08:58 Hukuk bilen hukugyñ tapawudy | |
Oguljennet Bäşimowanyñ Nukdaýnazar sahypasy üçin ýörite çykyşy
Nukdaýnazar
Anna, 18.08.2023 ý. Şu günler ürç edip, Allaýar Çüriýewiň gündeligini okaýaryn! Bir zady zerur bellemegimiz gerek: Awtorlyk hukugy hakda aýdylýan zatlaryň içinde şahsy bähbit hem aralyp bilner ýa-da hat-da biriniň problemasyny düzedip ýa-da düzetjek bolup, belki-de düzetmejek bolup, ýazylýan pikirler hem bolup biler. Ýöne men türkmen kinolary barada bir zada göz ýetirdim: "Aslynda, eger Meret Atahanow hem ýazyjylaryň senarilerini elinden alyp, özi täzeden ýazyp, başgaça edip ýazyp: "Siziňki gawno, meň senarim boýunça alarys" diýip bilýän bolsa, onda bu günki gün bize öz hukugymyzy gazanjak bolup oturmak gerekmi?" diýen pikire çümdüm, şu gün säher bilen. Diýmek onda "ближаещий столетие" bizde kino bolmajakdygynyň aňyrsynda türkmeniň “Men-menligi” ýatyr-da, aperin! Men sarkazmsyz ýazjak-la welin, mejbur bolýan, şeýle zatlary okanymda. Bu ýerde režissýor senari ýazmaly däl, diýemzok, “Senarini ýazyjy ýazmaly” diýýäris, hiç düşündirip bilmeýän zadym şu. Arada biri maňa: “Ýazyjynyň ýazan zadyny aljak bolsaň, maliýe üpjünçiligi ýetenok” diýdi, siz köp zat talap edýärsiňiz diýýär. Eý-waý, men baryp: “Zöhräň eşigi bolanok, oňa jowahyr dak” diýemog-a, men manysy üçin aýdýan ähli zatlary. Garaz onuň bilen hem düşünişip bilmedik, bolduk bir gözli-gözli bir-birege gaharly garaýan, ýigrendigim hem şeýle medenieýtiň içinde ýaşaýan adamlar. Birhili bu dünýe üýtgedi” diýibilerdim, ýöne Kerim aganyň: Siz edýäňiz döwri döwür” diýen setirleri ýadyma düşüp, agym tutdy. Ýiti-ýiti pikirleriň içi bilen nijeme ýyllar geçdik gaýtdyk, her kim öz bähbidini arajak bolsa, onda döwlet, watan üçin kime iş tabşyrmaly? Senaristleriň aladasy geçýän film ýasamak. Gaty düşünýän, ýöne ýazyjy režissýor-senaristiň ýanynda bolmaly, rast, senariniň köküni berdimi režissýora. Ýogsa-da “Sen kimaý” bolýar-da yzy. Senarist-režissýor görýän zadyny ýazýar, emma ýazyjy düýbüni, köküni çokjalap, “ýaranyň nämeden dömýänini” bilýär. Düýpli filmlere baş urulanda şu pikir has gerekmikä diýýärin. Çünki döwrüň bazar kinolary köpeldi, ol gowy zat, köp adamlaryň jübüsi galňar, baý bolar, oňa ýetesi zat ýok. Ýöne nesillere ýadygär goýuljak filmler barada aýtmak üçin jan edilýänini ýatdan çykarmak. Bazar filmleriniň tomaşaçylarynyň hem janlary sag bolsun! Senari diýlen zat öz-özünden režissýorlar tarapyndan ýazylyp bolunýan bolsa, onda gönüden-göni akta ýazyjyny gatnaşdyrman ýa-da hiç bir eseri galtaşdyrman özleri ýazmaly-da. Şeýle zat "poklon wekow" gelýän zat bolmaly sebäbi. Düýn Mel Gibsonyñ “Apokalipsis” diýen filmine ýene-de bir tomaşa etdim. Mel Gibson: “Erbetlik bildirmese, hasam erbet bolýar. Şeýtan kellesinde ady ýazylan başgap götermeýär ahbetin. Şeýtan biziň her birimize öz ýoluny tapýar, ýöne hemmämiziň derdimiz bir: Şeýtan bizi erbetlik etmeýänimize ynandyrýar, ine, ýamany şu” Men bu ýerde bu mysaly näme üçin aldym, şeýtanyň ýoly bilen diňe din däl-de dünýädäki ähli hereketler düşündirilýär. Goý, ýazyjy bolmasa, bolmasyn režissýor, emma onuň ýazyjynyňky ýaly sowady bolsun. Ol diňe bir surata düşürmegiň taktikalaryny bilmegi bilen kanagatlanmaly däl ahbetin. Filmde hökman näme diýiljek bolunýany bildirmeli. Bildiräýmeli. Hat-da goý bildirmesin, film transa düşürmelimikä diýýän men-ä! Hat-da haýsydyr bir duýgy gelip seni gurşap almaly-da ol hem seni wiruslamaly, ýoňlatmaly. Men-ä şol sebäpli gurşap alýan filmlerden hem gaçýan, olar seň dünýäňi özüne dolap alýar-da hezil edip, ruhuňa eýelik edip otyrlar. Meniň aýtjak bolýanym, öňde bir filosof: “Öz düýşüňizi görüň, özgeleriň düýşüne haýran galyp oturanyndan" diýipdi, menem öz düýşümizi görmek üçin bile işlemegiň gürrüňini edýän, smotrýa kaký düýş. Elbetde öz ruhyň ýanyndaky ýakynlygy görmegi, höwri görmegi, dergähi görmegi başarmaýan ruhlar, öz düýşüni ne bilsin! Bilýärmiň häzir men nämä meňzetdim özümi! Gämiden galan döwri kötekleýän bir orta ýaşly ýolagça. Halamaýan zadym hem şol. Arada garrylar bilen ýaşlaryň birlikde çykyp giýändigini görkezýän bir aktyň şäýädy boldum, kino kemi ýok. Gapynyň agzynda durun, medeniýet edaralarynyň biri. Her kim çykyp barýar, işden günortan wagty, ýaşlar bir ýerde garrylar bir ýerde, men garrylaryň yzyna düşüp, şolardan bir zat aljak bolýan ýekeje ýaş oglan-gyz hem görmedim aralarynda? Hany şol medeniýet. Sapaklaryň arasy üzüldimi? Bu temlara, bu pikirlere eýsem sungat jogap bermeli dälmi näme? Hany kino, hany watançylyk hakdaky aýdymlar. Hany, nirde oalr? Onsoň olaryň biri meniň ýanyma geldi-de gepini düşündirmäge başlady, ikinjisi geldi, "видимо", olara gep düşündirmäge adam ýok, ýagny bir zatjyklar edipdirler-de şony düşündirjek bolýarlar, telefona alypdyrlar. Menem işli-how, men başga edaradan, meniň hem işim bar, tas aglapdym: Bagyşlaň, wagtym ýok, sebäp barmaly ýerlerimize bar. Ýöne şol edaraň içindäki ýaşlaryň hemmesiniň ylgap barmaly ýeri ýokdur-a? Soň men olaryň ýeňsesinden seredip galdym, olaryň hemmesi hem ýaşlara gep düşündirip bilmeýän garrylar toparyna, ýagny gämiden galanlara meňzeýärdi, meniň ýaly. Men öz-özümi ýigrendim, hem-ä olaryň ýaş “hossarlarynyň” ýoklugyna, ýagny olaryň sungatynyň. Hem-de özümiň hem oalryň ýekejesiniň hem gürrüňini diňlemäge ne takadymyň, ne-de wgatymyň barydgyna gynandym hem... Meniň diýjek bolýanym, hany, şu barada kino? Hany şu barada pikir, olar näme üçin beýle, gelejege oalryň öwrenen tejribesini, ýüz ýyllap gelýän sahna adatlaryny kim alyp galmaly, kim? Hany. Bolýa täzelenýär diýeli-de sungat, onda näme üçin bir alym gije ýatman arrysgyny gynap: “Täzelik- unudylan könelikdir” diýip, ýazýar... Garaz şeýle? Senarini kim ýazsa ýazsyn, emma ol global temalara baş urup bilýän bolmaly, hat-da Mel Gibson ýaly dünýäniň global problemalary barada Eýran ýazyjysy bilen ýazmasaňyz hem birlikde maslahatlaryňyzy gaýgyrmaň, ýazyjylar. Çünki kino üçin döwletiň hasabyndan ummasyz pul goýberilýär... Ilýustrasiýa: Mel Gibsonyñ "Apokalipsis" ("Ahyrzaman") çeper filminden. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||