03:35 Il ogly - Ilmämmet | |
Ilmämmet Sapar ogly 1959-njy ýylyň fewral aýynyň 24-ne häzirki Balkan welaýatynyň Magtymguly (Garrygala) etrabynyň Durdyhan (Ynjar) obasynda eneden dogulýar. Ol Durdyhan obasyndaky 20-nji başlangyç mekdepde başlangyç bilimi, Tutlygala obasyndaky 9-njy orta mekdepde doly däl orta (8 ýyllyk) bilimi alýar. 1974-nji ýylda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy (Krasnowodsk) şäherindäki lukmançylyk uçilişesiniň feldşerçilik bölümine okuwa girýär. 1978-nji ýylda okuwyny tamamlap, 1978-1980-nji ýyllarda harby gullukda bolýar. 1980-nji ýylda Gyzylarbat etrabynyň Zaw obasynda feldşer bolup işe başlaýar. Şol obada hem ömrüniň ahyryna (2022-nji ýylyň 3-nji apreline) çenli işleýär. Ilmämmede ýakyn adam, agasy hökmünde ol baradaky ýatlamalarymy we onuň döredijiligini halka ýetirmegi maksat edindim. Biziň maşgalamyz on bir adamdan ybaratdy. Dädemiz Sapar, ejemiz Amangül. Oglanlar: Allaguly, Annamuhammet, Ilmämmet, Halmämmet, Bäşim, Alty, Döwran. Gyzlar: Ogulbolsun, Gülruh. Ilmämmet ýaşlygyndan okamaga höwesek boldy, ýaňy 2-nji synpda okaýan döwründe «Görogly», «Ykbal» (H.Derýaýew), «Doganlar» (B.Seýtäkow) ýaly kitaplary ürç edip okaýardy. Dymma, geplemezek häsiýeti bardy. Bir gezek Döwlet dädemlere myhmançylyga gezmäge baranda eline bir çeper eser düşýär, aýtmaklaryna görä tä gaýdýança ýerinden turman, düzüwli iýip-içmän, kellesini galdyrman kitap okapdyr. Ilmämmet menden iki ýaş kiçidi, onuň çagalygyna garamazdan urulsa-da, ýenjilse-de hiç wagt aglamazdy. Sünnetlänlerinde-de gaşyny çytmandyr, hatda ýüzi hem üýtgemändir, onuň sünnet atasy muňa haýran galypdyr. 4-nji synpda okap ýören wagtlary tigir sürüp ýörkä ýykylýar we kellesi daşa degip ýaralanýar. Özünden uly oglanlaryň biri ony galdyryp ganlaryny ýuwuşdyrýar. Agşam öýe ýygnanyşyp, maşgala bolup nahar edinip başlanymyzda näme üçindir Ilmämmet papakly otyrdy, uly agamyz Allaguly: «Seniň bu papagyň näme...» diýip, onuň papagyny aýyrjak bolanda, Ilmämmediň iki eli bilen papagyna ýapyşyp garşylyk görkezişi meniň ýadymda. Men onuň hiç wagt «O ýerim, bu ýerim agyrýar» diýeni ýadyma düşenok. Ol şeýle çydamly mert oglanlaryň biridi. Nätanyş ýerlerde, köpçülikde dymma bolsa-da, maşgalamyzda gürrüň bermegi halaýardy. Ýene-de bir üýtgeşik häsiýeti haýsy-da bolsa bir söz aýdan wagtyň degşen bolup, şol söze kapiýalaşýan bir sözi aýdyp gülüşdirerdi. Onuň bu häsiýeti soňky döwürlerde hem dowam etdi. Juda namysyna degilmese adamyň göwnüni ýykmajak bolýardy. Adamlara elinden gelen ýagşylygy etmäge synanyşýardy. Şonuň üçin bolsa gerek onuň ady: «Iljan», «Iliç» diýlip tutulýardy. Inimiziň ýene-de bir täsin häsiýeti barada durup geçesim gelýär. Inim 13-14 ýaşlarynda ýanynda ýene-de iki sany dostlary (Öwez, Nurýagdy) bilen obamyzdan 2 km daşlykda ýerleşýän Aýderedäki dükana ugrapdyrlar. Ýaňy ýarpy ýoly geçenlerinde, üstlerine abanyp duran gaýalary ýaňlandyryp tüpeň sesi eşidilýär. Şol pursat inimiz biraz oýlanyp durýar-da: «Häzir awçynyň atan käkiligi biziň öňümize düşýär» diýýär, köp wagt geçmänkä aýdyşy ýaly, seçme degen käkilik pötläp öňlerine düşýär. Ýene-de bir waka ýadyma düşýär. Örä gidip gelýän sygrymyzyň gapdalynda ulurak gölesi bardy. Bir gün agşam sygrymyzyň gölesi gelmedi. Biz göläni 1-2 gün daga çykyp gözledik, ýöne tapmadyk. Ilmämmet: «Gözläp ýörmäň, göle ertir geler» diýdi. Diýşi ýaly ertesi agşam göle enesi bilen tirkeşip geldi. Şeýle-de onuň ýitirlen zady tapyp bilýän ukyby bardy. Bu barada ol öz «Dolansana, gelsene» diýen goşgusynda hem ýatlap geçýär: Ýykylmankam, golum tutup göterdiň, Azaşmankam, sen ýoluma getirdiň, Agtaranym, tapmagyma elterdiň, Ýalňyz goýma, dolansana, gelsene! Maşgalada onuň bu häsiýetlerine üns berilmezdi. Hormatly okyjym! Men Ilmämmedi keramatly bir adam hasaplamak pikirinden daşda, bu zatlaryň «gabat gelmeler» bolmagy mümkin, ýöne täsinlik hem bar. Men doganlarym bilen gowy gatnaşykda, ýöne Iljan inim men bilen has-da ysnyşykly gatnaşdy. Telefonda SMS arkaly goşgularyny iberip durýardy. Ol toý-tomaşa ýa-da doglan günleriň bellenýän oturşyklaryna hem öz goşgulary bilen gelerdi. Onuň aýdyşyk goşgulary hem bardyr. Bir gezek, inimiz Halmämmet öz maşynynda dädem bilen barýarkalar, Zaw obasynda ýaşaýan Ilmämmetlere sowlupdyrlar. Dädem bir görse Ilmämmet inimiz: Çydam et eziz göwräm, Munça göreniň görgi, Hars urup tutjak bolýaň, Ýene edeniň bergi. ... Ýokardaky bent bilen başlanýan goşgusyny ýazyp goýan eken. Aýgözel gelnimiz çaý-suw alýança, dädem aşakdaky görnüşde jogap ýazypdyr: Bergiden çykmak üçin, Azyrak ýatmak gerek, Kädidir, gawun-garpyz, Köpüräk ekmek gerek. Men Ilmämmet inimiziň ýedisi geçenden soň, öýündäki ähli arhiwini we iş ýerindäki öz eli bilen ýazan depderlerini hatda bölejik kagyzlardaky ýazgylaryny hem ýygnaşdyryp öwrenmäge başladym. Ilmämmediň öz aga-inilerine, dostlaryna, işdeş ýoldaşlaryna galdyran tekst görnüşindäki we audio-wideo ýazgylary bilen gyzyklandym hem-de olary topladym. Goşgy öz-özünden döremeýär. Adam haýsy-da bolsa bir närsäniň täsiri netijesinde özüniň içki duýgusyny, joşgunyny daşyna çykarýar. Şahyr gözellikleri üýtgeşik duýgular bilen kabul edýär, şol duýgylar bolsa ony heýjana salýar, ylhamyny joşdurýar. Elbetde şeýle täsirleriň Ilmämmediň durmuşynda hem bolandygy hakykat. Bu hakykata onuň döredijiligi bilen tanşyp göz ýetirersiňiz. Ilmämmediň dessanyndaky hiç kime mälim bolmadyk ilkinji we soňky söýgüleri, aşyk-magşuklyk onuň başdan geçiren ahwalatlary bolmagy mümkin. Ilmämmet pygammer ýaşyny dolduryp, 63 ýaşynda dünýäden ötdi. Men öz gynanjymy aşakdaky setirleriň üsti bilen beýan etdim. • IL OGLY – ILMÄMMET Altmyş üç ýyl ömür sürdüň panyda, Gerek ýerde aýamadyň jany-da, Tanamaýan ýokdur, Illi adyňy, Zaw, Gyzylarbatda, Goçda, Bamyda. Tebip bolup il derdine em etdiň, Ylham joşup şygyr-dessan döretdiň, Il ogly – Ilmämmet adyny aldyň, Ýüreklerde ömür-baky ýer etdiň. Sany ýokdur, nijäň derdin dep etdiň, Maýyby ýöretdiň, laly gürletdiň, Soňky pursat ýanyň ýere berseň-de, Ýüz tutan nähoşuň derdin ýeňletdiň. Berildiň käriňe, hyzmatyň uly, Sadadan-sypaýy ýigitleň güli, Ynjasaňda, ynjytmadyň ynsany, Toplajak bolmadyň baýlygy-puly. Sen gitdiň, agladyk, kalbym elenýär, Janyma jaý tapman, ruhum bulanýar, Bilmändiris, diri wagtyň bahaňy, Beýikler ölensoň gadry bilinýär. Bars ýyly, Orazaň ikinji güni, Bizden ara açdyň – giderdik seni, Yslamda-Gurhanda aýdylan öňden, Enşalla jennete bararsyň göni. Ýatan ýeriň ýagty, imanyň hemra bolsun, inim Ilmämmet! Annamuhammet SAPAR. 10.04.2022. | |
|
√ Şepelere häsiýetnama / Goşgular - 13.07.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Bozajak seni / Goşgular - 22.05.2024 |
√ Saña duşalym bäri / Goşgular - 24.08.2024 |
√ Türkmen rysgy köp bolsun / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Bir gün ýüzüň gören kişi... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Meniň gimnim / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Boş bolgaý / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Gaplaň jülgesi / hekaýa / Goşgular - 10.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |