09:16

Men olaryñ jüwlükligine telpek goýýan!

Nukdaýnazar
Категория: Nukdaýnazar | Просмотров: 368 | Добавил: Moderator | Теги: Oguljennet Bäşimowа | Рейтинг: 4.0/3
Awtoryň başga makalalary

Nukdaýnazar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 10
0
1 sylapberdimuhamov  
1428
Awtorlyk hukugy hakda 60 sahypadan gowrak Kanun bar, ýoldaşlar!
Şol Kanun Türkmenistan gazetinde dolulygyna çap edilen bolmaly. Arhiwi dörseñ allanäme durandyr. Okabermeli. Ullanyp bilmesek gözümiz aksyn!

0
2 sylapberdimuhamov  
1428
Görnükli ýazyjymyz Oguljennet Bäşimowanyñ kinaýaly, sarkazmly, hem-de dürs, sagdyn, dogry nukdaýnazaryndan soñ uzyn bir hekaýat ýadyma düşdi.
Maña-da bir ssenariy zakaz etdiler. Kinostudýada ssenariyalary kabul edýänçi bolup işleýän biri. 20-30 müñ manat ganorar hem bolar diýip agzynda aş gatyklap. Köpler tanaýaram ony, aý bir ulalyp oñalmadyk. Bizem şol ulalyp oñalmadyk baý oýnady-ow. Bir ssenarini 4 gezek dagy täzeden ýazdyrdy. Adamyñ kemisini aytmak näkeslik, Magtymguly pir aýtmyşlaýyn. Biraz tanamagyñyz üçin aýdaýmasam gözlerem işgälli bendäñ çagasynyñ. Garazhaýb dört gezek işledik ssenariýni. Nirinden gep tapsa, şol ýerini bejerip berýän. Başda 11 sahypadan köp bolmasyn diýdi, soñ 15 etmeli.
Bahana galmady. 20-30 müñ aljak kişi-da. Iñ soñunda näme diýýä diýsene, şu ssenariñdäki baş gahryman bar-a, Salyh dana diýip alypsyñ-a, şonuñ adyny üýtgetsene, biziñ başlygymyzyñ adam Salyh-da diýýä. Öljekmi-ýitjekmi?!
A-ay meñ şu ssenarim kino bolman geçsin-le diýdim.
Şöýle gömük, körzehin adamlaryñ oturan ýerinde hemme zadam bolýa.
Nobat däde pahyryñ aýdyşy ýaly: bular ýaly nadanlary bilim edaralary 15 ýylda zordan ýetişdirýä.
Jany ýanan tañrysyna gargar diýýä türkmen.
Öte geçen bolsam bagyşlaweriñ!

0
3 Shapak_A9602  
1502
Ssenariý ogrularyndan etjek haýyşym, barybir ogrulyk etjek bolsaňyz, indikile gaýrat edip, Ogulsenem Taňňyýewanyn eserlerini ogurlap, kino düzäýiň! Onun " Arwah gelýän gijesi " bilen " Sülçi Soltanowyň ikinji gezek öýlenişi ", Kysmat" powestlerinden gaty gyzykly fantastiki , " Kasas kyýamata galmaz " powestinden gyzykly dedektiw, " Gelinler" powestinden gowy komedýa, " Kör söýgi" we " Gury agaç' powestlerinden gynançly gowy kinolar dörärdi. Artistlerdenem etjek haýyşym kinoda surata düşeniňizde beter oňat geýinýäňiz, saçlaryňyz şemala dagy hem çaşanok. Beýtmäň, tebigy, durmuşdaky ýaly oýnamaga çalşaýyň!

0
4 Kovalevskiy  
1521
Döredijilikde ogrulyk, plagiat eserler bilen IMO, TikTok, Instagram ýaly birnäçe programmalar bilen bir hatarda telewideniýede abraý gazanýan döredijilik işgäri az däl. Olaryň atlary biziň saýtymyzda ýoklugam bir gowy zat. Okyjylaryň içinde bar bolmaklary mümkin bilemok, eger-de bar bolsalar etjek haýyşym täzelikde başlangyç etapdaky ýazyjy hökmünde ýazan şygyrlarymdan paýlaşdym, olary köpçülige dolulygyna ýaýradyp bilmedim sebäbi ýokardaky makalada bellenilişi ýaly eserlerimiň ogrulanyp ogry awtorlaryň spisogynda bolmakdan gorkdummy?Nämemi? Bilemok. Emma indi goşgujyklarma nebsim agyrýar. Ylhamdan gelen setirleri kagyza geçirdim, köp adamlar üçin olaryň birnäçesini okap hem berdim. Emma häzir ýazyp bilmämsoň özgeleriň isleginden halys ýadadym. Öňki teswirlerimde-de belläpdim adamlar gaty интересный haýyş boýunça ýazyp berip bilemok diýseň hem üstüňe atalap durlar. Şonuň üçin badyňyzy gowşatmaň!!! Olara bir günden, bir gün şu gozgalan meseledäki ähli habarlar barar diýip umyt edýän.

0
5 Injener  
1
Weýrançylyk gelse, ähli taraplaýyn gelýän bolmaly-da?

0
6 Injener  
1
Ruslar, öz eserleri ogurlanmaz ýaly, ilki başda öz eserlerini, öz-özlerine potaň üsti bilen ugradypdyrlar we gelen haty açman saklapdyrlar. Sebäbi poçtadan geçen hatda ýörüte möhürler we seneler bolýar. Soň awtor öz eserini çap etmek üçin, köp sanly redaksyýalara ugradýar. Eger haýsam bolsa bir redaksiýada, eseri ogurlasalar, onda awyor suda ýüz tutýar we şol öz özine ugradan hatyny sudyň jaýynda açýar we suda okadýar. Belki bizde-de şeýle emel kömek eder? Ýöne biziň sudlarymyz entek intellektual emlägi gorardan diýseň daşda bolaýmasa? Meň pikirimçe intellektual emlägiň hökümet tarapdan goralmagy, ýurduň ösüşiniň iň soňky nokatlary bolaýmasa?

0
7 Injener  
1
Eserleri ogurlanmakdan goramagyň ýene bir gowy usuly, ilki bilen şu saýtda çap ediň, bu ýerde sene durýar, awtor ady belli. Eger saýtyň ömri uzak bolsa, geljekgi nesiller hem kim näme ýazandygyny bilerler, nesip bolsa...

0
8 yaran_yagmur_9  
1578
Meniň pikirimçe, eger eseri ogurlanyp, kesekiniň ady bilen çykarylsa, hakyky awtor öz pozisiýasyny "nukdaý nazar" hökmünde däl-de, eýsem günäkärleme, aýyplama, ýazgarma... hökmünde beýan etmeli. Nukdaý nazar hökmünde bermek - garşy tarapyň mamladygyna ýol goýmak, diňe öz wariantyňy açyklamak bolýar (şol bir zada haýsy tarapyndan seredeniňe baglylykda 6 ýa 9 bolup biler diýmek - suratdaky ýaly). Edebiýat ogrulygy bolsa, meniň pikirimçe, niresiden seredilende-de OGRULYK! Raýat hukugynda administratiw taýdan jezalandyrylmaga degişli. Faktlar subut edilenden son bu ýerde jedele, "nukdaý nazara" orun ýok. Ýöne ýazylmadyk eseriň sýužetiniň ogurlanmagy - dogrudanam jedelli mesele, munuň üstünde uly ýazyjylaram dawa edipdirler, tersleşipdirler

0
9 Bagabat  
43
Bagyşlaň, öňünden ötünç soraýan, köpbilmişsirämok, ýöne ruslar diýýär-ä: "Слух режет", şu nukdaýnazardan kiçijek bellik:

1.Raýat hukugy (Гражданское право) - bu aýratyn (özbaşdak) hukuk pudagy bolup, ol pozitiw hukugyň ulgamynda hususy hukuk pudaklarynyň toplumyna (цивильное право) girýär. Munda jogapkärçilik çäreleri - delikt jogapkärçilik çäreleri diýlip atlandyrylýar.

2. Administratiw hukugy - bu hem özbaşdak hukuk pudagy bolup, ol pozitiw hukugyň ulgamynda jemgyýetçilik (umumy, jemagat) hukuk pudaklarynyň toplumyna (публичное право) degişli. Munda jogapkärçilik çäreleri - administratiw temmi diýlip atlandyrylýar.

3. Jeza - bu jenaýat hukugynyň düşünjesi bolup, jenaýat hukugam pozitiw hukugyň ulgamynda jemgyýetçilik (umumy, jemagat) hukuk pudaklarynyň toplumyna degişli.

4. Hususy hukuk (цивильное право) bilen jemgyýetçilik hukugy (публичное право) biri-birinden düýpli tapawutlanýar. Bu tapawutlanma esasanam jogapkärçilik çärelerinde has ýiti ýüze çykýar.

Awtorlyk hukugy ýa-da intellektual eýeçilik bilen bagly gaýry hukuklar bozulanda jogapkärçiligiň üç görnüşi ýüze çykyp bilýär:

1.Raýat-hukuk jogapkärçiligi - maddy jogapkärçilik, ýagny plagiat edilen eserden alnan girdejileriň, şol sanda alynmagy mümkin bolan girdejileriň (hukukda alynmadyk girdejiler diýilýär), şeýle hem hakyky awtora ýetirilen moral (ahlak) zyýanynyň öweziniň maddy görnüşde hakyky awtoryň haýryna töledilip alynmagy.

2.Administratiw-hukuk jogapkärçiligi - jerime, administratiw taýdan tussag etmek, belli bir hukukdan belli bir möhlete mahrum etmek we ş.m. ýaly hukuk bozujy babatda ulanylýan temmi çäreleri.

3.Jenaýat-hukuk jogapkärçiligi - hereket edýän jenaýat kanunçylygynda anyk kesgitlenen jeza çäreleriniň kazyýetiň kanuny güýjüne giren hökümi bilen günäli diýlip bilnen we iş kesilen awtorlyk hukugyny bozujy-jenaýatçy babatda ulanylmagy.

Bu bellijegi näme üçin goýdum?

Hukuk, kanunçylyk meselesinde ujypsyz ýalňyşlyklaram, köplenç ýalňyş hereket etmeklige, netijede-de, şol hereketleri amala aşyran subýekt üçin oňaýsyz netijeleriň ýüze çykmagyna getirýär.

Keçiresizler.

0
10 Persey  
397
Ýadyma düşýär, mundan 3 ýyl ozal "Dünýä edebiýaty" žurnalynda bir hepdeläp ýatman sünnäläp terjime eden hekaýamy ilk-ä ençeme wagt saklap soňra başga, terjimäniň köçesinden geçmedik bir ýaş gyzjagazyň adyndan çykaryşlary...
Redaksiýa bilen şunça düşünişjek bolsamam, barybir "seniň bilen bir wagtda ol hem edil şuny iberdi" diýip durlar-da. Men diýýän "men öz eden terjimämi tanaýan, dogrulasaňyz gowy boljak" diýýän welin, şol bir zady gaýtalaýalar-da.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]