14:48 Italiýada Galkynyş eýýamynyñ teatry | |
ITALIÝA. GALKYNYŞ EÝÝAMYNYŇ TEATRY
Teatr we kino sungaty
Krepostnoý gatnaşyklaryň dargamagy, kapitalizmiň döräp başlamagy bile öz geografik ýerleşişi boýunça amatly bolan Italiýa döwleti ilkinji bolup, Gündogar bilen ykdysady aragatnaşygy ýola goýup başlaýar. Italiýanyň iri şäherleri Genuýa, Wenesiýa, Florensiýa ýuwaş-ýuwaşdan uly söwda we senagat merkezlerine öwrülip, beýleki döwletler bilen ykdysady gatnaşyklary ýola goýup ugraýarlar. Bu ýagdaý bir döwletiň çäginde bolmagyna garamazdan banklar özbaşdak hereket edip başlaýar. Italiýada bank kapitaly möwç urup ösüp, ýetjek derejesine ýetýär. Banklar karz almak we karzyna bermek düzgunlerinem girizip ugraýarlar. Italiýanyň banklary Ýewropa ýurtlarynyň bank kapitallaryny (goýumlaryny) özlerine tabyn edip başlaýarlar. Şol döwürde iň iri bank kapitallary (goýumlary) Florensiýanyň bankyna degişli edilipdir. Italiýada kapitalizmiň gülläp ösmegi şäherlerdäki syýasy ýagdaýa özüniň uly täsirini ýetiripdir. Halk köpçüligi öz üstlerinden höküm sürýän feodallaryň, buthana wekilleriniň agalygyna garşy çykyşlara başlapdyrlar. Italiýadaky irki kapitalizmiň ösmegi diňe bir dworýanlaryň garşysyna halk köpçüligini aýaga galdyrman, eýsem, şäherdäki iri senetkärleriň garşysyna işçileriň çykyşlaryna alyp barýar. Işçiler özleriniň ezilmeklerine çyda- man hojaýynlarynyň garşysyna gozgalaň turuzmakdanam gaýtmandyrlar. Esasan 1343-nji ýyldaky Florensiýadaky, 1371-nji ýyldaky Siýenedäki we Peridžidäki gozgalaňlar has-da güýçli bolupdyr. Florensiýada işçiler bilen ownuk senetçileriň gozgalaňy 1371-nji ýylda ýene-de gaýtalanypdyr. Halk köpçüliginiň yzygiderli gozgalaňlary şol döwürlerde ýurdy dolan-dyrýanlaryň gozgalaňçylardan zalymlyk bilen öç almaklary başlanýar. Italiýa doly aristokratik häsiýete eýe bolup başlaýar. Feodalizme garşy çykyşlary bilen belli sungat wekillerine öz çykyşlaryny köşk adamlarynyň we alymlaryň öňünde görkezmege ygtyýar edilipdir. Halk köpçüligini sungatdan daşda saklapdyrlar. Italiýada sungatyň halk köpçüliginden daşda ediljek bolmagy doly bir başa barmandyr. Şeýle ýagdaýda-da olar özleri üçin teatra tomaşa etmekligiň başga ugrlayny tapypdyrlar. Halkyň öz içinden dörän janly halk teatrlary halk farslaryny (fars-gödek degişmeler), şäher karnawallaryny özleriçe işläp köçelerde çykyş edip ugrapdyrlar. Şeýle çykyşlar edebi dramalara ga-raşly bolman, özleriniň döreden toslama komediýalary bolupdyr. Şol toslama komediýalaryň netijesinde "Del arte” komediýalary peýda bolýar. Italýan dramaturglary ilkinji gezek täze teatr žanrlaryny döredýärler. Olaryň döreden täze teatr žanrlary Ýewropada dramanyň ösmegine alyp gelýär. Şol täze teatr žanrlaryna komediýa, tragediýa hem-de pastoral girýär. Komediýa we tragediýa žanrlary öz köklerini Antik eýýamyndan alyp gaýydýanam bolsa, köp zatlar täzeden işlenilipdir. "Pastoral” žanry öz maz-muny boýunça bukolik poýeziýasy hasaplanýar. Beýle poýeziýa "Pastuh” poýeziýasy. ("Çopan” poýeziýasy) hem diýilýär. Sebäbi, bu poýeziýada çopan durmuşy we arassa söýgi wasp edilipdir. Italiýanyň alymlary ilki başda antik döwrüniň dramalarynyň nusgalary bilen tanyş bolanlarynda olar filologik (dil) maksatlaryny göz öňünde tutupdyrlar. Antik eýýamynyň dramaturglary Eshiliň, Sofoklyň, Ýewripidiň, Aristofanyň, Plawtyň, Terensiniň dramaturgiýasyny Aristoteliň, Platonyň, Lukresiýanyň, Tasitanyň eserleri bilen deň derejede öwrenipdirler. Şol döwrüň, XIV-XV asyrlaryň gumanist-alymlaryny teatr meselesi gyzyklandyrmandyr. Italiýada teatr tomaşasyna şäher meýdançalarynda tomaşa etmeklige örän seýrek rugsat edilipdir. Rugsat ediläýen wagtam görkezilýän tomaşanyň dini mazmunly bolmagy hökmany hasaplanypdyr. Sebäbi şol döwrüň alymlary we dini wekilleri Orta asyr düzgzünleriniň tarapdarlary bolupdyrlar. Olaryň pikiriçe Orta asyr awtorlarynyň döreden eserleriniň çäginden çykmaklygyň özem olary masgaralamak diýip düşünipdirler. Italýan-gumanistleri täze bir adaty ýola goýmagam başarypdyrlar. Edil oba ýerlerindäki bolşy ýaly açyk meýdanda filosofiki çekişmeleri gurapdyrlar. Jemgyýete degişli köp zatlaryň üstünde durmak bilen Gorasiniň, Wergiliniň eserlerinden parçalar okapdyrlar. Bu ugurdan Rim uniwersitetiniň professory Pomponio Leto (1427-1497) has-da önümli işläpdir. Ol dramaturg Plawtyň eserlerini diňe okamaklyk bilen çäklenmän, olaryň manysynam doly düşündirip, şeýle duşuşyklaryň has göwne jaý bolmagyny gazanypdyr. Netijede, bu professoryň "uçýonaýa studiýasy” (ylmy studiýa) olarda oka-maklygyň, dürli gürrüňleriň, düşündirişleriň üsti bilen olaryň aňyny, düşün-jesini adamkärçilige tarap ugrukdyrypdyr. Bu ýerde dramaturg Plawtyň ähli drama eserleriniň içgin öwrenilmegi netijesinde Italiýada ilkinji drama kružogy (gurnagy) emele gelipdir. Bu täzelik dogrusyndaky habarlar Italiýanyň ähli ýerlerine tiz ýaýraýar. Hat-da, Italiýanyň ýurdy dolandyrýan gatlagynyň wekillerem köşk meýdançalarynda Rim komediýalarynyň görkezilmegine ýol açýarlar. Plawtyň eser-lerini latyn dilinde goýulmagyny Watikanyň wekili Papa-Aleksandr VI gyzy Lukresiýa Bordžiniň hormatyna goýulmagyna-da ýol açypdyr. Latyn dilindäki goýulýan teatr tomaşalaryna köp tomaşaçy düşünmändir. XV asyryň 70-nji ýyllarynda alym Guarini Plawtyň, Terensiýniň eserlerini Italiýan diline terjime edip başlaýar. Netijede, Rim teatryndan galan mirasy öwrenmeklik Italiýada teatr sungatynyň düýpli özgermegine ýol açýar. Gadymyýetden galan mirasy öwrenmeklik Italiýada diňe teatr sungaty- nyň öňe gidişligine getirmän,eýsem Italiýada beýleki sungatlaryňam dini sýužetlerden saplanyp ugramagyna alyp gelipdir. Täze döwür Italiýada sungatyň özbaşdak ösmegine Rim sungatynyň esas bolandygyny unutmaly däldiris. Şeýlelikde, sungatyň ýüzüni öz döwrüniň hakykatyna öwürmek Plawtyň, Terensiýniň döwründe başartmadygam bolsa uly hadysa öwrülipdir. Galkynyş eýýämynyň Italiýa teatr sungaty öwrenilende ony şu aşakdaky bölümlere bölüp öwrenmeklik talaba laýyk bolsa gerek. 1. Italýan komediýalary; 2. Italýan tragediýalary; 3. Italýan "Pastorollary”; 4. Italiýada teatr binalary we sahna; 5. Italiýada "Del arte” komediýalary. • Italýan komediýalary XVI asyryň başlarynda dünýä ýurtlarynyň kö-püsinde ykdysadyýetde bolup geçen düýpli özgerişikler Italiýada ykdysady-ýetiň pese gaçmagyna täsirini ýetiripdir. 1453-mli ýylda Konstantinopolda Gara deňziniň Bosfor bogazynyň üsti bilen Ýewropa ýurtlaryna söwda ýollarynyň açylmagy, ikinjiden 1492-nji ýylda Kolumb tarapyndan Amerikanyň açylmagy, Italiýanyň bütin Orta ýer deňzine edýän hökmürowanlygynyň, Günbatar bilen Ýewropanyň arasynda söwda gatnaşyklarynyň başga gatnawlar bilen ýola goýulmagy Italiýany gelýän uly salgytdan kesipdir. Italiýada bolup geçen ykdysady pese gaçma ýurdyň beýleki ýurtlar bilen bolan galaý aragatnaşygynyň kesilmegine, döwlet syýasatynyň gowşamagyna alyp gelipdir. Öňki gatnaşykda bolan Fransiýa, Ispaniýa döwletleri Italiýanyň öz içinden dargap ugramagyndan peýdalanyp, Italiýanyň uly şä-herlerini, baý ýerlerini basyp almaga başlaýarlar. XVI asyryň ortalarynda Papanyň we pan Gabsburgleriň ýurtda bolýan garaýyşlaryň başynda durmagy bilen Italiýany bolýan hereketleriň galasyna öwüripdirler. 1540-njy ýylda Papa Paweliň başda durmagy bilen buthana wekilleri halkdan öç almaklygyň,adamlaryň gözüni gorkuzmaklygyň beterden-beter usullaryny oýlap tapýarlar. 1542-nji ýylda Rimde kazyýet sü-temkeşligi başlanýar. Ýurdyň ähli ýerinde erkin pikirli adamlary yzarlmak, olara jeza bermek işi möwç alýar. 1545-nji ýylda Tridedent sobory (katolik buthanasynyň ýygnanyşyk geçirýän ýeri) döredilip, şol ýerde 1545-47ýý., 1551-52ýý., 1562-63ýý. geçirilen ýörite ýygnanşyklarda katolik buthanasy-nyň hökümini Günbatar Ýewropa ýurtlarynyň ähli katolik buthanalary üçi- nem berk kanunyň bolmaklygy öňe sürülipdir. Buthana edebi eserleri, dramatugiýany döredijileriň, alymlaryň, filosoflaryň garşysyna çykyş etmek bilen halkyň gözüniň alnynda olary otlarda ýakmakdanam gaýtmaýarlar. Şeýlelikde, sungatda Galkynyş eýýamy yza çekilip, özüniň giçki möwrütine geçmeli bolýar. Döwrüň ýazyjylary, dramaturglary, hudožnikleri katolik buthanasynyň hereketlerinden mejbury ýagdaýda goramaly bolupdyrlar. Muňa garamazdan erkin pikirleri düýbünden ýök etmeklik katolik buthanasyna doly başartmandyr. Ýurtda gülkýli ýaňsylamalara ýugrulan komediýalar peýda bolup başlaýar. Täzeçe goýlan ilkinji pýesa beýik italýan şahyry Ludowik Ariostonyň (1474-1533ýý) rysarlaryň gahrymançylykly pormasy "Gazaply Roland" ("Neistowoý Roland") 1516-njy ýylda komediýa görnüşinde tomaşaça ýetirilýär. Şu pýesanyň dowamy hökmünde Boýardonyň (Matteo Mariýa di Skan-diano 1441-1494) "Aşyk Poland” inçeden ýaňsyly görnüşindäki komediýa edilip 1495-nji ýylda tomaşaça hödürlenýär. Komediýa Orta asyrlara mahsus rowaýatlardan, gahrymançylykdan we fantaziýadan (hyýaly) ybarat edilip görkezilýär. "Gazaply Rolanddan” kän wagt geçmänkä karnowal wagty Ferrar köşgüniň öňündäki meýdançada Ariostonyň "Sandyk hakyndaky komediýa” atly tomaşasy goýulýar. Bu komediýa ilkinji Rim nusgasynda ýazylan "ylmy komediýa” bolýar. Komediýa gadymy awtorlardan täsirlenip ýazylan bolmasa-da, dramaturg Plawtyň komediýalaryna örän golaý bolupdyr. Komediýanyň esasy mazmuny ýaşlaryň söýgülilerini gul satyjynyň elinden halas etjek bolmaklary. Arioston köşk komediografom bolsa, gorkman öz döwründäki wakany Antik eýýamynda bolup geçýän ýaly edip görkezmegi başarypdyr. Ol bir hyzmatkäriň dilinden: "Men dünýäde bolup geçýän köp zatlardan habarly. Olar öz gapysynda durýan hyzmatkärlerine her hili şübheli adamlar bolsada goýberiberiň, emma ýagşy niýet bilen gelenleri ýok edip kowuň”- diýdirýär. Bu antik eýýamyna degişli bolmadyk ýagdaýy örän inçelik bilen bermek arkaly öz döwrüniň üstünden gülüpdir. Onuň "Sandyk hakyndaky komdiýasynda” hyzmatkärleriň dilinden aýdylýan ýaňsylamalarynda, hyzmatkärleriň öz hojaýynlaryna aýdýan öwgüle-riniň üsti bilen ýetirilipdir. Tomaşada çykyş edýän hyzmatkärler oýun wagty öz tebigylygyny ýitirmän, tomaşaçyny oýna tabyn etmekligi ussatlyk bilen berip bilipdirler. 1509-nji ýylda Arioston "Gezekleşýän” ("Podmennyý") komediýasyny döredýär. Ol bu komediýada Ferraryda, Siýenada, Wenesiýada, Ankonada, Rawennada bolup geçýän ýaramaz ýagdaýlary pýesanyň gahrymanlarynyň monologlarynyň üsti bilen tomaşaça ýetiripdirler. Arioston öz eserlerinde Gadymy Rim (Plawtyň "Ýesirindäki”, Terensiniň "Agtasyndaky) täsirlerini ulansada, ol Italiýan durmuşyna ýykgyn edipdir. Wakalary Italiýa şäherleri, obalary bilen baglanyşdyrypdyr. Ludowiko Arioston 1518-1529-njy ýyllar aralygynda ýenede üç sany komediýa ýazýar. Onuň şol döwürde ýazan "Jadygöý” ("Çerhoknižnik), "Gudaçylyk” ("Swodnýa-gudaçylyk, söz aýdyjy) komediýalary özleriniň gurluş taýdan çylşyrymly bolmagyna garamazdan realizmiň käbir serhetlerine baryp ýetipdir. Ýokarda belläp geçişimiz ýaly ýurtda yzarlanmalaryň ösmegi teatr žanrnyň üsti bilen halk köpçüligine ýurtdaky bolup geçýän ýagdaýlary, hadysalary düşündirmek özüňi oda iteklemek ýaly bir zat bolupdyr. Şol sebäplem döwrüň dramaturglary hilegärlikli komediýalary ýazmaga baş goşupdyrlar. Şeýle pýesalaryň biri Bernardo Dowisi tarapyndan 1513-nji ýylda ýazy- lan ,,Kalandriýa” komediýasy. Bu komediýanyň esasy edilip Plawtyň "Menehmy” pýesasy alynýar. Komediýada hereket edýän ekizler oglan we gyz doganlar. Italýan dramaturgy doganlaryň-ekizleriň eşiklerini çalşyp, hilegärlige ýüz urýar. Oglan eşigine giren gyzyň daşyna söýgi bildirýän gyzlar, gyz eşigini geýen oglanyň daşyna bolsa oglanlar üýşüp, her haýsy öz söýgüsini beýan edip başlaýarlar. Oýun gidip duran mahaly özüňi edepsiz alyp barmak ýaly görnüşler gaýtalanyp tomaşaçyda gülkünç baryny döredip bilipdir. XVI asyrda Italiýan tomaşaçysyna öň lenç edilen mazmunly komediýalar hödürlenip başlanýar. Olaryň sýužetlerinde şol bir gaýtalanýan çagalary çalyşmaklyk (oglan, gyzy), hilegär gul şu hili spektakllar döwrüň aristokratlarynyň göwnünden turupdyr. Halky demokratiýa, erkin pikirlilige çagyrýan tomaşalar geçen asyrlarda galandygyna döwrüň dramaturglary düşünselerem buthana wekillerini döwrüň aristokratiýasynyň labyryndan çykaryp bilmändirler. Nikkolo Makiwelli (1469-1527) italýan syýasatçysy, akyldary, taryhçysy "Mandragora" komediýasy ("Mandragora erkeklige täsir edýän ösümlik. Türkmenistanda Magtymguly-Garrygala sebitlerinde bitýän dermanlyk ot) 1518-nji ýylda ýazylyp, 1524-nji ýylda kitap görnüşinde çykarylýar we sahnada goýlup tomaşaça ýetirilýär. Bu komediýa dramaturg Ariostonyň komediýalarynyň täsirinde döräp, satiranyň üsti bilen realistik pikirler inçelik bilen açylyp görkezilýär. Bu komediýadaky wakalar Florensiýada bolup geçýär. Komediýanyň baş gahrymanlary hukuk ylmynyň doktory baý, Niça we onuň owadan aýaly Lukresiýa. Komediýada çykyş edýän ýaş ýigit Kallimako. Ol owadan Lukresiýany özüne oýnaş edinmek üçin ýalançy Ligurionyň üsti bilen hile gurmaga girişýärler. Olar ilki bilen doktor Niçanyň maşgala durmuşyny öwrenip, Niçanyň aýaly Lukresiýadan ogul dogrup bermegini haýyş edýändigini bilýärler. Kallimako bir gün özüni ýurtda tanalýan lukmandygyny aýdyp, olaryň öýle-rine barýar. Onuň ýalanyna ynanan Lukresiýa aýallary çagasyzlykdan bejerýän "Mandragora” diýen dermanyň bardygyny aýdýar. Özem "Mandragoradan” ýasalan dermany içeniňden soň, özüňe duşan ilkinji erkek adam bilen aragatnaşyk etmelidigini berk tabşyrýar. Messer Niço aýaly şol dermany içenden soň, ogul dogurjagyna lukmanyň goýan şertine ynanyp razylygyny berýär. Samsyklaç äriniň aldaga düşenini bilen akylly, owadan Lukresiýa bu şerte ynanman haramlykdan gaça durmakçy bolýar. Kallimaka bilen Ligurionyň etjek bolýan hileleri başa barmansoň, olar Lukresiýanyň dini atasy hasaplaýan buthana wekili Timoteýony tapyp oňa ýalbarýarlar. Netijede, Timoteýo dini kitaplary iki sagatlap agdaryşdyran bolup: "Şeýle ýagdaýda haýsydyr bir howp, ýa-da başga bir kynçylyk dörese zenan maşgala adamsyny (ýanýoldaşyny) halas etmekçi bolup şeýle işe baş goşup biler. Birini halas etmek üçin edilen haramlygy Hudaý geçýändir”– diýip, haramçylyk etmäge ýol açýar. Lukresiýa öz garry äriniň samsyklygyna, dini atasy hasaplaýan din wekili Timoteýiň nejisligine, haýynlygydyr, haramzadalygyna doly göz ýetirip, ýaş Kallimakany öz hojaýyny, goragçysy hökmünde kabul edýär. Özüni pula satýan din wekilini komediýa salmak bilen Makiawelli buthana ahlagynyň ikiýüzlidigini açyp görkezýär. Makiawelli şeýle mazmunly komediýalary ýazmaklygyň düýbüni tutujy hasaplanýar. Onuň yzyny dowam etdirijiler XVI asyrda köpelip başlaýar. Publisist Petro Aretino (1492-1556) we filosof-materialist Džordano Bruno /1548-1600ýý./ tarapyndan birnäçe dramaturgiýa eserleri döredilip tomaşa- ça ýetirilýär. Makiawelli Italiýanyň kynçylyklaryny, ýurduň syýasatynyň dartgynlydygyny görüp "Hökümdar” (1513) eserini ýazýar. Bu eser 1532-nji ýylda kitap görnüşinde çap edilýär. Döwleti güýçlendirmekde ähli zerur zatlaryň ulanylmalydygy "Hökümdarda” öňe sürýär. Şol sebäplem Italiýada "Makiawellizm” syýasy adalga (syýasy termin) emele gelipdir. Makiawelliniň komediýalaryndaky idea-mazmuny öňe süren dramaturg Petro Aretino 1534-1546-njy ýyllar aralygynda gadymy Rim komediýalaryndan täsirlenip, "Demirçi ussa”, "Zehin”, "Häsiýet hakyndaky komediýa”, "Iki ýüzli”, "Filosof” komediýalaryny we "Gorasiýa” tragediýasy, "Dialog” (gepleşik görnüşli) ýazgysy Ýewropa medeniýetiniň taryhynda uly şöhrada eýe bolýar. Jordano Brunonyň "Şemdan” ("Podsweçnik" 1582) komediýasy Galkynyş eýýämynyň uly satiriki güýji özünde jemlän iň soňky pýesalygyna galýar. Bu komediýanyň rus dilindäki görnüşi "Napolitan köçesi” atlandyrylypdyr. Komediýada azgynlary, az talapkärçilikli hereket edýän adamlary, olaryň jemgyýetdäki kesir gylyklaryny, her hili ýol bilen baýamaklyga bolan ymtylyşlaryny uly satiranyň üsti bilen açypdyr. Şol bir wagtyň özündede Nikolaý Kuzanskiniň, Kopernigiň öňe süren filosofiki ideasyna ýykgyn edip ösdürenligi üçin buthana tarapyndan yzarlanýar. Aretinoda, Brunoda öz komediýa eserleriniň sahna çözgüdiniň üstünde täzeden işlemeselerem olara bolan jemgyýetçilik isleg azalman,gitdigiçe artypdyr. Ýurtda höküm sürýän ýokarky gatlak we buthana şeýle adamlara ýol bermän olary otlarda jemagat öňünde göz edip ýakypdyrlar. Dramaturg Aretino azat Wenesiýa şäherine gaçyp şol ýerde janyny halas etmäge müm-kinçilik döredipdir. Jordano Bruno bolsa papanyň jellatlaryndan gaçmaklyk başartmaýar. Ony Rimde 1600-nji ýylda otda ýakýarlar. Bu iki dramaturgdan galan "Ylmy komediýalar” Ýewropa ýurtlary Ispaniýa, Angliýa, Fransiýa tiz ýaýraýar. Italiýan "Ylmy komediýalaryny” dowam etdirijiler Şekspiriň "Nadaranyň nogtalanyşy”, Molýeriň "Janyňy ýakýan söýgi” komediýalary öz döwrüniň aňrybaş sahna eserleri bolmak bilen şu günlerem täsirini ýitirmän gelýär. • Italýan tragediýalary Italiýan tragediýalary ynsanperwerçilikli drama- turgiýanyň ikinji bir žanry hasaplanýar. Bu žanryň üstünde işlän XVI asyr dramaturglary özlerine nusgalyk edinip, Sofoklyň, Ýewripidiň, Senekiniň eserlerini alypdyrlar. Tragediýa žanrynda komediýa žanryna garanda Antik eýýamynyň kanunlaryny, urp-adatlaryny /kanonlary/ köp ulanylypdyr. Eserlerde Antik eýýamyndan gelýän mifler, rowaýatlar, tragediýalaryň girişinde ulanylanam bolsa, olar Italiýanlaşdyrylyp, olara Italiýan häsiýetleri berlipdir. Muňa garamazdan şol döwrüň eserlerindäki filosofiki çözgütler döwrüň talabyndan has daşda bolupdyr. 1515-nji ýylda dramaturg Dž. Trissnio "Sofonisba” tragediýasyny ýazýar. Bu eser watançylyk başlangyçlaryna ýugrulanam bolsa, soňky döredilen tragediýa eserleri gorkunç sýužetleri özünde jemläpdir. Ruçellainiň, Alamanniniň dramaturg Senekiden täsirlenip ýazan gandöküşikli tragediýasy, suw ýaly akýan gan döküşikli jenaýatçylyga öwrülip, tomaşaçynyň kalbynda gorkunç duýgyny oýarypdyr. Görkezilýän ähli tragediýalarda çenden aşa gandökmeklik, gazaply öç almaklyk, zulumkärçilik höküm sürüpdir. 1586-nji ýylda görnükli dramaturg Torkwato Tassonyň ýazan "Korol Torismund” tragediýasy iki doganyň, oglan we gyzyň öz aralaryndaky gan gatyş-dyrylan söýgüsi tomaşaçyda iniňi tikenekledýän gorkunç, elheç duýgyny dö-redip bilipdir. Jemgyýetde şeýle komediýalara dörän gyzyklanma adamkärçilik, wa- tançylyk terbiýäni berip bilmän gaýtam, adamlaryň aňynda eden-etdilige bolan hadysalaryň ösmegine alyp barypdyr. 1548-nji ýylda dramaturg Petro Aretino tarapyndan ýazylan "Gorasýa” atly eseri watanperwerçilikli realistik idea ýugrulandygyna gara mazdan tomaşaça bolan täsiri juda gowşak bolupdyr. Umuman Italiýan tragediýalary halka gerek islegi döredip bilmändir. Halkyň isleýän belent şahyrana talaby- ny ödemekden pesde bolup,ýokary belentliklere çykmakdan gowşak bolup-dyr. Şol sebäplem, italýan tragediýalarynyň biziň günlerimize gelip ýeteni ýok. • Italýan "pastorollary” Bu Italiýadaky gumanistik dramaturgiýa-nyň üçünji bir žanry hasaplanýar. ,,Pastorol” çopan durmuşyny açyp görkezýän drama eseri. ,,Pastorola” bukolik (çopan durmuşyny ideallaşdyryp görkezýän) poeziýa hem diýilýär. Ilki başda pastorola arassa poýeziýa hökmünde garalypdyr. ,,Pastorol” poýeziýasyny drama eseri hökmünde ulanmak mümkinçiliginiň bardygyna käbir dramaturglar göz ýetiripdirler. Anželo Polisiano (Ambrodžini) 1454-1494-nji ýyllarda ýaşap geçen alym. Ol italýan, latyn, grek dillerinde goşgy ýazyp bilipdir. Dil bilimine degişli filologiýa eserleriniňem awtory hasaplanýar. 1480-nji ýylda Anželo Polisiano "Orfeý hakyndaky rowaýat” atly liriki poýeziýa eseriniň esasynda drama ýykgyn edýän teatr tomaşasyny döredýär. Şol eserden soň, drama başlangyçlaryny öz içine alýan ,,orginal” (asyl nusgaly) "pastorollar” döredip başlaýar. Ilkinji "pastorallar” şadyýan durmuşy öňe sürüp, şol döwürde höküm süren Orta asyr hökmürowanlygyndan boşap, adam bilen tebigatyň bir zatdygyny (birleşigini) açyp görkezipdirler. Jemgyýetçiligiň durgunlyk döwründe gadagan edilen azat söýgüni pastorollarda wasp etmeklik däbe öwrülýär. XVI asyrda aristokratlaryň söýgüli tomaşasyna öwrülen bu žanra köp dürli täzeliklerem girizilip başlanýar. Şeýle tomaşalaryň esasy mazmuny çopan ýigit bilen çopan gyzyň ara-syndaky arassa söýgi wasp edilipdir. Bu söýgüler köşk söýgüsinden tapawutlanmak bilen halk köpçüligine, jemgyýete has golaý bolupdyr. Çopan ýigidiň öz söýýän çopan gyzyna ýüregi bilen berilmegi tomaşaçyda uly söýgä ýol açmaga, olaryň kalbyny heýjana getirmäge,tomaşaçynyň kalbynda söýeňde söýen şekilli söýmekligi ündeýän mazmunlar öňe çykypdyr. "Pastorollar” ilkinji peýda bolanda Ferrar köşgüniň öňünde görkezilip başlanýar. Dž.Çintonyň "Egle”, Agostino Bekkeriň ,,Gurban bermek”/etmek- 1554ý./, Lillionyň ,,Aretuza” (1563), Torkwato Tassonyň "Aminta” (1573) ýazan eserleri tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan öz döwrüniň ajaýyp tomaşa eserleri bolupdyrlar. Torkwato Tasso (1544-1594) Italiýanyň Galkynyş eýýamynyň görnükli şahyry bolmak bilen "Azat edilen Ierusalim” (ýewreýleriň-jöhütleriň merkezi şäheri-1580) gahrymançylykly poýemasynyň Ýewropa ýurtlaryna belli bolandygyny hem bellemelidiris. T.Tassonyň "Aminta” pastorolynyň baş gahrymany çopan Aminta söýýän gyzy Silwiýanyň özüne bolan söýgüsini uzak wagtlap gazanyp bilmeýär. Erkeklere bolan ynamsyzlyk, olara bolan ýirgenç duýgusy Silwiýany diňe Hudaýa çokunmakdan, oňa ynanmakdan başga zatlaryň baryny ret etmäge çagyrýar. Aminta özüniň Silwiýa bolan söýgüsini doly ynandyrýança örän köp garaşmaly, köp wakalary başyndan geçirmeli bolýar. Netijede, birek-birege bolan söýgi pajarlap galýar. T.Tasso öz eserlerinde Galkynyş eýýamynyň daşymyzy gurşap alan dünýä (tebigata) dogry düşünmek, ýagdaýa özüňçe sagdyn baha bermek taglymatyny öňe sürýär. Şol sebäpden Italiýan "pastorollarynyň” (çopan pýesalarynyň) XVI- XVII asyrlarda Ýewropa ýaýramagyna, ösmegine nusga bolarlyk ýol açylýar. • Italiýada teatr binalary we sahna Italiýada Ilki başda ähli teatr oýunlary bölekleýin häsiýete eýe bolupdyr. Spektakllar teatr binalary (jaýlary) bolmansoň köşk meýdançalarynda wagtlaýynça gurlan amfiteatrlarda gör-kezilipdir. Köşk meýdançasynda görkezilýän spektaklyň sahnasy owadan, örän baý, özüne çekiji edilip bezelipdir. Şeýle sahna bezeglerini etmäge döwrüň atly hudožnikleri (nakgaşlary) Leonarde de Winçi (1452-1519), Filippo Brunelleskiý (1377-1446) gatnaşypdyrlar. Sahna bezegine professionallary çekmeklik däbe öwrülýär. Öňki sah-nanyň ortasyndan köçäni aňladýan göni çyzyk aýrylyp, onuň deregi tebigat gözelligi bilen doldurylýar. Bu gözellik pýesanyň mazmuny boýunça üýtgäp durýar. Şeýle sahna bezegi ilki bilen Italiýan hudožnigi, arhitektory Donato Bramanta (1444-1514) degişli. Bu täze sahna bezegini ilkinjiler bolup, Ferraryly sahna hudožnigi Pellegrino da Udine, Rimli sahna hudožnigi Bal-dasare Perussiý alyp göterýärler. Spektakllaryň iň köp görkezilýän ýeri bolan Ferrary şäherinde 1528-nji ýylda teatr üçin ýörite bina salynýar. Italiýada salynýan teatra niýetlenen binalar gadymy teatr binalaryndan täsirlenip gurlupdyr. Şeýle teatr binala-rynyň salynmagynda esasan rimli arhitektor Bitruwiýniň taslamalaryndan (çyzgylaryndan) ugur alnypdyr. 1545-ýylda Italiýan arhitektory Sebastýano Serlio tarapyndan ýene-de bir teatr binasy emele gelýär. Ol teatr binasynda arhitektor Bitruwiýniň taslamalaram belli bir derejede geregiçe ulany-lypdyr. Sebastýano Serlio öz taslamalarynda Antik eýýamynyň başlangyçlaryny we Galkynyş eýýamynyň täzeliklerini garyşdyryp, sahna gözelligine uly üns beripdir.Onuň gurýan teatry üç bölümden ybarat bolup, sahna we sah-nanyň öňündäki giňişligem girzilipdir. Teatr binasynyň üsti ýapyk bolansoň tomaşaçynyň ýerleşýän oturymly ýeri amfiteatrdaky ýaly aýlow görnüşli bolman göni çyzyk görnüşinde bolupdyr. Oturymly ýerler tomaşaçynyň jemgyýetde tutýan orunlary boýunça böleklere bölünipdir. Amfiteatr sahnadan aýratynlykda bolupdyr. Amfiteatryň iki görnüşi bolup, birinji görnüşi sahnanyň (sirk meýdançasyny, söweşiji gladiatorlaryň güýç synanyşýan ýeri) bütin daşyna aýlanýan tegelek, ikinjisi sahnanyň gabat garşysynda ýarym aýlaw görnüşli bolupdyr. Amfiteatr tomaşa niýetlenen tomaşa zaly bolmak bilen ýerden göni dälde, aýlaw görnüşli bolup, git-digiçe ýokary galyp, tomaşaçynyň sahnada bolup geçýän wakalara seretmegi üçin amatly hasaplanypdyr. Sahnanyň özem iki bölekden ybarat bolup, şonuň bir bölegi Prosse-num (prossenum-perdäniň öňündäli ýer. Sözlüge seret) beýleki yzky bölegi dekorasiýa (dekorasiýa-sahna bezeginiň tutýan bölegi) bolupdyr. Sahnanyň iki tarapynda-da uzalyp gidýän ýasama jaýlaryň görnüşi ýerleşdirilipdir. Ýasama jaýlaryň gitdigiçe kiçelip uzalyp gitmegi, sahnanyň yzyndaky uzalyp gidýän köçäni aňladypdyr. Şeýle hem, yzky görnüşde gurjaklar (kukly) ýerleşdirilipdir. Şol gurjaklar köçede gezim edýän adamlary (mähelläni) aňla-dypdyr. Sahnada çykyş edýän aktýoryň şol gurjaklara golaýlaşmagy gadagan edilipdir. Eger aktýor gurjaga golaýlaşaýsa, sahnadaky hyýaly görnüş tiz ýitip, spektaklyň ynandyryjylygy gaçypdyr. Umuman sahnada goýulýan spektakllar üç žanra komediýa, tragediýa, pastorola degişli bolansoň, sahna hudožnigi Sebastýano Serlio üç hilli sahna bezegini ulanmagy göz öňünde tutup, komediýa žanry üçin koçäniň ug-rundaky bezeg ýönekeýje jaýlardan, söwda nokatlaryndan, köçe hyzmat-kärlerinden, tragediýa žanrynda köşk medançasyndan, ybadathanadan, derwezelerden, pastorol žanrynda tokaýlardan, jeňňellerden, gök salýan baýyrlyklardan, derýanyň, deňziň kenar ýakalaryndan ybarat taslamany ýasapdyr. Ýöne, onuň bu taslamasy durmuşa geçirilmändir. Taslamasyny durmuşa geçirip ýetişmedik Serlionyň bu işini Italiýan teatr hudožnikleri, arhitektorlary baza (esas, düýp) hökmünde ulanypdyrlar. Andreýa Palliadio di Petro (1508-1580), Galkynyş eýýamynyň giçki döwrüniň wekili bolmak bilen ol öz işlerinde Antik eýýamynyň arhitekturasyny we Renessans eýýamynyň tradisiýasyny (däp-dessurlaryny) garyşdyrylyp ulanmak arkaly ýurtda uly özgerişli binalaryň gurulmagyna getiripdir. Onuň taslamasy esasynda bina edilen "Olimpiko” teatry öz döwrüniň iň ajaýyp binalarynyň biri hasaplanypdyr. "Olimpiko” teatrnyň aktýorlarynyň çykyş edýän sahnasynyň yzky bölegi heýkeller, sütünler /kolonna/ bilen örän owadan we baý bezelmegi, ýarym aýlaw edilip salynan tomaşa zaly öz ajaýyplygy bilen hemmeleri haý- ran galdyryp bilipdir. "Olimpiko” teatry tragik eserleri goýmak üçin has-da amatly bolupdyr. Palladionyň taslamasy boýunça bina edilen bu teatr 1585-ýylda Sofoklyň ,,Edip şa” tragediýasy bilen açylýar. Teatr sungatynda yzygiderli özgerişlikleriň bolup durmagy adaty zada öwrülip, täzelik üstüne, täzelik girizilip durýar. XVI asyryň 80-nji ýyllarynda uly sahna hudožnigi, arhitektory, nakgaşy Bernardo Buontalenti (1536-1608) teatr sahnasynyň bezegini üç burçly prizmanyň /bir zadyň täsiri bilen aýlan-ýan/üsti bilen aýlanýan görnüşini ýola goýýar.Agaçdan ýasalan çarçywanyň /ramanyň/daşyna holst /kendir mata/ çekilip, şonuň ýüzüne spektakldaky wakany we onuň bolup geçýän ýerini aňladýan surat çekilipdir. Dekerasiýa- ny /sahna bezegini/ ýörite üýtgedýän sahna işçileri bolp, olar sahna üýtge-dilende ählisi bir wagtda meňzeş hereket etmeli bolupdyrlar. Soňra şeýle görnüşli agyr sahna bezeginiň ýerine agaç çarçuwanyň da-şyna kendir mata çekilen suratly ýeňil bezegler ulanylyp başlanýar. Bu sahna bezegi köplenç pastorollarda we opera žanrynda ulanylypdyr. Bu iki žan- ryň sahna tehnikasi beýleki sahna eserlerine garanyňda has çylşyrymly bolupdyr. Olarda sahna wakalaryna yşk bilen täsir etmek bezeglerem girizilip ugrapdyr. Yşk bezegleri köplenç ýagdaýda sahnada Hudaýlary, jadyly ýeňil söweş arabalaryny, ýer asty şalyklary, ýangynlary,suw almalary, harasatlary görkezmekde ulanylypdyr. Wagtyň geçmegi bilen sahna we sahna enjamlary üýtgemän, eýsem teatr görkezmekligiň düzgün-tertibem, olarda tomaşa edilýän eserlerem üýt-gäpdir. XVII asryň başlarynda teatrlar telekeçileriň /predprinimatelleriň/ el-lerine geçýärler. Şonuň bilen baglylykda teatr tomaşasyna köp adam çek-meklik bäsleşigem başlanýar. Tomaşa jaýyna köp adam sygar ýaly üsti-üstü- ne goýulýan oturymly ýerler /ýaruslar/, tomaşa jaýynyň gapdal diwarlaryn- dan ýasalýan goşmaça oturymly ýerler /ložalar/peýda bolup ugraýar. Şeýle-likde, tomaşa jaýy kop gatly ložalardan, eýwanjyklardan (balkonlardan) ybarat bolupdyr. Teatrlar telekeçileriň ellerine geçmezinden ozal tomaşa gelen tomaşa- çy özüniň jemgyýetde tutýan orny boýunça ýerleşdirilen bolsa, täzeki düzgün boýunça satylýan petekleriň /biletleriň/ bahasy boýunça kesgitlenipdir. Teatrlaryň köp tomaşaçyny kabul etmäge ukyply bolmagynda Italiýan arhi-tektorlary, teatr hudožniklerii /dekoratorlary/ Džakoma Torrelli /1608-1678 ýý./, Ýozef Furtenbah /1591-1667 ýý./ uly işler edipdirler. Ýo.Furtenbah özi nemes bolsada,teatr hudožnigi bilmi Italiýada alypdyr.Bu ägirt hudrožnik tarapyndan 22-müň töweregi sahna bezeginiň taslamasy döredilipdir. Awstriýada sahna hudožnigi L.Burnaççini, Ispaniýada sahna hudožnigi K.Lotti şol hudožniklerden täsirlenip döredipdirler. • Italiýada "del arte” komediýalary Galkynyş eýýamyndaky "Del arte” komediýalary Italiýada sahna sungatynyň ösüşiniň çür başy hasaplanýar.Bu žanryň Italiýadaky ösüşi özüniň professionallygy bilen Ýewropa ýurtlaryna örän tiz aralaşypdyr. "Del arte” komediýalary XVI asyryň ortalarynda döremek bilen ýurtda alnyp barýan syýasy gurluşa garşy adamlaryň garaýyşlaryny açyp görkezipdir. Italiýan jemgyýetiniň demokratyk gatlagynyň isleg-arzuwlary beýan edi- lip dworýançylygyň, buržuaziýanyň, mugthorlyguň, doýmaz-dolmazlygyň, kem akyllylygyň üstünden gülmeklik ,,del arte” komediýalarynyň üsti bilen tomaşaça ýetirilipdir. Bu žanrda Italiýan dramaturgiýasy bilen sahna tejribesiniň arasynda üzňelik bolupdyr. Şeýle üzňeligiň gowy taraplary şol döwre baha berýän alymlar tarapyndan kesgitlenipdir. Sebäbi şol döwrüň gumanistleriniň we ähli renessans poýeziýasynyň goltgy bermegi bilen däl-de, özbaşdak döre-mekligini dowam etdiripdir. Ýewropanyň köp ýurtlarynda gumanist-ýazyjylar täze teatr sungaty- nyň döremegine, ösmegine işeňňir gatnaşsalaram, "del arte” komediýala- ryny döretmäge gatnaşmandyrlar. Muňa garamazdan ,,del arte” žanry ös-megini dowam etdiripdir. Komediýany döredijiler uly toslamalary tapmaga örän ökde bolup, olar öňünden hiç hili drama ýazgysy bolmasada komediýany başdan-aýak oýnap bilipdirler. Fars /Fars-ýeňil, gödegräk oýunlar/aktýorlary ilki başda sahnada döre-dilýän oýunlary özbaşdak taýýarlapdyrlar. XV asyryň başlarynda,XVI asyryň aýaklarynda Italiýan fars aktýorlarynyň ählisi döredijilik babatda birleşip, ýurdyň ähli şäherlerinde çykyş edip başlapdyrlar. Wenesiýada, Bolonýede, Mantuýede we beýleki şäherlerde çykyş edýänler aktýorlardan-ýarym pro-fessional aktýorlardan ybarat bolupdyrlar.Şeýle aktýorlar öwreniji aktýorla- ra garanyňda, yzygiderli çykyş edipdirler we olaryň özboluşly aktýorlyk hä-siýetlerem emele gelipdir. Olaryň fars pýesalaryndaky buffon /buffon-gülküli, komiki/ häsiýetli oýunlary Orta asyr teatrlarynyň mirasdüşerleri hök-münde görünse-de, täzeçilligiňem tarapdarlarydygyna düşünmek kyn bolmandyr. Şeýle teatr oýunlaryny goýýan toparlarynyň wekilleriniň biri italýan aktýory, dramaturgy Anželo Beolko (lakamy-Rudzante, 1502-1542) bolupdyr. Ol 18-ýaşyndaka Paduýede höwesjeň aktýorlardan düzülen truppa (topar) döredýär. Wagtyň geçmegi bilen onuň döreden höwesjeňler topary professional truppa öwrülýär. Onuň ilkinji eseri "Oba gepleşikleri” bolup, oba häsiýetlerini açyp görkezmek bilen obalarda dowam edip gelýän garyplyga ýürek awusyny beýan edipdir. Bu pýesa özünde buffon, komiki, drama žanrlaryny birleşdirip soňy ölüm bilen gutarýar. Beolka öz sahna eserlerinde yzygiderli halk oýunlary /fars/ bilen "ylmy” dramaturgiýany garyşdyryp synag edip gelipdir. Dramaturg uly göwrümli dramaturgiýa eserlerini döretmegiň tarapdary bolupdyr. Onuň "Näzli zenan” ("Koketka") we "Ankonitanly” uly göwrümli dramaturgiýa eserleri bolmak bilen ol "Oba gepleikleri” pýesasynyň gahrymanlaryny, olaryň fars (ýönekeý, gödek) oýunlaryny, oba gepleşiklerini (dialektlerini) ýokarda atlaryny tutan pýesalarymyza siňdiripdir. Beolkonyň pýesalarynda şol bir gahrymanlar (personažlar) hereket edipdirler. Ýöne, olaryň häsiýetleri aýry-aýry bolupdyr. Sebäbi, Beolkonyň özi şol gahrymanlaryň keşplerini "Rudzante” lakamy bilen oýnapdyr. Onuň ýerine ýetiren gahrymanlary bälçik (şutnik), şadyýan, aýaly tarapyndan al-danylyp ýören erkek kişi, samsyk hyzmatkär, öwünjeň esger bolupdyrlar.Be-olkonyň gahrymanlary esasan Paduan dialektinde gürläpdirler. Beolko ähli yhlasyny janly halk teatryny döretmäge ugrukdyranam bolsa bolmandyr. Sebäbi, onuň pýesalarynda "del arte” komediýalaryna mahsus bolan toslamalar, gülküli buffon komizmi, nikap /maska/ ulanylypdyr. Toslama ýugrulan täze teatr öz gözbaşyny şäher kornawallaryndan alypdyr. "Del arte” komediýasynyň personažy Wenesiýan söwdegäri Pantalonyň sahnada peýda bolan nikaply çykyşy şatlygyň, degişmäniň, gülküniň sahnasyna öwrülipdir. Sahnada dürli gülküli akrobatik çykyşlaram bolup, tomaşaçyny has-da özüne çekip bilipdir. "Del arte” komediýalarynda fars we karnawal tomaşalaryndan başgada bir näçe ynsanperwerçilikli edebiýatlaryň, liriki poýeziýanyň başlangyçlaram /elementlerem/ peýda bolup başlapdyr. Bu başlangyçlaryň hemmesem, täzeden işlenilip, düzlüşi we mazmuny boýunça durnuklylyga eýe bolup ugrapdyr. "Del arte” toslama spektakllary üçin gysga sýužetli pýesalar ýazylyp, çykyş edýän aktýorlar şol ýazgydan ugur almaly bolupdyrlar. Kähalatlarda şeýle komediýalaryň tragediýa öwrülen mahallaram az bolmandyr. XVII asyryň başlarynda "del arte” komediýalary üçin ssenarileriň (pýesalaryň) ýygyndylary çap edilip ugrapdyr. Muňa garamazdan ähli teatr to-parlary özleri üçin pýesalar döredip bilmän, beýleki has tejribeli truppalardan (toparlardan) taýyn pýesalary alyp öz repertuarlarynyň üstüni ýetiripdirler. 1611-nji ýylda F.Skala, 1622 ýylda B. Lokatelli tarapyndan döredilen "del arte” pýesalarynyň ýygyndylary truppanyň (toparyň) baş aktýory-kapokomigiň (kapokomik-italýan sözi bolup, truppany ýygnaýjy-režissýory, teatryň eýesi-telekeçisi) elinde saklanypdyr. Flaminio Skala (XVI asyryň ikinji ýarymynda dogulyp, XVII asyryň başlarynda aradan çykan) belli Italiýan aktýory. Ol Flawio lakamy bilen belli bolan. "Del arte” komediýalarynyň "Dželozi”, "Deziozi”, "Aççezi” truppalarynda aktýor hökmünde çykyş edipdir. Ol esasanam 1568-nji ýylda D.Ganasso tarapyndan döredilen "Dželozi”truppada çykyş edip özüniň ussat aktýordygyny görkezip bilipdir. Soňra, 1574-nji ýylda döredilen "Konfidenti" truppasyna ýolbaşçylyk edipdir. Ol Lion, Pariž, Mantuýe ýaly uly şäherlerde öz truppasy bilen çykyş edip tomaşaçynyň söýgüsine mynasyp bolupdyr. F.Skala çykyş edýän komediýalarynyň ählisinde oýnaşyň keşbini ýerine ýetiripdir. Ilkinji "del arte” komediýalarynyň (ssenarisi) ýygyndysyny çap etmeklik şoňa degişli bolup galýar. Onuň ,,del arte” komediýalarynyň sýužetlerini öz döwrüniň görnükli aktýorlary ulanypdyrlar. Hat-da, Ž.Molýer, K.Goldoni ýaly beýik dramaturglaram onuň komediýalaryndan täsirlenipdirler. "Del arte” komediýalary toslama bolansoň, onda çykyş edýän aktýorlar özleriniň döredijilik ukybyny saklamaly bolupdyrlar. Olaryň şeýle etmegi aktýorlaryň döredijiligini professionallyga alyp barypdyr. Aktýor komediýada şahsy özboluşlylygyny (keşbini) döretmeli bolupdyr. Komediýa toslamanyň hasabyna döredilensoň, aktýor tomaşa gidip duran wagtyndaky ähli boljak özgerişliklere taýyn bolup durmaly bolýar. Aktýora durmuşda bolup geçýän ähli zatlary susup almaklyk netijesinde dili duzlylyk, özüne çekiji gürle-mek gerek bolupdyr. Bu ýagdaýlaryň ählisi ýüze çekilen nikabyň astynda bolup geçipdir. Sahnada spektakly herekete getiriji esasy güýç toslama bolupdyr. Aktýor ähli personažlaryň sahnadaky hereketlerini synlamagyň üsti bilen öz bile çykyş edýän gahrymanynyň söz gatmasyna /replikasyna/dogry jogap ber-mäni başarmagy hökmany hasaplanypdyr. ,,Del arte” komediýalarynda bi- rek-birege aňsatlyk bilen düşünişip oýny soňuna çenli alyp barmaklary sah-nada aktýorlar ansamblynyň döremegine getiripdir. "Del arte” komediýalary diňe bir toslama sözleriň üsti bilen gepleşik žanrynda tomaşaça ýetirilmän, eýsem pantomimonyň (Pantomimo-beden, syna hereketleri bilen ýerine ýetirilýän teatr oýny) üsti bilenem iki sany ko-miki aktýor tarapyndan toslama tomaşaça düşnükli bolar ýaly edilipdir. Asly karnawallardan alnan nikaply çykyş etmeklik "del arte” komediýalarynyň esasy ýaragy bolup hyzmat edipdir. Sebäbi, tankyt astyna alynýan adam özüniň nähili aktýor tarapyndan tankytlanýandygyny bilmezligi üçin gerek bolupdyr. Halk komediýasyna öwrülen nikaply çykyşlar üç topara bölünipdir: Birinji topar, satiranyň güýjüne uly pafos (pafos-ruhybelentlik, joşgunlylyk) beripdir.Bu toparda esasy iki gahryman, /Arlekin we Serwetta/kome-diýanyň esasy güýji bolupdyrlar. Iki bälçik, ähli hilegärligiň guramaçysy ha-saplanyrypdyr. Arlekin-oglanlyk (rebýaçlwiý), açyk göwünli, hoş niýetli, rehimdar (dobroduşno) hereketleri sahnada döredipdir. Edenli gyrnak Ser- wetta bolsa, dili duzly, ähli zady batyrgaýlyk bilen aýtmagy başaryp bilýän- ligi bilen tomaşaçynyň söýgüsini gazanypdyr. Ikinji topar, jenaplaryň nikaby atlandyrylypdyr. Nikaply çykyş edýän topar görenine aşyk bolup ýören Wenesiýaly söwdegär Pantalonyň, öwünjeň we gorkak Ispaniýaly Kapitanyň, akmak we ýaňra Doktaryň üstünden gülüp, tankyt astyna alypdyrlar. Şeýle sahna çykyşlary buffon (buffon-gülküli, komiki häsiýetde gurnalan oýun) görnüşli bolmak bilen örän hilegärlik we ugur tapyjylykda ýerine ýetirilipdir. Beýle etmekligiň özi aristokratiýanyň ýokarky gatlak wekillerinde ynsanperwerçilikden nam-nyşanyň ýokdygyny tomaşaça ýetirmekdäki ýeňişi hasap edilipdir. Üçünji topar, "del arte”komediýasynyň şahyrana taraplaryny açyp görkezmekde ulanylypdyr. Bu toparda çykyş edýän aktýorlaryň özleri nikap geýmändirler. Komediýada üstlerinden gülünýän iki sany söýüşýän ýaşlaryň aralaryndaky oňuşmazlygyny ýerine ýetirýän spektaklyň gahrymanlary nikaply oýnamaly bolupdyrlar. Sebäbi, öz söýgüleriniň näderejede bolmalydygyny aňlatmak Penessans (Galkynyş) eýýamynda dünýäni täzeçe duýmak, görmek maksady şol iki gahrymanyň üsti bilen berlipdir. "Del arte” komediýalarynda esasy hereket edýän güýç köne bilen täze durmuşyň arasyndaky çaknyşyklar, oňuşmazlyklar bolupdyr. Söýüşýän ýaşlar yzygiderli kynçylyklara sezewar edilipdirler. Olaryň çekýän kynçylyklarynyň biri olara maslahat beriji güýçler ýetmändir. Ikinjidenem olarda özlerine ýardam edip biläýjek emläk (imuşestwo) ýeterlik bolmandyr. Bulara garamazdan komediýanyň ahyrynda hyzmatkär ýaşlar ýeňiji bolup çykypdyrlar. "Del arte" komediýalarynyň halkylygy diňe bir satira bagly bolman, gahrymanlaryň gepleşik äheňine, gürleýiş dialektlerinede bagly bolupdyr. Aktýorlar sahnada gürlänlerinde öz ýerine ýetirýän rolundaky gahrymanyň gürleýiş äheňinde gürlemeli bolupdyr. Wenesian söwdegäri Pantolonewe-nesian, ýaňra Doktor-bolan, öwünjeň Kapitan-bergam, söýüşýän ýaşlar-toskan äheňinde (dialektinde) gürlemeli bolupdyrlar. Şol döwürde gürlenýän dialektleriň ählisi hem Italiýan edebi dili hasaplalanypdyr. Spektakla gatnaşýan her gahrymanyň öz ýerine ýetirýän keşbine mah- sus sahna egin-eşigi bolupdyr. Spektaklda çykyş edýän Brigellyniň geýýän geýmine altyndan ýa-da kümüşden çekilen jähek, guşagyndanam pyçak (gama ýa-da gylyç) asylgy bolupdyr. Arlekinedir gyrnagyň egninde ýamadan doly oba eşigi. Söýüşýän ýaşlar şol döwrüň iň soňky görnüşde (modada) tikilen eşiklerini geýipdirler. Kapitan Ispan biçiwli eşikli, bilinden asylgy gylyçly bolupdyr. Pantolony giň balak, gyzyl kurtka, ak jorap, gara ýapynja geýipdir. "Del arte” komediýasynyň iň tanymal aktýory Džan Ganassa komediýanyň gahrymany Dzani, Françesko Andreini-Kapitany, Izabella-Andreni gah-rymanlary nikaply /ýörüte ýasalan nikapda/ oýnapdyrlar. "Del arte" spek-takllary aýdylýan sözler, tanslar, aýdylýan aýdymlar, akrobatik (dürli maşklary ýerine ýetirijilik) çykyşlar tomaşaçyda örän uly täsir galdyrypdyr. Sahna-daky şeýle garyşyk başlangyçlar (elementler) birleşip, olaryň ählisi bir mak-sada ýugrulan bolupdyr. "Del arte” komediýalaryny döredijileriň özleriniň aýtmaklaryna görä şeýle tomaşa ,,Şadyýan ruhybelentlik” iýlip at berlipdir. Bu komediýalaryň sahna bezegleri örän ýönekeýje bolupdyr. Sahnanyň iki tarapam jaýlar bilen bezelipdir. Jaýlaryň penjireleri we eýwanlary şol sahna bezegine goşmaça edilipdir. Sahna bezegi spektakl gutarýança üýtgedilmändir. Gülkä we tankyda ýugrulan bu komediýalaryň teatr truppalary şäherleriň hojaýynlary, dini wekiller tarapyndan yzygiderli yzarlanypdyr. Olaryň Italiýada çykyş etmekleri howp astynda bolansoň, ol truppalar öz sahnalaryny başga ýurtlarda görkezmeli bolupdyrlar. Eýýam XVI asyryň aýaklarynda komediýanyň aktýorlar ansambly Fransiýada çykyş etmäge başlapdyr. "Del arte” sahna sungaty Günbatar Ýewropada milli komediýa sunga-tynyň ösmegine uly täsirini ýetiripdir. Hat-da, beýik Fransuz dramaturgy Ž.B.Molýeriň döredijiligine täsir edipdir. Italiýan ,,del arte” komediýaçylary-nyň Fransiýada çykyş edilip başlanmagy bilen Parižde "italýan komediýalary” atly teatr döredilýär. Galkynyş eýýamyniyň bu sahna sungaty tomaşaçy tarapyndan gowy garşylansada, wagtyň geçmegi bilen bu žanr ösmegini togtadyp ugraýar. Onuň ilkinji sebäbi toslamalary döredýän aktýorlaryň hiç hilli täzelik giriz-män şol bir gaýtalanýan nikaplarda çykyşlaryny dowam etdirmekleri bolýar. Yzygyderli gaýtalanýan tomaşalar döwrüň talabyny ödemekden pesde bo- lup, tomaşaçyda gitdigiçe ösýän psihologiýany, çuňňur özboluşly häsiýetleri /keşpleri/ döretmekden bärden gaýydýarlar. Käbir alymlaryň tassyklamagyna görä, "del arte” komediýalarynyň pese gaçmagyny dörän ýeri Italiýadan uzaklarda bolmagy bilen baglasdyrmagy hasaplanýar. Ýagdaý XVII asyryň ortalarynda Italiýanyň özünde-de, gaýtalanyp başlanýar. Komediýalarda berilýän sosial satira, buffon oýunlary gowşap, täsirini ýitirip ugraýar. Komediýada çykyş edýän aktýorlar toslamanyň gapdalyndan leji çykan monologlaram yzygyderli gaýtalapdyrlar. Şunuň bilen bir halatda täze realistik (hakykaty açyp görkezýän) häsiýetli komediýalar doräp başlaýar. Dramaturg Karlo Goldony (25.II.1707-6.II. 1793) "del arte” komediýasynyň pese gaçan döwri komediýany tomaşaçynyň öňküler ýaly gyzgyn garşylamagyny isläp öňki leji çykan nikaplary täzeçe görnüşleriniň peýda bolmagyny gazanmakçy bolup, her personažyň aýratynlykdaky nikabynyň bolmagyny ýola goýýar. Bu ýagdaý halk teatrlarynyň iň gowy däpleriniň saklanyp galmagyna goşant goşýar. Karlo Gossi (13.XII.1720-04.IV.1806) özüniň romantika (romantika-arzuwçyllyk, joşgunlylyk) we buffon (buffon-gülküli) komediýalarynam "del artede” täzeçe ulanmaga başlaýar. Realistik, demokratik adatlaryndan ugur alnyp döredilýän komediýalar XVIII asyrda Fransiýada, XIX asyrda Awistriýada "Pantomimo” žanrynyň emele gelmegine alyp gelýär. Annameret DURDYMÄMMEDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |