05:16 Hüwdi we äht | |
HÜWDI WE ANT
Goşgular
Arzan zadyň arzysy ýok diýýärler. Gözel zat döränok el ujy bilen. Eneleň hüwdisi, atalaň anty Çykypdyr ýüregiň hyrujy bilen. Perzendiň üstüne gerip döşüni, Sypap onuň gulpagyny, gaşyny. Gözünden akdyryp guwanç ýaşyny, Eneler hüwdüni döredipdirler. Duşman äkidende doganyn güýlüp, Ýaraty arslan dek düýrülip, düwlüp, Mele desterhany maňlaýa sylyp, Atalarmyz anty döredipdirler. Enäň hüwdüsinden döräpdir aýdym, Atanyň antyndan dörän namys-ar. Goşa gudrat gaýnap dursa gursakda Adamlygmyz şolar bilen tanalýar! ▶ ISLEG Säher synlap bu owadan jahany, Daglaryň başyna duman isledim, Ýanyp ýatan Garaguma göz aýlap, Tolkun atýan däli umman isledim. Ajap edim-gylym gördüm illerde, Är ýoldaş küýsedim agyr ýollarda, Tamdyr ýaly howur berýän gollarda, Dem alara sergin şemal isledim. Yhlasymy ata ýurda bagyş etdim, Başardykça ýürekleri ýumşatdym, Ululara edep bilen baş atdym, Kiçilerden helik-salam isledim. Gara garnym diýip hars urup ýörmän, Ýaşadym namarda boýnumy burman, Bagt diýilýäni baýlykda görmän, Şol baýlyga derek kemal isledim. Köňül karar tapman säherde, şamda, Gursaklar daralyp, ynam gowşanda, Allaň adyn agzap bilmän ýaşamda, Säherler ýaňlanýan azan isledim. Ýürekde duýgy bar, kellämde pikir, Bu dünýäni gördük – şoňa-da şükür, Gedemlik etmedim, bolmadym müňkür, Herne toba etdim, aman isledim. Köçeden barýana kesek atmadym, Bisebäp birje gün bikär ýatmadym, Görüplik etmedim, adam satmadym, Serhoşa ser, dertlä derman isledim. Köpbilmiş bolmadym, köp biljek boldum, Gyşyk gürrüňlerden saklanjak boldum, Üç emjek bolmadym, bir emjek boldum, Azgyna Alladan zowal isledim. Hakdan özge hossarym ýök beýlämde, Ýalňyşdym kämahal dost-ýar saýlamda, Doglup, ýaşap iň bir zabun eýýamda, Eşretli, sapaly Zaman isledim. Myjabata, mahabata döz gelip, Misginsokar bilen ýüzbe-ýüz bolup, Aňrysy ýok bedasyldan bez bolup, Bäş günlük parahat döwran isledim. Heňňam diýilýän zat bolsa-da agyr, Özüň, adalatly bolawer, döwür, Ýagşa dileg edip süýji bir ömür, Ýamana gazaply Perman isledim. Şahyr diýen ady dakyp kebime, On paý ýüki ýüklediler üstüme, Atam pakyr – Aňkar baýyň nesline Arka-arka gitjek dowam isledim. Herki zadyň wagty bardyr agalar, Gije kimin gara scalar agarar… Biribardan bu dünýäde abraý, O dünýäde nury iman isledim. | |
|
√ Arşda Aý, zeminde ýeke-täk sonam / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Meniň şeýle mährem ejem janym bar / Goşgular - 30.10.2024 |
√ Yşk heseri / Goşgular - 21.06.2024 |
√ Ajymdan öldüm / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Garajaoglanyň şygyrlarynyň täsirinden dörän şygyrlar toplumy / Goşgular - 15.10.2024 |
√ Liwanda şu pursat kyýamat gopýar / Goşgular - 11.10.2024 |
√ Eý, Ýusup, şu gözleri görmeýän Ýakuba gel... / Goşgular - 18.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |