19:49 Italýan teatry / dowamy | |
Italiýan teatrlary XX asyryň 20-nji ýyllaryndan soň. 1922-1943-nji ýyllary öz içine alýan italýan teatrlary ýurtda faşistik diktaturanyň gol astynda bolmak bilen sahna sungatyndaky durgunlylygy başdan geçiripdir. Faşizmiň ýurtda "gahrymançylykly”, "synpsyz” teatry döretmek baradaky ähli tagallalary başa barmandyr. Sahnada dar manyly (bulwar), meşançylyk ahlaklara ýugrulan dramaturgiýa höküm sürüpdir. Teatr sungatynda "modern” (Bu, XIX asyryň aýaklarynda XX asyryň başlarynda şekillendiriş we bezeg sungatyndaky täze garaýyşlary kabul edýän ugur. Sözlüge seret.) meýilleriň emele gelmegine we giňden ýaýramagyna ýol açypdyr.Bu aktýorlaryň döredijiligin- de öňden dowam edip gelýän ugurlaryň bozulmagyna alyp gelipdir. Peýda bolan ,,ýalan täzelikler” /lženowatorswo/ ugury teatr sungatynyň gönüden-göni geleňsiz garaýyşlara tarap yza çekilmegine ýol açypdyr. Teatrlar Mari-nettiniň ,,futulizm” /XX asyrda sungatda we edebiýatda realizmi, hakykaty inkär edýän ugur, akym.Sözlüge seret./ akymyny öňe sürüpdirler.
Teatr we kino sungaty
Emma, bu akyma öňden dowam edip gelýän Italiýan şiwe teatrlarynyň saklanyp galan adatlary garşy çykypdyr. Şol bir wagtyň özünde beýik rus režissiýory K.S.Stanislawskiniň pedogogik garaýyşlarynyň ýaýramagy,1934-nji ýylda belli Italiýan teatrynyň taryhyny öwreniji S.D”Amikonyň ,,Drama sun-gatynyň Akademiýasyny” döretmegine özüniň uly täsirini ýetiripdir. Akademiýada aktýorlar bilen bir hatarda režissýorçylyk bölümleriň işe başlamagy Italiýanyň teatr sungatynda L.Skuarsina, O.Kosta, E.Džannini ýaly beýik re-žissýorlaryň ýetişmegine getiripdir. Bu alnyp barylýan işlere garamazdan, 20-30-njy ýyllarda teatrlarda uly bir üýtgeşiklikler döremändir. Teatrlaryň esasy görnüşleri sergezdançylykda gezip ýören truppalardan ybarat bolupdyr. Ol truppalara iki-üç sany ýurdyň belli aktýorlary tarapyndan ýolbaşçylyk edilipdir. Çeperçilik meselelerini çözüp, spektakllaryň düýpliligini, sahnada doly ansamblyň döremegini gazanyp bilmeklik diňe 20-nji ýyllaryň başynda Italýan teatrynda peýda bolup ugraýar.Bu meseleleri çözmekde Rimde W.Talli tarapyndan 20-nji ýyllarda döredilen drama truppasynda spektakllarda aktýorlaryň şahsy ýerine ýetirijilik usullarynyň (manera), spektalda çykyş edýän aktýorlaryň umumy bir akyma gulluk etmekleri ýola goýulandan soň, Italiýan milli teatrynda uly özgerişikler başlanýar. Komediograf D.Nikodeminiň, teatr tankytçysy E. Boutetiň, dramaturglar M.Praganyň, L.Pirandellonyň, aýal dogan (uýalar) aktrisalar I. we E.Gramatikalaryň durnukly teatr truppalaryny döretmek baradaky aladalary öz miwesini berip başlaýar. Olaryň milli ýerine ýetirijilik täzelikleri dogrusynda- ky öňe sürmeleri ýurdyň teatrlaryna ýyldyrym çaltlygynda ýaýrapdyr. T. Lorensonyň salon (Salon-dörtgyraň jaýda görkezilýän pýesalar. Söz-lüge seret) pýesalarynyň meşhurlygy, R.Rudžeriniň tragik pýesalarda keşpleri döretmekde Salwiniň mekdebiniň saklanyp galmalary, Dž.Çerwiniň drama we komediki keşpleri döretmekde klassyky (nusgawy) repertuarlardaky aýdyň keşplere ýüz urmaklary milli sahnada özboluşly häsiýete eýe bolup ugraýar. Şol döwürde italýan teatrlarynda režissura sungatynyň käbir dünýä inmeleri peýda bolup başlaýar. Režissýor ansamblyny döretmek ugrundaky göreşiň görnükli wekilleriniň biri L.Bellottynyň, 20-nji ýyllarda Karlo Goldoniniň pýesalaryny sahna çykarmakda uly tejribe toplan R.Simoniniň öňe sürmeleri käbir garşylyklara sezewar bolmak bilen Italiýan teatryndaky umumy ýagdaýlaryň doly emele gelmegine goşant goşmakdan has bärden gaýdypdyr. 20-30-nji ýyllarda italýan sahna sungatynda synag teatrlaryny döretmek ugrunda käbir işler edilipdir. Täze döredilen "Garaşsyz” (Nezawisimih) teatrynda 1922-1930-njy, 1931-1936-njy ýyllarda A.Dž.Bragaliniň ýolbaşçylygynda Ž.Žirodynyň, A.Salakrunyň, A.Şnisleriň pýesalary synag hökmünde sahna çykarylypdyr. A.Dž.Bragaliý tarapyndam synag üçin sahna çykarylan pýesalar geleňsiz garaýyşlara gaplanan sahna eserleri bolmak bilen islendik netijäni bermändir. Şeýle synag hökmünde A.Dž.Bragliý Italiýada hakyky realizmi inkär edýän ,,futurizm” akymynyň uly wekilleriniň biri Marinettiniň ,,Ýalaňaç aýdyjy” pýesasynam sahnalaşdyrypdyr. 1924-nji ýylda Milan şähe-rinde döredilen ,,Konweno” teatrynda ,,awangardizm” (awangardizm-realizmi ret edip, beýan etmekligiň täze serişdelerini agtarmaga edilýän synanyşyk. XX asyrda sungatda peýda bolan akym. Sözlüge seret.) akymy öňe sürlip ugrapdyr. Italiýada faşizmiň ýok edilmegi bilen ýurtda teatr durmuşyna degişli ýo-kary göterlişik başlanýar. Öňde baryjy realistik göterlişik ýurdyň ähli mede-niýet we sungat ojaklarynda möwç urup başlaýar. Realistik filmleri goýujy-lardyr aktýorlar teatr babatda-da täzeçillikleri öňe sürüpdirler. Olardan has öndümli işlänleri Wiskonti, De Sika, De Filippo bolupdyrlar. Umuman Itali- ýan sahna sungaty durmuş hakykatyny dogry we doly açyp görkezmek üçin ähli serişdelerden peýdalanylypdyr. Milli dramaturgiýada dramaturg E. De Filipponyň pýesalaryndan başga pýesalarda-da çuňňur we köp taraplaýyn ösüşler gowşaklyk edipdir. Kähalatlarda gazanylmaly netije sahnada berlip bilmändir.Italiýan režissýorlary öňde baryjy dünýä dramaturgiýasyndan ter-jime etmeli ýa-da klassika ýüz urmaly bolupdyrlar. Döwlet gurluşynyň but-hana, katolik düzgünlerine ýykgyn etmekleri ýurtda syýasy gadaganlyklaryň ýokarlanmagyna alyp gelipdir. Şeýle gadaganlyk teatr sungatynyň üsti bilen ýurtda dowam edip gelýän hakykaty doly açyp görkezmeklige badak atyp- dyr. Muňa derek buržuaz tomaşaçysynyň söýgüli žanrlary bolan- "rewýue” (Rewýu-Fransuz dilinde estrada žanrynyň bir görnüşi. Sözlüge seret), "war-ýete” ("Wariýete”-Fransuz dilinde-dürli-dürlilik. Estrada žanrynyň sirk žan-ryna/ golaý bir görnüşi. Sözlüge seret.) Žanr XVIII asyryň aýaklarynda Parižde peýda bolup, sahnalarda möwç urupdyr. Teatrlaryň repertuarlary dar (bulwarniý) manyly, sussupeslik (dekadentskiý-XIX asyryň aýagynda XX asyryň başlarynda buržuaz edebiýatynda we sungatynda peýda bolan sussu-peslik akymy. Sözlüge seret.) akyma gulluk edýän pýesalardan doldurylýar. Şol döwürde Italiýan teatry öňküleri ýaly başga ýurtlarda göçüp-gonup (gastrollarda) ýörmesini dowam etdiripdir. Göçme toparlara döwrüň tanymal aktýorlary ýolbaşçylyk etselerem, olarda guramaçylyk, gerekli serişdeler ýeterlik bolman görkezilýän spektakllaryň hili pes bolup, dargamak bilen bolupdyr. Italiýada demokratik hereketleriň gowuşgynsyz ösmegi döwlet teatrlarynda sahna sungatynyň pesa gaçmagyna, şol bir wagtyň özünde-de teatrlaryň pul serişdelerini özleri kesgitleýän (kommersiýa) truppalaryň döreme-gine, ösmegine ýol açylypdyr. 1947-nji ýylda Milan şäherinde şeýle teatr re-žissýorlary Dž.Streler, P.Grassi tarapyndan täze "Pikkolo-teatro” (Kiçi teatr) açylýar. Teatryň guramaçylary Ýewropa teatr sungatynyň tejribesinde öň- den gelýän teatryň adatlaryny saklap, umumy milli Italiýan teatryny döret-mäge ymtylyş döredipdirler. Bu teatr Italiýanyň ähli künjeklerinden zehinli aktýorlary ýygnap, durnukly truppalary toplapdyr. Teatryň ýolbaşçylary te-atra, aktýorlara gerek pul kömegini (subsidleri) şäheriň häkimýetlerinden almagy, tölegli spektakllary (abonentli) görkezmekligem giň demokratik pikirli gatlaga tomaşa etdirmekligem ýola goýupdyrlar. Düzgüne salynan şeýle ýagdaý tomaşaçy üçin nähili pýesalaryň gerekdiginem kesgitläpdir. Milan şäherinde "Rikkolo-teatro” (Kiçi teatr) ilki M.Gorkiniň "Na dne” (Na dne-has pese gaçan gatlagyň adamlaryny aňladýar) pýesasy bilen açy-lypdyr. Bu şol döwürde iň şowly çykan spektakllaryň biri hasaplanypdyr. Spektaklyň tomaşaçylar köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylanmagy Italiýan teatrynyň ümzüginiň ösüşdedigini aňladypdyr. Teatrda Goldoniniň, Gossiniň, Alferiniň, Şekspiriň, Molýeriň, Gogolyň, Ostrowskiniň, Çehowyň, Ibseniň, Garsia Lorkiniň, häzirki zaman italýan, Ýewropa, Amerikaly awtorlarynyň pýesalary italýan sahnasynyň repertuaryny dolulygyna eýelärdir. Italiýanyň beýleki bir teatry bolan "Pikkolo” teatrynyň repertuaryny dramaturg B.Brehtanyň döredijiligi eýeläpdir. Teatr B.Brehtanyň döredijilik ugurlaryny özüne siňdirmek bilen teatryň garamagynda (ýanynda) ýörite te-atr mekdebi döredilipdir. "Pikkolo” teatry yzygiderli gastrollarda bolup dö-redijilik üstünliklerini başga ýurtlarda-da ösdüripdir. Teatr 1960-njy ýylda K.Goldoniniň "Iki aganyň hyzmatkäri” spektakly bilen Moskwada gastrolda bolýar. Spektakldaky baş gahryman Truffaldionyň keşbini aktýor M.Moretti döredipdir. Italiýanyň teatr durmuşynyň esasy bölegini Neapoldaky şiwe teatry eýeläpdir. Teatr 1920-nji ýyllaryň aýaklarynda dramaturg, režissýor we aktýor E.De Flippo tarapyndan gurnalýar. Teatryň esasy repertuaryny E.De Flipponyň pýesalary düzüpdir. Teatrda sahna çykarylýan spektakllar özleriniň demokratik, ynsanperwerçilik taraplary bilen belli bolupdyr. Muňa garamaz-dan real hakykatdan daşda bolan "del arte” komediýalaryna bolan ýiti isle-gem aradan aýrylmandyr. E.De Flippo tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän ikinji teatr truppasy neapolitan "San-Ferdinando” teatrynda öz zamandaşlary dramaturglar Skarpettanyň, Petitonyň şiwe pýesalaryny sahna çykarmaklaryny dowam etdiripdir. 1962-nji ýylyň ýazynda bu teatr Russiýanyň şäherle-rinde gastrollarda bolupdyr.1950-1954-nji ýyllarda Milanyň "Kiçi teatrynyň” tejribesi esasynda rus teatrlaram gastrollara gidip, Alferiniň, Molýeriň, Çehowyň, Turgenýewiň pýesalaryny italýan tomaşaçylaryna görkezipdirler. 1957-nji ýylda rus teatrlary Turin şäheriniň "Stabile-teatro” teatrynda gastrolda bolup, olar öz çykyşlaryny Genuýe, Paduýe, Wenesiýa, Florensiýa şäherlerinde dowam etdiripdirler. Şeýle çykyşlaryň repertuarlaryna Gorkiniň, Çehowyň, Gogolyň pýesalary, Dostoýewskiniň inssinirowka edilen romanlaram giripdir. Italýan sahna sungatynyň ösmeginde görnükli Italiýan kino režissýory L.Wiskontiniň goşandy az bolmandyr. Sebäbi ol, dürli žanrlara degişli drama eserlerini sahna çykarmaklygy ýola goýupdyr. Uruşdan soň, ol "Morelli-Stoppa” teatr truppasyna ýolbaşçylyk etmek bilen Alferiniň, Goldoniniň, Çehowyň, Milleriň, Anuýanyň pýesalaryny, Dostaýewskiniň "Jenaýat we jeza” romanyny inssinirowka edip tomaşaça hödürlenipdir. L.Wikonti öz eserlerinde gahrymançylykly tragediýa žanryndaky inçe psihologik yzygi-derliligi saklamak bilen dramada bolup geçýän wakalaryň gutarýan pursa-dyna çenli tomaşaçyny doly imrikdirmegi ussatlarça başaryp bilipdir. L.Wikonti spektakllarda uly ynsanperwerçilikli ideýa-mazmuny döretmegi we ony tomaşaça inçelik bilen berip bilmegi başarypdyr. Onuň sahna çykaran spektakllarynda Italiýanyň görnükli drama aktýory P.Stoppe Şekspiriň "Troil we Kressiadasynda” Troiliň, Çehowyň ,,Üç aýal doganynda”, Prozorowyň, "Wanýa daýysynda” Woýniskiniň, Milleriň "Söwda jansyzynynyň ölüminde” ("Smert kommiwoýažýora") Lommeniň, şeýle hem şol döwrüň ajaýyp aktrisalarynyň biri R.Morelli Çehowyň "Üç aýal doganynda” Irinanyň, "Wanýa daýysynda” Sonýanyň, Şekspiriň "Bu Size ýararmysynda” Rozalinanyň, "Troil we Kressiadasynda” Kressidanyň keşplerini döretmek bilen sahnada özboluşly, hiç kimiň sahna çözgüdine meňzemeýän uly liriki dramany we komediýany tomaşaça ýetiripdir. L.Wikonti T.Uilýamsyň "Tramwaý”, "Isleg” spektakllarynda Italiýanyň görnükli tragik aktýory W.Gasmana baş keşpleri ynanmak bilen, onuň ajaýyp aktýordygyny ýenede bir gezek tassyk etmegi başardyr. W.Gasman Eshiliň Prometeýini, Sofoklyň Edip-şasyny, Şekspiriň Otellosyny, Ýagosyny, Gamletini, Ibseniň Per Gýuntasyny, Alferiniň Orestasyny döretmek bilen, her döreden keşbinde aýdyň gahrymançylyry, endigan we sazlaşykly hereketi, pisihologik çuňlugy açyp bilendigi üçin Italiýan sahnasynda beýikligi gazanyp bilipdir. 1951-nji ýylda ol dramaturg Ibseniň "Per Gýuntynda” režissýorlyk edip güýjüni synap görüpdir. W.Gasman L.Skuarsina bilen bilelikde 1952-1954-nji ýyllarda "Italýan sungaty" teatrynyň guramaçylary bolýarlar. 1954-nji ýylda bolsa, W.Gasmanyň truppasy tarapyndan "italýan halk teatry” döredilip, Italiýada atlary giňden ýaýran aktýorlar we aktrisalar L.Adani, Dž.Albertassi, M.Ben-assi, R.Walli, A.M.Guarneri, T.Karraro, E.Mani, E.Maltalýati, S.Randone, R. Riççi, M.Salerno, Dž.Santuçço, D.Torreri, R.Falk, L.Brinone, A.Proklemer, S.Ferrati ýaly beýykleriň sahnada peýda bolmagyna alyp gelipdir. Şol bir wag- tyň özünde häzirki zaman režissýorlary bolan A.I.Brissoni, Dž.De Lullo, F.En-rikes, E.Džannini, G.Salwi ýaly beýikleriň döremeginede ýol açypdyr. Italiýanyň teatr durmuşynda Antik eýýamynyň galan "Sirakuzi”, "Ostii” ýaly teatr meýdançalarynda spektakl görkezmeklik düzgünle-rem ýola goýlyp başlanýar. 1914-ýylda "Sirakuzi” teatrynda ilkinji gezek Eshiliň "Agamenony” görkezilipdir. Antik ýýamyndan saklanyp galan teatr meýdançalarynda Galkynyş eýýamynyň dramaturgiýa eserleriniň görkezilişem giň gerime eýe bolupdyr. Faşizm ýyllarynda-da açyk asmanyň astyndaky meýdança-larda gahrymançylykly ýeňişlere beslenen milli spektakllaryň yzy üzülmändir. Ikinji jahan urşy tamamlanandan soňam, açyk asmanyň astyndaky meýdançalarda demokratik adatlara ýykgyn edýän skektakllaryň tomaşaça görkezilişi birjigem kememändir. Bu ýerlerde professional we öwreniji aktýor-lardan bolan dürli halk baýramçylyklary, teatrlaşdyrylan halk oýunlary yzy-giderli tomaşaçylara hödürlenipdir. L.Wiskonti tarapyndan Şekispiriň "Troil we Kressidy” pýesasynyň teatrlaşdyrylan baýramçylyga gatnaşdyrylmagyny hem gazanylypdyr. Urşuň tamamlanmagy bilen režissýor M.Sartarelli "Halk göreşde”, "Azatlyga tarap ýol”, "Batgalykda-da galla ösýär” ýaly halkyň joşguny siňdirilen spektakllarda ýurdy azat ediş herekete bolan gahrymançylygy dolulygyna beýanyny tapypdyr. Ýurtda demokratik adatlaryň giňden ýaýramagy bilen Italiýanyň ähli şäherleridir, obalarynda halk teatrlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyrylyp ugraýar. Halk teatrlary öz repertuarlaryna Garsia Lorsiniň "Pineda Marýanasyny”, Kruçkowskiniň "Nemesler” ýaly faşizme garşy pýesalary hödürläp ugrapdyr. Italiýanyň uly gazýeti "Unita”, uly žurnallary "Rinaşita”, "Wiýe nuowe” ýurtda bolyup geçýän buržuaz düzgünleri paş etmek bilen teatr sungatynyň bu ugurdan uly güýçdigini öňe sürüpdir. Italiýada gurjak teatry. Italiýanyň gurjak teatry öz gözbaşyny XVI asyryň 2-nji ýarymyndan alyp gaýydýar. Käbir maglumatlara görä Italiýada XV asyrda gurjak teatrlarynyň belli personažy-Pulçinella belli bolupdyr. XV-XVI asyrlarda gurjak teatrynyň aktýorlary dini (misteriý) mazmunly sahnajyklary täzeden işläp gülküli çykyşlar gurapdyrlar. XVII asyrdan başlap, Milan we beýleki birnäçe şäherlerde gurjak teatrlary ýaýrap ugrapdyr. Şol döwürde gurjakçylar M.Bertelli (Romanino lakamy bilen), B.Neri teatrlarda we meýdançalarda çykyşlar gurapdyrlar. XVII-XVIII asyrlarda "Gurjak teatrlarynda” sazly spektakllaram görkezip başlapdyrlar. 1679-nji ýylda Wenesiýada Pis-tokkiniň "Leando” operasy gurjaklaryň gatnaşmagynda görkezilipdir. "Gurjak teatry” üçin Karlo Goldoni ýörite pýesalar döredipdir. XVIII asyrdan başlap, "Gurjak teatrlary” şahsy adamlaryň ellerine geçip başlapdyr. Olar gurjak oýunlaryny baý hojalyklaryň, aristokratlaryň öýlerinde görkezip başlapdyrlar. Teatr babatda Karlo Goldoniniň geçiren reformasyndan soň, gurjak spektakllarynyň ssenarileri "del arte” komediýalary üçin ýazylyp başlanýar. Teatrlardan gysylyp çykarylan dramaturg Karlo Gossiniň ertekilerilerini (fýabolaryny) hem gurjak teatrlarynyň sahnasynda görkezip ugraýarlar. XIX asyryň 80-nji ýyllarynda "Gurjak teatrlarynyň” sany Italiýada 400-den geçipdir. XVIII asyryň aýaklarynda XIX asyryň başlarynda ähli gurjak oýunlary teatr jaýlarynda (stasionar) geçirilipdir. Wenesiýada gurjak teatryna ýolbaşçylyk eden A.Rekkardini, Rimiň "Fiano” gurjak teatryna ýolbaşçylyk eden (1823-1844 aralykda) F.Teoli Kassandrinonyň gatnaşmagynda Rossiniň "Semiramida”operasyny gysgaldylyp işlenen görnüşde sahna çykarypdyrlar. Opera we balet spektakllaryny gurjak teatrlaryna kybapdaş edip işlemeklik Italiýanyň Turinine şäheriniň "Lupi”, Milan şäheriniň "Kolla” teatrlarynda-da ýola goýlup ugrapdyr. XIX asyrda italýan "Gurjak teatrlary” syýasy we satiriki tarapa ugrukdyrylyp başlanýar. Olaryň syýasy, satiriki ugurlara ýykgyn etmeleri döwlet tarapyndan yzarlanmalara sezewar edilipdir. Şeýle yzarlanmalara Rimli gurjakçy R.di Dž.Santandželo (lakamy Getanaçço), Bolonýely gurjakçy doganlar F. we A.Kukkoli sezewar edilipdirler. Neapolda köneden dowam edip gelýän Pulçinello atly personažyň çykyşlary dowam etdirilipdir. XIX asyrda Dž. Erriko tarapyndan döredilen Donny Peppy atly personaž sahnany bezäpdir. Bu personaž Sisiliýada döremek bilen "Opera dei pupi”diýen adam alypdyr. Şeýle at bilen sahna çykarylýan personaž Paermo we Katanii şäherleriniň teatrlaryndan biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Ol personažlaryň esasy aýratynlygy harby egin-eşikde bolmak bilen gylyçlaşyp, watany goramak, watany söýmek ýaly çagyryşlara ýykgyn etmekden ybarat bolupdyr. Gurjaklardan emele gelýän şeýle sýužetler Noapola ispan teatryndan geçipdir. Sahnada çykyş edýän gurjaklaryň boýlary 1-metre, agramy 35- kilograma çenli bolupdyr. Teatrlaryň repertuarlary Fransiýada bar bolan Pallada hakyndaky rowaýatlaryň hasabyna doldurylypdyr. Çykyşlaryň sözleri manysy boýunça toslanylyp (improwizasiýa) belli ssenariýa boýunça režissýoruň görkezmesi esasynda sahna çykarylypdyr. Wagtyň geçmegi bilen spektallaryň baş personaži-Garibaldy bolupdyr. Şeýle spektallarda garakçylar, olary gözläp tapyjylar suratlandyrylypdyr. Sahna çykarylan spektakl 5-6 aýlap dowam etdirilipdir. Spektaklyň her saparky görkezilişi gutarandan soň,alypbaryjy ertir agşamky boljak oýnuň mazmuny bilen tomaşaçylary tanyş edipdir. Şeýle tanyş etmeklik ertirki görkeziljek spektakla tomaşaçy çekmekde belli bir rol oýnapdyr. Teatrda dürli maşklary (trýuklary) görkezmek bilenem tomaşaçylary özüne çekmek usullaram ulanylypdyr. Uzyn saçly deňiz jandarynyň /medu-zanyň/ saçynyň ýylana öwrülişi ýaly zatlaram ýerine ýetirilipdir. Umuman Sisiliýada "Gurjak teatrynyň” düýbüni tutujy G.Greko (1813-1874) hasaplanýar. Onuň işini agtyklary A. we E.Grekolar dowam etdirmek bilen Sisiliýanyň "Gurjak teatrynyň” täsirini daşary ýurtlarada ýaýradypdyrlar. Olar 1953-nji ýyla çenli Rimde işläpdirler. Şeýle hem Sisiliýada gurjak teatrlarynyň ösmegine gurjakçylar Kanino, La Marko, Lo Monako dagylaram önjeýli goşant goşupdyrlar. Bu ösüşlere garamazdan XX asyryň ikinji ýarymynda Sisiliýanyň ,,Gurjak teatrlary” özleriniň halkylyk täsirini ýitiripdir. XX asyrda italýan ýazyjylarydyr aktýorlary E.Nowelli we P.Rame "Ýamba gurjaklaryny” döretmäge çalşypdyrlar.Italiýada 1913-nji ýylda Rim- de W.Podrekka tarapyndan döredilen "Körpeler teatry” dünýäniň köp ýurtlarynda gastrollarda bolup sahna sungatynyň bu görnüşini ýaýradyjylar hökmünde çykyş edipdirler. Milanyň "Kanoli” gurjak teatrynda Dž.Fançulli we B.Tumiati tarapyndan döredilen "Burattini di Pino” gurjak oýnam italýan çagalaryna uzak wagtlap hezil bermegini dowam etdiripdir. • Italiýan sazly teatry Italiýada sazly teatryň dünýä inmegi täze opera žanrynyň peýda bolmagy bilen baglanyşykly. Italýan opera sungaty asyrda Galkynyş eýýamynda ynsanperwerçilikli ideýalaryň beýan edilip ugran wag-tynda peýda bolýar. Opera sungatynyň peýda bolan döwri Italiýanyň syýasy we geografik taýdan dargynlyk çekýän döwri bilen gabat gelsede, operanyň emele gelmegini Italiýada saz medeniýetiniň ösen döwrüniň önümi hem hasaplaýarlar. Şol döwür dünýewi sazlaryň gülläp ösen döwri bolup, oba ýerlerinde "maý çykyşlary” görkezilse, buthanalarda "keramatly çykyşlar” görkezilipdir. "Keramatly çykyşlar” dramalaşdyrylan laudylardan (Laudy-dini öwgüli aýdymlardan ybarat bolupdyr. Sözlüge seret.), kähalatlarda "Madrigal komediýalaryndan” (Madrigal - XIV-XVI asyrlarda uly bolmadyk söýgi-lirikasy. Sözlüge seret.) ybarat bolupdyr. Şeýle çykyşlara intermediýalar we "Pastoral” baletlerem /Çopan tanslary) goşulypdyr. Şol döwürde saz we po-ýeziýa dostlygy emele gelip, onuň agzalary Antik eýýamyny täzeden galkyndyrmak ugurlaryny öňe sürüpdirler. Ikinji opera kompozitorlary Ýa.Peri /1561-1633ýý./, Dž.Kaççini /1548-1618ýý. töweregi/ Florensidäki ,,Komerata”gurnagynyň wekilleri bolupdyr- lar. Bu kompozitorlaryň yzyny alyp göterijiler E.del Kawalýeri /1550-1602ýý. takmynan/, S.Landi /1590-1655ýý./, D.Madzokki /1592-1655ýý./, L.Rossi /1598-1653ýý. takmynan/ ,,Rim opera mekdebiniň” wekilleri hasaplanýar. ,,Rim opera mekdebi” ,,Komerata” gurnagyndan /mekdebinden/ soň, Itali-ýada opera ugrundan dörän ikinji bir mekdep bolup ýurtda opera sungaty- nyň ösmegine uly goşant goşan ojaklaryň biri bolupdyr. Şol döwürde ösüp ýetişen opera kompozitory M.Galýano hem uly abraýdan peýdalananlaryň biri bolupdyr. 1594-nji ýylda Florensiýada ,,Dafina” atly ilkinji opera sahna çykarylýar. Operanyň ýazgysyny O.Rinuççini, sazyny Ýa.Peri ýazypdyr. Florensiýa ope-ralarynyň esasy aýratynlygy içginlik /intimniý/, kamerniý häsiýetde bolup, esasy ugur aýdyjy-aktýoryň sazly deklamasiýa ýykgyn etmeginden ybarat bolupdyr. Sahna çykarylýan operalaryň awtorlary bolan Ýa.Peri, Dž.Kaççini we öwreniji aýdymçylar A.Barandi, F.Razi, M.Palantrotti, aýdyjy zenanlar B. Arkileýi, A.Bazile, F.Kaççini, K.Martinelli, B.Strossi çykyş edipdirler. XVII asyryň başlarynda opera sungaty Italiýanyň şäherleri Florensiýa, Mantuýe, Bolonýe, Turine, Milana ýaýramak bilen spektakllar ýapyk görnüşe eýe bolup diňe aristokratiýanyň wekillerine görkezilipdir. Opera sungaty bir wagtyň özünde Italiýanyň birnäçe şäherlerine ýaýramak bilen her şäherde özboluşly ýagdaýa, häsiýete eýe bolupdyr. Florensiýada florentin operasy birnäçe akademiki ýapyklygy, aristokratik gurnaklara mahsus çeperçiligi öz içine alsa, Mantuýe şäherinde görkezilýän operalar köşk tomaşalaryna öwrülipdir. Rim operalary ,,klerikal” /Klerikal-buthananyň döwlet syýasatyna, medeniýetine öz täsirini ýetirmek üçin edýän synanyşygy.Sözlüge seret./ dini häsiýetlare eýe bolup, din bilen baglanyşykly wagyz-nesihaty ýaýradyjy hökmünde çykyş edipdir. Opera žanry öz ösüş derejesi boýunça wagtyň geçmegi bilen, aristokratik we dini häsiýetlerinden saplanyp umumy halk milli žanra öwrülipdir.Rim-de ilkinji gezek durmuşy operalar görkezilip başlapdyr. 1637-nji ýylda We- nesiýanyň ,,San Kassiano” teatrynda tölegli operalar köpçülige hödürlenip başlanýar. Bu ýagdaý tomaşaça hödürlenýän operalaryň mazmuny we gör-nüşi tarapyndan ösmegine, öz uly täsirini ýetiripdir. Operalarda pastorol-miflere, dini-didaktika didaktika-öwüt beriji/, ryssarçylyga ýugrulan sýužet- ler tomaşaçylara hödürlenipdir.Sazly-dramalarda florentin operalarynda dowam eden ýönekeýlikler Rim mekdebiniň adatlary, görnüşleri,horuň ýerine ýetirijiligi, saz gurallarynyň köpelmegi bilen ösdürilipdir.Operalarda häsiýetleri boýunça "del arte” komediýalaryna çalymdaş opera komediýalaryň peý-da bolmagam, Rim mekdebi bilen baglanyşykly bolmagynda galýar. Wenesian opera mekdebiniň düýbüni tutujy kompozitor K.Montewerdi "sazdaky-dramany” (dramma in musika) sazdaky-tragediýa öwürmegi 1607-nji ýylda "Orfeý” operadaky tragediýanyň peýda bolmagyna getirýär. Ol 1641-nji ýylda Ulisanyň dolanmagy” atly sahna çykaylan düýpli operanyňam awtorydyr. Kompozitor K.Montewerdi operada taryhy tema ýüz urmak bilen 1642-nji ýylda "Poppeýe täç geýdirilişi”atly operany sahna çykarypdyr. Ol bu spektaklda personažlaryň sanyny köpeldipdir. Şeýle hem opera geregiçe komiki hereketlerem goşupdyr.Opera ariýalarynyň labyzlylyk, owazlylyk, heňlilik bilen ýerine ýetirilmegi, operada sözleriň, sözlemleriň aýdym edilip aýdylmagy, hereketleriň, sözleriň manylylygy, gerek ýerinde tolgunmaklygyň, aljyraňlylygyň, howplulygyň, ynjalyksyzlygyň sazly-dramada gutarnykly bolmagy K.Montewerdiniň opera žanryna salan uly täzelikleriniň biri hasap-lanýar. Kompozitorlar F.Kawally we M.A.Çesti wenesiýan opera mekdebiniň uly wekilleri hasaplanypdyrlar.K.Montewerdiniň şägirdi,onuň yzyny dowam etdirji Kowalli özüniň ,,Ýazon” /1649ý./ operasynda wenesiýan operalaryny demokratlaşdyryp, olara halk heňleriniň durmuşy adatlaryny göşup, komiki elementleri ussatlyk bilen ýerleşdiripdir. Kompozitor M.A.Çesti özüniň ,,Altyn alma” /1697ý./ operasynda spek-taklyň daşky görnüşini gowy suratlandyrmak bilen wenesiýan operasyny baý, täsirli, fantastiki-awantýur /hyýaly-garadan gaýtmazlyk/derejä ýetiripdir. XVII asyrda wenesiýan operalarynyň wokal we saz tarapyndan uly özgerişliklere, ösüşlere sezewar bolandygynam bellemek bolýar. XVII-XVIII asyrlarynyň geçiş döwri opera sungatynada täsirini ýetirip- dir. Opera sungatynyň merkezi hasaplan Wenesiýa respublikasy öz ornuny Neapol korollygyna /şalygyna/ berýär. Neapol opera mekdebiniň düýbüni tutujy A.Skarlatti 100-den gowrak häzirki zaman operasynyň awtory ha-saplanýar. Onuň ,,Rozaura” /1690ý./, ,,Beýik Temirleň” /1706ý./ operalary Italiýanyň sazly-teatrlarynyň esasy özeni bolup durýar.XVIII asyrda Italiýan opera sungaty dogry ýola düşüp ugraýar. Şol döwürlerden başlap Italiýan opera sungaty öňden gelýän şertleýin gahrymançylykly sýužetlerden,Antik miflerinden, könelişen kompoziýalardan, operada şözleriň we sözlemleriň aýdym edilip aýdylmagyndan, başga-da, birnäçe könelişen şertleýinlikler- den daşlaşyp, ussatlyk bilen ýerine ýetirilýän wokal ilkinji ýere geçirilipdir. A.Skarlattiniň döredijiliginiň yzygiderli dowam etdirilmegi netijesinde italýan opera sungaty çeperçilik taýdan uly ösüşe gadam basýar. A.Skarlattiniň ýolbaşçylyk etmegindäki Neapol opera mekdebiniň beýleki kompozi-torlary L.Winçiniň, P.Gulýelminiň, F.Durantýeniň, N.Ýommelliniň, Dž.Paiziýellonyň, Dž.Pergolýeziniň, N.Piççininiň, N.Porporanyň, A.Sakkininiň, T.Traettanyň, D.Çimarozanyň Italiýada opera sungatynyň beýge galmagyndaky roly uly bolupdyr. Italiýan opera sungatynyň uly ösüşlere ýetmegine garamazdan bu žanryň kemçiliklerem az bolmandyr. Tomaşaçyny özüňe çekmek üçin egin-eşiklerde gerekmejek dürlr-dürli reňklilik, öz döredýän keşbindäki ussatlygyny gereginden artyk edip görkezjek bolmaklyk, spektakly dürli-dürli eşikler bilen ýönekeýje konserte öwürmeklikler bolupdyr. Umuman Italiýada opera sungatynyň ösüşine ,,opera-seria” diýlipdir. Beýle diýilmesi /Orera-seria ita-liýan sözi bolup, manyly, salyhatly diýmekligi aňladýar. Şeýle operalar XVII asyda Neapolitan opera mekdebiniň, onyň esasyny tutujylaryň biri A.Skarlatty tarapyndan ýola goýulýar. Sözlüge seret./opera spektaklynyň konserte öwrülmän manyly, salyhatly bolmagyny, tomaşaçylarda duýguny, pikirlen-mäni döredip bilmekligi aňladýar. Ýiti tankyda düşen opera-seria ugurda XVIII asyrda Italiýan Magaryfçylary reforma geçirmeklige ýüz urupdyrlar.Şa-hyr, libretteçi A.Dzeno opera-serialary göçürmelerden (ştamplardan), dürli bozulmalardan arassalap, belli bir laýyklyga getirip, Klassisizm akyma ugruk-dyrmakçy bolupdyr. Şahyr we dramaturg P.Metastazio bolsa opera-seria spektallarynda ulanylýan klassiki tragediýalarda, poýeziýa bilen sazyň, ariýa bilen reçitatiwalaryň /reçitatiwa-operada sözleriň, sözlemleriň aýdym edilip aýdylmagy/ dogry gatnaşygyny we olaryň deň ölçegliligini /deň agramlylygyny/ saklamaklygyň hökmanydygyny öňe sürüpdir. Ýöne, daşyna kerep ýaly aýlanan ýetmezçilikler opera-serialary dogry ýola salmakdan bärden gaý-dypdyr. Hat-da, P.Metastazionyň Rim respublikasynyň döreýşini öz içine al-ýan gahrymançylyklara ýugrulan opera-seriasam hiç-hili üstünlikden peýda-lanmandyr. Täzelikçi kompozitor N.Ýommelli özüniň beýik sazanda hasap- lanmagyna garamazdan opera-seriada etmekçi bolan reformasy başa bar-mandyr.Gahrymançylykly sazly-drama psihologik çuňlyk berip döreden ,,Di-dona” /1749ý./, ,,Faýeton” /1768ý./ eserlerem P.Metastazionyň Rim res-publikasynyň taryhy bilen baglanyşykly gahrymançylykly spertaklynyň ýag-daýyna düşüpdir. XVIII asyrda Italiýanyň uly şäherlari bolan Neapolda açylan "San-Karlo” (1737), Milanda açylan ,,La-Skala” (1778), Wenesiýada açylan "Feniçe” (1792) opera teatrlarynyň işe başlamagy bilen sungatynyň bu žanrynda uly öňe gidişliklere ýol açylypdyr. Teatrlarda spektakllary goýmaklykda "kýa-roskura” (gapma-garşylyklaryň, terslikleriň, ýagtylyklaryň, reňkleriň özara gatnaşygy) düzgünlerinden ugur alnyp başlanýar. Beýle ýagdaý esasanam sahna bezeginde gerek bolupdyr. Şeýle ýagdaýyň operalarda emele gelme-ginde, XVII asyrda, XVIII asyryň başlarynda Dž.Torelliniň, Frediň, Dž.Bibbina-nyň spektaklyň görkezilýän sahnasyny "hereketli” we "hereketsiz”diýip ikä bölmeklerinden, spektaklda çykyş edýän personažlaryň mizanssenanyň da-şynda tutýan orunlaryny bölmeklerinden (razdelenii) ugur alnypdyr. Keşpleri döredýänleriň drama tarapdan ugur alýan böleginden üýtgewsüzlik, gymyldysyzlyk (sratiçnost), balet bölüminden köşk etikasyna mahsus /golaý/ endygan hereket talap edilipdir.Speptakldaky egin-eşikler köşk eginbaşlary ýaly bezemen, iň esasy zadam opera-serialarda wokal ýerine ýetirijilik juda ýokary bolmaly hasaplanypdyr. Ýokarda bellänlerimizi özüne siňdirip bilen Italiýan opera-serialary iň ýokary derejelere galypdyr. Şeýle dereje opera-se- ria spektakllarynda aýdym aýtmakda (soloda) "bel kanto” (ýokary, beýiklik) derejä ýetipdir. XVIII asyr italýan opera aýdymçylary: Neapolitanly N.Por-poradan, Bolonýeli F.Pistokkiden sapak alypdyrlar. Wenesianly wokal mek-debiniň ýolbaşçylary A.Lottiniň, M.Gaspariniň wokal ugrundan öňe sürmelerden peýdalanypdyrlar. XVII asyryň aýaklarynda operalarda erkekleriň aýdymlary (partiýalary) düzgün boýunça aýdymçy-kastratlar (latyn dilinde kastro-os-koplýaýu-biçmek, agta etmek manyny berýär.) XVI-XVIII asyrlarda katolik buthanalarynyň ýanynda hereket eden opera teatrlarynda ýaş erkek çagalaryň sesleriniň tembrini (mylaýymlygyny, ýakymlylygyny), esasanam sopranoda (iň belent aýal sesi) ýa-da altda (çaganyň ýa-da aýalyň pes sesini saklamak üçin şeýle edipdirler. Sözlüge seret.) ýerine ýetiripdirler. Aýdymçy-kastratlar XVIII asyrda şöhratdan peýdalanypdyrlar. Aýdymçy-kastrat A.Bernakki /1685-1756ýý./, G.Gwadani /takmynan 1725-1792ýý./, Dž.Karestini, Kaffarelli, G. Pakýarotti, Senezino, Farinelli we beýlekiler diňe wokalçy bolman, eýsem ajaýyp aktýorlaram bolupdylar. XVIII asyryň aýaklarynda XIX asyryň başla-rynda tenor /tenor-erkek adamlaryň iň belent sesi/ aýdymçy-kastratlary ýuwaş-ýuwaşdan gysyp çykarypdyr. XVIII asyrda opera-serialary ýerine ýetiriji aýdymçy aýallar L. Agýary, A. de Amiçis, F.Bordoni, K.Gabrielli, F.Kussoni, W.Tezi,erkek aýdymçylardan A. Amorewoli /1716-1798ýý./, M.Babini /1754-1816ýý./, Džakomo Dawid iň ýokary derejeli aýdymçylar hasaplanypdylar. XVIII asyryň 30-njy ýyllarynda opera-serialar bilen bir hatarda Italiýan komiki /gülküli/ operalaram gülläp ösüpdir. Bu žanr gülküli, durmuşy bol- mak bilen XVII asyrda peýda bolup ugrapdyr. Gülküli operalaryň ilkinji aw-torlary W.Madzokki, M.Maradzoli hasaplanýar. Bu žanryň görnüşleri köp bolsada,esasy görnüşi opera-buff /gülküli häsiýetde gurnalýan oýun/ bolup, onuň dörän ýerem Neapol bolupdyr.XVIII asyrda ýazgysy A.Merkotellisa ta-rapyndan edilen ,,Kostydan bolan Kum Kalenno”opera-buff A.Orefiçe tara-pyndan 1709-njy ýylda Neapolda sahna çykarylýar. Spektakl buffonada /buffonada-gülküli, komiki häsiýetdäki gurnalan oýun/ örän baý bolupdyr. Opera-buff operalarynda köplenç ýagdaýlarda opera-seria spektakllarynyň şertleýinligininiň hem-de göçürmeliginiň üstünden içýakgyç /parodiýa/ gü-lünipdir. Ilkinji nusgawy /klassik/ opera-buff 1733-nji ýylda Pergoleziniň ,,Hyzmatkär-hojaýyn zenan” ady bilen sahna çykarylýar. Sahnada peýda bo-lan bu opera-buffyň arakesmeleri intermediýalar we Pergoleziniň ,,Namys- jaň ýesir” opera-seriasynyň käbir bölekleri bilen doldurylypdyr. XVIII asyryň 2-nji ýarymynda opera-buffyň uly ussatlary peýda bolupdyr. Olardan B. Ga-luppi Wenesiýadan, N.Logroşino /takmynan 1698-1765ýý./, N.Piççini, Dž. Paiziello, D.Çimaroza Neapolda çykyş edipdirler. Opera-buffyň Italiýada ös-megine Karlo Goldoniniň döredijiligem uly täsir edipdir.Ol Galyppiniň ,,Oba filosofy” /1754ý./, we beýleki birnäçe opera-bufflara librettolar ýazypdyr. Dramaturg Karlo Goldoniniň tassyklamagyna görä: ,,Italiýan sahnasyna çy-karylan N.Piççiniň ,,Çekkina, ýa-da rehimli gyzy” /1760-ý./, Dž.Paizellanyň ,,Sewil dellegi” /1782ý./, ,,Degirmençi zenany” /1788ý./, şeýle hen, D. Çim-arozynyň ,,Gizlin nikasy” /1792ý,/ opera-bufflary özüniň mylaýymlyk, ýuka ýüreklilik adatlary bilen has-da tapawutlanyp liriki duýgylary tomaşaçylaryň kalbynda oýaryp bilipdir”. Opera-buff sazly sahna žanry bolmak bilen, ýaş buržuazyýanyň öňe süren opera-serialarynyň garşysyna çykarylypdyr. Bu žanr özüniň demokratik häsiýetleri, durmuşy hakykatlary öz içine alýan sýužetleriniň üsti bilen açyp görkezip bilmekligi, gapma-garşylykly dawalary, çekişmeleri, içýakgyç gülkili wakalary satiranyň üsti bilen berip bilmegi netijesinde tapawutlanypdyr. Opera-bufflarda opera-serialardaky ýaly howaýy, gahrymanlaryň şahsy, öz-başdak häsiýetleriň ýoklugy ýaly zatlardan gaça durlyp, ýiti hakykaty açyp bilýän "del arte” komediýalaryna mahsus keşpler girizilipdir. Opera-bufflarda opera-serialardaky saz bilen dramanyň arasyndaky bozulan deň agramlylyk-laram dikeldilipdir. Bu spektaklda ariýalardan başgada,ansamblyň we horuň çykyşlaram girizilipdir.Bu ýagdaýa esasanam spektaklyň jemleýji pursadynda üns has-da güýçlendirilipdir. Opera-bufflarda saz bilen sahnadaky hereketiň endiganlygyna, halkyň öňden gelýän aýdyşyk çeşmelerine ýüzlenilipdir. Bu žanrda esasy häsiýetleriň biri "gury” reçitatiwa (reçitatiw-sözleriň we söz-lemleriň aýdym dilip aýdylmagy) ünsüň güýçlendirilip, janly gepleşikleriň üsti bilen tomaşaça wakalaryň ýetirilmegi, sahnada gahrymanlaryň birek-birege henek atmaklary tomaşaçyny özüne çekipdir. Italiýan sahnasynda peýda bolan žanrda aýdymçylaryň ansambllaşmagynyň, deklomasiýa görnüşinde çykyş etmeleriniň, tans žanrynyň ösdürilmeginiň üsti bilen şöhrat gazanylyp-dyr. Wokal tehnikasy tutuşlygyna sana keşplerine öwrülmek arkaly ösdüri-lipdir. XVIII asyrda opera-bufflarda çykyş edýän aýdymçy aýallar A.de Amçis, A.Tonelli, aýdymçylar M.Allegranti (1750-1802), L.Bassi (1766 ölen wagty näbelli), F.Bussani, A.Morikelli-Bozello (1745-1800) ýetişip, olar uly hormatdan peýdalanypdyr. XIX asyrda Italiýada opera sungatynyň ösmegine ýurtda watançylyk he-reketleriň peýda bolmagy, dagynyk Italiýan halklarynyň birleşip, bitewülige, azatlyga eýe bolmagynda saklan ýakyn aragatnaşygynyň täsiri örän uly bolupdyr. XIX asyryň başlarynda Italiýanyň opera sungaty ýurtda bolup geçýän syýasy çaknyşyklaryň, milli dagynyklylygyň, gahar-gazaplaryň yzygiderli do-wam etmekligi netijesinde aşak gaçmalary başyndan geçiripdir. Opera sungatynyň sakasyny P.Dženerli (1783-1832), S.Pawezi (1779-1850), F.Paera (1771-1839), W.Forawanti (1764-1837), N.Singarelli (1752-1837) ýaly ikinji, üçünji derejeli kompozitorlar eýeläpdirler.Ýurdyň beýik kompozitorlary hasaplanýan L.Kerubini, G.Spontini ýaly kompozitorlary Ita-liýanyň çäklerinden daşda işlemeli bolupdyrlar. XVIII asyryň aýaklarynda bolup geçen Fransuz buržuaz rewolýusiýasy Italiýanyň jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýyna öz täsirini ýetirmegi bilen Italiýan opera sungatynyň täzeden dünýä inmegine we ösmegine belli bir derejede ýol açypdyr. Italiýada dörän şeýle ugry esaslandyryjylaryň biri Dž.Rossininiň irki ýazan operalary "Tankred”, "Italýan gyzy Alžirde” (ikisem 1813 ýylda) opera žanrynda reforma geçirmeklige çagyryş bolup hyzmat edipdir. Dž. Rossini opera-seria žanrynyň çeperçiligini we manylylygyny ýokarlandyryp, gahrymançylykly-drama öwürmekligi öňe sürüpdir. Öz öňe süren ideýalaryny durmuşa geçirmek üçin, Dž.Rossini Wolteriň, Şekspiriň, W. Skottanyň eserlerine ýüzlenipdir.Rossini opera-bufflaryňam ideýa-mazmunlaryny art-dyryp, satiranyň ýitiligini ýokary derejä ýetirmekde-de birnäçe işleri amala aşyrypdyr. Dž.Rossiniň nusgawy (klassik) "Sewil dellekçisi” (melodramasy-1816) opera-buffy öz sosial-manylygy, durmuşy açyp görkezmekdäki ýiti- ligi, sazyň özboluşly häsiýetliligi bilen tapawutlanypdyr. Dž.Rossini öz eserlerinde ariýalary, ansambllary, hory, reçatatiwi (sözleriň, sözlemleriň aýdym edip aýdylmagy), orkestriň ýerine ýetirijiligini we partiýalary baýlaşdy-rypdyr.Ol zehinli sazanda bolmak bilen Italiýan operalarynyň öňden gelýän, öňdebaryjy adatlaryny saklapdyr, ösdüripdir, operadaky wokal aýdymlarda labyzlylygy, owazlylygy, heňliligi artdyrypdyr. Solistlaryň (aýdymçylaryň) aýdym aýdýan pursatlary özbaşdak çykarýan hokgalaryna garşy göreşipdir, koloraturanyň (sesiň bokurdakda gaýnadylyp, aýdymyň sazlaşdyrylyp, owaz- laşdyrylyp çykarylmagy) gereginden artyk ýerine ýetirilmeginede üns berilmegini ündäpdir. Dž.Rossiniň döredijiligi Fransuz operalaryna täsir etmek bilen gahry-mançylyga ýugrulan joşgunlylygyň, watançylygyň ösdürilmegine ýol açyp-dyr. 1829-njy ýylyň Iýul rewolýusiýasynyň başlamagy bilen Dž.Rossiniň ,,Wilgelim Tell” operasynyň Parižde sahna çykarylmagy halky barlyşyksyz göreşe çagyrypdyr. XIX asyrda Italiýada sazly-drama sungatynda bolan arzuwçyllyk (Romantizm) eýýamynyň öňe sürmelerini Dž.Rossiniň yzyny dowam etdirijiler W.Bellini we G.Donisetti alyp göteripdirler.W.Bellini özüniň "Möçber" ("Norma" 1831) operasynda Watanyň azatlyk arzuwynyň hasyl bolmagyna bo- lan çagyryşy ýaňlanypdyr. Ol bu ýagdaýy öz eserinde joşgunly uly lirizm,saz-daky ýönekeý manylylyk bilen öňe sürüpdir. G.Donisettiniň opera sungatynyň dürli žanrlaryna degişli bolan melo-dramalary, taryhy-gahrymançylykly, liriki-joşgunly, liriki-dramaly, komiki operalary we opera-bufflary dürli taraplaýyn işlemek arkaly teatr sahna-synda açyk şöhlelendirmekden, gapma-garşylyklary täsirli beýan etmekden, dürli reňklerde açyp bilmekden ybarat bolupdyr. G.Donisetti özüniň ähli eserlerini diýen ýaly Gýugonyň, Skottanyň, Baýronyň sýužetleriniň esasynda ýazypdyr. Onuň "Luçiýa di Lammermur” (1835), "Don Paskyale” (1843) operalarynda manylylyk, kompozisiýa tehnikasyny ýokary ussatlyk bilen berip bilmegi döwürdeşleri tarapyndan gyzgyn garşylanypdyr. Täze Italiýan opera sungatynda Dž.Werdiniň döredijiligem özüne mahsus belentligi tapypdyr. Onuň döredijiligi esasan Italiýan azat ediş ,,Risorg-žimento”/Itliýan dilinde-Galkynyş manyny aňladýar/ hereketi bilen arabaglanyşykda bolupdyr. Onuň şol döwürlerde döreden "Nabukko" (1842), "Lombardçylar ilkinji haçly ýörüşde" (Lombard-Italiýada şalyk", 1843) operalary bilen azat ediş hereketini wasp ediji hökmünde çykyş edipdir.Dž.Ros-siniň operalaryny sahna çykarmak bilen Dž.Werdi ol operalara sahnada hyrsyz, edermenlik häsiýetleri hem girizipdir. Dž.Werdiniň ähli operalary zorluga we zuluma garşy bolupdyr. Onuň "Ernani” (1844), "Foskarydaky iki adam” (1844), "Makbet” (1847), "Lenýanodaky söweş” operalary gyzgyn syýasy çykyşlary emele getiripdir. "Luiza Miller” (1849), "Riroletto” (1851), "Trubadur” ("Oba şahyry" (1853), "Trawiata” (1853) operalary ýurtda bolup geçýän deňsizlikleri lirika ýugrulan adatlaryň esasynda jemlemek arkaly tomaşaça ýetiripdir. "Sisiliýa agşamy" (1855), "Balmas-karad” (1859), "Ykbalyň güýji” (1862), "Don Karlos” (1867) operalary taryhy-gahrymançylykly mazmuny öz içine almak bilen halkyň azatlyga, öz-başdaklyga bolan arzuw-hyýalynyň mizemezdigini opera sungatynyň ähli serişdeleriniň üsti bilen beýan edipdir. "Aida” (1871), "Otello” (1887), "Falstaf” (1893) operalary Dž.Werdiniň operalarynyň çürbaşy hasaplanmak bilen opera realizminiň (hakykatyň) iň ýokary derejesini tomaşaça açyp bilipdir. Dž.Werdi özüniň soňky eserlerinde libretto ünsi güýçlendirip, sazly dramalarda arasy üzülmeýän hereketleri döretmegiň üstünde işläpdir. Onuň maksady "tutuk” operalardan daşlaşyp maýyşgak, çeýe operalary döretmeklige ündelipdir. Spektallarda sahna hereketiniň aýdyň bolup, ma-ýyşgaklyk, çeýelik bilen reçitatiwdan /sözleriň, sözlemleriň aýdym edilip aýdylmagyndan/ monologa, solo aýdymyndan ansamblyň ýerine ýetirýän aýdymyna arasy kesilmezden geçmekligi öňe sürüpdir.Operada leýtmotiwi /leýtmotiw-sazly eserde başdan-aýak ulanylýan äheň. Sözlüge seret./ ulan-mak bilen, orkestriň ýerine ýetirjiligine ünsi güýçlendirmegiň wajypdygyny bellapdir. XIX asyrda kompozitorlar S.Meradante /1795-1870ýý./,Dž.Paçini/1796-1867ýý./, A.Ponkelli, L.Riççi /1805-1859ýý./ opera eserlerini döredipdirler. Emma, olaryň döreden eserleri Italiýanyň opera sungatynyň ösmegine öz täsirini ýetirmekden has bärden gaýdypdyr. XIX asyrda Italiýada syýasy şertleriň, ýagdaýlaryň yzygiderli üýtgäp durmagyna garamazdan opera sun-gaty iň köpçülikleýin, iň demokratik teatr žanry hasaplanypdyr. Italiýan ope- ra sungaty wokal we sahna eserleriniň arasynda tomaşaçyny täze durmuşy şertlere çagyrmakda halka has golaý bolup hyzmat edipdir. Şol döwrüň kompozitorlary solistlardan (aýdymçylardan) tomaşaça aýdyň, düşnükli hereketleri ýerine ýetirmeklerini berk talap edipdirler. Şeýle talap operada çykyş edýän ähli aktýorlar ansamblyna degişli bolupdyr. Opera sahnasy-nyň bezegleriniň we aktýorlaryň egin-eşikleriniň taryhylygy hökmany ha-saplanypdyr. Opera sungatynda režissýorlardan edilýän talabam güýçlenip- dir. Italiýan operasynda yzygiderli edilýän talaplaryň netijesinde dünýä belli beýik aýdymçy zenanlar: M.Alboni, Dž.Grassini, Džuliýa Grizi, Džuditta Grizzi, T.De Džuli Borsi, A.Katalani, A.Patti, I.Kolbran, M.Markizio, A.Patti, Dž. Pasta, M.Pikkolomini, E.Fressolini, aýdymçylar: M.Battistini, F.Galli, M.Garsia, Džowanni Dawid, D.Donsella, A.Kotoni, L.Labaş, Dž.Mario, A.Nossary, A.Pini-Korsi, Dž.Ronkoni, Dž.Rubini, R.Stano, N.Takkinardi, F.Tarmano, E. Tamberlik, A.Tamburini ýaly aýdymçylaryň döremegi opera sungatyny arşa çykarypdyr. XIX asyrda käbir Italiýan kompozitorlary A.Boýto, F.Façço (1840-1891), şolaryň yzysüre A.Katalani (1854-1893), A.Franketti (1860-1942) italýan operasyny "Wagnerçilik” (Wagner Rihard 1813-1883, beýik nemes kompozitory, drižýor, ýazyjy, opera sungatynyň reformatory. Sözlüge seret.) sazly-drama ugrukdyrmakçy bolup köp işleri edipdirler. XIX asyrda italýan operasynda täze "Werizm” (Sözlüge seret) ugry hem gelip çykýar. Bu ugra ýykgyn eden kompozitorlar R.Leonkawello, P.Maskani, Dž.Puççini bolupdyrlar. Ilkinji "werizm” ugur P.Maskaniniň ,, Oba wyždany” (1890) operasynda peýda bolýar. "Werizme” gulluk edýän kompozitorlaryň esasy aýratynlyklary öz orta oklan sýužetlerinde durmuşy hakykaty bolşy ýaly suratlandyrmakdan, açyp görkezmekden ybarat bolupdyr. Şol operalarda ýönekeýje adamlaryň dünýä garaýyşlary, ýaşaýyş durmuşlary, olaryň dünýäni kabul edişleri, ýiti sazly dramaturgiýanyň üsti bilen toma-şaça ýetirilipdir. "Werizm”operalarynda ýerine ýetiriliş ugur, labyzlylyk /eks-pressiýa/, mylaýymlyk (sentimentallyk), düpli netijelilik /effektiwnost/ esasy ýörelge hasaplanypdyr. Kompozitor Dž.Puççininiň "Bogema” (Buržuaz jemgyýetinde maddy taýdan ýeterlik üpjün däl we hemişelik ýaşaýyş ýerleri bolmadyk adamlar. Bu topara esasan aktýorlar, sazandalar, hudožnikler girýärler. Sözlüge seret. 1896), "Gaýgy-gam” (Toska- 1900), "Çio-çiosan” (1904), "Günbatarly gyz” (1910) operalary özüne çuňňur psiholo-giýany siňdirmek bilen "werizmiň” çäklerinden çykypdyr. XX asyrda Italiýan operasy özüniň jemgyýetçilik täsirini ýitirip ugrapdyr. Sebäbi, şol döwürde sungatyň "modernizm” (täzelikler girizmek ugry) ýüze çykyp, "formalizm” (daşky görnüşi) öňe sürmek akymy peýda bolup başlaýar. A.Kazellanyň "Ýylan aýal” (1932), F.Maliperonyň "Orfeidy” (1925), I.Pissettiniň "Debora we Žaýel” (1922), O.Resiginiň "Belfagor” (1923) operalary ýokarda bellän akymymyza düşen spektakllar bolmak bilen sun-gatyň bu görnüşini yza tesmelere alyp barypdyr. Kompozitor G.Alfanonyň döredijiligi bolsa, opera sungatyny "ekletizm” (sungatda dürli ideýalaryň, garaýyşlaryň, nukdaýnazarlaryň hiç bir esassyz, mehaniki ýagdaýda bileleşmegi. Sözlüge seret.) ugra tarap çekipdir. Onuň L.Tolstoýyň "Ýekşenbesini” (1904), R.Dzandonanyň "Françeska da Riminini” (1914), E.Wolf-Ferrariniň ,,Madonnanyň monjuklary (1911) eserleriniň sahna çözgüdi "ekletizm” akymyň sungaty bolmagyndan ugur alypdyr. Beýleki bir kompozitor M.Kastelnuowo-Tedekonuň "Mandragorasy” (1926) toksan halk çeşmeleri bilen berk aragatnaşykda bolunyp sahna çykarylandygy duýlupdyr. Opera žanrynda kompozitorlar-dodekofonistler (dodekofoniýa - grek sözi bolup, dodeko-on iki, rohne-ses manyny aňladýar.Sözlüge seret.) Dž.F.Gedini (doglan wagty 1892), L.Dallapikkola, G.Petrassi (doglan wagty 1904) operada sazlaşykly on iki sesi çykarmaklygyň üstünde işläpdirler. L.Dalla-pikkola özüniň "Tussag” (1905) operasynda ýokarda bellän on iki sesi çykarmak arkaly ikinji jahan urşundaky wakalary beýan edipdir. Kompozitor R.Rossellini (doglan wagty 1908) neorealistik (hakykaty beýan etmeýän) teatry döretmegiň üstünde işläpdir. Onuň "Wihr” operasy Rimde (1959-1960) iki möwsüm yzly-yzyna sahna çykarylypdyr. Opera işçiler gozgala-ňyny beýan edipdir. XX asyrda Italiýan opera teatrlary özüniň meşhurlygyny saklapdyr. Italiýanyň uly şäherleri bolan Rimde, Milanda, Wenesiýada, Genuýede, Neap-olda, Florensiýada, Palermoda Italiýan we dünýä klassikleriniň eserleri ýe- rine ýetirilipdir. Amerikaly kompozitory Dž.Monotti tarapyndan Spoleoda gurnaýan ,,Florentin sazly-maý”, ,,Iki dünýäniň festiwaly” atly we Wenesi-ýada geçirilýän häzirki zaman sazly-halkara festiwalynda görnükli ýerleri eýeläpdirler. Rimde we Werone şäherlerinde tomus aýlary açyk asmanyň aşagyndaky meýdançalarda opera möwsümleri geçirilipdirler. Şol geçiril- ýän opera agşamlarynda XX asyryň be-ik drižýorlary W.Guýi, M.Rossi , K. Kampanini, A.Tosanini, dünýä belli aýdymçy aktrisalar Dž.Bellinçoni, A.Gal- li-Kurçi, Dž.Dalla-Rissa, T.Dal-Monte, E.Karelli, L.Tetrassini, aýdymçylar Dž. De Luka, F.De Lýçia, B.Dželi, E.Karuzo, Dž.Lauri-Wolpi, A.Mazini, A.Pertile, E.Pinsa, T.Ruffa, T.Skipa çykyş edipdir. Şolar bilen bir hatarda Italiýanyň XX asyrda meşhurlyk gazanan aýdymçy aktrisalary M. Kailýa, Dž. Simionato, E. Stinýani, R.Tebaldi, aýdymçylary T.Gobbi, M.Del Monako, Dž.Di Stefano, Ç. Sepi, N.Rossi-Lemeni tomaşaçylaryň gyzgyn garşylamagyna mynasyp bolup, italýan opera sungatynyň gülläp ösmegine öz goşantlaryny goşupdyrlar. • Italýan baleti Italiýa Ýewropada häzirki zaman balet sungatynyň dün- ýä inen ýeri hasaplanýar. Şeýle sungatyň dünýä inmegi öz gözbaşyny Antik eýýamynyň pantomimylaryndan we tanslaryndan alyp gaýytmak bilen orta asyr mimleridir halkyň baý medeni mirasy bolan halk tanslaryny özünde jemleýär. Orta asyrlarda karnawallar, maskaratlar, teatrlaşdyrylan çykyşlar halk baýramçylyklary bolup, ol halklaryň aýrylmaz bir bölegi hasaplanypdyr. XIII asyrlarda barly adamlaryň ýaşan öýlerinde, olaryň öýleriniň gapdalynda ýöriteleşdirilen meýdançalarda halk tanslarynyň üýtgedilen, tazeden işleni- len görnüşinde bal-tanslary /balnyýe tansy/peýda bolup ugrapdyr.XIV asyr-laryň ortalarynda öýlerde we meýdançalarda edilýän tans tomaşasyna isleg artyp ugraýar.XV asyrda Italiýada tans mekdebi we olara tans etmäni öwre-dýän tansmeýster käri peýda bolýar. Şol bir wagtyň özünde tans barada traktat /tans baradaky ylym/ ýazylyp ugraýar. Şeýle ýazgylaryň awtorlary R. Rigoni /1468ý./, G.Ebreo/XV asyryň aýaklarynda/, F.Karozo /1581ý./, Ç.Negri /1602ý./ bolupdyrlar. XV asyyň aýaklarynda XVI asyryň başlarynda göçme manyly /allegoric/ we miflere ýugrulan pantomimiler /balli figurati/, Rim komediýalary esa-synda şekillendiriş tanslary /izobrazitelniýe tansy/ öýlerde, öýleriň töwere-gindäki meýdançalarda gurnapdyrlar. Tanslar teatrlarda esasy ýerleri eýe- läp başlaýar. Esasanam ,,del arte” komediýalarynda tanslara üns güýçlenip-dir.Sebäbi, ,,del arte”komediýalarynyň aktýorlary ussat gimnastlar we tans-çylar bolupdyrlar. ,,Del arte” komediýalaryndaky komiki tanslar gapy meý-dançalarynda balet çykyşlary bilen bilelikde görkezilip başlanýar. XVI asyryň aýaklarynda XVII asyryň başlarynda baýramçylyklary gurnaý-jylar bolan tansmeýstrleri, kompozitorlary, hudožniklleri Fransiýada geçiri-lýän teatrlaşdyrylan baýramçylyklara çagyryp başlapdyrlar. Şol wagtlar ge-çirilýän baýramçylyklarda komiki baletler /drama gatyşykly/,aýdylmaly söz- leri sazyň we tansyň üsti bilen berilýän /Şa aýaly üçin komiki balet/baýram-çylyk ilkinji sapar Baltazarini tarapyndan Parižde 1581-nji ýylda geçirilipdir. Bu žanr uzak wagt geçmänem bütin Ýewropa,şol bir wagtyň özünde-de Ita- liýa ýaýraýar. XVII asyryň ikinji ýarymynda ,,gapy” baleti Italiýada giň gerime eýe bol-ýar. ,,Tirreniniň azat edilmegi”bilen baglanyşykly baýramçylykda Rimde,Mi-landa, Wenesiýada, Neapolda, Urbinoda, Flarensiýada balet çykyşlary to-maşaçylar köpçüligine hödürlenipdir. Ýazgysy A.Salwadora, sazy Peri bilen Galýana degişli ,,Alhimikleriň baleti”/1617ý./, F.d,Alýe tarapyndan goýlan ,,Temmäki” /Tabak 1650ý./ baleti goýlupdyr. XVIII asyrda Italiýanyň köp şäherlerinde sazly komediýalaryň, operala- ryň gapdalynda balet çykyşlaryny goşmaklyk däbe öwrülip başlaýar. Italiýa-nyň uly şäherleri bolan Wenesiýada, Flarensiýada, Rimde, Neapolde /,,San-Karlo” teatrynda 1737ý. başlap/, Turinde /,,Redžo”teatrynda 1741ý., ,,Kari-nýano teatrynda 1752ý. başlap/, Milanda /1778ý. ,,La Skala teatry açylan-dan soň/ balet tanslary yzygiderli görkezilip başlanýar. Şol teatrlarda balet-meýstrler G.Andžolini, Dž.Kansiany işläp köp sanly balet aktýorlarynyň ýe- tişmegine uly ýardam edipdirler. Italiýada balet ugrundan aktýor maşgalalary hem emele gelip ugraýar. Şol maşgalalarda S.Taloni, Wigano, Andžolini, Westris, Pallerini ýaly belli aktýorlar we baletmeýstrler ösüp ýetişipdirler. Italiýadan bolan balet tans-çylary ýurdyň çäginden çykyp başga ýerlerde çykyş edipdirler. Fransiýada, Germaniýada (La Barberina-Barberina Kampanini), Awstriýada, Daniýada (W.Galeotti), Russiýada (A.Rinaldi, Dž.B.Lokatelli, , Kansiani, A.Sakko, Andžolini) çykyş etmek bilen balet tansynyň örüsini giňeldipdirler. Olaryň täsiri astynda beýleki ýurtlarda hem milli balet tanslaryň emele gelmegine, ösmegine ýol açylypdyr. XVIII asyryň aýaklarynda XIX asyryň başlarynda Italiýada balet tansy sungatynyň täzeçe ösmegi Italiýanyň özbaşdaklygy ugrundaky alyp barýan göreşleri bilen gabat gelýär. Ž.Ž.Noeweriň Fransiýadan, Andžoliniň Weneden öňe sürmeleri esasynda balet spektakllary hereket edip başlaýar. Şeýle balet spektakllary G.Džoiniň "Sezar Müsürde" (1807), "Gabriela da Werži” (1819) we S.Wiganonyň gahrymançylykly mimodramalary "Prometeýiň döredeni” (Bethoweniňki 1801), "Atyjylar” (1809), "Otello” we "Westalka (1818) tomaşaçylar üçin uly täzelik bolup hyzmat edipdir. Spektakllara tomaşa eden beýik Fransuz ýazyjysy Stendal baletmeýstr S.Wigano uly baha bermek bilen ony U.Şekspire deňäpdir. Baletmeýstrler S.Wiganonyň, G.Džoiniň drama baletlerinde zehinli hasplanýan tansçy-pantomimiçiler A.Palerini, N.Molinari yzygiderli çykyş edipdirler. XIX asyrda Milan şäherindäki ,,La Skala” teatry Ýewropada iň uly balet teatry bolmak bilen, 1813-nji ýylda şol teatrda balet mekdebi döredilip şol ýerde köp sany zehinli balet mugallymlary işläpdir. Şol sanda Ýewropa ýurt-larynda giňden tanalýan balet mugallymy K.Blazis hem sapak beripdir. Dün- ýä belli balet artistleri K.Grizi, F.Çerrito, L.Gran, baletmeýstrler A.Kortezi,Dž. Rota şol mekdebiň uçurymlary bolmak bilen uly şöhratdan peýdalanypdyrlar. XIX asyryň ikinji ýarymynda beýleki ýurtlarda bolşy ýaly Italiýada-da ba- let sungatynda pese gaçmalar bolup geçýär. Şeýle pese gaçmalaryň esasy sebäpkäri tehnika hasaplanypdyr. Sebäbi sahna tehnikasy balet tanslarynyň manylylygyna /wyrazitelnost/ öz täsirin ýetiripdir.Tehniki goşundylary bir-bada ele almaklyk hemme aktýorlara başartmandyr. XIX asyryň 80-nji ýyllarynda Italiýada N.Mansotti tarapyndan sahna çy-karylan ,,Ekselsior” /1881ý./, Marenko tarapyndan sahna çykarylan ,,Söýgi” /1886ý./ balet spektakllary özleriniň taryhy, göçme manylygy bilen meşhur-lyk gazanmagyň hötdesinden gelip, köpler üçin sapak alarlyk netijäni gaza-nypdyr. Muňa garamazdan döredijilikden mahrum bolup haýsydyr bir zada ökünmekden /epigonçylykdan/,Mansotta täsirlenip işlän baletmeýstrler A. Koppininiň, Prateziniň sahna çykaran baletleri many taýdan juda pes bol- mak bilen tomaşaçyny özüne çekmekden has bärden gaýtmak keseline uç- rap sahnadan düşürilipdir. XIX asyryň aýaklarynda Milan şäherindäki ,,La Skala” teatrynyň balet mekdebini K.Briansa, P.Lenýani, W.Sukki ýaly ýaş balet tansçylary tamam- lapdyrrlar. Olar bir ussat tansçylar bolup ýetişmän, tans tehnikasynyň we dramasynyň ähli ugurlaryny ele almak bilen aktýorlar hökmünde-de tary- ha giripdiler. Şol mekdebi tamamlan E.Çekketti bolsa, uly şöhratdan peýda-lanýan tans mugallymy /pedagogy/ hökmünde tanalyp başlanýar. XX asyryň başlarynda köp opera teatrlarynda balet truppalarynyň bol-manlygy sebäpli balet sungaty ýene-de pese gaçyp başlaýar. 20-nji ýyllar- da E.Çekkettiniň Italiýa dolanyp gelmegem,beýleki bir Italiýan balet mugal-lymy /pedagogy/ Ç.Fornaroliniň eden tagallalaram peýda bermän balet mekdebiniň özem täsirini ýitirip ugrapdyr. Şol bir wagtyň özünde Italiýada we beýleki Ýewropa ýurtlarynda Rus balet sungatyna bolan tanyşmaklyk islegi artyp ugraýar. Italiýada balet sungatynda başlan Galkynyş eýýamy Rus baletmeýstri B.Romanowyň Rimde, Milanda, Turinede 20-30-njy ýyllarda goýan balet spektakllary, şeýle hem Wenger baletmeýstri A.Milloşanyň 30-40-njy ýyllarda Italiýada işlemegi täzeden galkynmaga ýol açýar. A.Milloşanyň Dallapikkolynyň "Deňiz” (1948), Buççiniň "Mirandolina (1957) balet spektakllaryny goýmagy Italiýada balet sungatynyň täzeden galkyn- magyna getiripdir. 30-njy ýyllarda meşhurlykdan peýdalanan tansçy aýal A.Riçe 1950-nji ýyllarda Rimdäki balet mekdebine ýolbaşçylyk edipdir. Wagtyň geçmegi bilen şol mekdebe O.Amati, U.Dell, Ara, W.Kolombo, M.Pistoni, K.Fraççi baş-tutanlyk edip balet aktýorlarynyň giden uly toparynynyň ösüp ýetişmegine goşant goşupdyrlar. 50-nji ýyllarda operalaryň gapdalynda balet truppalary döredilipdir. Neapol we Florensiýa şäherlerinde täze balet mekdepleri açylypdyr. Öňki ,,La Skala” teatrynyň gapdalyndaky balet mekdebiniň işi täzeden ýola goýlupdyr. Italýan balet tansçylary "Florentin maýy” atly halkara balet festiwallarynda çykyş edip dürli baýraklara mynasyp bolupdyrlar. 1956-njy ýylda L.Mýasin tarapyndan Genuiniň Nerwi diýen ýerinde halkara ýyllyk balet fes-tiwaly döredilýär. L.Mýasin tarapyndan döredilen halkara festiwalynyň "Ýewropa baleti”atlandyrylýan truppasynda Italiýan tansçylary festiwalyň dörän gününden bäri şu güne çenli çykyş etmeklerini dowam etdirip gel-ýärler. • Italýan sirki Italýan sirki - Ýewropada iň gadymy tomaşalaryň biri ha-saplanýar. Italiýan sirkiniň gelip çykyşy XVI asyryň başlarynda ýurdyň çäklerinde sergezdançylyk edip ýören truppalaryň atly çykyşlarynyň hasabyna kem-kemden emele gelipdir. Italýan sirkiniň emele gelmeginde Neapol şäherinde görkezilýän komediýa ýugrulan fars sahnajyklarynyň, "del arte” komediýalarynyň täsirleri az bolmandyr. XVI asyryň aýaklarynda, has takygy 40-njy ýyllarynda Italiýan sirk maşgalasyndan emele gelen Kýariniň artistlar truppasy Russiýada yzygiderli gastrollarda bolupdyrlar. XVIII asyryň 60-njy ýyllarynda haýwanlara baş öwrediji, belli sirk dinastiýasyny dörediji A.Frankony 1793-nji ýylda Pariždaky "Tampl" anfiteatryna ýolbaşçylyk edipdir. XVIII asyrda Italiýada gimnastika (maşklar) mekdebi döredilip, şol mekdepden köp sanly sirk artistlary çykypdyr. Şol döwürlerde Italiýada hereket edýän sirk truppalary döräp, olar uly şäherlerde we Ýewropa ýurtlarynda gastrollarda bolupdyrlar. "Guýerra”, "Çinizelli”, "Beleý”, "Trussi”, "Sidoli”, "Dzerbini”, "Dzawatta”, "Meden” we beýleki sirk toparlary dünýäniň köp ýurtlaryna aýlanypdyrlar. Olaryň gastrollarynyň täsirinde baran ýerlerinde- de ululy-kiçili sirk truppalarynyň döremegine ýardam edilipdir. "Guýerra, "Çinizelli”, "Trussi” sirkleri uzak ýyllaryň dowamynda rus şäherlerinde hereket edipdirler. Şol döwrüň Italiýan sirk truppalarynyň esasy çykyşlary at üstünde görkezilýän oýunlardan (maşklar), at çapmaklykdan, teatrlaşdyrylan ryssarçylyk sahnajyklardan ybarat bolupdyr. XX asyryň başlaryndan başlap, sirk çykyşlaryna warýete maşklarynyňam dürli görnüşleri goşulypdyr. Italýan sirkçileri her baran ýerlerinde uzak wagtlap çykyş etmekligem ýola goýupdyr. 50-nji ýyllarda sirk arenasynda Toniň meşhur sirkçiler maşgalasy peýda bolup dünýäniň köp uly şäherlerinde gastrolda bolmaklaryny dowam etdi-ripdirler. Italiýada soňky dörän "Orlando”, Ýa "Kanestrelli”, "Palmiri” sirkler öz çykyşlaryny baýlaşdyrmakda öňden gelýän sirkçilerden pes oturmandyr. Meýlis HASAR. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |