky deminde-de olara masgaraçylykly ölüm garaşýar. Ol adynyň Osman ogly Hekimdigini, hijretden soňky 146-njy ýylda öýüne bir adamyň gelendigini, täret kylyp, namaz okanyndan soň, gylyjy bilen onuň başyny kesip, göge göterendigini aýdýar. Şol adamyň (has dogrusy, Jebraýyl perişdäniň) sag elindäki kelle Biribaryň huzuryna eltilipdir. Gudraty Güýçli oňa pygamberlik etmegi buýrupdyr, gaýtalaýanlaryň agzyny ýakjak gadymy sözleri onuň diline bagyş eýläpdir, roýuny bolsa nazary düşenleriň gözüni gapýan behişdi nur bilen yşyklandyrypdyr. Nikaply adam ahwalaty şeýle düşündiripdir. Ýer ýüzündäki adamlaryň ählisi täze ynanjy kabul edeninde, ol öz ýüzüni açyp görkezer, şonda adamlar hem kör bolmakdan gorkman, edil perişdeleriň edişi ýaly, oňa tagzym edip bilerler. Özüniň Hudaýyň wekilidigi baradaky habaryny aýdanyndan soň, Hekim olary din ugrundaky mukaddes göreşe hem-de pida bolmaga çagyrýar. Gul-gyrnaklar, gedaýlar, peýdakeşler, ogrular hem gassaplar onuň aýdanlaryna ynanmaýar. Olaryň arasyndan biri: «Jadygöý!» diýip gygyrsa, beýlekisi: «Ýalançy!» diýip gygyrýar. Kerwensaraýdakylaryň biri ýany bilen gaplaň alyp barýan eken; megerem, ol pars awçylarynyň ösdürip ýetişdirýän hortaň, ganhor gaplaňlarynyň tohumyndandyr. Bir zat anyk belli: gaplaň kapasadan boşaýar. Nykaply pygamberden hem-de ýanyndaky körlerden başga ähli kişi dumly-duşa gaçýar. Yzyna gaýdyp gelenlerinde, adamlar gaplaňyň gözüniň gapylandygyny görýärler. Haýwanyň ýalpyldap duran öli gözlerine syn edenlerinden soň, olar Hekimiň aýagyna ýykylyp, onuň keramatyny ykrar edýärler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |