03:33 Iki halta ýük hakynda hekaýat | |
Iki halta ýük hakynda hekaýat
Goşgular
Atyp düýesine iki halta ýük, Bir sähraýy arap barýar ýol söküp. Çykan ýaly çökermegiñ kastyna, Özi-de münüpdir ýüküñ üstüne. Bir pyýada oña gelip pete-pet: "Nirä barýañ?" Ýüküñ näme, aýan et?" Diýeninde, aýdypdyr ol ýagdaýny: "Biri çäge, beýlekisi bugdaýly". "Çägäni ýük edip götermäñ näme?" "Taýly bolsa, amatly-da düýäme". "Eger-de bugdaýña gerek bolsa taý, Dogry iki böl-de, haltaña guýaý. Neneñ bu bolşuña janyñ ýanmajak? Eger şeýtseñ, ýarpy ýüküñ ýeñlejek". "Munyñ jaý maslahat, eý, akly dana, Beýle pikir gelmändir-dä kelläme. Akyl-huşuñ şeýle kesgir halyña, Nämeüçin pyýada barýañ ýoluña? Meñ düýäm ýaş, güýç-gaýraty zyýada, Beýdip ýol sökme-de paýy-pyýada, Derrew mün syrtyma. Bu uzak ýoly Bile hümmüldeşip geçermiz ýaly, Bir oñat bolaýdy maña duşanyñ, Bilseñ, söhbetiñe muşdak men seniñ. Gürleşeli barjak ýermize çenli, Seniñ ýöne adam däldigiñ belli. Şamy sen ýa beýik halyfmy dostuñ? menden syr gizleme, sözle sen rastyñ". "Samsyk ham-hyýaldan doldurma serñi, Heý, şa-da men ýaly jinde geýermi?" "Belki, süri-süri mallaryñ kändir, Olar giñ sährada agyp-dönýändir?" "Mal nirede? Men bir ykmanda, kärsiz". "Belki-de, sen tüçjar bir söwdegärsiñ? Işleñ ugrunadyr, şowlulyk ýardyr, Del harytdan doly dükanyñ bardyr?" "Şu sanan zatlaryñ hiç haýsysam ýok". arap aýdan: "Aý, munyñ-a bolanok. Berýän maslahatyñ diýseñ akylly, Şeýle jenaplar bir gudrat, hökümli. Paýhasy jöwher deý kesgir hem dury, Sanardan kän olañ tyllasy, zeri. Altyna öwürip bilýärler misem, Şolar ýalyñ biri bolaýma, how, sen?" "Başyñy aýlapdyr halys ham-hyýal, Men seniñ o diýýän adamlañdan däl. Gezende men. Ömrüm geçirip ýolda, Mydar edýän ýykma-ýykylma halda. Başga-da kän meniñ ýaly derwüşler, Rysgyn üzüp bu ýigrenji durmuşdan, dilleri senaly, diläp sadaka, Ömrün ötürýärler ýol söke-söke. Hijisem bihal däl, akylly bary, Ýöne gerdeninde dünýäñ azary..." Arap bu sözleri eşden dessine, Heñkirip başlapdyr onuñ üstün: "Hapysa hamyñy soýmakam diri, Düş basym düýeden yykmandañ biri. heýwere keseliñ ýokuşaýmasyn, Ýanymdan garañy saýla sen basym. Señ bilen bir ugra gitmegem dürs däl, Başga-başga taýa uzasyn bu ýol. Belli zat señ bilen ýolumyz aýra, Sen ilerik gitseñ, men gitjek gaýra. Sen öñemi? Men yzyma dönerin, Biderek şunça ýol geçdim diýmerin. Alman maña beren maslahatyñy, Bugdaýa taý edip äkitjek gumy. Akylyñam kime berseñ, şoña ber, Belki-de, bir samsyk oña begener. Şuny-da aýdaýyn: bir zady bil sen, Senden müñ esse baý samsygam bolsam". Kyn ýagdaý duçar eýlese aklyñ, Gerekmez çäge deý, sen ony dökgün. | |
|
√ Eý, aşyklar bahary, haýyr hamyla senden... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Hijri-zulmydan niçe kim, eýlesem men dat oňa... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Pelek / Goşgular - 12.11.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Gel, bize goşul / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Блондинка с голубыми глазами / Goşgular - 24.07.2024 |
√ Ata-ene hakynda / Goşgular - 18.05.2024 |
√ Ýene-de Stalin hakynda / Goşgular - 12.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |