21:00 Islemedim | |
ISLEMEDIM
Goşgular
Islemedim söýmegiňi Leýli deý, Maňa ýeterlikdi adaty söýgiň. Yşgymyzy samramandym meýli deý, Oň üçin gerek däl, üýtgeşik öwgiň. Söýgim üçin etmejegim etdim men, Şonuň üçin ähli zada kaýyldym. Ýyly mähir, hoş sözüňden ötdüm men, Her günki güklileriňe maýyldym. Tutmasamda ilki söýgiň ornuny, Ondan has-da gowysyna dyrjaşdym. Adalatsyz berdiň diýip oýnuňy, Ykbal bilen telim sapar erjeşdim. Sygmasa-da arzuwlarym hiç içe, Köçe çykyp gygyrmadym hiç haçan. Men seni söýüpdim özümden geçe, Mendim hyýallarda asmana uçan. Öz dünýämde biziň bagta taý ýokdy, Toý edipdim seniň bilen her gije. Bihuş galan däli köňlim saýrakdy, Emma indi sensiz boljak bu bije. Arzuw gülim-arzuw bolup galarsyň, Gynanmaryn söýen ýürek köýlenne. Özgä ýar bolup, bir günem bararsyň, Garaşaryn toýuň boldy diýlenne. Ylham GURBANALYÝEW. | |
|
√ Diýer sen / Goşgular - 24.05.2024 |
√ Eý bolup magraç burhany-uluwwy-şan saňa! / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Suw perisi / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Öwrülip gül başyna bilbil wysal olgaý oňa / Goşgular - 28.09.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Goşgular / Goşgular - 16.10.2024 |
√ Öýke / Goşgular - 24.06.2024 |
√ Bir ýaşuly hakda / Goşgular - 21.05.2024 |
√ Şert / Goşgular - 09.02.2024 |
√ Kooperatiwiñ puludyr / Goşgular - 22.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |