10:45 Jelaleddin Kawkazda / taryhy poema | |
JELALEDDIN KAWKAZDA
Poemalar
Tatar Üýşmekowyň ýaşan manyly ömründe miras galdyran proza hem poeziýa eserleri, publisistik makalalary merkezi metbugatda, welaýat gazetlerinde yzygiderli çap edildi. Eserleriniň ençemesi aýratyn kitap görnüşinde hem çap edilip, okyjylara gowuşdy. Tatar Üýşmekow öz döredijiliginde aýratyn-da taryhy tema ýykgyn edýär. Onuñ bu poemasy halkyň arasynda giňden tanalýan taryhy şahsyýet Jelaleddiniň Kawkaza eden ýörişine bagyşlanan. Watanymyzyň Garaşsyzlygyny gazanmagy bilen, türkmen halkynyň gahryman ogullarynyň ykbalyny öwrenmäge ymykly girişildi. Indi Jelaleddiniň ömrüniň beýany mekdep programmasyna hem girizildi. Tatar Üýşmekow öz kitabynda gahryman türkmen serdarynyň ömrüniň aýgytly pursatlarynyň birini şygyr dili bilen beýan edýär. AWTORDAN Çingiz han (hakyky ady Timuçin) 1154-nji ýylda dünýä inip, 1227-nji ýylda aradan çykýar. Çingiz hanyň ölümi barasynda Grigol Abaşidze «Uzaga çeken tümlük» diýen eserinde şeýle ýazýar: «Habar diýseň uludy. Ol habara dünýä sarsypdy. Eşidenleriň ýüregini gopdurypdy. Emma çaparlar Orhanyň (Jelaleddiniň ene başga dogany) duran ýerinden aňryk geçip bilmediler. Ol eýesine wepaly it ýaly, Jelaleddiniň gapysyny alyp ýatyrdy. Onuň özi-de dünýä ýumrulanda-da Jelaleddiniň gapysyndan ätläp bilmezdi (sebäbi Jelaleddiniň osmanlykda janyna kast etjek bolýanlaryň bardygy mese-mälimdi – T.Ü.). Ýöne bu habary Soltan näçe dergazap bolanda-da, oňa ýetirmelidi. Eger Soltan bilmezlikde gaharyna bäs gelip bilmän gylyjyna ýapyşsa hem, bu habary eşidip, bady gowşar: «Men näme üçin gylyjyma ýapyşdymkam» diýip öküner. – Soltanym! – diýip, çasly gygyryp gapydan gelen Orhan baryp Jelaleddiniň aýagyna ýykyldy. Gulak goý, gulak goý, şahym, dünýäde iň hoş habara gulak goý, dünýäde şondan başga hoş habar ýokdur. Gulak goý-da, özüňi müdimi bagtyýar saý. It ogly it Çingiz han ölüpdir, mongollaryň häkimi ölüpdir, halklaryň başyndan inen towky dünýäden ötüpdir. – Hany, neme diýen bolsaň, gaýtala. O nireden Çingiz ölenmişin? Ol näme üçin ölmelimişin? – Hawa, näçe geň görseňizem, Çingiz han şu dünýäde ýok – diýip, Orhan sandyrawuk sesi bilen öňki diýenlerini gaýtalady. – Mongollaryň häkimi, ýedi yklymyň häkimi haçan öldi, nädip öldi? Bir çapary Jelaleddiniň huzuryna getirdiler. Ol: – Bir ýyl mundan öň Çingiz han düýş gördi, ol düýşünden ölüminiň golaýlandygyny aňdy. Ol ýetmiş üç ýaşynyň içindedi». Jelaleddii Çingiz hanyň rehimsiz, doňýürek zalymdygyny, basyp alan ýerlerinde çaganyň gözüniň alnynda ene-atasyny, ene-atasynyň gözüniň alnynda çagalaryny çapýandygyny, mal-garalaryny, goş-golamlaryny syryp-süpürip alýandygyny, şäherdir obalary otlap, ýumrup, ýer bilen ýegsan edýändigini eşidip, on ýedi ýaşynda ata çykyp, eline ok-ýarag alyp, Çingiz hany ýa almaly, ýa ölmeli diýen netije gelýär. Ömrüniň ahyryna çenli şol niýetinde berk durýar. Ol niýetini amala aşyrmak üçin goşuny bilen Çingiz hanyň we beýlekileriň garşysyna on iki ýyl göreş alyp barýar. Ýigrimi sekiz ýaşynda pajygaly ýagdaýda aradan çykýar. Onuň bütin ömri Çingiz hanyň garşysyna göreş bilen bagly bolany üçin, Çingiz han baradaky mysallara köpräk ýüzlenmeli bolýarys. Ol ilki hanlyk derejesine nähili ýetipdir? Onuň ordasynyň ýeňilmezliginiň sebäbi neme? Çingiz hanyň pikir tarynda zalymlyk, ganhorlyk, gazaply söweşleriň at oýnatmagyna nähili düşünmeli? Çingiz han haýsy ilde ölüpdir? Jaýlanan ýeri barasynda maglumat berip bilsek, okyjy köpçüligi «Jelaleddin» poemasyna giňden düşünerler diýip tama edýärin. Ýene-de bir zat, Jelaleddin musulman ýurtlary bilen näme üçin göreşdikä? Ol ýurtlar näme sebäbe göre Jelaleddiniň tagallasyny ret edip, oňa garşy söweşdilerkä? Şu soraglaryň okyjylaryň aňynda döremegi mümkin. Dogry düşündirip bolsa, Jelaleddin türkmen halkynyň aňynda baky galsa gerek. Türkmen halkynyň köpelmändigine düşünmek bolar. Çingiz han öz döwründe garşydaşlaryndan güýç bilen rüstem çykyp, mongol emeldarlarynyň turuwbaşdan gözüniň oduny alan zalymdyr. 1206-njy ýylda han-begler öz gurultaýlarynda ony Mongoliýanyň hany diýip yglan edýär. Şol bada ol zalym, ganhor bolmagy, togalak şaryň ýarysyny eline almagy, basyp alan ýerlerini gorky astynda saklamagy ýüregine düwýär. Ilki Mongoliýanyň ähli ýerini özüne tabyn edýär. Soňra Orta Aziýa ýöriş edýär. Şol döwürde ylymda, medeniýetde özüni tanadan, ýerden hasyl almakda-da meşhurlyk gazanan, baý ýaşaýan Horezm döwletiniň üstüne çozýar. Ilki Buharany boýun egdirýär. Şu ýerde bir, rowaýata ser salalyň! Çingiz han Buharany gabaýar. Şäheriň gözelligi ony haýran galdyrýar. Ol: «Men neme üçin şäherleri derbi-dagyn edip, obalary otlap ýörkäm? Näme üçin ilatyň uludan-kiçisine çenli gyrýarkam?» diýen pikirleri serine getirýär. Buhara emirini, han-begleri, gurraçylardyr bilgiçleri ýanyna çagyrýar. Talap edilen adamlar onuň huzuryna gelýärler. Olara: «Meň öten agşam näme barada pikir edenimi bilseňiz, ölümden halas bolarsyňyz. Bilmeseňiz, uludan-kiçä baryňyzy gyryp, tohumyňyzy keserin. Şäheriňizi otlaryn» diýýär. Şonda bir goja bilgiç: «Uly öküz öldürip, hamyny maňa berseň, hamyň içine sygan adamlary gyrmasaň we alty gün möhlet berseň, men näme barada pikir edeniňi aýdyp bereýin» diýýär. Mongol hany razylaşýar. Äpet öküz öldürilýär. Hamy bilgije berilýär. Alty günläp hamy gyl ýaly edip dilýärler. Bilgiç Çingiz hanyň ýanyna dilinen hamy alyp barýar. Ol Buhara şäheriniň daşyna birlaý ýetýärmiş. Çingiz han olara: «Şäheriň içindeki ýaraglaryňyzy çykaryň-da ho-ol açygrak ýerde goýuň! Bolmasa siz dil düwşüp, meniň garşyma söweşersiňiz» diýýär. Talap ýerine ýetirilýär. Soňra: «Galanyň derwezesini açyň! Şäheri synlajak» diýýär. Bu talaby-da ýerine ýetirilýär. Gala dolýarlar. Buharanyň ýaragsyz halkyny gyrýarlar. Bu rowaýat Çingiz hanyň hilesiniň subutnamasydyr. Buharany basyp alandan soň Ürgenje çozýar. Ürgenjiň uludan-kiçä ähli halky zalym hanyň garşysyna janaýaman durýar. Alty aý ene topragyny, söýgüli şäherlerini goraýarlar. Olar beýik galanyň üstüne çykyp, merdiwana ýarmaşýan mongollaryň depesinden daş goýberip, beýnilerini pytradýarlar. Çagalar ene-atalaryna daş daşaýarlar. Horezmliler aňsat-aňsat ýan bermeýärler. Ýöne duşman san taýyndanam, urşa taýýarlygy babatda-da artyk bolansoň, mongollar ýeňiş gazanýarlar. Olar şäheri basyp almak, jaýlary otlamak bilen çäklenmän, ony suwa basdyrýarlar. Mongollaryň hiç bir ýazyksyz, parahat oturan ilatyň başyna salan oýnuny gözi bilen gören arap alymy Ibn al-Asir şeýle ýazýar: «Çingiziň ordasyndakylarda rehim-şepagatdan nam-nyşan ýok. Olaraýallary, erkekleri gylyçdan geçirýärler, göwreli zenanlaryňam garynlaryny ýaryp, heniz dünýä inmedik çagalary bolsa bogup öldürýärler. Aýallaryň içegelerini silkýärdiler. Bu görlüp-eşidilmedik betbagtçylygyň uçguny şemalyň ugruna süýşýän bulut dek bütin ýurduň dumly-duşuna syçraýardy». Bu setirleri tolgunman, gynanman okamak kyn. Dünýäde deňi-taýy bolmadyk zalymlyk, ganhorluk, wagşylyk bilen Türkmenistanyň territoriýasynda müňläp-müňläp adamy gyryp, olaryň gany bilen ene topragy boýapdyrlar. Ekin meýdanlary çöllüge, belent binalar haraba öwrülipdir. Çingiz han basyp alan ýurtlarynda ilki bilen medreseleri, ybadathanalary ýykdyrypdyr. Kitaplary oda ýakdyrypdyr. Çingiz han buýrugy ýerine ýetirmedik, uruşda sähelçe gorkaklyk edene görlüp-eşidilmedik agyr jezalary beripdir. Postuny taşlanlary arkan ýatyryp, ýüreklerini sogrupdyr. Ýesir düşenleriň mertlerini saýlap alyp, galanlaryny gyrypdyr. Saýlanan ýesirleri diňe öň hatarda goýup, yzlaryna mongol ordalaryny salypdyr. Söweşde yza dolananyny, öz ilini atmaga dözmeýänleri ýeke oka tabşyrypdyr. Tertip-düzgüni bozanyň biloňurgasyny ýazdyrypdyr. Şu alamatlar Çingiziň goşunyny ýeňilmezlige eltipdir. Çingiz han tangut ilini uçdantutma gyrdyrýar. Şol ilde ölýär. Ol ölmezinden öňinçä, öz ölümini hiç kimiň bilmeli deldigini wesýet edýär. Çingiz hanyň meýdini alyp barýarkalar, ýolda öňlerinden çykanlaryň ählisini gyrýarlar. Alysdaky Mongolystanyň bir gizlençek ýerinde jaýlaýarlar. Çingiz hanyň ýurtlary bir çetinden basyp alyp, ýakyp-ýandyryp, ýykyp-ýumrup, derbi-dagyn edip gelýän howsalaly habary eşidilende, on ýedi ýaşly Jelaleddin atasy Horezm şasy Muhammede öz raýatyndaky ýurtlardan goşun toplap, mongollaryň garşysyna aýgytly söweş alyp barmagy soraýar. Muhammet şa anyk jogap bermeýär. Ol Buhara baryp, häkimdarlary, emiri ýanyna çagyryp, özüniň Owganystan, Eýran ýaly musulman döwletlerden goşun toplap, mongollar bilen göreşjekdigini bahana edip, goşunly ýola düşýär. Hakykatyna seredeniňde, Muhammet şa Çingiz hanyň adyny eşiden dessine halkynyň başyna ahyrzamananyň inendigine akyly çatsa-da, halys namartlap, gaçýar. Ol özüni Eýranyň üsti bilen Hazar deňziniň bir adasyna atsa, Çingiz handan gutularyn diýen umyt bilen, bir ýyllyga golaý azyk bilen ýoluny dowam etdiripdir. Eýranlylaryň kömegi bilen ýokanç (iýiji) kesellileriň taşlanylýan adasyna barýar. Yzyndan Jelaleddin baranda, awy içip, hata bolýar. Muhammet şa ölüminiň öň ýanynda Jelaleddine öz tagtyny miras berýär. Muhammet şanyň enesi Türkan hatyn (gypjaklardan) başlyklaýyn gypjak hanlary-da Jelaleddine garşy çykýarlar, ony ýekirýärler. Türkan hatyn-da öz ornunda şalaryň şasy-da bolsa, öz ilinden goşun toplap bilmedi. Onuň bary-ýogy ýedi ýüz nökeri bardy. Çingiz hanyň ýetmiş müňe golaý ordasy bolup, birnäçe otrýadlary bolupdyr. Olara aýrylykda Orta Aziýanyň ýurtlaryny basyp almaklyk tabşyrylypdyr. Şol ordalaryň birnäçesini Jelaleddin özüniň az sanly goşunlary bilen derbi-dagyn edipdir. Jelaleddin atasynyň höküm sürýän ýerlerine baryp güýç toplamakçy bolanda, onuň garşysyna söweşipdirler. Sebäbi Jelaleddiniň goşunyna birigip, mongol ordasyna garşy göreşseler, onda-da Çingiz han ýeňse, öz ýurtlarynyň başyna ahyrzaman iner diýen düşünje berk ynanypdyrlar. Jelaleddine garşy uruşsalar, Çingiz han öz ýurtlaryna degmez, abat goýar diýen umytlary bolupdyr. Musulman ýurtlarynyň şalary, emirleri dil düwşüp, aldaw ýoly bilen Jelaleddiniň kastyna çykypdyrlar. Muny aňan Soltan güýç bilen goşun toplamaly bolupdyr. Şol döwürde gürjüler kapyrlar we musulmanlar toparlaryna bölünipdirler. Jelaleddin gürjüleriň kapyrlar toparyny derbi-dagyn edipdir. Kapyrlar topary güýçli bolansoň, daş-töweregindäki musulmanlary häli-şindi talap, olary öz günlerine goýmandyr. Bu wakalar barada Ibn-al-Asir şeýle ýazýar: «Bu ýeňşiň musulman ýurtlary üçin ägirt uly ähmiýeti boldy, sebäbi diýeniňde, gürjüler şu çaka çenli ol ýurtlara rüstem gelýärdi, gürjüler olar babatda edenini-edip, goýanyny-goýýardy. Olar Adarbadaganyň islendik künjüne çozanlarynda hem garşylyga sezewar bolmaýardylar. Rukneddin olara hiç zat edip bilmedi... Dogry, ol 1125-nji ýylda Gürjüstana girip, Arçeşi basyp aldy. Ýöne mundan başga onuň bitiren goşy ýok. Ondan soň onuň dogany Soltan Masud şalyk etdi. Ol hem agasy ýaly nalajedeýin boldy. Basym Ildegiz Gürjüstan bilen söweş kyldy. Emma onuň güýji bimöçber bolsa-da, ölümiň öňünde gaçyp gutuldy. Onuň ogly Pälwanyň şalyk eden döwründe hem ýagdaý üýtgemedi. Bu serdarlaryň şalyk eden döwründe ýurduň altyny, adamy neçe diýseň bolsa-da, Gürjüstana edip bilen zatlary bolmady. Gürjüleriň, soň tatarlaryň çozha-çozundan ýurduň halys tozan mahalynda bolsa şu soltan (Jelaleddin – awtor) döredi weli, ýagdaýlar bütinleý üýtgedi duruberdi». Jelaleddin Gürjüstana gelmezinden öňürti gürjüleriň kapyr topary ony kemsidýär. Awag1, Goçi2, Waçe3 üçüsi deň-duş bolupdyr. Olar nahar başynda gürrüňe gyzyşypdyrlar. Şonda Awag: «Beýik Muhammediň ogly, Horezmiň soltany, biziň mundan dört ýyl ozal goýun sürüsini möjek daran ýaly masgara edip yzyna kowan mongollarymyzdan gaçýar. Ol ata watanyny taşlap, edil tüweleý ýaly, yslam dünýäsinde ondan-oňa ygyp gün görýär, onuň belli bir ýerde durary ýok. Iň bolmanda, mongollar bilen çaknyşyp görmeli ahyryn. Ol welin bala-çagasy, topy-tophanasy bilen gaçyp-tezip ýör. Mongollar bolsa ol nirä barsa, ökjesini sydyrdyp ýör. Mongollar ite, Jelaleddin bolsa itden gaçýan tilkä ogşaýar. Duşman bilen är şekilli garpyşmanam bir ýurduňy terk edip gaýtmak bormy? Bu är kişiniň etjek iş-ä däl» diýýär. Jelaleddin goşun sanynyň azlygyna garamazdan, Çingiz hanyň razwedçik ogullary Jebäniň, Subudaýyň otrýadyny Gürjüstanyň topragynda derbi-dagyn etdi. Şondan soň musulman ýurtlaryndan üç sany otrýad goşuldy. Jelaleddiniň goşunynyň sany artdy. Gürjüstanyň ösen döwletlerini dargatdy,Tiflisini eýeledi. Goşuna harjylyk edindi. Jelaleddiniň esasy maksady agyr goşun ýygnap, Çingiz han bilen ýaka towlaşmakdy. Eger maksady başa barmasa, dünýeden nägile ötjekdi. Jelaleddine Horezmiň gypjak hanlary garşy durmadyk bolsa, Muhammet şanyň tabynlygyndaky musulman ýurtlaryň güýji birigen bolsa, ol ynsanyň iň ganym duşmany, ganojak, otparaz Çingiz hanyň ordasyny derbi-dagyn edip biljekdi. Türkmen döwletini gurjakdy. Arman, Orta Aziýa döwletleriniň baştutanlary mongol hanyndan aýylganç gorkanlary üçin, Jelaleddiniň paýhasly pikirini ret etdiler. Oňa garşy durdular. Jelaleddin pajygaly ýagdaýda 1231-nji ýylyň awgust aýynyň 17-si güni dünýäden ötýär. Beýik Horezm şasyny Dmidiň golaýynda jaýlaýarlar. * * * TANYŞLYK Pawliajyk iki ýaşa gidende, Aýaklary ysmaz bolan birbada. Çagalykdan ýaňy özün saýlanda, «Oturma» lakamy tirkelen ada. Kemsinmändir gaty görüp lakamy, Kyn görmändir deňi bilen duşundan. Kaýyl bolup ýaradanyň emrine, Ejir çekip, geçirenmiş başyndan. Pawlianyň haty örän owadan, Ürç edip göçürýär dini diwany. Diwanlar gadyryn bilýän kişiler Nyrhyndan gaçmandyr, tutup dawany. Gürji şalarynyň ýazyp taryhyn, Gije-gündiz galdyrmandyr başyny. Halkyň däp-dessury, geçmişi üçin Bagş edipdir gül ömrüniň ýaşyny. Şa köşgüne diwanlary ýetende, Pawlia bolupdyr şöhrat eýesi. Ruhanylar oňa goýupdyr hormat, Çünki ol olaňam arka söýesi. * * * Waçe – ýetim oglan onuň elinde Telim alan okamagy, ýazmagy, Diwanlaryň bezeg berip daşyna, Hakdan içen ýaly şekil düzmegi. Waçe oň öýüne baglanan ýaly, Şekil çekmegi-de öwrendi ondan. Ene bir syr bolan iki arada, Peri deý Sagony söýenmiş çyndan. Şol öýde oýandy nakgaşlyk käri, Ýaradanam eçilipdir nuruny. Gudrat bilen berilende her hünär, Guýmagursak bolup açýar syryny. Mährem atasyndan galanda Waçe, Sagolaň öýünde geçiren günün. Çagalykdan eý görüpdir bir-birin, Emaý bilen tapan periniň dilin. Waçe küýseýärdi ussat halypa, Nätanyş kerweniň düşdi yzyna. Ýolagçylar aşa uzak gitmäni, Ybadathanada düşdi ýazyna. Haşamçylar eken ýüki ýazdyran, Ybadathanany bezemä gelen. Waçe her gün irden gelip bu ýere, Olaryň işlerin sypdyrman synlan. Nakgaşlaryň baştutany Demerte Şekil çekmekligi buýurdy oňa. Ele gural alyp, salymyn bermän, Kemçilik ýerini goýmandyr soňa. Ine, şeýdip Waçe aňsatlyk bilen Ady belli nakgaş şägirdi bolan. Onuň işlerini gören adamlar Ýürek emri bilen nazaryn salan. Ýaş nakgaşçy iki ýylyň içinde Bu inçe sungatyň tärini alan. Hudaýsypat Tamaranyň şekilin Gutaran Demerte gitdi uzaga. Bir işi gutardym edenden soňra, Şikara çykarmyş meýlis gurmaga. * * * Keremli ýerlerin gözel dünýäniň Setire salypdyr şahyr Toreli. Ýüregi talaýar söýgi şygyry, Gatbar-gatbar, bölek-bölek süreli. Yşkyň perwanasy, äht, wepa hakda, Şygyrlary tartyp alýar özüne. Kim okasa şonuň üçin ýazlan deý, Kalbynda ornaşýar, uýýar sözüne. Şygyrlar diwanyn beripdir Waçe, Sago okaýardy galdyrman başyn. Toreli şahyra gaýbana aşyk, Durmuş toýun tutjak, saýgarman ýaşyn. Waçäň garaşmaýan habaryn aýdyp, Otlar saldy onuň şirin janyna. Tblisä gitmekçi, galkynýar göwün, Barmakçy ol Toreliniň ýanyna. – Mamuka, Pawlia doganlar bilen, Dabara gitmekçi ertir ýa birgün. Şazadaň başyna täç geýdirilýär, Gelmesem sen meni ýatlap bir durgun. – O taýda köp eglenjekmi, Sago jan? Basyk sesi bilen zordan sorady. Torelä ýar boljagyny aňan dek, Delmina-delmina Sago garady. – Maňlaýa ýazlanyn görmeli bolar, Şol ýerde ömürlik galmagym mümkin. Nesibe baglydyr bu zatlaň bary, Yşk oduna düşdüm, görmäweri kyn! Sago gitdi Waçe elini bulap, Waçäniň gapyşdy iki dünýesi. Kim köňlüni alar ýetim oglanyň, Don tezesi ýagşy, dostuň könesi. Al baýdagyn elden aldyran ýaly, Waçe-de ugrady Sagoň yzyndan. Tutulan dabaraň bardy çetinden, Şäher ýaňlanýardy surnaý sazyndan. * * * Esbaplarna zer çaýylan ak bedew Märekäň içinden barýar sallanyp. Ak atyň üstünde şa täjin geýen Rusudan barýardy köşge ýollanyp. Gymmatbaha lagly-merjen dakynan, Görenler aňk bolup, gözler gamaşdy. Tamaraň gyzyny ilkinji gezek, Gören Waçäň Sago ýadyna düşdi. Demerte, Mamuka derweze için Jennete meňzetdi, görmä göz gerek. El bilen ýasalan dürli agaçlar Öwşün atýar misli baglara derek. Şol bagyň içinde şahyr Toreli Sago gyza gözi düşdi, çokundy. Misli peri, kirpikleri ok ýaly, Gaşlary ýaý, baş ýaýkady, silkindi. Sagonyň söýgüsi ondan rüstem, Nazaryn aýlady başdan-aýaga. Begzada şahyryň arslan sypatyn Meňzetdi gojaman dumanly daga. Göz bilen başlandy söýginiň başy, Ýürekler gürleşdi sessiz, sedasyz. Şeýle söýgüleriň gymmaty başga, Bagt ýolun açýar ýolsuz-ýodasyz. Göz bilen ugratdy biri-birini, Ussahana gitdi şonda agasy. Begzada atasy öleli bäri, Agalary arkasynyň söýesi. Şa köşgüne geldi Mamuka, Sago, Rusudan öňünde dyza çökdüler. Begzada, serkerde, şazadaň özi Haýran galyp, bary Sago bakdylar. Gürjiniň ilinde şeýle gözele Gözleri düşmändir, ýok onuň taýy. Ýaradanyň mähri siňipdir Sago, Bir özüne berlen gözellik paýy. Sünbül saçlaryny, hünji dişini Her neçe öwseňem, gaýtjak berden. Hemmelerden köp synlaýar şazada, Ahyry saklanman, dillendi birden: – Örän oňat gyz jigiň bar, Mamuka, Gel, otur ýanymda gürji gözeli! Şatlanasy gelýär, ýöne tagtda, Ýürek syryn dökdi gürjiniň şasy: Sago gyz durmuşa çykmadyk bolsa, Goý, ol bolubersin meniň köşgümde. Perizat ýüzünden gansyn ilimiz, Şahyr Toreli-de onuň yşgynda. – Mynasyp däldiris beýle sylaga, Her kim öz ornuny bilse ýagşydyr. Şa gyzyň öňünde, halyň üstünde Dyza çökdi:-Göwnümiziň nagşydyr! Şazada synlaýar oba gyzynyň Sowgat beren diwanyny agtaryp. Nakgaşçy çekipdir Sagoň keşbini, Haýran galdy her kim suraty görüp. – Niredekä şahyrymyz Toreli? – Alnyňyzda durun, beýik şazada! – Bir sered-ä, ynha, seniň kitabyň, Bezän mynasyp bor şöhratly ada! Toreli bihabar, Sago dillendi: – Sahabyny öz doganym bezedi. Şekilleri çeken duldegşir goňşym, Ýaş nakgaşçy, Waçe ol ýigdiň ady. – Seniň goňşyň juda zehinli adam, Köşgümize gerek nakgaşçy eken. Il içinde törden orun alýandyr, Güýjüni gaýgyrman derini döken. Tbilisiň topragna aýagyň düşdi, Goý, seniňem bagtyň oýansyn, Sago. Köşgüň için bezemeli bolanda, Waçe ynanýaryn, aýdarsyň şoňa. * * * At-owazy arşa çykan serkerde Şalwa bardy Mamukanyň ýanynda. Guda bolmak hakda açyldy söhbet: – Sago mynasypdyr Toreli hana. Eger yrza bolsa Sagonyň özi Sogap işi mähetdele goýmaly. – Nämä gyssanýarsyň, eý, wezir aga? Jigimiň habaryn almaly ilki. Soňra ejemize salmaly sala, Ýogsa biz bolarys illere gülki. – Ýigdimiz gyssanýar, eý, eziz ussa, Şahyrdanam beter howlugýan özüm! Ýakyn günde şaýlanýaryn ýörişe, Şoň üçin tiziräk alsaňyz sözüm. Gyz göwünli, ene garşy durmady, Toýuň dabarasy tutuldy uly. WAÇÄNIŇ NALASY Sago elden gitdi, galdy armanly, Perwana dek aýlanyp ýör her ýerde. Ilin taşlap gitdi Hlat ýurduna, Şol ýerde işleýär ussat Demerte. Waçe ýöräp barýar ýol bilen öňe, Ot alyp barýardy ýigit ýüregi. Kellede pikirler hyryn-dykyndy, Sagony unutmak onuň geregi. Unudyp bilenok aýdany bilen, Pikir ummanynda aljyrap ýördi. Uzak ýollar sökdi, duýmady özi, Ençeme wagtdan soň Hlata bardy. – Belanyň körügi şygyr diwany, Içini bezedim şekiller bilen. Sago ýürek berip köp çekdim jepa, Biwepalyk edip kalbymy dilen. Ilki söýgi ýüregimde ýer aldy, Unutmaklyk agyr düşýär daglardan. Ýitirdim özümi, dumanly başym, Baky jyda düşdüm ajap çaglardan. Gül keşbinden gana bilmen ölinçäm, Ýollar uzak, daglar galdy arada. Galan ömrüm gam içinde geçmeli, Habar-hatyr düşmez Sago barada. Demerte: – Gamlanma, Waçe han, gyzym bereýin, Aý diýseň – agzy bar, Gün diýseň – gözi. Açylan gül ýaly örän edepli, Jana ýaramlydyr her aýdan sözi. Öz gyzyň öwmeklik aýybam bolsa, Halyňa gynandym, açdym başyny. Sagodan kem däldir görki-görmegi, Bir görsediň onuň gyýma gaşyny. Biziň edýän kärimizden kär bolmaz, Öýüňden-iliňden aýry ýaşamak. Bu durmuşdan suw-a içenok göwnüm, Mundan gowy dagdan daşy daşamak. Erte-birgün gideli biz Watana, Elkin ýaşamadan çykdy bizarym. Munda ýaşap, der döksemem üç ýyllap, Köňül onda, il-gündedir nazarym. Iki atly ýola düşdi säherde, Göwher daşy ýaly asman astynda. Ýaşyl ýapynjaly daglary synlap, Gujurly bedewler ýoluň kastynda. Ine, öz mekany gol bulap ýatyr, Perzentlerin gujagyna gysarly. Bulduraşyp akýan durnagöz çeşme Jülgeler lälezar, dagy heserli. – Ilki baraýyn men enem ýanyna, Iki ýyllap gözi ýolda galandyr. Ýekelikde ýalňyz başy gamlanyp, Gözýaş edip dideleri gurandyr. – Beýle diýme, Waçe, bize baraly, Dem-dynç alyp, soňra barsaňam bolar. Belki, ertir size bile gideris, Läle gyzym gülüp, öňmüzden çykar. Çagalykdan ýetim galdy Lälämiz, Gamly güni gursagynda saklady. Gözümiň guwanjy, göwnümiň täji, Nirä gitsem atasyny ýoklady. At başyn çekdiler öýe gelende, Gujak açyp gyzy gelýär begenip. «Janym, atam, geldiňizmi sag-aman?» diýip, Läle durdy ata söýenip. Gyzyn bagra basdy mährem atasy, Gözýaş gaýtdy ýaňaklary sypalap. Üç ýyl aýralykda görmän balasyn, Bular durlar mähirlerin sepeläp. – Ynha, gyzym Läle – diýip, Demerte, Uýaljyran gyzyň tutup elinden Ýaş ýigidiň golaýyna getirdi, Ses-seda çykmady gyzyň dilinden. Pyýala gözünden näzenin gyzyň Şatlyk uçgun syçyrap dur daşyna. Inçe bilden, ýüz-gözünden ganma ýok, Nazar salsaň gyýma gara gaşyna. Bir-birine ýylgyrşyp dur juwanlar, Gözler weli söýgi hakda söz açýar. Demerte guwanýar: «Bagtly bolsunlar!» Içini hümledýär, arzuwyn saçýar. Gül pürkülen ýaly öýüň içine, Ýerbe-ýer goýlupdyr onuň goşlary. Läläniň begenji çykyp ýüzüne, Näz edip ýigdekçä kakýar gaşlary. Uzak ýoly söküp gelen nakgaşlar Süýji uka gitdi, ynjaman ýatyr. Läle weli görejine çiş kakyp, Waçäň dem alşyna syn edip otyr. * * * Ertesi nakgaşlar Waçäň öýüne Atlaryny ýüzin salyp bardylar. Tasap çykdy aýra düşen enesi, Saglyk-amanlykdan habar aldylar. Ýeke balasyny bagryna basyp, Kä maňlaýdan, kä ýaňakdan öpýärdi. Ak süýt beren ene geçeni ýatlap, Ýüregiň üstüne ýürek ýapýardy. «Agşamyň haýryndan – ertiriň şeri», Ertesi başlandy gudalyk gürrüň. Iki tarapy-da ýürege görä, Ylalaşyp etdiler hudaýlyk gürrüň. Durmuş toýy aşa uzaga çekmän, Tizara ýaşlaryň çatyldy başy. Dabara gelenler etdiler dileg, Polat ýaly saglyk hem uzak ýaşy. TÄZE KÖŞGÜŇ BEZEGI Günleriň birinde şa gyz Rusudan Nakgaşlary çagyrypdyr ýanyna. – Ýaradymy size täze köşgümiz, Girermikä meşhur köşk sanyna? Demerte: – Ajaýyp şamyza mynasyp köşk bu, Başy al-asmanda, örki zeminde. Kura derýasyny ýakalap otyr, Özüne taý tapmaz ýeriň ýüzünde. Waçe: – Şanyň köşgi göwnümize ýarady, Daşyndan synladyk görmän içini. Ýaradana ýarar, göwnüni açar, Altyn açar bilen gapy açany. Şa gyz Rusudan: – Köşgüň içi daşyndanam has gözel, Has haýbatly bolar ýaly etmeli. Içine girenler görsün dünýäni, Zähmetiňze näme gerek, aýtmaly. Işler soňlananda siňe syn etseň, Görünsin gözlere janly gözellik. Hudaý, pygamberler ýadyňa salýan, Göwünler galkynsyn, bolsun hezillik. Goý, gürji raýatyndaky il-ulus Görende, mydama galsynlar haýran! Goý, eziz illeriň göreçlerine Köşk şöhlesin çaýsyn, sürsünler döwran! Bu işi bir size ynanýan, Waçe, Zehiniň, ylhamyň şu köşge siňsin. Onuň sowuk diwarlaryn ýyladyp, Azap arşa çykyp, dünýä nur çaýsyn. Köşgüň depesine, sütünlerine Sim-u-zer çaýylsyn, Günden nur alsyn. Düşegine çüýremeýän dub goýup, Diwaryna mermer daşy çaýylsyn. Aýdanymyň bary öli gözellik, Siz nakgaşlar jan bermeli bulara. Gök asmandyr parlak güneş aňladyp, Söýgüler duýulsyn nusga alara. – Eý, beýik ussa, Demerte aga, Seniň kistiň Betaniýa jan berdi. Betaniýa gudratly Allanyň Älem nury bolan ymaratydyr. Bu ýalança gelip gidýän bendeleň Bir günlük ýük ýazdyrýan mekanydyr. Bakylygy ündäp inçe senediň, Bu dünýäni gözellige öwürsin. – Arkaýyn bol, merhemetli, eý, şahym, Buýruşyň ýaly bor, goý, jahan görsün! Rusudan: – Zalyň giň diwarynda Özüne şa täji geýdirsin! – diýýär. – Şa tagtyna çykmak dabarasyny Janlandyr, goý, mydam durbersin! – diýýär. Jogapkärli işi başarjak bolsaň, Gerek hakdan berlen hakyky ylham. Waçäniň özüne bardy ynamy, Yhlasyn siňdirdi, galmady hiç gam. Bir diwaryň ortasynda Rusudan Bibimerýem öňünde çöküpdir dyza. Uzyn köýnek synyn bagryna basyp, Gözýaşy monjuk deý gaçyp dur öňe. Sag taýky burçda Bagratidleň Hudaý nazar salan Dawut şazada. Goliafy öldüren sapan uzaýar, Diri diýdirýärdi bir gören bada. Çepdäki burçuň iň ýokarsynda Süleýman terezi uzadýar perä. Terezidi adyllygyň nyşany, Her ädim ölçegli, ýok oňa çäre. Ýene bir burçda ýer-ýurduň şasy, Täç geýdirýär Tamar gyzy şazada. Ýene-de bir burçda ardyna galan Şir şekili haýbat atýar birbada. Ýagylary ýaýdandyran ol şekil Dostlar ýüregine güýç paýlaýardy. Gaňrylyp gazaply ýüze bakyşy, Göýe Rüstemzala çyn taýlaýardy. Ikinji bir otagda başy jygaly, Eli gürzüli Rusudan görünýär. Ýeňsede serkerde, geňeşdarlary, Şowhunly ýagdaýda hatar gurulýar. Ýene-de bir ýerde şa huzurynda Gelen türk, pars hem yrakly içiler. Hemmeler diňleýär şazada sözün, Ýanynda durupdyr ençe dilçiler. Şa tagta münmegi bildirýän bezeg Baýramçylyk dabarasyn aňladýar. Ulus-iliň begenjiniň beýanyn Görüp aýdýanlaram has bärden gaýdýar. Rusudan täze salnan bu köşge Tizräk geçmege juda howlugýar. – Tbiliside şunuň ýaly ymarat, Agtarsaňam, tapyp bolmaz birini! – Başga ýurtlarda-da ýok bolsa gerek, Öwrensinler içki bezeg syryny! Waçe diňleýärdi bolýan gürrüňi: – Beýikdenem-beýik, äpetden-äpet. Köşkler sansyz köp ýeriň ýüzünde Gudrat döredipdir, görseň alamat! Waçe habar berýär dünýäň ýüzünden, Gudrat bilen düýşde görene meňzeş. Göýe çykan ýaly Hudaý ýanyna, Älemdäki köşkler nakgaşa tanyş. Garaşylman durka geldi Rusudan Nakgaşlaryň bezeg beren jaýyna. Girende köýnegin çekdi ýokary Misli girjek ýaly mawy kölüne. Gaty zada degenden soň aýagy, Hezil edip güldi, golun gulaçlap. – Bu ne gudrat, Waçe, aýdyp bersene! – Bular göwher daşdan ýasalandyr sap. Gudrat bilen döreýändir bu zatlar, Hon-ha, fontan atylyp dur asmana. Jan beripdir her bir ýasan zadyna, Alla nazar siňdiripdir ýasana. * * * Ozalky haşamçy serkerde Goçiň Her bir kärde dür dökülýär elinden. Üýşmeleňde ýeke özi saýlanýar, Şorta sözler dökülip dur dilinden. Begzadasy Awag öwünjeň, gopbam, Täç geýmedik şanyň ýalňyz oguly. Rusudan bilenem bir öýde ýaşan, Gowy görýär edil dogany ýaly. Tamar Rusudan şa bolan bada, Mogassedin bilen tutdular toýy. Nika toýa geldi gürjiniň ili, Mähelleden doly Tbilisiň oýy. JELALEDDIN HAKYNDAKY TOSLAMALAR Goçi garaşýardy ýürekdeşlerne, Stoluň üstünde dürli-dümenler. Waçe geldi weli, gelenok Awag. Otagyň içinde dürli çemenler. Awag geldi. Indi jemlendi başlar, Gürrüňler gyzyşdy nahar başynda. Goçiň enesiniň ökjesi ýeňil, Hyzmat edip, pyrlanyp ýör daşynda. Hyjuwly sözledi begzada Awag: – Gözel ýurdum bolawersin bagtly! Ilimiz güllesin, artsyn kuwwaty, «Gökderiň» şerabyn göteriň batly! Gara deňizden tä Hazara çenli Baýdagyň astyna ýygnalyň baryn. Mydama Hriste sejde kylsynlar, Bilsinler, bilsinler, gürjüleň zorun. Daşymyzy gabap alan ýat dini Gylyjyň demine bermeli bolar. Kötek güýçli bolsa, gorkarlar bizden, Göz görkezsek, mydam ýatlarna salar. Araçägi giňeltmeli tiziräk, Biz ýedi yklymda hossarsyz halk. Her bir halkyň gany, dili boýunça, Garyndaşy bardyr ýakyn, daşyrak. Goçi: – Muhammet ymmaty gurşan daşymyz, Gemirýärler olar biri-birini. Birden güýçli serdar tutsa başlaryn, Tary-mar ederler tapyp tärini. Wagtlaýyn ýeňersiň gylyjyň bulap, Birleşdirip bolmaz, çozanyň bilen. Çaklaň jennet kysmy bu mekanyňy Ýom-ýok eder munda gürjiniň ilin. Diniňize saljak bolup urunmaň, Goý, her millet tutsun peder ýoluny! Ynansynlar özleriniň dinlerne, Hergiz, hergiz unutmasyn dilini. Uruşdan sypma ýok, hemmäge aýan, Goramaly ilimiziň daşyny, Jan ýaly görülýän mekan üstünde Mährem ilim dökmäwersin ýaşyny. – Uruş turarmyka biziň mekanda?! – diýdi-de, Toreli göterdi meýi. Awag ýetirindi, açyldy dili, Açyk beýan etdi pikiri-oýy: – Horezmiň gaçyp ýören Soltany Gürji şalygyna näm edip bilsin? Onuň ne ýeri bar, ne-de bir mülki, Mongollardan gaçyp, nirde gizlensin? Nijeme ýyl bäri gören ýerinde Gaçyp gün geçirýär taşlap mekany. Iň bolmanda çaknyşyp bir görmeli, Men görmedim beýle içi ýakany. Bala-çaga bilen gaçyp ýörenden, Mertlerçe jan berip, öleniň ýagşy. Mongollar münüpdir onuň söbügne, Diňe gaçyp ýörmek bitirýän işi. Mongollar meňzeýär aldajy ite, Jelaleddin edil gorkajyk tilkä. Gaça-gaça halys boldy masgara, Oň şeýdip ýörmesi öwrüler gülkä. Çyndan oýlanalyň, alalyň many, Är kişi taşlarmy dogan ýurduny?! Hemaýat etmeli mätäç iliňe, Çekişmeli olaň agyr derdini. Waçe şübhelendi onuň sözüne: – Juda beýle deldir, gopbamsy Awag! Hlatda işledim, şonda eşitdim, Durmuşda bolmagyn hiç wagt köwek. Garadan gaýtmaýan batyr bolmaly, Ýanyp duran otmuş, şeýle bir güýçli. Gypjagyň hanlary edip bahyllyk, Kowupdyrlar, şonda bolanmyş müýnli. Musulman illeriň jemläp güýjüni, Çingiziň öňünde durjak dag ýaly. Diňe şony ýeňmek tutan niýeti, Iki küýi ýokmuş, diňe şol ýoly. Duşman bilen göreşipdir köp gezek, Zarbyna çydaman gaçanmyş mongol. Janlaryn gutarsa bolup razy, Yzyny gözlemän gaçanmyş şol hal. Awag: – Otparaz Çingizden yslam dünýäsi Gorkusyna süňňüntuta bilenok. Külli yslam Soltanyna baglap bil, Zulumdan dynjagyn häzir duýanok. Iwane: – Ol nädip dyndarsyn? Horasandyr Eýran gitdi elinden, Leşgeridir gaznasy ýok ýanynda. Bilýär Gürjüstanyň örän baýdygyn, Diňe harjy toplamagyň oýunda. Bir zarbada hüjüm edip ýurdumza, Altyn-kümşümizi alasy gelýär. Özün tutup, ýagysyna täzeden Göreşiň syrtmagyn salasy gelýär. Ol gaty ýalňyşýar, bilenok häzir, Oň başyna salmaly bor oýuny. Mongol bilen uruşmagy unudar, Derbi-dagyn etsek, omrup boýnuny. – Aýdanyňy Alla eşitsin belkem – diýip, Goçi ilki gop berdi oňa. Ýöne berden gaýdýan bolaýmalyň, how! Oýlanalyň öňden, galmalyň soňa. Birikdirip musulmanlar başyny, Gara bulut ýaly yňdarlyp gelýär. Eşdilşine görä gaharly çozşy, Adamlar ýüregne howsala salýar. Awag: – Musulmanyň başyn nirden jemlesin, Yrak Soltanyna boýunsynanok! Çarwa türkmenleri ýygnan bolsun-da, Seniň bu aýdanyň akla syganok! Goçi-de goşuldy oturyp bilmän: – Dört ýüz müň leşgeri barmyşyn onuň. Gaýduwsyzlygyny eşdende gulak, Söbügiň sandyrap, dyglaýar iniň. – Dört ýüz müň leşgeri nireden bolsun, Onça goşun ýog-a bütin Bagdatda. Beýle myş-myşlary gorkuzmak üçin, Soltan jansyzlary ýaýradandyr-da. Ýöne aýtjak zadym bütinleý başga, Üstümize elhenç uruş abandy. Köşgümizde agzalalyk başlanyp, Ikiýana topar gurap saýlandy. Gürrüňe goşuldy Goçiň enesi: – Oňuşmaýarmyşyn şadyr adamsy, Ikarada barmyş bolgusyz dawa. Nikalaryn bozjakmyşyn diýýärler, Il aýtsa dogrudyr, geçmeýär sowa. Goçiniň kellesi sallandy aşak, Tabagy süýngürdi, ýarmady dili. Oňa derek Awag galdyryp başy, – Halk ýalan aýtmaz! – Salgady eli. Şa täjini geýenleriň arasy Bozulypdyr.Bir-birine sürünýär. Rusudanyň äri Megaseddinden Ýüzün öwrendigi indi görünýär. Eger Megaseddin köşkden kowulsa, Arzrum soltany bolar ýagymyz. Rusudan neme üçin aýrylýar ondan, Özi saýlap aldy, gördi gözümiz. Öz deňinde geýdiripdi şa täji, Megaseddin görmegeý, terbiýe gören. Hristian dinini kabul edipdi, Süýtdeş dogan saýdy gürjüniň ilin. Toreli: – Zehinli ol, hakdan berilen ýaly, Suw ýaly bilýär ol gürji dilini. Rusudan ýalňyşýar soňuny saýman, Geňeşe çagyrman mährem ilini. Uzak dowam eden jedellerden soň, Uruş hakda gitdi gürrüňiň yzy. Goçi gep urýardy bermen gezegi, Howsalaly eşdilýärdi her sözi: – Goňşy ýurtlaryň bary birigip, Arz edipdirler Jelaleddine: «Gün berenok bize kapyr gürjüler, Azar berýär dinimize gir diýip. Şonuň üçin talap, çapyp gidýärler. Ili garyp goýdy tiz-tizden gelip». Jelaleddin diňläp bu gürrüňleri, Metjitde Gurhandan içipdir anty Dini başga gürjüleri gyrmakçy, Köýen ary almak onuň niýeti. Awag: Beýle ar gylyjy bar bolsa elde, Çingizi çapmaly namys-ar üçin. Halkyny gyran şol, otlap ýurduny, Oňarsa, ters syrsyn Çingiziň saçyn. Goý, gelsin göreli, onuň gaýratyn, Göwni talamakdyr gürjüniň ilin! Gözne görkezeris peline görä, Damagyny çalyp, sograrys dilin. Toreli: – Tumşugyňy göge tutma, Awag beg! Soltan araçäge geldi dykylyp. Basym döküljekmiş Tbilis şährine, Görkez şonda gaýratyňy dikelip. – Biz näme, dek oturarys öýdýäňmi? Uly urşa uly taýýarlyk gerek. Biz-de şoňa taýýar, ýygnadyk güýji, Ajal bereris biz gaznaga derek. Soltanyň ädimi äşgärdir bize, Adarbadaganda jansyzymyz bar. Serkerdelerimiz toplady leşger, Sany segsen müňdür, köýdürmeris ar. JELALEDDINIŇ KAWKAZA ÝÖRIŞI Soltan söküp geçdi Eýranyň için, Adarbadagana ýetdi daň çagy. Şäheriň baýlygy gündogar ýurduň, Haýrana galdyrdy, ýok deňi-çägi. Şäheriň häkimi Özbek Genje-de, Ýurduny taşlady, gizlendi daşda. Ilçiler iberdi onuň ýanyna, Soltanyň ýanyna gelmeli başda. Öz ýurdunda beýik Jelaleddini, Saýlamaly iň ýokary Häkimdar. Metjitler Soltanyň beýik adyny Arşa çykarmaly, edip howandar. Ýylba-ýyl leşgeri eklemek üçin, Salgydyny guýmalymyş hazyna. Çingizi urmaga etmese kömek, Derrew çagyrmakçy ony yzyna. Özbek ilçilerden iberdi serpaý, Salgyt töläp bilmejegin bildirdi, Säbäbi gürjüler ýylba-ýyl saýy, Gaznasyny talap, halys tozdurdy. Jelaleddin Gruzin şalygy hakda Öň-de eşidipdi, degdi janyna. Baýlyga gylyjyn syryp gelenler Ot howruny berdi gyzyl ganyna. Kakasynyň höküm süren ýurtlary, Kändi goňşy musulmanyň illeri. Olary goramak düşdi başyna, Agtarmaly dürli-dürli ýollary. Marga şäherinden geldi wekiller, Wezire tabşyrdy kabul etmegi. Şäheriň çyzgysy wekil ýanynda, Arz etdiler Soltanyna eltmegi. Soltan synlaýardy alan çyzgysyn, Şäheriň ýerleýşi ýarady oňa. Näme üçin gala ýykyk-ýumrulan, Ukusyn bermedi agşamdan-daňa. Oturyp-oturyp haýranlar galýar, Ar almak kadasyn ýadyna salýar. Wekiller geldiler Soltan ýanyna, Aýaga ýykyldy bar-bar bagyryp. Ýeri dyrmap, eňreýärdi barysy, Maňlaýna urýarlar hudaý çagyryp. Ýakalaryn çäkläp, ütýärler saçy, Sessiz aglaýarlar, dökýärler ýaşy. Gürjülerden dat edýärler eňreşip, Arz edip sallandy wekiller başy. – Häkimimiz Özbek başyna giden, Şagalaň-meýlisdir bitirýän işi. Adarbadagany galdy eýesiz, Duşmanlardan doly töwerek-daşy. Towşany bürgüdiň ütüşi ýaly, Gürjüler-de ütýär musulmanlary. Olaryň öňünden çykma ýok goşun, Gorkup gizlenýärler şäher hanlary. Ine, görüp dursuň, serkerde Soltan, Şähermizi weýran edenem şolar. Eýelik etmeseň mährem ilime, Onda gül-gunçalar saralyp solar. Başymyza bela bolup indiler, Gyrnak edip äkitdiler gyzlary. Eneleri gije-gündiz eňreýip, Kör boldular näzik gara gözleri. Bizden geçip Gazwine-de ýetdiler, Rumguradan-da ötdüler aňry. Eýranyň ýarsyndan alýarlar salgyt, Gözlerine zulum görkezsin taňry. Soltanyň gazaby çykdy depesne: – Indi şunuň ýaly uly ýurtda Kapyrlary duruzmaga güýç ýokmy, Külli eleminde musulmanlarda? Kapyrlaryň urup tumşuklaryna, Gazaply öç alma ýokmudy adam? Margalylar ýer depdiler gaýtalap: – Bizde är kişi ýok ary almaga. Eger arka durmasaňyz halkyma, Mejbur bolduk ýurdumyzdan gitmäge. Iň agyr sütemi dinine salmak, Ölsek-de dönmeris yslam dininden. Hiç haçan-da haça çokunyp bolmaz, Dänmeris nesile siňen ganyňdan. Gazaba öwrüldi güýçli gahary, Gudratly Gurhandan ant içdi ýene. – Gürjüleriň ýer-ýurduny tozduryp, Salaryn olary musulman dine. Döwlet işlerine gatnaşdy Soltan, Agtardy birentek kitabyň gatyn. Ýüz ýyl beri gürji edipdir bakna, Mydama çozupdyr, çapdyryp atyn. Näçe gezek çozup haçan gürjüler, Näçeräk oljany salypdyr gola. Hasaplady, goşdy giden baýlygy, Göz ýetirdi giden ummasyz mala. Yslamyň päk dinin goramak üçin, Wada berdi ähli musulmanlara. Höküm etdi sansyz goşun ýygna diýp Özbek hana, begdir serdar, hanlara. Ilçileri ýollap Rumdyr Şama, Birleşmegi talap etdi olardan. Gruzin şalygny tary-mar edip, Arlary almakçy gopbam zorlardan. Wekil ýollap gürjüleriň iline, Wagt utmalydy taýýarlyk üçin. Gapyllykda basyp olaryň üstün, Batyrlygyň görkezjekdi bir çetin. «Musulman ýurtlara azar berseňiz, Mundan beýläk iş salyşyň meň bilen. Agyz birikdirip ähli kawkazly, Kesmeli Çingiziň ganhorluk ýolun. Esasy pikiri Jelaleddiniň Gürjülere hoşniýetli garamak. Sarsmaz goşun toplap bilse daşyna, Mongollardan ynsan baryn goramak. Ýöne weli düşünenok gürjüler, Habary ýok Gündogarky wakadan. Bir bölek mongoly ýeňeni üçin, «Uly ýeňiş» diýip, tutýar ýakadan. Baştutany Subudaýyň, Jebäniň, Giripdi Gruziýa bölek leşgeri. Şolar bilen söweş gurup gürjüler, Ýeňiş gazanypdy göterlip seri. O mongollar razwedka geçmeli, Eýran, rus serhetleri barlamak. Hazaryň gaýraky kenaryn syryp, Çingize ýurtlaryň kartasyn bermek. Mongollaryň yza gaýdanyn görüp, «Ýeňilip gaçdylar» diýip güpleýär. «Şanly ýeňiş. Beýik ýeňiş» diýişip, Hormatyň üstüne hormat sepleýär. Ýurtlarydyr galalary, şäheri Deme dartyp gelýän howpdan habarsyz. Çingiz çekip gelýär leşger başyny, Rehimsiz, ganhor goşuny sansyz. «Mongollar ýeňildi, gaçdylar bizden, Şolardan-da gaçyp ýörän bu Soltan, Biz bilen çaknyşsa görerler zory, Başyny gutarmaz bizden sag-aman». Şeýle pikir ýalňyşdyran gürjini, Agzybir bolmaga bolanok kaýyl. «Horezm Soltanyn ýeňeris» diýip, Garpyşmaga olar mydama maýyl. Adarbadagandaky ýören jansyzlar, Göz ýetirdi leşgerleriň sanyna. Soltanyň duýdansyz çozjakdygyny Habar berdi leşgerbaşlar hanyna. Howsalaly habar günsaýyn artyp, Gursakda tasaýar el ýaly ýürek. Gyssagly ýagdaýda çaparlar ýollap, Söweşe girmekçi, birleşmä derek. Gruziýa topragna ugrady Soltan, Müňbaşlara mälim etdi ugruny. – Dynjy diňe Tbilisde alarys! – diýip, öwredýärdi söweş tärini. Söweşiň manysyn salsaň elege, Diňe din hakynda, ynanç hakynda. Isaň garşysyna Muhammet ady Baýdak edip barýar Jelaleddin-de. Araks derýasyna ýetende Soltan, Barlag otrýady çykdy öňünden. Razwedkaň baştutannyň habaryn Jelaleddin aldy ahyr soňundan. – Çykmasy kyn dagda, goragda goşun, Ägirt kän bolmaly esgeriň sany. – Emir, dogry sözle, goşun näçeräk, Hany çenrägini aýtsana göni! – Çöpde-çörde san bar, olarda san ýok, Tutup ýatyr jülge, dagyň ýapysyn. Daglary şeýle bek, uçut gaýaly, Tapar ýaly deldir onuň «gapysyn». Şol barmana Araks derýadan geçip, Öňünde dar jülge ýatyr garalyp. Garnis diýip at berilýän dagynda, Gürji goşunyna barýar görünip. Goşunlar berk ýerde gurupdyr lager, Çepiňde çeme ýok, belent sagy-da. Diňe maňlaýyndan barmasaň göni, Dagyň özi näbelede ýagy-da. Ozal musulmanyň beýle serdary Bolmandy asyl-ha ýüz ýyl içinde. Gruzinler olary nädeýin diýse, Edip bilýärdiler göwnüne gelse. Indi bolsa musulmanyň bagtyna, Din gylyçly Jelaleddin döredi. Gaýratly, at ýürek, bilegi-de zor, Musulman iline Soltan ýarady. Indi musulmany kim saklap biler, Kim halas ederkä gruzin ilini. Tamda gulak baryn salmady ýada, Gürjüler uzatdy gysga dilini. Gara bulut ýaly müňzäp ileri, Deme dartyp barýar toýnak tozany. Surnaýçylar bir-birine bat berip, Öňünden çalýarlar ýeňiş sazyny. Altmyş müňden segsen müňüň arasy, Gruzin serdarlary ýygnapdyr leşger. Lekler, osetinler, jyklar, ýeneler Gürjige birleşdi, basym jeň başlar. Berkitmäni bir zarbada alaýmak Mümkin däldi, asla gudrat bolmasa, Aşak düşme milt eýlese bir esger, Deňiz ýaly ýuwudarly ýerleşdi. Guş bolup uçmasaň, ýokdy peýdasy, Belent gaýa abanyp dur depeden. Goş basyp ýatsaň-da, bitjek närse ýok, Mongollardy bir-birine çep eden. Horezm şasyna birikse gürji, Çingiz hanyň artjak gahar-gazaby. Şol sebäpden uruş gurýan gruzinler, Ýurduny tozatjak, berjek azaby. Görme-görüşlige gelmändi Soltan, Gürjüstan şalygny almaly basyp. Alajyn tapmany öwrülip gitmez, Dolanmaz yzyna egnini gysyp. Ýeke-täk umydy musulmanlaryň Soltana ynamly baglaýar bili. Hökümi zor serkerde tapmasa çäre, Ýene çapylmaly musulman ili. Jelaleddin mündi täze pikire, Dwine çozmaly, almaly şony. Garnis dagda lager guran leşgerler Dagdan inip, çozup gelerler göni. Ine, şonda paýymyzy almaly, «It urşuny» gurarys biz üstüne. Mongollara garşy durmajak bolsa, Onda çykmaly bor olaň kastyna. Dwine çozdular, aldylar şähri, Şäheriň mülkdary Şalwady ady. Soltanyň hüjümi ýyldyrym ýaly, Mähelläň alyndy gözüniň ody. Serkerdäniň diýseň oňdy oljasy, Gülleýän şäheri talap-tozdurdy. Batyrnyp bilmedi gruzin leşgeri, Düz ýerde çaknyşdy, şonsy ozdurdy. Garnisiň dagynda gurup maslahat, Gruzin serdarlarynyň aýtdy biri: «Baýlyk üçin talan deldir şäheri, Dagdan düşürjekdir, gizlindir syry». Gruzinleň eý görýän serkerdeleri Iwane, Şalwady-iki dogandy. Galan goşunbaşlar endige görä, Yzyna düşmeli, kada bolandy. Jelaleddin soňra dolandy yza, San-sajaksyz mallar barýar toplanyp. Ýesir düşen ençe gyzdyr juwanlar At üstünde otyr ýala ýaplanyp. Jelaleddin hümledipdi içini: «Dagdan düşmeli bor ar-namys üçin. Ine, şonda almaly ýa ölmeli». Göz bilen görýärdi gürjüleň çetin. Üsti çagalardyr aýal-ebtatly, Olja baryn çekip barýar araba. Goş-golamdyr iýme-içme zatlary Ýükläpdirler ýaly kesilen ýaba. «Mongollar Töwrize alkymlap geldi», Gelip ýetdi gruzinleriň goşuna. «Soltan şondan gaçyp, göçüp ugrady» Diýen habar ýetdi gürji goşunna. Myş-myşy gyradan Hajy Jahandy, Ol barypdy Garnisdäki lagere. Goşun serkerdäniň baryp ýanyna, Habary ýaýratdy eşdişne göre. Gürji serkerdesi Hajy Jahany Iň dogruçyl adam diýip saýypdy. Biçak baý täjir diýip eşidipdi, Beýik adamlara taýlap goýupdy. Göwher sowgat berip howandaryna, Göwherden gymmatly habar getirdi. Genjiden gelen eýranly täjirler: – Mongollar Töwrizi gabady – diýdi. – Hä diýmäni gaçar Soltan bu ýerden! – Islese durbersin, bize parhy ýok! Gruzin loh-loh güldi, saýman soňuny, Onuň üçin söweşleriň nyrhy ýok. Ýigdekçe Şamşedi geldi ýüwürip, Ýanynda-da bardy pil ýaly adam. Serkerdebaşyny alkymlap geldi, Aralary bolabilse bir tutam. – Daýy, daş çykyp gör, Horezmliler gaçýar! Beýlekisi durabilmän gygyrdy: – Duşman lagerini taşlap gaçdylar. Gorkynyň derdinden saklanabilmän, Eglenmäni ary ýaly göçdüler. Goşunbaşy ele alyp gylyjyn, Göwher daşy alyp, daşary çykdy. Serkerdeler bary seredip durlar, Göçgünli gürleşip lagere bakdy. – Horezmliler kän durup bilmediler. – Ana, çadyrlarny ýygnaşdyrýarlar. – Mallaryn eýýäm sürüp äkitdiler. – Çingiz sesin eşitse durary bolmaz. Göwnüne gelenin aýtdylar olar, Soltanyň oýnuny dogry bilmäni. Ozalky beýige çykdylar ýene, Gaýratly batyry ýada salmany. Ýükli arabalar, süri goýunlar Alysa aşdylar, yza gopanok. Otlar söndürilip, ýykylýar çadyr, Birnäçesi goýan zadyn tapanok. –Basymrak gitseler, biz-de gaýtsak, Hezil edip hammamlara düşsedik. Ennam-janym gijäp, alýar janymy, Tiziräjik öýümize aşsadyk. Şamşe arzuwyny getirdi dile, Iwane alartdy ala gözüni. – Näme sebäpdenkä, gidenok goşun?! –Yzymyzdan kowarmyka diýýändir. – Gije tümlüginde gider duwlanyp. – Garaňkyda söweşmegi söýýändir. –Bularyň yzyna düşmelimikä? –Nämemize gerek düşmek yzyna! – Olar juda kän mallary sürdüler. –Gulak salmaň onuň aýdýan sözüne. –Humara goýmagyn şirin janyňy, Mal üstünde söweş etmek gerek däl. Wah, söweşmän gidenlerne begeniň, Men saňa diýýärin, ine, dogry ýol. Iwane agasy, inisi Şalwa, Özara gürleşdi gije ýarynda. – Soltan gitmez, gitjegine ýok ynam, At alanmyş harbyçylyk kärinde. –Dogry aýdýaň, gitse ýuwaş giderdi, Aldawa salmakdyr olaryň käri. Göçdi diýip düz meýdana çykarmak, Harby mekirlikdir bularyň bary. –Soltandan her zada garaşaýmaly, Üstümize ahmallykda çozarlar. Her zat edip, garaz, çemini arap, Oňarsalar gabrymyzy gazarlar. Goşunbaşy maňa berse erkini, Üstlerine çozup, alardym jany. Derbi-dagyn edip, soltan goşunyn Al topraga garardym men ganyny. «Agşamyň haýryndan – ertiriň şeri». Arzuw edip ýerlerinde ýatdylar. Rahatlyk diläp biri-birine, Gijäniň ýarynda uka gitdiler. (dowamy bar).. | |
|
√ Kyssa -4: poemanyň soňy - 22.06.2024 |
√ Esger guýusy / poema - 19.08.2024 |
√ На Хиву! / поэма - 28.07.2024 |
√ "Aşyk-Magşuk" / dessan - 03.03.2024 |
√ Sygan bagşy /poema - 14.09.2024 |
√ Kyssa / poema - 12.06.2024 |
√ Daýanç nokady / publisistik poema - 14.09.2024 |
√ Kyssa -3: poemanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Kyssa -2: poemanyñ dowamy - 14.06.2024 |
√ Rowiýa / liriki poema - 14.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |