14:02 Kim göwnüñe degdi Medeýa? | |
KIM GÖWNÜŇE DEGDI MEDEÝA?
Oýlanmalar
ýa-da Ürgeniñ sessiz pelekleri... Ýewripidiň ýüregniň haýsy urgusynda gaýnadyň, men bilmedim... Ýöne Sen husussyz älemleriň içinden çykyp geldiň... Ýollaryň rowan, dişleriňde gyjynma galmasyn diýip, seni watana ýakynlaşdyrjak ýodadan ýöretsegem ol ýodalary çöl basypdyr... Elleriňe ürgende geçen “çöl gämisiniň” çalyndan köpürjikledip beren bolsagam, barybir seniň içiň sowamajakdandy... Ah kim göwnüňe degdi, Medeýa? Eýsem-de pelekeriň nogtasyndan sypyp, iki gämigiň arasyna sadylla bolýan dartyş güýçlermi? Ýa-da... ol ýollardan geçip, sallançaga baran janlar? Sen özüňi “perzende derek pida etmeli” diýen jahan tejribesinden habarsyzdyňmy ýa? Nije ýyllar geçse-de režissýor Öwlüýäguly Hojagulynyň “Medeýa” spektakly hiç ýadymdan çykanok: Kalbyň kapasa ýakyn bolşy ýaly, menem saňa ýakynlaşýaryn... ...Ürgeniň sessiz pelekleri... Ýewripidiň akylly gurjaklary... Maestranyň hiç durman urýan ýüregi, biz seniň bilen wagtyň eline ýesir düşüp, gidip barýarys... Çal sazyňy sazanda: Gadymy, şol gadymy heňlere ulaşsana, goý eşitmedikler eşitsin, ulaşsana görküni janlara pida edenleriň ahyna... Zenan başlangyjyna ulaşsana, ol başlangyjyň baglarynyň gopuşyna ulaşsana, ulaşsana bir... hany ýöre... ýöre... bar git, görýärmiň nähili agyrýar... biwepalyga kesel däl diýjegem bolup bir gör onsoň... Sesleriň içi bilen ürgeniň sessiz pelekleriniň hereketlerne dürbüden göz aýlaýan... Göwresi zeminiň bir bölejigi ýaly, gözleri kim bilýär haýsy asyrdan galypdyr, köp ýyllar bäri ýylgyryp görmedik, ahwaly illeriňkiden agyr bolsa-da iliň derdini egnine alan ýükçi bir astrolog—sen ýyldyzlara haýsy gapdaldan seredeniňde- de olary beýleligne öwrüp bilýäň ahbetin... Men muňa ynanýan... Ürgene seret: Kiçjik gözleriň içinde pelekleriň mäjumyny öwrenýärsiň, şeýle dälmi, Maestro! - Gazyber! Masştaby boýunça her saparky ýazylan kyssadan soň maňa taglymat berýäň! Men seniň baryp gaýdan nokatlaryňa barmadym, ýöne men olary astrologyň ýanynda duran astronomiýa sapagynyň okuwçysy ýaly görjek bolýan. Dürbüden peleklere bakýarsyň, Maestro, sen analiz bilen, men bolsa, şahyryň gözi bilen: men olary ulaldyp görmäge çalyşýaryn, pelekleri, sen bolsa, öz görşüň ýaly üýtgedip görmäge, şeýdibem sen olary öz görýän nokadyňa getirýänçäň sahnadan ümsümlikden sesiň baky damarlarna çenli äkidip barýaň! A biz seniň yzyňda... Haçan astrologiýa sapagy bolar ýene! Sen ürgeniň müň ýyldan geçilmesiz menzillerini ýeke wagt ülşünde neneň geçip bilýärsiň! Ädimleriň zamanyň ädimlerinden çalt, pikirleriň wagtyň we ýagtylygyň tizliginden tiz, duýgyň ürgeniň erginligindäki ähli gyzgynlyklardan gyzgyn, sesiň bolsa, ah sesiň bolsa... “Nirä ýakynlaşdymkam?” diýdirýän tükeniksiz giňişligiň içinde mejnun edip taşlaýan bir bag... Ony haçan beýle hala getireniňi- de hiç kim bilmeýär ahbetin, seniň... Dabanyň aşagyndan çykýan ot dünýäniň ýüzlerçe aktrisa zenanlarynyň ýüregini ýakyp, eline berdi. Tankytçylar serhoş galdy, sahnadaky işiňi görüp, tomaşaçy bolsa, öýüne gidip barşyna gymmat baha tylla ýüzügini satyp, mätäçlere çörek paýlady, öýsüzlere elindäki aristo zontigini uzatdy, ýagmyrda ezilen ýüreklere saýawan bolmana çalyşdy, gidip barşyna ýetmiş ýaşynda ilkinji gezek ýagmyr ýagan topragyň kokuny duýdy... Sen entegem ürgene dürbiniň gözünden seredip bir zatlar pyşyrdap dursuňmy, Maestro! Egniňdäki kendiri Gilgameşiň zarbyna çydaman, tokaýda Humbabadan gorka-gorka ýyganlaryndan hem habaryň bardyr, olara hormatyň üçindir belki, Aýagyň aşagyndaky salomkadan dokalan bagjykly hokgany müň ýyl ozal gadym tokaýda haýsydyr bir ynsan oýlap tapany üçin, oňa bolan hormatyň has aýratyndyr, belki şol sebäplidir, ýeriň üstündäki garynja seredip ýöreýşiň... Türkmeniň “Garynjany basmaga dözmeýärdi” diýen ynsanlaryndandygyňy biz bilýäs ahbetin... Ah Medeýa... Sen biraz ir dogulaýdyňmy? Ýewripidiň döwürdeşi bolmak saňa hökmanmydy, indi seret häzir biwepalygam moda bolup barýar... Maestro dürbüden görýän zatlarynyň baglaryny çözmäge başlady: - Ilki çekdim, baglary çözülmedi sahnanyň, birnäçe gezek, her gezek düwmani çekenimde göýäki artistler sahnanyň aňyrsynda maňa garaşyp duran ýalydylar, men görmäge geldim, hany duruň-la... Bu sessizlik nirden geldi, sesleniň, kimdir biri bardyr ahbetin, bolaýmaly... auuuuu. ...Dürbi döwülüpdir! - Mümkin däl! ...Çyn şol - Maestro? ...Otur! Garaňky burçda bir oturgyçda oturan ýerimden sessizlige diň salmana başladym: - Haçan başlanarka? - Çüşşşş. Sahnanyň başlangyjy nirde, aýagy nirde düşer ýaly däl!Ürgeniň pelekleriniň sessiz ümsümligi ýüregmi ýaryp barýar... Köşeşýärin... ...Aylan perdeleriň içi bilen... Ýewripid gelýär: - Dur! Ýuwaş bol! Gözleri çöňňelipdir, Adamlar hat- da ony hem ýalan ýazmaga mejbur edipdirler - Adamlar däl, agalar! - Ýok, ýok, adamlar! - Howa hem adamlar hem agalar - Hat- da şonam... - Ol kimden üýtgeşik? - Ýewripidmi? Ol iň bolman suwuň ýüzündäki köpürjüklerde ýüzmejek boldy,iň bolman, arynyň balyny çeleginden aljak boldy, guýynyň düýbüni gazmaga özi ilgezik boldy, kalbyndaky kartalara diň saljak boldy, iň bolman, Medeýanyň yzasy bilen yzalanyp, onuň öz gara bagryna gyýmasynyň sebäbini anyklajak boldy, howa, howa! Ol şeýtjek boldy. - Bu aýlanýan pelekler nä? - Olar Ýewripidiň aýagyndan çykýan tozanjyklar. - A sen kim? - Men bir derwüşiň ahy... Men dünýäde öň hem bardym, ýöne men öň ýokdum, seniň dünýäňde... - Meniň? - Howa, howa! Hut seniň! Seniň! Sendäki seniň dünýäsinde ýokdum! Dogrusy sen meni tanaýardyň! Ýöne sendäki sen meni tanamaýardy! - Eý toba, Maestro! Duruň! Duruň! Dursaňyzlaň! (Men başymy ýaýkadym-da) Oňa täzeden sowal bermäge başladym: - Sen kim? - Ol sahnadaky aýlanyp başlan personajlara elini uzatdy: Men şular! Eýýäm şol wagt ikinji aýlawdady artistler... - Dur- la! Seniň görüp duran dürbiňden görmek isleýärin, olaryň hakykatynda kimlerdigini! - Gör! Maňa hiç zat görnenok, diňe olar aýlanýarlar: - Görmeýärmiň? Hon-ha Ýewripid hem barýar, yzynda Sofokol, Eshilem häli bardy, Ahhh Medeýa... Ol birden dürbisini taşlady-da sahna tarap eňdi: - Hä? - Ýalňyş ýöremesinler... - Bular dogurdan hem kimler? - Olar Medeýany görmäge gelipdirler! - Dürbiň maňa hakykat ýüzüni görkezmäýär-dä diýmek? - Görkezýär! Men entegem aňalyp durun: Ol gülmäge başlady: - Maestro? - Howa! Howa Men sendäki sen bilen gürleşýän! - Häää. - Hany seret! Hakykatdan hem aýlanmaga başlan sessiz pelekler gelişýärmi, bu ýere! - Maňa görnüşiçe: Howa! - Aýlanyň! - Medeýa! Medeýa! - Görkeziliş Ýaponiýada boljak, habaryň barmy? - A men repetisiýany gowy görýän! Goý, ol nirde bolsa, bolsun! Men bu ürünleri doldurýan pelekleriň ellerinden tutup, ony dürbüde göreniňde başgaça görüşiňi gowy görýän, şu ýerde baky otursadym! Siziň repetisiýalaryňyzda her gezekki çykýan janlaryň jellatlary bilen tanyş bolup, olardan interwýu almagy gowy görýän, habaryňyz bar bolsa-da ýok, bolsa-da! - Dur aýlanma! Medeýa! Sen çagalaryňy eliňe al! - Ýewripid! Gyssanma! Medeýa düşünjek bol! Ol ýönelige ol çagalaryň janyna kast etmedi! Wi hä, senem beýle ýazmaga mejbur edendirler-ow, huşum gursun! - Maestro! Şu aýdýan zatlaryňyz dürbüden seredeniňizde kelläňize gelýärmi? - Kelläm... (Ol kellesini elläp gördi) Ol barmy näme? Ýewripid! Janyňa döneýin! Dursana! Ugur hanjak! Görüp bersene şujagaz akty! - "Wagtym ýog-a” diýmäýin, wagtym kän! Emma ýüregmiň damarlary başga perdeleriň taryna rowan boldy, başga perDeleriň... - Perdeler? - Howa, dürbüň bilen görünmeýän, gözleriň dürbüsinden sowa geçýän, bu personajlaryň ädimlerinden ötelerde-de bir älem olar idi, men şol älemleriň dessanyny ýazýaryn, bu gutulgusyz ýolda! - Siziň goýýan sahnalarňyzdan göç etdim, bir mahal! Bu meýdançany size tabşyrdym, emma bu ýollaryň çekýän ýüki ol öňdäki perdäniň aňyrsyndakylaryň hat-da başlangyjy hem däl! Men gitdim... Biz yzyndan seretjek bolduk,garaňkyda hiç zat görünmeýärdi... - Medeýa! - Medeýä gyzym, bärik gel, men ol ýerde seniň günäsizdigiňi, päk söýginiň öňünde dyza çöküşiňi subut etjek bolup, bu ýerde galamymy gyşyk ýöredenim üçin nijeme jezalara sezewar boldum!... - Atam Ýewripid, meni bu dünýäniň ganhor tussagy etmäge neneň het edip bildiňiz? Siz ene söýgüsiniň nähili belentdigini bilýän bolsaňyz, şol söýginiň boýy bilen gabanjaňlyga ýan berenimden hem habarlysyňyz ahbetin... - Howaaaa Ol gygyrdy. - Suw getir! Men garaňkylygyň içinden ylgap, zaldan çykmak üçin gapa büdredim, elimden alyp gelýän bir stakan suwum bolsa, bir tarapa serpilip gitdi. - Ana gördüňmi? Siz iň bolman, bir owurt suwy hem bize dökmän getirip bilmediňiz... - Bagyşla! - Suuwwwwwww! aestranyň sesine ylgap grim otagyndaky zenanlaryň ýanyndaky suwly bedräni iki sekundyň içinde nädip alyp gelenimem bilmändirin, Ýewripid çomdy... Göýäki ol gark bolaýjak ýaly, hat-da içen suwuna gark bolupdy hem... Ol bijaý uly äheň bilen dem aldy, bedräniň içindäki suwuň nirä gidendigini sorar ýaly däldi, demini dürsemäge maý boldy... - Näme görýäň? Ýewripid beýlede oturan bir topar tomaşaçy adamlara seretjegem bolman, dürbini Maestranyň tarapyndan öz tarapyna egdi... - Bolanok. - Bilýäs! Maestranyň sesi gyryk çykdy - Ýasooon saňa hakykaty boýun aldyrmak üçin nijeme jebir çekdim ahbetin!Ýason! Ysgynsyz gygyrmaga başlady... Boşluk meýdanda sesler köpeldi, sanha aýlanmaga başlady “Maňa görünmeýän, Maestranyň dürbüden görýän, Ýewripide “bolanok” diýdirýän zat nämekä? Ýa ol durmuş hakykatymyka? Ýa sahna ýalançylygymyka? Ikisiniň arasynda sadylla bolup, elimdäki belläp duran bloknodymy aldym- da ýyrtyp goýberdim, ýüreklerime ýaz, ganadyp, ganadyp, ganadyp ýazsana! Goý çyzgylaryň yzy galsyn! Ýason gaňrylyp seretdi-de: - "Barybir şol yzlaram pozulyp gidýär, öňki repetisiýada aýdyp gidipdi, Ýewripid” diýip güldi. - Sen repetisiýaň bilen bolsana! Maestro oňa gygyrdy. Basym Ýaponiýa, festiwal, bilet... otel... wagt... - Päsgel bermäň! - Ýok, beriň päsgel! - Medeýa sen çagalarňy eliňe al! Seniň çagalaryň bilen hoşlaşýan ýeriňi repetisiýa etjek... - Men şonda onuň ruhundaky apy-tupany görüpdim! - Kimiň? - Ýewripidiň! - Ýewripidiň? - Hut şeýle! Ol hyrkasynyň bir ujuny egnine atdy-da birden bu ýerden sumat boldy... Ýüregmi elläp gördüm birhoýukdan soň özüme gelip... Ýoook, ýerinde ýok! - Bardyr! Maestranyň gyryk sesine oýanypdyryn, bir elim boş bedreli, beýleki elim bolsa, ýyrtylan kagyz bölejiklerini gysymlap durdy... - Maestro! Ýaponiýa! Festiwal... biletler... Repetisiýa näçe wagt dowam etdi bilmedim, men çykyp gaýdanym-da zal hem, sahna-da dym-dyrslykdy, diňe Medeýanyň elinde öldürilen çagalar bardy... Ýöne Ýewripidiň gelip gitmegi festiwalda ilkinji baýraga mynasyp bolmak bagtyny beren bolmaly, şol soňky repetisiýada... Dürbi... ÜRGENIŇ SESSIZ MELEKLERI, GELIP DURUŇ ARASYNDA... Oguljennet BÄŞIMOWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |