14:28 Ilkinji sözlükçini ýatlap... | |
ILKINJI SÖZLÜKÇINI ÝATLAP...
Türkmen dili
1892-nji ýylda Sankt-Peterburg şäherinde «Краткое практическое руководства для ознакомления с наречием туркмен Закаспийской области» («Zakaspi oblastynyň türkmenleriniň gepleýiş dili bilen tanyşmak üçin gysgaça iş gollanmasy») atly gollanma neşir edilipdir. Awtory P.P.Şimkewiç. Awtoryň belleýşi ýaly, gollanma Zakaspi oblastynyň naçalnigi general-leýtenant A.N.Kuropatkiniň hem-de baş ştabyň harby-okuw komitetiniň ýakyndan goldaw bermegi bilen neşir edilipdir. Bu gollanma soň, aradan ýedi ýyl geçirip, üsti ýetirilip täzeden çap edilipdir. Onuň täze neşiri (öňki neşiri 63 sahypa) göwrüm taýdan uly – 168 sahypadan ybarat. Kitabyň ähmiýetini nazara almak bilen oblastyň şol wagtky naçalnigi K.M.Fedorow 1899-njy ýylda gollanmanyň üsti ýetirilen ikinji neşiriniň çap edilmeginiň zerurlygyny nygtapdyr. Ol şol ýyl hem neşir edilipdir. Gollanmanyň öz döwri üçin niçik uly ähmiýetiniň bolandygyny aýtmasa-da düşnükli bolsun gerek. Şimkewiçiň özi «Gollanmanyň» başynda şeýle ýazypdyr: «Işe başlan ilkinji ädimlerimden men ýerli ilatyň gepleýiş dilini hökmany suratda bilmelidigine doly göz ýetirdim. Dillerini bilmezden, ýurt bilen halk bilen içgin tanşyp bolmajakdygy, aýratynam ilata edara edip bolmajakdygy öz-özünden düşnüklidir». P.P.Şimkewiç gollanmanyň üstünde ymykly işläpdir. Muny biz gollanmany okap, ondaky bölümlere nazar aýlanymyzda-da anyk göz ýetirýäris: Grammatik gönükmeler. Gepleýişdäki frazalar. Ýyl öwrülişigi. Dünýä ýurtlary. Ýel, kompas. Musulman we hristian ýyl öwrülişiginiň deňeşdirme tablisasy. Rusça-türkmençe sözlük. Türkmençe-rusça sözlük we ş.m. Gepleýişdäki frazalar bölümi bolsa iki dilde sowal-jogap görnüşinde düzülipdir. Sowal-jogap dürli temalardan söhbet açýar. Mysal üçin, tanşyň bilen duşuşanyňda, syýahat edeniňde, ýolda, obada bolanyňda, keselhanadakaň, aw awlap ýörkäň ýa deňizde ýörkäň... Sowal-jogaplar örän ýönekeý we düşnükli berlipdir. Ol ýa-da beýleki bir sözüň iki dilde-de asyl manysy saklanylypdyr. Meselem: saža – tütün garasy, salfetka-destmal, tabun-ýylky, telegraf-til, şipon-jansyz, bolnisa-azarhana, žužal-hyzlamak, poroh-däri, drob-seçme, kartoşka-ýer almasy, artilleriýa-top, apelsin-narynç, efes-gylyjyň sapy, nozdri-burnuň içi, burnuň deşigi, ýantar-gekrebe ýaly terjime edilipdir. P.P.Şimkewiç öz düzen sözlüklerinde kyblany ýug, ilerini-ýugo-wostok, sörtük ýelini weter wostoçnyý, kompasy-kyblahana... diýip alýar. Elbetde, sözleriň ulanylyşynda birtopar kemçilikleriň bolandygy öz-özünden düşnüklidir. Mysal üçin, awtor dwoýurodnyý brat diýende doganoglan diýmegiň ýerine iki dogan ogly diýýär. Gollanmanyň kemçiliklerden halas däldigini 1906-njy ýylda A.N.Samoýlowiç hem ünsi çekipdir. Ol gollanmada gepleýiş dilinde ulanylýan sözleriň ýoýlandygyny belläp anyk mysallara ýüzlenýär. P.P.Şimkewiçiň gollanmasy uzak ýyllaryň dowamynda iş adamlarynyň ýan kitaby bolupdyr. Türkmen we rus dillerini öwrenýän adamlar üçin okuw kurslarynda P.P.Şimkewiçiň kitaby esasy gollanma bolup hyzmat edipdir. Türkmen dilini jany-teni bilen söýen bu adamyň ömür ýoluny yzarlamak gyzykly bolsa gerek. Ol 1856-njy ýylyň 22-nji martynda Sankt-Peterburg şäherinde dworýan maşgalasynda dünýä inipdir. Onuň ata-babalary XVIII asyrda Witebskiden bu ýere göçüp gelipdirler. Ýaşlykda keramatly Pýotryň ýewangaliýa buthanasyyň ýanyndaky baş nemes uçilişesinde, soňra Konstantin harby uçilişesinde tälim alypdyr. P.P.Şimkewiç şol ýerde-de gündogar dilleri kursuny tamamlapdyr. Ol 1877–1878-nji ýyllaryň rus-türk urşuna gatnaşypdyr. Söweşlerde aýratyn edermenlik görkezenligi üçin oňa praporşik çini berlipdir hem-de birnäçe söweşjeň orden-medala mynasyp bolupdyr. P.P.Şimkewiç örän sowatly we giň düşünjeli, zehinli adam bolupdyr. Esasy harby işinden daşgary, onuň türk, pars we beýleki birnäçe dili bilmegi hem muňa güwä geçýär. XIX asyryň segseninji ýyllarynyň başlarynda Daşary işler ministrliginiň Aziýa departamentiniň ýanyndaky gündogar dillerini öwredýän ofiser kurslarynda okap bilim almagyna onuň oglanlyk ýyllarynda gündogara bolan höwesi itergi beripdir. Oňa gündogar dilleriniň birnäçesini birbada öwrenmek o diýen agyr düşmändir. Çünki ol heniz ýetginjek döwürleri gündogar dillerini öwredýän kurslarda okapdyr. 1886-njy ýylyň iýul aýy P.P.Şimkewiçi Kawkaz harby okrugyna iberipdirler. Şo ýylyň oktýabry hem ony Zakaspi oblast goşunlarynyň komanduýuşisiniň ygtyýaryna iberýärler. Ol harby gullugyny ilkibada Tejenden başlapdyr. Soň Aşgabat we Krasnowodsk uýezdlerinde gulluk borjuny ýerine ýetiripdir. Maňňyşlak uýezdlerinde gulluk borjuny ýerine ýetiripdir. Maňňyşlak uýezdiniň naçalniginiň wezipesini ýerine ýetiriji bolup işleýär. Ol ömrüniň on dört ýylyny Zakaspä bagyşlap, 44 ýaşly podpolkownik P.P.Şimkewiç 1900-nji ýylyň 30-njy martynda Maňňyklak uýezdiniň Aleksandrowsk diýen ýerinde aradan çykypdyr. Ondan öňürti ol Tbilisi harby gospitalynda agyr operasiýany başdan geçiren eken. Gollanmanyň ýazylyp neşir edilenine gaty kän wagt geçipdir. 120 ýyla golaý wagtyň geçenligine garamazdan Şimkewiçiň gollanmasy ýatdan çykmaýar. Türkmen dilçi alymlary öz işlerinde onuň gollanmasyna häli-şindi salgylanýarlar. Şu ýyl P.P.Şimkewiçiň doglan gününe 155 ýyl doldy. Türkmen halkynyň däp-dessuryna hormat goýan, onuň diliniň baýlaşmagynda azda-kände hemaýat eden, türkmeniň bereketli topragyna tagzym eden bu adam ýatlanylmaga mynasypdyr. Biz hem şu pähimden ugur alyp, şujagaz ýazgymyzy onuň hatyrasyna bagyşladyk. «Edebiýat we sungat», 11.11.2011 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |