16:20 Işewürlik hakda hekaýatlar | |
IŞEWÜRLIK HAKDA HEKAÝATLAR
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Aýakýalaňaçlyk hakda hekaýat Bir äpet köwüş kärhanasynyň eýesi özüniň iki sany işgärini Afrika yklymynyň köwüş bazarynda öz harydyny ýerlemek mümkinçiliklerini öwrenmek üçin iş saparyna ýollapdyr. Birnäçe wagt geçenden soň onuň hünärmenleriniň birinden gysgaça hat gelipdir: “Hojaýyn, bu ýerde biziň öndürýän harydymyzyň düýbünden geregi ýok. Sebäbi bärde hemmeler aýakýalaňaç gezýärler”. Biraz wagt soň ikinji hünärmendenem habarnama gelipdir: “Hojaýyn, bu ýerde biziň öndürýän harydymyz örän islegli bolar. Aslynda bu yklymda biz ýeke bazar ederis. Sebäbi bärde hemmeler aýakýalaňaç gezýärler”. Kafeniň ady hakda hekaýat Biri bazaryň gapdalynda kafe açypdyr. Emma onuň kafesine düýbünden diýen ýaly müşderi gelmändir. Sebäbi bazaryň daş-töweregi ondan has öň, uzak ýyllaryň dowamynda işläp ýören, şonuň üçinem adamlaryň barmaga endik eden kafelerinden doly ekeni. Birnäçe wagtlap öz kafesinden hiç hili girdeji almadyk telekeçi, näme işlejegini bilmän, puluna juda gysgansa-da bu ugurdan maslahat hyzmatlaryny ýerine ýetirýän hususy kärhana (konsalting firmasyna) ýüz tutupdyr. Marketing konsaltingi boýunça hünärmen ýaňky kafe gelipdir-de, kafeniniň adyny: “Üç jaň” diýip üýtgetmegi, girelgäniň ýokarysynda bolsa dört sany uly jaňy asyp goýmagy maslahat beripdir. Öňem “konsalting hyzmaty” diýlip bat berlip atlandyrylýan boş warsaky üçin pul tölemäge mejbur bolýandygyna jany ýanyp duran telekeçiniň bu maslahaty eşidip girre gahary gelipdir. -Näme, adyny üýtgedeniň bilen kafeniň müşderisi artar öýdýärmiň?!-diýip ol gaharly hüňürdäp, öz-özünden beleň alyp çişip ugrapdyr:-Üstesine-de özüň-ä ony “Üç jaň” diýip atlandyrmagy, girelgäniň ýokarysynda-da dört jaň asmagy maslahat berýärsiň. Bu ýalňyş bolar ahyry?! Hä?! Geňeşçi hünärmen ýylgyrypdyr-da, hum ýaly çişen kafeniň eýesini köşeşdirmäge howlugypdyr: -Gördüňizmi?! Bu ýalňyşlyk bada-bat siziň ünsüňizi çekdi. Diýmek kafeňiziň deňesinden öten her bir adamyňam ünsüni çeker gerek?! -Hawa,-diýip kafeniň eýesi onuň aýtjak bolýan zadyna düşünmändir. -Onsoň ötegçileriň hemmesi bolmasa-da azyndan her bäş adamdan biris-ä size ýalňyşyňyz barada habar bermek üçin kafeňize sowlar gerek?! -Hawa,-diýip hünärmeniň hilesine düşünip ugran kafeniň eýesiniň ýüzi ýagtylmaga başlapdyr. -Ondan soňky galan zat bolsa siziň eliňizde. Siz näme, kafeňize giren müşderini güler ýüz bilen özüňize imrikdirip, oňa ýalňyşyňyzy tapmaga ýardam berendigi üçin çuňňur minnetdarlyk bildirip, onuň iň bolmanda, birje bulgur kofe içip gitmegini, kofeniň ýany bilen bolsa ýekeje köke ýa-da başga bir süýjülik iýmegini gazanyp bilmersiňizmi?! ...Hemme zat konsalting boýunça hünärmeniň aýdyşy ýalam bolupdyr... Pil çagasy hakda hekaýat Iki sany dost sataşypdyr. Salam-helikden soň dostlaryň biri beýlekisine gürrüň bermäge başlapdyr: -Ýakynda aýalyma piliň çagasyny sowgat berdiler. Ojagaz şeýlebir gowy, şeýlebir gowy. Çagalarymy arkasynda aýlap, olary uzakly gün diýseňem güýmeýär, holtumy bilen howlymyzdaky güllerimizi suwlaýar, aýalym dükana ýa-da bazara gitse oňa ýüklerini götermäge ýardam berýär. Garaz, ol biziň tutuş hojalygymyz üçin el-aýak bolup hyzmat edýär... Dostunyň sözlerine maýyl bolan ikinji dost: -Onyňy maňa satsana, dost!-diýip ot alana dönýär. -Äý ýok-laý! Bu ýaman birhili bolar-laý! Ol biziň maşgalamyzda edil biziň ýakynlarymyzyň biri ýaly bolup galdy ahyry. Üstesine çagalaram oňa öwrenişdi...-diýiň pil çagasynyň eýesi näzini artdyrýar. -Gaýrat edäýsene-how, dost jan! Bahasyny näçe diýseň bereýin? Hä?!-diýip ikinji dost oňa ýalbarmaga başlaýar. Garaz, birhaýukdan soň piljagazyň eýesi dostunyň sözlerine “yrylýar-da” oňa pil çagasyny satýar. Birnäçe gün geçýär. Ýene-de dostlar sataşýarlar. -Ýeri nähili?-diýip pil çagasynyň öňki eýesi dostundan soraýar. -Hemme zat ýaman erbet, ol seniň maňa öwüp arşa çykaryp sokan pil çagaň howlymyz-a depeläp, torç edip, hemme ýere öz pohuny çyrşap görer ýaly etmedi, çagalarym ondan gorkup öýden çykyp bilmeýärler, aýalym bolsa meni çigligime iýäýjek bolýar...-diýip pil çagasynyň soňky dostuna gözüni alardyp, gaharly zeýrenmäge başlapdyr. -Hymm...-diýip, piljagazyň öňki eýesi, köpmanyly hümmüldäpdir:-Bu bolşuň bilen-ä sen hiç haçanam piliň çagasyny satyp başyňdan sowup bilmersiň... Bilim we iş hakda Günlerde bir gün uly kärhananyň bug gazan enjamy döwlüpdir. Kärhananyň eýesi enjamy bejertmek üçin ady belli ussany çagyrypdyr. Ussa bug gazan enjamyny esli wagtlap synlap durupdyr-da, soňam özüniň abzally gutusyndan kinniwanja çekiçjigi çykaryp, mähnet enjamyň düzüm bölekleriniň biriniň sepine bir gezek batly kakypdyr. Soňra enjamy işledipdirler welin, ol sagat ýaly işläp başlapdyr. Onsoň kärhananyň eýesi ussadan eden işi üçin näçe hak tölemelidigini sorapdyr. Ussa: “Müň manat” diýip jogap beripdir. Kärhananyň eýesiniň bu baha gahary gelipdir: -O nähili 1000 manad-aý?! Sen bu ýerde hiç zat etmediň ahyry. Ilk-ä esli wagtlap enjama seredip durduň, soňam onuň bir ýerine ýekeje gezek çekiç bilen urduň. Hany seniň ynsabyň, bu adalatsyz baha bolýar ahyry!-diýip ol şerraýlyk etjek bolup ugrapdyr. Şonda ussa äwmän-alňasaman guralyny gutusyna ýygnap durşuna: -Ýok bu baha örän adalatly. Sebäbi men eden işim üçin, ýagny birje gezek çekiç bilen kakanym üçin bary-ýogy bir manat alýaryn, galan dokuz ýüz togsan dokuz manat bolsa meniň şol birje urguny enjamyň niresine urmalydygymy bilýänim üçin töleg!-diýip, göwnübirlik bilen egnini gysypdyr. Dürli internet materiallaryndan alyndy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |