19:53 Reisiniñ ýoklugynyñ yzyndan Eýran | |
REISINIÑ ÝOKLUGYNYÑ YZYNDAN EÝRAN
Publisistika
Homeýni režiminiñ segseninji ýyllardaky müñlerçe ölüm jezasyna höküm edilenleriñ jogapkäri bolan biriniñ ýoklugy reformalar geçirmek ýa-da üýtgeşmeler girizmek üçin ruhlandyrjak faktor bolar. Reisiniñ yzyndan Eýran häkimiýetiñ oppozisiýa "Alla bilen söweşendigi" esasynda zarba urmagyny üpjün etmek üçin Homeýniniñ ideologiýasyny ýaýbañlandyrmaga üns berer / Fotosurat: AFP Eýranyñ prezidenti Ibrahim Reisiniñ daşary işler ministri bilen birlikde wertolýot heläkçiliginde aradan çykandygyny mälim eden habaryñ syýasy guramanka onuñ ölümine kimiñ jogapkär bolup biljekdigi barada gep-gürrüñler başlady. Wertolýotyñ mejbury inişi hakykatdanam tehniki näsazlyklardan gelip çykýarmydy ýa-da biri dwigatele sabotaž etdimi? Habarlaryñ köpüsi tehniki näsazlygyñ heläkçilige öwrülen bu mejbury inişe sebäp bolandygy netijesine gelýär. Emma birnäçe sorag häzirem orta atylýar we bularyñ arasynda şularam bar: Wertolýot nädip düşdi, prezidente ýoldaşlyk edýän iki wertolýotyñ ikisi-de nämüçin mejbury iniş zolagyna seretmezden ýoluny dowam etdirdiler? Käbirleri ýaramaz howa şertlerine garamazdan gyş paslynda-a şu ugruñ yzygiderli uçuş zonasy bolup, wertolýotlaryñ gelip-gidýän ugrudygyny aýdýarlar. Şonuñ üçinem ýa bu hadysa deñsiz-taýsyz ýa-da hadysalaryñ ümzügini şu ugra ýykyjy el bar. Ahyrky habarnamalaryñ netijesi nähili bolup gutaranda-da, bu ýagdaý eýran režiminiñ içindäki ganatlaryñ arasyndaky güýç çekişmesiniñ çarçuwasyna girýär. Şol ganatlaryñ birinjisi aradan çykan prezidentiñ döwletiñ ýolbaşçysy bolup işläp ýörkä başyny çeken ganatydyr. Çeşmelere görä, Reisi başlyklygyny eden döwlet edaralarynyñ hasam giñ ygtyýarlyga eýe bolmagy üçin jan edýärdi. Beýleki ganat bolsa, Dini lideriñ ganaty we ýokary homeýni agalygy onuñ elinde. Täze prezident saýlawlarynyñ geçiriljek wagty golaýlaşyp gelýärkä ganatlaryñ arasyndaky göreş ýitileşipdi we Hamaneýiñ ölümi bilen onuñ ýerine geçjek täze adamyñ tapylmagy üçin işler geçirilýärdi. Maglumatlar Homeýni agalygynyñ başyndaky adamyñ öz ýerine ogly Müjteba Hamaneýi teklip edendigini aýdýar. Emma beýleki çeşmeler Reisiniñ "Weliýýi-Fakihiñ" oruntutary bolmaga taýýarlanýandygyny, munuñam iki ganatyñ arasynda çaknyşyga sebäp bolandygyny aýdýarlar. Düşünişmezlik meselerinden birem 2014-nji ýyldan bäri Günbatardan, aýratynam ABŞ-dan geçirilen we on milliardlarça dollardygy çaklanýan puluñ gözegçiligi. Bu uly summalar tebigy taýdan hökümetiñ, býurokratiýanyñ, howpsuzlyk gulluklarynyñ, banklaryñ we meýdana gözegçilik edýän milisiýa otrýadlarynyñ arasynda uly çaknyşyklaryñ bolmagyna getirýär. Prezidentlik we Baş ýolgörkezijilik edaralarynyñ wezipeleri ugrundaky çaknyşyk bir ýandan-a režimiñ güýjüni kepillik astyna alýan bu fondlaryñ üstündäki gözegçiligiñ hili, beýleki ýandаnam režimiñ dört arap ýurdunda we Palestinadaly homeýniçi milisiýa otrýadlary bilen bolan organiki baglanyşygy boýunça düýpli tapawutlylyklaryñ netijesi bolup biler? Eýse, Reisiniñ arenadan çekilmeginden soñ indi näme bolar? Iñ ýakyn ähtimallyk degişli gulluklardaky we döwletdäki goldawçylarynyñ gowşadylmagy we ýeri Ýolgörkezijini gurşap alan dar gatlagyñ parçasy bolup, täze prezidentiñ getirilmegidir. Şeýlelikde prezident wezipesi ýakyn wagtda Dini lideriñ oruntutary üçin taýýarlanar. Şeýle ýagdaýda Eýrandaky bu dramatiki üýtgeşmeleriñ içerki, sebitleýin, halkara arenalardaky netijeleri nähili? Eýranyñ içinde halkyñ ýiti nägileliginden we Tähran bilen beýleki şäherlerde bolup geçen köpçülikleýin gutlaglardan, Reisiniñ ölüminiñ, oppozisiýanyñ bir bitewilikde režimiñ güýjüni inkär etmegi, häkimiýetiñ boşlañlygy ýa-da iñ bolmansa häkimiýetiñ ganatlarynyñ arasynda turýan çekişmäniñ binýadynda häkimiýete garşy täzeden protest çykyşlaryny etmäge täze gapy açyp biler. Bu ýagdaý elbetde režimi halkara jemgyýetçiligini meýdany ymykly gysymynda saklaýandygyna boýun etmek üçin uly basyş etmäge iterip biler. Sebitleýin derejede käbir hökümetler Tährandaky täze hökümet bilen gatnaşyk açmaga taýýarlyk hökmünde Hamaneýiñ häkimiýetini täzeden ykrar etdi. Bularyñ arasynda döwletiñ içerki işlerine goşulmazlyk ylalaşygyna gol çeken ýurtlaryñ ýany bilen ýagdaýa syn edýän we täze režimiñ durnukly ösüşini görýänçä herekete geçmejek Pars aýlagynyñ arap ýurtlary-da bar. Halkara derejesinde käbir ýewropa ýurtlarynyñ hökümetiniñ eýran liderligine Ýewropanyñ, ÝB-niñ we Tähranyñ arasyndaky hereket edýän ylalaşyklara eýeriljekdigini ynandyrmak maksady bilen Dini lidere ýakynlyklaryny bildirmekde çalt herekete geçendiklerini gördük. Munuñ özi Eýranda iñ ýokary we düýpli ýewropa bähbitlerine eýe bolanlar üçin adaty ýagdaýdyr we şumada çenli režimi üýtgetmäge synanyşan ähli eýran oppozisiýalaryndan has güýçlüdir. ABŞ barada aýdanda, Daşary işler ministrligi eýran hökümetiniñ şertlerindäki üýtgeşmelere garamazdan, özi bilelen diplomatiki gatnaşyklara girmezden eýran hökümetine gynanç bildirdi. Çünki hökümet Kongresde her iki partiýa hem prezident kim bolanda-da, bu režim bilen gatnaşyk açmak islemeýän köplügiñ bardygyny gowy bilýär. Prezident saýlawlarynyñ geçirilýän döwründe oppozisiýanyñ hökümete gönükdiren tankydy belliklerini ýitileşdirýän we oppozisiýanyñ amerikan hökümetini terrorçy hasaplaýan režimini ykrar etmekden jogapkär tutýandygyny bilýärler. Şonuñ üçinem Baýden hökümeti eýran režimini diplomatiki taýdan ykrar etse-de, populist respublikan gatlakdan gorkýandygy sebäpli özi bilen gatnaşyk açmazlyk prinsipini dowam etdirer. Çünki respublikanlar esasy ştatlarda köplügi öz tarapyna çekene meñzeýär, bulam saýlawlaryñ netijesine täsirini ýetirip biler. Munuñ geljekdäki möhüm netijeleri nähili bolup biler? Eýran režiminiñ öñümizdäki noýabr aýyndaky ABŞ-da geçiriljek saýlawlardan öñ Ýakyn Gündogarda güýç görkezmäge taýýarlanmak maksady bilen öz edaralaryny daşyna jemlemegi, olary goramagy we güýçlendirmäge dyrjaşmagy mantykly. Bulam tomusyñ başyndan noýabr aýynyñ ortalaryna çenli Baýden hökümetiniñ ýa-da beýlekileriñ saýlawlar sebäpli Ýakyn Gündogardaky haýsydyr bir uly hereketlenmä garşylyk bermejek eserdeñ döwrüni başdan geçirjegini añladýar. Tähran muña gowy düşündi we eger islese şol tapgyry sebitdäki käbir operasiýalaryny geçirmek üçinem ulanmaga taýýarlanýar. Reisiniñ yzyndan Eýran häkimiýetiñ oppozisiýa "Alla bilen söweşendigi" esasynda zarba urmagyny üpjün etmek üçin Homeýniniñ ideologiýasyny ýaýbañlandyrmaga üns berer. Emma Ysraýyl-Eýran çaknyşygynyñ çarçuwasyndaky täze ýagdaý bir ýandan eýran režiminiñ arasyndaky dartgynlylygy ýokarlandyrmagy, şol bir wagtyñ özünde täze halk tolgunşyklarynyñ başlamagyny añsatlaşdyrmak içerki bölünişigiñ bolup geçmegini umyt edýän eýran oppozisiýasynyñ peýdasyna bolup biler. Emma ABŞ-nyñ pozisiýasy üýtgemese, häzirki tapgyrda bu režiki üýthetmek kynam bolsa saýlawlaryñ geçiriljek wagty golaýlaşdygysaýy üýtgeşmeler üçin mümkinçilikler döräp biler. Her haýsy bolanda-da, Homeýni režiminiñ segseninji ýyllardaky müñlerçe ölüm jezasyna höküm edilenleriñ jogapkäri bolan biriniñ ýoklugy reformalar geçirmek ýa-da üýtgeşmeler girizmek üçin ruhlandyrjak faktor bolar. Dr. Welid FARES, Atlantik Parlamentiniñ topar başlygy. @WalidPhares Çarşenbe, 22.05.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |