11:44 Italýan teatry | |
ITALÝAN TEATRY
Teatr we kino sungaty
Italýan teatry öz gözbaşyny ýer eýeçilikli döwrüň adatlaryndan we halk oýunlaryndan alyp gaýydýar. Ýaz paslyny garşylamak adatlary drama hereketleriniň başlangyçlaryny (elementlerini) özünde jemleýän köpçülikleýin oba oýunlarynyň emele gelmegi italýan teatrnyň gözbaşy hasaplanýar. Şol oba oýunlary komiki gülkilerden, edebi jedellerden (disputy), maskarad (hilegärlik) eşigini geýenleriň köçe märekesini ugrukdyrmagyndan, dürli degişmelerden, aýdymlardan, tanslardan ybarat bolupdyr. Katolik buthanasy tarapyndan jeza çäreleriniň görlüp, yzarlanmaklaryna garamazdan halk adatlaryny özünde birleşdirýän karnawal oýunlary esasan maý aýynda köp bellenilipdir. Şeýle karnawallar ýurdyň ähli ýerlerine ýaýrap, Orta asyrlara çenli täsirini ýitirmändir. XII-XVI asyrlarda wenesian karnawallary has ýörgünli bolup, olar umumy şäher baýramçylygyna öwrülipdir. Baýramçylyklarda akrobat (maşklary) oýunlary, gülküli toslamalar, aýdymlar, tanslar ýerine ýetirilipdir. Tomaşaçy üçin iň täsirlisi şäher meýdançalarynda mimleriñ (ýüz-gözlerini, endamyny herekete getirmek arkaly) çykyşy bolupdyr. XII asyrda meýdançalarda aýdylýan öwgä ýugrylan dini aýdymlar hasda özboluşly bolup,onda halk satirasyndan, oba gepleşiginden dörän goşgular, aýdymlar ýerine ýetirilipdir. Şeýle çykyşlar Laudy (Laudy-dini öwgüli aýdymlar) atlandyrylypdyr. Laudy aýdymlary we sazlary öz gözbaşyny halk çeşmelerinden alyp, aýdymyň dili, häsiýeti, zarplylygy boýunça beýleki tomaşalardan tapawutlanypdyr. XV asyrdan bu çykyşlar liturgiýa (buthana) dramasyna öwrülip, Italiýada buthana teatryny emele getirýär. Buthana teatry latyn dilinde alnyp barlypdyr. Dini teatrdaky çykyşlar ýokary gatlak edebiýatynyň, komiki halky žanrlaryň emele gelmegine itergi beripdir. Dini sýužetler bilen bir hatarda mifiki sýužetler, ynsanperwerçilikli duýgular, täze poýeziýa bolan meýiller peýda bolup başlaýar. Misterial (dini mazmunly) pektakllaryny döretmäge döwrüň gumanist-şahyrlary F.Belkari, L.Pulçi, L.Mediçi hudožnik Lenardo da Winçi işeňňirlik bilen gatnaşypdyrlar. Galkynyş eýýamynda (XIV-XVI asyrlar) Italiýanyň feodal-buthana gurluşynda çuňňyr pese gaçmalaryň bolup buržuaz-demokratik, ynsanperwerçilikli adatlaryň peýda bolmagy netijesinde täze teatrlaryň, täzeçe medeniýetiň ösüş döwri başlanýar. Italýan teatrlarynda täze başlanan döwür gönüden-göni halkylaşdyrylman öňden gelýän "del arte” toslama komediýalarynyň üsti bilen halka-tomaşaça ýetirilip başlanýar. Şol döwürde tomaşaça ýetirilýän "Ylmy” komediýalarda, tragediýalarda çykyş dýänler öwreniji talyplar, öý hyzmatkärleri bolupdyrlar. Şeýle öwreniji artistler tarapyndan ýerine ýetirilýän spektaklla- ryň ilkinji guramaçysy Rimli gumanist Pompanio Leto /XV-asyr/ öz okuwçylary bilen Plawtyň we Terensiýniň eserlerini latyn dilinde tomaşaça ýetiripdirler. XV asyryň aýaklarynda XVI asyryň başlarynda döwrüň ajaýyp edebiýatçylary, dramaturglary bolan L.Ariosta, P.Aretino, Džordano Bruno, N.Makiawelli eserler döredipdirler. Ýöne, olaryň döreden demokratik eserlerine döwrüň tomaşaçysy doly düşünip bilmändir. Olar üçin karnawal buffonlary golaý bolupdyr. Bagbanlardan, ekerançylardan, senetçilerden döredilen öwreniji artistler toparlary şäher üýşmeleňlerinde, ýurtdaky belli adamlaryň gapylarynda çykyş edýärler. XV-XVI asyrlarda olaryň çykyşlary Italiýanyň Wenesiýa, Bo-lanýe, Mantus, Ferrare şäherleriniň tomaşaçylaryny özüne çekmän eýsem, daşary ýurtlarada ýaýramak bilen tomaşaçylary özüne çekipdir. Şol döwürde Italiýan teatrynda "Siýena” dostlugy ("Siýena”-mekdebi) emele gelýär. "Siýena” dostlugy hasap edilýän "Siýene”-mekdebi Italiýada XIII asyryň aýaklarynda XIV asyryň başlarynda Duçço di Buoninseniýa we S.Martin ta-rapyndan döredilipdir. Mekdebiň esasy häsiýetli wezipesi hakyky gözlegleriň üsti bilen sungatda inçeligi, nepisligi, göni sazlaşygy we reňki, inçe lirizmi, baý sahna bezegini ýüze çykarmakdan ybarat bolupdyr. Bu işe doganlar A. we P.Lorensettilerem goşulypdyrlar. "Gulak gapdyjy Akademiýadan” we "Gödek kongregasiýadan” ("Kongregasiýa”- Latyn dilinde birleşme. Bu ýerde sungat birleşmesi dogrusynda aýdylýar. Sözlüge seret.) ybarat bolup, bu ugryň gülläp ösüşi XVI asyryň başky iki on ýyllygynda pese gaçýar. Şeýle birleşmäniň ("kongregasiýanyň”) esasy agzalary, awtorlary, satiriki farslary ýerine ýetirijileri bolupdyrlar. Şolardan iň zehinlilerinden biri N.Kamnani hasaplanypdyr. Ol,,baştutan” hökmünde belli bolmak bilen režissýoryň wezipesinem ýerine ýetiripdir. Ýokarda bellän ýarym professional teatr dramaturg we aktýor A.Beolkonyň (XVI asyr) ady bilenem aýrylmaz arabaglanyşykly bolupdyr. A.Beolko öňden gelýän halk farslarynyň adatlaryny ulanmak arkaly özüniň "oba komediýalarynda” oba durmuşyndan dolulygyna susup alyp, oba daýhanlarynyň, oba garyplarynyň gylyk-häsiýetlerini hakyky suratlandyryp görkezipdir. Ol Italiýada özüniň "oba komediýalaryny” tomaşaça ýetirmek üçin, ýörite truppa döredýär we oňa baştutanlyk edýär. Bu truppa Italiýanyň ähli obalarydyr şäherlerine (gastrol) aýlanyp ýurduň medeniýetiniň ösmegine belli bir derejede goşant goşupdyr. A.Beolkonyň özi bolsa şol spektakllarda açyk göwünli, ak ýürekli, düşbi, ugur tapyjy oba daýhanynyň keşbini Rudzante ady (lakamy) bilen döredipdir. Onuň bilen sahnada keşp döreden personažlaryň hersi özbaşdak, bir meňzeş keşpi yzygiderli döredipdirler. A.Beolko "ylmy komediýalar” bilen fars tomaşalaryny birleşdirmek ugrunda hem belli bir işlerem edipdir. Edebi dramalar tarapyndan gysylyp çykarylan "del arte”komediýalaryny täzeden dikeltmek üçinem belli bir derejede işleri alyp barypdyr. Italiýada jemgyýeçilik ideýalaryň ösüp kem-kemden ynsanperwerçilikli demokratiýany goldaýan pikirleriň döräp başlamagy, ýurtda täze özgertmeleriň peýda bolmagy XVI asyryň 2-nji ýarymynda feodal-kotolik düzgünini howpa salýar. Bu ýagdaýy basyp ýatyrmaga baş galdyran din wekilleriniň garşysyna durmakdan ejiz gelen teatr sungaty "del arte” komediýalaryna täzeden ýüzlenmeli bolýar. Italiýada Galkynyş eýýamynda "del arte” komediýalaryna täzeden ýüzlenmeklik, onda-da "del arte” komediýalarynyň kar-nowal farslary bilen has golaý gatnaşykda bolmagy köçe tomaşaçylary üçin uly höwes döredipdir. Şeýle gatnaşyga edebi sýužetlerem, "ylmy komediýalaram” goşulyp, ynsanperwerçilikli sungatyň täsirini artdyryp ugrapdyr. Demokratik häsiýetlere eýe bolan "del arte” komediýalary aýdyň satiriki ýagdaýy özüne ugur edinmek bilen toslama-buffon çykyşlaryny gurapdyrlar. Bu žanryň ugry ony döredijiler bilen doly kesgitlenensoň, "ylmy komediýadakylar” ýaly ýarym professionallar çykyş etmän, aktýor-professionallar tarapyndan ýerine ýetirilipdir. Toslama çykyşlar "del arte” komediýalaryň täze görnüşe eýe bolmagyna, aktýor ussatlygynyň artmagyna, olaryň köp taraply we täze görnüşli professional sahna sungatynyň ýokary derejä göterilmegine alyp barýar. Teatrlarda "del arte” komediýalaryny guramaklyk ssenarileriň esasynda bolmak bilen gapma-garşylyklar, köne güýçler bilen täzäniň arasyndaky çaknyşyklar açylyp görkezilipdir. Sungatyň bu görnüşi toslama-aktýorlaryň "del arte” komediýalaryň üsti bilen reýalistik ugry ussatlyk bilen şöhlelendirip bilmekleri, tomaşa buffon-fars reňklerinem çaýypdyr. "Del arte” komediýalarynyň esasy ruhy hyzmatkärleriň geýýän "dzanni” atly nikaplarynyň, satiranyň dogruçyllyk (obýektiw) bilen berilmeginiň söwdegär-Pantalonyň, ýalançy alymyň Doktoryň, harby işgär Kapitanyň, özünde liriki žanry jemläp bilýän oýnaşlaryň (söýgülileriň) keşpleri tomaşaçyny özüne çekip bilipdir. Komediýada oýnaşlardan başgasy halkyň şiwe gepleşiginde (dilinde) çykyş edipdirler. Döwrüň hakyky real ýaşaýşyny suratlandyrmak bilen "del arte” komediýalary uzak wagtlap tomaşaçylaryň ünsüni çekmek bilen olaryň söýgüsine mynasyp bolupdyr. "Del arte” komediýalarynda aktýorlaryň oýunda hereketleriň ösüşinde, geljege bolan ynamyň ýokarydygyny gazanyp bilmeklerine, olary teatrda dogry, düşnükli şöhlelendirip bilmeklerine köp zat bagly bolupdyr. Komediýanyň aktýorlary Oýnaşlary we Kapitany nikapsyz döretmek bilen keşpleriň ssenaridäki bir görnüşden başga görnüşe geçýän pursatlarynda durnuklylygy saklamaklygy geregiçe başarypdyrlar. Komediýada köpçülikleýin toslamalaryň umumy häsiýete eýe bolmagy sahna ansamblynyň, ussatlygyň döremegine uly itergi beripdir. "Del arte” komediýasynda ilkinji professional truppalarynyň döremegi Italiýan sahna-synda ussat aktýorlaryň peýda bolmagyna getiripdir.Şol döwürde has tapawutlanan D.Ganasso tarapyndan döredilen "Dželozi” (1568), "Konfidenti” (1574), soňra F.Skala tarapyndan ýolbaşçylyk edilen "Fedeli” (1601) truppalaryň Italiýada teatr sungatynyň ösmegine goşan goşantlary juda uly bolupdyr. "Del arte” komediýalarynyň aktýorlarynyň arasynda I. Andreiniň liriki gahrymanlaryň ajaýyp keşplerini döretmegi köp aktýorlardan özüniň ussatlygy bilen saýlanmagyna ýol açypdyr. Şol bir wagtyň özündede "del arte” komediýalarynda çykyş edýän esasy personažlaryň biri Kapitanyň nikabyny döredenem I.Andreini bolupdyr. Komediýalardaky beýleki personažlar bolan Pantalonanyň we Doktoryň nikaplary Dž.Paskuati bilen B.Lombardi tarapyndan döredilipdir. N.Barberiniň (lakamy Beltramm), T.Marinelliniň, Dž.Býankolliniň döredijiliginde peýda bolan Arlekinanyň nikaby bütin Ýewropa ýurtlarynda üstünlik getiripdir. Umuman "del arte” komediýalarynyň aktýorlarynyň sungaty Gadymy Ýewropa ýurtlarynyň sahna döredijiligine täsirini ýetiripdir. XVII asyryň aýaklarynda we XVIII asyrda Italiýanyň jemgyýetçilik, medeni durmuşynda durgunlylyk döwri bolup geçýär. Şol döwürde italýan teatry öz täsirini ýitirensoň, Italiýanyň aktýorlardan düzülen truppalar uzak wagtlaýyn beýleki ýurtlara, esasanam Fransiýa gastrola gitmeli bolupdyrlar. Öz dörän ýerinden daşlaşan "del arte” komediýalary milliligini ýitirip, aristokratlaşmaga başlaýar. Italiýada "del arte” komediýalarynyň çäklendirilmegi bilen Italiýanyň we beýleki dünýä ýurtlaryň dramaturgiýasynda ösüş togtapdyr. XVI asyrda umumy Ýewropa täsiri bolan Italiýan teatry XVII-XVIII asyrlarda öz milli täsirligini, milli häsiýetlerini daşary ýurtlarda azda-kände saklap galypdyr. Magaryflaşdyryş ideýalarynyň açyk, özboluşly täsiriniň Italiýa aralaşma- gy bilen Italiýan milli dramaturgiýasynyň düýbüni tutujy Karlo Goldoniniň döredijiligine ýüzlenip başlapdyrlar. Aktýorlar onuň döredijigindäki käbir jeşpleri başgaça, has çuňňur özleşdirmägede çalşyp ugrapdyrlar. XVIII asyryň ikinji ýarymynda "del arte” komediýalarynyň öňden gelýän adaty nikaply çykyşlary Karlo Goldoniniň öňe sürmelerinden ugur almak bilen täzeçe görnüşe geçip ugrasada, çäklilikden doly saplanyp bilmändir. Sebäbi aktýorlara nikaply çykyşlardan we toslama tehnikalaryndan doly saplanmak birbada başartmandyr. Muňa garamazdam aktýorlaryň hereketleri, keşp döredendäki psihologik ýagdaýlar üýtgäpdir. Şeýle üýtgeşiklikler wagtyň geçmegi bilen Italiýanyň beýik dramaturgy Karlo Goldoniniň öňden gelýän kada-kanunlary (kanonlary) döwmek baradaky eden öňe sürmeleri ýerine düşüpdir. "Del arte” komediýalarynda täze döwür-nikapsyz, toslamasyz, edebi ýazgylara gulluk edýän sungat başlanýar. Özlerine "del arte “komediýalaryny adat edinen aktýorlardyr, dramaturglaryň sany artyp ugraýar. Italiýanyň dramaturglarynyň biri Karlo Gossi öz ertekilerini (fýabylaryny) Dž.A.Sakkiniň aktýorlar truppasy üçin ýazypdyr. "Fýabylarda” çykyş edýän aktýorlar P.Gandini, Dž.Marliani, A.Forilli komediýa, tragediýa zanrlarynda-da çykyş edipdirler. Döwrüň komiki aktýorlary Ç.D.Arbes, G.Kazali diňe komediýalarda çykyş etmek bilen çäklenipdirler. Şol bir wagtyň özünde aktýorlar öz žanrlar boýunça çykyşlarynyň örüsini giňeldipdirler. Ç.D.Arbes komiki keşplerde çykyş edýän Pantallonyň nikabyny (maskasyny) aýryp, tomaşaçynyň öňünde hormatly buržuaz wekiliniň açyk hakyky keşbinde çykyş edipdir.Dramaturg Karlo Goldoniniň eserleriniň täsiri astynda çykyş edýän beýleki bir truppanyň aktýorlaryndan A.T.Medebak onuň pýesalaryndaky liriki dramalarda çykyş etse, aktýor T.Riççi tragediýalarda, komediýalarda, meşançylyk dramalarda keşpler döredipdir. Aktýor K.Breşani bolsa, pýesadaky esasy komiki baş keşpleri döredipdir. Dramaturg Karlo Goldoniniň özüniň terbiýeläp ýetişdiren aktýory A.Kollalto-Mattiussi XVIII asyr Italiýan aktýorlarynyň içinde uly şöhratdan peýdalananlaryň biri bolupdyr. XVIII asyr Italiýan aktýorçylyk sungatynyň adatlarynyň öňe gidiş döwri hasaplanypdyr. Sebäbi, Magaryflaşdyryş eýýamynyň öňde baryjy teatr işgärleri tarapyndan öňe sürlen teatry reallaşdyrmak tutumlary möwç alyp ugraýar. Ýurtda teatr babatda geçirilýän reforma Karlo Goldoniniň "Komiki teatr” pýesasynda özüniň teatr sungatyndaky şöhlelenmesini doly tapypdyr. Dramaturg bu pýesasynda aktýorlaryň Magaryflaşdyrma eýýamynyň tutalgalaryndan ugur alyp, keşplerdäki psihologik dogruçyllygy, indiwiduallaşdyryp (aýrybaşgalamak) beýan etmekligi öňe sürüpdir. Italiýada teatr babatdaky öňe sürmeleriň berýän netijesinde Rimde, Milanda, Neapolede, Florensiýada, Genuýede, Turinede, Bolonede drama truppalary döredilipdir. Wenesiýada bir wagtyň özünde "San-Samuele” (1655ý. düýbi tutulan), "Sant-Andžello” (1677ý. düýbi tutulan), "San-Luka” (1661ý. düýbi tutulan) şu atlaryny tutan teatrlarymyz hereket edipdir.Şu teatrlarda antreprenýor (teatryň eýesi, hojaýyny) A.T.Medebakanyň, Dž.Imeranyň, Wendraminanyň aktýorlar truppalary çykyş edipdirler. Teatrlarda dürli wagtlarda Karlo Goldonynyň özem işläpdir. Italiýada komediýa žanry, komediýa aktýorlary babatda reforma geçirilendigine garamazdan, tragediýa babatda XVII asyrdaky Fransuz klassisizm eýýamyndan galan köne kereplere dolanan epigon (Grek dilinde-epigoni-doglan, dörän) döwründe dörän usullar, häsiýetler,dowam etdirilipdir. Diňe, XVIII asyryň 70-80 ýyllarynda tragediýa žanryna käbir üýtgeşiklikler aralaşyp ugraýar. W.Alferiniň gahrymançylykly tragediýalary häzirki zaman jemgyýetçilik ideýalaryna golaýladyp beýan etmek arkaly olarda täzeçe gah-rymançylykly keşpleri döretmek ugrundaky çagyryşlary fransuz Magaryflaşdyrma klassisizmine golaý bolup, ilki höwesjeňler truppalarynyň üsti bilen amala aşyrylypdyr. XIX asyryň 20-30-ýyllarynda şeýle keşpleri aktýorlar M. Morrokezi, P.Blanes, K.Marioni ýerine ýetiripdirler. Bu aktýorlaryň çykyşlary esasan deklomasiýalaryň okalyşynda halk heňleri, gaýgyly mukamlara golaýlygy, güýçli hereketleriň, duýgularyň belende göterilmegi, gerek ýerinde sazlaşykly dürli hereketleriň ussatlyk bilen ulanylmagy arkaly ýerne ýetirilip-dir. Sahna ussatlygynyň bu görnüşleri üçin Florentiýskiý çeperçilik akademiýasynda (1832) ýörite sapaklar geçirlipdir. Şol geçilýän sapaklaryň esasy mugallymy M.Morrokezi bolupdyr. Ol öz sapaklarynda aktýorlaryň sahna ussatlyklaryny artdyrmakda sahna hereketi üçin kyrk sany dürli sazlaşykly hereket ediş usullaryň bardygyny, şol usullardan her aktýoryň geregiçe peý-dalanmalydygyny öňe sürüpdir. Italýan klassik sungaty, italýan tragediýalarynyň gahrymançylykly däplerini, italýan tragediýa žanrlarynyň täzeden emele geliş, ösüş, usullaryny rewolýusion-joşgun we "şekspirçilik” täsirlerden ugur alyp, sahnada açyp görkezmekligi aktýorlardan talap edipdir. Joşgunly gahrymanlary sahnada emele getirmek her bir Italiýan aktýorynyň watan öňündäki borjy hasaplanypdyr. Şeýle öňe sürmeleriň akrýorlardan talap edilmegi tomaşaçylary hakyky watançylar edip taýýarlamaga mümkinçilik berer diýen akyma gulluk edilmegi diýlip düşünilipdir. Ýurtda dörän şeýle aktýorçylyk mekdebiň düýbüni tutujylaryň biri 1830-1840-nji ýyllarda bolup geçen Milli azat ediş hereketine gatnaşan G.Modena bolupdyr. G.Modenanyň şägirtleri tragik aktýorlar A.Ristora, E.Rossa, T.Sawina bu mekdep uly täsir edipdir. Olaryň çykyşlarynda belli bir maksatly ideýa gulluk etmeklige, syýasy hyjuwlylyga, güýçli şahsyýetleriň, erkin pikirleriň, häsiýetleriň emele gelmegine çagyrmakdan ybarat bolupdyr. Aktýor G.Modenanyň ,,Françeska da Rimni” pýesasynda Paolonyň, Pellikonyň, Saulanyň, Brutanyň,Filipp II-niň keşplerini, dramaturg W.Alferiniň tragediýalarynda aktýor Ristoriniň dürli gahrymançylykly keşpleri döretmegi, aktýorlar E.Rossanyň, T.Salwinanyň döredijiliginde Italiýan mekdebiniň realistik meýilleriniň peýda bolmaklygy, Italiýan tragediýalarynda ahlak kadalarynyň aýratyn ideallaşdyrylyp (bolşundan artyk) görkezilmeginiň çäklendirilmegi Italiýanyň sahna sungatyna ägirt uly roluň degişli bolandygyna güwä geçýär. Aktýorlar E.Rossanyň, T.Salwiniň W.Şekspiriň "Gamletinde”, "Makbetinde”, "Korol Lirinde” baş keşpleri ýerine ýeritmekleri sahna sungatyndaky realizmiň ýeten ýokary derejesi hasaplanypdyr. Italýan sahnada realizmi ösdürmekde aktýor E.Rossan rus teatrlaryndan tejribe toplandygyny uly höwes bilen belläpdir. Aktýorlar E.Rossan, T.Salwin yzygiderli Russiýada gastrollarda bolupdyrlar. Hat-da, olar A.S.Puşkiniň "Gysganç gusarynda”, "Daş myhmanynda”, A.K.Tolstoýyň "Ioanna Grozniniň ölümi” dramalarynda keşplerem döredipler. Italiýan sahnasynda aktýor T.Salwiniň döredijiligi özüniň aýdyňlygy,hakykaty çuňňur derejede açyp bilmekligi ony ýurduň iň beýik tragik aktýory hasaplanmagyna alyp gelýär. T.Salwiniň döredijiligi beýik reformator K.S.Stanislawskiniňem nazaryndan sypmandyr. Ol T.Salwini beýik sahna ussady hasaplamak bilen, Russiýanyň beýik aktýorlary M.Şepkin, M.N.Ermolowoýa bilen bir hatarda goýupdyr. Umuman K.S.Stanislawskiý T.Salwiniň döredijiliginiň rus teatryna golaýdygyny gaýta-gaýta belläpdir. Italiýanyň teatr sungatynda beýik aktýorlaryň peýda bolandygyna garamazdan, XIX asyryň 2-nji ýarymynda italýan teatr sungaty Günbatar Ýewropa ýurtlarynyň arasynda gözgyny ýagdaýda görnüpdir. Sebäbi, Italiýanyň beýik aktýorlary başga ýurtlarda gastrollarda bolmak bilen, olar ondan-oňa göçüp-gonup ýören truppalaryň arasynda çykyş edipdirler. Olar özbaşdak aktýor ansamblyny döretmekden daşda bolupdyrlar. Italiýanyň meşhurlyk gazanan beýik aktýorlary bilen ýönekeýje keşpleri döredýän aktýorlaryň arasynda hiç-hili aragatnaşyklar bolman, olaryň arasynda üzňelikler dowam edipdir. Italiýanyň buržuaz häkimýetleri milli teatr sungatyny ösdürmekden daşda bolup, ol barada pikirem ýöretmändirler.Teatrlaryň repertuarynda buržuaz-meşan dramaturglary bolan A.Dýumanyň (oglunyň), W.Sardiniň we italýan "epigon” (epigon-döredijilik taýdan özbaşdak bolmadyk, gowşak eserler. Sözlüge seret.) pýesalary girizilipdir. Meşhurlyk gazanan melodramalar, durmuşy komediýalara derek "werizm” we "naturalizm" akyma gulluk edýän pýesalara giňden ýol açylypdyr. Şeýle pýesalar italýan sahna sungatynyň gahrymançylykly ugurlary açyp görkezmekligine badak atypdyr. Italiýan sahna sungatynyň "naturalizm” akymyna ýykgyn edýän görnükli aktýorlarynyň biri E.Sakkoni hasaplanypdyr. Onuň döredýän keşplerindäki gahrymançylykly adatlar gözgyny, agyly, psihologik taýdan örän gowşak, ýurtda dowam edýän sosial durnuksyzlyklar bilen çalşyrylyp tomaşaça ýetirilipdir. Meşhur tragik aktýor E.Nowelliniň döredýän keşpleriniň köp taraply bolmagyna garamazdan, onuň ýerine ýetirýän oýunlary ussatlyk taýdan ýönekeýje geleňsiz çykyşlara öwrülipdir. XX asyryň başlarynda italýan teatr sungatynyň beýik tragik aktrisalarynyň biri E.Duze sahnada inçeden psihologik keşpleriň üsti bilen dramatizmi açmaklygy ussatlarça başarypdyr. Aktrisa öz döwürdeşleriniň keşplerini döretmek bilen, buržuaz jemgyýetinde adam ykballarynyň depelenýändigini gorkman görkezmekligiň hötdesinden gelipdir. Aktrisa ähli güýji bilen halk tarapyndan ykrar edilen keşpleri döretmäge çalşypdyr. Şeýle häsiýetli keşpleriň biri Mirandoliniň keşbidir. E.Duze dramaturg Ibseniň pýesalaryndaky Noranyň, Geddanyň, Gableriň keşplerini ussatlarça tomaşaça ýetiripdir. Ol fransuz dramaturglarynyň pýesalarynda liriki gahrymanlaryň keşplerini hem uly höwes bilen döredipdir. A.Dýumanyň (oglunyň) "Ýakymly ysly zenan” pýesasynda Margarita Gotýeň, Adrienna Leureranyň pýesasynda Skribanyň keşplerini döredipdir. Aktrisa E.Duzeniň dramaturg D.Annunsionyň pýesalaryna ýüzlenmegi onuň döredijiliginiň pese gaçmagyna alyp gelýär. Muňa garamazdan aktrisa sahna döredijiligine täzeden dolanýar we realistik ideýalary öňe sürýän keşpleri döretmäge başlaýar. • Italiýada şiwe (dialektika) teatry Italiýada XIX asyryň aýaklarynda XX asyryň başlarynda şiwe teatrlarynyň gülläp ösen döwürleri hasaplanýar. Ýurdyň dagynyklydy zerarly Italiýanyň welaýatlarynyň, şäherleriniň, obalarynyň hersiniň öz teatry bolup, olar şol ýerde ýaşaýan halklaryň şiwe gepleşiginde alnyp barylypdyr. Italiýada edebi dil bilen teatryň aragatnaşygy ýurtda şiwe dilleriniň köplügi sebäpli kynçylykly meseläni döredipdir. Bu ýagdaý ýerlerde şiwe teatrlarynyň ösmegine uly ýol açmak bilen, umumy milli sungatyň pese gaçmagyna alyp barypdyr. Başga tarapdan seredeniňde şiwe gepleşiginde edilýän her günki özara gatnaşyklar tebigylygy, halkylygy, durmuşa golaýlygy bilen Italiýada halk adatlaryny, demokratik hakykaty açyp görkezmekde düýpli täsirini ýetirip bilipdir. Şiwe dramaturgiýasy öňki geçen eýýamlarda-da öz täsirini az ýöretmändir. Köp dillilik "del arte” komediýalarynda nikabyň aşagyndan Ulanylmak arkaly her nikabyň haýsy şiwä degişlidigini aňmaga mümkinçilik döredipdir. Teatr sahnasyndan "del arte” komediýalarynyň düşmegi bilen komediýalarda ulanylan nikaplar haýsy şiweden gelip çykan bolsa, şol welaýatlarda, şäherlerde, obalarda uzak ýyllaryň dowamynda saklanyp galypdyr. Şiwe teatrlary bolan Bolonýede-Doktoryň, Wenesiýada-Pantalonaniň, Florensiýada-Stenterellonyň, Neapolde-Pulçinellanyň nikaplary şol personažlary aňlatmagyny dowam etdiripdir. Nikaply çykyşlaryň ýerini ýuwaş-ýuwaşdan häzirki zaman häsiýetli täze personažlaryň artyp,olaryň deregine ýaşaýyş durmuşy bilen golaý aragatnaşykda bolup halky adatlardan ugur alýan personažlaryň eýelemegi şiwe drmaturgiýasynyň ösmegine ýol açypdyr. Ýagdaý her welaýatda, şäherde, obada aýry-aýry bolmak bilen, birek-birege garaşsyz bolan jemgyýetçilik akymlary, halk döredijiliginiň özbaşdaklygy, ýerli şertleriň talap edijiligi şiwe teatrlaryna bolan islegiň artmagyna getiripdir. Ýerli şertlerdäki durmuş aýratynlyklary, ýerli şiwe dilleriniň özbaşdak şi-reliligi, durmuşy wakalary wasp ediş aýratynlyklary şiwe teatrlarynyň drama-turgiýasynyň iň esasy taraplarynyň biri bolupdyr. Muňa garamazdan şiwe dramaturgiýasynda sosial ölçegler, psihologik çuňluk ýetmändir. Köplenç ýagdaýlarda ownuk buržuaz meýiller öňe sürlipdir. Hakyky asyl nusgaly (orginal) pýesalaryň ýetmezçilik etmegi netijesinde Fransuz komediýalary ýerli şiwe dillerine terjime edilip, pýesadaky käbir zatlar ýerli halkyň gündelik durmuş wakalary bilen doldurylypdyr. Şiwe dramaturgiýasyndaky ýetmezçilikleri, gowşaklyklary aktýorlar özleriniň ussatlyklary,durmuşy wakalary, ýerli adatlary beýan edişleri bilen ýapypdyrlar. Olaryň sungaty improwizasiýa (toslama), baý fantaziýa (hyýalbentlige), aktýorlaryň timarlanan tehnikasyna we sahnada özlerini alyp baryşlary bilen tapawutlanypdyr. Şiwe teatr sungatynda XIX asyryň aýaklarynda XX asyryň başlarynda "werizm” akymynyň estetikasynyň sahnada öz ornuny tutmagyna bolan meýiller peýda bolup ugraýar. Şol döwürde Italiýanyň dagynyklykdan çykyp belli bir döwlet bolup başlamagy netijesinde ýerlerdäki şiwe teatrlary başga welaýatlara, şäherlere, obalara gastrollara gidip, özleriniň ýapyk (zamknutiý) ýagdaýyndan çykyp ugraýarlar. Şiwe teatrlarynyň örüsiniň giňemegi olaryň sungatynyň gülläp ösmegine alyp gelýär. Şiwe truppalary Wenesiýada, Milanda, Neapolda, Genuýada, Bolonýada, Turinada, Florensiýada, Sisiliýanyň şäherlerinde hat-da, Rimde yzygiderli çykyşlar guramak bilen tomaşaçyny özüne geregiçe çekmegi başarypdyr. Wenesiýanyň şiwe teatryny esasan dramaturg Karla Goldoniniň döredijiligi özüne çekipdir. Inçeden lirik aktýor F.Benini (1854-1916), özboluşly komik aktýor E.Zago (1852-1929), aktýor we dramaturg Ç.Baedžo (1897 ý doglan) öz aktýorçylyk ussatlyklaryny Karlo Goldonin komediýalarynyň üsti bilen ösdürüpdirler. Karlo Goldoniniň döredijiligi şiwe dilinde pýesa ýazýan dramaturg Gallina we beýlekilere uly täsirini ýetiripdir. Italiýanyň senagat we medeniýet taýdan ösen şäherleriniň biri Milan-daky şiwe teatry dramaturg K.Bertolasini (1870-1916) öňe çykarypdyr. Onuň pýesalary "werizm” akymyna golaý bolmak bilen, ol şiwe we edebi dillerde ýazypdyr. K.Bertolasiniň dramaturgiýasy esasan XIX asyryň aýaklaryndaky Milan şäheriniň durmuşy bilen baglanyşykly bolupdyr. Onuň "Biziň Milanymyz” (1893) "Džibidžiana” (1898) pýesalarynda gijeki ýatakhana-lar, düşewüntli öýler, öwnuk söwdegärler dogrusynda söhbet açypdyr. Sisiliýanyň şiwe teatrlarynda "werizm” akymynyň täsiri has ýokary bolupdyr. Sisiliýanyň oba durmuşyndaky ýagdaýlaryň ýokary derejede dogruçyllyk bilen suratlandyrylmagy tomaşaçylaryň inlerini tikenekledipdir. Oba ýerlerindäki yzgytsyz gylyk-häsiýetleriň, çydamsyz ýaşaýyş şertleriniň, maşgala duşmançylyklarynyň, gerekmejek yrymlaryň, gan bilen gatyşykly ar almalaryň, joşgunly gerekmejek güýçleriň aktýorlar tarapyndan sahnada suratlandyrylmagy Sisiliýan tomaşaçysyny hopukdyrypdyr. Muňa garamazdan Dž.Grasso ýaly aktýorlaryň artykmaç tragik joşgunlylygyny artdyrypdyr. Başga bir tarapdan A.Musko ýaly komediýa aktýorlary öňden gelýän fars oýunlarynyň adatlaryny ösdürmäge çalşypdyrlar. Sisiliýanyň teatrlary üçin ýazýan dramaturglar Dž.Werga, L.Kapuana, L.Pirandello şiwe dilinde pýesa ýazmaklaryny ösdüripdirler. Neapole şäheriniň "San-Karlino” ýaly kiçi teatrlarynda "del arte”komediýalary öz hökümini ýöredipdir. Neapolda komiki keşp bolan Pulçinelliň-nikaply keşbi uzak wagtlap dowam etdirilipdir. Ne-apol teatrlarynda aktýor we dramaturg bir adam hökmünde çykyş edipdirler. Olar öňden dowam edip gelýän nikaplary täze durmuş bilen baglap, şiwe teatrlarynyň sahnasyna çykarylýan komediýalaryň täzeçe nikaplara eýe bolmaklyk taraplary öňe sürüpdirler we talaplardan özleriçe peýdalanypdyrlar. Şiwe teatrlarynda oba durmuşynyň agyrlygy, halk häsiýetleriniň geljege bolan ynamy, şirelije degişmeleriň, gülküleriň üsti bilen berlipdir. M.Gorkiniň aýtmagyna görä, Neapol şiwe teatrlaryndaky aktýorlaryň çykyşlaryndaky agy, gözýaş tragikomediýa bolmak bilen sungatdaky häsiýetleri ýüze çykarypdyr. Neapoletýan şiwe teatrynyň wekilleri A.Petito (1822-1876), E.Skarpetta (1853-1925) olara soň gelip goşulan Di.Džakomo, R.Wiwiani, E.De Flippo öz döredijilikleri bilen belli bir çuňluklara aralaşmagy başarypdyrlar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |