21:24 Heýkeltaraş Saragt Babaýewe | |
HEÝKELTARAŞ SARAGT BABAÝEWE
Goşgular
![]() Tebigylyk owalbaşda zandyňda, Eziz dostum, gözellige teşne sen. Eger meňzetmeli bolsa özüňi, Dag göwsüniýaryp çykan çeşme sen. Kalbyňy çoýandyr bir mährem ene, Gara daş janlanýar seniň eliňde. Heýkelleri synlap diýdim: "Aperin!" Gözellik bar gözelligiň deňinde. Daň ýyldyzy bolup Nury Halmämmet, Seret, anha, tirsegine galypdyr... Aýralyk pursaty ne agyr pursat, Bagşy soňky gezek dutar çalypdyr. Iň soňky bolmaga haky ýok, haky, Dutara jan berdiň ýene, Saragt! Dünýä deýin ajap türkmen bahary Al güllere basyrnypdyr daragt... Gözellik döredýäň daşlary ýonup, Hem-de ýonup öz-özüňi taplaýaň. Ukusyz gijeleň ezýeti başga, Munda şahyr gijesini ýatlaýan. 16.12.2008. | |
|
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |