07:49

Aýdymlar Watanyñ ruhy bolmaly...

Nukdaýnazar
Категория: Nukdaýnazar | Просмотров: 446 | Добавил: Moderator | Теги: Oguljennet Bäşimowа | Рейтинг: 5.0/4
Awtoryň başga makalalary

Nukdaýnazar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 9
0
1 sylapberdimuhamov  
1428
Halal size!
Bize gepläre gepem galmady.
Emma ene barada ýazylan esere el goýup bilýäni dogran "ene" nähili zatka?!

0
2 Bagabat  
43
Sylapberdi, öteräk däm-aý?
Seniňkem, sowet döwrüniň bir anekdoty bardy, şoňa barýar:

1980-nji ýyllarda bir gaýişnik öýüne gelip, ejesiniň ýanynda gündizki "gazanan" puluny bölýärmiş:
-Ine bu maňa,-diýýär-de, ol bir gökje üçlügi bir gyra aýyrýar:
-Bu uly başlyga,-diýýär-de, bir gyzyl onlugy süýşürýär:
-Bu bölüm başlygyma,-diýýär-de, bir gök bäşligi çete itýär.
Şol pursadam onuň ejesi dillenipdir:
-Oglum, a meniň paýym hany?
Ogly geň galypdyr:
-Wiý, eje, bular-a maňa "gazanmaga" päsgel bermeýärler, şonuň üçin paý bölýän. Ýöne saňa näme üçin bermeli?!
-Oglum,-diýip ejesi oňa sabyr-kanagat bilen düşündirmäge başlapdyr:-sen her gezek kimdir birini üteniňde, ol ýanyňdan gidip-gitmänkä içinden-daşyndan, mende derek-didiwat goýman sögünýändir. Ine şonuň üçin...

"Это было бы так смешно, если бы не было так грустно" diýýämi, rus gardaşlar?! :-(

0
3 sylapberdimuhamov  
1428
Serdar kaka, Öwezdurdy Tejenden soraýarlar "özüñe göwnüñ ýetýämi" diýip. Olam "ýetmänmi, ötübem gidýä, käwagt" diýýämiş.
Emma läkin halykaty hak ýerinde goýmaly bolsa, şol gurrumsaklara aýdylaýmaly söz şol meñ aýdanym.
Bäş günlük ýalançyda her kim abraý diýip gezip ýör. Beh, men beýtdim welin, soñy eýle bolaýmasyn diýip oýurganan wagtyñ derrew dädeñ-ejeñ göz öñüñe gelse, ynsabyñ bardygy hasaplaýan. Eğer gelmedimi, onda ata-enesem şolara düzüw zat öwreden däldir.
Ine, indi öte geçdi, iniñ.

0
4 Kovalevskiy  
1521
Indi birnäçe günden bäri şygyr ogurlary hakynda ýazylýan ajy hakykatlary okamak gaty agyr degýär. Emma ondan hem beter olaryň bu zatlardan habarsyz bolup ýa-da habarly bolup ýazýalarmy bilemok yzygider paýlaşýan goşgy eserlerini IMO, TikTok, Instagram ýaly programmalar bilen birlikde gazet-žurnallarda okamak ýa-da diňlemek has hem gynandyryjy. Mundan öňki okan makalalarymyň hiç birinde teswir ýazmak islemedim. Emma ýokardaky makala meni ahyry ýazmaga mejbur etdi. Başlangyç etapdaky ýazyjy hökmünde şygyr ogurlaryna ylhamdan gelýän setirler şeýlemikä ýa-da şol awtorlaryň eserlerinden täsirlenip döreden eserlerimikä diýip kän oýlanýan. Emma ählijesi netijesiz. Belki-de bir gün biz olaryň bu ajy hakykaty boýun almaklaryny gazanarys. Emma şol pursata çenli men ajaýyp edebiýatyň çygryndan daşda bolaryn. Sebäbi ýazmaga zerre höwes galmady. Şygyr ogrulary men siziň halyňyza şeýle gynanýan hemem utanýan.

0
5 Haweran  
411
Oguljennet "degmäñ pahyrlara..." diýmek bilen, gaty erbet öwrüm etdi.
Pakyr-(pukara), pahyr diýip, halys egbary agan, ejiz, "meni urany hudaý ursun", peşmek ýaly şemalyñ badyna togarlanyp gitjek, daşyndan içi-içegesi görnüp duran, elinde hiç zady ýok ýarlykly garyba - üflise, elinden hiç zat gelmeýän biçäre bendä diýilýär, birem ýogalan adama ("pahyr boldy") diýilýär.
Bulara iki eli boş üflisler diýjekmi, ölmänkä ölenler diýjekmi, ölmänkä özlerini özi öldürenler diýjekmi, aý, garaz... Watanymyzyñ medeni ruhuna, jemgyýetimiziñ intellektual-kabul ediş derejesine, halkymyzyñ añyna wirus aralaşdyrýan näkeslere näme diýseñem bärden gaýdýar...

0
6 MURGAP  
1401
Siz olara näme diýp, nahili at daksañyzam (meselem K.Ylýas), olaryñ özinden göwni hoş bolup ýaşaýşyny ýeke gezek görsediñiz. Edil ýurduñ medeniýetini, tutuş halkyñ añ-düşünjesini hut özlerine bagly hasaplaýarlar. Munuñ şeýle däldigi barada siziñ jan-bagryñy ýakyp aýtjak ähli düşündirmäñize olaryñ berjek jogaby: "Şeýle bolmasa milli telewideniýe bize ynanylmazdy".

0
7 Kovalevskiy  
1521
Utanýan. Utanjymdan ýüzüm gyzarýar. Dünýä edebiýatlarynda-da şeýlemikä. Köpler maňa rus oglany ýaly bolubam türkmençiligi bize öwretjek bolma-da özüň öwren diýýärler. Dogry men dünýä medeniýetini gowy görýän, ýöne bu meniň milletim üýtgetdim diýdigim däl-ä. Men Soýuz döwrüni görmedik hem bolsam şol döwri suratlandyrýan filmler, aýdymlar, goşgular umuman eserler şol döwrüň çagasy bolmak arzuwymy artdyrýar. Häzirki durmuş gülala-güllük bolanda-da ähli gözboýagçylyklar günsaýyn irizýär. Megerem türkmen telewideniýesiniňem, medeniýetiniň pese gaçmagy şondandyr. Düşürilýän filmler, klipler hakynda aýtmaga zat hem galmady. Kimi görseň telpekdir-gyrmyz donlary, gupbaly-ketenli döwrebap beçüwde tikilen egin-eşikler bilen dagda-düzde heläk bolup ýören Leýli-Mejnundyr. Soňky wagtlar 70-90-njy ýyllaryň durmuş toýlarynda tans etmäni çykardylar. Realny durmuşdan düşürilýän filmleriñ birem galmady. Hemmesi şol bir sýužet. Masgaraçylyk. Gowy aktýorlaryň köpüsi telewideniýeden ýüz öwürdiler. Häzir olaryň köpüsi diňe teatr sahnalaryny bezeýärler. Türkmen edebiýaty, telewideniýesi barada oýlandygymça gaharym gelýär. Elimden gelýän hiç zat ýok ähli zat gözboýagçylyk. Просто позор.

0
8 Shapak_A9602  
1502
Artistler kinoda bir roly ýerine ýetirende, edil durmuşdaky ýaly görünmeli. Ukudan turanynda saçy dagynyk, käwagt öý hapa bolmaly we ş.m. Emma, artistler mydama gowy geýnüwlije, öýler-de mydama ýygnaglyja. Ýat tutup geçilen sapagy gürrüň berýän okuwçylar bardyr, manysyna düşünmän dine ýat tutany üçin derrew unudýan. Edil şolar ýaly. Hereketleri ýasama, hakyky görnenok.

0
9 Osman  
1527
@Shapak has beter Hazirki tmbagşylarda köp duş gelya Söhbet jumaýew diyjekmi Eldar Ahmedow diyjekmi klibini görmek beylede dursyn aydymynam dinlasin gelmeya 1-2-nji synp mekdep okuwçysyny aldayan diyse bolya diysen TV telewienyada dal el telefonlardada sosial torlarda hem artistlermiz köp Hudaya mün şükür

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]