14:15 Amuldan Şotlandiýa çenli | |
AMULDAN ŞOTLANDIÝA ÇENLI
Teatr we kino sungaty
• kitapcy.ru üçin ýörite söhbetdeşlik ...Bir kiçijik obada, ýyljajyk öýde asly otparazlardan bolan şaman öýdäki pejini ýyladyp, ýorganyň içinde ýatan çagajyklaryna guwanyp seredýärdi. Olaryň näçe çagadygy görünmeýärdi, ýöne oglanjyk bilen gyzjagaz bardygy-ha çyndy... Ol oduň ýagtysyna ogluny synlaýardy. Belki bu ataş onuň ýüreginde ýanyp durandyr, häzir... Gözlerini ýyltyldadyp, ýatman eken, oýa... Kakasynyň özlerine seredip oturşyny göz astyndan synlap ýatyrdy. Oduň kölgesi tama düşüp, ojakdaky diwarlaryň üsti bilen uzaýardy-da göýäki derwüş tanslaryny edýän Zaranyň egindeşleri kibi hereketdediler... Semamy, ritualmy, ýa-da başga bir zat, garaz oglanjyk ony seljermeýärdi, diňe bir-birine meňzeş däl şekilleriň hereketlerine seredip, aýratyn pikirlenýärdi, “bir-birine meňzeş däl nädip edip bolýarka? Bu hereketleri kim edýärkä?” Kakasy hut Zaranyň özi kibi oduň başynda kiçjik göwresini ýylatmak üçin çalaja ýylgyryp, günbatara tarap bakyp duran öýüň içi bilen oglunyň gyzgyn deminiň oýalykdaky demdigine göz ýetirdi... Olar entegem tans edýärdiler, semamy, ritumy, başga bir zatmy belli däldi, belli zat olaryň bir-birege hiç meňzemeýän hereketleridi... Oglanjyk 1959-njy ýylyň 29-njy awgustynda Amul boýlarynda türkmen obasynda ünýä gelipdi we bir otparaz derwüş gojanyň oglydy, asly hojalardandy, (aýdylyşy ýaly halk arasynda...) Daşkendiň teatral-çeper institutyny gutaryp, öz topragyna dolanan režissýoryň ilkinji sahna gelen günlerinden türkmen sahnasyna siňdiren yhlasy hakda şol sahnadaky eserlere gatnaşan artistler ýyllar geçse-de agzyndan düşürenok. Nijeme gürrüňlerden söz açylsa-da onuň goýan spektakllarynda ýuwaşjadan baryp, köne TYUZ-yň tomaşaçylar zalynda 9turyşym, Maestronyň şol wgatlarky repetisiýasy, haçan kowuljagyň belli däl, oturgyçlar, bir zatlar ýazjak bolup, onuň işine üns berşi ýaly, seniňem sahnada edilýän işe üns berjek bolşuň, hem tejribesiz hem ýaş, bir zatlar ýazasyň gelmesi onuň sahna bolan yhlasy hakynda häli- häzirler hem aklymda... Göýäki bir kinolentadan geçýän ýaly diýýärler-ä, ana şo kibi... Maestro örän zalym nazary bilen işi berk tutardy. Artistler “Jyňkyny” hem çykaryp bilmezdi, emma arakesmä çykarardy, olary welin, nädäýersiň edil öz deň- duşlary ýaly bile çaý içip, kofýe içip, olar bilen gülüşer oturardy, belki artist halky ýalta bolmasa, Maestro-da oalry berk tutmazdy diýip, gaty dogry oýlanar ekenim şonda, iki hili boluşlaryny görüp... Bu lenta meniň öňümde nijeme gezek gaýtalandy... Otuz ýyldan hem köp wagt geçdi, Maestronyň repetisiýalarynda entegem men bar, onlaýn repetisiýa bolsun, bir ýere gitsin, hökman şol teatryň “penjiresiniň bir ýerinden men jyklaýan” Ony öwrenýän. Belki-de otuz ýyl biri seni synçy hökmünde yzarlap, işiňi seljerip, kä tankytlap, käte- de öwüp ýörse ýüregňe-de düşmegi mümkin... Ýooo ol beýle däl, her gzek täze sahna hakynda meň soragyma ýaltanman jogap berýär, belki-de maňa bir gezek “Teatr hakda köpräk ýaz, häzir her kes, her kes teatr hakynda ýazybam baranok” diýen sözi üçindir diýip, pikir hem edýän... Ýöne şondada-da ol diýmese-de “Men şol gidip barýan, bir derwüşiň, torbasyndaky teatr haçan açylar diýip, belki oňa-da şu günüň tomaşaçysyz teatrlary üçin gerek bir jurnaliste çenli ädimleri ýadadýan däl bolara çemli... ...Suwdan Hunlaryň ýasan gamyş gaýgynda, dagdan bürgüt ganatlarynda, ýelden Mirhaýdaryň gujagynda,çölden Mejnunyň kölegesinde, Şäherlerde derwüş torbasynyň içinden ýöräp barýan kiçijik göwre tä ki dünýäniň ençeme teatrlarynyň sahnasynda baryp torbasyny açdy,torbasynyň içinden çykan Şekspiriň “Korol Liri”, “...” “...” “...” “...” Frida Kalo çenli... Guwlar aýdymyna çenli... Nokat kän, sanasaň... Her geçen elementiniň üstünde DNK syny barlap geçen Maestro hiç ýitmedi.Ol teatr dünýäsiniň başyna her gezek “Täze oýun saldy” TäZe çemeleşiş, dünýägaraýyş, täzeçe iş, täze pikir döremäge meýdança... Ine, onuň baş maksady ŞU... Derwüş torbasynyň içinden çykýan “gurjaklaryňdyr, maskalaryň, matalaryňdyr, sesleriň, pikirleriňdir, xüşünjeleriň, täzleikleriňdir, çöwresini görüşleriň” yzy üzülmez sany köpeldi. Her çykyp gaýdan teatrdynda-da haýran galaýmaly, ol torba kiçijik bir derwüş torbasyna öwrüläýýärdi. Şonça dünýäni içine ýerleşdirip duran torba näme üçin Maestro goşlaryny ýygnap, täze bir gözleglere ýöräp başlanda kiçijik bir torba öwrülýärkä?” diýip, men kän pikirlendim. Ýöne nemä üçindir onuň her gezekki alan altyn baýraklary,torbasyny dolduraýjak ýaly bolýar... Her gideninde ol duralgadan bu duralga çenli eglenen ýerlerinde torasyna salan altynlary torbany gaba saklaýjak ýaly welin, düýbünden tersine... Maestro gidip barşyna torbasynyň gün geldikçe näme üçin kiçelýändigine indi göz ýetirdim...Ol durmuşyň, dünýäniň , adamzadyň ýaşaýşyna degişli material dünýäniň, gerekmejek pikirleriň ählisinden saplanyp, şu giň dünýede öz başaranja işini edip, gidip barýar. Ol saplanýar, ol ähli dünýäniň altynlaryndan, kümüşlerinden, kelläňi agyrtjak pikirlerinden saplanyp barýar, torbasy şonuň üçien hem kiçelýän bolmaly. Ol diňe togarlanyp barýar... Ýöne yzyndan bir ýagtyja inçejik ýoda goýýar... Haçanda kimde kim meni gözleýän bolsa, şu ýodadan torbasyny egnine asyp gelibersin diýýär belki- de... Elbetde torbasyndaky altynlary paýlap, ony gün geldikçe kiçeltmek isleýänleri çagyrýandyr meger... Bu onuň meniň ony tanaýan günümden bäri gözlerimde çekilen janly keşbi... Ýoluň hiç wagt soňlanmasyn MAESTRO! Maestro –hem jellat hem ajalyň sazyny çalyjy, ol aktýerda öz spektaklyna getireninde öňki rollarynyň janyny alýar-da, özünden başga bir rol çykarýar, pikir edýärsiňiz rejissýer özünden? Ýooo... Ol aktýoryň özünden başga bir “Men” çykarýar... Ine, bu has başga, şonda teatryň tomaşaçysy bolsun, bolmasyn, tapawdy ýok, gidip barýar, ne öňe, ne yza... Emma ýöreýäni bildirmeýän Ýer kibi onuň jellatlygy... Okaýar, öwrenýär, ol özündäki Medeýany nijeme gezekler, nijeme milletleriň sahnasynda, nijeme hili edip sahnalaşdyrdy... Nijeme... Howwa... Nijeme... “Medeýa” nijeme gezek Medeýa boldy. Onuň içindäki “Medeýalaryň häsiýeti hiç tükenmeýär, çünki ol her bir gahrymanyna şol bir eşigi geýdirip, şol gidip barýar, gidip barýar... Medeýa Oýgul Halilowa, Bendi- Nabi Bobojanow… Müň bir gezek eden söhbetimizde-de şol bir zat bardy: Ýol nirä barýar? Men özümi gözleýärin. Sungatyň menziline gadam basan ädimleriň üstünden öz ädimiňi basmak we şol ädimlerde täze bir nagyş goýmak her kese başartmaýan dünýe bi. Iliň eden işiniň üstüne öz möhrüňi basmagyň hiç wagt hem edilen işçe bolmajakdygyny belki gadam basanlaryň özleri hem bilýändir, görseň... Belki-de bilýän däldir... ...Penjireden seredip durun, Maestro “Hamiliýon” teatrynyň içinde iki sany aktrisa hem-de bir artist bilen sahna taýýarlygyny görýär, olar hat-da taýýarlyk hem däl, hut spektakly görkezýärdiler, hat-da tomaşaçysyz spektakly görkezmek bilen kanagatlydylar. Aslynda dünýä ýüzünde nijeme teatrlar häzirki döwürde işi artistler bir- birine adrenalin bermek üçin edýär. Ýagny tomaşaçysyz teatrlar bar. Olarda artistler bir- birini derejesini deňemek üçin işleýär, eger-de deňelen dereje biri beýlekisiniňkiden pes bolsa, onda hiç arrygyňy gynap oturasy iş hem ýok, teatryň ösüş derejesi diýmek tomaşaçysyzlyga çenli... BU häzir diňe Ýewropada... Emma ol bir “wirus” ýaly zat, eger-de hakyky düýbüne “diň salsaň” teatr bir aktýerly, iki aktýorly hem bolupdy, ahbetin... Maestro şol synaglaryň hemmesini geçdi. Türkmenistanda ilkinji gezek “Awara” teatry açylanynda (1996-njy ýyl) belli aktýer bilen belli rejissýer bardy. Şol teatr bir aktýerly teatrdy. Ol ýerde “Korol Lir” spektakly sahnalaşdyrylyp, Ýewropa çenli gitdi... Baýrakly orunlara –da mynasyp boldy, emma meniň sözüm bu zatlar hakda däl, meniň sözüm bu gün teatryň ýeten derejesi hakynda , özündäki güýjüň tükeniksizliginiň içinden getirilen uç hakynda... Ýüpüniň ujy hakynda... Elbetde her bir zady her bir zatdan bilip bolýar... Kiçijik zatlardan uly zatlaryň himiýasynyň öwrenilişi hakynda aýdyp bolar , ahbetin... Bu gün teatrda haýsy tomaşaçy üçin oýnalýar. Haýsy üçin spektakl görkezileninde hem pikir alyşmak üçin goýulýan spektaklary bar, Maestroň... Ol haýsy ýerde goýsa-da ol iş hakynda pikir alşyp bolýar, ol synag edýär, entegem... …Aslynda ol her gezek torbasyndan çykaran uly goşunyň içinden geregini saýlap, sahnada goýýar- da şondan soň hem özüni arçaýar eken, arynýar eken” Ine, onuň baş maksadam arassalanmak, arynmak. Özüňi täzelemek, dünýäniň gerekmejek ýükünden tämizlenmek... Pikir, material... Tapawdy ýok, dünýäniň gerekmejek ýükünden... Ol tämizlenip barýar. Belki onuňky dogrudyr. Çünki Karun: “Men gidenimde iki ellerimi açyp, öwlüýä meni gömmegä äkidiň. Goý, adamlar meniň jesedimi görenlerinde bu dünýeden hiç zat alyp gidip bilmejeklerine göz ýetirsinler”diýip aýdýar. Maestro bolsa gidip barşyna heniz dirileriň gürrüňinde eglenýär. Dirikäň mätäje nan bermek, ykballary gowulyga özgertmek, dünýäniň agyrysyny öz ykbalyňa çatmak,material dünýäniň bagryndna sogrup gazananlaryňy nämäniň hasabyna gazanandygyňa özüň göz ýetirmegiň hakda oýlandyrýar. Haýsy teatra baryp, nirede "torbasyny" açyp başlasa, onuň içinden näme çykarka?” diýip, garaşýaň. Ol torbadan çykjak zat beýlebir geň galdyrmaz, emma ol zat öz her kişiniň öz aýdymyny özüne aýtmagyna mümkinçilik döreder. Ol torbadan çykýan personajlaryň haýsyna nazaryň düşse, olarda Şekspiri, Eshili, Sofokly, Çehowy... Onuň eseriniň gahrymanlar bir gün samolýeda bilet alyp durandyr, bir gün bolsa, çölde Mejnunyň yzyna düşüp, haýwanjyklaryň ählisini üýşürip, olara koşnaý- saz guralynda saz çalyp berip oturandyr. Olaryň biri gurjakdyr, biri aslynda ýönekeý kelledir, ýene- de biri pygamberdir... Şeýdibem işe başlar... Daşky dünýäniň gurluşyny öz ruhundan aýyrar-da diňe torbadan çykan eseriň ruhuny sintezlär öz dünýäsine... Wagt geçer... Täze iş başlanar... Ol hem dostlaryna jaň edip başlar... Torbasyny ýygnaýandygy hakda, başga çöle, başga deňze, başga daga, başga şähere gidýändigi hakda aýdar... Tomaşaça goýar galan zatlary... Sahnanyň özüne taşlar... Onsoň bir görseň sahnadaky gahrymanlary bilen bir jan bir tene öwrülen artistler suwsuz teşne kibi ilki dadan akabalaryndan ganarlar-da soňra torbasyny ýygnap ýola düşen derwüşiň zaryny çekip, aglaşar ýörerler... Bir gapdaldan tomaşaçylar, bir gapdaldan hem teatr tankytçylary gyjynar ýörer, “Indi näme hoka çykararka?” diýip... Bu onuň ömrüne mahsus zatdyr... Bu onuň üçin gündelik ýaşaýyş... Ol şeýdibem torbajygyny egnine atar- da o samolýetdan bu samolýeta, dünýäniň bir şäherinden beýleki bir şäherine, bir kontinentinden beýleki bir kontinentine tarap, derwüş torbasy bilen ýola rowana bolar... Şeýdibem bir torbanyň içine ýüzlerçe ekspermental teatryň personajlaryny , tomaşaçylaryny, artistlerini , teatr tankytçylaryny salyp, ýol boýy gidip barýar... Onuň sahnalaşdyran eserlerinden: “Ummasyz pul”, 1986-njy ýyl,” Bir zatlar etsene” (Eziz Nesin) 1988-nji ýyl,“Deňiziň gyrasyndan ylgaýan köpek” (Çingiz Aýtmatow), “Pygamberler nalasy” (Tomas Mann) 1991-nji ýyl, “Tozanlykdaky zenan” (Kobe Abe) 1988-nji ýyl, “Asman giňişligindäki adada söýgülilieriň ajaly” (M.Tikamansy - Bişkek, Gyrgyzystan 1996- njy ýyl, “Behi düýşler” (Timur Zülfikarow), “Salomeýa”, “Kiçijik şazada” (London), “Gar patyşasy” (London), “Jelaletdin” ... (Türkmenistan) “Söýgi döýgi däldir” (Gazagystan), Kanibadam, “Jassahna” , “Ilhom” Artteatre... Sanasaň sogaby bar...“Salomeýa” O.Uýld “Ilhom” (Özbegistan,1998), “Zagpyran şal” Karşy (Zülfükarow), “Hytaý zenanynyň syry” Karşy, "Guş tili” (Özbegistan) (Alişir Nowaýy) Şu güne çenli belki- de teatry durmuşdan, durmuşy teatrdan aýyrmagyň usullarny gözlän bolsalar hem indi, Maestranyň usulynda ol sahnany öz usullarynyň içine salyp, isläniçe perdelerini ýyrtýar, ýamaýar, bitewileşdirýär, kamatyny sazlaýar, şeýdibem goja zeminiň üstünden göýäki ilkinji oýlanyp tapylan araba kibi, ýüküni göterip,ýene- de täze gözleglere tarap “gidip barýar” Şekspiriň sýujetlerne täze bir personaj salyp, goýan sahnasyndan Eshiliň originallygy görnüp duran, modern stiliň durmuş kybap ýakynlygy sahna bu günki gün täze keşbini tapmaga “ kömekleşýär” Bir gün goýan sahnasynda ýeriň ýüzüni suw alýar, beýleki bir gün adamlar öz ruhlaryny edil çüýşe gyýçaklary deýin toplaýar, ýene bir gün täze zatlaryň yşgyna düşdügini bildirtmän zeminiň üstünden derwüş torbasy bilen döwürdeşlerniň sesine aýak goýup barýar... Bu obrazyň siziň gözüňiziň öňünde janlanmagy üçin nijeme jan çeken teatr tankytçylarydyr, teatr rejissýerlary bar. Olaryň tigirlenip barýan arabanyň ýoluny bir sekunt hem gözden sypdyrmaýanlyklarynyň sebäbine düşünmek üçin türkmen rejissýerynyň sahnalaşdyran eserlerini görmek ýeterlikdir. Garsiýa Federiko Lorkanyň “Ganly toý” sahna eseri, “Ilhom” (Özbegistan 2002), “Raksu Samo” (Nowaýy, Karşa Özbegistan) “Bars bek” (Gyrgyzystan, Bişkek), “Kain Abel” Dj. Baýron, (Karşi Özbegistan), “Edip” 2003, “Parasatly Natan” Lessing (2003, Taşkent, Özbegistan), “Korol Lir” (Lwow Ukraina 2014) “Medeýa” (Seneka, Ýewripid) “Frida Kalo” (2018, London, Welikobritaniýa), "Persy” Eshil Indiýa, Deli (2013).... ýene, ýene, ýene... ...Teatr dünýäsiniň täze köprüsiniň çyzgysyny çyzyp, taslamany yzynda goýup barýan rejissýeryň ökjesini basjak bolýan adam görünmeýär, gynansak-da... Belki- de ol giň jahanda ýekedir... Belki- de onuň pikirdeşleri millionlarçadyr we olar teatr “ümsümliginiň” içinde onuň ýakjak fonarjygynyň ýagtylygyna garaşyp durandyrlar... Her gün müň bir pikirde oýanýan älemiň düzüminden çykyp, özbaşdak sungat döredip bilmek, ol sungaty durmuşa originallygy bilen gaýtaryp bermekp, edil dünýe bilen bile bitişen ýaly edip atarmak her kişä başardýan zat däldir. Käbir adamlar muny öz edenlerine- de ynanmaýarlar. Käbirleri bolsa ony etdimem hasap etmeýärler... Bu bolsa hakykatdan hem şeýle... Sahna we Durmuş... Teatr we Durmuş teatry.. Şu iki perdäniň arasynda gezip, olary aýyl- saýyl etmek käte, käte- de birleşdirip goýbermek, göýäki bir ädikçiniň ýüz asyr bäri neberelerine goýup giden hünärini dowam etdirýän deý, jogapkärli, çylşyrymly, mähirli hem- de kämildir... Festiwala gatnaşan beýleki spektakllaryň içinde özboluşly saýlanyp duran bu iş şu günüň tomaşaçysyny hiç çetde galdyrmajak temalara ýüzlenýär. Kanibadam şäherinde ýerleşýän T.Fozilowa adyndaky teatrda sahnalaşdyrlan bu spektakly London şäherinde ýaşaýan türkmen rejisserynyň onlaýn usulda rejissýerlyk etmesi artistler üçin ýene bir gezek täze synag boldy. Olar üçin täze mekdep boldy. “Guwlar aýdymy” Bu aýdym kimiňki? Bu aýdymda zehinleriň içki sesi. Guwlar aýdymy çyn zehiniň ýürekden çykan sesi. Şol sese ýasama sesleriň garylmazlygy we guwlaryň gök asmanyň çür depesine baryp gygyranda çykýan gaýtalanmajak sesi, onuň iň soňky aýdymy bu zatlaryň hemmesi spektaklyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Spektaklyň dowamynda haýsydyr bir giňişligi tutup barýan ýönekeýje bir bürgüdiň guwlaryň çyn sesine berýän päsgeli we ol gorkunç giňişlikde guwlaryň heläk boljagy barada mesele gozgalýar. ...Dünýäniň gadymy taglymaty ynsanyň ýüregne ýekeje tisginme berýän bolsa, onda hökman şol ynsana bir zatlar düşündirip bolýar. Teatr sahnasynda meseläniň hakyky ýüzüni gözlemek eýýäm 21-nji asyryň iň modern rejissýerlarynyň biri bolan Öwlýaguly Hojaguly üçin ýoň bolupdyr. Sahnada diýjegiňi diýip, aýtjagyňy aýdyp bilmek, Şekspirden miras galan bolsa-da bu gün modern sahnanyň üsti bilen täzeligi aýtmak, ýa-xa klassykanyň üsti bilen modernizasiýalaşdyrmak usullary teatr dünýäsiniň täzelikler gözleýändigini üçindir megerem... “Guwlar aýdymynda” aýdyljak bolunýan pikir hem ynsanlaryň şu günki teat meselelerine real göz bilen garamaklary, ol garaýyşlardan netije çykarmaga çagyryş, ynsan gymmatlyklarnyň ýitmesine ýol bermezlik we şol ýoluň ugrundan barýarkaň, heriňde bir goşant goşmaga zat bolmagy... Muny sahnanyň üsti bilen tomaşaça ýetirip bilek... Bu yzy üzülmeýän meseleleriň içinden baş alyp çykmak üçin hem- ä teatr dünýäsiniň içinde bolmak we onuň täzelikleri bilen her gün garşylaşmak we durmuşyň bu günki meselelerne göz ýummazlyk ýaly şertler gutulgysyzdyr... Kanibadam... Sen kiçijik hem ýönekeýje şäher. Bir burçuňda mundan ýarym asyr (belki-de bir) öň gurlan ýönekeýje teatr saraýy. Onuň içinde ýatan, teatr dünýäsi bilen ýaşaýan, emma diriligini elden beren sungatyň wepadarlary Farruh we beýleki artistler... Olaryň üçüsi- de Maestronyň janköýerleri. Bir ýerlerden tankytçylaryň sesi, beýleki bir ýerlerden Maestronyň täze işleri barada makala ýazmaga garaşyp oturan Men... Ýene bir ýerde bolsa, Orta Aziýanyň ruhyndan göçen boş sahna... Hany sen nirede? Boş sahnany doldurmak keýpi kime galypdyr... Sahnada peýda bolan personajlaryň hersiniň öz dünýäsi bar. Olar döwrebap ýaşamaga uýgunlaşjak bolýarlar. Ol hem ýa bolar, ýa-da ýok... Şeýdibem ýekejeden -ýekejeden gidip barýan guwlaryň sesi biziň içimizde täze ýangyn döretmek üçin eşidilýän ýaly bolup dur... Sahnanyň ýüregi bolup urýan tema häzirki gün teatr dünýäsiniň müň ýyl ozal ýakan odunyň uçgunjyklary. Şol uçgun bilen ýylanjak bolýan ýigitler Maestra ýüz tutanlarynda bir mahal häýran galypdym. Bu iş eýýäm janlandy. Indi ol sahnada tomaşaça hödürlenen gününden beýläk ýaşap başlaýar, diýmek ony bu günden beýläk ýaşatmak üçin şu güne çenli getiripdirler... Kesgitli bir gürrüňi aýtmazdan ilki hökman spektakly görmeli. Asla onuň stilinde artist hem tomaşaçy hem dünýägaraýşyny sazlamak... Onuň niýeti hem şol ynsanyň öz içindäki düýbüni görmäge çagyrýar her gezekki artistlerne- de tomaşaçylarna-da şony çelgi berýär. “Şol sebäpli- de biz onuň işleriniň kämilliginde öz kämilligmizi görýäris” diýip, haçanda onuň işleşen artistleri bilen söhbetdeş bolanyňda aýdýarlar. Sahna bilen iş salyşmak bu gün Amulyň gyrajygyndaky kiçijik obadan we hiç wagt teatr bolmadyk obadan gidip, Ýewropada tomaşaçyny aňk edýämek her rejissýeryň başarajak işi dlä, teatr sahnasynyň güýji hakynda aýdylanynda. Maestro bir gün Gazagystandan çykýar, bir gün Şotlandiýadan, Anglýada onuň işleýän teatry bar: “Hamilion” rus teatrynyň sahnasynda “Gar koroly”, “Kiçijik şazada” ýaly eserler sahnalaşdyrdy. Şol gidip barýar. Onuň asla durma niýeti ýok. Elinde duran sahna torbasynyň içinde gelejekde nijeme personaj çykar, meger ony özi hem bilenok. Ol diňe gidip barýar, tä ki şu dünýädäki gadamlarynyň ählisini teatryň ruhunda görmegine çenli. Ol nijeme menziller geçdi. Ýöne türkmen adyny hiç unutmaýar, her gezek salamlaşanyňda-da türkmençe salamlaşýar, hiç dilini hem aýnatmaýar. Ine-de günler geçdi. Maestronyň sahnalaşdyran “Guwlar aýdymy” spektakly “Parastu-2021” teatr bäsleşik-festiwalnyň “Gran Pri” baýragyna mynasyp boldy. Elbetde kiçijik şäheriň kiçijik teatryndan Ýewropanyň iň gözel şäherine uzan ýodalar boşuna gitmedi. Boş sahnanyň biri doldy,ikinjisi hem dolmaga taýýarlanyp başlady... Üçünjisiniň hem bardygy barada gürrüň edildi... Täze teatr eýýäminiň köprüsini guran režissýor bolsa gadymky arabasy bilen derwüş torbasyny egnine atyp, öz ýoly bilen ýene- de gidip barýardy... Şol arabanyň yzlary ýiten tozanly ýodadan inçejik çyzyk çekip tigirlenip barýardy... Yzlar garaňkylykda- da görünýärdi... Sahnanyň täze köprüsinden geçjek täze zamanyň artistleri we tomaşaçylary goý tanap goýsunlar... Bu köprüniň çyzgysyny çyzan režissýoryň arabasynyň yzlary bi... Bu gün täze sahnanyň yşgynda Maestro. Ol bu gün älemiň global meseleleriniň üsti bilen hemişeki bolşy ýaly sahnanyň üstünden ynsanlara özlerini açyp görkezýär. Ol bu gün mukaddeslik, ynam, mähribanlyk hem-de ýakymsyz duýgularyň näme üçin döreýändigi hakda müňýyllyklardan gelýän sowala şu günüň sahna eseri bilen jogap bermek isleýär, ýagny özi ýazýar, özi goýýar, özi saz, eşik, ähli zadyny tasa getirýär, munuň üçin Ýewropada aňk edip boljak sahna oýnuny döretmek üçin “ýanyp duran” meselelerinden başga-da ýene-de köp zat gerek. Ynsanyň durmuşy gözleglerden ybarat bolanynda ol gelejege tarap okdurylyp barýan bir ak ata meňzeýär. Çünki onuň ömrüniň esasy bölegini tutýan zatlaryň biri gözleg. Ol gözleglerde dörän hak ýollary ony gelejege tarap batly ädimler bilen äkidip barýar. Türkmen sahnasyndan dünýä sahnasyna torbanyň içindäki teatry bilen gidip barýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |