IKINJI SÖHBET
«Bu dünýä Hudaýyň fantaziýasydyr»
OSMAN ÖDE. «Bu dünýä Hudaýyň fantaziýasydyr, O dünýäni oýlap tapan adamzat!» Bu seniň setirleriň – pikiriň, Nobatguly, dünýäniň fantaziýa kemi ýok, özem meniň, seniň, Aristoteliň, ýa Şekspiriň fantaziýasy däl-de, Ylahynyň fantaziýasy. Ol durşuna syr!..
Syrdan doly dünýä haçan ýaradylypdyr? Aslynda ol ýaradylypmy? Adam kyýamat-magşar güni diýibem bir gürrüň tapdy. Ol haçan bolar? Bu pikirler adamyň ömürlik hemrasy.
Alymlar Ýeriň, takmynan, bäş milliard ýyl mundan ozal haosdan dörändigini, bäş million ýyl mundan ozal bolsa janly-jandaryň ýaşaýşynyň başlandygyny aýdýarlar.
Buddizmiň ynanjyna görä, Ýer, takmynan, bäş million ýyl mundan ozal döreýär, ýaşaýyş bolsa sikllere bölünýär. Her bäş müň ýyldan ýere bir Budda pygamber gelmeli, häzire çenli şolaryň dördüsi gelip geçipdir, ýene Zemine 1004 sany Budda gelmeli!
Injil bu babatda has takyk sany aýdýar. Irlandiýaly arhiýepiskop Uşer 1674-nji ýylda Zeminiň biziň eramyzdan 4004 ýyl ozal Hudaý tarapyndan ýaradylandygyny takyklaýar. Emma onuň takyklamasyndan göwni galan Laýtfut atly başga bir alym Zeminiň biziň eramyzdan 400 ýyl ozal 23-nji oktýabrda ir sagat dokuzda ýaradylandygyny tassyklaýar. Dogry, häzirki zaman dini reformatorlar ol sanlaryň ýöne san däl-de, döwürleri aňladýan göçme manydaky sanlardygyny nygtaýarlar. Yslam dini Adamyň ýaradylyşy babatda şeýle hekaýat getirýär. «Allatagala Adamy ýaratmak isledi hem oňa Allanyň rehmeti bolsun diýip, Jebraýyl perişdäniň Ýerden bir gysym toprak getirmek üçin ugratdy. Ol Ýerden gum aljak bolanyňda toprak ondan yşarat bilen «Näme etjek bolýarsyň?» diýip sorady. Jebraýyl özüniň gelmeginiň sebäbini düşündirdi. Toprak Beýik Allatagalanyň ady bilen oňa ýalbardy. «Menden toprak alma, soňlugy bilen Adamyň neberesi şeýle bir köpeler, olaryň ýüreginde rehim-şepagat bolmaz, günä işlerden gaýtmazlar, şonuň üçin Hudaý olara göz görkezer, mende-de Allanyň gazabynyň öňünde durar ýaly güýç bolmaz, men Taňrynyň jezasyna çydap bilmen». Jebraýyl perişde boş gaýdyp gelýär hem Beýik Allatagala Ýer bilen bolan gürrüňi aýdyp berýär. Allatagala birnäçe perişdesini iberýär, olaryň hemmesi hem Ýeriň zaryna çydaman boş gaýdyp gelýär. Ahyry ol Ezraýyly iberýär, toprak oňa-da nalap başlaýar. Emma Ezraýyl: «Allanyň permany seniň nalyşyňdan hem perýadyňdan wajypdyr» diýip, häzirki Käbäniň duran ýerinden toprak alyp gidýär. Hut şonuň üçinem Ezraýyla jany hem almak tabşyrylandyr. Şondan soň Allatagala adamy häzirki şekilinde ýasap, Mekge bilen Taýifin aralygynda otuz dokuz gün goýýar, kyrkynjy gün bolsa oňa mübärek jany berýär». Bu parça Abul Gazynyň «Türkileriň nesil daragty» atly kitabynda bar.
Yslam dini dünýäniň, älemiň ýaradylyşy barada örän özboluşly taglymaty berýär, ony musulman bolan kişi bilýär.
Bir zat aýdyň: alymlaryň pikiriçe-de, dindarlaryň pikiriçe-de Ýer soň döräpdir. Ol öň bolmandyr. Dialektikanyň demir kanuny bar: dörän zat ýok hem bolmaly, başga zada öwrülmeli. Diýmek, Ýer ýaradylan hem bolsa, özi haosdan dörän hem bolsa, ir-u-giç ýok bolmaly! Ýowuz kanun! Men bu faktlary aýdyp, dini derňemek, alymlar bilen jedele girmek maksadym ýok. Dünýä durşuna syr, ýöne entek ol syryň müňden bir ülşüni bilmeýän halymyza, dünýä doly akyl ýetirjek bolýarys. Ilki bilen dünýäniň syrlaryna düşünjek bolmaly! Adamzat döräli bäri esasy pikirleriniň biri şol – dünýä düşünjek bolmak. Barybir, dünýä syrlylygyny saklap gelýär. Megerem, ol syrlylygy üçin lezzetlidir?! Dünýä nähili ajaýyp! Ýöne ýaşap ýörmeli! Munda kem zat-da ýok, artyk zat-da! Örän beýik Älem paýhasy bilen ýaradylypdyr! Aga, sen bolsa dünýäni düzetjek bolup gara heläk! Hudaý dünýäni ýaradan mahaly ýanynda sen bolanyňda, oňa akyl berip görgä galardyň! Dünýäni döredenden başga üýtgedip biljek kişi bolmaz. Onuň düzedilmegi beri aslynda zerurmyka? Bendesi Allanyň guran binasyna göwni ýetenok. Seniň diliň bilen aýtsam, dünýä düzew däl, ony düzetmeli. Seniň ýaly kişiler millionlarça. Onsoň her akyllynyň pikiri bilen dünýä täze gurulsa, ol hassa barmazmy?
NOBATGULY. Meniň «Adam ata we Howa ene» atly pýesam bar. Kellede taýyn dur, ýöne kagyza geçiräýmeli. Hiç elim degenok, ýöne elim degäýende-de ýazaryn öýdemok. Sebäbi musulman dünýäsinde fanatizmiň ösüp barşyna ol pýesany sahna çykardarlar hem öýdemok. Adam ata hem How ene hakynda sahna eseri kän. Men olaryň birini – Şwarsyň şol at bilen ýazan pýesasyny Obrazsowyň gurjak teatrynda gördüm. Ýöne meniňki düýbünden başgaça. Men bu meselä türkmen bolup çemeleşdim. Gahrymanym hem häsiýeti boýunça türkmen.
OSMAN ÖDE. «Adam ata türkmen eken aslynda» diýip, seniň bir setiriňem barmy?
NOBATGULY. Ýok, gep bu ýerde Adam atanyň türkmenliginde däl. Men şol eserimden azajyk gürrüň bereýin welin, dünýä filosofiýasyna düşünmäge yşjagaz açylar. Hudaý Adam atany ýaradypdyr. Adam ukuda ýatyr, üstüne gün gelipdir. Perişdeler ony ukudan oýaryp, oňa adamdygyny, ony Hudaýyň ýaradandygyny aýdyp, el-ýüzüňi ýuw diýýärler. Adam uklajak, emma üstüne gün düşýär. Sowuk suwa el-ýüzüňi ýuw diýlenine ol gaharlanýar.
– Näme, Hudaý meni hapa ýasapmy el-ýüzümi ýuwar ýaly?!
– Üstüňe gün düşüp gidipdir, beýdip ýatma, hiç bolman beýleräk süýş...
– Siz Güni beýleräk süýşüriň! Men ýatjak...
– Köp ýatmak günä, sen aýlanyp jenneti görmeli...
– Günä bolsa-da ýatjak! Ýatasym gelýär...
Ol «Meni Hudaý näme diýip ýaratdy? Men näme, oňa meni ýarat diýip arz etdimmi?» «Meni menden bidin ýaratdymy, eklesin, seretsin!..»
Ol Howany gowy gören güni Hudaýa alkyş baryny aýdýar, erbet günem «Hudaý bolup şu kel gyrnakmy meniň üçin ýaradanyň!?» diýip azar berýär. Eseriň umumy hörpi şunuň ýalyrak.
OSMAN ÖDE. Seniň Adam atanyň dili bilen aýdýan sözleriň biziň ogullarymyzyň sözleri ýaly-la!
NOBATGULY. Ana, üstünden bardyň? Ogullarymyz bize şeý diýýär! Hiç bolmanynda, hyýalynda! Ogullarymyz mamla, sebäbi biz olary dünýä getirdik, olaryň gowy ýaşamagyny üpjün etmeli hem biz!
Dünýäde näçe bagtyýar adam bolsa, şondan iki-üç esse bedibagt adam bar, maýyp, müjrip, şikestli, keselli, kör... Olary Taňry näme diýip beýle halda dünýä inderipdir? Olaryň dünýäniň, Taňrynyň öňünde günäsi näme? Älemi ýaradan şeýle beýik paýhasly, bimöçber gudratly Allatagalanyň bar adamy bagtyýar etmäge güýji ýetmän durmy? Ine, dinleriň, dünýäniň baky filosofiýasy şundan başlanýar. Biz Alla, dünýä zeminiň akyly bilen seredýäris, aAla bolsa bizi Älemiň akyly bilen ýaratdy!..
OSMAN ÖDE.
Akyldarlaň akyly ýetmedik dünýä.
Akylsyzlar üçin düşnükli juda...
Bir seretseň, dünýäde düşünmez ýaly zat ýok. Işe git, gazanç et, çaga öndür, ekle-sakla, müddetiň ötende-de mura-mugt ulanmaga amanadyňy tabşyr! Wessalam! Bir seretseň, dünýäde syrsyz zat ýok. Dünýä syr, älem syr, ölüm syr! Syr! Syr! Syr!
NOBATGULY. Eger ölümden soň näme bardygyny bilip bolsa, ýaşaýşyň nämedigi düşnükli bolýar...
OSMAN ÖDE. Ikimiz hem «Aum» žurnalynyň üç nomerini okap çykdyk. Žurnal Nýu-Ýorkda çykýar, ol žurnalyň soňky sanlaryny ele salmak bize başartmaz! Emma žurnalyň bary-ýogy şol üç sany, dogrusy, meni şok etdi.
NOBATGULY. Emma ondaky ideýalar adamzadyň dünýä gelip döreden dinleriniň iň başky etapyndaky ideýalar – animizm ideýalary.
OSMAN ÖDE. Taryh gaýtalanýar! Adamzat ösüşi göni öňe däl-de, spiral şekilli diýilýär. Biz taryh bilen aýlanyp, ýene şol giden nokadymyza, ýöne az-kem ýokarrak halda giden nokadymyza gaýdyp gelýäris. Aýdaly, Omar Haýýamyň, Magtymgulynyň ölüm hakda aýdan sözlerine aňkamyz aşyp, kellämizi tutýarys. Olaryň ölüm hakdaky filosofiýasy biziň üçin täze filosofiýa, emma ýakynda men tötänden bir kitapda aşakdaky goşga gabat geldim. Bu goşguda seniň ýaňy aýdyp geçen ilkinji diniň bolan animizmi-de inkär edýär. Gadyny Müsürde hudaýlaryň kultunyň şeýle ýokary derejä ýetip, müňlerçe-müňlerçe gullaryň hudaý üçin gurbanlyk öldürilýän döwründe, beýik faraonlar öleninde olaryň ýany bilen aýallaryny, gullaryny, gullukçylaryny öldürip, o dünýäde hyzmatyny etmäge iberilýän döwründe, eýýäm ateistik pikir hem döräp ýetişipdir. Bu goşgynyň ýaşy dört müň ýyldan gowrak, özem patyşa – Hudaý Intefiň guburhanasyna oýulyp ýazylypdyr.
...Tela isçezaýet i perehodýat, i drugiýe prihodýat (na smenu)
so wremen predkow.
Pokoýatsýa bogi bywşiýe prežde w swoih piramidah,
Pogrebeny mumiýami i duhi w swoih piramidah.
Stroiwşiýe grobnisy – ih mest bolşe net.
Çto sluçilos s nimi?
... Nikto ne prihodýat ottuda,
Çtoby rasskazat – çto s nimi,
Çtoby rasskazat o ih pribywanii,
Çtoby obodrit naşi serdsa...
Wozweselis že, da zabudet twoýo serdse, çto i tebýa proslawýat,
Sleduý serdsu twoýemu, poka ty žiw,
Wozloži miru na swoýu golowu,
Odensýa w tonkiýe tkani,
Umaşaýsýa prekrasnymi nastoýaşşimi mazýami bogow,
Umnožaý eşýo boleýe swoi naslaždeniýa,
Ne dawaý swoýemu serdsu ogorçatsýa,
Sleduý želaniýu ýego i blagu twoýemu,
Sowerşaý swoi dela na zemle, soglasno weleniýu twoýego serdsa,
I ne peçalsýa, poka ne nastupit den plaça po tebe, –
Ne sluşaýet žalob tot, çe serdse ne betsýa,
I plaç ne wernet nikogo iz mogily.
Itak, prazdnuý radostnyý den i ne peçalsýa,
Ibo nikto ne unosit dobra swoýego s soboýu,
I nikto iz teh, kto uşel tuda,
Eşýo ne wernulsýa obratno!
Gadymy Müsürde Osiris atly hudaýyň deragzaplyk bilen gurban talap edýän wagty, beýik faraonlaryň tutuş döwletiň býujetini harç edip, özüniň «o dünýädäki şalygyny, piramidasyny gurdurýan wagty, şeýle netikaza pikire näme diýersiň? Şol zamandan galan şeýle bir rowaýat hem bar: Haýsydyr bir faraonyň hazynasy tükenýär, piramida bolsa gurlup gutaranok. Kakasyna kömek etmek maksady bilen faraonyň gyzy pul alyp, jelepçilik edip, kakasynyň ýetmeýän pulunyň öwezini dolanmyş. Şeýle zamanda ateistik pikir aňyňa sygmaýar.
NOBATGULY. Osman, ölüm agzalanda, men bir zady gürrüň bereýin, sebäbi häzir ýeri hem däl welin, başga mahal ýadyma düşmez! Bir bende pakyr bolsa ruslar beýle-de dursun, hatda gazaklar hem üç günsüz jaýlamaýar. Emma biziň türkmenleriň bir ýaramaz däbi bar. Eňek atyp ugranyndan öwlüýä gabyr gazyjy ugradýar. Ýalan diýmersiň. Çärjewde meniň ýüregimden erbet tutanynda men bir zada akyl ýetirdim: ozal «aý, goşgularym ýaşar, çagalarym bar» diýen ýaly pikirler ölümden gorkmazlyga maňa tekge berýärdi, ýöne Ezraýyl ýakaňdan ebşitläp tutanynda goşgam ýadyňa düşmeýän eken, çagaň-da...
OSMAN ÖDE. Ezraýylyň ýakaňdan ebşitläp tutuşy gowşak bolan bolaýmasyn? Ezraýyl aýdarmyş: «Ýagy ýaly gelerin, ýag ýaly alaryn» diýip. Ölüm agzyny açyp geleninde men «öljek däl» diýip bagyryp ýatany göremok şindi. Adama şol pursat nähilidir bir kaýyllyk berilýär...
:)
NOBATGULY. Gülüber! Görýärmiň, sen iki gezek infarkty başdan geçirdiň. Meniň ýüregimden tutmam seniňkiniň ýanynda wiçjik! Her bir pajyga, kynçylyk başdan sowlansoň, gülkünç görünýär. Ezraýylyň ýakamdan tutmasy gowşag-a däldi, ýöne Hudaý diýen ýerim bardyr, çöpüm tükenen däldir, üstesine-de men çopan goşunda däldim, welaýat merkezindedim. Şol mahalky oblast saglygy saklaýyş bölüminiň müdiri bilen dostlugym hem az peýda etmedi. Ýanymda iki sany daýymyň barlygy sebäpli (olaryň biri Töre Garlyýew ylymlaryň doktory), çärjewli ýazyjy-şahyr dostlarym Abdyreşit Taşowyň, Hanguly Amansähedowyň, Juma Derýaýewiň tagallasy esasynda maňa elin seretdiler.
On bäş sanjym edenlerini bilýän. Gözümiň öňünden, aňymdan bir pursat, bir pikir, bir görnüş aýrylmaýar. «Men häzir ölerin. Ertir öýlän jaýlarlar!» Ine, Ezraýyl bilen ilkinji duşuşykda meniň hakydamda, aňymda rüstemlik eden ýeke-täk pikir!.. Gynansak-da, türkmenimiz şeýle. Irden ölýäň, günortana çenli seni eltip gaýdýarlar. Günortan ölseň, agşama çenli, sen eýýäm gabrystandasyň! Bahana-da howa yssy. Dindarlaram jeset näçe ir düýnelse, sogapmyş diýip akyl satýar! Ýöne men munuň bary ýaltalykdan, jesedi myhman almagy irnik görýänligimizden görýän. Şu ýerde bir mysal getireýin. Beýik ýazyjy N.W.Gogol ölümdem gaty gorkýan eken! Ölümdem beter hem diri jaýlanmakdan. Ol dostlaryna: «Meniň jesedim yslanyp, bozulyp ugraýança meni jaýlamaň» diýip, köp sargamagyna garamazdan, görgülini diri jaýlapdyrlar. Bu barada A.Woznesenskiniň ajaýyp goşgusy bar, bilýänsiň. Bu waka şeýle bolýar. Gogolyň aýal doganynyň ölümi, ýazyja agyr degýär, hut şondanam ol ölüme taýynlanyp düşege geçýär. «Öli janlar» romanynyň ikinji kitabyny otlaýar. Dälirän hala barýar. Meşhur ýazyja Moskwada özüni gowy wraç diýip ynanýan lukmanlar em edip görýärler. Emma ol gaýdyp düşeginden turmaýar. Ýogsa onuň endamynda, organiminde hiç hili kesel tapmaýarlar. Bir wraç «Ol aýal doganynyň ölüminde öz ölümini gördi» diýip takyk belleýär. Lukmanlaryň tagallalaryna bakman, ýazyjy ölýär. Ony jaýlaýarlar. Soň bir sebäbe görä, Gogolyň guburyny açmaly bolýarlar, görseler, merhum biçäre tagta tabydyň içine tutulan matany jyrrym-jyrrym edip, çykjak bolup urnup, dar tabytda beýlesine öwrülip, urnup-urnup ölmeli bolupdyr! Ýogsa ony dostlary ençeme wagtlap jaýlatmandyrlar, emma beýik ýazyjy letargiki ukuda gabra girýär, gabyrda-da ol alaçsyz ölmeli bolýar. Ýazyjynyň birinji däl-de, ikinji ölümi aýylganç. Adam bende täleýini bilýär diýýärler. Gogol hem nähili öljegini öňünden aňyp, şondan howpurgan ýaly bolup dur. Adamogly Gogol ýaly iki gezek ölmeli bolmasyn!
OSMAN ÖDE. Aý, sen dünýäni düzetjek bolup gaty heläk. Gogol gabrystanda ölmeli bolupdyr diýip türkmen aga ölüsini üç-dört gün dulunda saklamaz! Bir baý bolgar aýaly ölmezinden ozal, gorkup, gabryna telefon çekdiripdir! Seniň gorkyň maňa şol bolgar aýalyny ýatladýar.
NOBATGULY. Men mydama gabrystana baranymda: «Bu bedibagtlaryň näçesi diri jaýlandyka?» diýen pikire ulaşýaryn. Göwnüme bolmasa, öwlüýä müňňüldäp ýatan ýaly. Elbetde, Gogoly diri jaýlapdyrlar diýip, türkmen dessuryny düzetmez, sebäbi, ol hatda Görogly ýaly beýik är üçinem däbini üýtgetmändir. Gaýta, real ýagdaýa garaýşyny üýtgedip, Göroglyny gudrat bilen gabyrda doglan hasaplaýar. Ony mife öwürýär. Emma geçmişde ata-babalarymyz bu meselä örän çynlakaý garapdyrlar. Görogly zamanynda, geçmişde her bir maşgalanyň maşgala kümmeti bolupdyr. Ol kümmet şindizem Ysmamyt ata öwlüýäsinde bar. Gözüm bilen gördüm. Ol kümmet edil türkmeniň gara öýi ýaly kerpiçden salnan beýik gümmezli ullakan gubur. Gapysy ýok. Diňe ýokarsynda goşaýumruk sygar ýaly deşigi hem gapdalynda-da adam sygaýar ýaly agzy bar. Agzynyň kerpiçden dykysy bar. Bir bende pakyr bolsa, ony şol deşikden içine salýarlar. Gölegçiler deşikden girip, jesedi onuň içindäki sypanyň üstünde ýatyryp goýýarlar. Jesetler hatar bolup ýatyr. Haçan-da kümmet dolsa, ozalky ýogalanyň süňklerini ýygnap, küýzä salyp, kümmediň iç gyrasynda goýýarlar. Ynha, Görogly hut şunuň ýaly kümmetde dogulýar. Göroglynyň dogluşy mif däl, hakykat! Eger onuň ejesi letargiki ukuda mahaly jaýlanan bolsa, Görogly onuň içinde doglup bilýär, letargiki ukuda ýatan ejesini emip bilýär, sebäbi kümmediň içi gyşyna maýyl, tomsuna salkyn. Çaga aýak bitenden soň ol kümmediň dykysyny hem açyp bilmeli! Men «Göroglyny» örän realistik eser hasaplaýaryn.
Osiris zamanynda ateistiň döremegi hem kanunalaýyk zat! Bir ideýanyň beýleki tarapyndan seredäýmeli! Görýärmiň, Allatagala Adam atany ýaradýar, Adamyň ýaradylmagy täze pikir, täze ideýa! Hemme perişdeler Allanyň emrine kaýyl bolup Adamyň hyzmatyny etmäge razy, emma perişdeleriň iň sowatlysy, iň hudaýhony, iň ygtybarlysy Azazyl Adamyň gullugynda durmakdan boýun gaçyrýar, sebäbi ol gaty ylymly! Netijede-de ol oppozisiýa öwrülýär! Şeýtan – oppozisioner! Görmeýärmiň, kommunistleriň döwletini, SSSR-i iň sowatly kommunist ýykdy! Dünýäde Hudaý hakynda pikir dünýä inen badyna, ters pikir hem ýaşap başlaýmaly. Tebigatyň kanuny şeýle!
OSMAN ÖDE. Burhaneddin Rabguzynyň «Kysasyl Enbiýa» – («Pygamberler hakda kyssalar») atly kitabynda täsin bir nakyl bar: nakyldar, kim jaýdar enesinden togulgan zaman üç nemirsäni (zady) bilur: owwal ýaratganyny bilur, ikinji, höregini bilur, üçünji, duşmanyny bilur.
Janly-jandaryň ýaradanyny bilýänini-bilmeýänini bilip bolanok, oňa Süleýman pygamber ýaly mör-möjegiň dilini bilýän bolmaly, ýöne olaryň galan ikisini bilýäni welin hak. Towugyň ýumurtgasyny ördek basyrsa-da, ol ýumurtgadan çykdygy köle-batga baryp, höregini iýip başlaýar. Syçan çagasynyň gözi açylyp, pişik gördügi, gaçyp deşige girmek bilen. Ýa aýdaly, dünýäde iň ullakan jandar bolan pil syçanyň hinini gördügi bagyryp durmuş. Pili hindiler daňman, daş-töweregine gazyk dürtüp «syçanyň hinini» edip gidiberýärmiş... Alymlar piliň syçandan gorkmasyny, syçanyň pişikden gorkmasyny – ganyndaky instinkt diýip düşündirýärler. Men gumdakam bir zadyň şaýady boldum diýen ýaly. Gumdan ýaňy oba eltilen eşegiň kürresi çopan goşundan daşlaşypdyr, oňa-da bir entäp ýören möjek sataşypdyr. Wagşy möjek kürräniň ardyndan agyz urup, tutuş iç goşuny çykaryp, iýipdir. Çopanlar bilen ylgaşyp, şol kürräni görenimde ýadyma, «Gözüm görmese bolýar, syrtymy böri iýsin» diýen nakyl düşdi. Kürre türkmeni ýalançy etmän wagşy möjege syrtyny öwrüpdir. Bu näme gorkudanmy? Instinktdenmi? Näme diýip goýnuň damagyny çalyp ganyny içýän möjek, eşegi beýle ýagdaýa salypdyr. Şunuň ýaly mysallary aňyňda aýlaýaň-da, dünýäniň öz kanunlary boýunça hereket edýändigine göz ýetirip ugraýarsyň. Şondanam dünýä hakyndaky ylym başlanýar, ol ylmyň bolsa aňyrsyna ýetmek ýok.
Bir iňlis zoolog alymy hakda rowaýata çalymdaş bir hekaýat eşidipdim. Studentler öz ateist professorlaryny gorkuzmak maksady bilen dürli eýmenç haýwanlaryň hamyndan tikişdirip, agzy hatap ýaly, saňňy-saňňy bir gorkunç mahlugy ýasap mugallymlarynyň baraýjak ýerinde goýýarlar. Professor baran badyna içi studentli gäp eýmenç agzyny açyp başlaýar. Bir bada zähresi ýarylan professor birden mahlugyň aýagyny görüp, gygyryp başlapdyr.
«Bar okadanym haýp, sizden student bolmaz! Aýagy paşmakly haýwan adam üçin howpsuz!»
Seredip otursaň, aýagy paşmakly, toýnakly haýwanlar ot iýýär, dyrnaklylar et! Çüňki egrelip duran guşlar et iýýär, çüňki gönüler ot. Ot iýýänleri et iýýänler iýýär. Adam bolsa ikisinem. Diýmek, ot iýýän janawarlar et iýýän ýyrtyjylaryň höregi, hurşy, yrsgaly. Umuman, ýerde güýji ökde, güýji zor ejizi iýip gidip otyr, onsoň bu dünýä adalatly dünýä diýip bolmaz! Dünýädäki ähli jandar bir-biriniň hurşy! Muny Hudaý şeýle ýaradypdyr.
NOBATGULY. Bu diňe zeminde şeýle däl, asmanda-da şeýle. Uly planetalar kiçi kometalary demine dartyp, özüne siňdirip goýberýär. Gün atly ullakan planeta bolsa töweregindäki kiçi astroidleri, meteorlary ýalmap, zemine ýagtylyk berýär. Halklar, döwletler babatda-da şeýle. Baýlar, garyplar babatda-da şeýle. Baý adam garyby borçdar edýär, talaban edýär, gul edýär. Uly halklar, uly döwletler kiçi döwletleri, halklary özüne birleşdirip, ýitirip goýberýär. Seret, her zaman bir zaman bolýar. Belki, zeminiň aýlanyşynda haýsydyr bir asman asmandaky ýyldyzlardandyr, belki, Alla tarapyndyr, garasaý, belli bir halkyň, döwletiň ykbaly göterilip, ösüp başlaýar. Dünýäniň ilkinji siwilizasiýasy bolan Müsür dünýä ullakan piramidalary berdi, gudrat görkezdi. Soň ol ýerden kämillik göterilip Gresiýa hem Rime geldi. Olar dünýä Sokraty, Platony, Aristoteli berdi. Ýene bir öwrümde türkmenleriň ykbaly göterilip, ullakan imperiýa gurupdyrys. Şeýlelikde, siwilizasiýa dünýäniň topraklaryny, ýurtlaryny aýlanyp ýör. Bir döwürde ol Amerikada maýýalarda, aňteklerde, ýene bir döwürde ol Afrikada, ýene bir döwürde Hytaýda. Häzir bolsa Ýuwaş okeany döwletlerine döwran döndi. Emma başdanaýak şol döwrany özünde saklan ýurt-da ýok, döwlet-de. Ösen döwletler kiçijik bir döwletiň pidasy bolup, olaryň hazynasy – depinesi ozalky talanan halklara, döwletlere miýesser edýär. Dünýäde her bir zat ikinjini iýýär! Seniň aýdyşyň ýaly, güýji zor ejizi iýip gidip otyr. Dünýäniň adalatlylygy hem şunda! Häzir dünýä öz täsirini ýetirip oturan Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň indiki asyrda kyrk-elli döwlet bolaýmagy gaty ähtimal! Häzir ösen sekizlige girýän Italiýa bölünmegiň öň ýanynda dur, Kanada-da hem şol howp bar. Häzirki uly döwletleriň hemmesi indiki asyrda hökman bölüner!
OSMAN ÖDE. Ýer şarynda siwilizasiýanyň häzirkiden has ösen zamanlary hem bolupdyr diýip ylym tassyklaýar. Ylmy tassyklama indi eýe bolmadyk Atlantida hakyndaky rowaýata çalymdaş waka gaty täsin. Sebäbi ynandyrýar! Belki-de, ynanasym gelýändir. Biziň eramyzdan ozal Sokratyň okuwçysy, Yslam dünýäsinde Eflatun ady bilen meşhur bolan Platon özüniň «Timiý» hem «Kritiý» hakdaky dialog kitaplarynda Atlantida hakynda ýazýar. Ol şol wagtlar ýetmiş ýaşynda eken, ýagny biziň eramyzdan 355-nji ýylda ýazýar. Platon ol ada hakynda örän geň maglumat berip, 11500 ýyl mundan ozal örän syrly ýagdaýda Atlantidanyň okeanyň düýbüne batyp gidendigini ýazýar. Atlantika okeanynyň ady hem şonuň bilen bagly. Platon Atlantida adasynyň Gibraltar bogazynyň golaýynda ýerleşendigini beýan edipdir. Eflatunam, aga, seniň ýaly dünýäni düzetjek bolup, ideal jemgyýeti agtaryp, şol jemgyýeti, hiç bolman, hyýalynda döreden adam. Atlantida mifi dünýä döräp alymlaryň, dindarlaryň, ýazyjylaryň, geograflaryň mydama ünsüni çeken şäher-döwlet. Ol hakda bäş müň çemesi kitap ýazylypdyr, diýmek, ol ýöne owadan mif däl! Platonyň ýazyşyna görä, adanyň ini-boýy 370–570 kilometr çemesi, örän ajaýyp klimatly, boz toprakly haýwanat, ösümlik dünýäsine baý, ýaşaýyş üçin diýseň ýaramly bolupdyr. Atlantida gürrüňine başlamankam alymlaryň gipotezasyna görä, şol döwürde bolan Lemuriý döwleti hakynda-da aýdaýyn. Mundan elli müň ýyl ozal dünýäniň geografik kartasynyň başgarak bolandygyny alymlar tassyklaýar. Lemuriýa döwleti Peru döwletinden Gawaýýa, Polinez adalaryna çenli bolan arany tutupdyr.
Atlantida döwleti Müsür, Ispaniýa bilen ýygy söwda we beýleki aragatnaşygy saklapdyr. Olaryň çagalary eýýäm ikinji-üçünji klaslarda ýokary matematikany bilipdirler, akyldarlyk ýaşy 23–25 ýaş hasap edilipdir. Adamzadyň altyn asyr diýip agzyny suwardýan asyryny olar başdan geçirip, her bir atlantly birnäçe ýüz ýyl ýaşapdyr. Şu taýda Oguz hanyň nebereleriniň birnäçe ýüz ýyl ýaşandyklaryny hem ýatlalyň!
Lemuriýa döwleti has-da ösen eken! Gürrüň gaty uzyn boljak, şonuň üçin biz diňe Atlantida bilen oňaýaly. Atlantidaly adamlar filosofiýa bilen gaty gyzyklanman, matematika, oýlap tapyşlar bilen gyzyklanypdyr. Olar islendik sanlary edil kompýuter ýaly ýadynda hasaplap bilipdir. Her kim öz öljek wagtyny özi kesgitläpdir, ýagny olar tibetlileriň ösen danalary ýaly, aňsatlyk bilen öz ruhlaryny göwresinden çykaryp, o dünýä gitmegi başarýan eken. Atlantida-da ylym hem tehnika görlüp-eşidilmedik derejede ösüpdir welin, çakyň dälmiş. Olar gün energiýasyny doly uýanlamagy başaryp, öz adalarynda ummasyz uly energiýa zapaslaryny saklapdyrlar. Fantastiki çaltlyk bilen uçýan apparaturalary ýasap, başga planetalylar bilen ýygy aragatnaşykda bolupdyrlar. Başga planetalylar olara Güýç Kristallaryny ýasamaga ýardam edipdirler. Häzire çenli pynhan syr bolup galýan Bermud üçburçlugynda şol Güýç Kristallarynyň biri ýatyr diýip alymlar çaklaýar. Bermud üçburçlugynyň bolsa üstünden geçýän gämini hem, asmandan, onlarça kilometrden ýokarda barýan samolýoty hem bir demde ýuwdup goýberýändigi hakda bilýänsiň!
Ýadro howpunyň şu gün dünýä howp salşy ýaly, olaryňam ylmy gazananlary özüne howp salýar. Atlantida-da has ösen Lemuriý döwleti başyna betbagtlyk inderýär. Atlantidanyň ykbaly hem şolaryňkydan gowy bolmaýar. Ada betbagtlyk abananyny duýan köp atlantlylar gaçyp Müsüre, Ispaniýa, Zakawkazýä, Italiýa, Gresiýa barýarlar. Müsür piramidalarynyň awtorlary hem adasyny suw basan şol atlantlylar hasap edilýär. Lemuriý döwleti Hytaýy basyp almak üçin Güýç Kristalyny göni ýeriň garnyndan Hytaýa gönükdirýär, netijede gaty ullakan ýer titremeler bolýar, Lemuriý hem suwuň astynda galýar. Güýç Kristalynyň gönükdirilen ýeri Sargass deňzi diýip hasap edilýär. Sargass deňzine korabllaryň gabrystanlygy diýilmegem ýöne ýere däl, şu mahala deňiç şol ýerde Güýç Kristalynyň täsiri bar diýlip çaklanylýar. Meniň pikirimçe, şol beýik atlantlylaryň nebereleri Oguzhanyň ýurduna hem aralaşan bolmaly!
Elbetde, bu zatlar göräýmäge fantastika! Emma hakykata galtaşýan ýerleri gaty köp. Atlantlylar öz tejribelerini, paýhasly zatlaryny ýörite gutuda saklapdyrlar. Şolary dünýäde ýaşap geçen iň uly mag, weli Edward Keýsi müň ýyllyklar aralygyndan okamany başarýar. Sebäbi pikir – eýýäm materiýa, materiýa bolsa ýaşaýar. Häzir Atlantidanyň gark bolan ýerlerinden korabllara ýüzmek kyn, sebäbi suwuň asty ýöne dag bolup ýatyr. Bu zatlary tassyklaýan ýene bir jedelsiz zat bar. 1700-nji ýylda türk admiraly Piri Reýs bir dünýä kartasyny tapýar. Ol kartada Ýeriň konturlary şeýle bir takyk şekillendirilipdir, beýle takyk kartany diňe häzirki zaman aerofoto suratlary esasynda edip bolýar. Başga-da irili-ownukly detallar köp. Şu zatlary ýadyňa salaňda dünýäde ozal hem birnäçe gezek ösen ýaşaýşyň bolandygyna ynanýarsyň.
NOBATGULY. Dünýäniň gyzyklylygam şu syrlylygynda-da. Müsüriň piramidalary hakynda müňlerçe kitap çykaryldy, birentek alymlar olaryň haýsydyr bir daşky gudrata esaslanandygyny tassyklasa, ýene bir topar alym ýalana çykarýar, üçünji topar alymlar bolsa ýaňadan ýalana çykaryp bolmajak detallary tapýar. Müsüri öwrenýän alymlary mydama bir zat haýrana goýýar. Müsürliler äpet-äpet piramidalary gurup, onuň pynhan ýerinde faraonlaryny jaýlap, diwarlaryna giden tekstleri ýazypdyrlar, emma piramidanyň iç diwarynyň hiç ýerinde çyranyň tüssesiniň garaldan ýeri bolsa ýok. Eýsem, olar elektrigi biläýdilermikäler? Tokdan paýdalandymykalar? Bu soraglara ýerden tapylan tapyndylar diýip dogry jogap berýärler. Müsürden, Yragyň territoriýasyndan dürli wagtlarda birnäçe küýzejikler tapylýar. Käbiriniň içinde haýsydyr bir sterženler, gaýry zatlar bitumlanypdyr. Alymlar oňa zirke guýup görýärler welin, olar batareýa eken, olaryň kömegi bilen ýönekeý yşyk alyp bolýar. Elektrik toguny! Uly dünýäde ýüz ýyl gowrak mundan ozal tapyldy diýilýän elektrik toguny olar dört-bäş müň ýyl mundan ozal, ýaňky ýaly ýönekeý batareýalar arkaly ulanypdyrlar.
OSMAN ÖDE. Piramidalarda syr gaty köp. Häzir tutuş Müsüriň esasy girdejisi turistlerden gelýär. Şunda piramidalaryň garawullary bir zada üns berýärler. Turistleriň galdyran-gaçyran zadyndan iýip-içip ýören sansyz pişikler piramidalaryň içine girip ýitip gidýärmiş. Garawullar olar porsar öýdüp gorkýarlar, emma görlüp-oturylsa, olar piramidanyň labirintlerinde azaşyp, yzyny tapman ölýärler, emma porsaman emeli usulda öz-özleri mumiýalaşaýýar eken. Munuň sebäbini alymlar çalt tapýarlar. Olar piramidanyň şekilini – maketini ýasap, birini Gizadaky piramidanyň ýerleşişi ýaly ýerleşdirýärler, beýlekisini bolsa onuň tersine. Maketiň hersiniň içine bir bölek et goýup görýärler. Asylky piramidanyň durşuna ters ýerleşdirilen maketdäki et üç günden zaýalanyp porsaýar, emma piramidanyň durşy ýaly goýlanda bolsa et mumiýalaşýar. Zaýalanmaýar. Piramidanyň bar gudraty onuň asman energiýasyna gabat getirilip goýluşynda eken. Bir alym hatda ondan ylmy açyşy üçin patent hem alýar. Ol alym köne lezwini iki döwüp bir taýyny dogry maketde, bir taýyny bolsa ters maketde goýýar. Bir hepdeden alyp görseň, dogry goýlan maketdäki lezwi täze ýaly ýitilenipdir, ters maketde goýlan öňküsi ýaly durupdyr. Piramidalar asman güýçlerine şeýle bir matematiki takyk goýlupdyr welin, alymlar bu gudrata ýöne agzyny açaýýarlar.
NOBATGULY. Piramidalar bilen bagly gudratly wakalar gaty köp. Ine, olaryň biri: 1923-nji ýylyň 13-nji fewralynda iňlis lordy Kernarwanyň pul bilen üpjün edilmeginde Karteriň ekspedisiýasy Tutanhamon piramidasynyň içindäki gizlin guburhanasyny tapýar, onuň möhürini syndyryp, kümmede girýärler. Arheolog Karter bilen lord «Faraonyň asudalygyny bozan adama ölümiň çarşagy sanjylar» diýlip ýazylan tagtajygy tapýar, dessine ony ekspedisiýanyň toparyndan gizleýärler, çünki ozal hem gudratly diýlip halys-alla ynanýanlar girmekden boýun gaçyrar öýdüp gorkýarlar. Olar kümmedi açyp başlanlarynda ýene şonuň ýaly haýbat atýan dogany tapyp, onam gizleýärler. Garasaý, Tutanhamonyň faraonlyk baý hazynasyny açyp, faraonyň mumiýalanan jesedini hem Kaýirdäki muzeýe tabşyrýarlar. Şol gije ekspedisiýany pul bilen üpjün eden, hem oňa gatnaşan lord gyzdyryp, üşedip, özünden gidip, yzýanam ölýär. Kaýirdäki iňlis lukmanlary oňa diagnoz hem goýup bilmeýärler. Şundanam «Faraonyň gargyşy» başlanýar. Sähelçe ýylyň içinde ekspedisiýa gatnaşanlar, olar düşnüksiz kesele uçranynda gapdalynda oturanlar ölüp başlaýar. Ýüzlerçe tomaşaçy muzeýdäki mumiýany görmäge baranynda has eýmenç waka bolýar. Aýna sarkofagyň içinde ýatan jeset elini gapdala taşlaýar, aýna sarkofag döwülýär, jeset gorkunç ses edip, boýnuny bir tarapa gyşardýar. Jesedi synlamaga baran toparyň ýagdaýyny göz öňüne getir. Ertesi gazetleriň sensasiýalary bütin dünýäniň endamyny jümşüldedýär...
Ekspedisiýa gatnaşan adamlaryň ählisiniň ölümi gaty geň ýagdaýda bolýar, ýaňky aýdyşymyz ýaly, wraçlar anyk diagnoz hem goýup bilmeýärler. Ýigrimi-otuz ýyldan soň alymlar piramidanyň içinde müňlerçe ýyl bäri ýaşap ýören awuly kömelejikler howanyň üsti bilen olaryň endamyna ýelmeşip, dem alanynda içine gidip öldürendir diýip netijä gelýärler. Ikinji alymlar topary olaryň çaklamasyny ýalana çykaryp, piramidanyň içiniň howasy radioaktiw elementler bilen zäherlenip, radioaktiw «gorag» goýlandyr diýen wersiýany öňe sürýär.
OSMAN ÖDE. Umuman, öleniň guburyny açmak ölüm bilen oýun etmek hökmünde görülýär, sebäbi köp dinlerde ölen adam gudratlaşdyrylýar. Ýönekeý mysal, Özbegistanda Agsak Teýmiriň mazaryny açyp öwrenmekçi bolýarlar, emma guburyň müjewürleri Teýmirleniň gubury açylsa, eýmenç urşuň boljakdygy barada ateist alymlara duýduryş berýärler. Emma sowet alymlary olary diňlejekmi? Gubury açýarlar, ertesi daňdan bolsa Ikinji jahan urşy başlaýar! Bu, näme, ýöne gabat gelmekmi? Ýa dini gudrat barmy? Dünýä gan çaýkan beýik hökümdaryň mazarynyň açylmagy – urşuň gapagynyň açylmagy bolýar-da. Muňa näme diýip düşünjegiňem biler ýaly däl.
(Dowamy bar)...
Söhbetdeşlik