06:30 Heserli, gudratly sözüň şahyry | |
HESERLI, GUDRATLY SÖZÜÑ ŞAHYRY
Edebi makalalar
Hakdan içen, halkdan içen uly şahyrlar edebiýata öz ýoly, öz dünýägaraýşy, öz stili bilen gelýärler, öz şahyrana dünýäsini döredip halkyna bagş edýärler. Atajan Annaberdi uly şahyrdy, üýtgeşik şahyrdy, onuň uly şahyrdygyny ilkinji bolup Gurbannazar Ezizow görüp, gazetde oňa ak pata berip, röwşen ýol açypdy. Entek Atajanyň kitaby beýlede dursun, uly-uly goşgular toplumlary hem çykmanka, Ýazyjylar birleşigine agzalyga aldyrypdy, sebäbi beýik şahyrGurbannazar Ezizow diňe beýik şahyr bolman, hakyky poeziýany, hakyky eseri gorap bilen şahyrdy. Ol döwürlerde Gurbannazaryň özem ýaşdy, ýöne abraýy, agramy juda ulydy. Gurbannazaryň «Edebiýat we sungat» gazetinde Atajana baha bermegi – eýýäm Atajanyň ykrar edilmegidi. Gurbannazar neressäniň jahandan ir gaýtmagy bolsa diňe Atajan ýa meni däl, gaty köp ýaş şahyrlary ýetim goýupdy. Ýaş poeziýa arkadagsyz galypdy... Atajan düşünmesi aňsat, düşündirmesi juda kyn şahyrdyr. Men Atajan Annaberdiýewi tas elli ýyl bäri tanaýan, goşgularyny okaýan. Ikimizi nähilidir bir waka geçen asyryň altmyş bäşinji ýylynda duşurdy, ilkinji talyplyk tanyşlygy dessine çuň hem mizemez dostluga öwrülip gitdi. Biz talypdyk, Atajan uniwersitetiň fizika-matematika fakultetinde, ajaýyp ýazyjy Akmyrat Şirow rus dili-edebiýatynda, men bolsa nemes dili bölüminde okapdym. Okuwlar agyrdy, şoňa garamazdan her şenbede duşup Akmyrat Şiriň kireýine ýaşaýan otagynda pikir alyşardyk, jedelleşerdik... Poeziýa nähili bolmaly? Şygyrda esasy zat pikir-paýhasmy ýa duýgumy, ýa-da düşündirip bolmaýan başga bir zatmy? Bu barada Pindar döwründen bäri jedelleşilip gelinýär, emma «poeziýa ine şeýle bolmaly» diýip çürt -kesik ýol görkezen ýok. Ýadymda: Akmyrat Şir ikimiz şygryýetde pikir-paýhasy bijebaş edýärdik, sebäbi Sokratdan başlap aýdylan ajaýyp pikirler şu güne çenli ölmän ýaşap ýör, beýik pikirler bakylygyň parçasy, beýik pikirler üçin Wagt diýen düşünje ýok, olar könelmeýär, garramaýar, hemişe şamçyrag ýaly şugla saçyp ýaşaýar diýen pähimi öňe sürýärdik. Atajan şonda «Dogry, beýik pikirler ýaşaýar, ýöne aforizmler kitabynda ýaşaýar, olar uçmaýar. Beýik pikir tapmak towugyň tylla ýumurtga doguryşy ýaly bir zat, beýik pikir ýekeje pursatda dünýä inýär, ýöne onuň uçmagy üçin ýigrimi bir gün gursagyňy ýere berip, kürk bolup, şol beýik pikire jan bermeli, ganat bermeli!» diýipdi. Atajan ömürboýy şol pikirini durmuş kredosy edindi, her bir edebi gürrüňçilikde şol pikiriýanjardy, şol sebäplem ol sözler meniň ýadymda galypdyr... Atajan Annaberdi sözüň tagamyny, sözüň heserini bilýän şahyr, ol her bir sözüň jadyly gudratyna açmaga ymtylýar... Atajanyň «Mukaddeslik» atly irki goşgusyny okap göreliň: Käte üýşmeleňde öwüt berdiler, Bolmasa-da boýnun burup soraýan. Iň zerur zatlary mugut berdiler, Berdiler öwezne hiç zat soraman. Belentdir bar zatdan namysym-arym, Asmanym, Watanyň belent-pesligi. Belki, bize mugt berleni üçindir, Bahasyz zatlaryň mukaddesligi. ... Hawa, Adam ogluna iň zerur, iň beýik zatlar mugt berilýär: barlyk, watan , toprak, ene-ata, dogan-garyndaş, söýgi, mähir. Hakyky adam bolsa şol mugt berlen zatlaryň öwezini özüniň manyly ömri bilen yzyna bagş edýär. Atajan Annaberdi 1946-njy ýylyň güýz paslynda Murgap etrabynyň Çäçdepe obasynda dünýä indi. Atajanyň aňyrsy Ahaldan göçüp Murgaba barypdy. Kakasy Annaberdi aga Beýik Watançylyk urşunyň weteranydy, döşi köp orden-medally, ýöne maýyp bolup gaýdyp gelipdi. Fizika-matematika mugallymydy. Kakam maýyp, inwalidi, Watançylyk urşunyň. Kellesinde göterip ýör Gyýçagyny gurşunyň. Degipdir dogry kelleden Bir haýynyň atany. Ýöne kakam şol gülleden Halas etdi Watany. Men bu zatlary näme diýip ýatlaýan? Atajan uniwersiteti-de gowy gutardy, islän gazetine işe ýerleşip hem biljekdi, ýöne ol kakasynyň egninden diremelidi, sebäbi Atajan doganlaryň iň ulysy bolup, özünden soň sekiz dogany bardy. Elbetde, Atajan şäherde ýaşanynda has beýik, has uly, has ähmiýetli şahyr bolup bilerdi, ýöne ol maýyp hem merdana kakasynyň dadyna ýetişip, uly maşgalanyň keşigini öz üstüne aldy, kakasy ir aýrylansoň ähli doganlaryny kaka bolup olary adam eden Gara dogan bolup ýetişdi. Sebäbi Atajan ýüregi ýukady, hakyky şahyr ýüregidi, has dogrusy Atajanyň ýüregi sowutsyzdy, sähelçe zada ýaralanyp, ganyny saçyp duran hakyky şahyr ýüregidi... Geliň, indi Atajan şahyryň syrly, owadan şahyrana dünýäsine aralaşalyň. Men onuň «Guýy» atly goşgusyny gaty gowy görýärin, sebäbi ol goşgyda Atajanyň ömür ýolunyň mazmuny bar. Şeýle bir çuň, Şeýle bir çuň bu guýy. Äpet guýguç ýaly barha daralyp, Uzap ýatyr, şeýle bir çuň düýbüne Gün şöhlesem zordan ýetýär saralyp. Ölümdigin bilmeýän ýok, guýular Gazylanda hile, galplyk etmegiň. Ol tä suwa çenli uzalyp ýatyr, Ýowuz ýoly ýaly bagta ýetmegiň. Şeýle bir çuň guýy, Belli düýbüne Bir ussadan özgäň aýak basmany. Ussa ýer şaryny deşip gidipdir, Görünip dur o tarapyň asmany... Şahyr Atajan Annaberdi guýy ussasy ýaly galplyk etmän, hile gurman özüniň poeziýa dünýäsini döretdi, bagta, mertebä ýetmegiň ykrar edilmäniň ýowuz ýoluny geçdi, ol bakylyga suwarlan ýüzlerçe goşgusyny dünýä berdi. Atajanyň her bir goşgusynda onuň ýüregi gürsüldäp, owadan şahyrana kalby görnüp dur. Uçup barýan gazlaryň Boýny gelýär üzlere. Bilýän ganma ýokdugyn Bu intizar gözlere... «Çagalygyň dünýäsinde» atly goşgusynda: Unutmaz ol gök otlukda, Agynaplar dynç alşyny. Unutmaz ýazda ýodalaň, Gün geçdikçe inçelşini. Goýras ysyn kükedende, Basylan otlaň küdesi, Ýodajykdan derýa çenli Geler oň ylgap gidesi. Uzakda bolsa lowurdap Göze iler ýanýan bulut, Görüner derýaň aňyrsy – Açylmadyk dünýä bolup. Şol ýerden eşdilýän aýdym Gamgyndyr hem uzakdadyr. Belki, ol goja balykçyň Ýowuz ykbaly hakdadyr... Ygsyn ýörsün uzakda Ýeke özi hasratyň... Edebiýat ylmy, edebi tankyt, şahyrlar gaty gowy şahyr Kakabaý Ylýasowa hem-de Atajan Annaberdiýewe «obany wasp edýän, oba gözelliginiň şahyry» diýip at berdiler, ýöne aslynda bu pikir bir taraply pikir. Kakabaý Ylýas-da, Atajan Annaberdi-de, Mämmetnazar Babanazarow-da, ajaýyp şahyr Guldurdy Sähetdurdyýew-de obada ýaşaýar, ýöne aýdyň hany haýsy şahyr obalarymyzyň, ilkidurmuş gözelligini saklap ýatan daglarymyzyň, derelerimiziň, çöllerimiziň, sähralarymyzyň, ala-ýaz meýdanlaryň waspyny etmedi? Şahyrlar obada dogulýarlar, şäherde hem ölýärler diýlişi ýaly, şahyrlar şäherde ýaşasa-da, entek gyz päkligini saklap oturan gözel tebigatymyzyň waspyny edýärler ahyry! Golaýlaşýar barha gyş, Tomus barha daşlaşýar. Düşüp barýan ýapraklar Pyşyrdaşyp hoşlaşýar. Güýzde gussa terlener, Bulutlar lemmerlener, Azaldykça meýdanda – Süýjeýär güýz terneler. Bişmek bar hyýara-da, Saralýar biýarada. Kän oýlanar güýz güni Her kim özi barada. Kalby tämiz, göwni sap, Özünden sorar hasap, Howlukmarsyň gyşa sen, Özi geler alňasap. Iýiler gyşyň gamy, Güýz ruhuny tijeýär. Bu durmuşyň tagamy Gün geçdikçe süýjeýär... Meniň çuňňur ynanşymça, obaly ýa şäherli şahyr diýlen zat ýok. Dünýäde beýik bir hakykat bar. Her bir beýik şahyr durmuşyň manysyny, jümle-jahanyň hakykatyny agtarýar. Bu syrdan, kerem-keramatdan, pähim-parasatdan doly Adamy öwrenmek üçin ilki ýaşap ýören syrly dünýäňi öwrenmeli! Adama akyl ýetirmek üçin, onuň nurana röwşen kalbyny açyp görmek üçin tebigatyň gözellikler dünýäsine aralaşmaly, açmaly!.. Atajan bolsa tebigatyň gözelligini wasp edip, ynsan kalbyna aralaşmagyň ussadydyr. Şahyr Atajan Annaberdiýewiň döreden owadan poeziýa dünýäsiniň syrly gözýetimleri «gözüňe sygmaýar», ol ýerde toplanyp däli derýa akyp ýatyr, derýa hanasyna sygman joşan çagynda, ol seni hem joşdurýar, güýzde saralyp ýatanynda bolsa kalbyňa gussa bagladýar, ol ýerde toraňňylar goýry kölegesiniiki ýana bulap, dürli guşlar owaz edýär, ol reňbe-reň owazlary elläbem, dadybam, görübem bolýar, emma el degirmäge dözmeýärsiň. Atajan tebigy gözellikleri wasp edip, ynsanyň kalbyna aralaşmaga hem-de şol gözellige garyp