11:55 Jelaleddin Kawkazda -5/ poemanyñ soñy | |
JELALEDDINIŇ DÜÝŞI
Poemalar
Jelaleddin Töwrizde-de ornaşdy, Ýatdan çykdy ogul, agyr gynanjy. Onuň güni, ine, ýene düzeldi, Indi ýüreginden aýryldy sanjy. Soltan Saadiniň aldy gyzyny, Dünýä gözellerin gaýra duruzýan. Söýgi, aýşy-eşireti görmedik Ýaşajyk gyz, çölde jeren ürküzlen. Terje teni jahyllyga öwürdi, Soltanda ýigitlik zory joş urýar. Jelaleddin aýşy-eşret kölünde, Göwni al-asmanda gulaçlap ýüzýär. Unutdy goşuny, döwlet işini, Dünýäde sowuldy gaýgylar-gamlar. Gije-gündiz alma ýaly ter gelin, Dal-daragt ýaly çolaşyp ýatyr. Bir gije ýatyrka täsin düýş gördi, Geçmişini, geljegini ýatlatdy. Sahabatly günler çekmän uzaga, Haýyr-şerler gapysyndan ätledi. Magşar güni. Jelaleddin düýşünde O dünede geçjek bolýar syratdan. Yslam dinindäki tamy köprüsi, Asty-da jepaly – doludy otdan. Umyt baglap köprä basýar aýagy, Egninde agyr ýük, başlaýar basyp. Öňe ätlemäge ýetenok taby, Köpri maýşyp barýar aşaga çöküp. Eger-de ýene bir edim ätläýse, Syratyň köprüsi boljak çalam-çaş. Soltanda alaç ýok. Dikilgi gazyk, Allany çagyrdy, gözde gamly ýaş. Älemden eşdildi Hudaýyň sesi, Soltany dem bermän çekdi soraga. «Ýalançy dünede gazanan günäň, Ne sebäpden ýapyşdyň sen ýaraga. Gylyçdan geçiren ynsanlaryňy, Ganly söweşlerde gyran leşgeriň, Ýekän-ýekän sanyn bermeli bolar. Bu ýerde ýazylgy eden işleriň». Soltan sanaýardy. Gelenok soňy, Ýaradanyň çytylýardy gaşlary. – Eý, Allam! Ýaradanym! Meniň gyranlarym yslam duşmany, Muhammediň-pygamberiň ýazgysy. Pygamberiň özi otyr sagyňda, Ýumsa ýumruk, açsa boldum aýasy. Muhammet pygamber Hudaýa garap: «Eý, Allam, onuň bu günäsin ötüň! Ol yslamyň – päk dininiň ýazgysy – gyrmaga emr etdi. Rehim ediň!». Agyr güne ýüki ýeňledi az-kem, Ýene-de bolanok, gitmekçi öňe. Köpri inçelýärdi. Yranýar beter, Günä agyr. Syrat çaýkanýar şoňa. – Bigünäni gyrdym, Günäm öt Alla! – Şular bigünäni oňmaz gyrmany, Günäliň oduna bigünä ýanýar. Bar, seniň bu güneňi-de geçeýin! – Soltan tama bilen ýeňil dem alýar. Umyt edip dowzah otdan geçmäge, Öňe ätjek boldy, bolmady ýene. Köpri döndi at guýrugnyň gylyna, Üzülip barýardy edilen tama. – Indi meniň näme günäm, eý, Taňry?! Kelep ujy ýitdi, galmady alaç. – Men geçdim ählije eden güneňi, Bir günäň geçilmez. Başga ýok alaç. – O ne günä, Taňrym! – Nazarymyň siňen göreçlerini, Köwletmäge neneň bildiň batyrnyp. Dünýä ser salýardym şo göreç bilen, Hanjar urduň şol gözlere ötürip. Ol adamy ynha, çykarjak arşa, Kör edeniň gözüň bilen görersiň. Şo eden günäňi alyp boýnuňa, Dowzahyň oduna nazar salarsyň. Goý, ol görsün düşeniňi ýalyna, Ruhuň gezer mydam ataş içinde. Ömürylla güzap baryn çekersiň, Ruhuň görünmez jennet çetinde. Gürji şazadanyň köşk nakgaşy. Al-u-ýaşyl şöhle atylyp çykdy. Nakgaşyň sag gerşinde bir perizat, Sol egninde bir perizat otyrdy. Bir almany iki bölen periler Ýürek damaryny dakýar özüne. Soltan haýran galýar gözi, gaşyna, Göreç naýzasyny dikýär ýüzüne. Jelaleddin oýlanýar, Ýadyna salýar: «Gürji perisidi bularyň biri, Köşgüň diwarynda çekilen zenan. Şoňa jan beripdir gudratly nakgaş, Beýlekisi-de şazada Rusudan. Görsene bularyň ikisem janly, Arşa çykarypdyr ýaradan Alla. Ikisem jüpleşip, nakgaş ýanynda, Jennetiň hüýr gyzy bolupdy walla. Lih dagda gürjüler gije ýarynda Duýdansyz döklende Soltan üstüne, Ýesir Rusudan gyz topulyp batly, Gylyç syrdy, jan almagyň kastynda. Jelaleddin atdy sary ýaý bilen, Şo gözele çenäp ýüregi sary. Ýöne şonda ýumulmandy-la gözi Ýa öldümi solup, ýüzüniň nury?!». Ine, ady arşa çykan şa köşgüň Nakgaşçysy Waçe, peri daşynda. Iki peri, bir nakgaşçy garaýar Gitdim-gitdim köprüsiniň başynda. «Nakgaş gudrat bilen bolupdyr gözli, Meň ykbalym ters düşüpdir bilinmän. Geçip bolarmyka syrat köprüden, Gudrat bilen durmazmyka ýolunman». Çagyrdy Allany, Ätledi birden. Gyldan inçe köpri üzüldi bada, Ganat boldy eli bilen aýagy. Ömür ýanyp duran dowzah oduna Güwläp düşdi, bolmady oň söýesi. Hopugyp oýandy. Basdy sowuk der. Düýşünde göreni huşda daýandy. Hristian ybadathana üstünde Gürjülere berlen zabun jezady... ŞAZADA TAMAR RUSUDAN, KÖŞK NAKGAŞÇYSY WAÇE Günlerde bir gün şazada Rusudan Çagyrdy ýanyna köşk nakgaşy: – Gördüňizmi biziň täze köşgümiz? –Şamyza mynasyp, belentde başy. – Köşgüň içi daşyndanam has gözel, Has haýbatly bolar ýaly etmeli. Köşgüň düşegine çüýremez duby, Reňkli mermer daş, göwher goýmaly. Bular edilende siňe syn etseň, Görünjek gözüňe jansyz gözellik. Köşge lazym gök asman, parlak güneş, Saba ýeli bilen ataş söýgüllik. Goý, biziň raýatymyzyň il-güni Görende, mydama galsynlar haýran. Goý, eziz illermiň göreçlerine Köşk şöhlesi çaýsyn, at ursun her ýan. Bu işi bir saňa ynanýan, Waçe, Zehiniň, ylhamyň, goý, köşge siňsin! Köşgüň sowuk diwarlaryn ýyladyp, Azap arşa çykyp, dünýä nur çaýsyn. Ýöne sen bir zady Hergiz unutma! Betaniýa gudraty güýçli Allanyň Älem nurun alan ymaratydyr. Bu ýalança gelip-gidýän bendeleň Bu günki ýük ýazdyrýan mekanydyr. Bakylygy ündän inçe senediň Bi dünýäni gözellige öwürsin. – Arkaýyn bol, merhemetli, eý Şahym, Buýruşyň ýaly bor, goý, jahan görsün! Rusudan: – Zalyň giň diwarynda Özüne şa täji geýdirsin – diýýär. – Şa tagtyna çykmak dabarasyny Janlandyr, goý, mydam durbersin! – diýýär. Jogapkärli işi başarjak bolsaň, Hakdan güýçli berlen gerekdi ylham. Waçäniň özüne bardy ynamy, Yhlasyn siňdirdi, galmady hiç gam. Bir diwaryň ortasynda Rusudan Bibimerýem öňünde çöküpdir dyza. Uzyn köýnek synyn bagryna basyp, Gözýaşy düwmeläp, gaçyp dur öňe. Sag taýky burçda Bagratidleň Hudaý nazar salan Dawut şazada. Goliafy öldüren sapan uzadýar, Diri diýdirýärdi bir gören bada. Çep taýky burçuň iň ýokarsynda Süleýman terezi uzadýar perä. Terezide adyllygyň nyşany, Her ädim ölçegli, salmaly ýada. Ýene bir burçda ýer-ýurduň şasy Täç geýdirýär Tamar gürji şazada. Ýene-de bir burçda ardyna galan Şir şekili haýbat atýar birbada. Ýagylary ýaýdandyrýan şir şekli Dostlar ýüregine güýç paýlaýardy. Gaňrylyp, gazaply ýüze bakyşy, Özüni Rüstemzala taýlaýardy. Ikinji bir otagda başy täçli, Eli gürzüli Rusudan görünýär. Ýeňsede serkerde, geňeşdarlary, Dabaraly ýagdaýda hatar guralýar. IÇALY WEZIR Wezir Şerif-el-Mülk Jelaleddine, Özgelere görä, ýakyn durýardy. Onuň bagt ýyldyzynyň batarny Ähli kişilerden oňat görýärdi. Täleýi ters geldi Jelaleddiniň, Şumlugyň yzyndan şumluk getirýär. Gizlin syrlarynyň düýbüne ýetip, Içaly kärini kemsiz bitirýär. Soltan, wezir ikisi dur çatrykda, Biri alyp barýar göni ölüme. Ýaradanyň etjek işi belli däl, Biri alyp barýar şanly ömüre. Wezir saýlamakçy ömür ýoluny, Köp ýaşasy gelýär ýagty jahanda. Duşmanlara açýar gizlin çozuşy, Soltany almakçy goýman panyda. Hladyň garşysyna öjükdirende, Gürjülere garşy itermesi-de, Duşmanlara habar ýetirmesi-de, Hileligiň baryp ýatan gapany. Başbozarlyk etdi, Arzruma gitdi, Hlatly uruşda oýlap tapany. Uruşda ýeňildi, gyrdyrdy esger, Soltanyň güýjüne ýetirdi zeper. Kast etdi ençe ýyl iýen duzuna, Şeýle dönük mydam Hudaýdan tapar. Soltan ar almazdy şeýle bolmasa, Gylyjyň demine bermezdi asyl. Ýüreginde ýokdy musulman gyrmak, Wagty ýitirmezdi giden bir pasyl. Şonuň üçin Soltan gaçdy ynamdan: «Musulmany azat etmä gelmändir» Diýip, musulmanlar boldular garşy, Weziriň hilesin ýada salmandyr. Lih dagynyň eteginde söweşde, Müňläp esger berdi açylyp syry. Gürjülere habar ýetiren Mülkdi, Içalylyk onuň berilen käri. Şol söweşe özi gitmän galypdy, Ýaňzydypdy Orhan Jelaleddine. Diňlemändi doganynyň sözüne, Müňkür boldy, soňra girmedi sana. Ýaradanyň mähri siňen Waçäniň Gözüni oýduran Soltan weziri. Ähli işi dönüklige ýugrulan, Günäli adamlar galmaýar diri. Soltana wepaly bolup ýörmesi, Ýüregi garanyň hile perdesi. Niýetine görä alar jezasyn, Eşdilmese gerek ýuwaşja sesi. Weziriň ýamanlap, şugullanlary Soltanyň gardaşy, ýakyn adamsy. Ýowuz günde başlaryny goýjaklar Ýa-da ýaşlygyndan söýen dostlary. «Olar dil düwüşýär, ýetjek başyňa, Gizlinlikde duşmanlara syr berýär». Töhmet sözler bilen ýetirdi ýükün, Indi oň özünden hasap soralýar. Gepe gidip ençäň alypdy janyn, Ýalňyşyna indi ýetirýär gözün. Ölini direltjek gümanyň barmy? Bu gün ýalňyşlarna saraldýar ýüzün. Soltana wepaly adamlaň sanyn, Weziriň töhmeti kertip barýardy. Olaň deregne öz wepadarlary Gün-günden köpelip, ykjam durýardy. Şeýdip çolarypdy Soltanyň daşy, Ýaranlaryn hyryn-dykyn doldurdy. Gurulýan hileler, pyssy-pyjurlyk Hakynda aýytman galdyrdy başy. Sözünde perişde, gorap Soltany, Iş ýüzünde gazdy onuň gabryny. Her dürli oýnadyp lolybaz gözün, Öňden eýeläpdi ýürek törüni. Indi weli it ýyrtýardy içini, Duýdurman almasa, özüni aljak. Wezir nökerleri taýýar bir zada, Kellesini kesip, horjuna saljak. Jelaleddin gaharyna weziri Bada-bat öldürjek, kesjek başyny. Özün ele aldy, basdy ýüregi, Ölçerýärdi töweregni, daşyny. Tagsyr Nesewini çagyrdy ýanna, Iç syryny dökdi, geňeşdi oňa. Döwletli maslahat berdi Nesewi: «Hatyrjem bol, ýöne galmagyn soňa! Syr bildirme oňa gyzmalyk edip, Pagta bilen damagyny çalmaly. Öňküdenem mylaýym bol ýüzüne, Kellesini horjunyna salmaly. Gahara bäs gelmek agyrdy-agyr, Üstüni basmaga gerek hilelik. Hötdesinden geldi, gysdy dişini, Içi ot alýardy, ýüz-gözi soluk. Jelaleddin Maganadan sag-aman Gelenniň şanyna tutdy-da toýy, Arasynda hiç zat bolmadyk ýaly, Weziri çagyrdy hasaplap taýy. Wezir toýa geldi sowgat-serpaýly, Ýeke özi geldi syryny gizläp. Garawullar alan bolsa ýanyna, Oýlandy: «Ynamsyzlyk dörär tizden». Soltany gysyma gysan saýýardy, Häkimlikden indi gorkup duranok. Hile gapanyna özi düşenin, Pikirem edenok, Asla duýanok. Iýip-iýip köp oturdy ikisi, Daşyna çykarman ýürek syryny. Özüçe çözýärler ölçerip-biçip, Tora düşürmegi birek-biregi. Jelaleddin ogryn bakýar wezire: «Dişiň ak bolsa-da, ýüregiň gara. Onki süňňüň haýynlykdan ýasalan, Oturan ýeriňden etsem set-para». Wezir göz astyndan bakýar Soltana: «Güberliber hezir, basym bilersiň. Hlada, Ikoniýa iberen hatym, barandyr. Gelerler. Bagryň dilersiň». Iberen hatynyň ine, mazmuny: «Ol ýene-de üstüňize çozmakçy. Bolsun taýýarlygňyz pugtadan-pugta. Köp goşun gyrdyrdy, azaldy güýji, Çozuň-da, başyna atyň siz nogta! Içini opurdym sarsmaz goşunyň, Tarapyma geçdi leşger ýarysy. Hem içinden, hem daşyndan gyrarys, Ondan soňra boýun eger barysy». Haýyn öz hatynyň ele düşenin bilenok. Ol muny nireden bilsin? Haty gola salan serkerdäň biri, (Goç ogul, gül ömrüň zyýada bolsun!) Soltanam, el-Mülkem lül-gammardylar, Bildirlenok pikir-oýlar arada. Wepaly dost ýaly birek-biregi ogşaýarlar. Gürrüň wepa barada. «Soltanym, bu janym seniňki!» diýip, Wezir häzir bolmajysy bolýardy. «Sanalgyň dolandyr haramdan önen!» – Beýik Soltanyňam içi gülýärdi. – Tagsyr Nesewi! Sen weziriň dönükligi hakynda Ähli zady bilýäň ýekeme-eke. Ol mynasyp eýmenç jeza almaga, Gylyç bilen eýle tikeme-tike. Öz ýanyndan saldamlady ençäni, Kömekçi gözledi tagsyr Nesewi. Ahyr Torelini saýlap içinden, Çagyrdy ýanyna, aýtdy hesibi: – Ýaragyň şaýmydyr, şahyr Toreli? –Kagyz-galam diýseň häzir getirýän! –Seň ýadyňa düşýär kagyzdyr galam, Gylyç barmy diýip soraýan senden? –Şahyrym, özüňiz gowy bilýäňiz, Ýesirlikde gylyç almadym ele! Gylyçdyr galkany işledip bilmen, Şoň üçin ýaragy almaryn dile! – Beriň şuňa almaz ýaly gylyjy! Garawullar getirdiler ýaragy. Ikiçäk galdyryň şahyrdyr meni, Daşymyzda berkidiň siz goragy! Garawullar gitdi. Nesewi diýdi: – Ine, şahyr, al eliňe hanjary! Buýrulany etdi şahyr Toreli, Her deminde artyp barýar gahary. –Saňa bili baglap bolarmy, şahyr? Biçak möhüm zady ynanjak saňa. –Meniň janym-tenim seniňki, tagsyr, Buýran zadyňyzy goýmaryn soňa! –Şu gije möhüm hem gizlin bir işi, Berjaý etmeli biz, aýdylşy ýaly. Ýüregiň arassa gürji bolsaň-da, Ýumuş örän agyr, özüňi şaýla. – Sen meni ölümden halas etdiň-ä, Ýesir düşenimde gutardyň başym. Soltan penjesinden sypdyran sensiň, Hudaýym, ýüzden az bolmasyn ýaşyň! Gürjüleň weziri itdenem beter Ýigrenýänin bilýär tagsyr Nesewi. Ur diýdigiň başyn alyp geljekler, Şoň üçin çöşlendi ýüregniň towy. Soltanyň weziri oba-şäheri Oda ýakyp, gan çaýkady iline. Gürjülerde nälet ýagýar adyna, Öldüreniň gül düşeljek ýoluna. Düşünmedi nämäň nemedigine, Otagynyň içi şakyr-da-şukur. Garawullar gabap aldy daşyny, Ajal abanansoň eýledi pikir. Bosagada durdy şahyr Toreli, Başynda gaby ýok, elinde gylyç. Wezir ony erkek adam saýmazdy, Ölmi boýun aldy, ýok başga alaç. Ýüregi gursakdan çykaýjak bolýar, Içine sygmany urunýar herýan. Müň tylla alardy syçanyň hinin, Imany öwürdi, bermelidi jan. – Wagtgutardy. Jezasyny bermeli! Tagsyr Nesewiniň ýaňlandy sesi. Gylyjyň astynda ýaşyny döküp, Garaşyp otyrdy ynsanyň pisi. – Ikiden birini özi saýlasyn, Bogmalymy, gylyç bilen çapmaly? –Niýeti garadyr, rehim etmeň! Ilki bilen maňlaýyna ýapmaly! –Kellämi alyň siz! Boluň basymrak! –Ýokary wezipeli kişileň hergiz. Kellesi alynmaz, şony bilmeli! Bogup öldürilýär şeýle adamlar, Eden etmişlerin ýada salmaly! – Goý, siziň aýdanňyz bolsun! Eldir aýagyny tutdular mäkäm, Garnynyň üstüňde çommaldy biri. Bagyrdadyp başladylar bogmaga, Dörtleriň elinden sypmarsyň diri. Gözleri hanadan çykara gelýär, Gyzyl ýüzi gök dalaga öwrüldi. Harryldy gaplady jaýyň içini, Gözleri ýumuldy, dodak çöwrüldi. JELALEDDINIŇ SOŇKY SÖWEŞI Mongollar ýene-de gelýär abanyp, Okdurlyp çozuşy çekirtge ýaly. Baran ýerinde togalaýar ýumurtga, Gaznalary talap, sürýärler maly. Göýe ýeriň o çetinde-Muganda, Gol gowşuryp otyr Horezm şasy. Başa gelenine kaýyl bolmakdan başga çäre ýokdy, pesdi howasy. Tüweleý dek urup-uşadýar Soltan, Çykalga tapanok duşmana garşy. Delmuryp dört ýana nazar aýlasa, Daýanara güýç ýok, çolady daşy. Yslamyň sarsmajak galasy bolan Bagdadyň halyfy kömek etmese. Musulman dinine howp abanjak, Mongollaryň garşysyna gitmese. Azda-kende duşman tisginer ýaly, Döş gerip durmaga gerek serkerde. Ony diňe Jelaleddin başarjak, Şeýle batyr seýrek doglar her ýerde. Bagdat halyfynyň goşuny kendi, Altyny ölçegsiz, ummasyz baýlyk. Kawkazyň baý ýurdy, gürjiniň ili Tozupdy, tozapdy, ýok indi taýlyk. Halyfyň her sözi altyndan gymmat, Musulman dünýäsin duşmana garşy goýmagy başarjak, abraýy uly, Soltanyň oň ýanna gyssagly barşy. Günleriň birinde Amid häkimiň Soltan huzuryna geldi ilçisi. Adamsyny ýollan Mojapar häkim, Serkerde olara berdi ünsüni. Mojaparyň berýän wadasy şudy: Öz goşunna özi baştutan bolup, Kömege gelmekçi beýik Soltana, Söweşmekçi mongollara al salyp. Ýöne onuň kiçiräjik şerti bar: Ilki Arzrumy çökerse dyza. Jelaleddin kabul etdi teklibi, Ýürekden ynandy aýdylan söze. Jelaleddin: –Kyn pursatda muny Alla ýollandyr, Ýaradan bilýändir meniň halymy. Kysmat bilen aýrylypdym ilimden, Kadyr Möwlam şowly etsin ýolumy. Mugandan Amida düşüldi ýola, Gün gijikdi, ýetdi kiçijik oba. Jelaleddin gije ýary ser salýar, Öz bolşuna özi eýledi toba. Şagallar uwlaşýar, it gaharlanýar, Jabjynyp üýrýärdi olaryň bary. Aý asmanda dökýär kümüş nuruny, Syn etseň enaýy, tylla dek sary. Itiň uzyn uwwuldysy Soltanyň Süňňüni gowşatdy, dyglady ini. Çadyryna bardy, oýandy gelni, Ýaş gelin Atabeg Saadyň gyzy. Onuň ter bedeni, gyzgyn söýgüsi Soltany tiz mähir bilen dolady. Saçyny sypalap, öpüp ýaňakdan, Ýüz-gözüni mähir bilen ýalady. Ýekelik ünjüsi uçdy başyndan, Gelniň gyzgyn demi derdiň dermany. Gujagyna gysyp ýygy-ýygydan, Ýalançyda birjik ýokdy armany. Zenanlar Soltana ölemen aşyk, Süňklek, garaýagyz, şar gara saçy. Kenekden guýulan boýy-syraty, Aýala mähirden doludy içi. Gözünde ot ýanýar, dogumdan guýlan, Durşuna gaýratly, güýçli synasy. Gije girýär zenanlaryň düýşüne, Her kim boljak bolýar Soltan sonasy. Äwmezek ýaltany, aşa ýaňrany, Gopbamsy erkegi, ýymsy adamy Söýmeýärmiş peri ýaly gözeller, Emma birje gezek gördügi ony – besdir. Şoň yşgynda saralar olar. Soltana sataşan her näzik zenan Ýadyndan asyl-ha çykaryp bilmez. Onuň bilen geçirilen bir gijäň Höziri başgadyr, saralmaz, solmaz. Atabeg Saadyň gyzy deý başga Hiç birin söýmändi ýüregin berip. Şoň üçin unutdy dünýä gowgasyn, Gujagyna gysdy ellerin gerip. Şol gijede aýralygyň oduna, Düşjeklerin bilýän ýaly duýdular. Uzak gije oýun gurap, dalaşyp, Mähiriň üstüne mähir goýdular. –Eý, meniň tagsyrym, dana Nesewi, Bir sellem ýanymda otur bakaly! Ençeme gijeler gören düýşümi, Ýorup ber sen, göwni suwa ýakaly. Bäş gijeden bäri mähriban atam, Horezmiň şasy galanok menden. Gijeler düýşümde, gündiz huşumda, Yzyma düşüp ýör, ýorgudy senden! –Görgi baryn gördi Horezm şasy, Häzir Ýaradanyň uçmah jaýynda. Aýşy-eşret deňzin gulaçlap ýüzýär, Jennetiň töri-de onuň paýynda. –Gözümi ýumdugym kakam ýanymda, Her gezek ýanyna çagyrýar meni Ol ozalky ýaly jahan şasymyş: «Gel-diýýär-ýanyma, küýsedim seni!» Heýwere keselli gullar ýanynda, Jelaleddin meýlis gurap otursa. Tepbedi okalar Horezm şalygnyň, Şeýle niýetleri göwne getirse. – Ady arşa çykan Horezm şasy, Bir çola adada berdi bergini. Takdyryna ýazylany şeýledir, Günälerin saplap berendir jany. Çadyryň agzynda gümürt-ýamyrtlyk, Nesewi howlukmaç çykyp seretdi. Görse Soltanyň öz janpenalary Toreliň başyna oýun döretdi. Golun towlap durlar, naýza gezelen, Gaýyş kemer bilen baglan elini. Nesewi daşary çykmadyk bolsa, Sogurjak ekenler onuň dilini. Toreliň ýanynda ýalaňaç hanjar, Nesewi şol bada ýetirdi gözi. «Ony yzym bilen alyp geliň siz!» – Diýip, gazap bilen çykanda sesi. Nesewiň yzyna düşüp ugrady. Öz çadyrna baryp berdi hökümi: –Häziriň özünde çözüň elini! Soltany goraň siz! – Tapdy çemini. Ikiçäk galdylar. Şahyr Toreli Seredip bilenok, galdyryp ýüzün. Sülleripdir hazan uran gül ýaly, Ýere girjek bolup, tapanok sözün. –Men seni ölümden halas edipdim, Girewine aldym boýnuma çekip. Beýlekiler ýaly Garnis dagynda, Garaguş otyrdy üstüňde böküp. Beýle hyýanaty näkesiň biri Eden bolsa, geň görmezdim hiç haçan. Köşk şahyry hanjar alyp eline, Neçüýn ýagşylyga ýamanlyk seçer? Toreli dymdy. –Öňýeten öldürip gidibiýr ýaly, Oň daşy saklawsyz goýulýan däldir. Soltany öldürmek-meni öldürmek, Wadadan dänmeklik ýigrenji päldir. –Men günäli alnyňyzda, tagsyrym! Watanyň öňünde etmeli borjum Meniň üçin ähli zatdan belentdir. Şoň üçin Soltana etdim men hüjüm. – Ençe ýyldan bäri bir jan-u-tendiň, Gel, gel, bu gün neçüýn beýtdiň, Toreli? Indi eziz janyň howp astynda, Seniň gözüň näme görýär, göreli! Çingiz hanyň ölenini eşidip, Mongol ýesiri kast edipdi janyna. Mertlik bilen özün dözdi ölüme, Meýdanda boýaldy gyzyl ganyna. Öldüreniň bilen Jelaleddini, Öz iliňe näme peýda getirsiň? Mert halyňa indi iki bükülip, Ajalyň öňünde busup otyrsyň? –«Jelaleddin gürjülere bir bela bolup sallanypdyr» diýipdiň özüň. Şoň üçin janyn almaga synandym, Ýadyňdan çykdymy öz aýdan sözüň? –Bu zatlara günäkär siz özüňiz, Soltan bilen söweşmeli däldiňiz. Egin-egne berip Çingize garşy, Ser sämedip söweşmeli ildiňiz. – Elbetde, aýdýanyň dogry, tagsyrym, Ertir näme boljak– Ýaradan bilýär. Meniň halkym görgi baryn görüp ýör, Soltanam ýok etmek ýadyma gelýär. – Ýürek bilen berilmänsiň Soltana, Ertir ikimizem bermeli kelle. Meni güwä, seni wadalar üçin Soltan baka ýollar, ynanaý walla. Ötünç sorajakdym Soltan öňünde, O tamam çykmady, şahyr Toreli. Berýän kişi ýagşylyga ýagşylyk Jahanda galmandyr, soňun göreli! Allaň başa salan işin çekeli, Ikimize indi gaýry çäre ýok. Gabagyn galdyrman çykdy çadyrdan, Akdan gara bolmaz, garadanam ak. Garaňky mazaly gatlyşandan soň, Toreli galdyrdy çadyryň çetin. Garawulyň garasy ýok golaýda, Ýene-de üýtgetdi gara niýetin. Şerif Mülki öldürmeli bolanda, Torele berdiler ýiti hanjary. Şol hanjary ýene alyp eline, Gaçmaga synandy, soň aljak ary. Gaçdy. Göze dürtme garaňkylykda, Iki ädim beýle ýanyň görnenok. Geň galýardy garawulyň ýoklugna, Her kim ukudady, hiç kim sürnenok. Bir garanyň gelýänini aňşyrdy, Häzirlenip aldy eline hanjar. Kim bolsa şol bolsun, tapawut goýman, Ýiti hanjaryny bagryndan sanjar. Deňine gelende tanady ony, Ine, görse, ar almaly Soltany. Jelaleddin serhoş bolara çemli, Ne güne galypdy rehimsiz pany? Soltan aýak çekip, yza gaňryldy: –Nirä gitsem kelte tirkelen ýaly. Hanjarňyz somlaşyp yzymda meniň, Basym siz-ä meni etjegem däli! Öz günüme goýuň! Gümüňiz çekiň! – Gitdi janpenalar iki bükülip. Toreli Soltanyň düşdi yzyna, Ýa almaly, ýa ölmeli şu gezek. Her hili oý-pikir gelýär serine, Ömrüni kesmeli, gurmaly duzak. Yzynda howp bardygyny duýan dek, Ädimin gataltdy, gyssaga düşdi. Nesewiň ýanyna atdy özüni, Bolýan wakalara ýüregi çişdi. Tagsyr ýakasyndan tutdy ebşitläp, Ony ýazgarýardy güwälik hakda. Ýürek çişip, çykjak bolýar gursakdan, Hykyrdadyp bogdy, durmady çakda. Toreli çadyra bardy atylyp, Ýerden çykan ýaly geldi janpena. Şahyryň daşyny aldylar gabap, Gollaryn daňdylar, howp indi jana. Ýiti naýza ýene direldi böwre, Indi syparmyka şahyryň başy? Armanly döwürler ýakýar içini, Düwme-düwme akýar gözüniň ýaşy. Şahyr jany üçin ýanyp-bişenok, Hiç peýdam ýetmedi Watan, ilime. Ýaradandan taýýar ölüm dileýär, Näme gelse aýdyp otyr diline. Sypara ýol ýokdy, saklawly daşy, Ölüm golaýlaşýar, ujy iki däl. Itler uwlaşýardy gijäniň ýary, Öz ölümne ýordy başyn atyp ol. «Itler habar berýär maňa ajaly, Edil tora salnan ýolbars ýaly men. Arman bilen ýumulmaly gözlerim, Görsemdim Tbilisi, gözel ili men». Nesewiňem çiş kakyldy gözüne, Gijesini dik oturyp ötürdi. Gulakdan gidenok şahyryň sözi, Hersin tiken edip bagra ýetirdi. «Ähtiýalan şahyr işimi gördi, Ýagşylyk edipdim, gördüm ýamanlyk. Süýtdeş dogan ýaly görüpdim ony, Düzelmeýär eken berilen gylyk. Näme bolsa indi tapawudy ýok, Bir başa bir ölüm, gelsin, göreli. Ikimizem bir tanapa baglanan, Maňlaýa ýazlanyn gör-dä, Toreli! Ähli zat gutardy, täleý ters geldi, Soltandanam ötdi joşgunly ömür Sanalgyň doldumy–bolmaz geňeşi, Bu ýalançy dünýä hemmäni gemir. Soltanyň güýç-gaýratynyň synmagy, Gününiň batmagy Hudaýa bagly. Gymyldap biläýmez ýeke çöp başy, Armanly geçeniň ýüregi dagly». Durmuş hakda oý-pikirler Soltanyň Taryhçysyn atdy gaýgydyr gama: «Bu dünýäde haýyr işler ýeňmeýär, Mongoly ýeňmekden gutardy tama». * * * * * * Düýş gördi Nesewi gije ýatyrka: Kellesini tutup otyr dyzyna. Saç-sakgaly ýokdy, takyrdy kelle, Tagzym edýär munda iýen duzuna. Boýun çykan ýerden salnypdyr gylyç, Togalanyp ýatyr kelle ýanynda... Oýandy Nesewi, haly juda teň, Rahatlyk tapmady şirin janyna. Ol gören düýşüni ýordy şeýleräk: «Kelle-hä, gürrüňsiz, Soltanyň özi, Kesilen hem saç-sakgalsyz bolmaly. Sanalgysnyň dolandygyn aňladýar, Dogrudanam, mümkinmikä ölmegi? Kelläniň saçlary–ynsan baýlygy, Sakgaldaky gyllar–ýakyn adamlar. Bu aýylganç düýşde hijisi-de ýok, Diýmek, Soltan ölse, yzy-da dargar». Nesewi düşekde ýatan mahaly, Düýşdäki wakany ölçerýär ýene. Şol mahal Toreli girdi çadyra, Ukudan aýňaldy onuň sesine. –Tur, tagsyr, tizräk, mongollar çozdy! Eşiklerin tutdurdy oň eline. Toreliň bedeni sandyraýardy, Gyljy gazap bilen dakdy biline. Tagsyr gyssanýardy, gaçmaga taýýar, Bar alany diňe iki-üç kitap. Şolara tagsyryň ýüregi siňen, Horezm şa hakda ýazylypdyr bap. Muhammet Nesewi uzak ýyllarda Ýazypdyr gözüniň köküni gyryp. Döredipdir ençe-ençe baplary, Niçeme kagyzlaň içini döküp. Janynyň pitige münen mahaly, Özi gutulmagyň gamyny etmän, Kitaby duşmana bermek islänok, Azabyny halas etmekçi hökman. At üstünde kemerini dakynyp, Gylyjyny ykjam alyp eline. Geljegi öňünden aňlaýan ýaly, Eýmenç sözler gelip durdy diline: – Ölümden öňinçä ýazyp gutardym, Soltan bilen ömrüm soňlanýan ýaly. Ýat ýurtda galarmy biziň läşimiz? Wah, ömrüň soňunda görmedik ili. Toreli şahyr! Ikinji nusgany al sen ýanyňa! Beladan-beterden gorasyn Alla. Otdan-suwdan gora görejiň ýaly, Taryhy okasyn geljek nesiller. Kitaplary halas etseň talaňdan, Külli musulmanlar aýdarlar alkyş. Şeýdip, nesilleriň yrsgaly artar, Her zat et, kitaby gutarma çalyş. Sebäbi diýeňde, halklar diňe, Diňe dost taryhyn bilip oňmany. Duşmanlarňam taryhyny bilmeli, Günä iş etmegin soňun görmäni. Şol gije daňdanlar Soltanyň daşyn Mongollar gabady, aljaklar ony. Gözne ýumruk degen ýaly mamlýuklaň, Duşmany gyrmaga çozdular göni. Meýlisde kellesi ýagşy sämäpdi, Keýp edipdi Soltan soňuny saýman. Indem bolup geçýän zatdan bihabar, Ýatyrdy arkaýyn ajaly duýman. Leşgerler duşmany gurt daran ýaly Gylyçdan geçirdi, goýman birini. Mert ýigitler mydam jeňde saýlanýar, Ele alýar söweşmegiň tärini. Jan-jana, baş-başa gaçdylar her ýan, Nesewi, Toreliň ugry bir ýana. Jelaleddin ters tarapa sowuldy, Başy gutarmaly, kast etmän jana. Toreliniň özi saýlady ýoly, Çaklaňja derýada urdular suwa. Meýdan bilen ençe menziller söküp, Howply ýerlerden geçdiler sowa. Toreli atynyň çekdi başyny: – Hormatly tagsyrym, dem-dynç alaly, Yzdaky kowgular galdy uzakda. Soltanyň yzyndan at goýan duşman, Tutmasa togtamaz ýakyn-uzakda. Olaryň ikisem düşdüler atdan, Janawerler hars uruşyp otlaýar. Soltan hakda pikir ýöredýär tagsyr, Onuň bilen geçen döwri ýatlaýar. – Biziň yzymyzdan kowanam ýokdur, Başyna ýapsynmy mongollar bizi. Soltanyň yzyndan at goýandyrlar, Jülgäni gaplandyr atlaryň tozy. Gaçyp gutuldymy ýa-da tutuldy? – Soltanyň gaýgysy goýdy alada. «Kitaplary halas etme sowuldym, Jelaleddin meni salýandyr ýada». – Gaýgy etme tagsyr, ol gutulandyr, Onuň aty gaçsa, asyl ýetdirmez. Mongol tulparlary nämäň alnyndan, Jelaleddin her zat eder, tutdurmaz. – Adam asla bilmez gabatdakyny, Bu zatlary bilmek Allanyň işi. Ondan bidin depäň saçy mizemez, (Ene ýada düşdi agşamky düýşi). «Soltanyň başyna ne söwda düşdi? – Kelle boýalandyr gyzyl ganyna. Atlara süýredip, çeke-çek edip, Zamunlygy salandyrlar janyna». – Indi edil şunda biziň ýolumyz, Aýrylyşýar. Hoşlaşaly, eý, Turman! Sen öz watanyňa – Gürjüstana git, Ötmeli-dä birek-biregi görmän. – Meniň bilen bile gidersiň, tagsyr, Taşlap bilmerin-ä seni çöl ýerde. Garşylyk görkezme, haýyş edýärin, Goýma men pahyry tükenmez derde. Ýedi ýyl ýaşadyk bir adam ýaly, Beren duzuň haklamasam armanly. Çöl ýerlerde galsa seniň jesediň, Onda o dünýede bolaryn ganly. Meniň öýüm seniň öýüň bolmaly, Gürjüleň gapysy açyk dostuna. Bolşy-bolşy ýaly aýdyp bererin, Pikir etme, girmezler seň kastyňa. – Azara galma sen, şahyr Toreli, Meniň borjum serkerdäni yzlamak. Saý-sebäbe görä ölmän galaýsa, Dilim gysga bolar, kyn bor sözlemek. Onuň bilen geçdi bütin ömürim, Bagyşladym oňa elde barymy. Biwepalyk edip beýik Soltana, Ataşa goýmaryn girjek görümi. Watanyň golaýda, öýüň-de ýakyn, Meniň ilim uzak, oňa ýetmerin. Şoň üçin nirede ölemde näme? Soltansyz bu ýerde ýeke ýatmaryn. – Nireden gözlejek Jelaleddini, Ne bilýärsiň nirä at salyp gitdi. Gije-gündiz ötdi ol günden bäri, Kim bilýär ol haýsy daglardan ötdi. – Ölmese Amida gaçyp atmaly, Munda durarym ýok, şoňa baraýyn. Başymy goýaryn Soltan ýoluna, Maňlaýyma ýazylanyn göreýin. – Ygtyýar özüňde, hormatly tagsyr, Jan-ten bilen hyzmatyňa men taýýar. –Sözüňe ynanýan, şahyr Toreli, Aýtmasaň-da, meniň ýüregim duýýar. –Gitjek bolsaň kitaplaryň al menden, Ýaradan halasa, howp-da abanmaz. Seň ýazan taryhyň ýetsin iliňe, Munda galsa bilinermi, bilinmez. –Sagyňda, soluňda mongol ordasy, Nirede galjagym belli däl ahry. «Howp abanmaz» diýip, arkaýyn aýtma, Pitige mündürdi keremli Taňry. –Alla sizi penasynda saklasyn, Soltany tapmaga eýlesin kömek. Ölinçäm ýatlaryn, hormatly tagsyr, Alaç ýok, aýrylma bolandyr çenem. –Ölümden gorkamok, gadyrdan Turman, Jan beren Alladyr, alýanam özi. Bu zulmat tümlügniň görnenok soňy, Ine, Rustaweliniň aýdan sözi: «Çarhy-pelek üstünde pyrlaýaň bizi, dünýä, Saňa göwün bereniň gum bolýar gözi, dünýä, Bizi nirä äkidýäň, nirede gömjek bizi, Senden bize rehim ýok, ýalkar täk Allaň özi». Nesewi goşgyny arap dilinde Labyzly okady, ýaş akýar gözden. Olar göýä hünji bolup düzülip, Togalanyp ýere damýardy ýüzden. –Gadyrdan Toreli! Gel, hoşlaşaly! Soňky gezek maňlaýyňdan öpeýin. Öýke-kinäň bolsa unudaweri, Gujak açyp, ýüregime ýapaýyn. Gujaklaşyp hoşlaşdylar ikisi, Gaýdyp didarlaşmaz bir-biri bilen. Töreli çöl ýere, Nesewi daga, Her haýsysy öz ugruna at salan. Toreli iline bardy sag-aman, Ilki sataşany Pawlia boldy. Ýanyp-bişip aýralygyň oduna, Sagonyň düneden ötenin bildi. * * * Arzrumdan gelen ýolagçyň biri Tapdy Törelini bir çola ýerde. Nesewiň hatyny gowşurdy oňa, Ýazypdyr galanyn bir ýowuz derde: «Ýadyňa düşýärmi aýrylşan wagtym, Ömrüm gyl üstünde durdy diýipdim. Kitabyň nusgasyn beripdim şonda, Gorap saklamagy saňa buýrupdym. Ykbalyň oýny aýylganç boldy, Geljek kowumlara ýetsin şol taryh. Ýaýraman ýatmasyn sandyk içinde, Başdan geçenlere goýulmaly parh. Hudaý nazar salan beýik Soltanyň Yslam duşmanyna uran zarbasyn, On iki ýyl söweşdi gaýgyrman janyn, Ýatlamaly çölde, dagda görgüsin. Azap çekip, çirim etmän gijeler Ýazan diwanymyň yzyny ýazgyn: «Bu jahanyň zulumyndan dynandyr» diýip, wakalara şygyrlar düzgün. Allahym Soltanyň üzdi ömrüni, Millet arasyna ýaýrasyn ady. Entek meniň demim gelip-gidip dur, Diwanyň soňuna goýgun nokady. Eger-de Ýaradan meň janym alyp, Soltany ýaşatsa gowy bolardy. Onuň söweşlerin ýazan tapylar, Şir ýürek ýigidi ýada salardy. Bir Allanyň emri bilen bolýandyr, Ömür taryhynyň soňky setirin ýazmaga goýandyr ol Biribarym, Şükür edip, kelle döwüp otyryn. Diwany ýazmaga oturan çagym, Boýur-boýur akýar gözümiň ýaşy. Ahyrynda soňladym men bu işi, Ak kagyzdan asla galdyrman başy». Toreli Soltanyň soňky günlerin, Ahyrky pursady okap başlady. Dogrusyn ýazmaly taryhyň diňe, Pikir etdi. Başga işi taşlady. ...Soltan gapyllykda üstün aldyrdy, Gabamakçy bolýar mongollar ony. Nökerleri garşysyna topulyp, Ençe duşmanlaryň alynýar jany. Mongollar aljyrap çekildi yza, Soltanam Amide öwürdi ýüzün. Gözüňe söweýin, türkmen bedewi Demine dartýardy dagyny, düzün! Sоltan Аmide bаrdy. Şähеrde ýоk еken Аmit häkimi. Mоngollardan ölеr ýаly gоrkýanlar Dеrwezäni аçman, kоwdular оny. Çаr tаrapdan ýаgdy ýumruk dеý dаşlar, Bu-dа рany dünýäň görkеzýän оýny. Аt tоýnagnyň sаry tоzy görünýär, Оkdurylyp gеlýär bаşlary аşak. Çоzup gеlýänleriň sаny еsli bаr, «Dеräniň içindе misli bir düşеk. Gaharly tüýkürdi Amida tarap, «It urşun» etmeli ele düşmäni. Howul-haralykda tapmaly emel, Aljyraňlyk etmän, başyň çaşmany. Duşmanlardan esli açyp arany, Garaňky mazaly gatlyşandan soň. Dem-dynjyn almagy müwessa bildi, Gaça-gaçlyk başyna düşmändi öň. Obanyň çetinde, bir buky ýerde Eýere başyny goýup gyşardy. Ukudan doýmansoň ençeme gije, Arkaýyn dynjyny alyp başardy. Iň agyr pursatda ýeke goýmany, Goç ýigitler üýşüp otyr daşynda. «Süýji ukusyny bozmaly» diýşip, Hoşlaşýan dek olaň gözi gaşynda. Gije ýatyp, uky alan duşmanyň, Eşdildi atlarnyň aýagnyň sesi. Daň ukyny haram eden ganhorlar Saýgaryp gelýärler belendi-pesi. Jelaleddin mert durmaly bu gezek, Iň soňky hile hem iň soňky söweş. – Nökerler! Her haýsyňyz bir tarapa at goýuň! Saýgarmasyn meniň giden ugrumy. Bilip bolmaz Ýaradanyň işini, Hata bolsam gazarsyňyz gabrymy. Dagady nökerler salymyn bermän, Jan-jana, baş-başaň geldi pursady. Her kim gugarmakçy gara başyny, Ýaradana ýetse olaryň dady. Eňdiler birbada Soltan yzyndan, Soňra bilmediler, haýsysy Soltan? Çar tarap çawlady, dargady ugur, Jelaleddin gidip barýar sag-aman. Нaýsуnyň уzyndan kоwaryn bilmän, Şоl bir ýеri döwnük еdip durdulаr. Аhyrynda iki sаny аtlysy Sоltanyň уzyndan göni kоwdular. Yzyndаn ýеtiriр аlmaga аwun, Ýuwаş-ýuwаş çеker аtyň bаşyny. Аtuw mеýdanyna аralaşanda, Gаnhorlaryň görjеkdi оl işini. Kowgy belasyndan dynmagy küýsäp, Duşmanyny almaly ýa ölmeli. Kowguçylar ýygjamlaýar arany, Golaýrak gelende oýun salmaly. «Ajala sürünip geldi özleri, Ýaradan goldasa alaryn sizi». Çalasyn gaňrylyp, atdy ýaýyny, Atdan agdy mongol solduryp ýüzi. Ikinji mongolam ýapyşdy ýaýa, Dem alym salymda çözüljek ykbal. Aman galmak täk özüne baglydy, Yza öwrülere ýapyk uly ýol. Jelaleddin galaga-da üzeňňä, Şatyrdadyp çekdi ajal ýaýyny. Peýkam geçdi şatyrdadypiçini, Aňsat aldy ol mongolyň taýyny. Atyndan düşdi-de, dyrmaşdy baýra, Ýollary anyklap, nirä sürmeli? Ýeke gara başy, ýokdy nökeri, Golaý-goltum ýerde nirä barmaly? Soltan uzaklara dikdi nazaryn, Ne atly görünýär, ne-de pyýada. Ýekelik ýaraşar keremli Taňra, Geçen günlerini salýardy ýada. Ugruna bolmasa adam ykbaly, Depeden sallanýar howply ýagdaý. Täleýi ters gelip, ýatanda bagty, Şa, begzada, baýlar bolýarlar gedaý. Baýyrdan inende atyna tarap, Garakçylar peýda boldy arada. At üstünde galdy peýkamy, ýaýy, Indi oýlanýardy ajal barada. Ata tarap yňdarlanda, Soltanyň Aýagyndan taýak bilen aldylar. Jelaleddin gitdi honda tüwdürlip, Ellerini daňyp, öňe saldylar. Garakçylarbaşy tutdy kemerden, Ýokary galdyryp synlady ony. Töwerekde hyzzynlaşýar galany, Kemer üçin aljak şirin janyny. Bir söweşde olja düşüpdi kemer, Altyn-u-kümüşden boldan ýasalan. Ony dakynanda salmady ýada, Oslanmadyk ajal depeden inen. Jelaleddiniň şol ýadyna düşdi: «Kim-de kim meni bikanun guşansa, Şol adam hökmany öläýmelidir». Gorkyny-ürkini bilmeýän Soltan, Ölümiň öňünde boldy gorkmaly. «Kemeri dakynma, hazynada goý» – Nesewiň sözlerin ýadyna saldy. «Dogrudanam, indi şeýle bormuka?» Öz-özüne berer boldy soragy. Göwher daşlaryna bezelen kemer, Jelaleddin boldy oňa geregi. Seredeňde gözüň ýagyny iýýän, Ajap kemer boldumyka sebäbi. Ýa-da täleýine ýazyldymyka? Yryma ynanmak musulman däbi. Sypyp bolarmyka şeýle täleýden? Itekläp barýarlar hol-ha Soltany. Sözlejek sözüňi tapmasaň dogry, Dessine aljaklar amanat jany. Jelaleddin ýöräp barýan ýerinden, Pyşyrdap aýtdy garakçybaşa: –Tanar bolsaň, Jelaleddin Soltan men! – Garakçy tas büdräp, ýyklypdy daşa. – Eger-de siz maňa bir zat etseňiz, Gylyçdan geçirler tohum-tijiňi. Ot bererler ähli oba-kendiňe, Görkezerler müň belanyň ujuny. Soltan bilen aýak çekdi garakçy, Ünsli synlady tutan ýesirin. –Ähli musulmanlaň hökümdary men! – Ýetirip ugrady söznüň täsirin. –Häziriň özünde haýal etmäni, Häkimiň huzurna eltiň siz meni! – Batly we dogumly eşdildi sözi, Gözüni alardyp bakýardy göni. Şalara mynasyp altyn kemeri, Çigit ýaly müýni goýmady onda. Ýöne-möne däldigini aňlady, Durarlyk galmady indi bu ýanda. –Häkime eltmäge etseňiz gorky, Onda leşgerime eltmeli basym. Sylagyň ýetirin altyn-kümüşden, Emirem ederin, batly bor sesiň. Öz-özüne geňeş saldy garakçy, Tereziň bir ýany altyn kemerli. Beýleki ýanynda geňsi adamyň Berýän wadalary baý, baý, humarly! Soňky teklibine boldy göwünjeň: «Her haçanam öldürse bor ahyry. Bilindäki kemer altyn-kümüşden» – Horezm şasynyň gelýär gahary. –Soňky ýumuşuňy bitirýän, Soltan! – Leşgerleriň bar ýerine elteýin. Hormat-sylaglaryň özüňe bagly, Zat bermeseň, yzyma boş gaýdaýyn. Garakçylaň baştutany ýanyna, Ählisin çagyrdy, gurdy maslahat. Paýlaşýarlarmyka düşjek oljany? Jelaleddin eşidenok, gabahat. Garakçylarbaşy ýesiri bilen, Ýoda düşüp ugradylar ikiçäk. Jelaleddin barýar için hümledip, El daňylgy, başga onda alaç ýok. Egrem-bugram ýodajyga düşdüler, Daga çykyp ugradylar ýuwaşdan. Olar günortanlar ýetdiler oba, Ne günler geçýärdi akylly başdan. Kürt soltany çaklaň jaýa eltdi-de, Gapyny içinden bekledi pugta. Soltan oturgyja geçip oturdy, Mynasypmy oňa çalajan tagta? Soltanyň oturşy basýar howuny, Şa tagtyna çykan ýaly göwnüne. Kürt şobada aýagyna ýykyldy, Göýe syçan, sümjek häzir hinine. Aýaly geň gördi basga düşenin, Düşünip bilenok, döwýär kelleni. Ýesiriň öňünde dyzyna çöküp, Oturşyny görüp berdi pelläni. Aýalyn çagyrdy goňşy otaga, Syry ýaýmazlyga içirdi anty. Aýaly ant içip, awy ýalady, Äri şeýleräjik aýtdy niýeti: –Ýöne-möne ýesir däldigin bilgin, Ýeke salym gol gowşuryp oturma. Hyzmat edip, pyrlan-da ýör daşynda, Tapan-tupanyňy şoňa getirber. Horezm şasy bu, bilip goý, heleý, Häkimler häkimi, Jelaleddin–ady. Meni mundan artyk gepletme indi, Ýalňyşdym. Ölçerme, sen beri ody. Baýlygy bar ýere-göge sygmaýan, Soltanyň zarbyndan dünýä elenýär. Gahar edip gylyjyny bulasa, Derýadyr deňizler, köller bulanýar. Ýaka tutup, haýran galyp gürrüňe, Aňk bolup diňleýär aýal ärini. Birki günlük gizlin ýerde saklaýyp, Goramagyň öwredýärdi terini. Kürt: «Diliňe berk bol!» diýip tabşyrdy, Atlaryna seretmäge daş çykdy. Ýadaw Jelaleddin gyşaran bada, Uka gitdi, gelin ýüzüne bakdy. Uka gitmeziniň öňüsyrasy, Donuna dolapdy altyn kemeri. Gelen ajaldan sypandyryn öýdüp, Ynansa-da, urýar ýürek damary. Otagda kämahal kürtüň aýaly, Ogryn-ogryn synlaýardy Soltany. Aýagnyň burnuna basyp her gezek, Alyp gelýär gerek-ýarag zadyny. Alagaraňkydy öýüniň içi, Penjireler tuty bilen tutulan. Jelaleddin gelin ýüzün görenok, Başy gara gyňaç bilen örtülen. Jelaleddin gözün dikip ýokary, Keç ykbal hakynda ençe oýlandy. «Seretsene, bu pelegiň oýnuna», – Içini gepletdi. Pikir taýlandy. «Gan-gowgaly, agyr-agyr söweşden, Ençe sapar sag-salamat gutuldym. Bu gün gör-ä, gel-gel kürtüň dagynda, At-ýaragsyz, armanlyja tutuldym...» Howp abanýar, gudrat oňa duýdurýar, Gelip-gidýän demi gutarjak ýaly. Ýüreginde beslen arzuwna ýetmän, Garaňky gabyra iterjek ýaly. Diňe ýüz-gözüň däl, döşüň, elleriň Çöpüri ösüpdir, gyrkybermeli. Durşuna tüý, diňe ýüzi görünýär, Ezraýyl diýibem gorkubermeli. Eline alypdyr äpet gylyjy, Onuň üçin agramy ýok aşykça. Gözleri meňzeýär Gijengyryga, Görseň, otyr ynha, tüýli meşikçe. Näme edip bilsin, jahan batyry, Gynandy poslarmy şeýdip hanjary? Heý, beýle-de ýowuz ykbal bolarmy, Bir nadan elinde köýermi ary? Giň jahanda janyna jaý tapanok, Ýüregi takatsyz batly urunýar. Ajal gutulgysyz geldi alkyma, Jany almak üçin gylyç abanýar. Soltanyň göwnüne bildäki kemer Barha agralýardy, gysýardy bili. Nirde galdy gamly başyn bulaýlap, Gözüniň göreji hasaplan ili? Ajal hyýrsyz garap durdy Soltana, Diýýän ýaly: «Bolarsyň sen set-para». Ýalňyz gara başdan gaýry kimiň bar, Soltany goraglap düşere ara. Öý bikesi geldi onuň ýanyna. – Bu kim bolar? – diýip, sorady ondan. – Horezmli myhman. Taňry bendesi! – Öldürjek men, gitsin ýagty jahandan. –Samahullap durma, aýryl ýanyndan, Gyly gymyldamaz, bilip goý şony! «Özüň ölmän, öleýmesin myhmanyň»– diýip, ýassykdaşym tabşyrdy göni. – Näme lakgyldaýaň, guşkelle heleý, Bizi talaýanlar şularyň özi. Bir duşman azalsa, ullakan peýda, Ýadyňda berk belle aýdylýan sözi. – Neneň edip tyg çekersiň sen muňa? Ähli musulmanlaň Soltany ahry. Ýassykdaşym gelse näme diýeýin? Hamymy sypyr ol gelip gahary. – Heleý, gulak eşidýämi aýdanňy, Özüň ynanýaňmy diýýän zadyňa? Bu taýda Soltanyň näme köri bar, Jan gutarmak üçin ýalan sözländir, Bererin jezasyn, garşy alar gör. Meni aldap bilmez haýýarlyk bilen, Soltan bolsa, şol-da meniň geregim. Hladyň ýanynda meniň oglumy öldürdiler. Gitdi göwün diregim. Diýdim şonda: «Nirede duş gelsemem, Ganymlary seljermezden kerçärin». Allanyň öňünde içdim men anty, Kasammy şu zalym bilen ödärin. Jelaleddin düşünenok gürrüňe, Ýöne äheňinden aňýar dawany. Düşnükli oň öldürmekçi bolýany, Içinden öwürýär kelemesini. Birdenem çöpürlek gara pyýada Barsa dönüp bökdi Soltan üstüne. Depesinden gylyç indi şowurdap, Beýik ynsan ömri tamamdy, ine! Görüp galdy inip gelýän gylyjy, Dünýä tüm garaňky boldy dessine. «Hoş gal, ýalan dünýä, biwepa dünýä!» – Gyzyl gan döküldi Soltan üstüne. Amidiň häkimi el-Mülk Mojapar Ölenin eşitdi beýik Soltanyň. Bedewini, eýerini, gylyjyn Getirmegi buýurdy Horezm şanyň. Jеlaleddin mеýdin gözläр tаpdylar, Dаbaralap jаýladylar Sоltany. Еdim-gуlуmlary bеrjaý kуldylar, Ýаs düşеgne gеldi аmidleň bаry. «Мüň iki ýüz оtuz birinji ýуlyň Аwgustynyň оn ýеdisi günündе Вu dünýädеn ötеndigin bilsinlеr»– diýеn ýаzgy gаlýar уglan еdilende. Аsyrlar аýlanar, dоlanar ýуllar, Jеlaleddin аdy öçmеz hiç hаçan. Wаtan, il ugrundа jаnyny bеren Нiç wаgt undulmаz, tаryha gеçer. Sоñy. Тatar ÜÝŞMЕKOW. Еlektron görnüşе gеçiren: Еrkin ÇАRYÝAROW. | |
|
√ Kyssa -3: poemanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Kyssa -4: poemanyň soňy - 22.06.2024 |
√ "Aşyk-Magşuk" / dessanyň dowamy - 03.03.2024 |
√ Kyssa -2: poemanyñ dowamy - 14.06.2024 |
√ Ýol başynda ene bilen / poema - 14.09.2024 |
√ Sygan bagşy /poema - 14.09.2024 |
√ Rowiýa / liriki poema - 14.09.2024 |
√ Jüneýit han / poema - 03.06.2024 |
√ Esger guýusy / poema - 19.08.2024 |
√ Jeñnama / poema - 03.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |