11:03 “Meniñ" duşmany | |
Oguljennet Bäşimowanyñ Nukdaýnazar sahypasy üçin ýörite çykyşy
Nukdaýnazar
Anna, 19.05.2023 ý. Ynsanyň öz “menini” tapmagy üçin nijeme asyrlar ony filosofiýadan, sufizmden, ylymlardan, dinlerden hem-de daş- töwerekdäki bolup geçýän hadysalardan gözlemesi tebigy bir zat. Ynsan “Menini” gözleýär. “Men” nirde? Özi nirde? Özündäki özüne degişli bolan gelip çykmasy, asly, köki, garyndaşlygy, ýa-da sferasy, dünýägaraýşy, öz nudaýnazary, öz gany, öz öýi, öz işi.... Sanasaň sogaby bar diýleni... “Men” nirde? Men ony köp zatdan gözledim. Howa köp zatdan, ýöne... Ol meniň ýanyma kä geldi, kä arany açdy, ejemiň göwnüne degen günlerim “Men” menden arany açdy, özüme gelen günlerim “men” meniň ýanymda oturyp, iň soňkudan aglady we “Men” özümi ýitiren günüm, ol menden öýkeläp, hol aňyrda durdy. Ýöne men olaryň her ikisine hem kembaha garamajak boldum, düşünjek boldum, daş-töweregimiz, “çar tarapymyz”, hat-da Möwlana Jelaleddin aýtmyşlaýyn “Alty tarapymyz” menimiz bilen bilen doly bolmaga hemişe rugsat berip barmady. Şeýlelikde “Men” öýkeläp, hassahana düşdi. “Men” onuň yzyndan hassahana baran mahalym birgiden “Menler” meni ol ýere salmady. “Men” ýene-de ýüzümi sallap gaýdym. Barybir “Men” mensiz ýaşap bilmez... Her adamda bar bolan “Meni” her kim birhili kabul edýär. Aslynda gerekmi birhili kabul etmek? Aslynda hany menimiz? Men diýmek, ene-ata azar berip, olaryň hasabyna gymmat maşyn aldyrmak däldir, her halda. Bu ýerde birnäçe soraglar bar. “Men” şeýle bir dünýä ki, ol biziň dynç alýan ýerimiz. Ol biziň gizlinje özümiz bilen ikiçäk galyp, aglaşýan ýerimiz... Şeýlelikde “Men” bilen “Meniň” aratapawudy hem juda köp... Indi şol “Meni” türk seriallaryndan nädip goramaly? Birmahal biri maňa: “Türk seriallaryny görsem, içim gysmaga başlaýar, näme üçinkä?” – diýip, sorag beripdi... “Bilmedim” diýipdim, ýöne kän oýlanypdym. Belki-de “Menden” daşlaşdyrýandyr?! Bolmagy ähtimal, häzir hem şeýle pikirde galdym... Men häzir “Çöp adamy” görýän. Türk serialy. Ýöne filmiň nähili alnyşyny görýän we senariýadan awtoryň nädip baş alyp çykjak bolýandygyny yzarlaýan. Aslynda eser ýazylanynda nijeme wakalar bir-biriniň yzyndan sepleşip gidýär-de bir köki başga bir şahalaryň çykmagy üçin döredýär we şaha-şaha ýaýraýan pikir ulgamlary döreýär. Şeýlelikde gahrymanlar köpelip barýar. Türk seriallary hem şeýle welin, dogrusy olardaky gahrymanlaryň dirikä ölmeleri we ölükä direlmeleri fantastik nukdaýnazardan dogry bolsa-da dogrydyr, emma men rejissýeryň niýetini tomaşaçynyň aňýan ýerinde kinony taşlamagy “Menime” öwretdim, asla bu awtomatik ýagdaýda bolýar. “Menimiň” üstüne ýüklenjek agyr ýük gaty ýympykmy, diýmek ol ýerde “Ýüki” taşlap gaýtmaly. “Çöp Adam” serialyny näme üçin görýän. Wakalar birhili döwrebap, ynsanlaryň “Menini” ýitirip, wakalara görä üýtgemegi hakynda psiholog zenanyň ýazan filmi. Senariýanyň awtory. Belki-de awtor düýpli meseläni gozgandyr ol ýerde?! Emma... Ony režissura senariýasy üçin başga bir görnüşe getirilýär-de köpeldilýär wakalar. Biziň kino babatyndaky düşünjelerimiziň içinden eriş-argaç bolup geçýän pikirler kinosenariýanyň “Ýüregindäkini” bilmek bolany sebäpli, şu günüň tomaşaçysyna näme gerekdigi hakynda gaty oýlanyp edilen filmleriň hem uzaga gidiberse, nähili boljakdygy düşnükli zat. (Elbetde, bu ýerde maddy üpjünçilik bilen bagly zatlar köpdür, düşünýärin) Emma türk seriallarynyň yzyüzülmez wakalar bilen sepleşen tomaşaçysy ne bir gidip duran filmden netije çykarýar, ne-de ol filme dahylly ýeri bar. Bir filosof aýdýar-a “Her bir adamyň ruhunda bir guýy bar, her bir adam şol guýyny bir zat bilen doldurmaga synanyşýar, kimler pul, kimler baýlyk, kimler gözellik, kimler bolsa, başga bir zatlar bilen...” diýmek nazarýetimiz bilen bagly film görmek üçin güýmenje hökmünde gelýär... Iň bolman zähmete hormat goýmak üçindir, diýeli belki-de. Belki-de beýle däldir. ...Kä halatlarda bir teatrda professional taýdan pesrägem bolsa, adamyň bir halkasyny tapyp, görkezilýän spektakllar hakynda ýakymly pikir aýdanymda, “Näme üçin beýle, gowy zatlar hakda tankydy bellik aýdýarsyňyz, emma professional zady ýok spektakllar barada şeýle zatlary aýdýarsyňyz?” diýip, berilýän soraglara jogap hökmünde “Gözel günler” filmi görýän, näme üçindigini bilemok, ýöne dynç alýan. Belki-de aktýorlaryň her gaýsynyň aýratyn häsiýeti açýanlygy üçindir, bilmedim. Ýöne hemme seriýasyny doly görmeýärin. Emma aktýor - belli bir aktýor bar ýerini görýärin. Asynda hem aktýor-da filmi görkezdirýän. Filmi her kim bir netije bilen görýär. Bilmedim, belki-de “guýusyny doldurmak” üçin görýän kändir. Bu zatlaryň başlangyjy-da gutarýan ýeri-de bize aýan däl. Asla aýan edip hem bilmeris, ýöne öz bakýan nokadymyzdan görünýän “yşyk” hakda, onuň goýan duýgylary hakda aýtmak elbetde biziň paýymyza düşeni. Iň bolman, filmi ýa-da spektakly göreniňde “hezil etmeli” men iň bolmanda, şeýle düşünjede... Türk seriallaryna ogurladýan “Menimiz” bolsa, görgülijik yssyda suwsuzlykdan ýadap, ejesiniň tamkölgesinde öýe-de girip bilmän, ejesi ýogölüp, ýerine galan ýeňňesi ýaman, öýüne gelip bilmeýän, durmuşa çykyp giden, ejesiniň zarny çekýän gelinler kibi hassa... Meniň “Menim” nirede? Ony gaýtaryp beriň... diýip, aglaýar belki-de... Belki-de beýle däl... • Awtor hakynda Oguljennet Gylyjowna Bäşimowa 1970-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Mary welaýatynyň Gökje obasynda dünýä indi. 1989-1993-njy ýyllarda Türkmenistanyñ Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniñ türkmen filologiýasy fakultetini žurnalistika hünäri boýunça okap gutarýar. Uzak ýyllaryñ dowamynda şu günki güne çenli dürli gazet-žurnallaryñ redaksiýalarynda, telewideniýede dürli wezipelerde işläp gelýär. Türkmenistanyñ Prezidentiniñ "Türkmeniñ Altyn asyry" edebi bäsleşiginiñ iki gezek ýeñijisi bolan O.Bäşimowa maşgalaly, bir ogly bar. | |
|