02:01 Jewizogly-Erdogan söýgüsi | |
JEWIZOGLY-ERDOGAN SÖÝGÜSI
Publisistika
Saýlawlara sanlyja gün galdy. Indiki hepde uly gyzyklanma bilen, sabyrsyzlyk bilen garaşylan saýlawlar bolmaly. Bolaram, geçibem gider. Elbetde, saýlawlar ölüm-galym urşy däl. Häkimiýetiñ şugadar was-wasa düşmegine, şugadar hyýrsyzlaşmagyna, şugadar agzalalyk salmagyna hajat ýok. Türkiýede her ýyl saýlaw bolýar. Mundan soñ, ýene on aý soñam ýene bir saýlaw bar, belki, yzyndan möhletinden öñki esasy saýlawlar bolar... Şoñ üçin biriler-ä öñe saýlanýar, halk "dogry kararyny" berýär, "ýalñyş kararyny" berýär, ahyrynda kararyny düzeldýär. Wajyp zat saýlaw sandyklarynyñ kadaly bolmaly. Diktatorlyklarda bolşy kagyz ýüzünde bolmaly däl. Beýdip dartgynlylyk döreder ýaly zat ýoj. Häkimiýetiñ muny şugadar ölüm-galym garpyşygyna döndermegine hajat ýok. Süleýman Demirel alty Sapa gitdi, ýedi sapar geldi. Gitseñiz, gelenlerem oñarmasa, ýene gelersiñiz. Emma görşüñiz ýaly üýtgeşik was-wasy, üýtgeşik gorky... Hawa, birem, arada birtopar ýaranjañ bar, "maýmynlar" sürüsi bar. Agyzlaryny bir açyp, bir ýumýarlar, ýazýarlar: Taýýip beýe şeýle bir ýalñyş maglumat berýärler, ony şolar ýaly ýalñyş şekilde götergileýärler welin, halk arasynda giñden ýaýran bir söz bar: "Okum diýjek bolup s**im diýýärler". Bularyñ birem Hulki Jewizogly. Jewizoglynyñ YouTube-de ýaýran bir çykyşy bar. Ol şeýle diýýär: "Hezreti Muhammet Mustapa mazaryndan turup, partiýa gursa, kandidaturasyny goýsa, Taýýip Erdogandan köp ses alyp bilmezdi". Eý-ho, bu nähili sylanşyksyz dil, bu nähili edepsiz dil... Ýagny, şeýle bir dil welin, "Taýýip Erdogan ýaly ses almaz" diýen wagtynda, häzir AK partiýa ses bermeýänleri şonsuzam tutuşlygyna kapyr yglan edýär. Ine, pygambere garşy gitmek şeýle bolýar. Aýratynam, "Taýýip Erdogan ýaly ses almaz" diýlende. Bu gezek AK partiýanyñ içindäkileriñem bir bölegi, ýagny, barsyny ses bermejegune we pygamber has az ses aljagyna görä, olaram ýene diniñ daşyna gyrakladylýar. Elbetde, syýasatda we jemgyýetde däli-diwanalar, masgarabazalar, hokgabazlar, darbazlar, ta***çylar az bolmaýar. Bular ýalylar hemme jemgyýetde we hemme ýurtda bar. Emma iñ esasysy näme, bilýäñizmi? Eger töwereñizi şeýle adamlar gurşap alan bolsa, siz olara: - Dursañyzlañ, how. Ýumuñ agzyñyzy, beýle-de bir ýaranjañlyk etmek bormy! - diýmeýän bolsañyz, bulara ýüz berýän bolsañyz, ýanyñyzdan kowmaýan, jezalandyrmaýan bolsañyz, onda, iñ uly gabahat sizde. Bärde mesele Jewizoglunda ýa-da her gün özüçe waspnamalar düzýän AK partiýaly ýokary düzümli ygtyýarlylardan has beter ýallakçylyk edýän Abdylkadyr Selwä, Hasan Basri Ýalçyna çenli onda-munda däl. Gabahatlyk bular ýalylary töweregine üýşürip, bular ýalylara beleñ berýän, bulara "duruñ" diýmeýände. Eger ýoldaş Taýýip Erdoganyñ başyna bir iş gelse, şu süplemelerden geler. Pygambere uzamaga het eden dil, ony pygamber bilen bäsleşdiren dil... "Ýok, ependim, men ony dini taýdan diýmedim, sosiologik nukdaýnazardan diýdim"... pylan-pysmydan. Beýle-de bir zat bolarmy? Beýle-de bir patarraky bolarmy? Şonuñ üçinem bu saýlawyñ iñ erbet tarapy şu. Ýagny, AK partiýa şeýle bir ýerden başlap, şeýle bir ýere geldi welin, 2002-nji ýylyñ şol galmagally döwründe: "Bu ýurtda musulman demokratiýasy ýola goýlar. Şu musulmanlar iş başyna geçer, ogurlyk etmez, gyrp-çyrp etmez, eli egrilik etmez. Adalatly düzgün ýola goýlar. Hiç kimiñ ynanjyna, ýaşaýşyna, dünýägaraýşyna, ýaşaýyş-durmuş formasyna goşulan bolmaz. Adalat bolar, ogurlyk bolmaz, adam başyna düşýän girdeji adyl bölüşiler"... Şulary etjekdiler. Şunuñ ýaly düşnükli. Emma häzir şeýle bir paranoik, şeýle bir was-wasy, şeýle bir howa bar welin: "Waý, dat, ýurt bölünýär", "waý, ýurt ýanýar", "ýetişiñ, ýurt ýykylýar", "waý, howpsuzlyk meselesi", 'dat, döwlet agdarlyşygy"... Aý-how, siz nirä gidýärsiñiz, arkadaşlar? Süleýman Demirel alty gezek gitdi, ýedi gezek geldi. Bir saýlawda ýeñileniñiz bilen näme bolýarmyş?.. Indiki ýyl ýene saýlaw bar, munisipalitet saýlawlary bar. Belki, möhletinden öñ geçiriljek ýene bir saýlaw bar, ýene gelersiñiz. Şunça howsalanyñ, şunça dartgynlylygyñ, şunça ýalñyşlygyñ nämä geregi bar? Galyberse-de, daş-töweregiñizdäki ýallakçylara, hetdinden aşanlara hetdini tanatmaýan bolsañyz, munuñ birinji jogapkäri siziñ özüñiz. Munuñ birinji derejede almytyny aljagam ýene siziñ özüñiz. Altan TAN, @AltanTan1958 Anna, 05.05.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 4 | ||||
| ||||