pähim-parasatly pikir aýtmaga ymtylýar. Bu bolsa hakyky şahyrlaryň ýoludyr. Atajanyň döreden ajaýyp dünýäsinde jansyz zatlara jan berlip, göze görünmeýän zatlar görünýär, ysy-koky ýok zatlar müşki-anbary bilen başyňy aýlaýar. Onuň «Gowak» atly ajaýyp goşgusyny okap göreliň. Gaplapdyr bu ýeri müdimi tümlük, Ýatyr, bu gowaga gohly dünýäden Gaçyp zordan özün atan ümsümlik. Mundan kerep bilen torlanan ýyllar Hem gögümtil daşlar ýatyr zeňleşip... Ýylana çalymdaş garamtyl kökler Göwnüňe, galtaşsaň çakaýjak ýaly. Hem alnyňdan ilkidurmuş adamy Tüýlerin hüwjerdip çykaýjak ýaly... Adam sulbasyna gözüm düşende, Ýüregim agzymdan çykypdy tasdan. Ýatyr bu gowakda gowgaly geçmiş, Gygyryp turjak ol üstünden bassaň... Ynha, hakyky kämil goşgy! Ýazylyşy ýönekeý, manysy çylşyrymly... Goşgy dürli kartinalar arkaly adamyň beýnisinde dürli pikirleri oýarýar. Munda pikir okyja çeýnelip berilmän, ýagny aforizm, nakyl derejesinde berilmän ýaňzydyp goýbermek usulynda berilýär. Öz pikir edişiň nähili derejede bolsa, şol derejede oýlanybermeli, ýönekeý pikirlenýän okyja-da, çuňňur pikirlenýän alyma-da, filosofa-da oýlanmaga esas bar. Adamzadyň ýaşap ýören dünýäsi gowak, geçmiş bolsa diňe geçmişde galandyr öýtmek bolmaýar, gowgaly geçmişiň hatarly ýeri, ol adamzadyň alnyndan hem çykyp dur, ýagny gowgaly geçmişiň bilmän üstünden basaýdygyň gygyryp turýar!.. Allatagala tükeniksiz älemlerini, owadan dünýäni nähili gözel, nähili jadyly edip ýaradypdyr. Ümürsin tokaýlar, başy ala garly daglar, düňle çöller, iňňildäp ýatan sähralar kimde bolsaň gözelligine imrikdirýär, emma dördünji adamyny bolsa özüne benduwan eýläp, ýüregini oýnap, duýgularyny heýjana getirýär. Kompozitor öz gözellikleriniň al-ýaşyl owazyny eşidip joşa gelse, nakgaş owaz edip ýatan gözellikleri görüp polotnosyna geçirýär. Şahyr bolsa hem görýär, hem eşidýär, hem beýan edýär. Dünýäniň jadyly poeziýasy şahyra berlendir, jümle-jahanyň ilkidurmuş gözelligi şahyryň şygryna, kompozitoryň mukamyna girmek üçin ýaşaýar, şol gözelligem täsin pikirleri oýarýar. Deňziň güýji derýa bagly, Derýaň güýji – ýagyş-gara. Joşar derýa doňan gary Gün edensoň pagyş-para. ... Joşgun, hyjuw söýgä bagly, Söýgiň güýji aýralyga... ... Bir del duýgy ýüregimde möwç urýar, Ýöne bilemok ol agymy, aýdym... Atajan Annaberdiýew köptaraply adamdy. Uniwersitetde okap ýörkä, uly-uly alymlar onuň düýrmegi bilen fizika ylmyna berilse, ondan beýik alym çykjagyna ynandylar, emma Atajan söz mülküni saýlady. Atajan ajaýyp aýdymçydy, ol äpet akkardeonyny gujagyna alyp, dolup-daşyp aýdym aýdanynda diňleýjisini güldürip-de, agladyp-da bilýärdi, tä daňdana çenli aýdym aýdyp bermäge gory bardy, esasan Magtymgulydan aýdardy. Atajan üstesine ýaýanda-göýende-de, aýdyjy-rawydy. Ýaýanda-göýende – diýmek näme? Häzirki biziň degişme aýdyp, sahnada ikibir oýnaýan artistlerimiz ýaly geçmişde zehinli adamlar iki -üç bolup birleşip, özleri halka ýaraýjak eseri bada-bat döredip, ýagny göýendelik edip, ile ýaýyp ýaýandalyk edipdirler. Atajan aýdyjy rawydy... Bir gezek Maryda belli mugallym Ata Akbäbäýewlerde birnäçe şahyr bolup myhmançylykda bolduk. Ýagşy zyýapatdan soň Atajan saz çalyp, Magtymgulydan onlarça aýdym aýtdy. Birdenem ol Görogly geçip birnäçe aýdym aýdanyndan soň, Göroglynyň gojalykdaky gözgyny hal-ýagdaýyny gürrüň berip, dessany has süýjedip, rawylyga başlady. Biz ozal Atajana belet bolamyzdan soň, onuň diňleýjileri «Ýene geldiňmi?» diýen aýdyma taýýarlaýanyny bilýärdik. Atajan dolup-daşyp, dünýäni sorap oturan Görogly begiň gojalyk zerarly düşen ýagdaýyny şeýlebir çeperlik bilen beýan edýärdi, has dogrusy goja Göroglyny janlandyryp alkymyza göteripdi. Şol ýagdaýda Agaýunus peri yzyna gaýdyp gelýär. Atajan gara derini hem meger gözýaşlaryny hem seçelendirip, (sebäbi ol gara derdi, haýsynyň der, haýsynyň gözýaşdygy saýgardar ýaly däldi) aýdyma başlady. Aýdym gutaran badyna açyk gapynyň aňyrsyndaky giň zaldan agy sesleri başlandy, asyl görüp otursak Atanyň garryja ejesi, gelnejesi, aýaly dagy açyk gapydan diňläp oturan eken, biz gözlerimizi balkyldadyp otursak, olar dyňzap gelen duýgularyna bäs gelebilmän aglaşyp başlan ekenler... Men ençe-ençe şeýle wakalaryň şaýady bolamsoň, käte «Atajan özünde beýik fizigi, beýik aýdymçyny, suratkeşi öldüren bolaýmasyn?» diýen oýlara batýaryn hem «Ýok, Atajan aýdymçynyň-da, aýdyjy rawynyň-da, suratkeşiň-de zehinini poeziýasyna siňdirdi. Ol tamam jümle-jahanyň poeziýasyna gulluk etdi. Onuň köptaraply zehini, çuňňur oý-pikiri Atajany aşa duýgur, syzgyr, sähelçe zady ýaralanyp duran näzik ýürekli eýledi. Atajan elem, dilem, kalbam açyk şahyrdy. Ýagyşlar şowhun bilen onuň kalbyna ýagýardy, älemgoşarlar onuň gursagyna öwüşginini çaýyp heýjana getirýärdi. Elbetde ýuka ýürek, näzik duýgular şahyryň beýik şahyrlygynyň belent şaýadydy, ýöne eziz ýürek bilen, sowutsyz ýürek bilen ýaşamak weli kyn-da... Gamlanma, Gün nuruna Gül ömrüňi eýlesin. Gün doganda gamlanan, Gün batanda neýlesin?!.. ... Şu Aý, şu suw gözüm açyp görenim, Şu ýyldyzlar nurun çaýýar sözlerme. Şonuň üçin awap ýanýar ýüregim, Şonuň üçin ýaş çaýylýar gözlerme... Ýa-da ol «Kebelek» atly goşgusynda: Jan jesetden çykdy kebelek bolup, Gitdi gülli sähra ganat ýaýyp ol... ... Tutdy ony selme ýygýan oglanjyk, Düňderip asman deý mawy jamyny. Goýber jigim, bir pahyryň jany ol, Aljak bolma öň alynan janyny. Bir gezek duşanymyzda Atajan ýokarky «Kebelek» goşgusyny okap berip: – Ynha, adamzat ýaşaýşynyň tymsaly şüý! Ullakan gulplaryň kiçijik açary bolşy ýaly, dünýä, älemlere akyl ýetirmegiň ähli tymsallary zeminde bar. Soňky döwürlerde altyburçlyk nyşan ýurdumyzyň nusgawy emblemalarynyň birine öwrülendir. Ol altyburçluk türkmen haly göllerinden alyndy. Planetalary we olaryň ýerleşişiniň hereketiniň dört sany beýik kanuny açan I.Kepler atly beýik nemes alymy älemde planetalaryň, ýyldyzlaryň ýerleşişini düşündirende şu alty burçlukdan ugur alýar: garlar altyburçluk bolup ýagýar, günebakaryň öýjükleri, naryň içindäki çigitleriniň ýerleşiş tertibi hem şeýledir. Ol älemde ýyldyzlaryň ýerleşişini günebakaryň çigitleriniň öýjükleriniň... ýerleşişi ýalydyr diýen ylmy gipotezany öňe sürdi. Onsoň oturyp-oturyp gadymy ata-babalarymyzyň nähili dana bolandygyna haýranlar galýarsyň – diýipdi. – Biziň ýaşap ýören dünýämiz ýekeje, Günümiz, aýymyz, ömrümiz ýekeje! Gün gündizine görünýän ýeke-täk ýyldyz! Hany gijelerine asmana bir seret: milliard-milliard ýyldyzlar galaktikasy, ulgamy mawyja, gökje gözlerini gyrpyldadyp, sessiz çawuş çakyp özüne bendiwan edýär. Eýse Hudaýym olary çölde kerwen çekip barýan kerwenbaşy ugur alsyn diýip ýa çopan howanyň öwzaýyny bilsin diýip, ýa şahyrlar magşugyna şol ýyldyzlary gül kimin alyp bersinler diýip ýaradanmydyr?!.. Biz olara perwana bolup, kebelek bolup gitmeli bolsak bildiňmi? Atajan Annaberdiýew zandy şahyrdy, ol goşgy ýazanda-da, aýdym aýdanyndada, ýaýandalyk-göýendelik edeninde-de, ýaşanda-da şahyrdy. Sözüň gudratyna, keramatyna halys ýüreginden ynanýan, uýýan şahyrdy. Ol bir gezek: – Her bir gowy şahyr kompozitordyr, nakgaşdyr. Her ajaýyp goşgy özüniň sazy bilen dünýä inýär, guşuň ganaty bilen dogulyşy ýaly... Kompozitor gowy goşgularyň sazyny agtarmaly, ýöne olar köplenç tersine edýär, özleri saz tapyp şoňa-da şygyr ýazdyrýar... – diýip, ol Gurbannazardan bir goşgy okap berdi. Ýeri gelende aýtsak ýagşy, Atajanyň ýatkeşlik ukyby görlenden däldi. Ol Magtymgulynyň, Mollanepesiň, Seýdiniň, Keminäniň bagşylar tarapyndan aýdylýan aýdymlarynyň aglabasyny, Kerim Gurbannepesowyň poemalarynyň birnäçesini, Gurbannazar Ezizowyň, Halyl Kulyýewiň, Italmaz Nuryýewiň, ýene birnäçe şahyrlaryň onlarça-ýüzlerçe gowy goşgularyny ýatdan bilýärdi. Atajan bagşyçylyk-aýdymçylyk edip toýlara gideninde baý adam bolup bilerdi, emma ol poeziýany, şahyrlygy saýlady. Sebäbi onuň baýlyk hakyndaky düşünjesi başgady, ol her bir täze tapan pikirine, meňzetmesine, duýgusyna, kapiýasyna, her bir täze ýazan goşgusyna ýürekden begenýärdi. Edil kömelek tapan adamyň begenişi ýaly. Kömelek duzlap iýeniňde ýekeje lukma, emma ony tapanyňda nähili begenýärsiň, sebäbi ol ýazyň ruhy, sebäbi ol ýazyň gözelligi, gudraty! Atajan her tapan pikirini, her goşgusyny okan okyjynyň ýüregi gobsunar, ruhy galkynar ýaly arman-ýadaman işleýärdi, sünnäleýärdi... Atajanyň kitaplaryny okan okyjyň onuň filosof şahyrdygyna göz ýetirer! Şahyryň durmuşdaky ýaragy, iş guraly – ýüregi, onuň eýelemek isleýän beýikligi-de ynsan ýürekleri. Ýürekden çykan duýgy ýürege barýar, ýürekden çykan mähir ýürekleri ýyladýar! Akyldarlar, filosoflar beýnisi bilen pikirlense, şahyrlar ýüregi bilen pikirlenýär. Ýürekden çykan pikirler ýürekleri heýjana salýar, beýniden çykan pikirler bolsa, beýnä, aforizmler kitabyna girýär. Lezzeti bar kalba ýakyn sözleri Saýlaşdyryp, sazlaşdyryp ýörmegiň. Belki, bular iň ýakymly täridir, Birahat ýüregi köşeşdirmegiň. «Dostlaryma» goşgusynda: Şatlanyň aç-açan, Söýüň aç-açan, gussaňyzy külterlemäň, çözlemäň. Hem siz keýpi, şatlygňyzy hiç haçan Özgeleriň hasratyndan gözlemäň... Atajan sözüň doga ýaly, sena ýaly gudratlydygyna, yşk ýaly heserlidigine ýürekden ynanyp, gursagyndaky zehin oduny ýakyp, her bir söze, jümlä zergärleriň kümüşe zer çaýyşy ýaly yşkyny çaýýardy, şonuň üçinem onuň bugdaýly meýdanlar, boz topraklar hakdaky goşgularyny okasaň, tamdyrdan çykan çöregiň meýmirediji ysy burnuňa ursa, miweli, bakjaly meýdanlaryň gözelligini wasp edýän goşgularyny okasaň, pazyllarda ýaşyl biýaradan jyklap ýata sary gawunlaryň ysy kükeýär. Atajan gyssanman sünnä işlese-de, gaty köp goşgulary, poemalary bize serpaý galdyrdy. Onuň Watan, ene toprak, diýar hakyndaky göçgünli goşgularynyň özi bir tom boljak, pelsepewi filosofik goşgularynyň özi ýeke bir tom boljak, gamgyn, gussaly söýgüsi hakdaky goşgulary bir tom boljak... Emma gynansak-da, Garaşsyzlyk ýyllaryna çenli Atajan ýaly goşgularyny gazetde çykardyp bilmän kösenen şahyr ýokdur. Ol tomluklary çykmaga mynasyp şahyrdy, ýöne gynansakda, halypasy Gurbannazar ýaly iki sany çelpek deý kitapça bilen oňmaly boldy. Herhal ol giň göwrümlilik bilen: – Şu günki goşgulary ýazýan şahyrlar goý, şu gün çykardyp ýetişsin, ölmejek, jahanda galjak goşgulary haçan çykardanyňda-da bolýar – diýip, özüne teselli bererdi. Garaşsyzlyk ýyllary ýurdumyz galkynyp, metbugat serişdeleriniň köpelip, edebiýata, çeper söze gadyr goýlan zamany Atajan has öndümli işledi, toplumtoplum goşgularyny okyjylara ýetirdi, aýratynam çagalar hakynda örän köp ýazdy, çagalara peşgeş berdi. Toprak eklär, sen topragy ekleseň: Ýöne ol özünde bar zadyn berýär, Sen özüňe gerek zady ekmeseň... ... Adamy bezeýän oý-hyýalydyr: Öz bilýän zadyňy öwretmän gitmek, Halypaňy gizläp giden ýalydyr... Dünýäde beýik-beýik filosoflar gaty köp! Dünýäde köp ýazan ajaýyp şahyrlar gaty köp! Emma her bir goşgusyna ýürejigini, mähir-muhapbetini, uçganaklap duran şatlygyny, mylaýym gussasyny goýan şahyrlar bolsa beýle kän däldir. Atajan söýgi goşgularynyň ruhy, jany-jigeri gussadan ybarat, ýöne «ol gussalar çişligiň tüssesi ýaly ezizdir, heýjana getirijidir, çünki ol gussalarda ýanýan şahyr ýüreginiň tüssesi bardyr» diýmegi halardy... Öz ornuň tap, ilden janyň aýama, Eger telpek bolsaň, başda götärler, Köwüş bolsaň geýilersiň aýaga. Şahyr Atajan Annaberdi edebiýat meýdanynda uzak bolmadyk ömründe öz etmeli işini etdi, döretmeli eserlerini döretdi. Öz döwründe ony edebi tankyt, edebiýatçylar gazanan belentligine götermese-de, Atajan özüniň näderejededäki şahyrdygyny, ýüzlerçe pikiriniň, onlarça-onlarça goşgularynyň ölmän ýaşajakdygyny bilýärdi. Men şu makalamy ýazyp otyrkam öz ýanymdan «Men şu makalany Atajan aýatda aman çagam ýazyp bilerdim ahyry, näme üçin dostlar hakyndaky yssy sözleri mydama öleninden soň aýdýarys» diýip pikir etdim. Aýdyp bilerdim, ýöne Atajan oňa mätäç däldi, ol özüniň ajaýyp şahyrdygyny bilýärdi, meniň, şahyr dostlarynyň, Kerim Gurbannepesow ýaly, Gurbannazar ýaly beýik, läheň şahyrlaryň özüni ykrar edendigini bilýärdi. Atajan ýene bir zady –ýaramaz, gowşak şahyrlaryň bir kitap ýazyp, özi hakda otuz iki öwgüli makala ýazandygyny, edebiýata girip bilmese-de, mekdepde okadylýan edebiýat kitaplaryna girjek bolup gözden düşüşlerinem bilýärdi. Atajan edebiýata girmegiň ýalňyz ýolunyň – ynsan ýüregine girip, tämiz hem sarç duýgularyňy, ojar közi ýaly lowurdap duran pähim-paýhasyňy, mähirmuhapbetiňi, söýgiňi bagyş etmelidigini, Bagtyň-da, Beýikligiň-de, Bakylygyň-da ynsan ýüregindedigine çuňňur ynanýardy, şol ynamyna-da bütin ömrüne ygrarly gulluk etdi. Pes pälli, kiçi göwünli Atajan «Pygamber boljak bolupdam, Bedbagt şahyr boldum zordan» diýse-de ol ajaýyp şahyr bolup bilipdi, okyjylaryň söýgüsine mynasyp bolmagyň hötdesinden gelipdi... Atajan jahandan ir gaýtdy, emma onuň poeziýasy biz bilen ýaşap ýör, onuň kitapçalarynyň daşyny ýaňadan jiltläp ýaş şahyrlar elden goýman okap, öwrenip ýör. Munuň özi şahyryň bagty ahyry. Şahyr ýene sähra tarap ýöneler Düşünmän söýginiň nämedigine. Murty taban ýetginjege näz eden Gözel söýer ony, ýaş şahyr bolsa, Söýgi hakda goşgy ýazar täzeden, Ýene ýagyş ýagar, çakar ýyldyrym, Gök gürläp, äleme ýaýrar çakylyk. Eziz Watan! Bize miýesser etsin Diňe bäş gün döwran, saňa bakylyk! Nobatguly REJEBOW | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |