13:15 Merkezi we Gündogar Ýewropanyñ teatr eksperti | |
MERKEZI WE GÜNDOGAR ÝEWROPANYÑ TEATR EKSPERTI
Söhbetdeşlik
• kitapcy.ru üçin ýörite söhbetdeşlik Andreý Moskwin juda köp ýyllar bäri, Orta Aziýanyň hem-de Merkezi we Gündogar Ýewropanyň teatrlary bilen içgin gyzyklanýar. Warşawa uniwersitetiniň dosenti, filologiýa ylymlarynyň doktory Andreý Moskwin häzirki döwürde, dünýäniň iň ýokary derejeli, ylymly, sowatly teatr eksperti, teatr tankytçysy. Merkezi we Gündogar Ýewropa teatrlarynyň eksperti häzirki döwürde teatr dünýäsinde iň bir meşhur, teatra berýän bahalary bilen adygan, doktordyr. Onuň döredijiliginiň agramly bölegi esasan sahnanyň edebi esasy hakyndadyr. Ol awtorlaryň eseriniň ähmiýeti barada çykyş edip, ýüzlerçe kitaplar taýýarlady. Ol Orta Aziýanyň hem teatrlary bieln içgin gyzyklanýar hem-de Merkezi we Gündogar Ýewropanyň tearlary hakynda aýratyn baha bermegi, teatrlary hakynda ýazmagy, olaryň taryhyndan publisistik çykyşlary ýazmagy halaýar we dünýä drama eserleriniň teatrda ähmiýeti hakynda öz diňleýjileriniň öňünde ýylyň dowamynda ýüzlerçe gezek çykyş edýär. Şeýle çykyşlaryň biri hem onuň ýaňy- ýakynda Daşkent şäherinde geçen teatr festiwalynda türkmen artistlerine beren bahasydyr. Biz öz çykyşymyzda dünýä meşhur teatr ekspertiniň ýaňy ýakynda Daşkentde geçirilen festiwalda çykyş eden Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş Akademiki Drama teatry barada hem pikirlerini ýazga geçirdik. Andreý Moskwin dünýä teatrlar festiwallarynyň nijemesine gatnaşdy. Ol öz çykyşynda diňe bir sahna sungatyndaky ussatlar barada däl, eýsem, dramaturgiýanyň şu günki gün tomaşaça berip biljek miwesi hakyndaky pikirlerini biziň bilen hem paýlaşdy. Ol Ýewropada, Ýagny Polşanyň Warşawa şäherinde ýaşamak bilen Teatr öwrenijilier guramasynyň labaratoriýasyna ýolbaşçylyk edýär. Esasy maksady bolsa, Merkezi we Gündogar Ýewropanyň teatrlaryny dünýä ýaýmak hem-de, belorus, rus, ukrain, slowak dramaturgiýasynyň antologiýasyny taýýarlady. Gruzin pýesalary hakynda hem ekspert juda ýagty pikirde. Gezek türkmen teatrlaryna geldi. Onuň türkmen teatrlarynda milli äheňli spektakllary bilen gyzyklanmasy meni biraz oýlandyrdy. Dogrudan hem türkmen teatrlarynyň döreden eserleriniň diňe Garaşsyzlyk ýyllary döredilenleriniň sany ummasyzdyr. Andreý olar barada publissitik makala ýazyp, polýak okyjylaryna, teatr söýüjilerine ýetirmäge mümkinçilik boljakdygyny aýdanynda Milli eserlerimiz hakynda hakykatdan hem düýpleýin pikir etmäge wagt bolandygy barada oýlandym. Maestro häzirki döwürde, festiwallara gatnaşmaga hukuk gazanjak spektakllary özi saýlamak ornuny eýeleýär. Teatr eksperti hökmünde oňa ynanylýan borç uly. Şeýlelikde meniň garaýşymça onuň dünýä teatrlarynyň häzirki zaman ösüşine öz uly goşandyny goşýandygyny, olary ösdürmekde düýpli ornunyň bardygy mese-mälim bildirýär. Maestronyň pikirleri meni gyzyklanadyrdy. Şu ýylyň maý aýynda Daşkentde geçen festiwalda teatrymyzyň sahna oýnuny göreninden soň söhbetdeş bolmaga razylyk berdi. Biz hem ol söhbetdeşligi ýazga geçirdik: Biz özümizi gyzyklandyrýan soraglara şeýle başladyk: Oguljennet Bäşimowa: 1. Maestro, häzirki zaman teatr sungaty birhili mediýanyň has işjeňligindenmi adamlar kän bir gyzyklanyp barmaýan ýaly, ýa göwnümemikä? Hat-da wezipesini ýitirýän ýaly görýän, siz şu pikire nähili garaýarsyňyz? Andreý Moskwin: 1. Men ylalaşamok, çünki birnäçe ýyllar bäri Merkezi we Gündogar Ýewropanyň teatrlary bilen içgin gyzyklanýaryn. Teatrlar bilen tomaşaçylar köp gyzyklanýar. Çünki men muny janly sungat bolandygy sebäplimikä diýýärin. Ikinjiden hem olarda spektaklllary saýlap görmäge mümkinçilikler bar. Klassyky eser bolsun,ýa gündelik eser bolsun, saýlamaga doly mümkinçilikleri bar. Hat-da drama eserleri hem-de sazly eserler hem şeýle mümkinçilikleriň içinde. Her kimiň öz seçimi. Esasy zat biziň üçin teatrlaryň dürli- dürli bolmagy diýip, düşünýärin! Oguljennet Bäşimowa: 2. Orta Aziýanyň teatrlary siziň pikiriňizçe nämesi bilen saýlanýar? Andreý Moskwin: 2. Men şu ýyl Orta Aziýa boýunça bir ýarym aý bäri, 22 den hem köp spektakl gördüm, tomaşa etdim. Ýewropanyň teatrlaryndan aýratynlygy: 1. Olar mifiki, taryhy, rowaýaty eserlere köp üns berýärler. Men bu babatynda iki bölerdim. 2. Senografiýa ýetmezlik edýär. 3. Artistler ýetmezlik edýär. Olar köplenç ýagdaýda ýok ýaly, esasy eşik, milli geýimler agdaklyk edýär, diýip, düşünýärin. Milli saz gurallary bar. A häzirki zaman dramaturgiýasynd abolsa, meniň pikirimçe bir wakany düýp-köki bilen ýetirmek has döwrebap bolarmyka diýýärin. Artist juda gowşak. Oguljennet Bäşimowa: 3. Kino sungaty juda işjeň, artistler kino tarap teatrlary taşlap gidýärler diýsem, ylalaşarsyňyzmy? Andreý Moskwin: 3. Howa, kino sungaty öňde, adamlaryň durmuşynda öňde goýulýar. Ýöne teatr hem yzyndan galanok. Mundan on ýyl ozal dogrudan hem teatrda çökgünlik bardy. Ýöne häzir ortaky nesiller geldi, olar serhetsiz mümkinçilikleri açýarlar. Teatr serişdelerini gözleýärler. Bu bolsa, teatryň durmuşyny ýene-de täzeden özgertdi. Oguljennet Bäşimowa: 4.Taşkentde geçirilen teatr festiwalyna gatnaşanyňyzda Türkmen teatrynyň hem sahn aoýnuna tomaşa etdiňiz. Sizde galdyran täsirler? 4. Andreý Moskwin: Sazly-drama spektakly, haladym. Juda ajaýyp artistler, esasan hem Perizadyň keşbini ýerine ýetirýän Şemşat Kasymowanyň çykyşy, Maýagözel Annaýewanyň çykyşy maňa ýarady. Şemşat üýtgeşik zehinli aktrisa, her aýdýan sözi, elleriniň hereketleri, onuň çekýän jebrini onuň synagda başyndan geçirýän agyrylaryny beýan edýär. Ol özi ene bolup bilmeýänligi üçin, edýän hereketleri haýran galdyryjy. Men bu aktrisanyň dünýä sahnasynda, islendik Ýewropa teatrynyň sahnasynda çykyş edip bilmegä zehini bar, diýibilerdim. Toparyň örän güýçli ussat artistleri bar, ählisi babatynda hem aýdýaryn. Olaryň juda işlenen plastik hereketleri hem-de juda jaýdar goýlan sesleri bar. Bu erkek adamalryň sesi abrada has içgin aýdýaryn, juda ussat, ussat... Geýimler haýran galdyrdy. Maestro diňe bir Ýewropa üçin däl-de eýsem, Orta Aziýa üçin hem juda täsirli seçimdir. Her saýlanan eseriň gelejegi hakda oýlanýar. Häzirki döwürde bolsa, Belorus dramaturgiýasynyň esasy aýratynlyklarda beýlekilerden has öňde barýandygyny belleýär. Döwrebap belorus sahnasyny öz režissýorlyk gözeneginden geçiren, öz ýoluny tapan sahna eserlerini esasy köp belleýär we bu ugurda köp işler alyp barýar. Bu gowulyga tarp diýip, ekspert belelýär. Ýewropanyň teatrlarynyň bolsa, bu günki gün öz-özüni “bejerýändigini” belleýär.Onuň garaýyşlarynda: “Esasan täsirli spektakllar goýy , agyr hem-de özüne çekiji bolmaly”. Hem şol sebäpli-de milli spektakllar gowy görülýär. Täze dramaturgiýany ýola goýmak, ony tomaşaça “çümdürmek üçin” wagt gerek bolýar- diýip, ekspert belleýär. Teatrlara täze adamlar gerek, täze ideýalar gerek. Şeýle-de Warşawa uniwersitetiniň doktory Ýewropa teatrlarynda polýak teatrlarynyň has öňe sürülýändigini belleýär. Özem tersine bu ýerde dramaturgiýadan üstün çykyp, täze bir eser döretmek usullary, ýagny aktýerlaryň hem-de rejissýerlaryň kömegi bilen anyk berilen ideýany baýlaşdyrmak üçin imprewizasiýa usuly ösmäge başlady. Üns merkezi mydama eseriň has goýy mazmunly bolamgyny gazandyrýar. Aýratyn pursatlar hakda aýdýaryn, men muny. Haçanda waka milli äheňe geçeninde has özüne çekiji bolýar. Şu günki gün teatryň özgerişi dünýäniň özgerişi bilen gönüden-göni abgly bolmalydyr düiýip düşünýändgini Maestro öň bir gezek söhbetimizde aýdypdy. Ine dünýä, Alynyň ala meýdany saňa!Şol sebäpli-de döwrebap dramuturgiýa eserleri gerek. Andreý Moskwiniň “Belorus pýesalarynyň täze antologiýasy” atly kitaby boýunça geçirilen festiwal hem belorus teatrlaryny üns merkezien çekdi. Ol polýak teatrlarynyň häzirki döwürde dramaturgiýadan ýüz öwürýändigini yzarlaýandygyny belleýär. Çünki rejissýer hem aktýer impriwizasiýa arkaly täze öz duýgularyna görä spektakl döredýärler. Bu ýerde men rejissýerlaryň özlerini görkezmek isleýändiklerini, awtorlyk materialy işlemeýändiklerini, öz pikirlerini tomşaça ýetirmekçi bolýandyklaryny duýýaryn. Gowymy, erbetmi bu ýagdaý belli däl.Şeýle teatralryň hem muşdagy bar. Ýöne dramaturgiýanyň tarapdarlaryna beýle spektakllar gyzykly däl. O.B: Goşýaryn: Teatr janly dünýä. Janly dünýä bolsa, ösýär. Özgerýär, çünli onuň tebigaty ondan şony-ýagny ösmegi talap edýär. Teatrda senografiýanyň azlyk edýändigi hakynda aýtmagy bilen hem; 2. Artistlere däl-de bezeglere has köp üns berilýändigi hakda aýdýanlary bilen hem; 3. Dramaturgiýanyň dürli hili bolsa, gowy boljakdygy hakynda aýdýany bilen hem; 4. Awtoryň pikirine rejissýerlaryň girjek hem bolmaýandygy hakda aýdýanlary bilen hem ylalaşýaryn. Çünki janly ORGANIZMIŇ HEREKETLERINE teatr eksperti hemişe gerek. Oguljennet Bäşimowa: MAESTRO- kärdeş, sizi ähli üstünlikleriňiz bilen gutlaýaryn. Siziň sahna edebiýatynda alyp abrýan işleriňizde biziň hem ýanyňyzdadygymyzy unutmazlygyňyzy isleýärin we TEATR atly jadyly dünýäniň söhbet giňişliginde SIZIŇ ýaly dünýä meşhur doktor, professor bilen söhbetdeş bolmak bagtynyň miýesser bolandygyna juda begenýärin! Ýoluňyz ak bolsun! Türkmen sahnasyny hem dünýä ýaýmakda siziň galamyňyzyň bir ujunda durjak drama eserlerimiz SIZE garaşýar! Andreý Moskwin: - Sag boluň! Men Türkmen sahna sungaty barada ýazmakçy! Size-de üstünlik! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |