10:58 Jelaleddin Kawkazda -2/ poemanyñ dowamy | |
MEKIRLIK
Poemalar
Ynsan bar ýerinde bolýar mekirlik, Mekir sapak alýar mydam Melgundan. Bahyllyk-da, ine, şondan döreýär, Melgun daşa düşýär ötüp imandan. Eýranyň täjiri Hajy Jahan-da Enesinden mekir bolup dogulan. Azdyrdy gürjini, geldi Soltana, Ony görüp, ýaý dek bolup bükülen. –Gürjüler gurýarlar dürli şagalaň, «Soltan gaçdy, gorkup, garaman yza. Ýeňiljegin bildi, galmady alaç, Tutluşsa çökärdik Soltany dyza». Hamana diýersiň Siz gaçan ýaly, Gürjüler gurdular dürli şagalaň. Yzyňa öwrülseň berip pendiňi, Malyňa-mülküňe saljaklar talaň. –Gaty gowy, magtabersin özüni, Ertire çykaly, göreris şonda. Kim gaçypdyr, kim kowupdyr yzyndan, Gözlerine görkezerin her günde. Aýdym sesi ýatdy, söndi otlar-da, Soltan taýýarlandy gurmaga söweş. Gijesini ýatman atyrdy daňyn, Ukusyn bermedi ediljek döwüş. Emirleriň bary aýak üstünde Garaşyp durdular Jelaleddine. Daş çykyp sözledi söweş nutugyn, Onuň aýdan sözi şeýledi, ine: –Duşmanlar gorkuly, söweş islänok, Haýallyk eýlesek olara peýda. Bular öz ýurdunda ýatyr arkaýyn, Bardygmyz bilenok, ýok pikir-oýda. Gürjülerden başga aladamyz köp, Dek ýata bilmeris işi bitirmän. Şol Çingizi ýok etmeli jahandan, Şonda ýeter maksadyna musulman. Amatly pursady goldan bermäliň, Lül-gammar bolandyr içip çakyry. Ýyldyrym çaltlykda çozuş edeliň Aýak aldygyna çykyp ýokary. Muhammet pygamberiň wesýetini Ýadyňyzda saklaň, çagyryň Hudaý. Gürjüleriň edil päline göre, Ýaradan, kapyry eýläwer gedaý! Ýigrimiňiz ýüz kapyra taý geliň, Elheder eýlesin, gaçsyn toplanyp. Kellesin galdyrman ýatsyn ýerinde, Janlaryny bersin daşa ýaplanyp. Kapyrlaryň üstlerine çozalyň, Alla hemmesini görüp durandyr. Bütin gije okan haýyr dogalam Beýik Ýaradana baryp ýetendir. Ýaradan Biribar biz bilen bolsa Ýeňeris, ýeňeris, ganym duşmany! Daň saz berdi, ine, çozuş başlandy. Üstüne sürdüler Hudaý çagyryp. Gürjüleriň bir tarapy oýandy, Ellerni galdyryp, durlar bagyryp. Köpeldi gykylyk, –Alla! Hillala! Dag etekden iýnen bulut dek leşger Goýun sürüsini ýadyňa salýar. Aljyran gürjüler käkilik ýaly, Pytyrap her ýana zymdyrlyp gaçýar. Horezm Soltannyň iki dogany Kyýaseddin, Orhan tutup çetini, Gruzinlere zarba urýar gaýduwsyz, Amala aşyrýar tutan netini. Sagyndan ýagýan ok tutdy älemi, Çep tarapdan öňe süýşýär pyýada. Kyýaseddin bilen Orhan leşgeri Gürjüler leşgerin saldy gabawa. Iwane, Şalwa gelenden soňra, Gruzinleriň göterildi ruhy. Çozýan leşgerlere öçli topulyp, Başa-baş söweşde artdy parhy. Soltan goşunynyň sagky ganaty Yza çekilýärdi ýuwaş-ýuwaşdan. Aldawa salýardy garşydaşyny, Arka aýlanýardy gabap daşyndan. Sagky ganat belentligi eýeläp, Ýaýraw çozýar çekinmäni ölümden. Belentlige okduryldy Iwane, Çapyşyk başlandy iki tarapdan. Jelaleddin ortadaky goşuny Öňe sürdi iň amatly pursatda. Demirden sowutly atly goşunlar Batyrgaý göreşýär daýanyp ata. Iň soňky söweşe girdi ýagylar, Söweş gyzyşýardy, gidýär başa-baş. Garnis dagynyň çür depesinde-de Serilýär meýdanda läş üstüne läş. Şalwanyň görkezen edermenligi Gürji taryhynda alandyr orun. Il üçin göreşen şeýle batyrlar, Gaýratyn görkezýär ölmezden burun. Şalwa serkerdäniň uruldy aty, Daýanmaly boldy egri gylyja. Çar tarapa arslan ýaly topulýar, Özüne-de düşdi ýara çalaja. –Şalwa, gaç sen, janyňy gutar diýýän! – Köşk şahyry Turman Toreli gygyrdy. Şalwa çytyp gaşyn, çep egnine tutdy, Saglyk diläp öz hudaýyn çagyrdy. Barmak arasyndan akýar gyzyl gan, Eliniň ganyny sürtýär ýüzüne. Toreli Şalwanyň görende ýüzün, Gulak asdy onuň aýdan sözüne: –Senem çal ýüzüňe akýan ganymdan, Ölüleň maslygna tiziräk sümül. Eger şeýle etseň öli diýerler, Garaşma, eglenme, basymrak gömül! Şalwa ýykyldy-da, oklady özün San-sajaksyz meýitleriň içine. Toreli-de öli leşger arada, Gizledi özüni meňzäp syçana. Geçýärler üstünden iki tarapa, Pyýada, atlylar üstün depeläp. Soltanyň goşuny kä öňe-yza, Söweş gurýar ýaýdan oky sepeläp. Gün asmana çykdy, günorta boldy, Gohdur-galmagallar açdy arany. Günüň howry ýakyp-ýandyryp barýar, Şalwa saraýardy düşen ýarany. – Näme üçin ölmän galdykkak, Şalwa, Derkarmydyr indi munda ýaşamak?! –Beý diýme, şahyrym, merdemsi bolgun, Borjumyz duşmandan arymyz almak. Heläkçilik indi, sebäbin bilmän, Heý gidip bolarmy pany dünýeden! Başymy dik etse ýaradan Hudaý, Halas etse ýesirlikden, ölümden, Asyl kim bolsa-da, tapawudy ýok, Goraryn men namys bilen arymy. Sag-aman ýaşasam ýagty jahanda, Görkezerin näkeslere zorumy. Gürji leşgerleri göterip ökje, Topar-topar gaçýar yza garaman. Musulmana beýle ýeňiş gudurat, Zulumdan dynmazdy Soltan döremän. Iň belent dag gaýasynyň başynda Çadyr gurap, ýeňiş baýdagyn dikdi. Sadalygy hemra edip özüne, Hudaý gudratyna göz aýlap bakdy. Soltan leşgerleri ölen gürjüleň Eşigin sypyrýar, ädigin soýup. Ýaranlaryn ýygnap, gynanç bildirip, Jaýladylar baryn bir ýerde goýup. Birdenkä Soltanyň esgerniň biri Şalwanyň üstüne büdräp ýykyldy. Onuň diriligin bilen badyna Şalwa tarap has golaýrak dykyldy. Ýüregniň üstüne goýdy gulagy, Ýürek gürsüldeýär eýmenen ýaly. Eli bilen galdyranda kellesin, Gutardy Şalwanyň hileli ýoly. Eňegine murt çykmadyk ýigdekçe: «Basym bäri geliň!» diýip gygyrdy. Elini bulaýlap yzly-yzyna, Daşda duran esgerleri çagyrdy. – Näme gygyrýaň-ow! – Näme, dirimi ol! – Ähtimal, ol gürji begzadadyr. Ýigdekçe seretdi Şalwaň ýüzüne Ýüzleriniň gatan ganyn süpürip. Endamy syzlady, ýadyna saldy, Ýürek urunýardy ganlysyn görüp. – Bu ganhory tanaýaryn, bilýärin, Çep dulukda ýaraň yzyna belet. «Eliň bilen etdiň, egniň bilen çek» Tüf ýüzüňe seniň, ataňa nälet! Gökdäki dilegim ýerde gowuşdy, Muň adyna Şalwa ganhor diýerler. Iň ketde serkerde, şanyň sag goly, Indi seň deriňi diri soýarlar. Gözümiň alnynda eziz kakamy Gylyç bilen iki bölen şu zalym. Biribar Ýaradan, saňa döneýin! Ganhoruň özüne görkezdiň zulum. – Adamlar, serediň, ýene biri bar! Muny-da elteliň Soltan ýanyna. Serdar höküm etse ikisiniň-de, Gylyç bilen kast ederin janyna. Şanyň köşk şahyry Toreli serdar Öňe düşüp gelýär, gollary bagly. Pelegaň başyna salan jezasy Bagryny ýandyrdy, ýüregi dagly. Soltan ýesir düşen beg, hanlar bilen Sorag-jogap alyşýardy howlukman. Begzadalar saga tarap sürülýär, Çepe sürülenler dileýär aman. Soltanyň dogany gelip ýeňseden: – Meniň ýaş esgerim alypdyr ýesir. Ol begzada gruzin şanyň sag goly, Çadyrdan çyksana, görsene, tagsyr! – Kim ol? – Şalwa. Şalwanyň adyny eşden emirler Hudaýa ýagdyrdy alkyş baryny: – Hudaýa şükür! – Alla Keremlidir! – Alla hak işi ugruna edipdir! – Ähli kapyrlaryň boljagy şudur! Atabek Özbegiň ýakyn adamsy: –Eý, hökümdarym, Şalwa ber jeza. Ähli musulmana ýowuz darady, Göwresin ýakaly ýalynly otda. – Masgara boluplar ele düşenne, Ne sebäpden begenýärsiň sen beýle. Alarman-çaparman esger boldumy, Dogrusyny aýt-da, çynyňy sözle. – Diňe jeň meýdanda howply bolman, Zalymlykda ol ýakasyn tanatdy. Özbek meni ilçi edip iberdi, Şa weziri Şalwa kabul edipdi. Ýaraly ýolbars dek bekdi üstüme, Ezet baryn berdi tutup sakaldan. Ýadymdan çykanok aýdan sözleri: «Gaýdyp gelseň seni çykaryn itden». Muhammet pygamber, Hezreti Ala Gargady, sögündi, ýetirdi dili. Ganynda gaýnady ganhorluk syry, Gypynçsyz gyrjakdy musulman ili. Gaşlary çytyldy Jelaleddiniň, Gazaba mündürdi weziriň sözi. Iki baka gezim edýär, oýlanýar, Hyrçyny dişledi, gyzardy gözi. Märekeden: – Getirýärler! – Getirýärler! – diýen sesler eşdildi. Ses çykan tarap garady Soltan. Şalwadan sorady geçmişi hakda, Dogrudan, serkerde wezir bolupdyr. Galtamanlyk edip, dünýe ot gorsap, Musulman iline talaň salypdyr. Jelaleddiniň özi-de kän gezekler Ýesirligiň, kemsitmäniň, ölümiň Beri ýanlaryndan gaýdyp görüpdi. Halallykdy baş sakasy ýolunyň. Jelaleddin guýmagursak akylly, Är kişiň üstünden ýokdy gülmesi. Şan-şöhrata eýe bolmak islänok, Sözlerinden gelýär mysapyr ysy. Soltan gulak asýar, Şalwa gürleýär: – Humar ýaly zat bolýandyr söweşler. Biriň utularsyň, biriň utarsyň, Biderek kesilýär birgiden başlar. Edil düýndi meniň bagtýyldyzym Al-asmanda parlap, lowurdap durdy. Bu gün bolsa, ine, görüşiň ýaly, Saýgaryp bilemok, ölümi-diri. Täleýi ters gelen Şalwa serdaryň Aýdan sözi geldi onuň hoşuna. Özüni ýitirmän ölüm öýünde, Gürläp durşy – belent tutup başyny. Durnukly häsiýete gözün ýetirip, Ýüregin ýumşatdy beýik serkerde. – Gaýduwsyz, giň ýürek, batyr adamlar Kän bolýan ekeni ilde, her ýerde. Namardy ýigrenýär, mertleri söýýär, Duşmany bolsa-da, halaýar şony. – Ellerini çözüň, batyr Şalwanyň – diýip, buýruk berdi. Aýtdy göni. Buýruk ýerne ýetdi, çözüldi eli, Owkalaýar Şalwa gurşan goluny. Jana aram girdi, tamasy artdy, Ýada saldy Çingiz hanyň ýoluny. – Begzada, hany aýt, mongollar bilen Döwüşip gördüňmi söweş meýdanda? – Ençe gezek tutulyşdym oň bilen, Ýaraly-da boldum, galdym armanda. – Ýeri, onsoň? Mongol gaýraty niçik? Her haçan-da bolsa ýeňip boljakmy? – Uly tama besläpdir ol ýürege, Tamasy bolmasa beri geljekmi? Musulmanlaryň ynamyna görä, Ýaradan ýol berse, ýeňeris ony. Başa-baş tutluşsam, janda ýok arman, Gynanman bererin bu şirin jany. – Bize ýeňiş berer Allatagala, Ýeňmek-ýeňilmeklik hudaýyň işi. Belkem, Ýaradanym, şeýle bolsun-da, Allaga sygynsaň, gorar ol daşy. – Şu günden beýläk sen Soltan emiri, Ýeriň, mülküň, guluň, gyrnagyň bolar. Bize ýürek bilen eýleseň hyzmat, Şonda döwlet seniň başyňa gonar. Ana, şonda kapyr dininden dänip, Hak ýoluna düşen bendesi borsuň. Ýaradanyň penasynda apalap Saklaýşyny gözüň bilen görersiň. Emiri hormatlap, eltdi çadyra, Hyzmatkärler oň daşynda aýlanýar. Gürjülerden ýesir alşan gyzlar Şalwanyň göz öňünde köwlenýär. Ol çadyra tarap ädim ätlende, Biri döşden iten ýaly öwrüldi. Soltanyň alnynda bardy Toreli, Ony görüp, depe saçy düýrüldi. Şalwa tagzym etdi, çökdi dyzyna: Hökümdar şol bende rehimiň insin! Doganoglanymdyr, öldürme ony, Seň öňüňde gruzin şalygy synsyn. Ýamanlyk etmändi musulmanlara, Öz ugruna gezýän köşk şahyry. Ady onuň Turman Torelidir, Rehim et-de, azat eýle pahyry. – Elleriniň daňysyny çözmeli, Soltan onuň ellerini synlady. Beýle näzik eldir, şeýle barmaklar Ýazyjydyr şahyrlarda bolmaly. Gürji şasynyň öz şahyryn söweşe Ibermesi nämedenkä bilemok. Ýeke şahyr nemäň alnyndan bolsun, Sebäbin bilmeklik ýada gelenok. Sypyryň guşagy, alyň hanjary, Şahyryň artykmaç bolmasyn ýüki. Allaň beren käri ýetikdir oňa, Mundan aňry onuň bolmasyn saky. Guşagy sypyryp alanlarynda, Goltugyndan gaçdy çaklaňja kitap. Aksakgal kitaby alyp eline, Okap gerdi ony, ýazylypdyr tap. Şatlandy aksakgal, açyldy ýüzi, – Ol kitap näme hakynda Muhammet? – Arap, pars şahyrlarnyň diwany, Saýlanyp ýazylan aşa bir hümmet. Muhammet-en-Nesewi, Köşk diwanyň kethudasy. Uzatdy kitaby Beýik Soltana, Soltan okap gördi başdan-aýaga. Torelini synlap, ölçerip-biçip, Ýene-de başlady ençe soraga. – Pars dilini bilýärmiň? – Bilýän, hökümdar. – Arap dilinemmi? – Okap hem aýdýanlaryna düşünip bilýän. – Arap zybanyny bilseň näme üçin Gurhany okaňok? – Bir däl, birnäçe gezek okap çykdym, hökümdar. – Gurhany okap, seniň Muhammet pygamberiň dinine girmeýşiň geň-le? Gurhany okan bolsaň, sen nä akylyňa musulmanlara el götermege ýürek edip bildiň? Toreli uludan dem alyp dymdy. Çöküne düşüp oturan Nesewi Soltana golaý süýşdi. Çawuş çakdy. Ýene-de başlandy sorag sanawy. – Türk dilini bilýärmiň? – Ýok, türkçeden hiç zat bilemok. – Gazalyňy haýsy dilde ýazýaň: pars dilindemi ýa-da arap dilinde? – Men gruzin, gruzin dilinde ýazýan. – O näme beýle? – Meniň şygrymy gruzinler okýar, şoň üçin ene dilimi söýýän. – Ýeri bolýa, nokgy-nokgyňy bes et! Nesewi gelensoň getirdi bagtyň. Dünýäniň malyna deňäp gazaly, Muhammet Nesewi arkaňy çaldy. Bagyşlaýan seniň damja ganyňy. Nesewi ogşady donuň synyny. Tagzym etdi ýere maňlaýny degrip, Ölümden dyndardy şahyr janyny. Garnis jeňinden soň Kyýaseddini Gruziýanyň jümmüşine ýollady. Soltan goşunynyň bölegi bilen Töwriz sary aşmaklygy halady. Yzyna kowmakdy Jelaleddini Dildüwşigiň tutýan asyl maksady. Iki duşman arasynda Soltana, Saklanyp bilmänsoň çekdiris dady. Başlanmanka entek Garnis söweşi, Ýakymsyz habary eşitdi Soltan. Töwriziň häkimi et-Torgaý, eýýäm Soltana garşy iş geçiripdir kän. Bir tarapdan gürji girse kastyna, Beýleki tarapdan geçsek hüjüme. Telwas-a urardy iki arada, Şeýle söweş guralypdy nijeme. Garnis söweşinden ozal-da mälim, Jelaleddin öňden bilýärdi ony. «Ine, musulmanlaň ýalňyşýan ýeri!» – diýip, şuňa ýanýar Soltanyň jany. Içki syryn bildirmeýär hiç kime. Her işde-de ýeke döwýärdi kelle. Tutan guşun ütmäge bir kişiniň Asla gerek däldir oň üçin selle. Ilki almalydy Tbilisi basyp, Soň jeza bermeli dil düwüşýäne, Ol pikirden indi dänmeli boldy, Şonuň üçin gidýär Soltan Töwrize. Soltanyň goşuny bölündi ikä, Gürjülere bölünişik ýarady. Güýçlerini jemläp, hüjüm etmege, Tijemege özün ýagdaý döredi. Şanyň çaparlary Gruziýanyň Çar tarapyn sökýär, ýygnaýar goşun. Ýygnandy leşgerler, goşunbaşy bar. Indi gorap biljek Tbilisiň daşyn. Ölmän galan serkerdeler Garnisden Sag-aman geldiler Tbilis şährine. Baş boldular täze dörän leşgere, Aralaşdy şanyň içki mährine. Şa ýollady öz ilçisin Soltana, Serkerdelerini satyn almaly. Açgöz wezirleri Jelaleddiniň Bähbitleri üçin şany ýonmaly. Ýesir düşen gruzinleriň adyny Ýeke-eke ýazdy gatbar kagyza. Ýazgyda bellik bar her ýesir üçin, Adyň yz ýanynda ýazyldy baha. Ýesirlere baha kesen weziriň Jübüsini galňatmakdy maksady. Gazna altyn-kümüş serpaý ýygnaýyp Özüne almakçy abraýly ady. Gruziýanyň häkimleri ýygnanyp, Ençe begzadany aldylar satyn. Şalwa-da yzyna bardy öwrülip, Oňa düşünmeklik häzir-ä çetin. Basga galan Sago urunyp her ýan, Zergär agasyna bakyp ýüz tutdy. – Dogrudanam, hiç zadyňyz ýokmudyr?– diýip, bilmezlige salyp aýtdy. – Elimdäki ýüzük, gulakda halka, Ondan başga hiç bir zadym ýok meniň. – Olar-a entejik juda az bolýar, Eziz agam, mätäç kömegňe seniň! – Torelä gerekmi, ýygna puluňy! – Turman üçin men sataryn howlyny. Turmansyz maňa düne gerekmez, Ýüregim intizar bilmen halyny. – Jaýyňy kim alsyn gaça-gaçlykda. Özümdäki tyllalary bereýin. Toreliniň dostlaryna habar et, Ondan soňra men synanşyp göreýin. Mamuka gaznasyn dökdi başaşak – Ençe ýyl içinde süýşüren pulun. Aýal doganynyň alyp göwnüni, Toreli üçin berjek ählije malyn. Sago haýran galdy dökülen gazna: – Aşa sahy ekeniň-ow, sen agam! Gynanmazmyň şunça zady dözmege? Üstünden sowuldy agyr gaýgy-gam. – Ýöne şu-da entek az! – Heý-de şunça altyn azlyk edermi? – Entek gerek, jigim jan, ýene-de gerek! – Onda Turman öldi diýip aýtsana... – Ähli zadym berjek Torele derek. Iwane, Goçi-de berdi gaznasyn, Ilçi ýaly ugratdylar mollany. Torelini her zat edip almaly, Zerur bolsa berjek ençe gallany. Molla bardy Beýik Soltan ýanyna, Aýagna ýykyldy, aýtdy arzyny. Ýalbardy, ýapyşdy, burdy boýnuny, Wadany üzlüşdi, sowdy parzyny. ADARBADAGAM ATABEGI ÖZBEK WE MELIKE ŞA HATYN Özbegiň aýaly Melike hatyn – Hoý galasynyň haýbatly şasy. Şa hatyn ýaş, bar görjegi öňünde, Bu dünýede ýokdy onuň bahasy. Gaşlary ýaý, kirpikleri ok ýaly, Ogşaýar bägüle parlap açylan. Ýaňaklary alma, saçlary tar-tar, Ýaradan nuruny şoňa eçilen. Gruziýa goşunnyň dargaýşy hakda, Melike eşdipdir boluşy ýaly. Töwrize dolanyp gelenin bilip, Indi agtarýardy başga bir ýoly. Jalaýrak ärsumagy Özbegiň Töwrizde şa bolmagyny söýenok. Gürjüleri tar-mar eden batyry, Söýen ýürek öz erkine goýanok. Aýşy-eşretlere gark bolan Özbek, Melike ýanyna gara berenok. Mekanyna howp abanan badyna, Gorkusyna belli ýerde duranok. Şa hatyn çagyrdy wekil-weziri, Ýürek matlabyny oklady ara: – Eger meniň ärim beýik uşa bolsa, Öz halkyny, söýen ýaryn taşlamaz. Il-gün aladasyn zyňyp ýürekden, Namysly är beýle käre başlamaz. Namart ärden başym gutarmak üçin, Mejbur boldum öz gamymy iýmäge. Özbek bilen indi bozup nikany, Mert ýigidi är edinjek diýmäge. Şerigat ýol bilen bozup nikany, Musulman Soltanna çykmakçy äre. Ýüregiň arzuwy hasyl bolmasa, Gözüm açyp indi girerin göre. Garşy çykmaň meniň aýdan sözüme, Şeýle etsem Soltan gorar daşymyz. Malymyz, mülkümiz asyl talanmaz, Esasy zat abat bolar başymyz. Şa hatynyň geňeşini geňirgäp, Gulaklarna ynanmady wezirler. Nireden tapdyka beýle akyly, Şeýle bolsa Töwriz şähri düzeler. Oňladylar Melikäniň niýetin, Oturanlar etdi süýji dilegi. Haýal etmän ýolladylar ilçini, Şa goýmakçy başda güýçli bilegi. Soltan şa hatynyň gözeldigini, Döwlet işde paýhasynyň zordugyn Öň-de eşidipdi, bilýärdi özi Erkek ýaly şa hatynyň bardygyn. ÖZBEGIŇ ÖLÜMI Töwriziň çapary geldi-de atly, Kürsäp girdi Özbek şanyň otagna. Säginmän ýetirdi ajy habary – Soltanyň girenin şahyň bagyna. – Öz peýwagtyna girdimi? Ýa Soltan zorlap aldymy? – Melikedir Soltan isleg boýunça Bir-birine bagladylar ykbaly. Kanun bilen bozdy senden nikany, Musulmanyň däbi, şerigat ýoly. Melikäniň biwepalyk edeni Ajal bolup penjeledi ýüregi. Depesine urdy gaharyň gany, Bu dünýäde ýykylypdy diregi. Dogry gelen ajal, çäre ýok oňa, Göz öňi gubarlap, aýlandy başy. Başdaş söwer ýary etdi ikilik, Gözüni alardyp, gyjady dişi. Aýylganç titredi Özbegiň teni, Ýassyga ýetirdi ýalňyz başyny. Dirilik uçguny öçdi ýüzünden, Howandarlar üýşüp aldy daşyny. Bir gezek silkindi. Ömürlik doňup galdy. JELALEDDINIŇ GAHARY Töwrizi düzgüne salandan basym, Jelaleddin ýüzün öwürdi gürjä. Duralga ýerine gelen badyna, Ýesirleri sorap düşüpdi ünjä. Wezir garaşýardy şeýle sowala, Biçak girew alandygyn aýtdy. Soltandan aljakdy hoşamaý sözi, Ynamy çykmady, pälinden gaýtdy. – Köýdürdiň sen ençe çeklen azaby! – Soltan gaharlanyp urdy gazaby. – Neneň het etdiň sen kapyrlar bilen, Unutdyňmy pygamberlik ýaşyňy. Söwda etme gelemok men bu ýere, Gaýgyrmaryn, keserin seň başyňy. Häziriň özünde bitir buýrugy, Ilçisumaklary ýolla yzyna. Eşitmek islämok tölegler hakda, Sataşdyrma duşmanlaryň tozuna. Gürji ilçileri çykdy çadyrdan, Daşa degdi göwündeki paltasy. Gaçma bilen boldy garaman yzyn, Billerinde altyn doly haltasy. Gahary ýatyşdy, köşeşdi ýürek. Soraşdyrdy neçe töleg alnanyň. Hasabyn sorady azgyn wezirden, Gaznasyna näçe altyn salnanyn. Tbilisi şäherne bardy ilçiler, Begzadalar garaşyp dur olara. Ilçi daş düşelen polda oturyp, Gürrüň berdi başdan geçen wakany. Ýesirleri altyn töläp aljakdy, Wezir ylalaşdy, geldi Soltany. Ýeri, onsoň işiňiz bir bitdimi? Bar zat gepleşildi, soňy bolmady. Wezir-ä almaly boldy altyny, Biz-de ýesirlermizi almalydyk. Üstümize Soltan geldi, gygyrdy, Ýetişmedik, onuň yzyna galdyk. Ýesirleri almakdan-a geçdik biz, Gutarsak razy bolduk başymyz. Sähelçe ýanyndan gaçmadyk bolsak, Musulmanlar aljakdylar daşymyz. MUHAMMET EN-NESEWI Horezm şalygna çozanda Çingiz, Wes-weýran edipdi onuň ýurduny. Yzly-yzyna syndy ençe şäherler, Şonda tutaşdyrdy uruş oduny. Haraba öwrüldi ençe galalar, Ýüz müňlerçe bigünäler çapyldy. Nesewi görüpdi gözleri bilen, Musulman ýürege otlar ýapyldy. Muhammet en-Nesewiň dogduk mekany Nusaý şäheri-de ýumruldy şonda. Mongol ganhorlugyn ýadyna salsa, Bagyr awusyny çekýär her günde. Mazar boldy dosty, ýakyny-daşy. Öz baýlyk-baryndan jyda düşdüler. Diri galan bende berip sadaka, Ýas düşekde, sadakada üýşdüler. Muhammediň ýüregi gyýym-gyýymdy, Türkmen halkyň ylymlysy Nesewiň Onlarça ýyl diş-dyrnak bolup Ýazanlary ýandy içinde oduň. Soltan hyzmatyna dana Nesewiň Şol ýalynly ýyllar özi gelipdi. Şondan başga bil baglara ýok adam, Çingiz hanyň garşysyna çykypdy. Batyrlygy bilen şöhrata ýeten, Hudaý ýaly görýär Beýik Soltany. Mongollary ýeňip biljek är ýigit, Diňe Jelaleddin. Ýokdy gümany. Nesewi, göýä bir Allanyň özi, Birleşdirip musulmanlaň agzyny, Mongollary ýeňmek üçin iberen Saýýardy ýeke-täk musulman hany. Nesewi Soltana sereden wagty: «Gara günler geçer, baş alyp durmaz, Yslam ýyldyzynyň parlajak wagty geler. Ýurduň güli asyl-ha solmaz» Diýýärdi hem bir ynama uýýardy: «Soltanyň ädimi, alla ädimi. Onuň ýüregine düwen zatlary Ýaradan guýýar. Artsyn gadamy». Şoň üçin wepaly gulluk edýärdi, Diwanynda berkdi tertip-düzgünler. Düne külterleýär ömür tanapy, Tirkeşip geçýärdi ýyllar, aý-günler. Ömrüniň manysy Jelaleddiniň Taryhyny ýazyp, galdyrmak yzy. Geljekki nesile nusga bolarlyk, Il-güni söýmeklik ýüregiň sazy. Şöhrata maýyl däl Horezm şasy, Kätibi söýýärdi jan bilen tenden. Öz pikirin aýan edip Nesewä, Içki syryn dökýär, ynanyp çenden. Taryhçy alymyň tutýan maksady Diňe Soltan hakda ýazyp oňmak däl. Iş salyşýan ähli goňşy halklaryň Taryhyn ýazmaga edýärdi hyýal. Bir adam hernäçe dana bolsa-da, Kyn oňa köp halkyň taryhyn ýazmak. Her bir halkyň ýazyjysyn toplady, Şahyrlara buýurdy goşgular düzmek. Diwanyň içinde ýazha-da-ýazlyk, Taryh-da ýazylýar, düzülýär goşgy. Her kim öz ilini çykarýar arşa, Dürli ýazyjynyň ýüregniň yşky. Diwanda bar uýgur hem-de mongollar, Parslardyr türkler, ýene hindiler. Kim gutarsa ýazyp halkyň taryhyn, Gulçulykdan hökman azat bolunar. Nesewiň elinde gullar ykbaly, «Tagsyr» diýip tutýardylar adyny. Mylaýym söz bilen awlap göwüni, Söz sepeläp söndürýärdi oduny. Diwanyň daşynda bardy garawul, Gaçmaga ýol ýokdy, çykara deşik. Halklaryň taryhy dörýärdi bar-ha, Gijesi-gündizi ýanykdy yşyk. Köşk şahyry Turman Torelini Tagsyra tabşyrdy leşgeriň biri. Gowganyň içinden aman-sag çykyp, Nesewi begendi galanna diri. – Bu maňlaý işidir, şahyr Toreli, Gaýtmak ýokdur, ýazgydyňy görmeli, Pelek çarhy aýlanyp dur durmany, Allanyň jebrine dogry durmaly. Ol käte adamy çykarýar arşa, Käte ýere çalýar, urýar gaýgyrman. Ykbalyňda ýazylanyn görmeli, Göre girme ýokdur, görgini görmän. Pelegiň zulmundan içleri ýanyp, Ahmyr çekip, gyjaýandyr dişini. Näşükür bolany ýalkamaz Alla, O dünede görer onuň işini. Bir halkyň bagtyny başga bir halkyň Betbagtçylygyna öwrüp ýörendir. Ozaly-ahyry ýalançy düne Şonuň üçin pany bolup dörändir. Düýn-de abadandy Gürjüstan ýurdy, Sen-de onuň şa köşgüniň şahyry. Emma pelek ters aýlady çarhyny, Sen gul düşdüň, düşün ahyr parhyny. Bir wagtlar meň ýaşaýşym başgady, Meniň-de dogulan şäherim bardy. Soltanyň atasy Horezm şasy Külli Yslam gündogaryn sorardy. Bagtyýar ýaşardy ol ägirt il-ýurt, Şol saýada men-de azat ýaýnadym. Kitaphanam bardy diýseň ajaýyp, Töwerege ençe bilim paýladym. Kitaplar, nyrhyna ýetip bolmajak Lember basyp tekjelerde goýupdym. Dana alymlardyr şahyrlar bilen Ençe sapar söhbetdeşlik gurapdym. Şol kitaplardan alardym ylham, Gözümi dikmedim geline-gyza. Ynha, indi sen-de görýäň halymy, Uzyn gün oturýan daýanyp dyza. Alys bir çöllügiň jümmüşlerinde Tanalmaýan Mongoliýa döredi. Şahasyn ýaýradyp töwerek-daşa, Ganhorluk mongollaň hanna ýarady. Perişdesi göterildi asmana, Ýurdumyzy etdi ýer bilen ýegsan. Çingiz hanyň parlady bagt ýyldyzy, Horezm şasyndan galmady nyşan. Meniň bagtym ýatdy, boldum sergezdan, Nirelerde galjak mazarym meniň. Barýan ýolumyza tükenme ýokdur, Yslama baglagyn dini-imanyň. – Nesewiň sesi çykdy sandyrap, Göz owasy doldy gamly ýaşlara. Pelegiň etjegin bilmez adamzat, Ne gowgalar saljak ýalňyz başlara. – Näme üçin ykbalyňdan nalaýaň, Bagtyňyz ýörgünli, güýçli bedeniň. Bir çöp atylanok öňüňe tagsyr, Neme etseň, dogry seniň edeniň. – Birbada görüner şeýleräk bolup, Bu dünede bar zatlar wagtlaýyndyr. Köşk şahyryn bendä öwüren Taňry, Bu güni elimden alma taýyndyr. Häzirlikçe bagtly adam saýmak bor, Çünki hyzmatynda Beýik Soltanyň. Duşmanlary ýeňer, muňa ynanýan, Maksady okgunly Horezm hanyň. Häzirki bagtymy deňäp bilmerin, Nusaýdaky gülläp ösen bagtyma. Zalym Çingiz talaň saldy ýurduma, Indi çykmak kyndyr göwün tagtyma Nesewi süpürip gözüniň ýaşyn, Özüni dürsedi, başlady söze. – Gözüm gördi, ynanýaryn Soltana, Batyr, rehimdar, bilýärin baryn. Aşa öwmekligi halap duramok, Diňe aýydýaryn görenmiň ýaryn. Döwi güýçli häzir mongol hanynyň, Soltanmyz ýeňildi. Sebäbi başga. Eden günälemmiz belkem agyrdyr, Alla unudylyp, düşlendir daşa. Bilip bolmaz Ýaradanyň işini, Belki Çingiz hany ýollandyr Alla. Şonuň üçin Jelaleddin azaby, Hudaý tarapyndan ýazlandyr alna. Biziň okan dogalarmyz Allanyň Ýüregine rehimler salandyr. Musulman iliniň ýalňyz hossary, Ýeňişiň baýdagyn bize ýollandyr. Ýeňiş gyljy Jelaleddin elinde Her ýana parlaýar, goldaýar Hudaý. Ugruna bolmasa Hudaý tarapyn, Onda biz gezmeli illerde gedaý. Mongollar öňüne basar böwedi. Leşgerini ýeňip, kowar yzyna. Abadan, asuda durmuşy gurup, Ýaşarys, ynanýan Soltan sözüne. Gürjüstany ýeňse, Jelaleddiniň Ady ömürbaky girer taryha. Mydama ýatlanyp Soltanyň ady, Geljekki nesiller bererler baha. Öz ýurduň taryhyn bilýärsiň gowy, Birme-bir beýan et, dogrusyn ýazyp. Esasy üns bergin çeperçiligne, Söz dänesin saýla elege salyp. Halkyň däp-dessury, geçmişi hakda Ýazmaklyk borjumyz, gerek her haçan. Diýara bergidar her bir ýazyjy, Mekan duzun dadyp, suwuny içen. Garamaýak halky ýürekden söýýän, Haýsy millet bolsun, onuň parhy ýok. Uruş-söweş olar üçin gerek del, Şadyr hanlar, begler üçin nyrhy ýok. Şonuň üçin diläp aldym Soltandan, Möhüm işe yhlas bilen ýapyşgyn. Gürjüstanyň taryhyny ýazaňda, Hakykaty ýazgyn, ile tapyşgyn. Gadyryň biliner, biter ýumuşyň, Kömek gerek bolsa, aýtgyn çekinmän. Alla bize aň-paýhasy paýlapdyr, Ýanyma alanma asyl ökünmen. Tagsyryň aýdanyn ýürekde besläp, Gruziýaň taryhyn girişdi ýazma. Içini bezedi şygyr bentleri, Hakdan berilipdir goşgular düzme. Gruzin, arap, pars, rum, türkdür ermeni, Hat-da Nesewiniň öz kitabyndan Iňňän täsin maglumatlar toplady, Taryhlar baýady ilki babyndan. Ilkibada Toreli gruzin iliniň Ýazdy asyr boýy güzeran-halyn. Geçen uruşlary, aýylganç aýy, Öwrenip ýazýardy, içinde ýalyn. – Wagşyýana zulum taryh içinde Emrini ýöreden ýyllar, asyrlar. Ýigrenji ýörelge nem üçin gerek, Ýürekde beslenen, gizlenen syrlar. Hany, öz kowmuna ýeriň ýüzünde Mähir bilen garamagy öwreden. Nirede hudaýyň rehimli ýoly, Dünýäni, deňizi, dagy döreden. Nuh zamanda Musa pygamber aýdan: «Gözüňi çykarsa, çykar gözüni, Dişiňi uşatsa, uşat dişini». Aýdanna uýýarlar ýatlap sözüni. Pygamberine görä hristianlar, Bir-birine garşy edýärler söweş. Bigünä adamlaň ganyna galyp, Ýurt basyp almaga gurýarlar döwüş. Ilkidurmuş eýýamynda taýpalar Gaýgyrmandyr bir-birini gyrypdyr. Şondan galdymyka ýagy bolmaklyk, Geçmiş taryh ençe gowga görüpdir. Toreli ýazýardy gijesi-gündiz, Pikir gämisini gulaçlap ýüzýär. Taryhyň akymy barha çuňlaşyp, Baplaryň yzyndan baplary ýazýar. Dagdan inýän zarply däli sil ýaly, Gürjüstany gurşap alyp barýardy. Agyr bela indi gruzin topragna, Olar-da postlarda mäkäm durýardy. Öňe süýşýän goşun çekirtge ýaly, Jülgelerde ýaşar ýaly bolmady. Mal-mülkden bizar bolup, tokaýa Obalar göçdüler, derek galmady. Mallary sürüldi, alyndy ýesir, Gürji gullar bazarlarda satyldy. Ýesirlikden sypan begzada, hanlar Güýç toplady, goldaw beren tapyldy. Men-men diýen begzadalar daşyna Ýarag tutup bilýänleri toplady. Okdur peýkam, hanjar, ýaýdyr naýzalar Ussalar elinde mäkäm taplandy. Bir otrýad Kyýaseddin üstüne Gizlinlikde dar jülgeden çozdular. Öwrülip-dolanma amatsyz jülge, Horezm leşgerne howp saldylar. Buky ýerde ýatan goşun elinden Leşgerler üstüne ýagýardy daşlar. Gatym-garym bolan gazaply jeňde Iki tarapdan-da kesildi başlar. Horezmiň goşuny çekildi yza, Ençeleri galdy söweş meýdanda. Dar jülgede garpyşmaklyk amatsyz, Howsala döretdi esger janynda. Ady belli serkerdeler arada, Bir-birleri bilen artdy dawasy. Bir niçesi söweş etjek ýaragly, Birniçesi diýýär: «Boýun egmek gowsy». Ýeke-täk umyt bar: Şazada aýal Gepleşik geçirse ýagysy bilen. Ýurduny, ilini abat saklasa. Çawlanmasa iňdi hasratly ýalyn. Rusudan diňleýär geňeş baryny, Birine «hä» diýýär, birine «bolýar». «Ine, şeýdiň» diýip, aýdypbilenok, Şasy şeýle bolsa, ykbaly solar. Jelaleddin gürjülere maý bermän, Çozmakçy Tbilise yzly-yzyna. Tijenmege wagt bermän olara, Ilatyny çökermekçi dyzyna. Şalwa siňňin baha berýär bu hala, «Kawkazda saklanmaz Soltan goşuny. Ýakyn wagtda geler mongol ordasy, Dessine gabarlar munuň daşyny. Garnis gaýasynda gazanan ýeňşi, Wagtlaýyn ýeňiş, gylaw ýeňişi. Çingiz han gelende görer tomaşa. Gaçyp gutarsa bor ýalňyz başyny». Şalwa ýesirlikde ýaşap ýörse-de, Jany gaýgy eden adamdan deldi. Ýöne häzir onuň ýaşasy gelýär, Şalwanyň ýörýäni iň dogry ýoldy. Iwane dostuny görse bir gezek, Armany galjak däl ýagty jahanda. Ýowuz günde ýoldaşyny taşlanyň Günäsini geçip bolmaz panyda. Özün taşlap gaçan gorkaklar bilen, Haklaşmak isleýär, ýaşasy gelýär. Toreli ikisi söweş meýdanda Galanyn her günde ýadyna salýar. Dört müň sany batyr esgeriň gany Ar alma çagyrýar ýesir Şalwany. Diýaryň dönügi – käbir serdaryň Ene topragyna siňdirjek ganyn. Şonuň üçin janyn aýady Şalwa, Ölmän ýaşamagy ýüregne düwdi. Ady arşa çykan gürji serdaryň Ýene-de öwrülip ykbaly çüwdi. Ol diňe bir damja ganyny geçmän, Marand, Samsos, Şuşnýa ýaly ýerleri, Şalwa sylag berdi, eýledi hormat, Esgerlerden saýlap aldy «nerleri». Ägirt giň meýdana ýaýylyp ýatan Baý mülküň eýesi serkerde Şalwa Aw awlady, meýlis gurdy her günde, Leşgerler düşmedi hileli towa. Şalwa hyzmat edýänleriň hemmesi Yzarlaýar onuň her bir ädimin. Aýdýan sözlerini salyp terezä, Ölçäp-biçýärdiler onuň gadamyn. Jelaleddin iki gezek duşuşdy, Bir gezek oň bilen çykdy şikara. Arasyny sazlap Şalwasy bilen, Soňky sapar çagyrdy ol nahara. Şalwaň atan oky geçmedi sowa, Mertebesin saklaýşy bir enaýy. Many alma ökdeligi söhbetden, Synlanlar diýdiler: «Okumyş taýy». Soltan seresaply söhbeti bilen, Musulman dininiň hörpüne saldy. Soltanyň pikirin yzarlap Şalwa, Bu dine geçjegin boýnuna aldy: – Häzir siziň diniňizden bihabar, Kurany öwretsin bilimli adam. Niresi artykmaç yslam dininiň, Şony bilsem, dine uraryn gadam. Gudratly sözleri diňleýän Şalwa, Göýä akyl çeşmesine maýyldy. Kuranyň setirin, her bir süresin Kalby bilen kabul etmä kaýyldy. Gürji serkerdesin synlady çyndan, Orhan bilen ikisini ýollady. Genje şäherini basyp almaga. Goşundyr ok-ýarag berdi, goldady. Orhan ony özi bilen saýdy deň, Häli-şindi oňa maslahat saldy. Şalwa üçin iň aýgytly synagy Oturyp oýlandy, özi-de bildi. Begzada wepasyn görkezjek bolup, Taryp edýär mydam öz Soltanyny. Onuň ynamyna girmeklik üçin, Söweş meýdanynda dökjek ganyny. Nireden çykmaly, nirden inmeli, Genje barýan ýola beletdi aşa. Orhanyň leşgerden wagty örän hoş, Belet bolup, çekip barýar ol daşa. Galany zabt etmä gelende pursat, Öňüni başlady bulap gylyjyn. Gylyçdan geçirýär uly-kiçisin, Orhan leşgerlerne görkezýär güýjün. Orhana ýarady onuň söweşi, Ak ýürekden gulluk etdi häkime. Elinden gelenin gaýgyrman Şalwa, Tabyn boljak her bir çykýan höküme. Jelaleddin eşdip Şalwaň ýeňişin, Serkerdä guwandy, açdy ýüregin. Şu ülkede göwni näme islese, Göwnüne degmänjik berjek geregin. «Basyp alanmyzda gürji ilini, Hökümdar tagtyna çykaryn seni. Isleg-arzuwymy saldyň ýerine, Arka durup, aşa syladyň meni». * * * Şazadanyň köşk şahyry Toreliň Ýazýan zatlarynyň goýman birini Yhlas bilen okaýardy Nesewi: «Toreli alypdyr şygyr tärini». Gruzin taryhy gadymy döwür, Nuhdan beri alyp gaýdandyr başyn. Şejeresi Dawut şadan başlanýar, Özleri gorapdyr ýurdunyň daşyn. Aýdymçylar, haşamçylar, zergärler Hakynda ýazýardy gije-gündizi. Beýik şahyr Şota Rustaweli Barasynda ýazdy. Täsirli sözi. Nesewi bilýärdi juda köp şygyr, Gündogar şygrynyň gowy nusgasyn. Toreli şahyryň ýazan zatlarnyň Indi bildi ýokdugyny bahasyn. Şota Rustaweliň goşgularyndan Beýik şahyrdygyn dessine aňdy. Tebigy bilimli, dana Nesewi Hakdan içen dana haýranlar galdy. – Şota Rustaweliň sansyz şygyry Şatlykdan doldurdy meniň ýüregim. Akyl aldym, lezzet aldym şygyrdan, Şeýle şahyrlardyr meniň geregim. – Taryhy ýazmagy maňa ynandyň, Heý, mundan ýakymly ýumuş bolarmy? Gürji taryhyny ýazmasa biri, Geljek nesle ýadygärlik galarmy? – Ýazan taryhyňy okaman bolsam, Düşünmezdim gürjileriň iline. Bilimi özüne ýetik ekeni, Badak salypdyrys onuň diline. Medeniýetli halkyň üstüne çozup, Hata edipdiris Hudaý öňünde. Ýaradan geçirgeý eden günämiz, Allahym ýalkasyn ahyr soňunda. – Täleý çakyşdyrdy bu iki ýurdy, Biri ýeňilmeli, biri ýeňmeli. Adamlar gemirýär biri-birini, Uruşdan peýda ýok, şony bilmeli. Ýurdy saklamaga adyl şa gerek, Aýdany edilsin, diýeni bolsun. Halky oňa uýsun, özi-de halka, Adyl şalar döwlet başyna gelsin. Çala başy gowşan zenan maşgala, Rusudan bilenok döwlet işini. Ýal ýagylar töweregni alypdyr, Hilegärler gurşap aldy daşyny. Rusudan gyrdyrar ne gözel ilin, Malyny taladar, giderer mülkün. – Medeniýetli halkyň üstüne çozup, Hata edilipdir, aldyrdym aňym. Gürjiniň iline ýüregim awap, Çiş kakyp gözüme atyrýan daňym. – Mert bolgun tagsyrym, çekmegin ahy, Ýaradandan buýruk şeýle bolandyr. Çingiz garşysyna mäkäm durmaga, Jelaleddin biziň ile gelendir. Öz ýanyndan ýalňyz başynda oýlap, Gürjülerden kömek küýsendir ýürek. Ynam çöwre düşdi, alajyň näme, Söweşmeli boldy, birleşme derek. «Başa bela inse, mert boluň mydam!» Şota Rustaweli şeýle diýipdir. «Ynsan başy daşdan gaty bolmaly» – Şahyrymyz sapak edip goýupdyr. Beterinden beteri-de bolýandyr, Başa gelenine edeli şükür. Soňy düzüw bolsun, diläli şony, Geljegimiz hakda edeli pikir. Döwür geler, döwür geçer illerden, Dynuwsyz aýlanyp pelegiň çarhy. Häzir horezmliň gelipdir döwri, Adamyň adamdan köp bolar parhy. Täleý çaknyşdyrdy iki ýurdumyz, Heläk bolar ikisinden birisi. Ýalançy panynyň gurluşy şeýle. Razy bolmaly-da, galsa ýarysy. Adamlar adamy, haýwan haýwany Gaýgyrman gemirýär, alýarlar jany. Ösgün daragtlar körpe nahaly Guradýar. Hudaýyň deňligi hany? – Bu-da maňlaý işi, Turman Toreli, Bendesine göz görkezýändir Hudaý. Işi gaýtjak bolsa bir uly iliň, Şany döredýändir akyla gedaý. Çingiz çozan wagty agzala ile, Boran ýagdy Horezminiň bagtyna. Soltan ýaly gerçek gerekdi şonda, Oturdan bolsady şanyň tagtyna. Çingiziň çozmazynyň öň ýanynda Muhammet şa gaçdy, taşlap ýurduny. Hazar deňizinde, çola adada Ötdi ýalançydan, goýup adyny. Gаjarlardyr Türkаn hatyn birigiр, Sоltanmyzyň аlmadylar аrkasyn. Duşmаnçylyk еdip kоwdular оny, Görjеkdi оl Çingiz hаnyň çärеsin. Ýаradan bаşmyza indеrdi bеla, Нudaýsyz sаrsmazmyş çöрleriň bаşy. Jеlaleddin şоndan bäri аhmyrly, Аlladandyr, оnuň çоlardy dаşy. Çingiz hany ýer teýine dykmaga, Soltan indi aýlanyp ýör dünýäni. Ýer ýüzünden adamzadyň ganymyn, Ýok etmege çagyrýar ol ençäni. Baş pikiri mongollary ýeňmekdir, Ownuk zatlar bilen bolanok gümra. Adalaty duýsa gürjiniň ili, Horezm şasyna bolmaly hemra. Gözsüz batyr, Jelaleddin är ýigit, Onuň ägirtligin hemme duýmaly. Dagdan arka gerek hemme halklara, Oň maksadyn ýüreklere guýmaly. Şeýlekin aýgytly pursatda hudaý Bize peşgeş berdi bir ejiz şany. Çingiziň eline ýeňiş tuguny Tutduryp, dökdürdi ençäň ganyny. Hak ýoluny ýatdan çykarypdyrys, Gazanan günämiz ýuwduk gan bilen. Göz görkezdi, ýumuryldy tagtymyz, Jebire uçradyk, müňläp jan berip. Hiç zadyň alnyndan bolmadyk oglun Şalyga belledi – kemsitdi ili. Halkdan daşlaşdyryp merdanasyny, Ilden aýra saldy Jelaleddini. Düzedebilmeris ykbal oýnuny, Ýurdumyz tozady, bozuldy pany. Indi bolsa nobat ýetdi sizlere, Gürjülere geýdir gam-gussa dony. Agyr pursat başa inen çaglary Gerek batyr, parasatly serkerde. Gowşak ýaş aýaly belläp şalyga, Gürjüstan ilini goýupdyr derde. – Sözüňiz bölmäge ejaza beriň! Tagsyrym Nesewi, gulak goý maňa. Tamar hanum şalyk süren ýyllary Ýurdumyz gülledi, aýdaýyn saňa. – Tamar şa barada ýazarsyň özüň: «Uçursyz danady, ötgür pikirli. Är işin bitirýär, diýseň gaýratly, Etjegi içinde, ýüregi syrly». Asudalyk bolan Tamaryň döwri, Bulagaýlyk zamanasy bolmandyr. Ýyrtyjy çozmandyr Çingiz han ýaly, Soltan ýaly gerçek başa gelmändir. Ajaýyp bir pikir geldi kelläme, Maslahata gulak goýsa Soltanym, Gürjüler-de goşulsalar niýete, Dostluk başlanardy, bolmazdy ganym. Gan döküşlik bes edilse amatly, Iki tarapa-da deger peýdasy. Söweşiň soňuna sogan ekiler, Asudalyk bolar, çekmezler ýasy. Aýal edinmäge Soltan göwnese, Rusudan halasa ýitirmän wagt. Iki döwlet söweş gursa birleşip, Mongollaň öňüne basardy böwet. – Gowy pikir orta okladyň, tagsyr, Ýöne munyň başa barmasa gerek! Öz dininden dänmez gürjiniň şasy, Ynanja dönüklik etmeýär ýürek. – Iki tarapa-da iň amatly zat, Är-aýal bolmaly Şa bilen Soltan. Dilewar Nesewi Soltanyň dilin Tapmaga ökdedi, getirip nakyl. Kä öwüt bererdi, käte maslahat, Bar zadyň aslyna ýetirip akyl. Soltan ýüreginiň inçe tarlaryn Eredip bilýärdi gerekli wagty. Gürji şasy bilen nikalaşmagy Ündedi. Isledi Soltana tagty. Jelaleddin çykarmady sesini, Hoşallyk bildirdi kätip Nesewä. Gürjüstanyň şasy Rusudana Namasyn ýollady bakyp nesibä. Şa zenan eşidip onuň tarypyn, Soltana aşykdy, berip göwnüni. Adamsy Mogaseddinden aýrylyp, Çözmek isleýärdi ýürek düwnüni. Hat alansoň şa zenanyň başynda Her dürli pikirler öwrüm berýärdi. Maslahat çagyrdy salymyn bermän, Ýurt ykbalyn çözmek öňde durýardy. Gürjiniň birisi aýtdy matlabyn: «Maksada ýetmese, başlasa jeňe, Jelaleddin ýeňer, görkezer zulum, Şoň üçin, adamlar, goýmalyň soňa. – Il bähbidi üçin är-aýal bolsa, Rusudan tapar Soltanyň dilin. Uruşdan, beladan, howpdan-hatardan Gorardy şalygyn, şäherin, ilin». Ýene-de bir topar begler birigip: «Bütin Gruziýany gysyma gysar. Elinden erkini alar begleriň, Gepini ýöreder, depeden basar. Musulman dinine girmegi buýrar, Hristian dinini aýrar aradan. Nika gatyşygy boljagy belli, Şeýle güni salmawersin ýaradan. Däp-dessury ýitýär gürji iliniň, Soňabaka ýiter gadymy halky. Ilki başlar Şazadanyň özünden, Eline tiz alar gaznadyr mülki». Ahyrsoňy Jelaleddin teklibin Ret etdi maslahata gelenler. Hat getiren ilçi gitdi yzyna, Gaharly garady ýola salanlar. Adarbadagana baranda Soltan, Ikoniýa, Hlada ýollady ilçi. Hoşniýetli aragatnaşyk edip, Mydama goldawy wada bermekçi. Jelaleddin barça musulmanlary Penasynda saklamagy jar etdi. Kapyr gürjüleriň tozdurmasyndan Gorajagyn aýtdy, öz gözi ýetdi. Mugyra getirip gürji şalygyn, Yglan etdi ganatyny gyrjagyn. Ýene esli goşun toplap üstüne, Duşmanyň kastyna basym girjegin. Ikoniýa, Hlat, Arzrum ili Eşidip, hemmesi geldi hoşuna. «Muhammet ymmatyn gorar» diýişip, Ýygnanmakçy Jelaleddin daşyna. Soltan bilýär häkimligiň gadyryn, Garadan gaýtmazdy, bardy ukyby. Gahar-gazabyndan Hudaý saklasyn, Özüne-de güýçli edýän talaby. Bir ýerde oturyp karar etmezdi, Häsiýeti geçdi ymgyr goşuna. Goşuny saýlamak gylygna göre, Mertler üýşen serkerdäniň daşyna. Atasynyň şalygyny alanyn, Jar etdirdi bütin Kawkaz iline. Nijeme ýurtlarda Muhammet şanyň Höküm süren ilin aljak eline. Dikeltmekçi atasynyň şalygyn, Öwezin dolmaly giderlen ýurduň. Boýunsynmadygy basyp almaly, Ençe döwletlere ýaýratjak adyn. Jelaleddiniň çozjagyny bilip, Musulman ýurtlary görýär gamyny. Dilujundan söz berýärler dilleşip, Janyny aljaklar tapsa çemini. «Halasgärmiz» diýip, dilden düşürmän, Hile gapanyny gurýarlar oňa. Kerwen-kerwen halat-serpaý getirip, Göwün awlaýarlar, galman soňuna. Öz ýurtlary baradaky niýetin Biljek bolup oda galýar ilçiler. Soltan aňýar her biriniň pikirin, Ugradýar ençesin, gelýär niçeler. (dowamy bar)... | |
|
√ Ýol başynda ene bilen / poema - 14.09.2024 |
√ Kyssa -3: poemanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Rowiýa / liriki poema - 14.09.2024 |
√ Sygan bagşy /poema - 14.09.2024 |
√ "Aşyk-Magşuk" / dessan - 03.03.2024 |
√ Esger guýusy / poema - 19.08.2024 |
√ Kyssa -4: poemanyň soňy - 22.06.2024 |
√ Jeñnama / poemanyñ dowamy - 05.08.2024 |
√ Jeñnama / poema - 03.08.2024 |
√ Gözleg / sonetler çemeni - 14.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |