17:08 Italýan dramaturgiýasy | |
ITALÝAN DRAMATURGIÝASY
Teatr we kino sungaty
Taryhy ýagdaýlar Italiýany Galkynyş eýýamynyň medeniýetiniň Ilkinji gurluşykçylary bolmagyna alyp geldi. Italiýan dramaturgiýasy dünýä medeniýetiniň Galkynyş eýýamynyň ilkinji garlawaçlary bolmak bilen ynsanperwerçilikli ideýalaryň düýbiniň tutulmagynda ilkinji kerpiçlerini goýdy. Italýan dramaturgiýasy buthana we terkidünýälik taglymatynyň garşysyna ilkinjiler bolup baş galdyrmagy hem başardy. Şu ýerde ynsanperwerçilikli dramaturgiýanyň düýbiniň tutulmagy sahna eserleri komediýalaryň, tragediýalaryň, postorollaryň täze mazmunda ösmegine alyp geldi. Şonuň bilen birlikde opera sungatynyň peýda bolmagyna ýol açdy. Galyberse-de, dramaturgiýanyň esasy öňe sürýän kada-kanunynyň özboluşly teoriýasynyň täzeçe işlenilmegine getirdi. XV asyrda Italiýan dramaturgiýasynyň belli bir galyba salynmagy özbaşdak edebi žanryň peýda bolmagynda öz roluny oýnady. Özbaşdak edebi dramaturgiýa žanyrnyň peýda bolmagynda teatrlaşdyrylan halk tomaşalarynyň (ýaňsylamak-ökünmek, karnawalar, gödek farslar) täsiriniň ýokary bolandygyny hökmany suratda belläp geçmelidiris. Italýan teatrynyň taryhyna (XII- XIV asyrlar) göz aýlasaň teatr sungaty şol döwürlerde esasan üç ugur boýunça öz ösmegini dowam etdiripdir. Döwrüň teatr medeniýeti (halk teatr, ylmy teatr, dini-buthana teatr) üç ugyr boýunça ösüşini dowam etdirse-de, olar biri-biri bilen hiç wagt kesişmändir, şeýle hem ol teatrlar özara gatna-şykda bolmandyr. Ilkinji drama ýazgysy-Laudy (dini öwgüli aýdymlar) XIII asyrda Umbiride peýda bolupdyr. Bu drama ýazgysy dini fanatlar (fanatlar-dine durky bilen berlen adamlar) tarapyndan dini-öwgüli mazmunly aýdymlar hökmünde ýerine ýetirilipdir. Dindarlar dini-liriki mazmunly aýdymlary ballada görnüşinde ýerine ýetirmek arkaly teatr sahnasyna çykarypdyrlar. Umbiride peýda bolan Laudy-dramalaşdyrylan sahna tomaşasy tiz wagtdan bütin Apennin ýa-rym adasyna ýaýraýar. Umbiri din wekili Ýakopon de Todi (Ýakope Benedetti, [takm.1220-1306] italýan şahyry Ludy-dini realistik, satira häsiýetli goşgularyň awtory. Italiýanyň gimni latyn dilinde ýazan) tarapanydan ýazylan "Plaç Bogamateri” (Hudaýyň enesininiň gözýaşlary) Ludy-drama eserinde din wekilleri baradaky hakykaty satiranyň üsti bilen açyp bilipdir. XIV asyrda Ludy-drama ýazgylary özüniň hakyky edebi eseri görnüşine gelýär. Hakyky edebi žanr hökmünde hasap edilen sahna tomaşasy Florensiýa şäherinde keramatly hasaplanýan baýramçylyklarda tomaşaçylara görkezilip ugraýar. Eýýam XV asyrda bu žanr "keramatly tomaşa” hasaplanýar. Muňa garamazdan köre-körlük (dogmat) bilen öňe sürülýän dini taglymatdan boşaşyp ugran bu žanr dünýewi ýagdaýa eýe bolup başlaýar. Hristiançylykly sýužetler mifologik sýužetler bilen çalşyrylýar. 1449-ýylda F.Belkanyň "Abram we Isaak barada” drama eseri Çestello buthanasynda görkezilýär. F.Belkanyň "Blagoweşeniýe” (hristian mifologiýasyndaky arhangel Gawriliň Merýemden Isa pygamberiň (Isus Hristosyň) doguljakdygy baradaky habary. Waka 25-nji martdan 7-nji aprel aralygynda bolup geçýär. "Keramatly Ioann çöllükde”, "Agyr gün” ("Sudnyý den”- adam ölüp o dünýä baranda eden günäleri dogrusynda sorag edilmegi”) drama eserleri komikanyň üsti bilen berilip başlanýar. Halk kitaplaryndan, halk nowellaryndan alynan keramatly sýužetler esasynda döredilen "Keramatly Ioann we Pawel baradaky düşinjäni” L.Mediçi özüçe işläp tomaşaça ýetirýär. L.Mediçiniň drama gurnagyna gatnaşan B.Pulçi, A.Pulçi, Kastellano de Kastellani, Dž.Dati dramatugiýany ösdürmek ugrunda belli bir öňegidişikler edýärlär. 1480-nji ýylda L.Mediçiniň şägirtleriniň biri Antik eýýamyny örän oňat bilýän, şahyr A.Polisiano kordinal Gonzagyň tabşyrygy boýunça "Orfeý dogrusynda hekaýat” atly pýesa ýazdyrylyp, köşk baýramçylyklarynda görkezip başlanýar. Bu italýan dilinde ýazylan ilkinji dünýewi sahna eseri bolýar. Pýesa mazmuny boýunça ynsanperwerçilikli, şadyýan durmuşy öz içine alsa-da, howaýy häsiýete eýe bolmak bilen keramatlylyk-buthana adatlaryndan ugyr alypdyr. A.Polisianonyň yzyny dowam etdirijiler N.da Korredžo, Boýardo, Akkolti bolupdyrlar. Olar öz halypalarynyň yzyny dowam etdirmek bilen soň, "Pastoral” žanryna geçipdirler (döredipdirler). XVI asyrda Italiýada komediýa,tragediýa we nikaply ,,del arte” žanrlary belli bir galyba salynyp ösmegini döwam etdirip başlaýar. Italýan dramalary Günbatar Ýewropada Renessans (Galkynyş) eýýamynyň taryhy bilen baglan-yşykly bolmak bilen öz köklerini antik (esasan Rim) eýýamynyň teatrlarynyň tejribesinden alyp gaýdýar. Gumanist-dramaturglar öz eserlerinde täze durmuşy, täze adamy görkezip başlaýarlar. Şol döwürde Italiýan dramalary Antik we täze Ýewropa dramaturgiýasynyň arasyndaky ,,drama eserleri” hasaplanypdyr. Ýurdyň syýasy dartgynlylygy, umumy halk bähbitleriniň biri-birinden üzňeligi, medeniýet bilen halkyň urp-adatlarynyň kesilmegi ýurduň syýasy, jemgyýetçilik, ykdysady ýagdaýlarynyň düýpli pese gaçmagyna getirýär. Muňa garamazdan, Antik döwrüniň teatrlaryna bolan halk isleginiň art-magy Italiýan-gumanizminiň gadymy nusgawy (gadymy mekdep bolup hyzmat etmek) eserlere ýüz urulmagyna alyp gelýär. Dramatug Plawtyň heniz näbelli komedilarynyň N.Kuzanskiý, P.Braççolin tarapyndan tapylmagy An- tik döwrüniň dramaturgiýasynyň yzygiderli öwrenilmegine we olaryň nusgalyk bolup hyzmat etmegine alyp gelýär. Rim Akademiýasyny esaslandyran gumanist-Pomponio Leto (1427-1497) öz okuwçylary bilen Plawtyň, Terensiýniň pýesalaryny asyl nusgasynda (odlinnikde) sahna çykarmaga başlaýar. Antik döwrüne ýüzlenmek- lik Merkezi Italiýanyň ähli ýerlerine ýaýraýar. Esasanam Ferrar şäherindäki meýdançalarda, şäheriň belli adamlarynyň öýlerinde görkezilmäge başlanýar. 1515-nji ýylda J. Trissino tarapyndan ýazylan ilkinji Italiýan tragediýasy "Sofonisba” bolýar. Bu tragediýa Aristoteliň poýeziýasynyň esasy düzgünlerini saklamak arkaly on bir sany kyn görnüşli goşgular düzüminden bolup, Italiýan tragediýalary üçin geljek asyrlara çenli keramatlylygyny saklapdyr. Italiýan tomaşaçysy üçin keramatly hasaplanan "Sofonisda” tragediýasyndan soň, tomaşaça tragediýa görkezmeklik yzygiderlilige öwrülýär. Dž.Ruçelliniň "Rozamunda” (Sofoklyň "Antigora” dramasy esasynda), soňra "Orest” (Ýewripidiň "Ifinegeni Tawride-de” dramasy esasynda), L.Martelliniň "Tulliýa” (Sodoklyň "Elektra” eseri esasynda) ýazylan tragediýalary uly üstünlikden peýdalanypdyr. Wagtyň geçmegi bilen Gadymy Grek eserleri bilen gyzyklanan awtorlar Senekiniň eserlerine ýüzlenip başlaýarlar. 1541-nji ýylda Ferrari şäherinde Senekiniň "Tiýestom” eseri esasynda Džiraldi Çinsio "Orbekka” tragedi-ýasyny sahna çykarýar. Bu tragediýa bäş bölümden we arakesmeden ybarat bolupdyr. Sahnada okalmaly goşgy setirleriniň sany hem belli edilipdir. Şu tragediýada okalan goşgy setirleriniň sany soňky tragediýalarda-da hök-many ýagdaýa geçipdir. XVI asyryň 2-nji ýarymynda Italiýan teatr sahnalary ,,Gorkunç” trage-diýalardan doldurylýar. L.Dolçäniň "Kanaka Speronesi” (1542), "Mariannasy” (1565), L.Grotonyň "Andriýanasy”, "Dalidasy” (1572), M.Manfre- diň "Semiramidasy” (1573), Torkwata Tassonyň "Şa Torissmundasy” (1586) ýokarda bellän "Gorkunç tragediýalarymyzyň”hataryna girýär. Şeýle tra-gediýalar köşk teatrlarynda üstünlikden peýdalanypdyr. Şeýle öňe gidişliklere garamazdan XVI asyrda Italiýan tragediýalar hakyky milli teatr žanrlaryna öwrülip bilmändir. Sebäbi, spektakllarda jemgyýetçilik ösüşi, ynsanperwerçilikli gahrymançylyklary ýüze çykarmakdan bärden gaýdylypdyr. Muňa derek spektakllarda görülip-eşidilmedik gahar-ga-zaplar hereket etmek bilen durmuşdaky filosofiki garaýyşlardan has daşda bolupdyr. Jemgyýetçilik ideýalary öňe sürülmän eýsem "ýokardan” berlen ykbalyňa razy bolmaly diýlen taglymatlar öňe sürlüpdir. Şeýle döwrüň daş-töweregi gurşap almagyna garamazdan P.Aretinonyň "Gorasiý” (Gorasiý tragediýasy) (1546) peýda bolýar. Tragediýada ynsanperwerçilikli graždan borçlaryň, häsiýetleriň öňe sürülmegi, demokratiýa we adamyň tebigat bilen arabaglanyşygynyň aýrylmazlygy dogrusynda söhbet açýan bu eser öz döwründe ýyldyrym çakana çalym edipdir. Täze Italiýan dramaturgiýasynyň düýbini tutujy L.Ariosto komediýa žanrynda aýratyn öwgä mynasyp bolupdyr. Ol dramaturglar Plawta we Terensiýa täsirlenmek bilen özüniň ilkinji "Gutyjyk” (1508) atly komediýa eserini ýazýar. Köp wagt geçmänkäde "Nobatçy” (1509) komediýasyny döredýär. Bu komediýa Italiýan durmuşyny doly açmak ugrunda köp öňegidişlkler edipdir. Ol "Tersokan” ("Çernoknižnik", 1520), "Gudaçylyk” (1528) ýaly komediýalaryňam awtory. Italiýan edebi komediýalary öz döwründe iki ugur boýunça ýazylypdyr. Birinji ugur öz açyk äheňleri bilen keýpi-sapada ýaşamak. Bu ugra "gedonizm” (gedonizm-dyrmuşyňy keýpi-sapada, eşretde geçirmek. Filosofiki termin). Ikinji ugur komediýada satiranyň üsti bilen hakyky durmuşyň ele-mentlerini (başlangyçlaryny) berip bilmeklik. Komediýalaryň iki ugra bölünmekligine garamazdan awtorlaryň bir topary Plawtdan, Terensiden, beýleki topary döwrüň nowella we durmuşy satiralaryndan ugur alypdyrlar. Dramaturg L.Ariosto bir wagtyň özünde Italiýan komediýagrafy Dž.Nardiniň topary bilen çykyş edipdir. 1513-nji ýylda gersog Urbinskiniň köşgün- de Bibbiýeniň ,,Kalandriýa” (Kalandro hakynda komediýa) komediýa bilen çykyş edip uly üstünlikden peýdalanypdyr. Sebäbi, spektakl aristokratiýany ýokary derejä göteripdir. Gumanist-ýazyjy N.Makiwelli ,,Mandragorasyny” Antik eýýamynyň täsiri bilen ýazmasada giçki Galkynyş (Renessans) döwrü-niňem täsirinden daşlaşyp bilmändir. Ol hem Italiýada hereket eden kome- diýa žanrynyň aýşy-eşrede ýykgyn edýän ugry bolan ,,gedonizma” ýüz urup-dyr. XVI asyrda ýokarda bellän "gedonizm”ugry Italiýan satirasynyň uly we-killeriniň biri P. Aretinoniň döredijiligine öz täsirini ýetiripdir. Onuň "Demirçi” (Kuznes-1533), "Köşkdäki durmuş” (1534) "Ikiýüzli” "1542), "Zehin” (1542), "Filosof” (1546) komediýalary hem gadymdan galan täsirlerden daş bolsa-da, durmuşy realizmi suratlandyrmakda satiranyň öň- den gelýän ülňilerinden, güýjünden peýdalanypdyr. Onuň öz komediýala-rynda ulanýan serişdelerini gündelik aýdylýan degişmelerden (anekdotlardan), nowellalardan, özüniň synçylygyndan alynandygyna garamazdan antik eýýamyndan arany açyp bilmändir. Bu zatlara garamazdan, Italiýan komediýalarynyň häsiýetlerini üýtgetmek Makiwellada, Aretinoda başartmandyr. Gaýtam, XVI asyr şahyrana Italiýan komediýalarynyň awtorlary A. Grassininiň (Il-Laska-"Plotwa” lakamly) Antik obrazlaryna garşy goýmalary, Dž.M.Çekkiniň dramaturg Bokkaçodan we beýleki nowelleçilerden täsirlenmegem kän bir gadymyýet bilen daşlaşylmaga uly bir ýol açman durmuşy-realizmi suratlandyrmakda Antik teatrynyň nusgalaryndan peýdalanypdyrlar. Şol wagtda nusgawy şahyrana poýeziýany goldaýjylar bolan Trissinonyň "Ekizler”, Dž. B. Dželliniň "Hazyna”, B. Warkiniň "Gaýyn ata” komediýala-rynda käbir öňe gidişlikler bolupdyr. Trissino, Çinsio, L.Kastelwetro, Ž.S.Skaliger tarapyndan döredilen te- atr dramasynyň kadalary /kanonlary/, Aristoteliň "Poýetikasyndaky” bir taraplaýyn düşündirmeleriň esaslaryny öz pýesalarynda ulanmaklary Günbatar Ýewropa we beýleki ýurtlaryň klassisizm teoretikleri tarapyndan gowy garşy alynypdyr, goldanylypdyr. Şeýle öňe gidişlik dramaturglar Makawelli- den we Aretinodan täsirlenen, ondan ugur alan, dramaturg, alym, otuzdan gowrak komediýanyň awtory Dž.B. Della Portanyň /1535-1615ýý./, meşhur "Şemdan” (1582) komediýasynyň awtory Dž.Brunanyň döredijiliginde duýlupdyr. Italiýada döräp ugran üçünji bir žanr bolan pastoral-dramalary ösüşe tarap ýol çekip ugrapdyr. Hakyky durmuş ýaşaýşyny bolşundan artdyrylyp görkezmeklik (ideallaşdyrmaklyk), gereginden artyk owadanlaşdyrmak XVI asyryň 2-nji ýarymynda pastoral žanrynda has-da ösdürilipdir. Pastorol žan-rynyň dünýä inen ýeri Ferrara şäheri hasaplanýar. Pastoral žanrynda mylaýym estetiki garaýyşlar berilmek bilen aristokratik aheňler, häsiýetler, gylyk- lar öňe sürlipdir. Dramaturglar Džiraldi Çinsonyň "Egle” (1545), A Bekkatinyň "Gurban bermek” (1554), Lollionyň "Aretuza” (1563) pýesalarynyň awtorlary özleriniň postoral žanrlarynda oba durmuşyny, oba poýeziýasyny şäher durmuşyna garşy goýmaga ýykgyn etselerem olarda Antik eýýamynyň dramalarynyň kadalary /kanonlary/ mese-mälim saklanyp galypdyr. Pastoral žanrynyň gözbaşy Ýewropa teatrlarynda Tarkato Tassonyň "Aminta” (1573) pýesasynyň sahna çykarylmagy bilen ýaýrap ugraýar. Tarkato Tasso adamzat söýgüsiniň hemme zady ýeňip bilýändigini öňe sürmek arkaly öz pastorallarynda sýužetleri aristokratlaşdyrmak arkaly ynsanperwerçilikli Renessans ideýalardan arasyny üzýär. Şol döwrüň dramaturglarynyň biri bolan B.Gwarini özüniň "Ynamdar çopan” (pýesa 1590-njy ýylda ýazylyp, 1596-njy ýylda sahnada goýulýar) pastoralynda şol wagtlar höküm sürýän iki sany kyn sýužetli poýeziýa bolan Manerizm (Manerizm-italýan dilinde-manerismo. Bu söz manera sözünden bolup, usul, äheň manyny aňlad-ýar. Sözlüge seret) akymynda dramaturg G.Bonarelli della Rowere we beý-lekileriň eserlerinden täsirlenme arkaly döredipdir. Muňa garamazdan XVII asyryň başlarynda pastoral-dramalary meledramadan daşlaşdyrylypdyr. Edebi dramalaryň aristokratiýalaşdyrylmagy sebäpli halkdan daşda bolup, demokratiýalaşdyrlan tomaşaçydan üzňelikde bolmagy bilen Italiýan teatryna halk komediýalary ýaly öz täsirini ýetirip bilmändir. Italiýanyň köp teatrlarynda XV asyryň aýaklarynda XVI asyryň başlarynda öwrenje aktýorlaryň ýarym professional aktýorlar bilen özara gatnaşygy netijesinde professional truppalar emele gelip ugraýar. XVI asyrda şeýle truppalaryň emele gelmegi bilen sahna çykaryljak komediýalar şol truppada çykyş edýän aktýorlaryň özleri ýazyp başlaýarlar. Şol aktýorlaryň içinde satiriki farslary döredýän aktýor N.Kampani (1478-1530) Sraşino (Gorkunç) lakamy bilen ýurtda bolup geçýän ýagdaýlaryň üstünden gülüp bilýän krestiýanlar /oba adamlary/ dogrusynda ýazmak bilen olaryň sahna çykarylmagynada özi režissýorlyk edipdir. Italiýan milli teatryna ep-esli goşant goşanlaryň biri dramaturg, aktýor A.Beolka hasaplanýar.Ol özüniň ,,Oba komediýalaryny” oba şiwesinde, oba gepleşiginde ýazyp, krestiýan (daýhan) durmuşyny, olaryň gylyk-häsiýetlerini doly suratlandyrmak bilen oba adamlarynyň garyplygyny, olaryň hor-homsy, gözgyny ýaşaýandygyny ýürek awaýjylykly ýagdaýda görkezip bilipdir. Dogrusy, onuň komediýalarynda şol bir yzygiderli gaýtalanýan gör-nüşler, häsiýetler (tip) berilmek arkaly ýaşaýyş durmuşynyň psihologiýasy inçelik bilen şöhlelendirilipdir. Umuman, A.Beolka öz komediýalarynyň üsti bilen "del arte”komediýalarynyň ösmegine ýol açypdyr. Onuň yzyny dowam etdiriji şägirtleriniň biri A.Kalmo hasaplanýar. A.Kalmo komediýa aktýory bolmak bilen, alty sany komediýanyňam awrorydyr. XVII asyrda Italiýan syýasatynda ruhy azatlygyň güýç bilen basylyp ýatyrylmagy arkaly ýurtda feodalizmiň täzeden aýaga galmak hereketi başlanýar. Şol döwürde edebi dramada kynçylykly ýagdaýda pese gaçyp,ýurtda ho-waýy filosofiýa (howaýy pikirlenme) ýoly emele gelip ugraýar. Ýurtda durmuşy beýan ediji satira žanry kowlup çykarylan soň, edebi komediýalar öz ösüş ömrini tamamlaýar. Italiýan dramaturgiýasy diňe XVIII asyrda ýurda kapitalizmiň aralaşyp başlamagy bilen, kapitalistik syýasatyň, ideologiýanyň aralaşmagy netijesinde ýurtda täzeden ösüş döwri başlanýar. Italiýada magaryfçylyk eýýamynyň başlanmagy bilen ýurtda ähli babatlar boýunça, syýasy-ideologik derňew (rewiziýa) başlanýar. Şol bir wagtyň özünde sungatyň adamzat durmuşynda, jemgyýetde hökmanydygy ýüze çykyp, täze teatr sungatyna tarap öňegi-dişikler başlanýar. Magaryflaşma eýýamynda emele gelen täzeçe meýiller öňden dowam edip gelýän köşk we aristokratik sungatyň garşysyna goýlyp başlanýar. Täze meýilleriň emele gelmegi bilen ilkinji urgy köşk operalaryn- dan, "del arte” komediýalaryndan we özbaşdak ähmiýetli hasaplanan dürli maşklary ýerine ýetiriji toparlardan başlanýar.Atlaryny belläp geçen toparlarymyzyň garşysyna P.Ýa.Martelliniň (1665-1727) "Perselid”, "Taýmingi” ýaly tragediýalar goýlup başlanýar. Umuman, P.Ýa.Martelli 16-tragediýanyň awtorydyr. Fransuz klassisizminiň düzgüninden ugur alnyp, "Gadymy we täze tragediýalar hakynda” (1715) traktatyň (ylmy eser) ýazylmagy bilen tragediýalardaky öňki häsiýetlere, gurluşlara, diline täzeden seredilip düýpli reforma geçirilip başlanýar. XVII asyryň başynda Paduan ýazyjysy A.Konti ilkinji bolup,syýasy komediýalary döredip başlaýar. Ol "Sezar”, "Ýaş Brut”, "Mark Brut”, "Druz” tragediýalaryny ýazýar. Bu tragediýalar tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşy-lanypdyr. Sahnadaky gan döküşikli wakalaryň komediýa bilen çalşyrylyp durmagyna, tragediýalaryň kä biriniň tragikomediýa bolmagyna garamazdan tomaşaçylar tarapyndan tragediýa hökmünde kabul edilipdir. XVIII asyr Italiýan tragediýalarynyň iň oňatlarynyň biri Ş.Maffeiniň "Meropa” (1713) tragediýasy hasaplanypdyr. Bu asyrda Italiýan dramatur-giýasynda täze žanr-sazly tragediýa (melodrama) peýda bolup başlaýar. Täze žanryň peýda bolmagyndaky ilkinji tejribe A.Dzeno (1668-1750) degişli hasaplanýar. Ol mifiki we taryhy sýužetleriň hasabyna lirika tragediýany tomaşaça hödürläpdir. Şeýle tragediýalarda gahrymanlaryň pikiri, duýgysy özüniň joşgunlylygy bilen beýleki tragediýalardan aýratyn tapawutlanypdyr. Täze dörän liriki tragediýada tiz wagtyň içinde reforma geçirmeklik ýüze çykýar. Şeýle reforma dramaturg P.A.D.Metastazio degişli bolup, onuň ilkinji liriki tragediýasy "Taşlanan Didonasy” (1724) sahna çykarylýar. Şeýle hem P.A.D.Metastazio gahrymançylykly-taryhy eserleri sahna çykarmakda here- ket edýän gahrymanlaryň mylaýymlygyny,näzikligini, ýuka ýürekliligini açyp görkezmekligiňem ilkinji tarapdary bolupdyr.Onuň gahrymançylykly "Katon Utiçeskiý” (1727) operasam şeýle reformalara degişli sahna eserleriň biri hasaplanýar. Italiýan tragediýalarynda reforma geçirmek synanyşyklary Kornelýa, esasanam Rasina degişli bolupdyr. Şol bir wagtyň özünde-de käbir komediýografçylar Molýeriň mekdebin- den ugur alyp, Italiýada komediýa žanrynda-da düýpli reforma geçirmekligiň ýollaryny gözläp ugraýarlar. Fransuz dramaturgy Molýeriň döredijiligi bilen ýaraglanan Italiýan komediografçylary Dž.Džili (1673-1767) Ýa.A.Nelli (1673-1767), Dž.B.Fadžuoli (1660-1742) Italiýanyň "toksan” komediýalaryny ýaýradyp başlaýarlar. Şeýle komediýalaryň iň ilkinji, iň oňatlarynyň biri Dž.Džiliň "Don Pilone, ýa-da jögi Hanža” (1711) komediýasy. Bu komediýa "Tartýufa” komediýasynyň erkin işlenen görnüşi bolupdyr. Dž.B.Fadžuoli bolsa, nikaply we toslama komediýalary sahnadan daşlaşdyrmak ugrundaky Karlo Goldoniniň reformasyny dowam etdiriji hökmünde çykyş edýär. Onuň "Köşeşmezek Çiçisbeý” (1708) komediýasy şeýle komediýalaryň biridir. Nea-pol şäherindäki dramaturglar N.Amenta (1659-1719), P.Trinker /doglan wagty takyk däl, 1755ý. aradan çykan), D.L.Brone (Markiz Liweri-1685-1757) öz döredijiliklerini italýan teatryny reforma etmeklige bagyşlapdyrlar. Italiýan teatrynda bu ugurdan köp dramaturglaryň eden synanşyklaryna garamazdan teatrda doly reforma geçirmeklik beýik Italiýan dramaturgy, Italiýan milli teatrynyň, Italiýan milli komediýalarynyň düýbüni tutujy Karlo Goldona başardypdyr. Döwrüň hakyky,öňdebaryjy Magaryflaşdyrma ideýalary bilen ýaraglanan Karlo Goldoni geldi-geçer salgyma kowalaşýan, manysy bolmadyk teatrlaşdyrylmalardan, sahnadaky geldi-geçerlikli ýalanlardan, ýoýulmalardan daşda bolup, hakyky ideýa-mazmunly teatry döretmek göreşine baş galdyrýar. Karlo Goldoni teatra gerekli, hakyky döredijilik serişdeleri- ni ulanmak arkaly gowudan-gowy komediýalaryň awtory bolmak bilen, uzak ýyllaryň netijesinde tomaşaçylaryň aňyna siňip giden "del arte” komediýala-rynada düýpli täzelikler girizipdir. Onuň pýesalary ýurdyň sosial-jemgyýetçilik ýagdaýynada özüniň uly täsirini ýetiripdir. Karlo Goldoni täze durmuşy ýa-şaýşy, ýurdyň taryhyny we geçmişini öz pýesalarynyň özeni bolmagynyň üstünde işläpdir. Onuň biziň günlerimize täsirini ýitirmän gelip ýeten ,,Iki aganyň hyzmatkäri”, "Hilegär dul zenany”, "Kofehanasy”, "Myhmanhananyň hojaýyny”, "Gybatkeş zenanlary”, "Keçeňekleri”, "Kodžiň tersleşigi” italýan teatrynda geçiren düýpli reformasynyň netijesidir. Karlo Goldoniniň iň güýçli garşydaşlary dramaturglar P. Kýari we Karlo Gossi bolupdyr. Olar konserwatiw syýasatyň wekilleri bolmak bilen buržuaz medeniýetini,Fransuz medeniýetiniň Italiýa medeniýetine aralaşmagyny ýig-renipdirler, islemändirler.Karlo Gossi we onuň tarapdarlary Karlo Goldoniniň döredijiligine garşy bolmak bilen sahnada hakykata bap gelmeýän zatlaram hakykat hökmünde görkezmekligem talap edip, sahnada hyýalylygy (fantaziýany), şerpleýinligi, şahyranalygy ösdürmekligi öňe sürüpdirler. Karlo Gossi öz öňe sürmelerini tassyklamak, has berkitmek maksady bilen ol halk döredi-jiligine /folklara/we ,,del arte” komediýalaryna ýüzlenmekligi öňe sürmekligi ündäp, ,,del arte” komediýalaryny Italiýan medeniýetiniň ýeten iň ýokary de-rejesi hasaplapdyr. Karlo Gossi Karlo Goldoniniň durmuşy komediýalarynyň garşysyna özüniň teatrda ertekiler žanryna degişli "fýabylary” "Turandot şa gyzyny”, "Şa-Sugunyny”, "Gök guşjagazyny” goýupdyr. Bu ugurdan Karlo Gossiniň wagtlaýyn alyp baran şöhratly öňe gitmeleri, özüniň ähli eden ta-gallalary bilenem, Karlo Goldoniniň teatr babatdaky reformasyndan üstün çykybam bilmändir, ony tomaşaçylaryň aňyndan aýrybam bilmändir.Gaýtam ol wagtyň geçmegi bilen kyssa žanrynda ýazylýan tragikomediýa geçip, "Ýapynjaly we gylyçly” Italiýan komediýa žanryndan täsirlenme alyp ugrapdyr. Italiýan tragediýa žanry ýurtdaky bolup geçýän dartgynlylygyň, gahry-mançylykly buržuaz joşgunlylygyň ýoklugy sebäpli pese gaçýar. Diňe, XVIII asyryň 70-80-ýyllarynda beýik Italiýan tragik şahyry W.Alferiň tragediýa žanrynda düýpli reforma geçirmegi netijesinde bu žanr ýene-de aýaga galyp ugraýar. W.Alferi buržuaz-demokratik ideýalardan daşda bolup, özüniň hususy /subýektiw/ garaýyşlary bilen öňden dowam edip gelýän hakyky (obýektiw) garaýyşlary döretmek, olary aradan aýyrmak üçin hökmürowanlyk göreşleri orta atmak arkaly, milli birligi gazanmakda Magaryflaşdyrma, klassisizm garaýyşlardan ugur almaklygy öňe sürýär. Şol bir wagtyň özünde W.Alferi halkyň öz azatlygyny aristokratiýanyň elinden almalydygyny tassyk- lap, şahsy azatlygyň diňe, akyl we duýgy birligine uýmalydygyny ündäpdir. Ol özüniň "Döwlet we edebiýat hakynda” (1778-1786) atly traktatynda dramaturgiýa poýeziýasynyň esasy wezipesiniň adamlaryň aňynda azatlyga bolan söýgüni, duýgyny oýadyp bilmegindenybaratdygy meseläni orta atýar. W.Alferiň "Saul”, "Filipp”, "Wirginiýa”, "Brut-I”, "Brut-II” tragediýalarynda ýokarda bellänlerimize ýykgyn edip, Italiýan teatrynyň ösmegine öz goşan-dyny goşupdyr. Fransuz rewolýusiýasynyň amala aşyrylyp, köneden gelýän düzgüniň heläkçilige uçramagy Italiýada-da täze taryhy eýýamyň başlanmagynyň gar-lawaçlarynyň gelendiginiň buşlykçylary bolup hyzmat edipdir. Napoleonyň az wagtlyk hökmirowanlygam, ýurtda bolup geçýän legitmistik /Legitmistik- Fransiýada 1830-njy ýyllarda dörän kanunçylyk. Sözlüge seret./ kanunçylyk işleriniňem,Italiýada möwüç alan milli-Risordžimento (Risordžiment-Italiýan dilinde-Galkynyş. Dürli döwletler tarapyndan böleklere bölünen Italiýanyň birleşmek ugrundaky hereketi. Bu hereket XVIII asyryň aýaklarynda, 1861-1870-nji ýyllards öz içine alýar. Sözlüge seret.) göreşiň garşysyna durup bilmändir. Italiýada azat ediş hereketiniň emele gelmeginiň başlanmagy bilen milli dra-maturgiýada arzuwçyllyk /romantizm/ eýýamynyň taryhy başlanýar. Ýurtda bolup geçen özgerişleriň netijesinde W.Alferiň yzyny dowam etdiriji ýazyjy- lar toplumy onuň öz traktatynda öňe süren işini dowam etdiripdirler. Onuň yzyny dowam etdirijiler syýasy tragediýalar bilen çykyş edipdirler. Dramaturg Dž.Pindemonte "Ipato Orso”, beýleki bir dramaturg I.Pindemonte "Arminiý” syýasy tragediýany sahna çykarypdyr. Dramaturg W.Monti klassisizm ugruna ýykgyn edýän "Kaý Grakh” (1800) atly syýasy pýesasyny, drama- turg U.Foskolo hökmirowançylygy açyp görkezýän "Tiýest”, rehimsizligi, adalarsyzlygy açyp görkezýän 'Aýaks” ýaly ajaýyp pýesalaryny ýazypdyrlar. Şol ýyllarda Italiýan tragediýalarynda nähilidir bir milli öňe gitmeler amala aşyrylyp ugraýar. Şol öňe gitmeler arzuwçyllyk (romantizm) ugurlara ýykgyn edipdirler. Italiýan tomaşaçysynyň özünde-de, sahna sungatyna bo- lan talaplar güýçlenip, yzygiderli, ýürege düşgünç deklomasilardan daşlaşy- lyp, beli bir duýgyny, belli bir ideýany öňe sürýän islegler artypdyr. Şu Isleg-lerden ugur alan Italiýan ýazyjylarydyr, dramaturglary edebiýatda we dra- maturgiýada ýurdyň agyr pursatlary başdan geçirýändigine garamazdan arzuwçyllyk (romantizm) eýýamynda öňe sürülýän azat bolmak ideýalaryny, milli birligi öz eserlerinde uly höwes bilen görkezip ugapdyrlar. Edebiýatda we dramaturgiýada bolup geçýän wakalar Awstriýa, Demirgazyk Italiýa häkimýetlerini gorka salypdyr. Şol gorkam ýurtda gadaganlygyň (senzuranyň) peýda bolmagyna getirýär. Döwrüň iň uly žurnallarynyň biri "Konçilýatore” (1818-1819) öz sahypalarynda edebiýatda we milli dramaturgiýada, umuman teatrda sahna çykarylmaly eserleriň nähili ýagdaýda bolmalydygy dogrusynda yzygiderli düzgünnamalary çap edipdir. Italiýan medeniýetinde, sungatynda edilýän gadaganlyklara garamazdan dramaturg S.Pellikonyň täze döwre ýugrulan "Françeska da Ramini” (1815) tragediýasy sahnada peýda bolýar. Bu sahna eseri watançylyk ruhuna ýugrulan Italiýan tomaşaçylary tarapyndan gyzgyn garşylanypdyr.Drama-turg A.Mandzonyň Italiýanyň dargynyklygynyň sebäplerini tomaşaça ýetirip bilen ,,Graf Karmanola” (1819), daşary ýurtlaryň Italiýany doly basyp alyp, gulçylyga öwürjek bolan pursatlaryny doly suratlandyryp bilen ,,Adelgiz” (1822), komediýalarynda ýurtda watançylyk ruhuny götermekdäki uly sy- ýasata degişli bolmagynda galýar. A.Mandzonyň şu iki komediýasynyň teatr sahnasynda peýda bolmagy bilen Italiýada arzuwçyllyk (romantizm) eýýamynyň dramaturgiýasynyň doly ornaşandygy tassyklanylýar. Italiýada taryhy realizmiň ýurda ornaşyp başlamagy bilen arzuwçyllyk (romantizm) eýýamynyň ugurlarynyň täzeden işlenmeginiň netijesinde rea-listik dramalaryň dürli görnüşleriniň şertleri peýda bolup başlaýar.Muňa ga-ramazdan, drama eserleriniň irki ösüş ýagdaýy, esasanam tragediýalarda dramaturglar S.Pellikonyň, Dž.Nikkoliniň pýesalarynda saklanypdyr. Şeýle hem dramaturg B.Alferiň irki arzuwçyllyk (romantizm) eýýamyna degişli tä-sirlilik täze döreýän drama eserlerine geçip ugraýar. Psihologik ýagdaýlaryň üsti bilen taryhy ýagdaýlary, adamkärçilik duýgylary hakyky görnüşinde aç-maklyk dramaturg P.Kossanyň "Messalina”, "Neron”, ,,Boržia” pýesalarynda has aýdyňlyk bilen ýüze çykypdyr. Ýurtda arzuwçyllyk /romantizm/ eýýamynyň täzeden ösüş ugurlary dramaturg P.Džakomettiniň "Mariýa Antua-netta”, "Ýelizaweta Angliýsaýa“, "Mikelandželo”, "Kolumb”, "Raýat ölümi” tragediýalary arzuwçyllyk eýýamynyň ýoluny doly kesgitläpdir. Şu nukdaýna-zardan ugur alanyňda Risordžimento (Galkynyş) eýýamynyň öňbaşçylary, döwrüň hakyky ideologlary, dramaturglary S.Pellikoniň, A.Mandzonyň, Dž.B. Nikkoliniň eden ägirt aladalarynyň ýerine düşüp, Italiýanyň milli azatlygynyň, Italiýanyň millet hökmünde doly birleşmeginiň ýerine düşendigine göz ýetirýärsiň. Italiýada komediýa žanry babatda Karlo Goldonidan soň, özünde güýçli zehini jemläp bilen hakyky nusgawy dramamaturg peýda bolmandyr. Dramaturglar Dž.Žironyň, A.Notanyň ýazan komediýalary Italiýan komediýa žanry üçin hiç-hili täzelik getirmändir. Dramaturg P.Ferrariniň ,,Goldoni we onuň 16-komediýasy”, ,,Satira we Parini” komediýalary nähilidir Goldoniniň kome-diýalaryna tarap azda-kände ymtylyş döredipdir. XIX asyryň 60-njy ýyllarynda dagynyk Italiýanyň birleşmegi bilen graždan- lyk borçlar gowşap, dramaturgiýa aşak düşýär.Onuň deregine belli bir galypdaky meňzeş Fransuz-buržuaz komediýalary peýda bolýar. Döwrüň drama-turglary bolan E.Ožýe, A.Dýuma, W.Sardu, G.Ibsen, G.Zuderman şol galyp- dan uzak wagtlap çykyp bilmändirler. XIX asyryň ikinji ýarymynda Dž.Werga, L.Kapuana dramaturglar ,,We-rizm” ("Werizm”- italýan dilinde "werismo”. Wera sözünden emele gelen bu söz hakyky, dogry manysyny aňladýar. Sözlüge serediň) akyma gulluk etmek bilen oba ýerleriniň gündelik ýaşaýşyny,durmuş aýratynlyklaryny beýan edipdirler. Şol döwürde ,,werizm” akymyna gulluk eden dramaturglar Remontesli Beresio "Mansu Traweniň betbagtçylygy”, Milanly Bertolassiniň "Biziň Milanymyz”, Wenesianly Dž.Gallinanyň ,,Keramatlynyň maşgalasy”, Dž.Werganyň "Oba wyždany”, "Ene möjek” pýesalary arkaly öz obadaşlarynyň çekrän agyr günlerini şöhlelendirmek bilen milli edebiýata öz uly goşantlaryny goşup bilipdirler. Şol bir wagtyň özünde-de ýerli ilatyň olaryň dramaturgiýasyna bolan çäkliligi, ,,naturalizmiň” täsiriniň köp ýerlere ýaýrandygy bilen kesgitlenipdir. "Werizmiň” esasy teoretikleriniň biri ýazyjy L.Kapuana bolupdyr. XIX asyryryň aýaklaryndaky dramaturglaryň arasynda Italiýan teatry- nyň repertuaryny daşary ýurt pýesalaryndan arassalamakçy bolup çykyş edýänleriň biri Dž.Džakoza bolupdyr. Onuň şygyrýet bilen ýazan ,,Ajaýyp söýgi”, ,,Küşt oýny” komediýalary Italiýan sahnasynyň repertuaryny arassa-lamakda goşan goşandy hasaplanýar. Şol döwürde uly abraýdan peýdalanýan başga bir dramaturg bolan Dž.Rowettaň "iki düşünjeli”, ,,arzuwçyllyk” (romantizm) pýesalaram tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanypdyr. "Werizmiň” esaslarynda suwjuk-ahlakly pýesalaram peýda bolup başlapdyr. Şeýle pýesalaryň hataryna dramaturg M.Praganyň ,,Artykmaç aýal” pesasy girýär.Dramaturg P.Bakkonyň "Kiçijik keramatly” /1909ý./pýesasynda baş keşbi döreden aktýor Dž.Trawersi öz ýerine ýetirmeli keşbini psihologik ajylyk we zabunlyk bilen ýerine ýetiripdir. Bu pýesa ýokarda bellän suwjuk-ah-lakly pýesalaryň garşysyna goýlan eser hökmünde çykyş edipdir. XIX asyryň aýaklarynda XX asyryň başlarynda Italiýada Günbatar Ýewro-panyň "dekadentlik”/XIX aýaklarynda XX asyryň başlarynda buržuaz edebi-ýatynda we sungatynda ýaýrap ugran sussypeslik akym. Sözlüge seret/ akym ýaýrap ugraýar. Bu ugry goldamaklygyň baştutanlarynyň biri drama- turg G.D.Annunsio ,,Öli şäher”, ,,Gloriýa”, ,,Džokonda”, ,,Ýorionyň gyzy”, ,,Françeska da Rimini” pýesalarynda doly öňe sürüpdir. G.D.Annunsionyň pýesalarynyň estetiki gurluşy ,,irrasionalizm” (idealistik filosofiýada hakykaty "irrasional” hasaplaýan, ylmy-logika akyl ýetirmekligi inkär edýän reaksion akym-ugur. Sözlüge seret.) bolmak bilen millilikde şah-syýetiň güýji şol döwürde uly şöhratdan peýdalanypdyr. A.D.Annunsionyň yzyny dowam etdiriji dramaturg S.Benelli "Üç şanyň söýgülisi”, "Degişme agşamlygy” pýesalarynda öz halypasynyň ýoluny gaýtalapdyr. XX asyryň başlarynda Italiýan dramaturglarynda Filosofiki ,,idealizme” (idealizm-bolşundan artyk) , ,,mistisizme” (mistisizm-syrly, jadyly zatlara we tilsimlere köre-körlük bilen ynanmak) täsirleri ösüp ugraýar. Hakykat bilen, göz baglamaklygyň, aňyrsyna ýetmezligiň, bolup geçýän tragediýalaryň se-bäbine düşünmezligiň, dünýäde öz şahsylygyňy duýmazlygyň, psihologik pikirlenmekligiň kynlaşmagynyň pýesalarda ýüze çykmalaryň köpelmegi dra-maturglaryň döredýän pýesalarynda ýetjek derejesine ýetipdir. Italiýada hakykatdaky garşylyklaryň çenden aşa ýalandygy birinji jahan (1914-1918) urşunda dünýäni duýmak tragizminiň hudožnikleriň, dramaturglaryň eserlerinde ösendiginem bellemelidiris. Şol döwürde "groteska” (fransuz dilinde grotekgiýe-täsin we gülkili. Sözlüge seret.) teatry emele gelýär. Şeýle teatr- da pýesanyň hakyky gahrymanlarynyň isle ol tragediýa, islede komiki bolsun, adamzat durmuşyndaky bolup geçýän täsinlikleri göçme manylaryň üsti bi len tomaşaça berip bilmeklik. Şeýle ,,groteska” teatrynyň başyny başlan dramaturg L.Kýarelli hasaplanýar. Onuň "Ýüz we nikap” (1916) pýesasynyň gahrymanynyň duýgusy bilen edýän işindäki, durmuşyndaky bolup geçýän gapma-garşylykly wakalaryň üsti bilen suratlandyrylyp görkezilipdir. "Groteska” žanrynda pýesa ýazan başga bir dramaturg L.Antonelliniň "Öz-özi bilen duşuşan dam” (1918) pýesasynyň gahrymany durmuşa hyýaly ýagdaýda seretmek bilen ýaşaýyşy täzeden başlamaklygy göz öňünde tutýar. Dramaturg E.Kawakkoli bolsa, öz pýesalarynda esasy personažlary daşy egin- başly süňkler /skletler/ bilen oýnatdyrmakdan ybarat bolup, olaryň gapma-garşylyklary şertleýin-simwoliki esasynda bolup geçýär. "Groteska” žanryna dramaturg Rossa di San-Sekondonyň döredijiligem golaýlaşýar. Onuň "Joşgunly oýnatgy” (1918) pýesasynyň gahrymany oý- natga çalym etmek bilen, öz hyjuwly hereketini ýönekeýje sapagyň üstün- de ýerine ýetirýäne meňzäpdir. Netijede bolsa, oýnatgy çykgynsyz ýagdaýa sataşypdyr. Wagtyň geçmegi bilen Rossa di San-Sekonyň şeýle täsiri drama- turg L.Pirandellonyň döredijiligine geçipdir. "Groteska” dramaturgiýasy Italiýan intelligensiýasynyň garaýyşlaryna gabat gelmän tomaşaçyny sussypeslige tarap çagyrypdyr. Sebäbi, adamyň tebigatyna gabat gelmeýän sosial hakykatdan tomaşaçy daşda bolupdyr. Birinji jahan urşundan soňra, dramaturg L.Pirandello Italiýada iň täsirli bolmak bilen ol, şol täsirini Ýewropa, Amerika ýurtlarynyň teatr sungatyna- da ýetiripdir.Ilki başda onuň pýesalary "weristik” ("werizm”-Italiýan dilinde-wero ynandyryjy manyny berýär. Sözlüge seret.) häsiýetli bolsada, soňra başga ugurlary öz içine alýar. L.Pirandello özüniň "Ýumorim” (1908) teoretiki işinde weristik göçürmäni /kopirowaniýe/ hakykatyň umumylaşdyrylyp şöhlelendirilmeginiň garşysyna goýupdyr. Durmuşyň ýalaňaçlanan ýaşaýşy- ny tragik buffonlarda geň galyjylyk /paradoks/ bilen görkezmekligiň özüniň ,,durmuş” bilen ,,meniň pikrimçe”diýilmeginiň biri-birine düýbünden çapraz gelýändigini belläpdir. L.Pirandello "groteska” teatryna baha bermek bilen tomaşaça mahsus bolan ýiti sosial ýagdaýlaryň dürli taraplaýyn yzarlap özüçe netije çykarypdyr. L.Pirandello 1920-nji ýyllarda "Awtoryň gözlegindäki alty personaž” pýesasy oňa uly meşhurlyk getirýär. Pýesadaky häsiýetleri boýunça kyn, rehimsiz gahrymanlaryň dünýä akyl ýetirişleriniň biri-birine çapraz gelip hakykatyň garşysyna tragediýa döredýänligini dolylyk bilen açmagy başarypdyr. Pýesanyň gahrymanlary hakykatyň garşysyna güýçsiz gelip, dün-ýädäki bolup geçýän wakalardan gaçyp, özlerine buky gözleýärler. Olar özlerine ol ýerde-de gaçyp atalga tapman rehimsiz hakykatyň pidalary bolýarlar. Ine, dramaturg L.Pirandellonyň pýesalary şundan ybarat. Onuň pesalaryndaky obýektiw we subýektiw hakykatyň filosofiki taýdan yzarlanyşy "Genrih IV”, "Ýalaňaçlar geýinýärler”, "Men saňa ýaşaýşy peşgeş berýärin” pýesalarynda-da dolulygy bilen ýüze çykypdyr. Dramaturg L.Pirandellonyň döredijiligi dürli gapma-garşylykdan halas bolmandyr. Onuň döredijiligine baha beren alym A.Gramşi: ,,L.Pirandellonyň eserleri öz döwri üçin uly partlama bolup hyzmat etdi”-diýip, belläpdir. L.Pirandellonyň döredijiligi dramaturglar U.Bettiniň M.Bontempelliniň (1878-1960) döredijiliklerine öz uly täsirini ýetiripdir. Olaryň pýesalaryn-daky suratlandyryş ,,werizm” /ynandyryjy/ nukdaý nazaryndan alanyňda özünde birnäçe täzeligi jemläpdir. "Öý keýwanysy”, "Suwda ýerleşýän jaý”, "Deňiz duralgasyndaky myhmanhana”, "Demirgazyk gämi duralgasyndaky gorp” pýesalarynyň esasy gahrymanlary fermerler, işçiler, ýükçiler (dokerler) bolupdyrlar. Dramaturg U.Betti uzak wagt geçmänkä öz döredijiligini adamynyň-tomaşaçynyň aňly-başly (intellektual) akyl ýetiriş teatryna ugrukdyrýar. Onuň pýesalarynda diri adamyň ýerine sowuk nikaplar çykyş edip başlaýarlar. Syrly görnüşler, gönüläp aýtmasyzlyklar,takyk däldigi, hakykatyň ýeterlik däl-digi ýaly ýagdaýlar agalyk edipdir. Bu ýagdaý onuň ömrüniň ahyryna çenli gidipdir. Italiýan ýazyjylarynyň aksakgaly, teatr öwrenijisi, teoretigi M.Bontempelli "Waleriý”, "Zoluşka”pýesalaryny sahna çykarypdyr. Italýan dramaturg-larynyň arasynda iň öndümli işlänleriň biri G.Gerardi (1891-1949) hasaplanýar. Onuň "Markiza Luçeranyň çagalary”, "Arassa altyn” we beýleki pýe-salary uzak wagtlap öz täsirini ýitirmän gelýär. Faşistik diktaturanyň öz labyryny Italiýany ň üstine atan ýyllary teatr sungatynda uly kynçylyklar döräpdir. Ýurtdaky dowam edip gelýän edebiýat-daky we sungatdaky öňe gitmeler diktaturanyň göz astynda bolmak bilen ösüşini doly togtadypdyr. Durmuş hakykatyny bolşy ýaly suratlandyrmak ga-dagan edilipdir. Dogruçyllyga baş galdyran edebiýat we sungat wekilleriniň ele düşenleri faşistik jezany çekmeli bolupdyrlar. Özüni "beýik imperiýanyň” hökmirowany hasaplan Musallin sungaty halkdan daşlaşdyryp-ony ýok hasa-byna öwrüpdir. Adamlaryň göwnüni açmak, şatlandyrmak üçin sahna çykarylýan komediýalar real-hakyky durmuşdan üzňelikde bolupdyr. Demokratik realistik temalara degişli adatlary özlerinde saklap bilen şiwe (dialektik) teatr sungaty ýurdyň käbir çetlerinde saklanyp galypdyr. Halkyň gahrymançylyk azat ediş hereketi üstün çykandan soň ýurtda giň halk köpçüliginiň edebiýata we sungata bolan islegi täzede öz tohumyny sepip ugraýar. Uzak bolmadyk geçmişine göz aýlan käbir dramaturglar Dž.Kallegari, A.Nikolai, L.Triýeste öz pýesalarynda "neorealizmi” (Hiç zatdan habarsyz, hiç zady bilemok) tassyklamakçy bolup eden hereketleri başa barmaýar. Şol döwrüň dramaturglary K.Terron, A.de Benedetti,R Bakelli, K.Alwaro, K.Lodowiçi, A.Nikolai, D.Budzati, B.Brarkkati, F.Dzarti, S.Džowaninetti, L.Skuarsina, D.Fabri ýaly uly wekilleri ösüp ýetişýär. Italiýanyň belli kyssaçysy A.Morawia (Beatriçe Çençi) lakamy bilen şol dramaturglaryň hataryna goşulýar. D.Buzdatiniň ,,Tötänleýin bejeriş”, dramaturg S.Džowaninettiniň köp pýesalarynda çuňňur psihologiýa, gaýgy-gam, ejir çekmeler orta oklansa, dramaturg D.Fabriniň pýesalarynda dini ahlak we onuň meseleleri yzarlanýar. D.Fabriniň "Inkiwizisiýa” (katolik buthanada jeza bermek üçin döredilen topar-1950), "Özüne çekiji” /1951ý./, "Maşgala ösüşi” (1953) pýesalarynda kotolik buthanasynyň öňe sürýän ideýalaryny tassyklaýar. Şol bir wagtyň özünde dramaturg L.Skuarsinanyň pýesalarynda ýiti sosial meseleler gozgalýar. Onuň "Bütindünýä sergisi” (1949), "Romanili gyz” (1958) pýesalarynda faşizme bolan gahar-gazap, onuň döremezligine bolan çagyryş öňe sürülýär. "Aýyň dörtden bir bölegi” (1953) pýýesasynda faşizmiň çüýrediji, zyýan ediji, harap ediji ideologiýasyny ýaşlara bermek täsirini açyp görkezýär. Italiýanyň şiwe (dialektal) dramaturgiýasyny ösdürmek, ony halkyň gadymyýetden gaýdýan milli däp-dessurlaryny şu günüň ýaşlaryna bilerlikli etmek ugrunda dramaturg E.De.Flippo köp işleri bitiripdir. Onuň şiwe (dialektal) dramaturgiýany öňe sürmeleriniň düýp sebäbi Italýan ýaşlarynyň öz köklerini ýitirmezligi ugrundaky akla hyzmat etmekden ybarat bolupdyr. Annameret DURDYMÄMMEDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |