18:44 Japbaklar -2/ powestiñ dowamy | |
■ Ala sakgal
Powestler
Köneje oraçanyň içinde orta ýaşdan agan, gara saçlaryna ak çylgymlar aralaşan, ýüzüniň boýnunyň çuňňur ýygyrtlary gürelişen, köýneginiň gadymky matasy tamam bolup, ýamag üstüne ýamag düşen orta boýly bir aýal, kemperip başlan eňegini eliniň aýasyna goýup, tirsegini dyzyna daýap otyrdy. Ol — Japbaklaryň ejesi Bollukdy. Onuň şöhlesi biraz öçüşen gara gözleri oraçanyň içine näçe garanjaklasa-da, göz eglener ýaly bir zada gözi ilmeýärdi. Ol şol oturyşyna çagalarynyň bu gün näme tamşanjakdyklaryny oýlanýardy. Olaryň ýerleri, suwlary ýokdy. Daşy çürüzdiklenen ýaly bir pilek ýerleri, haýsy bir duzak üsti bilen, heniz kakalary ölmänkä, Ýalak işanyň eline geçipdi. Suw paýjagazlaryny haýsy bir hile bilendir Kelekbaý özüne öwrüpdi. Birwagtky ýekeje sygyrlaryny-da, haýsy bir täri bilendir, Doýduk öz gapysyna dartyp alypdy. Başga tarapdan hem hiç hili girdeji ýokdy. Şonuň üçin Japbaklaryň güni meniňki bolsun diýer ýaly däldi. Emma şol agyr güne ýaş Japbaklaryň ýaş beýnileri entek oňly düşünmeýärdi. Ejesi şol agyr ýagdaýda otyrka, Topbak daşardan ala gopgun bilen dazyrdap geldi. — Eje, aý, eje, görsene! Bolluk ejäniň ýaş bilen ümezlän gözleri ony ilkibada oňly saýgarmady. Ol ogluna sowal berdi. — Oglum onyň näme? Topbak elindäki pasyrdaýan meleje guşuň sakgaljygyny sypalady. — Muňa molla torgaý diýýärler, molla torgaý! — Ony nädip tutduň, oglum? — Eje jan, men minneti Ýapyrylyp ýatardan çekýärin! Ol heniz sözüni gutarmanka, Mapbak dazyrdap girdi. Onuň hem elinde meleje guş pasyrdaýardy. — Eje, aý eje, görsene! — Ony nädip tutduň, oglum? — Men minneti Uçsa deperden çekýän, eje jan! Ol heniz sözüni gutarmanka, Ýapbak dazyrdap girdi. Onuň hem elinde meleje guş pasyrdaýardy. — Eje, aý, eje, görsene! — Ony nädip tutduň, oglum? — Eje jan, men minneti Görse basardan çekýän! Ol heniz sözüni gutarmanka, Japbak dazyrdap geldi. Onuň hem elinde meleje guş pasyrdaýardy. — Eje, aý, eje, görsene! — Ony nädip tutduň, oglum? — Eje jan, men minneti Duýdurman tutardan çekýän! — Berekella ogullarym! Japbaklar dil açyp, aýak bitip başlaly bäri ejeleriniň ýüküni ýeňledip başlapdylar. Olaryň şol şagalaňly gopgunlarynyň özi-de köp wagt açlygy duýdurmaýardy. Olaryň häzirki şatlygynyň özi enäniň gamgyn göwnüni asmana göterdi. Japbaklar guşlary bişirmek maslahatyny etdiler. Japbak: «Guşlary palawa salalyň» diýdi. Doganlar ony maslahat bildiler. Palaw diýilýän zady dadyp görmek nähili hezildi? Emma Bolluk oraçanyň içine göz gezdirenden soň: — Ogullarym, tomsuň güni palaw onçakly ýakymly bolmaz — diýip sypaýçylyk etdi. Oglanlar ony makul bildiler. Ýapbak guşlary gowurmagy maslahat berdi. Näzijek guş etini gowursaň, nähili ýakymly ys kükärdi. Doganlar ony biragyzdan tassykladylar. Bolluk ýene oraçanyň içine göz aýlandan soň: — Ogullarym, owunjak guşlaryň ýagy mäzleşik bolar, agzyňyza-burnuňyza ýelmeşip galmagy mümkindir — diýip sypaýçylyk etdi. Näzijek eňeklerini, burunlarynyň aşagyna sypalan Japbaklar ol söze gülüşdiler. Mapbak: — Guşlary çekdirme edeliň — diýdi. Doganlar ony makul bildiler. Bolluk enaýyja guşlara garandan soň, ýene oraçanyň içine göz gezdirdi-de: — Ogullarym, owunjak guşlaryň etinden çekdirme etseň, derrew gäkiligiňi azdyragan bolar — diýip sypaýçylyk etdi. Doganlar ony dogry bildiler. Topbak iň soňunda kellejigini gaýşartdy. — Men tapdym! Doganlar onuň sözüni birden tassykladylar. — Topbak tapdy! Topbagyň özi hem birhili bolup, töweregine garanjaklady. — Men nämäni tapdym? — Biz näbileli seniň nämäni tapanyňy? — Onda näme?.. — Sen özüň aýtdyň ahyry! — Onda biraz sabyr ediň... Hawa, tapdym. Geliň, bulary çişe düzüp, kebap edeliň! — Topbak bildi! Topbak bildi! Hatda Bolluk-da Topbagyň sözüni makullady. Hepbiklere yzly-yzyna düşýän torgaýlary Japbaklar ütdüler, çişe düzdüler, oda tutdular. Kebap jyzyrdap başlapdy. Şol wagt peýda bolan ala ýabyly, ala horjunly, ala donly, ala sakgally, ala gözli gedaý olaryň keýpini bozdy. Ol aňyrdan gele-gelmäne, ala sakgalyny sypalady. — Balalarym, beriň, berekediňiz artsyn! Japbak elindäki çişligini özüne bakan çekdi, ala sakgalyň ýüzüne çiňerildi. — Berende berekediniň artjagyny bilse, Kelekbaý näme hiç kime hiç zat berenok? Ala sakgalyň ýüzüne olaryň hemmesi birden üşerildiler. Olaryň hemmesi oňa yzly-yzyna şol sowaly ýagdyrdylar. — Kelekbaý näme üçin hiç kime hiç zat berenok? Ak sakgal sowala jogap gaýtarman, dilegini dowam etdi. — Hudaýym siziň döwletiňizi artdyrsyn! Mapbak oraçalaryna göz aýlandan soň, gedaýa çiňerildi. — Hudaý bize döwlet berjek bolsa, näme, görmeýändir öýdýäňmi? Ýapbak gedaýyň aýtjak bolan sözüni agzyndan aldy. — Aý, agam, gapy-gapy aýlanmakdan, sakyr-sakyr sanamakdan sakgalyň agarypdyr. Sen beýdip heläk bolup ýöreniňden, hudaýa özüň üçin ýalbaryp, özüň baý bolaýsaň bolmaýamy? Gedaý olaryň sözüne gulak asman: — Köşeklerim, işan agaňyzyň nebsi kän däldir. Her haýsyňyz birazajyk emleseňiz besdir — diýip, düýbi unly sanajynyň agzyny açdy.— Aý, ýeser işan ekeniň! Sen almytyňy almasan gitjek däl! — diýip, Japbak onuň unly sanajyna ejesiniň hoşadan çepläp gelen bir jam bugdaýyny guýdy. Hojam hoşallyk bilen: — Aý, berekella, köşegim! — diýdi. — Sen örän ýeser işan ekeniň. Sen almytyňy almasaň, gitjek däl! —diýip, Ýapbakonuň unly sanajyna ejesiniň hoşadan çepläp gelen bir jam arpasyny guýdy. Hojam hoşallyk bilen: — Aý, berekella, inilerim! — diýdi. — Baý, ýeser hojam ekeniň-ow! Sen almytyňy almasaň git- jek däl! — diýip, Mapbak onuň unly sanajyna ejesiniň hoşadan çöplän bir jam jöwenini guýdy. Hojam hoşallyk bilen: — Aý, berekella goçagym! — diýdi. — Baý-baý, ýeser işan ekeniň-ow! — diýip, Topbak onuň unly sanajyna ejesiniň guýudan getiren bir gowa suwuny guýdy. Ala sakgalyň ala gözleri hanasyndan çykara geldi. — Baý-baý, ýeser oglanlar ekeniňiz! Siz meniň çemçeläp ýygnanymy çanaklap dökdüňiz — diýip, içi mäjumlanan sanajy ýere bulap urdy. Unly, bugdaýly, arpaly, jöwenli, suwly mäjum sanaçdan Japbak bir jam dolduryp aldy, Ýapbak bir jam dolduryp aldy, Mapbak bir jam dolduryp aldy. Topbak hiç bir zat alman, sanajy ala sak- galyň egnine oklady. Işan näme etjegini bilmän: — Aý, hudaýym, edeniňe şükür! Dünýäde maňa-da gözi garalar kän ekeni! — diýip, sakgalyny sypalady. Japbaklaryň dördüsi dört ýerden gedaýy gujakladylar. Biri onuň ýeňini sypalady, biri egnini sypalady, biri sakgalyny sypady. Olaryň hemmesi birden: — Işan aga, bizden gaty görme! Biz çenden näme-de bolsa bir zada hezil etmesek, günümiz geçenok. Sen, ynha, biziň obamyzdan çykmankaň, ýeke sanajyň däl, horjunyň hem gabarar — diýip, uzur ötündiler. Ondan soň oňa Japbak bir torgaý kebabyny berdi, Ýapbak bir torgaý kebabyny berdi, Mapbak bir torgaý kebabyny berdi, Topbak bir torgaý kebabyny berdi. — Aý, berekella, köşeklerim — diýip, gedaý olaryň ýanyndan hoşallyk bilen gitdi. Ala ýabyly özlerinden arany açandan soň bolsa, Japbaklaryň dördüsi birden heň etdiler: Ala ýabyly, ala sakgal, Ala danly, ala sakgal, Daşyň ala, içiň ala, Ala gözli ala sakgal. Gapy-gapy gezen gedaý, Dannawuň ýok: arpa, bugdaý, Bize beýle alarylma, Alardypdyr seni Hudaý Japbaklar ýene hepbik gurdular, ýene torgaý tutdular, çişlere ýaňadandan et düzdüler. Kebap taýyn bolanda, ejesi olaryň her haýsyna eliň aýasy ýaly çörek-de tapyp berdi. Ony azyrganyň Topbak ejesine ýüz tutdy. — Eje, aý, eje, seniň adyň näme? — Wiý, Topbak janyň soraýan zadyny... Sen ony näme özüň bileňokmy? — Ýaňky ala sakgal meniň akylymy özi bilen alyp ötägitdi öýdýän, ýadymdan çykaraýypdyryn! — Meniň adym Bolluk ahyry! — Hä, Bolluk, Bolluk!.. Onda näme, eje, biziň öýümizde çörek bolluk däl! Bolluk çagalaryna näme jogap berjegini bilmän, oraçanyň içine garanjaklandan soň, gap böwürde bulaşyp ýatan ullakan sanaja gözi düşdi. — Balalarym, men size bir sanaç bereýin... Topbak onuň sözüni kesdi. — Näme, eje, biz indi ýaňky ala sakgalyň yzyna düşelimi? — Alla saklasyn, oglum, gedaý gezmekden alla saklasyn!.. Siz ony bugdaýy orlan ýerden baryp, hoşadan hyryn-dykyn dolduryp gelersiňiz. Biziň öýümizde, ana, şonda çörek bolluk bolar! Japbaklaryň dördüsi dört ýerden: — Biz hoşa çöplemäge gideris. Şonda biziň öýümizde çörek bolluk bolar! — diýip, taýyn kebaba agyz urdular. | |
|
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powestiň soňy - 29.08.2024 |
√ Palindromaniýa: Kök küý kiss me - 05.07.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -7: powestiň dowamy - 10.09.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Bamy - 05.03.2024 |
√ Sary bagşy / powest - 03.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Ýalñyz zenanyñ heseri - 03.07.2024 |
√ Baga bagşy -6: «Barylmadyk illerde, eşidilmedik gep ýatyr» - 07.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Synag - 06.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan. Çopanystan ýaýlasynda agşam - 03.07.2024 |
√ Ene / powest - 13.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |