10:55 Hojanepes Çaryýew: "Syýam boldy gyzyl ganym..." | |
«SYÝAM BOLDY GYZYL GANYM...»
Edebi makalalar
TSSR Ýazyjylar soýuzynyň ilkinji başlygy, kommunist şahyr Hojanepes Çaryýewiň ady ýigrimi ýyllap türkmen sowet edebiýatynda düýbünden agzalmady. Çünki ol 1937-nji ýylyň repressiýasy döwründe «halk duşmany» hökmünde tussag edildi. Diňe SSKP-niň XX gurultaýyndan soň Staliniň şahsyýet kulty partiýa tarapyndan berk ýazgarylansoň, nähak basylan millionlarça sowet adamlary bilen bir hatarda Hojanepes Çaryýew hem aklandy. Metbugatda we edebiýatçy adamlaryň işlerinde onuň ady agzalyp başlady. Edebiýatçy Muhammet Gurbansähedow bu kommunist şahyr hakda kitap ýazdy. Elbetde, Hojanepes Çaryýewiň türkmen sowet edebiýatyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary az-kuş däl. Ol TSSR Ýazyjylar soýuzynyň, başlygy hökmünde-de uly guramaçylyk işlerini alyp bardy. Bu hakda onuň döwürdeşleriniň ýatlamalarynda örän täsirli gürrüň berilýär. Ýöne häzire bu güne çenli repressiýanyň pidasy bolan ýazyjylarymyz hakda giňişleýin gürrüň edilmezligi gynandyrman duranok. Durgunlyk ýyllarynda bu ýagdaý hasam mese-mälim bildirdi. Muny ýekeje bir mysal bilen hem subut etmek bolýar. Türkmen sowet ensiklopediýasynyň 8-nji tomunda (1978-nji ýyl) «Türkmen sowet edebiýaty» atly makala ýerleşdirilipdir. Makalanyň awtorlary otuzynjy ýyllarda diňe bir türkmen edebiýatynda däl, eýsem soýuz möçberinde halanyp, ussat ýazyjy-şahyrlaryň uly bahasyna mynasyp bolan Oraz Täçnazarowyň «Batrak» poemasy hakda-da, Hojanepes Çaryýewiň goşgulary hakda-da kelam agyz söz aýtmandyrlar. Ensiklopediýadaky şol makaladan çen tutsaň, Oraz Täçnazarow. Hojanepes Çaryýew ýaly uly ýazyjy-şahyrlar ýaşap geçmedik ýaly, hiç hili eser döretmedik ýaly duýgyny başdan geçirýärsiň. Ýeri gelende aýtsak, häzirki üýtgedip gurmak döwründe, haçanda stalinçilik perpessiýasynyň ähli babatda ýazgarylýan döwründe ýokarda adyny agzan şahyrlarymyzyň edebi mirasyny bir ýere ýygnap, özbaşyna kitap edip çykarmagyň wagtynyň ýetendigi hemmämize düşnükli bolsa gerek. Gadyrly okyjylar, biz şu ýazgymyzda Hojanepes Çaryýewiň we onuň maşgalasynyň şahsyýet kulty döwründe başdan geçiren agyr durmuşlary hakda gürrüň bermekçi. Hojanepes Çaryýewiň aýaly Abadan eje häzir Aşgabatda ýaşaýar. Haçanda 1937-nji ýylda Hojanepes Çaryýewi «halk duşmany» hökmünde türmä basanlarynda ol 27 ýaşly gelin eken. Häzir ol 79 ýaşynda. Ol şunça ýyllap öz adamsyna inçe umyt bilen garaşypdyr. *** — Biz Hojanepes basylanda Engels köçesinde oturýardyk. Gije duýdansyz gapy kakyldy. Açsak, üç sany adam dur. Meňem elimde kiçijik çagam. Göwrämde-de bäş aýlyk çaga. Hojanepesem şo wagt ýazyp otyrdy. Hojanepesi soradylar. Menem «içki tamda işiläp otyr» diýdim. Olar öýe girip, Hojanepesiň işläp oturan otagyna bardylar. Işläp oturan wagty men oň ýanyna barmak gylygym ýokdy. Ýöne bu sapar ýüregim bir zat syzan ýaly olaň yzy bilen girdim. Olar Hojanepesiň öňüne bir kagyz atdylar. Olam okap, ýazyp oturan zadyny ýapdy-da: «Rugsat. Barlaberiň» diýdi. Barlamaga başladylar. Öýüň içinde, näme bolsa barladylar. Egin-eşigine çenli, kitaplara çenli. Hatda otluçöpe çenli barlap gördüler. Men şonda «Garaşylmaýan zat. Nähili boldy bi?» diýip, Hojanepesden soradym. Olam «Aý, wagty geler, bilner-dä» diýdi. Edil şu diýşi ýaly diýdi. Hiç zat tapmadylar. Alyp gitmäge-de zat tapmadylar. Olar oňa «Sen şaýyňy tut» diýdiler. Ýany bilen näme almalydygynam özleri aýtdylar. Al diýen zatlaryny aldy, alma diýen zatlaryny almady. Barlap oturan wagtlary bolan bir waka şu günki ýaly göz öňümden gidenok. Gujagymdakyny emdirip otyrdym. Birden ol emmesini boldy-da, boýnundan asylgy tüpeň oýnawajyny kitap barlap oturan adamyň ýüzüne tutup «kihh, kihh, kihh» etdi. Biri öwreden ýaly. Ol adamyň reňki birhili boldy. Menem şonda «Be-e, bu adam çagaň eden zadynam gaty görýä» diýip, içimden pikir etdim. Halamady ol çagaň oýnuny. Ol-a oýnap edýä. Çaga-da. Hojanepesi alyp gitdiler. Alyp giden zatlaram goşa tüpeň. Başga zat ýadyma düşenok — diýip, Abadan eje hamsykdy. Şondan soň ýaş gelniň üstüne apat inýär. «Halk duşmanynyň» maşgalasy hökmünde jaýy boşatmagy talap edýärler Onuň üstesine-de çagalary eklemelidi. Ýagdaýyny aýtsa-da hiç kimiň oňa düşünesi gelenokdy. Düýnem äbede-jüýje bolup ýaşaşyp ýören goňşularam «halk duşmanynyň» maşgalasyndan habar tutmaga çekinýärler. Hojanepes bilen bile bir edarada işleşen şahyr goňşam, başarsa bularyň gözüne görünmejek bolýardy. Haçanda üç ýaşlyja Edipjik ondan kakasyny soraýsa-da çaganyň soragy jogapsyz galýardy. Onuň «kakaň ynha geler» diýmäge-de, şeýdip çagany köşeşdirmäge-de bogny ysanokdy. Ahyry ony suda çagyrýarlar. Olam çagalary bilen suduň jaýyna baranda: — Sen halk duşmanynyň aýaly. Nirede ýaşasaň şonda ýaşa. Ýöne jaýy boşat—diýýärler. Hiç hili alajy galmansoň naçar: – Boşatmaly bolsa boşadaryn. Ýöne menem Hojanepesiň ýanyna äkidäýmeseňiz, meň başga barara gapym ýok — diýýär. — O zatlar bilen işiň bolmasyn. Sen ýöne jaýy boşat — diýip, doňýüreklik bilen jogap berýärler. Şeýdip ol Hojanepesiň obadaky ilen-çalanyna «Meni ýygnajak bolawersinler» diýip sargyt edýär. Ol gün yrman Hojanepesi görjek bolup, türmä gatnaýar. Her gezegem ol o ýerden lapykeç halda gelýärdi. Ahyry paltasy daşa degen Abadan oba gidýär. Öz ýany bilenem Hojanepesiň kitaplarynyň bir bölegini äkidýär. Äkidip bilmediklerinem şahyr Ata Nyýazyň aýaly özlerinde goýmagyny teklip edýär. – Wah, görülmedik görde diýleni-dä. Bir gözümden gan akýar, bir gözümden ýaş. «Seň haýryňdan geçäýmeli weli, çagajyklar bar-da» diýýän öz-özüme «Sopbaş bir özüm bolan bolsam, etmeli zady bilýän” diýýän. Çagalar bolmasa, öz janyma kast etjek. Ynanyň şuňa... Iki çagasy bilen köçä taşlanan, üçünjisine-de garaşyp ýören Abadana Bäherdende Hojanepesiň ýalňyz dogany Jeren howandar çykýar. Ol Hojanepesiň aýal dogany Jereniňkide ýaşaýar. Jeren kolhozda işleýärdi. Öňdebaryjy. Ýöne gara gün onuň özüniňem üstünden inýär. «Halk duşmanynyň» dogany bahanasy bilen ony kolhozdan çykarýarlar. Näme etmeli? Olar iki bolup haly artelinden öýde dokamak üçin haly alýarlar. Üçünji çaga dünýä inýär. Oba aýallary üýşüp oňa «Görjegiň şatlyk bolsun. Muň adyna Şat dakalyň» diýýärler. Ýöne olam üç ýaşyndaka enäniň bagryny paralap, derdiniň üstüne dert goşup gyzamykdan ýogalýar. Hawa, çaga dünýä inenden soň ol ýene-de haly dokamaga başlaýar. Bir gün haly dokap otyrkalar, oba Sowetniň başlygy üç adamy yzyna tirkäp gelýär. Biriniň pogonlydygyna gözi düşen Abadan özüni ýitirýär: — Pägünlini görüp gorkdum. Indi menem äkitjekler diýen pikir göwnüme geldi. «Jeren — diýdim — bujagazy äkitmeli bor. Egin-başlaryny ýygnaşawer» diýdim. Olam «Wah, Abadan, beýle zat diýmesene» diýdi. Olaram äpişgäň agzynda durlar. Geldiler. Oba Sowetiniň başlygy jaýlary görkezýän eken. Soradylar. «Görýän çagalaň biziňki» diýdim. Ýazyşdyrdylar. «Bulaň özleriniň oturmaga jaýlary ýok» diýdiler. Ýygnalan adamlaň jaýlaryny hasaba alýan ekenler. Hawa, janym, Hojnepes-ä tussagda ýatyr, bizem oň yzynda ýesir ýaly bolup ýörüs... Oba Sowetniň başlygy soňam ýaş gelne azar berýär. «Sen pasportyň bärde hasapda däl. Saýlawdanam nirede hasapda durýan bolsaň şo ýerden geç» diýip, öz gününe goýmaýar. Ahyry ol üç çagasyny alyp raýon merkezine barýar. Arz edýär. Onuň ýagdaýyna düşünýäler.. Şondan soň ol üznüksiz ýanalmadan dynýar. – Aý, dünýäm, başymyzdan geçmedik gün ýokdur. Dokmany gutardyk. Jereni soň kolhoza dikeltdiler. Jerene diýdim: «Bile kolhoza gideli. Zähmet gününi seň adyňa ýazdyraýaly». Olam razy boldy. Bäş ýyl kolhozda süýrendim. Arkalaşdyk ikimiz. Kolhozam garyp, zat ýok. Soň egin-baş dokalýan artele işe geçdim. Ýedi ýyl işledim. Soň men işleýän sehim ýapyldy. Iki-üç aý işsiz boldum. Şol arada ýekebara diýip, agyr salgyt salyp gitdiler. Oňa-muňa baran bolýan. Peýdasy ýok. Soň ýarysyny bermeli diýdiler. Gün görülen däldir. Çagajyklaram gyş odunyma iberýän. Birje eşek äberdim olara. Soň bir sygyr edineýin diýdim. Sygyr sakladyk. Emjeginden çykan süýdüň bir käsesini içseler, galanyny gatyk edip satýan. Iki naçar çagalary hor-zar etmezlik üçin gijelerini gündiz edip işleýärdiler. Gözleri bolsa ýoldady. Hojanepes bir ýerlerden çykaýjak ýaly bolup durdy. Türmeden çykyp gelen adam bolsa Hojanepesi soraýardylar. Bir ýola bir hoş habar gelip gowuşdy. Hojanepes bilen bir ýerde tussaglykda bolup, möhleti gutaryp gelen adamyň Aşgabatdadygy, aýalynyň bolsa haly fabriginde işleýändigini eşiden Abadan ýola düşdi. Haly fabrigine geldi. Halyçy aýaly tapdy. Ol öz äriniň türmeden gelip on bäş günden soň ýogalandygyny aýtdy. Onuň Hojanepes atly bir şahyr bilen bile bolandygyny, maşgalama gowşur diýip hat bilen ruçka iberendigini aýdyp, ruçkany Abadana gowşurýar. Hatyň bolsa ýitendigini gynanç bilen aýdýar. – Ata Nyýaz, Nurmyrat Saryhan, Hally Şahberdi Hojanepesiň iň gowy görüşýän dostlarydy. Hojanepes tutulandan soň, bäş ýyllap Bäherdenden Aşgabadyň türmesine gatnadym. Hojanepesiň ilki tutulan wagty maňa ony bir gezejik görmek miýesser etdi. Görüşilýän jaýa baramyzda, Hojanepesi özünden başga ýene iki tussag bilen şo taýyk getirdiler. Eli arkasynda, ýany garawully ol maňa tarap ýöneldi. Aramyzda uzyn tagta bardy. Herimiz bir tarapynda oturdyk. Ol töweregine assyrynlyk bilen seredip: «Men saňa bir zat bersem alyp bilermiň? Ýöne sen hiç zatdan gorkma!» diýdi. Ol türkmençe gürlänsoň, garawul oň sözüne düşünenokdy. Menem «Alaryn. Näme alman» diýdim. Elimde ýaş çagam bardy. Hojanepes bir bölejik zady ýuwaşlyk bilen maňa tarap oklady. Menem çaganyň arlygy gaçan hökmünde elimi uzadyp aldym. Alyp, çagaň dolagynyň içinde goýdum. Soň öýe getirip ony açsak, içinde goşgy ýazylan eken. Goşgyny okap gördük. Agladyk. Ýene okadyk, ýene agladyk. Şo goşgyň bir ýerinde «Syýam boldy gyzyl ganym» diýen setir welin ýadymda galypdyr. Birnäçe ýyl geçenden soň ol haty çagalar tapyp, oýnap ýyrtypdyrlar. O hat-a beýdip gitdi. Bäherdende ýaşap ýörkäk Hojanepesiň ýegeni Myrat öz ýany bilen asly Garagan obasyndan Ata diýilýän bir oglan bilen geldi. Şonda olar Hojanepesiň kitaplary salnan ýaşigi açyp göreli diýip haýyş etdiler. Menem ony açdyrmajak boldum. «Açsam, hersi bir ýana dagap gider» diýdim Emma olar: «Ýene öňküsi ýaly edip ýygnap goýarys» diýip, ýalbaryp duransoňlar rugsat berdim. Şonda Ata Hojanepesiň golýazmalaryndan birnäçesini alyp: «Muň hiç ýerinde ýalnyş ýazylan zat ýok. Men şuny äkidip, öwrenjek» diýdi. «Aý, hanym, Hojanepesiň başyna-ha şu zatlar ýetdi. Senem muny menden alanyňy hiç kime aýtma» diýip sargadym. Soň Aşgabatda kyrk sekizinji ýylda ýer yrananda o neresse-de ýeriň astynda galypdyr. O golýazmalaram şoň bilen gitdi. Ine, Hojanepesiň birnäçe zady beýdibem gitdi... Abadan eje iki ogluny hem ata, hem ene deregine bolup ösdürip ýetişdirdi. Uly ogly Edip Çaryýew Bäherdende wraç bolup işledi. Ol 1983-nji ýylda tarpa-taýyn ýogaldy. Kiçisi Azat politehniki instituty gutaryp, mehanik bolup işleýär. Abadan eje uly agtygyna Hojanepesiň adyny dakdy. Ol häzir goşun gullugynda ýör. Durmuşyň çarkandakly ýollarynda ejizlemän, edermenlik ýoluny geçen bu garry enäniň söhbeti meni biçak tolgundyrdy. Iň agyr günlerde-de Hojanepesiň merdana keşbi, aýdan sözleri oňa goltgy berdi. Otuzynjy ýyllarda Hojanepesiň kurortdan satyn alyp gelen hasasyny garry ene apalap saklapdyr. Bu ondan galan ýalňyz ýadygärlik. Bu günki gün bolsa şo hasa ýetmiş dokuz ýaşly garry ene oturanda-turanda söýget bolýar. 1989, aprel. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |