JENNETI GAPY ÝAPYLMASYN
Gündogaryň iň baý, iň sowatly we iň batyr adamlarynyň arzuwlaýan Gürgenç şäheri bu wagt dym-dyrslykdy. Diňe käbir öýleriň penjirelerinden ölügsije yşyk görünýär diýäýmeseň, tutuş şäher şüýji ukudady. Ukynyň ýakymly dünýäsini terk eden hüjreleriň birinde, çalaja yşyk berýän şemiň ýanynda çuw-ak sakgaly döşüni ýapyp duran goja gözüni süzüp, oýaly-ukyly halda oturdy.
Ol öz döwrüniň belli din hadymy – «Welileri taýýarlaýan pir» adyny alan şeýh Nejmeddin Kubrady. Ol bu wagt ymyzganmak duýgusyndan asla daşdady. Şeýh öz esaslandyran Kubrawiýa doganlygynyň – mekdebiniň nazaryýet hylwatyny amal edýärdi. «Alladan bidin çöp başy gymyldamaz», «Ähli zat Allanyň erki bilendir», «Alla ähli zatda we ähli ýerdedir». Bu ýönekeý hakykata düşünmeýänlere pir haýran galýardy.
Bir gezek pir wagyz sapagyny geçýärkä, oňa gatnaşýanlaryň biri haýsy ýana çekseň çekip oturmaly sowaly orta atdy: «Pirim, kerwende gelýärkäm gaýry ýurtlylaryň biri: «Musulman bolsaň, Allanyň nirede ekenligini delillendirip ber!» diýdi. Men oňa hiç zat diýmedim ...» diýeninden töwerekdäkileriň käbirinde ýylgyryş peýda boldy. Emma pir oňa şeýle diýip jogap berdi: «Asmana bak, Ýere seret, görmegi başar! Çünki Alla ähli zatda we ähli ýerdedir. Ýöne, Allany görmegi başarmaýanlar, onuň nirede ekenligini düşündirip bilmez».
Gudraty güýçli Ýaradan bilen ynsan kowmunyň arasyndaky sazlaşyklaryň bir tarapynyň reňklerde jemlenendigine göz ýetirmegi piriň bu doganlygy esaslandyrmagyna badalga bolupdy.
Reňkler. Reňkler pir üçin ýöne bir öwüşgin däldi. Olar Älemi Ýaradyjynyň kämillikden daşda bolan ynsan balasy üçin hemişe syrlygyna galýan menzili aşmak üçin salgy berýän aýdyň ýollaryň biridi. Bu ýoluň çuňlugyna aralaşmak islegleri, şol isleglerine wepadarlygy olaryň paýhasyny, duýgurlygyny kämillik derejesine ýetirmelidi. Reňkler – Allanyň dergähine barýan ýoldy. Goja pir bu syrlaryň açaryny tapyp, reňkleriň dünýäsine içgin aralaşmagy başaran adamyň kämil çykyp, älemi ýaradan atasyna – Biribara tarap ýol tapmagy başarjakdygyna göz ýetiripdi.
Gözüni gaýym ýumup, Hak bilen hylwatda oturan piriň gözüniň öňünde ak bulutlaryň dumany peýda boldy. Piriň esaslandyran tarykatynda ak reňk — adam ruhunyň pany dünýä mahsus gaýgy-aladalardan saplanyp, Allanyň dergähine ugraýan ýoluň bosagasyndan ätlemegini, ilkinji tapgyryna aralaşandygyny aňladýardy. Ondan soň bolsa iman alamatyny berýän — sary, sarydan soň yhsan alamaty bolan – gök, ondan soň ynam nyşany bolan — mawy, mawudan soň kämil ynamyň nyşany bolan — ýaşyl, ýaşyldan soňra bolsa bilimiň alamaty bolan — gyzyl, iň soňunda-da, ruhuň Allanyň dergähine golaýlaýandygynyň alamaty bolan gara reňkli bulutlar dumany peýda bolmalydy. Gara reňk pany bilen Allanyň dergähini sepleşdirýän syrly geçelgedi. Gara reňkden soňky reňksizlik ummany bolsa, hylwat eýesiniň «Tamkin» derejesine, ýagny ruhuň Alla bilen sessiz we hereketsiz düşünişmek derejesine barandygyny aňladýardy.
Gaşlarynyň aşa ösgünligi sebäpli gözleriniň açykdygy ýa-da ýumukdygy bildirmeýän goja piriň kämil çykan ruhy bu ýoly – Hak bilen hylwat ýoluny ençeme gezek geçip, gudraty güýçli Biribar bilen syr alşypdy.
Eger ýanynda şägirtleriniň biri bolan bolsa, şu wagt hylwatda oturan piriň dünýäsinde bir üýtgeşmäniň bolandygyny hökman aňardy. Sebäbi pir gözüni süzüp oturka erbet tisgindi, düýrükdi. Gözlerini welin açmady. Pir gözýetiminde peýda bolup, biri-birine nobat berip duran reňkli bulutlaryň dumanyndan geçip, ýaňy reňksizlik ummanyna gadam basybereninde, kiçijik atlaryň üstündäki çypar sudurlar onuň ruhunyň nazaryýet gadamlaryna şek ýetirdi. Olar bir ýerlerden peýda boldular-da reňkli bulutlar dumanlarynyň toplumyny aňyrdan bärligine sürüp gaýdyberdiler. Pir Hak bilen hylwat ýolunda henize çenli beýle ahwala gabatlaşmandy.
Şu wakadan göni iki gün geçeninden soň, pir ýene-de Allanyň dergähine hylwat saparyny amal etdi. Piriň ruhy nazaryýetde Allanyň dergähine baryp, keşbi Ýaradanyň nury bilen nurlanan wagty ony der basyp ugrady. Hak huzuryndaky hylwata gowşan pirini synlap oturan şägirtler haýran galmakdan ýaňa aňk boldular. Çünki ol henize çenli düşmeýän ahwalyna düşüp, pyşyrdap ugrady: «Öte geçipdirin, Rebbim!». Ara düşen sähel böwşeňlikden soň ýene-de pyşyrdy dowam etdi: «Jesedime Jemil janyň ýanyndan jaý ber! Meniň üçin dowzah ýoluny ýapawer, jenneti gapy ýapylmawersin, Keremli Rahman!».
Piriň ruhy birhaýukdan soň özüne geldi. Gözleriniň öňünde bolup geçen ahwalyň hikmeti hakynda dil ýarmaga het eden şägirt tapylmady. Çünki ol zerur bolan bolsa, o hakynda piriň özi aýdardy.
Nejmeddin Kubra Hak bilen hylwat ýolundaky bu gezekki ahwaldan soň halypalyk derejesine el beren şägirdi Jemil jan hakyndaky ýatlamalara berildi.
***
Jany-teni bilen Haka berilmek ukyby pir Nejmeddin Kubranyň owazasyny äleme doldurypdy. Şonuň üçinem pir halky yklym eýesine öwrülen Muhammet şanyň (Horezmşanyň – Köneürgenç nesilşalygynyň hökümdarynyň) töweregine ýygnamak meselesinde-de esasy sütünleriň birine öwrülipdi. Onuň at-owazasam, şan-şöhratam hökümdaryňkydan peslär ýaly däldi. Onuň bu derejesi piriň hormatyna görüplik edýänlere tutalgady.
Bir gezek pir seýrek gabat gelýän bir wakanyň şaýady bolupdy. Pir dünýä seýrinde ýörkä Fas (Marokka) ýurdunda durky-düýrmegi bilen Alla berlen bir oglanjyga gabat gelip, bar hümmetini oňa ýollapdy. Piriň hümmeti onuň ruhy dünýäsine heser bolup ornaşyp, ruhy dünýäsinde öň gabat gelmedik ahwallary bilen ýüzbe-ýüz etdi. Onsoň ol Allanyň elýeterli eden şertleri esasynda piriň kerem-keramatyna bolan yhlasy bilen ol halypasynyň daşyndaky ähli zady pirden daşlaşdyrypdy-da, ornuny özi eýeläýdi. Ýöne başgalaryň barlygy sebäpli hiç gürlemän, dymyp gezse-de, ol piri bilen hal dili bilen gürleşýärdi we düşünişýärdi. Piriň hümmetine kalbyndam orun berendigi üçin, iň kämil şägirt saýylan, dowamatyny dowam etmäge ukyply bu oglanjygyň ady Jemildi.
Kalby Hudaýly bu oglanjygy özüne iň hamrak şägirt hökmünde saýlamagy we ýany bilen alyp gaýtmagy, kämil pirden sapak alýan bolsalar-da kalbyndan Iblisi kowup bilmedik, piriň yzybassyr keramata eýe bolup, hormat hözürini görmek islegi bilen ýaşaýan görübilmez görüpler üçin ters ýordum döretmäge tutaryk bolupdy. Täze peýda bolan myş-myşlar onsuzam piriň özüni hökümdardan artyk saýýandygy hakyndaky gürrüňlerden bimazalayk tapyp ýören şanyň kalbyndaky biynjalyklygy güýçlendirdi.
Dowulçularyň toruna çolaşan hökümdar, kalbynyň gazap oduny köredip, Şeýh Kubranyň mekdebine gelipdi. Gaýry ýurtdan gelen Ýusup görkli ýugdekçä gözi kaklyşan badyna hökümdar gulagyny gabyz eden myş-myşlary dogry bildi. Bu oglanjygyň ýoguna ýanmalydygyny eliniň howany zalp bilen okkesir çyzyp giden yşaraty bilen mälim etdi. Hökümdaryň islegi kanun. Islegi ýerine ýetirilen hökümdar gezende gürrüňleriň ahwalyndan henizem halas bolup bilenokdy. Onuň kalbynda piriň aýbyny ýüzüne basmak islegi möwç urýardy. Şonuň üçinem ol aňsat-aňsat hüjresinden uzaga gitmeýän pire garaşanyny kem görmedi.
Bir işiň boljagyny syzyp, ýüregi howlan pir şol wagt özüne basalyk bermek üçin baga çykan eken. Pir gelşine hökümdara hormat bilen salam berdi. Salamyny sowuk-salarak alşyndanam hökümdaryň haýsydyr bir ýakymsyz, emma möhüm mesele barada dil ýarmakçy bolýandygyny duýan pir myhmanlaryň atyny tutup, içeri salyp, hödür-kerem etmek üçin şägirdini çagyrdy:
– Jemil jan!
Emma Jemil gelmedi. Pir ýene bir gezek çagyrdy. Ýene-de Jemil ýokdy. Pir kämil çykar diýip kalbyny beren şägirdinden beýle sowuk-salalyga garaşmansoň nägile äheňde «Jemil jan diýdim-ä men» diýip gatyrgandy. Hemmäniň gözüniň öňünde bolup geçen waka hökümdary-da, onuň töweregindäkileri-de, hatda piriň özüni-de haýran galdyrdy. Piriň täret suwuny ýüreginiň üstünde goýup ýyladýan, çep goltugy kündikli Jemil jelladyň kesen kellesini sag goltugyna alyp, ussadynyň huzurynda häzir boldy:
– Hyzmat, pirim!
Hemmeler doňup galdylar. Bu pir keramatynyň hem-de keramaty kämillere iň ýakynyndan ýer berýänliginiň sözsüz kepilidi.
... Boljak iş bolandan soňra etjek alajyň näme?! Keramata şek ýetirenine kemsi göz ýetiren hökümdar atdan nähili düşenini hem duýmady. Howlukmaçlyk bilen müýnli halda «Pirim, telek iş edipdiris!» diýdi. Günäsini ýuwmaga howlugyp, nökerlerine «Dowulçyny gaşymda dikiň!» diýip azm bilen höküm etdi.
Ömründe birinji gezek gaharyndan ýaňa saň gaty bolan pir birden «Seniň bu etmişiň üçin Gürgenç gider, samarkant gidr, Buhara gider, ... gider» diýip, atly-atly şäherleri, ýurtlary bir-birden biri-birine suňşuryp sanap ugrady welin, «Ystam..» diýip sözüni jemlemänkä onuň hikmetini gözi bilen gören hökümdar biygtyýar piriň agzyny tutdy:
– Duraweriň, tagsyr, biziň günämiz üçin tutuş dünýäni harap edäýmäň! – diýip, gaşynda nökerlerine häzir edilen, ýüzi ak samana dönen dowulçynyň ýoguna ýanmagy buýurdy.
Emma ol durky-düýrmegi bilen Haka berlen çyn şägirdiň ornuny tutýarmy näme?!
***
...Aradan kän wagt geçmänkä ýurda mongol tatarlarynyň çozjakdygy barada dowul ýaýrap ugrady. Uzak wagta ýetmänem myş-myşlaryň bir çeti hakykata ýazyp ugrady. Döwletiniň çägini yklym derejesine çenli giňeldip, «Ikinji Isgender!» lakamy dakylan, mertebesi bilen deňleşip ugranlara göz görkezmegi diýseň halaýan Muhammet şa mongol goşunlary bilen beýdip bilmedi. Ol bu gezek ýöwselledi. Garaz, ýurt ber-başagaý halda galdy.
Ýurtdaky ber-başagaýlyga bakman garry pir özüni hiç zat bolmadyk ýaly alyp barýardy. Çünki ol öz ykbalynyň çözgüdini anyk bilýärdi. Pir şägirtlerine-de Watany terk etmezligi maslahat berip, şeýle diýipdir: «Duşmandan heder edip, ýa ölümden gorkup, Watany taşlap gaçmak — Jennetiň gapysyny elleriň bilen ýapyp, göni dowzaha tarap ýol açmakdyr!».
Halk duşmana garşy aýaga galýardy. Her kim eline düşen ýaragyna we başarnygyna görä duşmana garşy baş-başdak söweşýärdi. Millet başarjaň serkerdäniň zaryny çekýärdi. Depseň deprenmez saýylýan galalar hiç hili garaw görmedik mongol goşunlarynyň zarbyndan ejiz gelip ugrady. Emma millet şonda-da per bererli däldi.
Nejmeddin Kubra atly piriň «Ölen – şehit, öldüren – kazydyr!» wagyz edýändigi, milletiň bolsa, şonuň sözünden çykmaýandygy baradaky habar Çingiz hanyň gulagyna-da ýetdi. Halky agzyna bakdyryp bilýän piriň soňam gereginiň çykmagynyň mümkindigi hakynda pikir eden Çingiz goşuny tapdan düşen ýurduň galalaryny zabt etmegiň alkymynda durka pire nama ýolladýar. Namanyň mazmuny şeýledi: «Ýurt barybir harap bolar. Meniň goşunymyň geçen ýerinde bolsa, diňe kül galýar. Maňa garşy çykanlar bolsa kimligine seredilmezden ölüm jezasyna höküm edilýär. Men siz ýaly keramatly piriň şolaryň arasynda bolmagyny islemeýärin. Diňe Siziň hatyraňyz üçin üç günüň dowamynda galadan çykyp gidenleriň hiç birisine degilemejekdigini kepillendirýän».
Ýurdy terk edip gitmek üçin üç günlük kepillendirme bilen tanşan pir namany sowukganlylyk bilen okap, yzyna jogap hatyny ýollady.
Çingiz hanyň diňe bir iki gulagy däl, tutuş durky-düýrmegi pirden gelen haty däne-däne edip okaýan mürzesindedi: «Ähli zat Ýaradan Allanyň emri bilendir. Jan Allanyňkydyr. Ol ony gerek wagtynda berdi, gerek wagtynda-da alar. Tutuş ömrümi janymyň aladasy bilen däl-de iman gözlemäge we gazanmaga bagş etdim. Seniň keramatly diýip ykrar edýän mertebäňem maňa şu halk berdi. Halkymyň şatlygyny deň paýlaşdym, indi hasratynam deň çekişmeli bolaryn. Allanyň beren jany haçan-da bolsa, Allanyň huzuryna barar. Ýöne Watandan aýny gerek wagtynda ýüz öwürmek we ony goramakda ejizlik etmek ruhumy imandan aýra salar. Men ölümden däl-de Allanyň ýanyna imansyz barmakdan gorkýan! Siziň baran ýerinindäki bar zady küle öwürmäge ukyply goşunyzyň ähli edip biljek zady Hakyň huzuryna gowuşmagyma hemaýat bolup hyzmat eder. Iman düwünçegim düwülgidir».
Çingiz han esli dymanyndan soňra «Ol diňe bir keremli pir däl. Ol Watan ogly. Ol hakyky gahryman. Şeýle adamlaryň ömri indiki dörejek gahrymanlara sapakdyr. Onuň kalbynda adam ogluna ýa-da ajala bolan gorky ýok. Onda diňe Allasyna bolan söýgi bar. Ony meniň huzuryma diri getiriň! Galany zabt ediň!» diýip, kesgitli görkezme berdi.
Pir jogap hatyny ýollady-da 360 şägirdiniň gaýry ýurtlardan gelenlerini öz Watanyna ugradyp, galanyny yzyna tirkäp, boldugyna görä ýaraglanyp, ýow meýdanyna ugrady. Şol pursatdaky ahwaly gören şägirtler piriň keramatyndan ýene-de bir hikmetiň şaýady boldular. Şöweş esbabyna giren piriň keşbi olaryň gözleriniň öňünde özgeriş tapyp ugrady. Çuw-ak sakgal dem salymda şar gara boldy. Gojalan göwräniň kaddy diklendi. Ýüzleriniň ýygyrdy gidip, nurana bir ýigide öwrüldi. Ömründe ýarag ulanyp görmedik, ulanarynam öýtmedik piriň saýlan ýaragy gönderiden edilen sapan boldy.
Duşman galalaryň bendini böwsüp, şähere girdi. Halk aljyraňňylyk tapdy. Diňe bir topar dünýäni unudyp söweşýärdi. Duşman serkerdesi bu toparyň arasynda hanyň teklibinden ýüz öwren, keramatly piriň bardygyna göz ýetirdi. Ol tarapa hüjümi güýçlendirdi. Gara başynyň gaýgysyny etmän, ýurt goragynda gözsüzbatyrlyk bilen söweşýän syrdam boýly gerçegiň gursagyna ýaý okunyň çümmegi bu ýerdäkileriň ählisiniň bir pursatlyk söweşi bes etmegine sebäp boldy. Bu gezek diňe bir piriň sopulary däl, hatda duşman esgerleri-de haýran galmakdan aňk boldular. Gursagyna çümen peýkamy sag eli bilen gaýym gysymlan gerçegiň şar gara sakgaly dem salymda çuw-ak boldy. Dag ýaly kaddy bükülip, gojalyk şekline geldi. Şeýtdi-de, watançy esger hanyň diri ele salmaly diýip gözledip ýören Nejmeddin Kubrasyna öwrüldi oturyberdi. Pir gursagyna çümen ýaý okuny gysymlap oturuşyna Allanyň dergähine ýüzlenip: «Meni özüňe ýar bilseň bes, maňa diňe Seniň söýgiň ýeterlik. Eger men janymy halas et diýsem, onda meniň men bolmadygymdyr.» diýip, kelemesini çöwrüpdi. Yzyndanam gursagyndaky ýaý okuny sogrup goýberdi.
Agyr ýaralanan piriň gözleriniň öňi ümezläp ugrady. Essi aýylyp ugran piriň gözleriniň öňünde ýene-de reňkli bulutlaryň nobatma-nobat çalyşýan dumany peýda bolup başlady, pir iň soňky demindäki we iň aýgytlaýjy hylwatynda «Jennetiň açyk duran gapysyny gördi!». Ýüzleri aýratyn bir derejede nurlanyp, bir gapdala gyşaran goja göwresini şägirtleriniň birki sanysy gala tarap goltuklap ugradylar.
Agyr söweş bu günlikçe bes edildi. Aýylganç saýylýan duşmanam söweşe döwtalaplyk etmediler. Belki-de olar bu ahwalyň beýanyny Çingize ýetirmelidir.
***
Şol gün piriň uzak ülkelerden gelensoň, «Sen Watanyň üçin geldiň, Watanyňa dolan, oglum!» diýip ugradan şägirtleriniň biri hylwat ýoly bilen Hakyň huzuryna syýahata synanyşdy.
Hylwat pursatynda kämil piriň Zeminden örküni üzen ruhy, halypasynyň katl edileninden habarsyz şägirdine dirilikde jemlemedik sapagyny berýärdi. Şonuň üçinem şägirdiniň ruhy öňem Hak hylwatynda bolan piriniň ruhy ýoly bilen Allanyň dergähine tarap ýola rowana boldy. Reňkli bulutlaryň dumanlary-da, bolmalysy ýaly: — Ak — sary — gök — mawy — ýaşyl — gyzyl — gara tertibinde biri-birini çalyşyp barýardy. Şägirdiň ruhy özbaşdaklykda ilkinji gezek reňkli bulutlar dumanyndan geçip, «Tamkin» diýlip atlandyrylan reňksizlik ummanyna aralaşdy. Ol «Tamkinde» diş-dyrnagyna çenli kämil ýaraglanan duşmanyň garşysyna sapan bilen söweşe çykan watançy pir Şeýh Kubranyň ruhyna gabatlaşdy.
Bu bolsa owazasy äleme dolan piriň Älemi ýaradan atasynyň — Allanyň huzuryna gowşanlygynyň aýdyň alamatydy.
Aşyrmät GARLY.
Taryhy proza