18:55 Tomaşaçy bolaýmagam aňsat zat däl... | |
Oguljennet Bäşimowanyñ Nukdaýnazar sahypasy üçin ýörite çykyşy
Nukdaýnazar
Şenbe, 07.10.2023 ý. Türklerde “Dünyanin tarzi degişdi” diýen bir söz bar. Dogrudanam bu şeýle. Bilmedim, näme üçindir dünýäniň hakykatdan hem özüni alyp barşy üýtgedi, adamzat gaty bir çalt ýaşaýyşyň şekiline geçdi, dogrudanam biziň duýgymyzda şeýlemi? Ony-da bilmeýärin. (Men-ä asly hem sabyrsyz adam) Emma ýeri gelende Sabryň enesi bilen bile çaý içýärin welin) Birhili adamzat çaltlygy söýýän boluberdi. Çünki adamzadyň howlukmaçlygy nämeden ybarat? Onuň etmeli işi kän, barmaly ýeri kän? Aýtmaly zady kän? Şol sebäpli-de dünýe birhili adamzadyň nukdaýnazaryndan bolsa-da bilmedim, edil özümä-hä şeýle gelýär, üýtgedi. Bilmedim: Kerim aga pahyryň “Döwür beýle däldir” diýen goşgusyny hasaba almasaň- a onda-da üýtgeýär diýeliň! Men muny durmuş manysynda däl-de ýalňyş düşünmeseler: Sungat babatynda aýdýaryn: Çünki sungatlar hem başga hili boldy... Sungatlar-tomaşaçy bolaýmagam aňsat zat däl indi. Spektakllaryň täzelenmegi, ýa-da olaryň tarzyny üýtgetmelerine hem wagt ýetdimikä diýip, öz nazarymdan aýdyp bilerin. Çünki şol bir pýesany müňlerçe okap, müňlerçe gezek dürli hili spektakl goýmak, bu günki gün tomaşaçyny geň galdyryp bilmek dälmikä diýýärin. Tomaşaçy indi has başga zat isleýär. Mysal üçin sahnada çykyş edýän artistiň çyn ýüreginiň energiýasyny, sesini, sözüni tomaşaçy çydap görmelimi, ýokmy ony özi çözýär. Ýöne hakykatdan hem tomaşaça gezek geleninde şeýle bolýar: Ol öz görjek spektaklyny kesgitläp bilmeli. Ýagny ol öz görjek zadyny belki-de zakaz edip biler. Çünki näme üçin naharlar, beýleki hyzmatlar zakaz-da spektakllar zakaz däl, bolup biler. Çünki tomaşaçyny gyzyklandyrýan zatlaryň biri onuň hakykatdan hem ýokary derejeli düşünjesi bolup biler. Mysal tomaşaçy teatrda öz görjek spektaklynyň sütünini, suduryny zakaz edip biler, emma onuň goýluş stilini belki-de režissýor çözüp biler. Emma tomaşaçy şol gözellikleriň içinde has dogry pikirleri, ýagny özüne ýagtylygy tapmak üçin köp zatlar edip biler. Şol sebäpli-de ýokary döredijiligi bolan spektakllarda tomaşaçyny saklamak mümkinçiligi dörär. Tomaşaçy her gezek täze zat görmek üçin teatra gelýär, ol belki kä halatlarda öňki gören zatlaryny hem täzeden görmäge gelesi gelip biler. Emma tomaşaça, onda-da şu döwrüň, ýüregi çalt urýan tomaşaçysyna täze zat gerek. Özem täze zat diýdigimiz diňe bir täzelik däl-de zakazçy tomaşaçynyň öz isleýän howasyny spektaklyň içinde bermek meselesi teatrlaryň bu günki gün wajyp bir pikir sallançagy we oýlanmaly wagtlarymyka diýip, düşünýärin. Belki-de akylly tomaşaçy we pes artistler bardyr, bu günki gün teatra tomaşaçy az gelýän bolsa, belki-de şeýledir. Belki-de has dogrusy beýik medeniýeti bolan adamlar spektakly görmäge gelmek bilen öýlerine dönenlerinde nämedir bir zat bilen “Ýükli” dönemek üçin gelýändir. Ýöne tomaşaça bir howany bermek üçin gözleg zerur, gözleg bolsa, tomaşaçynyň, ýagny akylly tomaşaçynyň isleýän zady bolmalymyka diýip pikir edýärin. Şeýlelikde teatrda tomaşaçyny ýetişdirmek meselesi düşýär, teatryň başynda. Dogrudanam teatrda tomaşaçyny ýetişdirmek bu gün teatryň öz başyna düşýär. Indi has tolgundyryjy sahna oýunlaryny sahna ussatlary döretmeli, we meniň aýtjak bolýanym, teatr bu gün tomaşaçydan has akylly has çeýe we ähli zada taýýar bolmasa bolmaýar. Çünki teatra tomaşaçyny çekmek aňsat däl, bu dünýe ýüzünde şeýle boldy. Kararsyz, sabyrsyz, islendik wagt interneti açyp, iki sekuntda bir görüň oturan zadyny başga bir zada çalşyp bilýän tomaşaçy üçin sahnanyň başyny gaplap oturmak mesele bolarmy ýok, şol sebäpden hem akylly tomaşaçyny özüňe magnit ýaly çekmek üçin jemgyýetiň tomaşaçydan akylly teatry bolmaly. Wagty ýok adamzada asla teatr gerekmi beri diýip, pikirlenýärin. Çünki tüweleme kimi görseň artist. Artistlere bolsa, indi başga mekdeplerde okamak galýar. Degişýän. Nukdaýnazar bilen bir kiçijik parça pikir bölegine telefonyň fonarigini dikip seretdik. Aslynda bu uly prožektorleryň arasyndan has ýagtyldyp, giñ gurşawda seredilmeli uly meselelermikä diýýärin. Çünki teatr jemgyýetde wajyp zat. Häzir-ä jemgyýetiň özi teatry “terbiýelemeli” ýaly görünýär. Bilmedim. Ýöne men bir kiçijik tomaşaçy, uly teatra näme üçindir gaty köp wagt bäri aýagy çekmeýän, diýeýin-le. Bu belki-de ýa-ha zamanasyndandyr, ýa-da tomaşaçynyň tarzynyň degişmesindendir. Haýsy hem bolsa biri öz-ä! Haýsy bolsa-da biri - ýöne teatrlaryň öz ýoluny indi has başgaça tarapa üýtgetmelidigine-hä wagt ýetdimikä diýýärin. Belki-de pikir alyşmak üçin has wajyp meselelere başlangyç bolup biler. Sahna oýunlarynyň hemişeki görnüşine awtorlyk – nukdaýnazar salmak - bu kiçijik mysal diýeli! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |