11:49 Ilde gepem kän, gürrüňem | |
ILDE GEPEM KÄN, GÜRRÜŇEM
Halk döredijiligi we rowaýatlar
(Mirasgäriň kitabyndan bir çak gündelige göçürilip alnan şu rowaýatmy ýa gep-gürrüňleri saýtyň okyjylaryna ýetirmegi makul bildik) Bir görgüli ýokdan bar edişine ogluny öýlendirýär. Ýöne gelin ýatan çöpi galdyrman, titisiräp mydar edýän işýakmazlardan ekeni. Bu ýagdaý gaýyn atanyňam, gaýyn enäniňem halys degnasyna degýär. Günlerde bir gün olar hile bilen gelinlerini işe ugrukdyrmaklygy dilleşenler we “howlyny men süpürjek-de, men süpürjek, sen ýaraňok-da sen ýaraňok”, bolşup, ýalandan jedelleşip ugranlar. Bendeleriň pikiri gelinlerine “waý, beýdip harçaňlaşmaň-da siz arkaýynja oturyberiň, özümjik syraýaryn” diýdirmek ekeni. Hany o zatlaram, näme, aňsatlyk bilen bolaýýamy. Şonda gelinleri ýanlaryna gelip: - Uruş-sögüş ite ýagşy. Beýdip dereksiz zat üçin ýaka weýran bolşup ýörseňiz il-gün näme diýer. Nä indi şonam bileňzokmy? Her gün biriňiz syryberiň-dä! – diýip, sübsäni gaýyn atasynyň eline tutdurypdyr. *** Ine, uly obanyň edenli arçyny bir salymly sapardan gelse, asyl, yzynda ony-onda, muny-munda edip, haýsydyr bir edenini bilmän, kak çekge işýakmazam mirap saýlasalar nätjek?! Oba adamlaryny gowy bilýän arçynam muňa jyny atlanyp, bolmajysy bolýar. Ahyry bir günem, içini hümledip ýören arçyna hälki täze mirap pete-pet geläýmezmi. Agras arçynyň garasyny gören badyna, onuň öwzaýynyň bozukdygyny aňan mirabyň süňňi söklenen ýaly bolup göwresine sandyraklama aralaşýar. Emma ol basym özüni tijeýşine: - Arçyn aga, maňa daga hem miraplyk ýetensoň, iliň gutaryberendigini özüň biläýmeli ahyryn – diýip, öňürdipdir. *** Patyşa tagbyrçyny (düýş ýorgutçy) çagyryp gören düýşüni aýdyp berýar. - Ine, tagbyrçy, şeýle düýş-ä görlendir. - Aý, hökümdarym, pygamber ýorgudy bolsun – diýen ýorgutçy böwrüne diň salşyna, gözüni süzgekledip esli oturýar – ýaňky düýşüňize görä, siz galýaňyz-da, tagsyr, ähli dogan-garyndaşlaryňyz ölüp gutarýar. - Baryň, zyňyň zyndana, gözüm görmesin. Soňra goňşy ýurtdan has bilimdar, has sypaýy başga bir tagbirçyny getirýärler. Ol hem äwmän-alňasaman patyşanyň düýşüni diňläpdir. - O-how, kyblaýy älem! Gözüň aýdyň! Siz-ä, asyl, ähli hossarlaryňyzdan uzak ýaşaýar ekeniňiz. - Haý, berekella! Ataňa rehmet! Hany how, muny dessine halatlaň-da, serpaý ýapyň! - Aý, hökümdarym! Bularyň ikisiniň aýdanam-a şol bir zat welin, näme üçin ilkinji ýorgutçyny zyndana taşlatdyň-a? - Wezir, wezir! Ilkinji işigaýdan sözlejek sözüni tapmady. Soňky bolsa, geplejek gepini bildi. *** - Kaka, häli bazara gitdiň-ä? Şonda ussahana Beşir baýyň ogly geldi. Elinde-de şol köneje tüpeňi. “Şundan-a dynmadym. Näçe bejerilse-de alty-ýedi gezek towhuldatdygym, hezili gaçaý-ýa. Onsoň süýre-de gaýdyber. Sähel tyrk-tyrka gopuz ýalam bolýa welin, uzak süresi ýok-da. Muny tut ýaly edäýmek ussa aga-da eýgerdýän däldir-dä” diýdi welin, elime alagetdin, onsuny siňňin synladym. Asyl, pylan zeýilli ýetmezem ýok ekeni-le. Onsoň ony men-ä, kaka, gaýdyp gelmez ýaly sünnäläýdim. - Ýagşam bir iş edipsiň. Ataň-a ony oňarybilmedik kişi bolup, oýnatgy baý oglundan çaý puldur eýle-beýleligini ýonup ýördi welin, indi awyny iýersiň keýik kakmajyjy. Geldimyrat SEÝIDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |