05:19 Hindi temasyndan iki goşgy | |
Berdinazar HUDAÝNAZAROW
Goşgular
▶ HINDI TEMASYNDAN IKI GOŞGY 1. "MAHABHARATA" Şygryýetiň, pelsepäniň ýurdy bu. Oýlanýaryn meger şoňa görä-de Nirä barsam düşdi durdy ýadyma Hindileň eposy "Mahabharata". Agyr taryhynda bu gadymy ýurt Daýanypdyr pähim bilen gaýrata. Şonuň üçin ýada düşdi-de durdy Bu halkyň eposy "Mahabharata". Bezemen atlylar köşgüň öňünde Nyzam bilen düzülipdir parada Nämüçin ýada düşdi ýene-de Hindileň eposy "Mahabharata". Boýnumyza gülli halka dakdylar (Şeýle halka dakylyprdyr Gara-da!) Ine bu ýene-de hakyda geldi Hindileň eposy "Mahabharata". Tans üçin döräpdir hindi gyzlary. Gara hally şol gyzlara garaňda. Ýene hakydaňa gelýär, elbetde, Hindileň eposy "Mahabharata". Bu ajaýyp, bu owadan toprakda Arzuw etdim: ýetsin her kim myrada. Hawa, hut şu ýerde dünýä inipdir Durmuş pelsepesi "Mahabharata". 2. AKTRISA BILEN GÜRRÜŇ -Hindi temasynda birje tema bar, Olam söýgi. Ýeri, başga näme bar? Diýip, onuň bilen gürrüň açamda, Ak dişleri bägül ýaly açyldy. Garaluw gözleri güldi bagtyýar: -Dünýäde söýgüden başga näme bar? -Hindi kinosynda aýdymdan başga, Zat ýok diýip bälçiredim ýamaşgan. Ýene gara gözler ýandy bagtyýar: -Dünýäde aýdymdan başga näme bar? Diýip jogap berdi ol sowal bilen, Söhbet tamamlandy 2:0 bilen. ▶ SERÇEJIK Jürküldiňe owrenşipdi gulagym, Äpişgäň öňünde saýran serçejik. Ýokdy dürli öwsüp duran ýelegiň, Äpişgäň öňünde saýran serçejik. Oňa derek sesiň şeýle naşydy, Garaja gözleriň – hywaň mäşidi. Daň sazyny alkyşlaýan bagşydy Äpişgäň öňünde saýran serçejik. Saňa zat diýdimmi heý gaty-gaýrym, Gözümden uçduň-la, eýjejik höwrüm. Indi bu ýerlere etmezmiň öwrüm, Äpişgäň öňünde saýran serçejik. Ne-hä küş-küşledim, ne kesek atdym, Haýsy ýowuz ýele gaýdyň-da gitdiň? Sag bol! Näçe ýyllap bagtyýar etdiň Äpişgäň öňünde saýran serçejik. Bakýaryn bökjeklän şahaňa bakan. Indi nirelerde tutundyň mekan? Toba, toba... Janyň beri sagmykan Äpişgäň öňünde saýran serçejik. | |
|
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |