17:16 Jahankeşde | |
JAHANKEŞDE
Goşgular
Eý sen, jahankeşde goja Gerodot, Taryhyñ atasy ~ möwritnamaçy, Aýyt, hany, öz öýüñde oturman, Jahan ýüzün sökenligiñ nämüçin? Marko Polo! Seýil edip ilime, Ajap halylarmyñ waspyn ýetiren, - Aýyt, seni haýsy ýelgin-şemaldy Soñsuz ýollañ aýlawyna ataran? Hyýal baglap Hindistana, Araba, - Isgender saldyran minaralara, Magtymguly ~ dürdäneler dünýäsi, ~ Neçün owsun atdyñ şol aralara? Omar Haýýam, Ibn Sina, Faraby, Wespuççi, Magellan ýene Wamberi, Aýdyñ maña, şunça menzil sökmegiñ Şeýle derkar sebäpleri bamy beri? Aýdyñ maña, ýürekleriñ her zaman, Alyslara meýil etmegi nämüçin? Adamlaryñ öz öýünde oturman, Jahan ýüzün seýl etmegi nämüçin? - Ten berip, gulak goý, ogul, bu söze: Ýatmak ölümdendir, gezmek ~ ömürden. Biziñ geçen ýollarymyz ~ bizden däl, Saña habar berer biziñ döwürden Zemin ajaýypdyr, adamlar ~ gözel, Atlan ýola! Çañy çykmaz ýekäniñ, Alys düşdügiñçe eziz iliñden, Has gadryn bilersiñ dogduk mekanyñ. 1963. | |
|
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |