15:04 Ibn Arabynyñ öñden görüjiligi | |
IBN ARABYNYÑ ÖÑDEN GÖRÜJILIGI
Geň-taňsy wakalar
Muhidddin ibn Arabynyñ eserlerini terjime eden türk alymy Serkan Tekin Arabynyñ "Keşkül" atly kitabynda Ysraýylyñ haçan guruljakdygy we haçan ýykyljakdygy barada yşaratlaryñ bardygyna ünsi çekýär Yslam ynanjyna görä boljak wakalary Alladan başga hiç kimiñ öñünden bilmek we öñünden görmek artykmaçlygy ýok. Ýagny gelejegi öñünden aýtmaga synanyşmak yslam ynanjyna ters gelýär. Emma käbir artykmaç zehinli beýik şahsyýetleriñ edil Ibn Araby ýaly gelejekde boljak zatlar bilen baglanyşykly öñden görüüjilik bilen aýdan zatlary bar. Muña mysal edip, beýik türkmen alymy Mahmyt Zamahşarynyñ Musa pygamberiñ yzyndan kowalap Gyzyl deñzine gapgarylan Müsür faraonynyñ haçanam bolsa bir gün gelejekki nesillere ybrat üçin tapyljakdygy barada "Gurhanyñ" aýatlaryna esaslanyp aýdan tefsirini hem görkezse bolar. Ibn Araby juda seýrek duşsa-da käbir eserinde käbir boljak zatlara yşarat edipdir. Bularyñ birnäçesi kyýamat alamatlary bilen baglanyşykly. Emma Araby hiç kitabynda-da anyk taryhy senä yşarat etmändir. Onuñ aýdan öñden görüjilikli sözlerini ebjet we sifr hasaby bilen orta çykarmak bolsa, özbaşyna bir ylym, giden bir dünýä... Bu hupbatly zähmete köñül berenleriñ içinde bolsa arap dili we edebiýaty boýunça ýörite bilim alan, Ibn Arabynyñ muşdagy Serkan Tekinem bar. S.Tekin Ibn Arabynyñ eserlerini terjime etmek bilen çäklenmän, eserde syrly tekstlere degişli ýumagy çöşlemäge synanyşýar we hatda anyk taryhy seneleri berýär. • "Isra" süresinde Serkan Tekin Ibn Arabynyñ "Keşkül" atly kitabynda ebjet we sifr hasaby bilen Ysraýylyñ haçan guruljakdygyna, hatda haçan ýykyljakdygyna yşarat edilendigini öñe sürýär. Tekin Ibn Arabynyñ kitabynda Ysraýyl döwletiniñ gurulmagy bilen baglanyşykly yşaratlaryñ "Isra" süresiniñ 104-nji aýatynyñ üsti bilen yşarat edilýändigini aýdýar. Arabynyñ kitabyndaky "Isra" süresiniñ 104-nji aýaty şeýle: "Arkasyndan Ysraýyl ogullaryna; "Ol ýerlerde oturyñ! Ahyret wadasy amala aşanda, hemmäñizi dürli-dürli kabylalardan toplap bir ýere getireris" diýdik". Serkan Tekin Ibn Arabynyñ sözüni eden aýatyna şeýle düşündiriş berýär: "Ahyret wadasy amala aşanda, hemmäñizi dürli-dürli kabylalardan toplap bir ýere getireris" jümlesinde Ysraýylyñ kyýamata ýakyn bir döwürde guruljakdygynyñ açyk gönüden-göni yşaraty bardyr..." Tekin sifr hasabyny hem çykaryp Ysraýylyñ 1948-nji ýylda gurulandygyna ünsi çekýär. • Deçjal Serkan Tekin Muhiddin Ibn Arabynyñ Deçjal bilen baglanyşykly öñden görüjilikli yşaratlarynyñ bardygyny, bu weliligiñ bolsa, Ibn Araby tarapyndan ýazylan "Dur-i Mejhun" ("Merjen däneleri") atly kitabynda aýdylandygyny nygtap geçýär. Kitabyñ Serkan Tekin tarapyndan edilen terjimesinde, Ibn Araby Deçjal barada şeýle diýýär: "Şol wagt Deçjala taýýar bol diý. Çykmak wagtyñ geldi." Deçjalyñ perişdeler tarapyndan ýoguna ýanylmagyndan soñra Deçjalyñ kyýamata ýakyn bir döwürde gaýtadan orta çykyp, şer işleri ýaýjakdygy barada yslam alymlary umuman alanda birmeñzeşräk pikir ýöredýärler. Deçjal şahsyýetmi ýa-da ol adamzadyñ başyna injek erbet ýagdaýlarmy diýen soragyñ jogaby bolsa, häzire çenli gyzgyn jedelleriñ baş temasy bolmagynda galýar. Deçjaly - dünýäniñ birnäçe ýerinde gapma-garşylyklaryñ, gandöküşikli uruşlaryñ, terroristik hadysalaryñ bolmagy we erbetlikleriñ artmagy diýip diýip düşündirýänleriñ bolşy ýaly, Deçjalyñ şahsyýetdigini öñe sürýän alymlaram bar. • 200 müñ nöker Ibn Araby Deçjal bilen baglanyşykly pikirlerini "Merjen däneleri" atly kitabynda şeýle beýan edýär: "Öz wagtynda we Horasandan dörär, eşegine münüp, Yspyhana geler, ol ýerde 70 müñ ýewreý onuñ yzyna düşer. Deçjalyñ bir gözi kör boljakdyr, onuñ nökerlerinde taýpalar bolar. Käbir kişiler bulara gytçylyk, guraklyk we açlyk zerarly eýererler. Deçjalyñ ýanynda dürli naz-nygmatlar, suwlar we bir ýanynda bag-bakja, her dürli ir-iýmişler... Her kim oña uýsa jennetdir öýdüp ony hemmelerden gowy görerler. O jennet olaryñ jähennemine öwrüler we bir ýanynda tümlük, zulmat boljakdyr. Deçjalyñ 200 müñ nökeri boljakdyr, 15 müñ zenan nökeri bilen bile gezjekdir". | |
|