13:25 Hudagyñ taýagynyñ sesi ýok... | |
HUDAÝYÑ TAÝAGYNYÑ SESI ÝOKDUR
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Abbasylar dinastiýasynyñ taryhyny ýazan bir taryhçy şeýle ýazýar: Abbasy halyfy Hady * öz köşgüniñ eýwanynda bir topar ýakyn adamlary we sazanda-bagşylar bilen aýş-eşret meýlisni gurup oturan. Köşgüñ eýwany bag tarapdy. Bagda bolsa, bir garry bagban işläp ýören eken, ol gülleri sapmak bilen meşguldy. Halyf Hady haçan-da şerapdan doýup, kellesi mazaly gyzanda, oturan ýaranlaryna ýüzlenip: - Men şol işläp ýören bagbany nyşana alyp, şu oky onuñ arkasyndan girizip, gursagyndan çykaryp bilerinmi? - diýip soraýar. Meýlisde oturanlaryñ hemmesi biragyzdan: - Halyf sag bolsun, siziñ ok atmaoda deñ-taýyñyzyñ ýokdugyny hemmeler ykrar edýärler, ýöne bir bigünä adamyñ ganyna galmak we bir maşgalany eklençsiz galdyryp, ýürek-bagryny ýandyrmao ynsapdan we jomartlykdan daş düşmekdir, - diýýärler. Emma halyf hetdenaşa mesligi we ulumsylygy üçin, oturanlaryñ nesihatyna üns bermeýär we şol wagtyñ özünde ýaýyny çekip, janalgyç bir oky garry bagbana tarap atýar. Ok onuñ arkasyndan girip, gursagyndan çykýar. Bagban gana bulaşýar, şol demde-de jan berýär. Bagbanyñ aýaly we çagalary öli jesediñ daşyna üýşüp zarynlap aglaýarlar. Halyf şu elhenç ýürek awudyjy ýagdaýy görüp, eden işine puşman edýär we bagbanyñ maşgalasyny ýanyna çagyrýar, olara bir gysym pul berýär. Bagbanyñ aýaly: - Diýeli meni pul bilen razy etdiñ, emma bu ýaş çagalar puluñ nämedigini bilmeýärler ahyryn, olar kakalarynyñ goltugyny hemme zatdan gowy görýärler, olary nädip razy etjek we agylaryny goýdurjak, - diýýär. Halyf ýene bir gysym puly ol aýala berýär we: - Nähili ýol bilen bolsa-da, olary aram et, köşeşdir, - diýýär. Şeýlelikde, meýlis dargaýar. Halyf-da öz ýatak jaýyna girip ýatýar. Emma turanda, aýagynyñ arka tarapynda bir ýiti agyry duýýar. Seretse, bir kiçijik çyban çykan eken. Şu ýarany bejertmek üçin Bagdadyñ, Küwfäniñ we beýleki ýakyn şäherleriñ hemme tebiplerini çagyrýarlar, olaryñ hemmesi bu ýarany bejermekden ejiz gelýärler. Ýara iriñläp çişýär we porsap başlaýar, hatda hyzmatkärler onuñ ysyndan durup bilmeýärler we halyfyñ özi-de ynjalyp bilmän, Hudaýdan ölüm dileýär. Şeýdip, bir sagatdan soñ kynçylyk çekip aradan çykýar. Şonda bagbanyñ aýaly: - Geñ zat, Hudaýyñ taýagynyñ sesi ýok eken we şujagaz çybanjygyñ-da dermany ýok eken, - diýýär. Şeýlelikde, mazlumyñ aryny birsalymda zalymdan almaga, ol her orunda we wezipede bolsa-da, oña jeza berip, belentlikden pese düşürmäge Allatagalanyñ gudratynyñ barlygy mälim bolýar. _____________________________ * Hady - Abu Muhammet Musa el-Hady. Mätiniñ ogly, abbasylaryñ dördünji halyfy. 144-nji hijri-kamary (761-762) ýylda dogulýar. 169-njy (785-786) ýylda kakasyndan soñ Bagdatda tagta çykýae we bir ýyl üç aý halyflyk edýär. Örän rehimsiz we zalym adam bolupdyr. 170 (786-787) ýylda ölýär. Dogany Harun er-Reşit onuñ ornuna halyf bolýar. Pars dilinden terjime eden: Aşyrpur Meredow | |
|
Teswirleriň ählisi: 5 | ||||||
| ||||||