21:21 Näme üçin içgysgynç bolýarka? | |
Oguljennet Bäşimowanyñ Nukdaýnazar sahypasy üçin ýörite çykyşy
Nukdaýnazar
Anna, 02.06.2023 ý. Näme üçin ynsana içgysgynç bolýarka? Ynsan haçanda boş wagtynda elinden hiç zat gelmeýärkä, haçanda işi ýokka, ýa-da işini edip bilmeýärkä, ýa-da bir ynsana garaşýarka, ýa-da diýen bolmaýarka, ýa-da gowy görýän adamsy garaşylan ýerine gelmeýärkä? Näme üçindir ýürekgysgynç, ýagny, içgysgynç bolýarka? Bir gezek bir zat üçin içgysgynç bolup biler, hut şol wagt hem bu içgysgynçlygy ýeňmek üçin her hili zatlar bilen güýmenmek bolar. Mysal üçin, ýaş gitdigiçe näme üçindir, içgysma keseli aýrylýar. Onuň ýerini eliňden geleninde edip biljek zatlaryň eýeleýär. Diýmek içgysma keseli ynsna öz etjek zatlaryny bileninde onuň golaýyna hem gelmeýär, içgysma. Aslynda “dünýäsinde boşluk duýýan” adamyň içiniň gysmagy tebigy zatdyr. Çünki ol başga bir zada garaşýar we garaşan zady bolmaýar, şol sebäpden hem içi gysýar. Çünki ynsanyň göwün eden zady bolmady. Emma ynsan bu zatlaryň ählisini özünden görmeýär-de düşen ýagdaýyna görä hereketinden görýär. Ýagny ynsandan beýleki bir ynsana energiýa barýar, ýa-da barmaýar. Çünki beýleki ynsandan garaşylan energiýalara gurban bolmagy halaýan garaşan ynsan içini garaşýan ynsanyň ruhy bilen doldurmak isleýär. Kosmiki boşluklaryň dolmadyk ýerinde içgysma başlaýar, näme üçindir içgysma kä halatlarda hakykatdan hem material ýagdaýa geçýär. Ýagny ol ynsanyň döşüni gysdyrýar, hat-da elleri bilen ynsan ýüreginiň üstüni tutýar. Emma garry ruhuň göwnibir ýaly. Ol içi gysyp duran ynsany ýene bir zat bilen güýmemek isleýän beýleki biriniň öňünden hiç zady çykarmaýar. Ynsan aýdym diňleýär, içi gysanynda. Çünki ol içindäki gysylýan ýagdaýyaýdymlar bilen dagatmak isleýär. Uly ýaşly adam bolanynda içiniň gysmaýandygynyň sebäbi, ynsna uly ýaşly bolanynda içgysmaýar, çünki näme etjegini bilýär. Ýagny içi gysmaz ýaly, öňünden taýaýrlanýar. Rejeleýär we başga zatlara orun bermezligini gazanmak isleýär, içki ruhunyň, ýaşsyz ruhunyň, baky ruhynyň. Içgysma keseli hat-da adamy syrkaw hem edip bilýär. Köplenç adamlar öz ýakynlaryndna aýrylanlarynda olaryň immuniteti peselýär. Şeýlelikde onuň içi gysýar we keselleýär. Şeýdibem ol içgysma keseline duçar bolýar. Kä halatlarda bolsa, ol bu keseli başga biri bilen doldurýar. Kimdir biri, haýsydyr bir aýdym, şygyr, şatlyk- şagalaň. Soňra ýene-de ümsümlige düşeninde ýene-de içi gysmaga başlaaýr. Diýmek, içgysma keseli tebigy taýdan müňýyllyklardan gelýän kesel bolmaly. • Awtor hakynda Oguljennet Gylyjowna Bäşimowa 1970-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Mary welaýatynyň Gökje obasynda dünýä indi. 1989-1993-njy ýyllarda Türkmenistanyñ Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniñ türkmen filologiýasy fakultetini žurnalistika hünäri boýunça okap gutarýar. Uzak ýyllaryñ dowamynda şu günki güne çenli dürli gazet-žurnallaryñ redaksiýalarynda, telewideniýede dürli wezipelerde işläp gelýär. Türkmenistanyñ Prezidentiniñ "Türkmeniñ Altyn asyry" edebi bäsleşiginiñ iki gezek ýeñijisi bolan O.Bäşimowa maşgalaly, bir ogly bar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |