02:33 Hezreti Muhammediñ sowady ýokmudy? | |
HEZRETI MUHAMMEDIÑ (s.a.w) SOWADY ÝOKMUDY?
Edebi tankyt
Dini işler ministrliginiñ çap eden Aly Himmet Berkiniñ we Osman Keskioglynyñ "Hezreti Muhammediñ ömri" atly kitabynyñ ýigrimi dördünji neşiri elime düşdi.* Kim bilýä, eýýäm näçilenji neşirlerine ýetendir... Kitabyñ awtorlary tanymal ýazyjylar Aly Himmet Berki we Osman Keskiogly... Kitabyñ 61-nji sahypasyny açyp görüñ we okañ: "Bir gün Hyra dagyndaky gowakda doly ybadata berlen wagty gözüne perişde göründi we: "Oka!" diýdi. Hezreti Pygamber: "Men okap bilemok" diýdi. Perişde ony başdan-aýak sabyr-takady tükenýänçä gyssady we ýene: "Oka!" diýdi. Buýruk üçünji gezek gaýtalandan soñ Hezreti Muhammet titrewük ses bilen diýen ýaly: "Näme okaýyn?" diýdi. Dini işler ministrligini-de, bu iki sarpaly ýazyjymyzy-da aýyplama pikirim ýok. Netijede olaram dowam edip gelen edebiýaty gaýtalapdyrlar. Emma şu ýerine üns beriñ: hamala siýernama** däl-de, çeper roman ýazýan ýaly ýazýarlar. Jebraýylyñ ýüzlenmesi "emir" ýaly görkezilip, Hezreti Muhammediñ (s.a.w) "titrewük ses bilen ýalbarýan ýaly" seslenendigi we "Näme okaýyn?" diýendigi beýan edilýär. Perişdäniñ birinji ýüzlenmesine pygamberiñ dilinden "Men okap bilemok" diýdirdýärler. Üçünji ýüzlenmede bolsa ýagdaý üýtgäp okap bilmeýän adam birden-bire okap bilýän adama öwrülýär we "Näme okaýyn?" diýip soraýar. Bu beýan etmede logiki ýalñyşlyk görmeýän bolsañyz, onda yzyny okamagyñ hajaty-da ýok. Eýse ýagdaýy "Näme okaýyn?" diýip düşündirenleriñ aklyna şu sorag gelmezmi: "Ortada heniz okar ýaly ýazgy ýoklugyna görä, näme okamaly?" Diýmek, şu ýerde "Ikra" sözüniñ "okamak" manysyndan hem başga has çuññur mana eýedigini görmek bolýar. Biz bu baradaky söhbetimizi başga makalalaryñ mowzugyna goýalyñ we gozgamakçy bolýan esasy meselämize dolanyp geleliñ. Asyl mesele şu: Hezreti Muhammet okap-ýazyp bilenokdymy? Hezreti Muhammediñ sowadynyñ ýokdugy hakyndaky pikire gulluk edýänler, bu pikirlerine iñ esasy tutaryk hökmünde Oña gelen ähli maglumatyñ çeşmesiniñ "wahyý" bolandygyny öñe sürýärler. Emma ne-hä bir mömin-musulmanyñ bular ýaly tutaryga mätäçligi ýok, ne-de ynançsyz birini bular ýaly gereksiz tutarygy öñe sürüp ynandyryp bolmaz. Aslyýetinde Hezreti Muhammediñ sowadynyñ ýokdugyny öñe sürmek, onuñ belent mertebesine dil ýetirmekden başga zat däldir. Çünki Hezreti Muhammet Allanyñ Resuly bolmak bilen hiç kimiñ ýetip bilmejek mertebesine we sarpasyna ýetipdir. Pygamberimiziñ ömürnamasyny okap görenler, Onuñ pygamber bolmazdan öñem çuññur hormatlanylýan sylagly-sarpaly adam bolandygyny bilýändirler. Şeýlekin derejede sylanýan adamyñ sowadynyñ bolmazlygy mümkinmi beri? Meniñ pikirimçe mümkin däl. Eger pygamberimiziñ sowady bolmasa, pygamberlik berilen kyrk ýaşyna çenli alyp baran ähmiýetli işleri nädip rowaçlyk gazanardy? Hezreti Pygamberimize "Ümmi" epitetiniñ berilmegi başga makalanyñ gürrüñi. Ümmi sözüniñ şol döwürdäki bir manysy - "kitaply dinlere mahsus däl" diýmekdi we Hezreti Muhammet hristianam däldi, ýehudy dinindenem däldi. "Aly Ymran" süresiniñ 20-nji aýatynda şeýle diýilýär: "...Özlerine kitap berilenlere we ümmilere aýt..." Bu jümle ehli-kitapdan (kitap inderilenler -t.b.) başgalaryna ümmi diýlendiginiñ açyk delili dälmi näme?! Başga aýatlaram bar. Şu nukdaýnazardan düşünsek, "Araf" süresiniñ 158-nji aýatynda Hezreti Pygamberimize näme üçin "ümmi" diýlendigi mälim bolýar. Has-da beteri, käbir ylahyýetçiler Hezreti Pygamberiñ (s.a.w) Hudeýbiýe ýaraşyk şertnamasyny baglaşanda hem okap-ýazyp bilmändigini süýjedip-süýjedip beýan edýärler. Akyllaryna gelmeýşini diýsene: Hemmelere okamagy-ýazmagy öwreniñ diýip ündän, möminlere bilmeýän zatlaryny öwreden, ýol görkezen, uruşda ýesir düşenleriñ azatlyga goýberiljekdigine söz beren Ynsan nädip, gel-gel, özi sowatsyz bolup çykýar?! Hawa, Hezreti Muhammet (s.a.w) "Ümmidir". Kurany-Kerim wahyýdyr. Ýöne munuñ üçin ümmi sözüne sowatsyz manysyny bermegiñ hiç hili geregi ýok. Möwlana Jelaleddin Rumynyñ sözi bilen söhbetimizi jemläliñ: "Älemiñ kitabyny okan Hezreti Muhammet, heý-de, arap ýazgysyny okap bilmezmi?!' Namyk Kemal ZEÝBEK. Awtoryñ elektron salgysy: n.kemalzeybek@hotmail.com _____________________________________ * Agzalýan kitap Türkiýäniñ Dini işler ministrligi tarapyndan türkmen dilinde-de neşir edilip, Türkmenistanyñ metjitlerine ýaýradylypdy. ** Siýernama, siýer - pygambernamalar, pygamberleriñ biografiýasyny beýan edýän kitaplar. | |
|
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |